Magtymguly Weli bolan

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Magtymguly Pyragynyñ goşgularyny näçe okadygymça, oña bolan hormatym, sylagym has hem artỳar diỳmek bilen, mowzuk hakynda gürrüñimize başlalyñ. Öñünden duỳduraỳyn, bugün maña ne döw çaldy, özümem bilemok. Bir hili ỳazyşym mollymlaryñky ỳaly has resmi görünỳändir, emma ynanyñ, bu mowzugy ỳazmak hakynda eỳỳäm iki aỳ bäri pikirlenip ỳördüm.
Döwletimiziñ ähli orta mekdepleriniñ uly synplarynda, edebiỳat dersi üsti bilen Pyragynyñ durmuşynyñ we eserleriniñ giñden okadylmasy begendiriji bolsa-da, sapaklarda diñe watançylyk we söỳgi temasynyñ üstünde durlup geçilmegi, onuñ din hakynda, pygamberimiz, sahabalar hakynda, yada gören düỳşlerini ỳorup, ỳazan goşgulary hakynda bir agyzam nygtalmaỳanlygy şu wagt içime dedip duran bela bolup galỳar. Düşnükli bolsa gerek, bu mowzugy pyragynyñ okuwlarda okadylmaỳan goşgularyna bagyşlap açỳan.
Mysal üçin “Turgul Diỳdiler” goşgysynya bir göz aỳlalyñ.
"Turgul" Diỳdiler
Bir gije ỳatyrdym tüñüñ ỳarynda
Bir dört atly gelip “turgul” diỳdiler.
“Habar bermiz saña pursat jaỳynda,
Şol ỳerde ärler bar, görgül” diỳdiler.

Nazarym ỳetişgeç şol dört merdana
Köñlüm joşa geldi başym gerdana
Şol yerde bar idi iki diwana,
“Durma oglan, anda bargyl” diỳdiler.

Şol iki diwana tutdy golumdan,
Aldylar gittiler, durgan ỳerimden.
Bir yşarat boldy sol wagt yanymdan,
“Seỳranda baryban, durgyl” diỳdiler.

Oturypdyk, geldi iki pirzada
Gözünden ỳaş akar, dili dogada
“Huw Hak!” diỳip çykty, alty pyỳada
“Adam indi geler, görgül” diỳdiler.

Bir dört atly geldi, bary sebzebaz.
Hasalary ỳaşyl, aty teblebaz.
“Mejlis halkasyny gurmañ beỳle az,
Adam köptür, ulug gurgyl” diỳdiler.

Daştan çykty, altmyş atly gördüler
“Muhammet!” diyp, tamam garşy ỳördüler
Saglyk, salamatlyk bir bir sordular
“Durmañ, ulug jaỳa ỳörgül !” diỳdiler.

Bir atyñ ardyna meni aldylar.
Seỳranda şol jaỳa baryp durdular.
Tamam oturdular, mejlis gurdular.
“Oglan!” maña “Ara girgil !” diỳdiler.

“Alydyr” diỳdiler tutdy destimden,
Borỳa düşegimni aldy astymdan.
Men bilmedim bir zat guỳdy üstümden,
“ỳolugan döwrandyr, sürgül !” diỳdiler.

Haỳdardan soradym, barça at-ba-at
“Hezreti Pygamber, oldur, bolma ỳat!”
“Ol Selim Hojadyr, ol Baba zürỳat”
“Ol Veỳsel Karadyr, bilgil ! “diỳdiler.

“Ol Bahawetdindir, ol hem bir ardir”
“Ol Zeññi Babadyr, ol namydardyr”
“Ol, söỳenşip duran dört çary-ỳardyr!”
“Maksadyñ ne bolsa, sorgul !” diỳdiler.

Şol wagytda duran iki şeỳhi-şap :
“Bu oglana pata beriñ !” diỳdi sap.
“ỳüz ỳigrimi dört, bir enbiỳa ashap
Barysy şolardyr, bilgil” diỳdiler.

Resulullah aỳtdy: “ỳa Şah-y Merdan,
Eỳa Selim Hoja, ỳa Baba Selman
Ebu Bekr Syddyk, ỳa Ömer, Osman
Bu kuluñ maksadyn bergil ! “diỳdiler.

Selim, Baba Selman buỳurdu merde,
Piỳaleỳi tutup saldylar derde.
Gitti aklym-huşum, ỳattym şol ỳerde
“Arşta-perşte ne bar, görgül “diỳdiler.

ỳel boldum, ỳügürdüm ỳeriñ damarna.
Nazarym dokundy arşyñ kemerne
“Jeberut älemde, Jelil syryna
Gelip özüñ garap görgül” diỳdiler.

Nä-geh haỳal etsem, ele getirdim.
Kaỳda baksam ana nazar ỳetirdim
Bu hal bile men parahat ỳatyrdym
ỳüzüme tüỳkürüp “Turgul!“ diỳdiler.

Resulullah aỳtdy: “Ashablar, ỳörüñ,
Oglany uzadyn, bir pata beriñ”
Buỳurdu dört atla “Eltip, tabşyryñ ,
Getirgen jaỳynda goỳgyl” diỳdiler.

Durup, Magtymguly, gözün açyptyr.
Serine ne köỳler gelip geçiptir.
Hyra ner dek ak köpükler saçyptyr.
“Oglan, Alla ỳaryñ, bargyl!” diỳdiler.

Mundan başgada şahyryñ “Külahly geldi”, “Uçtum ỳaranlar” goşgulary onuñ düỳşleri barada ỳazylan. ỳöne gaty bilesim gelỳan zat şol Şah-y Merdan diỳip kime diỳilỳar-kä, başga goşgularynda-da gaty köp ady geçyär.
Temañ yzyny aşakdan dowam eders, ỳene ỳazjak goşgularym bardy, wagtym ỳettiginden ỳazjak bolaryn inşalla

Telpekler (2 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 3 telpek goyyar we yazyar: "berekella, Yhlas tuweleme gaty gowy yazypsyn, al sana menden telpijek:!"
  • Hatyja 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Jonnuk 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Magtymguly bir goshgusynda,

Magtymguly bir goshgusynda, yagny "Boldum Giryana" goshgusynda, Isa Mesihe Shahymerdan diyyandigini bilyan...

yok Sylap aga, "boldum

yok Sylap aga, "boldum giryana" goshgusynda hz İsa agzalyar, yone ona Şahy Merdan diyip yuzlenenok, ynha seret:

Gönlümi geçirdim jumle jahandan
ne jahandan belki, el üzdüm jandan
Hydyrdan, İsadan, Şahy Merdandan
himmet istap baktym suy-i asmana.

şu goşgynyn sonky beytlerinde gaty halan setirlerim bar, mysal uchin shular:

diydim: "gökden agyr, yerden mert nedir?
Deryadan bay nedir, daşdan saht nedir?
Oddan yakyjyrak, buzdan sert nedir?
Zaherden ajyrak nedir bu jana?"

Derler: "yaman tohmet, agyr asmandan
gaharsyz yagşi soz, gindir jahandan
mynafygyn konlü saht sengistandan
ehli-kanyg menzar bahry ummana

Jebr ediji soltan yakyjy kozden
bahyldan dilesen, sowuktur buzdan
pahyra jebr etmek, zaherdir suzdan
owuttur bu sozler, bizden nyshana"
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Yhlas, Ine shu tayyny

Yhlas,
Ine shu tayyny nadogrurak yazypsyng
Gönlümi geçirdim jumle jahandan
ne jahandan belki, el üzdüm jandan
Hydyrdan, İsadan, Şahy Merdandan
himmet istap baktym suy-i asmana.

Ine 1993 chap bolan Magtymguly kitabynda ine sheyle gechyar:
Konglumni gechirim jumle-jahandan,
Ne jahandan, belki, el uzdum jandan,
Hezreti Isadan, Shahymerdandan
Hummet istap, bakdym suyy-asmana

Eger goshgunyng yzyny okasang, Magtymgulynyng ayratyn birzatlary bashdan gechirendigini goryang...

Men Shahy-Merdan diyip Hz.

Men Shahy-Merdan diyip Hz. Ala aydylyanyny bilyan. Turkmenistanda edebi kitaplaryn arkasynda sozluk bolumi bar, shol yerde okapdym. Ine google name diyyar
1.

Quote:

hz ali'ye alevilerce verilmiş bir başka isim, şah-ı merdan..

http://sozluk.sourtimes.org/show.asp?t=%C5%9Fah-%C4%B1%20merdan

2.

Quote:

yiğit şah anlamındadır. alevilerin imam-ı ali'ye verdiği isimlerden biri.

http://www.itusozluk.com/goster.php/%FEah+%FD+merdan

3.

Quote:

imam ali'nin lakaplarından yalnızca biri. mertlerin şahı, yiğitlerin efendisi demektir. anlamını sadece savaşlarla daraltmaya çalışan emevi islamının aksine manası fazlaca büyüktür, derindir. "adam gibi adam" dediğimizden çok daha ötedir imam ali, bu lakap da onu gösterir aslında bize.

http://www.uludagsozluk.com/k/%C5%9Fah-%C4%B1-merdan/

4.

Quote:

"Mertlerin şahı" meâlinde Hazret-i Ali Radiyallahü anh'ın bir nâmı.

http://www.osmanlicasozluk.net/osmanlica/51701-sozluk-SAH_I_MERDAN-anlam.html

Kabir goshgularyndanam bilsen bolyar, yone yadyma dushenok haysy goshgulary. Umuman, turkmen dessanlaryny okasanam chykyar Shah-y Merdan diyip, ozem Hz. Ala aydyany belli bolup dur.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Quote: Resulullah aỳtdy:

Quote:

Resulullah aỳtdy: ỳa Şah-y Merdan
Eỳa Selim Hoja, ỳa Baba Selman
Ebu Bekr-i Syddyk, ỳa Ömer, Osman
Bu kuluñ maksadyn bergil diỳdiler.

Topbakda 4 Chary-yar'laryn bary bar, dine Hz. Aly yokdur. Shah-y Merdan Hz. Ali bolsa, baram bar ;)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hawa, menem shol HZ Alidir

hawa, menem shol HZ Alidir oydup yordum. ruhnamada hem gechyan eken HZ.Aliye Şahymerdan diyip, ynha gozleg motoryndan tapanym:

"(...)Magtymgulynyň döredijiliginde Hezreti Ala mynasyp orun berlipdir. Beýik akyldarymyz goşgularynda Alynyň adyny «Aly», «Hezreti Aly», «Şahymerdan», «Murtuza» görnüşinde 50-den gowrak ýerde ýatlaýar. Hezreti Alynyň Düldül atly meşhur atynyň, zülpükär gylyjynyň bolandygy mälim. Görogly kyn güne düşende elmydama özüniň piri Hezreti Alydan — Şahymerdandan goldaw isleýär."

http://www.ruhnama.info/ruhnama-tm/htm/s-sahs-h.htm
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

bay okap hezil etdimay. Bir

bay okap hezil etdimay. Bir gije duyshunde shoncha owluya gormek onson dort charyyar gormek ve in sonunda Pygamberimizi gormek.100 yil yashasamda miyesser etmez

başgada Magtymgulyn "gokje

başgada Magtymgulyn "gokje kepteri" diyen goşgusyny gaty gowy goryan, gaty suyji dilde yazilan eser bolupdyr.

Gökje kepteri
Eỳ ỳaranlar musulmanlar,
Görüñ bu hükm-ü dawary,
Ki metjitde oturdy,
Bir gün Murtaza Ali.

Arka goỳmuş mihraba,
Yüzün bermiş kitaba,
Uly-küçük sahaba
ỳygylmyşty hem bary.

Ol şah-y safdar bildi,
Bir gökje kepter geldi,
Oturyp, tagzym kyldy,
“Salam alik, Ya, Ali!”

“Sensiñ dinim, imanym,
Saña gurban bu janym,
Pylan ỳerde aşỳanym,
Yaş çagam bar Ya Ali!

Yer gögüñ arasynda
Harmanlar gyrasynda,
Hudaỳyn penasynda,
Gezerdim sähralary.

Seỳr ederdim her ỳana,
Şükr ederdim subhana,
İstärdim, ỳygam däne,
Elterem aşỳan sary.

Duşmandan gapyl idim,
Hurremü hoşal idim,
Çagama meşgul idim,
Gördüm ki, bir şah peri.

Gördüm bir laçyn geler,
Howada howalanar,
Bildim ki janym alar,
Aman bermez ỳa Ali!

Gorkup bi-takat boldum,
Şirin jandan el ỳoldm,
Seniñ gapyña geldim,
gurtar meni, ỳa Ali!”

Ali çün wakyp boldy,
Kepteriñ halyn bildi,
Lutf bilen kerem kyldy,
Diydi: “Kepter, gel bäri!”

Kepter geldi önüne,
Bermän laçyn çeñine,
Gol uzatty ỳeñine,
Saldy Kepterin Ali.

Şol demde laçyn geldi,
Hezrete arzyn kyldy,
Lutf bilen tagzym kyldy,
“Salam alik ỳa Ali!”

“Her säherler aglardym,
Dagy daşy elärdim,
Bir kepteri kowlardym,
Geliptir siziñ sary.

Dermandaỳym, mätajim,
Şermendeỳim, gallajym,
Bu gün üç gündür ajym,
Awym bergil, ỳa Ali!”

Ol şiri perwerdigär,
Ol sahyby zülfikär,
Ol şahy Düldül suwar,
Nida kyldy Kanbary.

Kanbar çün zahyr boldy,
Lutf bilen kerem kyldy,
Diỳdi: “Hyzmat ne boldy,
Çagyrdyñyz bizleri!”

Diỳdi çarhy çenbere,
Müşk gatylmyş anbara,
Ali diỳdi Kanbara:
“Alyp getir hançary?”

Görüñ imdi ne kyla,
İstär ol kerem kyla,
Laçyn diỳip Ali’ỳa,
“Siz nädersiz hançary?”

“Eỳ Laçyn, men Haỳadaram,
Sahyby lutfi kerem,
Öz budumdan et berem,
Sen dileme kepteri!”

Hançar çykdy gynyndan,
Tä et kese ỳanyndan,
Laçyn tutty golundan,
Diỳdi: “Kesme ỳa Ali!”

“Seniñ işiñ keremdir,
Gollaryñ muhteremdir,
Bu et bize haramdyr,
Aỳa, saky kewseri.

Laçyn saỳmañlar meni,
Kepter diỳmäñler ony,
Synamak üçin seni,
Geliptik siziñ sary!”

Şahdan ruhsat aldylar,
Aỳak üzre galdylar,
Uçup perwaz kyldylar,
Gittiler asman sary.

Tamam boldy bu sözler,
Etseler gerek eser,
Magtymguly hak-y sar,
Şahy Merdan çakeri.

____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

gokje kepteri :) shu

gokje kepteri :)
shu goshgynyn mazmunyny rowayat yaly eshidenim yadyma dushyar, a goshgyny birinji gezek goryan.

Magtymgulyn bu goshgysyna

Magtymgulyn bu goshgysyna dogany(Ady yadyma dushenok, yone 1 yitip gidyan, oldi hasap edilip, ayaly Akgyz'y Magtymgula dakyanlary) saz duzyar ve Chovdur hana aydyp beryar, onson bu goshgyn shany shohraty artyp, Magtymgulyn Etrekden bashga yerlerde yashayan taypalaryn arasynda-da tanalmagyna getiryar. Dine bu dal, yone shu goshga ayry yer berilen kitabynda, esasanam

Eỳ Laçyn, men Haỳadaram,
Sahyby lutfi kerem,
Öz budumdan et berem,
Sen dileme kepteri!

diyyan yerlerinde joshyar halayik :)

Sen kinosy barada

Sen kinosy barada aýdýaňmaý şu ýerde?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Yok, kitabynda

Yok, kitabynda okapdym.
Kinosyndan Magtymgulyn "t'nin ustunde 2 nokat, s'n ustunde 3 nokat" dagy diyip cagalara hat-petek owredyan yeri, birem denizi joshduryshy yadymda...Kitap has kellede galyar umuman :)

dogany Abdylla.

dogany Abdylla.

Ahyrzamana Köñlüm

Ahyrzamana
Köñlüm aỳdar, dostlar, eỳläỳin beỳan,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana,
Dünỳä üçin şerigaty taşlaban,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Mollalar ylmyna etmedi amal,
Şerigat işine eỳlemeỳ jedel,
Pälimiz bozulup, köpeldi kesel,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Müftüler mal alyp, rowaỳat berer,
Nä-hak pulun yalar, hakky köỳdürer,
Pälleri bozulup, fesat köpeler,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

İşanlary ryỳa eỳlär namazyn,
Saflatta ötürer gyş bile ỳazyn,
ỳalan sözläp, ilden alar nyỳazyn,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana

Sopular nebis üçin mele don giỳip,
Şüpheli tagamy halal diỳip, iỳip,
Şeỳtan päli birlän keramat diỳip,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Şyh bolanlar nezr üstünde uruşup,
Bir pul üçin zeñ, perzende sögüşüp,
Öwlüỳa gapysynda mundag boluşup,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Hojalar fahr eder, asly zatyny,
Kyỳam İsameddin goỳup adyny,
Pylan kes hoja dep hem öwladyny,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Kethuda bolanlar dogry sözlemez,
Para alar, leỳken hakkyny gözlemez,
Nä-hak güwä bolar, dawa düzlemez,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Baỳlarda galmady haỳr-u sahawat,
Dünỳa dep gezerler bolmaỳ peragat,
Garyplar, baỳlardan görmez hemaỳat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Oglu hoş-ruỳ bolsa edrmişler şat,
Göỳä ki, döwletli bolandyr zyỳat,
Gün günden jahanda köpeldi fesat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Gyz jywanda ỳokdur haỳadan eser,
ỳigitler gyz bilen oỳnaỳyp gezer,
ỳaman iş köpeldi, gün günden beter,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Zamana işleri ỳaman bolupdyr,
Jahan içre fesat işler dolupdyr,
Pälimiz gidibän, reñkler soluptyr,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Baỳlar zekat bermeỳ, bolupdyr süỳthor,
İl içinde köpelipdir husythor,
Ömür ötüp, gaflata bolupmyz magrur,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Günahlar köp bolup, eksildi sogap,
Gorkarym, bu jahan bolmagaỳ harap,
Keşp edip satarlar aragu şarap,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

Magtymguly, munça kylmak hekaỳat,
Akyllara, şaỳat, bolgaỳ kifaỳat,
Dünỳäniñ işine ỳokdur nihaỳat,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

goryanmi Magtymguly shol

goryanmi Magtymguly shol dowurde turkmenlerin nahili musulmanchylyk yashayshyny goshgylary bn bize yetiripdir. Shol sebapli bizin elimizden Yslamyn bayrakdarlygy gidenda. Turklerede 20 asyrda boldy olaryn elindende bayrakdarlyk gitdi indi bolsa dunya musulmanlary ondan-ona suyrenilyar.

bilşime gora Magtymguly

bilşime gora Magtymguly ondenrogoruji, gelejek barada kop zatlar aydip gechen. belki ol goshgylarynda da gelejek barada habar beryandir, mysal uchin yokardaky goshgydan mysal alsak:

Gyz jywanda ỳokdur haỳadan eser,
ỳigitler gyz bilen oỳnaỳyp gezer,
ỳaman iş köpeldi, gün günden beter,
Bilmenem, ỳakynmy ahyrzamana.

yagni, "gun geler, gyz-oglan gatnashygy hem shu dereja yeter, we sho dowur ahyrzamandyr" diyen manyda hem yazan bolup biler, geljekden habar berip. biraz gozleşdirip gormek gerek, 17.nji asyrda gorulmeyan we hazirki zamana yuzlenilmesi mumkin bolanlary...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Bad-y Sabaỳy

Bad-y Sabaỳy görsem

Dehistanyn baỳrynda,
Bad-y sabaỳy görsem,
Bahaveddin Mitkülal,
Zeññi Babaỳy görsem.

Nälesyi arşa taçtyr,
Ady äleme päçtir,
İki jahan mätäçdir,
Arap zebany görsem.

Gelen geçer çaşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Könül aỳdar keşt edip,
Alem jahany görsem.

Hydyr kimin çöllerde,
Gowwas kimin göllerde,
İlỳas kimin daglarda,
Yahşy ỳamany görsem.

Yokarda Hindistany,
Arkada Türkistany,
Öwlüỳalar ummany,
Ol Rumystany görsem.

Jan pany, jahan şeỳda,
Mundan hiç ỳokdur peyda,
Yedi dag, ỳedi derỳa,
Däli dünỳäni görsem.

Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didem, ỳaş bolsa,
İmanym ỳoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem.

____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Yhlasbey, bashga goymadyk

Yhlasbey, bashga goymadyk goshgyn barmy yene?
nahili pikir edyan, gelejek hakda aydyp gechenleri Magtymgulynyn duyshunde hem ayan boldymyka? ya nadip bilipdir?

Salam! entek goshgy kop

Salam!

entek goshgy kop velin, shugunler ustume birhili agyrlyk chokdi, turkler diyyalera "bahar yogunlugu" diyip, sho bolaymasa.
sonam yazmagym uchin birileri mana gaz bermeli "bor yhlas, sen yazmasan kim yazar..." yali :D
ine bugun siz jogap yazipsiniz, menem shonun gazy bilen yene 3-4 goshgy goyarin :D

ey bu "bey"i namayt, yhlas diyiberin how... yorute bey diymesinler diyip nikimi "yhlas" etdima... :)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

bolyala, Yhlas, sen yazmasan

bolyala, Yhlas, sen yazmasan kim yazar :) goshgyny yeke ozun okap yatmada bari goyup gaz ber bize-de :)

şy goşgy Goşgulary

şy goşgy Goşgulary soyyanlerin burcy 4'de yazilipdir, tema degişli bolany uchin goşayin diydim...

UÇDUM, ÝARANLAR

Perwaz urup seýran etdim dünýäni,
Bal urup göklere uçdum, ýaranlar.
Mermerden howuzly, köwserden suwly,
Ol jaýa bardym-da düşdüm, ýaranlar.

Gördüm niçik çykyp dürli ömürler,
Müň dürli miweler, horram şejerler,
Narynjy, turunjy, leýmun-almalar,
Bir abadan jaýa düşdüm, ýaranlar.

Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller,
Yşkynda mest bolmuş däli köňüller.
Şurş ekeni anda şeýda bilbiller,
Haýran bolup, şonda çaşdym, ýaranlar.

Ol gara baglykda gördüm bir çemen,
Ajaýyp meýlisni gördüm enjimen,
Töre girip gördüm oturmyş çilten,
Salam berip, golun guçdum, ýaranlar.

Olar heme owaz─aleýik aldylar,
Bir yşarat eýläp, “otur” diýdiler,
Pyýala dolduryp, döwre berdiler,
Maňa ýetgeç golum sundum, ýaranlar.

Bilmedim köpmi, ýa maňa az berdi,
Ozalam başga bir hem owaz bedri,
Yşk aldy göwnümi dile söz berdi,
Aýakdan-aýaga düşdüm, ýaranlar.

Magtymguly, hüşgär oldum, oýandym,
Oýandym, örtendim, tutaşdym, ýandym,
Magny bazarynda haýýata döndüm,
Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar.

____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Jennede uçuş :)"