Gyrgyzystandaky halkyng ayaga galy$y

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

koplering habary bardyr, gyrgyzystanda bolyp gecen wakalardan, ol wakalaryng esasy sebabi namaka, amerikanlar zatlar yurdyng cinde has aktiw ol dowletde shoalng tasirimika, yada hakykatdan hem rusyang eli barmyka, halkyng angyyetine bu ikiring orna$magy ucin nahili wakalar bolyp gechdika
shu gun gyrgyz oglanlang birine soradym, sen haysy tarapda, uruyanlarmy yada urulyanlar tarapynda diydim, ol wakada uryan yada urulyan yok, halk we hokumet bar we menem halk tarapynda diydi,
siz gyrgyzystanda bolan wakany nahili analiz etyangiz?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gyrgyzystan gaýtadan

Gyrgyzystan gaýtadan dünýäni geň galdyrdy. Halk aýaga galyp, soňky döwürde adalatsyzlyga ýol berendigi aýdylýan hökümeti güýç bilen agdardy.
Netijede häkimiýet başyna özlerini halk wekilleri diýip atlandyrýan güýçler geldi. Emma bu hökümet çalşygy gan döküşikli çaknyşyklar arkaly amala aşyryldy.

Gyrgyzystanda eýýäm wagtlaýyn hökümet işe başlan-da bolsa, ýurtda häzirlikçe dartgynly ýagdaý dowam edýär. 9-10-njy aprel günleri ýurtda 7-nji aprelde gurban bolanlaryň hatyrasyna ýas günleri geçirilýär.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, Bişkekde bolan wakalarda 76 adam ölup, 1500-den gowrak adam ýaralandy. Ölenleriň ýaşy 15-den 50-ä çanli aralykda. Ölenlerden 12 adamynyň häzirlikçe şahsyýeti anyklanylmady.

Anna güni Bişkegiň «Alatoo» merkezi meýdanyna müňläp adam çykdy. Meýdana gelen adamlar gan yzy galan ýerlere gül goýdular. Gurhan okap, heläk bolanlary ýatladylar.

Merhumlar 10-njy aprel güni Gyrgyzystanyň iň tanymal jemgyýet, döwlet, bilim we medeniýet işgärleriniň jaýlanylýan “Ata Beýit” gonamçylygynda depin edilýär.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna 1 million som, ýaralananlara bolsa, 50 müň som mukdarda kömek beriljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda Gyrgyzystanda ýagdaý durnuklylaşýar.

Türkmenistanly studentleriň ýagdaýy

Gyrgyzystanyň Bilim ministrliginiň maglumatyna görä, häzir Gyrgyzystanyň ýokary okuw jaýlarynda 2000-den gowrak türkmenistanly studentler okaýar.

Gyrgyzystanyň Bilim ministriniň ýokary bilim boýunça birinji orunbasary Boris Kubaýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna, ýurtdaky kollejlerde, tehnikumlarda, ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentlerine hiç hili demonstrasiýalara, mitinglere gatnaşmaly däl we öýden çykman oturmaly diýlen duýduryş berlipdir.

«Wakanyň başlanan güni we ertesi studentlere öý işlerini berip, öýden çykman oturmaklaryny tabşyrdyk we olary sapaklardan boşatdyk. Şu mahala çenli bize Gyrgyzystanda okaýan 2000-den gowrak türkmenistanly studentleriň mitinglere gatnaşandyklary ýa-da olara fiziki taýdan şikes ýetendigi barada maglumat gowuşmady» diýip Kubaýew aýtdy.

Kubaýew Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisiniň-de Bilim ministrligine jaň edip, türkmen studentleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanandygyny, türkmen studentleriniň howpsuzlygyny goramak üçin Ministrligiň goşmaça çäreleri görýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetinde okaýan türkmenistanly studentler hem özleriniň dynç we parahatdyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Bişkekdäki Amerikan uniwersitetiniň jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar bolüminiň başlygy Kimel Tohtamyşew Bişkekde mitingleriň başlanmagy bilen uniwersitetiň ýapylandygyny aýtdy: «Studentler 12-nji aprelde okuwlaryny dowam etdirip başlarlar. Biz olara öýden çykman oturmagy berk tabşyrdyk. Şonuň üçinem biziň studentlerimiziň demonstrasiýalara gatnaşandygy barada hiç hili maglumat berilmedi. Bişkekde ýagdaý gowulaşýar. Bazarlar işläp, dükanlar açylyp başlady.»

ceshme: http://www.azathabar.com/content/article/2006970.html
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Nämeden başlamaly? Indi

Nämeden başlamaly?

Indi olaryň öňünde işi nämeden başlamaly diýen sorag peýda boldy. Täze hokümetiň agzasy Azimbek Beknazarow häzirki öňde duran möhüm meseleler diýip, şulary belledi: “20 ýyldan bäri Gyrgyzystany ýykyp-ýumran, gemren adamlaryň atlaryny-familiýasyny açyk aýtmaly. Olary jezasyny çekmeli. Olaryň ogurlan baýlyklaryny ýeriň düýbünden bolsa-da tapmaly we halka gaýtaryp bermeli bolarys. Şonda halk bize ynanar. Soňra döwlet başyna gelen adam konstitusiýany öz islegine görä üýtgedip bilmez ýaly edip, Baş kanunymyza ýazmaly.”

Beknazarow şeýle-de döwletiň regiondaky bütewüligini saklap, halk hökümetiniň ýokarydygyny üpjün edýän, kanunçylygy gyssagly durmuşa geçirmelidigini aýratyn belledi.

Sekiz ýyl türmä basylyp, türmedäki ýagdaýy görüp-bilip gelen Ismail Ishakow sud adalatlylygyny ornatmagyň ikinji derejeli wezipe bolmaly däldigini aýtdy: “Biz sudýalary, prokurorlary hem-de sülçüleri täzelemeli. Sebäbi biz oturyp çykdyk. Derňew izolýasiýasynda saklanýan ýigitleri horlap, ýenjip, kellesine selofan, protiwogaz geýdirip demligine gaz berip, elini, aýagyny baglap günäni boýun aldyrýarlar. Sud hiç kime boýun egmeýär diýlip kanunda ýazylan bolsa-da, kanuny bozýan adamlary, jezalandyrmaly bolarys”.
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

gaty geng...

Dünyanin dürli künjegindaki wakalardaky birmenzeşlik tötanleyin bolmasa gerek.

yokarda bir gyrgyz adalatsyzlygy dillendirip meselelerin merkezine oturtyar, bir tarapdanam turkiyada demokrat meyilliler konstitusiyanyn gaytadan yazylmagyny talap edyar we problemalarynyn aglabysyny şeydip çözüljegine ynanyar. gaty geng...

adalat miwesinin hyrydary gaty köp, emma dünyade adalat Kaf dagynyn arkasyna, ynsan gözünden yrak bir yere gizlenen yaly hiçkimin eli yetenok.

comment yazyarkam dilime bir fraza dolandy(bu ya ayat bolmaly ya-da hadys), türkmençesini bilyan yazaysyn:
Nasılsanız öyle yönetilirsiniz.

Amerika samerikanyň rolyny

Amerika samerikanyň rolyny gözlemek gerek däl. Gyrgyzystan bir garyp ýurt, a baştutanlar, ýolbaşçylar bolsa eden-etdilige, diktatorlyga ýüz urdular. Ony çydap gezmekden boýun gaçyran halk, hökümediň özüni gaçyryp göýberdi.

Diktatorlar bir ýigrenji milletdä, näme diýjek.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

jogaby denglemede...

jogap mençe şu dengleme-de yatyr... yagny orsiyet hökümedin düşmeginden "hoşal", Birleşen ştatlar "taze wagtlayin hökümedi" hökümet hasabynda görmeyan diydi... alyn size dengleme....

denglemani çözmek üçin kömekçi referanslar: gyrgyzystandaky abş we rus harby bazalaryna gönükdirilen siyasy gürrünler wakalar, halkyn garyplygy we adalatsyklyk...

türklerde bir söz bar; filler tepişince çimenler ezilir. bu-da hint...

__________________

ay dost jogabyny men-a

ay dost jogabyny men-a bilyan, hany sizem biljek bolun-da diyen yali etdinlay... :)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

yok beytmedim...

jogabyny özümem anyk bilemok, sebabi denlemani men düzmedim, bolup geçyan wakalar düzdi:D

__________________