Bagt!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ynsanyn bu dünyadaki yzynydan ylgayan in esasy zady. Kimileri bu gizlin zady tapmagy başarya, kimileri bolsa hemme zada eye bolmagyna garamazdan ony tapyp bilman durmuşyn lezzetinden mahrum galya. Elbetde bagty tapyp hem öz yakyn göryan adamlary tarapyndan satylyanlaram az dal. Adamyn içinde gizlin, tapmagy kyn, her adamyn eye bolmak isleyan zadynyn ady bu. Elbetde her kişi üytgeşik zatlarda gözleya bagty. Arzuwym hemme kişin bu durmuşda bagtly bolmagy. Aslynda bagtly adamlaryn özüni görmegin özi hem bagt dal mi?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bagt nameka? Kan eshidyas

Bagt nameka?
Kan eshidyas welin, kesgitlemesini bilemok :D
Yagdayin erbet bolmasa bagtly boldugyn bolyamyka? :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

"Bagt name" diyip bir yerda

"Bagt name" diyip bir yerda oshgy okapdym, shol goshgyny tapyp bilsem yzjak bagtyng namedigini:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • R__A 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

On şu yerde gurrun edipdik

On şu yerde gurrun edipdik dami "dokuzyn duzuw" bolmagy hakynda? dokuzyn duzuw bolmagy name anyk bilemok, yone adamyn dokuzy duzuw bolanda bagtly bolyamyka diyyan :D

Adamyn dokuzy duzuw

Adamyn dokuzy duzuw hich-hachanam bolmayar oydyan.

"Dokuzy duzuw adam barmy?" diyilyan soz bara...
Ol dokuzyn ichine name girya bilemok, yone turkmenchilikde ilten-chatanlarynam giryan bolaymasa. Bir adam ozi uchin jogap berip bilse-de, ol bir giden garyndashlary uchin jogap berip bilmeyarlay. Shon uchin dokuzy duzuw olyanchan bolmaymasa diyyan mena.

Dine chagakan dokuzyn duzuw. Has dogrusy, dokuzynam namedigini bilenok, duzuwunem. Gunde oynamaly, gunde keyp, azar, gaygy-gam yok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ozum üçin hem jogap ebrip

Ozum üçin hem jogap ebrip bilemok kop halatda.. Durmuş bu, kop yalnyşyas. Adam bir yalnyşyna düşünip, ikinji gezek yalnyşmaz welin men name üçindir şony başaramok.
Ozuni yany bir bagtly duyup başlanda hokman birzatlar orta çykya. hemişe gun çykyp durayanok :)

Şeýtan ýanyňda gezip

Şeýtan ýanyňda gezip ýör diýýäňmi? :D

Menä özüm üçin jogap berip bilsem razyhow. Dokuzy düzüwlik aňarda dursyn.

A bagtlylyk näme menä entägem bilmedim. Şu bir uly gaýgy-gamyň bolmasa, uly aladaň we gynanjyň bolmasa, onda bagtlylykdyrda...
Bagty diňe ýitiren biler diýilýäni dogry öýdýän. Sag-aman ýatyp tursaň, günüň gowy bolsa, ýagdaýyň kem bolmasa, şol bagtmyka?

Sebäbi bagtsyzlyk näme ona bilýäs :D Tersem bagtdyrda?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

kop wagtlap ymtylyan zadyny,

kop wagtlap ymtylyan zadyny, yetibilman yoren zadyna yetsen -bagt dalmi?kop teoresi barmyka diyen pikirde..

ine bir shahyr bagty sheyle

ine bir shahyr bagty sheyle taryplapdyr...

ozunge gownung yetse
razy bolsan ozunden
bar zatdan gownung bitse,
gam bolmasa gozunde.

zergar dey dan gozleseng
ozung oz gylygyngdan
yamanlyk bir gormeseng
eden yagshylygyngdan

gul diyip ekenlerin
gyzgan bolup chykmasa
nosh edening sherbet diyip,
awy bolup akmasa.

razy eneng bolsa,
razy atang bolsa.
ustungde oyun bolsa,
astyngda atyng bolsa.

derya donen yurekde
joshgunyng-siling bilen,
toylar tutp yashasang,
mahriban iling bilen.

gije chyksang showure
asmanyng ayy bolsa.
derdingi blushere
yureging tayy bolsa.

bakyp miweleringe
guwansalar "hut ozi".
hakyky dostlar dalmi,
bu gownung aydym sazy.

razy bolup zatdan,
armansyz gerip eling
gozleri guldurip,
uludan alyp deming...

tep-ter yashyl otlaryng
ustunde arkan yatsang,
menem,asman,sen yaly diyip,
asmana habar gatsang.

***bu goshgy onem yazilan...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Shuwagt taze pikir geldi.

Shuwagt taze pikir geldi. Birzady arzuwlap yeten wagtymyzam ozumizi bagtly duyamzok, sebabi nebis bar.
"Bagt= kanagatly bolmakda" netijesine geldim.

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • R__A 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "berekella :)"
  • rustem149 5 telpek goyyar we yazyar: "Goshulyan! Bagt=Kanagatdyr MENCHE DE!!!"

'zaman

'zaman türkmenistan'gazyyetinden parahat saparowyn bagt barada yazgysy:

BAGTLY BOLMAGYN BAŞ ŞERTİ.
Dün­ýä dö­rä­li bä­ri yn­san og­lu­nyň iň uly ar­zu­wy bagt­ly bol­mak­dyr. Hat­da iň bir ýag­şy di­leg­le­riň, iň aja­ýyp söz­le­riň, iň go­wy gut­lag­la­ryň, iň päk ar­zuw­la­ryň hem so­ňy “Bagt­ly bol! Al­nyň, bag­tyň açyk bol­sun!” diý­len söz­ler bi­len jem­len­ýär. Eý­sem, bagt­ly bol­ma­gyň syr­la­ry nä­me­de?!

Bu ba­ra­da ta­ny­mal pe­da­gog-psi­ho­log, ýa­zy­jy Jon Iz­zo dür­li kär­dä­ki adam­lar­dan baş­lap, ýüz­ler­çe, müň­ler­çe ýyl mun­dan ozal ýa­şap ge­çen söz us­sat­la­ry­nyň, akyl­dar­la­ryň aý­dyp ge­çen da­na pä­him­le­ri­ne, be­ren öwüt-ün­dew­le­ri­ne, pi­kir­le­ri­ne, şeý­le hem na­za­ry ga­ra­ýyş­la­ry­na sal­gy­lan­mak ar­ka­ly özü­niň “Dur­muş­da bagt­ly bol­ma­gyň bäş şer­ti” at­ly ki­ta­by­ny ýaz­ýar. Bu ki­tap bag­ty­ýar dur­mu­şyň iň ýö­ne­keý, şol bir wag­tyň özün­de hem iň mö­hüm esas­la­ry­ny be­ýan ed­ýär. Jon Iz­zo 18 müň ýy­lyň dur­muş tej­ri­be­si­ni ar­ka atan da­na­la­ryň pä­him-paý­ha­sy­na giň orun ber­mek bi­len, her bir ada­myň şu aşak­da­ky bäş ýö­rel­gä­ni ber­jaý eden ha­la­tyn­da özü­ne bagt­ly dur­mu­şy ga­za­nyp bil­jek­di­gi­ne ynan­ýar. Bu ha­ky­kat en­çe­me ki­şi ta­ra­pyn­dan ka­bul edil­ýär.

1.Öz-özü­ňiz ba­ba­tyn­da dog­ru­çyl bo­luň!

Öz-özü­ňe ýa­lan söz­le­mek ýa­ly gys­ga wagt­lyk ne­pi deg­ýän ýag­daý­lar köp­lenç ha­lat­da dur­muş­da en­täk ýe­ter­lik tej­ri­bä­mi­ziň bol­ma­dyk döw­rün­de ýü­ze çyk­ýar. Şol dö­wür­de nä­me et­me­li­di­gi­ni, nä­hi­li ýo­ly saý­la­ma­ly­dy­gy­ny ýü­re­gi­mi­ze ge­ňeş­me­giň ýe­ri­ne, özü­mi­zi beý­le­ki ki­şi­ler, aý­ra­tyn hem deň-duş­la­ry­myz bi­len de­ňeş­dir­mek ar­ka­ly anyk ka­ra­ra gel­ýä­ris. Bu bol­sa so­ňy bi­len ýü­ze çyk­jak en­çe­me şow­suz­lyk­la­ryň ba­şy­ny baş­lad­ýar. Iz­zo Jo­na gö­rä, bagt mu­nuň özi hem­me­ler üçin gym­mat­ly bo­lan zat däl-de, di­ňe se­niň üçin gym­mat­ly bo­lan zat­dyr. Şu ka­da eýe­rip ýa­şap bil­ýän adam bagt­ly bol­ma­gyň il­kin­ji sy­ry­ny öz­leş­dir­di diý­mek­dir. Kal­by­my­za gu­lak go­ýup, öz-özü­mi­ze “Me­niň bar­ýan ýo­lum me­ni bag­ta elt­ýär­mi?” di­ýen so­wa­la ýü­rek bi­len jo­gap ber­sek, en­çe­me ge­zek puş­man et­mek­lik­den sak­la­nyp bi­le­ris.

2.Puş­man et­mäň!

“Ýal­ňyş­mak­dan gork­maň. Çün­ki, hiç ha­çan ýal­ňyş­ma­dyk adam hiç bir iş et­me­dik adam­dyr” di­ýil­ýär. As­lyn­da, so­ňy go­wy ne­ti­je­ler bi­len ta­mam­lan­ýan iş­le­re ba­tyr­gaý çe­me­le­şil­me­li­dir. As­ly­ýe­tin­de puş­man et­mek haý­sy­dyr bir za­dyň anyk dog­ry ýa-da ýal­ňyş­dy­gy­ny bi­lip, şol işi et­mek­lik ýa-da et­mez­lik­dir. Dos­tuň kö­me­ge mä­täç ha­la­tyn­da oňa ýar­dam ber­mez­lik, ata-enä­niň di­ýe­nin­den çy­kyp, ola­ryň ter­si­ne git­mek­lik so­ňun­dan puş­man et­me­gi mej­bur ed­ýän ýag­daý­la­ryň kä­bir­le­ri­dir. Puş­man et­mez­lik üçin dur­mu­şyň bi­ziň öňü­mi­ze dik­ýän päs­gel­çi­lik­le­rin­den baş alyp çyk­mak­ly­gy ba­şar­ma­ly­dy­rys. Puş­man et­mek ejiz­li­giň mi­we­si­dir. Ha­çan-da, bir işi amal et­mä­ge ejiz­le­sek, on­da er­tir şol işi et­me­di­gi­miz üçin puş­man et­jek­di­gi­mi­z hak­dyr. Wyž­da­ny­ňa ge­ňeş, dur­mu­şa ba­tyr­gaý çe­me­leş!

3.Söý­me­gi ba­şa­ryň!

Be­ýik ital­ýan-ame­ri­kan ýa­zy­jy­sy Leo Bus­kag­lia şeý­le diý­ýär: “Dur­muş söý­gü­den yba­rat­dyr we söý­gü­ni ýi­tir­seň, dur­mu­şy-da ýi­tir­di­giň­dir”. Söý­mek hem-de sö­ýül­mek bagt­ly we ma­ny­ly öm­ri ýa­şa­ma­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri­dir. Bag­ty­ýar we ma­ny­ly öm­rüň baş şer­ti­niň söý­gü­di­gi­ne do­ly göz ýe­ti­rip, ýe­ne-de söý­mez­lik, bet­bagt­ly­gy özü­mi­ze ka­bul et­mek­lik­dir. Nä­dip söý­ýän we sö­ýül­ýän yn­san bol­ma­ly?! Bu so­ra­gyň jo­ga­by söý­gü­ni duý­ma­gy we beý­le­ki bi­ri­niň kal­by­na or­naş­dyr­ma­gy ba­şar­mak­dan ge­lip çyk­ýar. Il­ki bi­len özü­mi­ze hor­mat goý­şu­myz ýa­ly, özü­mi­zi hem söý­me­li­di­ris. Ikin­ji­den, bi­ze ýa­kyn bo­lan yn­san­la­ry söý­me­gi, üçün­ji­den bol­sa ola­ra söý­gü­mi­zi ýe­tir­me­gi ba­şar­ma­ly­dy­rys.

4.Bagt­ly pur­sat­la­ry duý­ma­gy ba­şa­ryň!

Jon Iz­zo “Bag­ta bar­ýan ýol, bagt­ly gün­le­riň bar­dy­gy­ny duý­mak­dan baş­lan­ýar” diý­ýär. Eger is­le­sek, her gü­nü­mi­zi öm­rü­mi­ziň iň bagt­ly gün­le­rin­den bi­ri­ne öwür­mek bi­ziň özü­mi­ze bag­ly­dyr. Sä­her bi­len sag-aman ör­mek, maş­ga­la bo­lup, ba­şy jem er­tir­lik edin­mek, ru­hu­be­lent­lik bi­len iş­li-işiň­de bol­mak, öňüň­den çy­kan ta­nyş­la­ry­ňa mä­hir­li sa­lam be­rip, ola­ryň hal-ýag­da­ýy­ny so­ra­mak, işiň­de, oku­wyň­da öz pa­ýy­ňa düş­ýän borç­la­ry do­ly ama­la aşy­ryp, ne­ti­je­li we ha­lal zäh­met çek­mek­li­giň lez­ze­ti bi­len öýü­ňe do­lan­mak, ýol­da guş­la­ryň jür­kül­di­si­ne, bag­lar­da açy­lan gül­le­re, adam­la­ryň ýü­zün­dä­ki şat­ly­ga gu­wan­mak, öýü­ňe ge­lip, bir iş gü­nü­niň ýa-da okuw gü­nü­niň ne­ti­je­sin­de Wa­ta­nyň ösü­şi­ne zer­re go­şant goş­ma­gyň buý­san­jy bi­len gök ça­ýyň ba­şyn­da dem-dynç al­mak mu­nuň özi äh­li aja­ýyp­lyk­la­ryň öze­ni bo­lan bagt­dyr.

5.Ne­ti­je­li ýa­şa­mak­ly­ga çal­şyň!

Jon Iz­zo­nyň gür­rüň­deş bo­lan äh­li pä­him­dar­la­ry, da­na adam­la­ry üçin iň mö­hüm we­zi­pe özüň­den soň­ku­la­ra ha­ýyr­ly bir za­dy go­ýup git­mek­lik­dir. As­lyn­da, bu pi­kir akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň:

Mag­tym­gu­ly söz­le her­ne bi­le­niň,

Özü­ňe kem­lik bil, aýt­man öle­niň,

Ta­raş­lap, şag­lat­gyl köň­le ge­le­niň,

Sen­den soň­ku­la­ra ýa­dy­gär bol­sun

- di­ýen se­tir­le­ri bi­len has hem berk bag­la­nyş­ýar.

Dur­mu­şyň baş mak­sa­dy hem şun­dan yba­rat­dyr. Dur­muş­da bagt­ly bol­mak­lyk on­dan çu­wal do­lu­sy zat al­mak däl-de, yzyň­da gi­den bir har­man gal­dy­ryp bil­mek­lik­dir. Bagt­ly bol­mak üçin dur­mu­şyň sa­ňa be­ren nyg­ma­tyn­dan has kän­rä­gi­ni oňa gaý­tar­mak ze­rur­dyr.

Syr­la­ry bil­mek dur­muş­da bagt­ly bol­mak­ly­gy aň­lat­ma­ýar. Esa­sy zat şol aý­dy­lan­la­ry amal et­mek­den yba­rat­dyr. Çün­ki bi­ziň ag­la­ba­myz nä­me et­me­li­di­gi­ni bil­ýä­ris, em­ma di­ňe kä­bi­ri­miz bil­ýän zat­la­ry­my­zy amal edýä­ris

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gyzykly ýazgy, içinde

Gyzykly ýazgy, içinde "bagtyň" birnäçe kesgitlemesi bar eýýäm. Bir topar näme edip nähili bagtly bolmaklygyň ýollaram bar.

Hmm... umuman maňa ýakyn gelýän zatlaram bar, kän bir ylalaşmajak zatlarymam bar. Esasanam ikinji punkt bilen ylalaşmak kyn, sebäbi içinde hemä "puşman etmäň" diýýä, hemem "hiç ýalňyş etmedik adam hiç zat etmedik adamdyr' diýýär. Ýalňyşlyk edilýä, durmuş şoň ýaly. Onsoň eden ýalňyşa ökünmeli hem bolýarmyka diýýän, sebäbi eden ýalňyşyňa ökünmeseň, puşman etmeseň, hemä ýalňyşyňdan many çykarmadyk ýaly bolýaň, ýa ýalňyşanyňy boýnuňa almadyk ýaly bolýaňmyka diýýän.

Bärde "puşman etmäň" diýeni belki käbir adamlaryň käbir ýalňyşlyklary barada bütin ömür "puşman edişi" baradadyr. Meselem birini awariýada öldürip, psihikasy ejizleýär, içip başlaýar we ş. m. Bu manyda dogry, ýöne puşman etmän ýaşaýan, ýalňyşman ýaşaýan ýalyrak gelýär maňa umumy manyda. A ýalňyşmaýanam, hiç zat etmeýän...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

içinde ulalaşylmajak

içinde ulalaşylmajak zatlar bar elbetde.sebabem men pikirimçe hormatly yazyjy başga bir dilden göni terjime eden yaly bolup dur muny. a göni terjimeler bolsa aslyndaky yaly manylary berenok kawagt. bagşylara menzapdir yazyjam çalaja:)) haha

onem biri bagtdan:"nirak

onem biri bagtdan:"nirak baryan?" diyp sorapdyr. BAGT bolsa:" Gayma gayana dal, oyun oynana" diyipdir.
Su aydylany hakykatdan hem seyle bolyan yaly!
Chynar K.

Kan bir dushunmeyanler uchin

Kan bir dushunmeyanler uchin name diymek bolyanyny yazsana?
"Gayma gayan" kim bolyar, "oyun oynan" kim bolyar?

"Bagt" sozunin inglischa terjimesi "happiness" bolyamyka? Orschasy "shast'ye" bolyar, onson turkchesi name? "Mesut olmak' bolyamy?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

"Gayma" diyip tahya(?)'nyn

"Gayma" diyip tahya(?)'nyn ustundaki keshdelerin 1 gornushine diyilyan bolmaly, "gaymak" hem sony "dikmek". Tahya bolman, yaka/balak bolaymagam ahmal, yone men kellamde tahyada diyip galypdyr.
Gurrun yene aylanyp dolanyp sol "guyruk bulamak" meselesine baryar Bayram :D Yagny, dasara cykman, oyde oturyp gayma gayanyn dalde, dasarda oyun oynayanyn(kim bilen, name oynayaka ol?! :D) bagtynyn "acylmagy" has kop ahtimallykly gorulyandigini aydyarmyka diyyan.

Ohow, görsene nähili çuň

Ohow, görsene nähili çuň manyly söz ekeni. Göni göleli meselä eltäýdi ýene... :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Yokardaka basga gornusde

Yokardaka basga gornusde mysal bardy oydyan.Obadakam gyzlar bn uysupdik.Sonda gyzlaryn biri jorasyny bir yagsy yigde äre degenine gozu gidip"bagt nira baryan-kul ustunde oturanynka"diyen sozi gulagymda yanlanyp gitdi.Kawagt seylede bolyar.