Günäden dolan ýürekden çykan dilegler...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Eý merhemetlileň merhemetlisi... Halymy saňa beýan edýän, duýgularymy diňe sen bilýäň, ýene bir gezek ak ýürekden seň gapyňa geldik. Medet ber eý ähli halymy bilen Rebbim. Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömege ýetmedi, ahy nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bilen agladyk we hasrat bilen ýandyk. Eýýuba(a.s) durmuş çeşmesini görkezişiň ýaly we Hezreti Ýakuba(a.s) Ýusubyň köýneginden iň gözel yslary ýetirşiň ýaly biziňem dadymyza ýetiş. Ýoldan çykan men, ýol tapmaýan men, maksadymy ýatdan çykaranam mendim. Eý bizi hiç wagt unutmaýan Allahym seni ýatdan çykaran kalbyma, sensiz alýan demime, günäkär halyma merhemet et bize ýol görkez eý Hadi bolan rebbim. Bizi direlt eý ýaradan. Umyt bilen urýan ýüreklerimize, utançdan gyzaran ýüzimize, ýaşlardan dolan gözlerimize rehmetiňiz bilen ýol görkez. Ýene bir gezek meni bagyşla. Derdimizi saňa açyp dermanyny senden garaşýan eý ähli dertleriň dermany bolan Rebbim. Sen mätäçleriň eýesi, biziňem sygynagymyzsyň. Senden başga hiç bir açyk gapy ýok, senden başga sygynak, senden başga güýç-kuwwat ýok eý beýik Allajan. Gören, bilen, eşiden diňe sensiň. Aslyma dolanmagym üçin ýol görkez. Saňa gelere ýoda ber...

Eý beýik Ýaradan. Älem jahan seňkidir, ähli soltanlar seň gapyňda guldyr. Hemme saňa ýörär,senden islär. Sen bolsa her wagt barsyň. Başga barlyklar geler, ýaşar, öler geçerler. Sen bolsa bularyň ählisinden beýiksiň. Bir we taýsyzsyň. We hiç zada mätäç dälsiň. Eý Rehmeti soňsuz ýaradan men seň gapyň bendesi, bu ýolda dünýä we ahyretden geçmäge kaýyl sadyk gulyň. Henize çenli senden başgasyna sezhde etmedim. Derdimi senden başgasyna aýtmadym. Aýdan bolsamam müň toba edip ýene seň gapyňa geldim. Sen gapyňdan aýrylmaýanlaň badalaryny söýgüden doldur. We saňa mätäçleriň ýüzlerini güldir. Eý hemmäniň umudy, garyplaryň eýesi, eý çäresizleň çäresi. Şu naçar gulyňa gapy aç. Söýgiňden doýur we derdimize derman ber. (Amin)

* Ýazgy terjime edilen.