"Trofimenko Prize" we "Brennie E. Hackley, Jr. Award" atly bayraklary alaydym oydyan

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hawa dostlar, yene-de bir begenchli gunlerin biri. Bizin uniwersitedimizin, U. of Delaware, himiya fakultedinin beryan in beyik bayragy - Skinner bayragyny alaydym oydyan. Entak resmileshdirilen habar chykmady, yone aydyshlaryna gora sheyle. Bayrak elbetde sertifikadyn yany pullyja gelyar, bilshime gora 2000-2500$ aralygynda bolmaly.

Habar doly resmi bolanson internetdaki habarlaryn linklerini yelmarin, nesip bolsa :)

Indi dalirap bellemage gideyin :D

EDIT: Bagyshlan, bu bayragyn netijeleri entek belli dal, alanym Trofimenko Prize atly bayrak ekeni. "Bary-yogy" $500 :D

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bayragyng gutly bolsun,

Bayragyng gutly bolsun, edyan zahmetlerinden hem Biribara we hem ynsanlara gowylyk getirsin diyip arzuw edyarin!
hormat bilen,
Sylap

tuwelem Bayram sena

tuwelem Bayram sena awardlary yignap bilyanow. sen bir muzey bormy yada sergi koshgi bormy shon yaly bir zat ach onson owadanja kabinetlerin ichinde okan yillrin dowamynda alan awardlaryny goyarsyn.Sen akademiany dowam etdirmani planlayanmy prof zat bolmakchymyn? Tm bilim ministrlik bolsun ya bolmasa bash ylmy edara bolsun sen bn contcata gechyarmi yada name etsen ozun uchin edyan diyip yorlermi???
Biraz shahsy boldy oydyan yone sen yaly akademikleri tmnin goldamayshy ichini yakyarda how.

Agam dogrusyny aytsam mekdep

Agam dogrusyny aytsam mekdep dowrunde alan kabir bayraklarymyn nirededigini bilemogam... Ya oydemi, ya bashga yerlerdemi, yitipdirmi, ya Genel Mudurlukdemi. Yone hakykatdanam, sholary yitirman saklasam, bir gowy yatlama bolardy...
Indi karyera temasynda, akademiyada galmak we prof bolmak gaty kyn Amerikada. Yakynda bir Amerikan professor ayal Amy Bishop (google'da habarlary taparsynyz) 3 professory atyp oldurdi, uchusinem yaralady. Yagny tenure-track process'i sheyle stressli, sheyle kyn we edil hazirki wagtda, onkulerdenem has agyr. Men ozum aslynda hazirem shu wagtky yashayish shertlerimi kyn goryan, yene edil shun yaly shertlerde ya belki hasam kyn shertlerde ~10-11 yil ishlasim gelyami bilemok. Alyan aylygyn bilimine we tejribane gora gaty az, edyan ishin gaty kan, netijesem ya ustunlikli we showly bolar, ya bolmaz, garantiya 0. Shon uchin edil hazir kellam bulam-bujar. Sapak bermegi halayan, ylmy ish etmegem halayan, yone yokardaky faktorlara gozumimi yumup bilemok.

Turkmenistandan, dowletden, kontakt hich hili yok. Bolsa ony hem goz onunde tutmaga tayyar, yone elbetde ish shertleri menin uchin wajyp faktor. Gaydyp barmak umuman bir idealym welin, bulam ansat dala. Anarda men gerekmi, kime gerek, oz ylmymy we tejribami ulanyp bilerinmi... Soraglar kan. Goreli Alla haysy yola salar. Mundan onem mena geljek durmushymy planlap hereket etmedim. Amerika gelmegem planlamokdym...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • islam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bayram sana maslahabat

Bayram sana maslahabat bermek mana dushmez velin sen in bolmadym diyende gidip ozuni bilim ministrligine tanatsan? Hich zat edip bilmeselerde seni bilip galsalar kim bilyar belki gulustanlyk bolar sen yalylary gozlap ugrarlar. Men pikirimche sen dine bilim ministirlik dal hatda gaz ve nebit ministriliginde training department zat bardyr sholara training berip bilersin. hany diyilyara think tank grupbalar diyilip. Bilyan bizde heniz yok yone sen meselem himiya ugrundan ministirliklere advise berip bilmersinmi name?

Agam şu geçen tomus Bilim

Agam şu geçen tomus Bilim Ministrlige bardym. Belki ters adamlary görendirin, ýöne gaýdyp ýene bir gezek barasym gelmedi.
Nebit-gaz we himiýa ministrliklerinden habar almadym, energetikadanam almadym. Ýokary okuw jaýlarynyň ikisinden habar aldym...
Bilýän, meň edenim bary-ýogy 2 gün aýlananym, emma barmysyňam diýýän ýok, Politden başga. Umuman, men olara bir tarapdan düşünýänem, her geleniň habaryny uly işgär alyp bilmeýän bolmagy mümkin, emma kadr gerek bolsa, hünärmen gerek bolsa, munyň ýola goýlan prosedurasy bolaýmaly. Kime nädip habar bermeli we kimden nädip habar almaly.

Garaz, gyzyklanýan ýok ýaly. Türkmenistana gitsem, firmalarda has amatly iş tapaýjagym ýaly bolup dur. Diňe bir aýlyk tarapdan däl, iş şertleri tarapdanam. Gaty oňaýsyz şertler...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram, salam. Nesip etsin

Bayram, salam. Nesip etsin bu bayragynam!
a shu wagt gysgacha aydaysan, bu bayraga name uchin seni sayladylar?

Ay umuman, edil shu bayrak

Ay umuman, edil shu bayrak himiya fakultedinde PhD edyan (turkmenche goni terjimesi yok - aspirantura bilen doktoranturan arasy bir zat) kandidatlaryn arasyndan saylanyar. Saylananda hemme zada kompleks seredyaler, yagny eden ylmy ishine we netijelerine, makalalaryna seredyaler. Onson bar bolsa, fakultedin ishlerine gatnashan bolsa aktiw shekilde, yanky sapak berende gowy beren bolsa we sh. m.

Her yil berilyar we bizin fakultedimizin beryan in uly bayragy. Gutaryp baryan PhD kandidada beryaler, menem nesip bolsa, indikisini beryanchaler, yagny 1 yilin ichinde gutarmakchy. Mundan bashga uniwersitedinem beryan bayraklary bar, on pul mukdary hasam yokary. Yone ony bizin fakultedimizden alan yok sonky 4 yilin ichinde, azyndan men bilemok. Alyanlar koplench social science fakultetlerinden bolyar.

Name uchin meni saylandyrlar diysem, esasan makala sany tasir edendir diyyan. Hazir 8 ylmy makalam bar. Onson proflar bilenem aram gowy ;)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gowy eken, hemme zada uzak

Gowy eken, hemme zada uzak mohletde edip gelyan ishine seredip saylasalar. Netijeler ustunlikli bolan bayragy alsa, edil shol wagt gatnashyp kop tejribe gazanmak hem gowy.

requirements'lere proflar bilen aran saz bolsun' diyen yerinem goshsan kem dal-da onda :)

Ýok, soňky sözlemiň

Ýok, soňky sözlemiň elbetde dogry däl. Kagyzda diňe edilen işleriňe seredýäler. Ýöne dünýäniň ýagdaýyny senem bilýäň, menem. 100% obýektiwlige garaşýaňmy şu dünýäden?

Meň bilen ýaryşýanlaryň arasynda Amerikan gyzlaram bar, esasanam Keýt diýen biri. Bärde "aýallary ylymda goldamak" (women in science are encouraged) ýaly programma bar, onsoň olar senden sähel-mähel pesräk iş edenem bolsa, baýragy bermekleri mümkin. Şoň üçin adam adam bolýar, proflar oturyp karar berende ses berişlik. Iki kandidat ýakyn bolsa, içine şahsy simpatiýa girmegi gaty mümkin. Şoň üçin aýdýan "prof'larym bilenem aram gowy". Ýöne elbetde munyň täsiriniň bolanlygy fakt däl, men doly bilemok.

Baýrak üçin ýeňiji saýlaňda ýene bir kyn ýeri bar. Himiýa bir ugur ýaly welin, onuň içindäki ugurlaram bar we netije alyş wagtlary gaty üýtgeşik. Diýeli meň 8 makalam bar, ýöne biohimiýadan kandidat PhD alanda 1 makalasy bolsa begenýä, 2 makalasy bolsa uçýa. Olarda bir proýekti gutarmak 3-4 ýyly alýa, olam bagty çüwse. Şoň üçin saýlanlarynda gaty köp faktorlary kellede saklamaly.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

sonky sozlem joke'di.

sonky sozlem joke'di. elbetde kagyzda edilen ishe serediler. Ol ishler bolsa ansat dal.

Hmm... men bu gün poçtadan

Hmm... men bu gün poçtadan hat aldym, açyp görsem, Associate Chairman of Department of Chemistry'den ekeni. Meni "Trofimenko Memorial Prize" atly baýragy alanlygym bilen gutlaýar. Baýrak sintetiki organiki däl himiýada üstünlik alan PhD kandidatlaryna berilýär we sertifikadyň ýany bilen $500 hem berýäler.

Bu elbetde begençli we hiç hili garaşylmadyk habar. Emma indi muny eşidip ýeňsämi gaşap başladym... Skinner'i alman şuny alaýdymmykam? Dogrusyny aýtsam, Skinner baýragy has almak isleýän. Hawa, $2500 elbetde gowja-ha bolardy... :D

Bilemok bu hata begenmelimi gynanmaly. Ertir professordan soraýyn, bu ol maňa "baýragy aldyň" diýende haýsy baýragy göz öňünde tutdyka?! Ýa ikisinemmi-kä? :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram, blogun bashky

Bayram, blogunda bashky yazgynyn ashagynda "telpek berildi" gosha goshadan chykypdyr. oz yazgyndan galan zady pozsan ayrylar.

Sag bol aydanyn uchin! A

Sag bol aydanyn uchin!

A woobshe, men shu temany update edibereyinle, inshallah Skinner Award'y hem May toweregi alaryn :)

Yene bir update, "Outstanding Researcher" diyen bayragy alypdyryn, muny duyn aytdylar. Geljek hepde resmi gowshuryalar, shondan son detallaryny, pul mukdaryny we sh. m. shu yere yazaryn. Web'de habar bolup chyksa, linkinem goyaryn. Beh... gaty gowy bayrakly 2-3 ay boldula ;D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Umuman, bu temalaryn manysy

Umuman, bu temalaryn manysy bashgalary hem hyjuwlandyrmak. Nesip bolsa, okan biri hyjuwlanar.

Brennie E. Hackley, Jr. Award, ine yokarda adyny bilman "outstanding researcher" diyenim, atly bayragy hem alandygymy aytdylar. Sertifikadyn yanynda $2000 pul hem berjekler. Shunlyk bilen, Trofimenko'dan aljak $500 hem goshsam, 2 bayrak we $2500 bolyar, inshallah.

Beh... men bashda Skinner atly bayragy alandyryn oytdum ($2500), ony dal, 2 bayrak we yene shoncha puly alan ekenim :) Gaty begendiriji :D

Nesip bolsa, May gelende, Skinner'i hem alayadyryn. Alla berse beriberyar ekeni...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram Postdoc ucin CA garasyas

Bayram menem gutlayan. Ozum
Cal state Northridge senior
physical chem. de.
Post doc ucin CA gelmekci dalmi?
barde gowy okuwlar bar.

Islerinde ustunlik arzuw edyan

Shu tomus nesip bolsa 1

Shu tomus nesip bolsa 1 hepde yaly summer school'a barjak enshallah. UC Davis'de boljak oydyan.

A PostDoc, ideal yagdayda, National Lab'lerin birinde edesim gelyar. Eger ol bolmasa, onda akademiyadan PostDoc goz onunde tutarynda...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gutlysh Bayram. Sana

Gutlysh Bayram. Sana aylyk-maylygam gerek dal tuveleme, bayraklar bilenem ikijiginiz yasarsynyz arkayin :D

Aslynda şu tema habar

Aslynda şu tema habar ýazmaga giripdim. Hakykatdanam Hackley baýragyny şu gün gowşurdylar. Umumy bahasy $2000 ekeni, ýöne gynandyran zady ýarysy özüme, ýarysam okuw-iş çykdaýjylaryna ekeni. Ýagny ýarysy professora gidýär maňa aýlyk tölemegi üçin. Men aýlygy tagam alýana :D Ýöne indi $1000 oň grantyndan däl, uniwerden aldygym bolýar.

Maňa berlen $1000'ňam $300 salgyt edip saklap galypdyr döwlet, bank hasabyma ýatjagy "bary-ýogy" $700. $2000'lyk baýrak ýaman çalt 1/3ine öwrüläýdi :D Ýöne salgyda alanlaryny artyk alypdyrlar, forma dolduryp ibersem, köp bölegini yzyna alyp bilýän.

Borda, husyt bolmaýyn diýýän, ýöne $2000 barada eşidemsoň, eýýäm oň planyny edip ýördüm :D
Ehh... ýene bir 1-2 lükgüje baýrak bolaýsa... =)

Elhamdulillah, Allajana şükür, berende berýär :D Ýagyp dur, garaşmadyk ýerlerden :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hackley Award barada webde

Hackley Award barada webde habar
Bayram Saparov Named Recipient of Second Brennie E. Hackley, Jr. Award for Excellence in Research
http://www.udel.edu/chem/news_1.html
Sachym uzyn wagtydyr, indi kicheltdim :D (Habar ashagrakdadyr)

Bu gunem, yanyjak Trofimenko Prize'y gowshurdylar. Web'e suratym we habar chykanda nesip bolsa linkini goyaryn. Bayrak $500 chek bilen gelyar, onam dowlet nalog diyip $150 alyp galypdyr :(
Yone indiki yil nalog uchin forma dolduramda yzyna kop bolegini alaryn nesip bolsa. Shu wagtlykcha $350 hem az dal :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hemme dannylarynam

Hemme dannylarynam yazaypdyrlara :) Esasan Turkmenistanly diylip yazylmagy buysandyrya..
"Howri köp bolsun" diyilyami?

Hawa, shey diyilyar.

Hawa, shey diyilyar. Omyn.

Aslynda surada tekiz dushup bilemogay. Bahanalar bir gapdala, owadan oglan daldigimi kabul etmelilay :D Owadan adam nahili dushse-de gelship dur, men 10 suratdan birinde gowy dushyana :D

Birem ona chykaryp sowgady gowshurmankalar tanadanlarynda yaman bir hili bolyan. Berde goyberda, uzyn wagtlap tanatsalar name etjegimi bilemok, yasama yilgirip dursan uzyn wagt dali yaly, onson nira seretjegimi bilemok. Tanadyanamy, oturanlaramy... shol bir nokada seretsenem bir hili.

Borda... sowgat almagam ansat dal :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Haha, gorkunch bolmasan

Haha, gorkunch bolmasan bolyalay, owadanlyk hokmanmy? :D
Tanadanlarynda tanadyana seretmek, gurleyan kishini dinlemek has oñayly bolaymasa.. Dash toweregine seredip durmaga birhili.

telpegingiz gaty kan bolany

telpegingiz gaty kan bolany ucin beremok, 5 telpeklik habar yone:):)

Dogry edyan, kolleksiyamda

Dogry edyan, kolleksiyamda telpek kan :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Umuman bir gizlinrak

Umuman bir gizlinrak maglumatam bereyin yene barde. Alla nesip etse, men yene bir bayrak alyan shu tomusda :)

Barde hokman begenchli habary yazaryn. Yone hazir resmi bolmanson, garashayin diyyan :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

tuweleme

Tuweleme Bayram aga,höwrü köp bolsun.
linki gordum we gaty begendimay.Esasanam "native of turkmenistan" diyyan yerine:) Özüm alan yaly bolup gitdim.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

:) Nesip bolsa. Dogrymy

:) Nesip bolsa. Dogrymy aytsam begenyan.. O bayragam pullymy? :D

Aý kim bilýä, ýöne pul

Aý kim bilýä, ýöne pul bolmasa-da bir zada bardyr diýýän. Pul kän hökmanam däl, rezýume goýar ýaly bolsa bolýalaý.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bir gynanchly habara geldi

Bir gynanchly habara geldi shu gun. Men Skinner Award'y almandyryn, olam $2500 pul bilen gelyan bayrak. Beh... dogrymy aytsam, kan gynanmadym, sebabi eyyam ep-esli bayrak aldym.

Almadygymyn sebabi men fakultedin beryan bar bayraklaryny aldym, dine Skinner'i almadym. Onson prof'lar pikir edendirler "ay hemmesini shol bir adama bermalin" diyip. Men aslynda onunden shuna garashyadym, indi bu gunem netijesi belli boldy. Aslynda professorym menden gatyrak gynandy, "bayrak sadaka dal paylap garyba ya pesrak yagdaydaka berer yaly, kim adalat boyuncha almaly bolsa, kim shona mynasyp bolsa almaly bar bayragy alanam bolsa" diyip bir gorsem menden has gaharly :D

Ol alan oglan shu wagta chenli bir bayragam almadyk, hich bayraga hem hodurlenmedik ekeni, hatda hich kim tananogam ekeni. On alanyna gaty hayran galan proflar bar. Dogrusyny aytsam, menem tanamok ol oglany, yone gynanamok. Her bayragy almaly diyen kanun yok.

Ine nesip bolsa shu tomusda bir bayragyn netijesi bolyar, shony alan bolayadyryn. Sebabi bayrak halkara bayrak, abrayi uly. Allajan komek et!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gynandym. Name bolsada

Gynandym. Name bolsada adalat gerek.
Tomusdakyny bir beyle biderek sebapler bn bermezlik etmezlez enşalla we bayragy alarsynyz..

Bayraklar umuman karyera

Bayraklar umuman karyera uchin wajyp, yone yanynda gelyan pulam gowy, adamy howeslendiryarem, motiwasiya beygelya.

Umumy manyda aydamda, tomusdaky bayragy almagym gaty kyn bolar, sebabi himiyan hemme ugry boyuncha, dunya boyuncha. Onson biohimiya zat shu wagt has bir kan uns berilyan ugur, eger gowy 1-2 biohimik bilen yaryshmaly bolsam, onda goni almayan :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Siz hem şona gora

Siz hem şona gora tayyarlanarsynyzda way :) Kopurak işleseniz we ynamynyzy yitirmeseniz alarsynyz diyip pikir edyan.
Ansatjak zat edip goydummy? :D