Turkmen dilinde Mesihi TV programma satelitde efire chykdy!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

DiRİ SÖZLER

Bir saat gündüz ve bir saat akşam saatlerinde olmak üzere 18 Ocak Pazartesi gününden itibaren türkmence dilinde olan yeni programımıza başlıyoruz.
Diri Sözler adlı programımızda İsa Mesih’in sözünden vaazlar veriliyor ve tabiki bu güzel program türkmence ilahilerle süsleniyor.

18 Ocak Pazartesi günü yayın saatleri:
Türkiye saati ile sabah saat 6:00-7:00 arası
Türkmenistan saati ile sabah saat 9:00-10:00 arası

Türkiye saati ile akşam saat 17:00-18:00 arası
Türkmenistan saati ile akşam saat 20:00-21:00 arası

Haftanın diğer günleri için yayın saatlerini buraya www.kanalhayat.org tıklyarak görüntüleyebilirsiniz.
İyi seyirler!Satellite arkaly ine shu maglumatlar arkaly gorup bolyar:
Kanal Hayat
Hotbird 7A 13.0º Doğu
11411 Ghz Yatay
27,500 Sembol/Saniye
5/6 Fec

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Açdym kanaly, bir türkçe

Açdym kanaly, bir türkçe gepleşik gidip dur. Bir aksakally boýny krestli ýaşuly gepläp otyr,,, Ol şeýle diýýär: "Musulmanlar Taňrynyň kitaby Injiliň üýtgedilenligini aýtýarlar" diýýär we diline geleni aýdyp garşy çykýar!

Ýöne, näçe sany üýtgeşik injil bar! Hemmesi bir meňzeşmi, ýeri birmeňzeş bolsa, onça üýtgeşik kitap nämä gerekli? Gynandyrjy we Gülkinç!!!....

p.s. Ak sakally daýy ýanynada bir negr daýzany alyp Muslmanlaň üstünden güljek bolýarlar... Kanalyň özüňe nesip etsin! Wi meň bir soragym bar, Kanal Radio açmak üçin puly nireden alýaňyz? Siziň finansoryňyz kim? We näme üçin pul berýä size?


Maru Şahu Jahan

ceriumoxide Injil bir sany

ceriumoxide Injil bir sany chunki Inil bu Isa Mesihing Ozudir, emma shol Isa Mesihi gorup we ony dinlap ony yazga gechirenler 4 sany shayatlardyr. Ine, bu sebapden Matta, Luka, Markus we Yahyanyng yazga gechirendigi uchin olaryng adyny goteryar. Olaryng gurrung edyani shol bir zat yagny Isa Mesihing dunya gokden gelen Halasgardigidir!

Kuranyng yazga gechirilishinden bir habarlymy sen?

Kanal we Radiony men achamok, yone iman edyanler Isa MEsihing buyruk berishi yaly Hosh Habaryng ahli milletlere yayramagy uchin ozlerining serishdelerini bu uchin beryarler.yanlere hem shol imanlylar yardam edyarler.
Indi menden sorag, islamchylar islamy kitaplar uchin, radio yada websiteler uchin, turkler yaly mekdep gurmakdan, durli yurtlardan getirip Turkiede yada bashga yerde okuwa getirip olara jay berip, stipendiya bermegine puly nireden alyarlar?

Biza senden alyandyrlar

Biza senden alyandyrlar oytduk, sen olary hristiyan etmek uchin beryan pullaryndan...Ya beyle dalmi asyl ? Paheyt, nache yillap bizi aldap gezipdirlerow... :D

İnjiller...

İnjiller 4 sany dal-de 4 den köp diyyanler bar. İnjillerin sany sonra 4-e düşürilipdir.

birem hristiyanlyk ronesans döwründe kökli reforma geçiryar.

meselem ronesans döwrüne çenli bar bolan İNDULGENSİYA(nyrhyny tölanin eline "seni günalerinden sapladyk we sen jennetlik!" diyen hat berilyardi) ronesans döwründe togtadylyar. yagny ronesans döwründe indulgensiya taryha gömülyar.

şu indulgensiya taryh dersinde-de gabat gelipdik.

mowzuk bilen bagy bolmasa-da yazayjak: in köne injillerin biri hazir TSK(türk silahlı kuvvetler-türk yaragly güyçleri)nyn elinde çykdy diyip yazdylar medyada. Çykan yeri-de Kozmik Oda(yerine yetiryan funksiyasyna göra dernelse SYRLAR OTAGy diyilse yeridir.)

__________________

put on a happy face

poahf. şony menem eşitdim,

poahf. şony menem eşitdim, hatda Dan Brown indiki kitabynda şol barada ýazjakmyşyn... Bilemok dogrymy ýa ýalňyş, ýöne şol injilde Ysa-dan soň iň soňky pygamberiň geljegi hem aýdylypdyr


Maru Şahu Jahan

Dost original Injil diňe

Dost original Injil diňe bir sany çünki Injil diýmek Hoş Habar diýmek Hoş Habar hem Isa Mesihdir. Şol Isa Mesih barada hem Onuň dört sany şägirdi ýazga geçiripdir! Bular taryhy faktlardyr. Birnäçe ýüz ýyllar geçenden soňra käbir adamlar Isa Mesih barada ýazmaga çalyşypdyrlar emma olaryň ýazgylary hakykata ýakyn bolmandygy üçin ýagny taryh boýunça Isa MEsihiň döwürdeşleriniň ýagny şägirtleriniň gören we eşiden zatlaryny ýazanlaryna laýyk bolmandygy üçin olar kabul edilmeýär. Gyzykly tarapy şol soňky ýüzýyllyklarda hatda Isa MEsihden soňra bir müň üç ýüz ýyldan soňra hem Isa Mesih barada Injil diýip ýazmaga çalyşanlar bolupdyr, muňa mysal edip Barnabasyň Injili diýip tanalýan Injili mysal edip aýtsa bolar. Barnabasyň Injili gelip 13-14 asyrlarda ýazylyp ýazylyş usuly boýunça Europada ýaşap geçen musulman alymy tarapyndan Kurandaky ýazylanlara golaý getirilip ýazylmaga çalyşylandygyny alymlar tassyklaýarlar. Muňa meňzeş Injiller dünýäde ýok bolup gitmedi, bu sebäpden olary original dört Injil bilen deňeşdirilip okalyp öwrenip bolýar we haýsysynyň hakykatdygyny taryhy, ylahy we ýuridiki esaslarda bilip bolýär.
Şonuň üçin ýokardaky aýdyp geçen zatlaryň hakykaty üýtgetmeýär!

Gapma-garşylyk

diplomat wrote:

Dost original Injil diňe bir sany çünki... bu sebäpden olary original dört Injil bilen deňeşdirilip...

Dost ýazýan zatlaryňy özüň okaýamyň soňundan ýa soňuny getirýänçäň başynda näme ýazanyňy unudyp goýberýämiň? Maňa jogap ýazyp otyrma barybir okamaryn.Diňe indiki gezek okyjylaryňy ynandyrmak üçin has dykkatly ýazmagyňy maslahat berýän.

Agajan eger meniň ähli

Agajan eger meniň ähli ýazanlarymdan gelip çykýan logikany yzýarlasaň, meniň diýjek bolýanyma düşünersiň! Injil bu Hoş Habar, Hoş Habar hem Isa Mesihdir! Ine bu sebäpden Injil bir sany bolýar, Isa Mesihi görüp we eşidenleriň dördüsi şol Injili ýazga geçiripdirler!
Indi belki düşünikli bolandyr!

İndulgensiya...

Diplomat ildeş şu indulgensiya dogrydanym barmydy ortasyrlarda ya-da toslamadan ybaratmy?

gysgaça agzap geçseng gaty hoşal bolardym... men dine taryh kitaplarynda gabat gelipdim.
(has hem ronesans taryhynda)

__________________

put on a happy face

Indulgence taglymaty ilki

Indulgence taglymaty ilki bilen Injile esaslanmadyk ýalan taglymatdyr. Onuň hristian dünýäsinde ýüze çykmagy, hristianlygyň resmileşdirilmegi we kilisäniň syýasylaşdyrylmagynyň netijesinde emele geldi. Şeýle resmileşdirmegiň başlanmagy bolsa biziň eramyzyň 3-4 asyrlaryndan başlanypdyr. Bu diýildigi bütin meshiler resmileşdi diýildigi däldir. Şol resmileşip başlan wagtynda hem muňa garşy bolan köp mesihi toparlar bolupdyr we resmi kiliseden daşarda bolup Mukaddes Ýazgylara esaslanyp iman ýoluny alyp barypdyrlar. Emma resmileşen kilise uly bolup elinde syýasy güýji bolupdyr we munuň netijesinde hem Mukaddes Ýazgylarda bar bolan hakyky taglymatlaryň daşynda adam tarapyndan döredilen däp-dessurlar emele gelipdir. Wagtyň geçmegi bilen köp däp-dessurlar şol dolandyryjy toparyň islegine we peýdasyna laýyk hyzmat edipdir we bu üçin döredilipdir. Indulgense taglymaty hem munuň esasynda döräp gelip 6-njy asyrda käbir derejede ösdürilipdir, ýöne iň köp ösdürilen döwri bolsa 10 asyrdan başlap Katoliki kilisesi tarapyndan 14 asyra çenlidir. Bu taglymat Katolik kilisesiniň bu günler hem käbir derejede ulanýan taglymatydyr. Muňa meňzeş däp-dessurlara garşy bolan Isa Mesihe hak ýüzünden Injiliň esasynda ynanýan mesihiler olara garşy asyrlaryň jümmüşinde göreşip gelipdirler we olaryň köpüsi şeýle edendigi üçin şol resmi ýygnaklar tarapyndan yzarlanypdyr we öldürilipdirler. Şol bar bolan garşylyk gelip 1500 ýyllarda has möwç alypdyr we reformator we hatda özi hem Katolik kilisesiniň içinde bolan nemes Matin Luther tarapyndan döredilen hereketiň netijesinde uly özgerlişikler girizilipdir. Munuň netijesinde şol döwürlerden başlap köpçülik tarapyndan hakykata düşünip başlapdyrlar. Bu bolsa Mukaddes ýazgylaryň dürli halklaryň dillerine terjime edilmeginiň we köpçüligiň olary okap öwrenip bilmeginiň we Lutheriň, Kalwiniň we başgada ylahy alymlaryň Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündirip ýazan kitaplarynyň öwrenilmegi bilen bu protestantizm hereketi ösüpdir. Şondan başlap Europada we soňra başga ýerlerde reformasia geçip başlapdyr we köpçülikleýin hak taglymatlara ýakynlaşypdyrlar!
Bu maglumatlar peýdaly bolandyr diýip umyt edýän!

Diplomat sen turk

Diplomat sen turk mekdeplerinin nahili fund edilyanini bilesin gelyarmi, Ine sana mysal bereyin. Hany Turkmenlerde bilyana birine Huday yoly bermek ya sadaka bermek bara ona shol zatlar Islamdan gelyar. Shol sebapli Turk mekdeplerem Islama ynanyan adamlar sadaka beryar. Jogap yuregine junk edip dushdimi? YOK gerek. Problema sende bolaymasyn eger yok diyyan bolsan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin agam! Berekella!"

Diplomat Musulmanlary gowy

Diplomat Musulmanlary gowy göryanmi yada hristiyanlary haysy gözüne has amatly görünyar.Bilmek isleyarin.
-----------------------------------------------------------------------------------------
ilim ilim bilmektir
ilim kendini bilmektir
sen kendini bilmezsen
ya nice okumaktır

Doguz ildesh men adamlary

Doguz ildesh men adamlary dine degişlidigi ýada milletine seredip, reňkine seredip dälde ynsanlygy üçin gowy görýän. Ondan başgada şol ynsanyň hakykaty nähili kabul edýändigi, adalaty nähili beýan edip ýerine ýetirýändiginiň esasynda ol adamyň nähilidigine baha berýän!
saglygyň

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Hormatly Diplomat yhlasyn üçin. Arman irmeyanligin üçin..."