8-nji mart gutlagy ýa-da gelin-gyzlar hakda dörän setirler...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şu sahypaň ähli gelin-gyz agzalaryny we myhmanlaryny BAHAR BAÝRAMY bilen gutlaýaryn we jan saglyk, rowaçlyk, ruhubelentlik, belent mertebelik, gözelligiň bolsa, elmydama ýaran bolmagyny arzuw edýärin!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Sagbol :)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

K.Gurbannepesow

Gülüň, gülüň, keýpden çykyň....

8-nji mart degişmesi

Gara ýeriň üstünde,
Gök asmanyň astynda
“Heleý” diýilýän sözi
Kim tapdyka aslynda?

Ol sözi ilki tapan
Ne-hä daýhan, ne çopan.
Diýýärler: ilki sapar
Ol gödek sözi tapan
Kyrka çenli kyrk sapar
Öýlenen Ýekegapan.

Gyzyl göz Ýekegapan,
Han ogly Ýekegapan
Gujagna getirlende
Garyp gyz Ogulsapar,
Onuň adyn tutmagy-da
Kemlik saýyp özüne,
“Bärik gel-eý!” diýenmiş
Öz öýlenen gyzyna.

Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan
Üýtgeşip “gel-eý!” sözi,
Gara günli ülkämizde
Döränmiş “heleý” sözi...

Garyp gyz Ogulsapar,
Naçar gyz Ogulsapar,
Sen täzeden dogulsadyň,
Wah, ýene-de bir sapar.

“Ogulsapar jan” bolardy
Bu gün seniň lakamyň.
Saňa “Gel-eý, Gel-eý!” diýip,
“Heleý” adyn dakanyň
Özlerine gowşurdyk
Öz döreden adyny.
Bu gün arşa ýetirdik
Gelin-gyz şöhratyny.

Bu gün gelin-gyzlarmyz
Jahan bilen garyşýar,
Bilbil bilen bäsleşýär,
Keýik bilen ýaryşýar.

Bu gün biziň aýallarmyz
Durna bolup daranýar.
Altmyş ýaşa ýetende-de
Gelin bolup görünýär.
...Görk goşuldy gelin-gyzlaň
Gözlerine, ýüregne.
Müňläp Ogulsaparlaň
Aglanynyň deregne
Bu gün olar paý alýar
Şatlyk bilen gülküden.
...Gülüň, gülüň, keýpden çykyň
Bu şadyýan ülkede.

Gülüň! Gülüň! Gülkiňizden
Gözleriňiz ýaşarsyn.
Siziň göwnüňize degsek,
Goý, agzymyz gyşarsyn.

Ýöne sizem ýarlarňyzyň
Degmäweriň göwnüne.
Erkekleň hem işi ýetik,
Sanjy bolmaň böwrüne.
-//- -//- -//-

Ýeke ses hakynda

Bu, elbetde, biziň üçin gülküli,
Ýöne şeýle zadyň bolanlygy hak.
“Aýal adammyşmy ýa-da dälmişmi?”
Diýen gün tertipli uly bir ýygnak
Bolanmyş bir çak.

Turupdyr şeýle bir uly galmagal,
Galmagal tasdanam ýazanmyş urşa:
Birisi diýipdir: “Beýle zat bolmaz!”
Biri: “Bolar!” diýip çykypdyr garşy.

Birisi sorapdyr: “Nämüçin bolmaz?”
Beýleki sorapdyr: “Nämüçin bolar?”
Gurhandan, injilden mysal getirip,
Üç gije, üç gündiz gepläpdir olar.

Ahyry bir Sesiň köplügi bilen
Aýalyň haýryna çözlüpdir sowal:
Adam hataryna geçipdir aýal...
Şol ýekeje Sesem bolmadyk bolsa,
Onda neneň-niçik aýylganç ykbal
Mynçgardyka seni, eý, sahujemal?

Ol Ses täleýiňi üýtgetmese-de,
Megerem, öňkiňe ýüz esse agyr
Dertlerden gorandyr... Şol ýeke Sese
Minnetdrlyk üçin ýazyldy şygyr.
-//- -//- -//-

Söýgi şerti.

Gözel gyzlar, juwan gyzlar
Gül ýüzli hoş-zyban gyzlar.
Bir rowaýat aýdyp berjek
Gadym, gadym zaman gyzlar.

Bolanmyşyn zyba peri
Dakynan eken tylla zeri
Ýöne welin ýaman ýeri
Oýnar eken ýigitleri.

Söýgi biziň ýolumyzda,
Gurlup goýlan sessiz gapan
Heý barmykan dostlar oňa
Düşmän sypan, aman sypan.
Söýgi atly şol gapana
Düşenmişin garyp çopan
Garyp çopan çöküp dyza
Diýenmişin zyba gyza:

Tä, habarymy alýançaň
Dönmerin gyz, dönmen yza
Isle ur ýa gapa gul et
Şonda-da dönmerin yza.

- Bir şertim bar synap görjek
Söýýänligiň çynyň bolsa
Şol minaradan özüň okla
Söýýänligiň çynyň bolsa.

Ol minara belent eken
Depesi baryp göge ýeten
Gözi bilen ölçäp ony
Ýylgyrypdyr garyp çopan.

Her ädimde yza garap,
Her ädimde gyza garap
Çopan gidýär – assa ýöräp.

Gyz begenip tapanyna,
Oýnamagyň çäresini,
“Hany bar, nädýärkä?”- diýip,
Iberipdir jorasyny.

Bir salymdan jorasy hem,
Ylgap gelýär sojap- haşlap,
- Ol-a eýýäm ölüp ýatyr
Minaradan özün taşlap....

Ol gyz ylgap baryp görse,
Çopan oglan läş bolupyr.
Urunsa-da eýläk-beýläk
Nätjek! Boljak iş bolupdyr.

Ol gyz hem özün oklapdyr,
Şol minaraň depesinden
Bular şeýdip dynypdyrlar
Bu dünýniň nepesinden.

Gözel gyzlar, juwan gyzlar
Gül ýüzli hoş-zyban gyzlar
Siziň gödek oýnuňyzdan
Aman-aman, aman gyzlar.

Baýramyňyz bilen!

Baýramyz bilen biziň ajaýyp gelin-gyzlarymyz!
Baýramyňyz gutly bolsun mähriban Eneler!

Menem gutlayan :) Mestana


Menem gutlayan :)

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Menem öz gezegimde gyzgyn

Menem öz gezegimde gyzgyn gutlaýan! :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

dashary yurtda yoren gyzlara

dashary yurtda yoren gyzlara 200 manat pul yok! ha ha!:D
Hormatly gelin-gyzlar, bayramynyz gutly bolsun. Allam hichimizem yylgyrmakdan, gulmekden ayyrmasyn! Aglasagam dine begenjimizden goz yash damsyn!

kalbynyz umytly, umytlarynyz

kalbynyz umytly, umytlarynyz atly, arzuwlarynyz ganatly, sacagynyz bereketli, mekanynyz tagly, durmushynyz bagtly bolsun! Bayramynyz gutly bolsun!
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

alyn menem joshayin:P

alyn menem joshayin:P
bashy Hemme dunya turkmenlerine sony bolsa Yaponiyadakylara bagyshlanyar:DD

Sekizinji martynyz
Gutly bolsun ezizler!!
Gerchekler yashayarka
Yilgirin siz henizler!!

Omur baky bagtynyz
Achyk bolsun ezizler!!
Ishlaris biz erkekler,
Gijeler hem gundizler!!

Yurekden gutlayarys
Uyalar hem Eneler!!
Shatlanyn siz hemishe,
Entek onde Seneler!!

Gutlap hemme Zenany
Jemlejekdim sozumi
Gutlaman Yaponlary
Aklamayin Ozumi:D

Yok yok, Yaponlar dal
Yaponiyan gyzlaryny
Yok olaram hasap dal
Bardaki turkmenleri) )

Yaponiyada yashayan
Turkmen gelin gyzlary
Sizin uchin yazyan men
Asyl gutlag sozleri;))

Shatlanyn, yilgirin siz!!
Begenin, guwanyn siz!!
Gownunize degilsede
Bildirtman yaranyn siz!!

7-sine gelip 8-nji mart

7-sine gelip 8-nji mart bilen gutlamak gyzyklam dal :P
Onler gijan yaryna chenli garasylardy, "birinji men gutlayin" diyip, 8-nji mart bolar bolmaz gutlanjak bolardy...Onunden gutlamak doredi, mertlik bozuldy etman how :D

Bayramynyz bilen gozel gelin-gyzlarymyz! Allajan sizi durmushyndan razy, guler yuzli, gorjegi govy gyzlaryn hataryna goshsun, seylelik bilen erkeklere-de ullakan 1 govulyk etdigi bolsun :D Ooooomyn.. :)

menem oz gezegimde hemme

menem oz gezegimde hemme gelin gyzlary gutlayan , bizing janymyz sag bolsun , goy hemishe turkmen yigitleimiz bizi bagtly etsin:D ongde birining yazyshy yaly Omyn

“Sana” Sen aydym ayt,

“Sana”
Sen aydym ayt, men dinlayin,
Sen deprek chal, tans oynayyn.
Yylgyrayyn her sozune,
Bakyp bilman sen gozune
Naz edeyin.
Yaz edeyin, saz edeyin gownun senin.
Soygim menin, soygim menin.

Guller bersen, guller berip,
Gulki bersen, gulki berin.
Gama batsan, aglaryn men.
Sen aglanyn anmayyn men.
Akyl-husha erkim gider.
Janym-ruhum elkin gider.

Sen aglama, sen gamlanma,
Agdyk bolmasyn aladan,
Sen aladan – men aladam
Sen aglasan, men chalajan.

Chagyr sen, ylgap barayyn,
Gollarym chyzgap barayyn,
Yzlaryn yzlap barayyn,
Tozlaryn ysgap barayyn.

Chagyr meni, chagyr meni,
Hyzmatyna hazirem men.
Chagyrmadyk chagyn meni,
Naderem men, naderem men?!

Lachyn Purjayeva
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "lachyn meng kone joram, bu goshgyny barde gorenime gaty begendim!!!"

shu gunler tmolympiad'da

shu gunler tmolympiad'da yakimli, suyji howa owusyar. sessizlik, rahatlyk, hich kim hich kim bilen gygyrshanok, hich kim flud edenok, gereksiz ya-da gynanchly tema achanok.

bizin durmushymyz bolsa hars-urup, iki yana chapip gezmek bilen gechyar. shu tmolympiadynky yali rahat bir durmushyn bolaysa...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Sagjabolun :))

Sagjabolun :))

Menem hemme gelin

Menem hemme gelin gyzlarymyzy gecen 8-nji mart bilen we onumuzdaki
nowruz/bahar bayramy bilen tuys yurekden gutlayan. Sizlere bagt, jan-saglyk,
ustunlik we soygi arzuw edyan.