Magtymguly hakynda

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Magtymguly söýüşipdirmi ýa-da ýok. Hakykaty bilesim gelýär!
Biz onuň köp goşgularyny ters düşünýäs! Mysal üçin, Käbirler Näme sen goşgysyny gyza bagyşlananmyka diýýärler.

Siziň pikiriňiz!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Magtymguly soyupdir. Yone

Magtymguly soyupdir. Yone yere kinosynda, goshgusynda Menlinin ady tutulmandyr ahrym.

Ilki bilen goşgyny şu

Ilki bilen goşgyny şu ýere goýsaň, ýatlatsaň gowy bolardy...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ine tapdym NÄME SEN Asla

Ine tapdym

NÄME SEN

Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!

Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,
Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,
Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň,
Ýa Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?!

Ýa müşkmi sen, ýa kokunar anbarmyň,
Aýda bilmen, ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derýamyň, ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa girdapmyň, ýa burgunmyň, näme sen?!

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ýa arşmy sen, ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa ýakutmyň, ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, ýa röwşenmiň, näme sen?!

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El götergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan,
Meý-mestmi sen, ýa şeýdamyň, näme sen?!

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hakykatdanam gaty çuňňur

Hakykatdanam gaty çuňňur goşgy. Gyza-ha bagyşlanan däl ýaly. Iň kän informasiýa berýäni soňky topbakmyka diýýän. Esasanam ine şu setiri
...
Jahan doly, sen gapyl sen ýaryňdan
...

Belki Alla Tagalla barada aýdandyr? Jahanyň her ýany Allanyň yzy bilen doly diýjek bolýamyka? Allanyň ýaradan mahluklary, Ony taryplaýan zatlar? Onsoňam, bilemok dogrumy, her ýaradylan eserinde Allanyň bir bölegi bar diýip eşitdim. Sorap görmeli, bilýän bolsa aýdaýsyn.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Name sen

Meniň bilşime görä "Näme Sen" ýa-ha Muhammet Pygambere(SAW) ýa-da Alla bagyşlanan bolmaly.
Onsoňam Muhammet Pygamberiň arkasynda meň bolupdyr. Şonuň üçinem oňa Meňli diýipdir diýen maglumatam bar.
Pygambere ola söýgilim diýip ýüzlenipdir öýdýän.

Onsoňam Magtymgula welilik berlen. Ol Molla işan bolan adam. Siz Bir molla pylan gyz söýüşipdir diýip eşitdiňizmi? Onda şol döwürde...

Jogap

Meniň bilşime görä "Näme Sen" ýa-ha Muhammet Pygambere(SAW) ýa-da Alla bagyşlanan bolmaly.
Onsoňam Muhammet Pygamberiň arkasynda meň bolupdyr. Şonuň üçinem oňa Meňli diýipdir diýen maglumatam bar.
Pygambere olar söýgilim diýip ýüzlenipdirler öýdýän.

Onsoňam Magtymgula welilik berlen. Ol Molla işan bolan adam. beýleki ýurtlarda oňa Magtymguly işan diýýäler. Siz Bir molla pylan gyz bilen söýüşipdir diýip eşitdiňizmi? Onda-da şol döwürde...

Men pikirimçe bu goşgy

Men pikirimçe bu goşgy Muhammet pygammere yazylan daldir.Sebabi:
"Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,"
Bu yerdaki seyitmin diyilen soz Muhammet pygammerin neslinden gelenlere diyilyan soz bolmaly yalnyshmayan bolsam.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

2 hepdedir kellamde

2 hepdedir kellamde pikirlenip yordum,hem Magtymguly,hem Kemine, hem Mehmet Akif barada birikdirip bir tema achmak. Sag bolsun achylypdyr. Men umumy manada aytsam hich shahyr hakynda resmi gozleg ishi gechirmedim yone men yuregimden chykan zatlary aydayin.

Magtymguly.
Bu shahyr Resulallah ashygy bolan her yerde Menli diyip hem zeyrenip hem sayrap(erbet manyda dal) gechen ve Menli hakynda yazan goshgylaryn dine sen kim, men seni gormedim yene yene diyip hem el yetirip bilmandigini aydypdyr hem waspyny taryplap gutaryp bilman gechipdir. Gyza ashyk bolan beyle bomayar. Dine Resulallaha ashyk bolan sheydip joshyar.

Eger bilyan bar bolsa gayrat edin shol menli kim bolan kimin gyzy bolan maglumatlar gabat gelen bolsanyz goyun men hakykatdan bilesim gelyar.

Kemine.

Olam garyp bolsada oz dowrunde Ishanlardan mollalardan erbet adamlardan zeyrenip yazan goshgylarynda yuregini agladyan setirleri bar. ozlerinin edip biljek galalary az bolanson olar halka fetwa bermek dalde dine goshgylarynda shol dowru zeyrenip wasp edipdirler. Her tarapdan halky kosansonlar ellerinde yeke yarag sheyle tasirli goshgylar yazmak bolupdyr.

Mehmet Akif

Buda Resulallah ashygy yone turkmen dalde turklerde yashan. Eysem turklerde osmanly yikilandan son adamlaryn yagdayin bizinkilerden beter bolupdyr. Chala yadyma dushyan seteri
Caniler ortalikta dolasiyor hani senin adaletin mi name sheyle manyda bir goshgy.

Bu setirler yada Keminanin goysa yagshy diyen goshgysyndaky setirler hamana diyersin olar Allaha garshy chykyp allahy sorag joagaba chekyan manyda yazylan yaly bolup gelyar emma olar zeyrenya. Biz dine okap bah yaman guychli goshgy diyip gechip bileris emma olaryn oz derejelerine gora ozleriche Allah bn bolan aragatnashyklaryna gora yazan olumsiz setirleri.

Shu Menli temasyndamy ya

Shu Menli temasyndamy ya bashga sebaplimi, edebiyatchylaryn arasynda kabirleri iki sany Magtymgulynyn barlygyny aytjak hem bolupdyr oydyan. Sebabi biri beyle Hudayhon molla bolsa, nadip ayal-gy barasynda, onsonam bashga kabir goshgylarynda azajyk ahunlary zatlary tankyt edip, bu dunyade keyp chekelin diyjek bolyar zat diyen manyda eshitdim oydyan.

Yone bir zada doly bilyan, iki sany Seydinin barlygyny aydyan edebiyatchylara 100% bar. Biri Zelili bilen dost bolup, gatnashan, a beylekisi urshup gechiren.

Bilemok bular na dereje dogry. Men edebiyat mugallymymyz Garyagdy mugallymdan eshidipdim oydyan...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.