XXI asyryň haçly ýörişleri

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Belki siziň hem habaryňyz bardyr, Amerikan goşunynyň ulanýan ýaraglarynda injilden aýatlara salgylandyrylan kodlar tapyldy. Ýaraglaryň öndürijisi Trijicon firmasy hem bu ýagdaýy kabul etdi, we "kanuna garşy däl" diýdi.

Ýaraglarda ýazylan kodlara mysal:

JN8:12 - John 8-nji bölüm, 12-nji aýat.
Ol aýatde şeýle diýilýär: İsa Mesih olara şeýle diýdi "Men dünýäniň nury, meniň ýolumdan ýöränler asla garaňkyda galmazlar".

Başgada, amerikaň öňki ganhor prezidentiniň bir gepinde "haçly ýörişi" diýenini bilýäris. We Dick Cheney atly ganhoryň prezidente günlük berýän raportlarynyň başyny injilden aýatlar bilen başlanlygy hem bilinýän zat!
Owganystana demokratiýanyň gelmänligi, gaýta has beter bolanlygy, Saud arabystanly usame bin laden atly ganhoryň maşgalasynyň, buş atly ganhorayň maşgalasy bilen bile işleşýänligi (iş partneri) hem "fahrenheit 911" dokumental filminde bellenip geçildi. Onsoňam taliban atly yslam duşmany terror guramasynyň hem, bir waglar amerikanlaryň sssr-e garşy döredenligini herkim bilýär.
Ýene bir fakt, Yrakda ýadernyý ýaraglaryň çykmanlygy...
Youtube käbir wideolary seretdim, we meniň kellämde 9/11-de WTC we Pentagon-y kakan uçarlar barada sorag alamatlary geldi? Olar barada giňişleýin ýazyp oturjak däl, ýöne gysgajyk aýtsam, pentagony uçaryň kakdy diýýän ýerleri kän uçar kakana meňzänok, WTC-e kakan uçar hem US Military uçarlaryna meňzeýär, we uçaryň aşagynda nämälim jisim bar (youtubeden gözledip göräýiň özüňiz)...

Ýeri bular näme etjek bolýarlar?

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Feya 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "habarlarda okapdym!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bu diyyanlering Isa Mesih we

Bu diyyanlering Isa Mesih we Injil bilen dahyllygy barmy?

Arap döwletlerindäki

Arap döwletlerindäki terroristleri yslam dini bilen baglanşygy bolmaýşy ýaly bularyň hem baglanşygy ýokdyr. Ýöne yslamy terrorizm edip görkeziljek bolnşy ýaly bular hem özleriçe bir mision alyp barýarlar... Kapyrlar!!!


Maru Şahu Jahan

Ceruimoxide, sening

Ceruimoxide, sening pikirinche radikal islamchylar aslynda yokmy...we olaryng imanynyng esasy Kurana esaslanmadykmy? Onda name uchin dunyaning 10% koprak musulmanlary radikal islam ideyalaryny goldayarlar. Ondan bashgada name uchin galan 90% shol radikal islamchy hereketleri we guramalary yazgaryp chykysh edenok? Eger islam olary yazgaryan bolsa, name uchin olar kocheleri dolduryp, yada hemme yerde achykdan achyk olara garshy chykysh edenoklar? Bashga yagdaylarda kochelere chykyp garshylyk gorkezyarler, emma radikalchylara garshy sheyle etmeyarler!
Belki radikalchy islamistlering Kurandan we hadithlerden shol pikirlerine we hereketlerine esaslary bardyr, bu sebapden beyleki musulmanlar olara zat diyip bilenoklardyr!?
Ondan bashgada radikallar ozleri yaly bolmadyklary yazgaryarlara we siz dunyaning sistemasyna gulak asyarsynyz diyip olara garshy chykyarlar!
Eger bulara jogap berip bilseng gowy bolardy!

Seret gahryman, meň üçin

Seret gahryman, meň üçin radikal yslamçy diýip zat ýok, ol kapyrlaň oýlap tapan zady, hatda öz döreden zatlary diýsegem ýersiz bolmaz.
Dininiň şertlerini doly ýerine ýetirýänler bar, olar Allanyň aýdyşy ýaly gan dökenoklar, goňşysyny bimaza edenoklar, goňşysyny talap, ýalaňaç goýup soňam 1 döwüm çörege din satanoklar. Ýöne siziň "radikal yslamçy" diýip döreden termin we toparyňyzda beýle däl, olar yslamyň şertlerini ýerine ýetirenoklar, şolar namazam okaýandyr öýdemok menä, olaryň boýnuna dakylan wezipe, agzalalyk çykarmaly, agzalalygy bolsa Ysa pygamberiň adyny ulanyp, haramçylyk edip günä gazanýan haramzadalar, ýagny özleri aýtmyşlaýyn "Ysanyň esgerleri" gelip halas etmeli, agzlalygy bes edip parahatçylyk döretmeli...

Ýeri bulara Yslam älemi näme üçin batly ses çykaranok... myhmanym geldi, agşam ýazaryn


Maru Şahu Jahan

Ceriumoxide, natdinay muny

Ceriumoxide, natdinay muny bar zady yok dimesene, radikal islamchy kapyrlaryng oylap tapan zady diyip! Name onda Iranyng yzarlayan Islamy hem kapyrlaryng tapanymy, Saud Arabystanyng yzarlayan islamy hem kapyrlaryng oylap tapanymy, talibanlaryng yzarlayan islamy hem kapyrlaryng tapanymy, pakistanda kopchuluk halkyng yzarlayan radikal yslamy hem kapyrlaryng oylap tapanymy? Bolyar talibanlar we shona menzeshler kapyrlaryng oylap tapany bolsa, name uchin onlarcha yyllap afgan halkyna ezyet beren talibanlary yazgaryp birje musulman hem chykysh etmedi, kochelere chykyp olary yazgaryp musulman dunyasinde adalatlylygy talap etmediler, yada musulman yurtlary birleship olaryng garshysyna urush yglan edip ezyet chekyan afghan halkyny halas etmediler!? Yada Iranyng radikal islamchylaryng elinde ezyet chekyandigine name uchin musulman dunyasi zat diymeyar? Ol koche chykyp adalaty talap edyan halky zorlap oldurip, basyp yatyryan turkmelere salyan rejiming garshysyna birje hem musulman topary garshy chykanok yada yazgaranok?
Yada radikal yslamchylaryng durli yurtlarda biguna adamlary bomba yaryp olduryandigine garshy chykysh edip yoran musulmanlary gormedim! Eger olar yslamyng arassa adyna ysnat getiryan bolsa name uchin olar butin islam dunyasinde achykdan achyk yazgarylanok!?
Men bulary dinini garalamak uchin aydamok, bular barada sening dushunjani bilmek uchin we dogry pikirlenmegini gazanmak uchin sorayaryn!

ýaşuly. terror

ýaşuly. terror toparlarynyň atlaryna yslam sözüni seň täze garyndaşlaryň goşýar, olar musulman däl... Olary döredip beýgelden hem seň täze garyndaşlaň! Taliban, Amerikaň işi, bin laden, amerikaň işi,,,, Eýrany şu hala getiren Şahy goldanlar iňlis kapyrlar, Saddamy arşa galdyranlar, ýene se täze kapyr garyndaşlaň... Mergeniňem aşakda aýdyşy ýaly, seň ýazgylaryňa jogap ýazjak bolup irdim, seň ýazgyşlaň gaýta gahar döretýä adamlarda, eger sen imanly bolsaň, başlyklaryňa aýt, maňa berýän puluňyzy halallap bilemok, intek ýeke adamam öz watanyna duşman edip bilmedim, şoň üçin meň aýlygymy kesiň diý :))) offf içim sowaýdaýý,,, hudaýa şükür :))))


Maru Şahu Jahan

ceriumoxide, olara yslam

ceriumoxide, olara yslam sözüni kimdir biri berenok dost, olaryň özleri edýän işlerini islamyň ady bilen edýändigini aýdyp dursa näme, diňe bir aýtmak bilen çäklenmän edýänlerini Kuranyň we Hadisiň öwredýänleridigini hak islamy berjäý edýändigini aýdyp edýän bolsa nätjek! Özüň oýlanyp gör, şol terror edýän we goldaýan adamlar bizi kapyrlar döretdi we biz olaryň maksadyna gulluke edýäris diýýärmi. Munuň tersine Osama-Bin-Laden hatda moderate musulmanlaryň hem kümiri bolup ýörä. Eger ol amerikanlaryň adamy bolsa, näme üçin musulman dünýäsinde oňa bolan hormat uly?! Eýrany şu hala getiren Şahy goldanlar bolsa, onda Şahyň agdarylmagyna ýol bererdilermi, elbetde ýok, Eýrany şu hala getiren şu günki gün eýranyň halkyna ezýet berýän radikal islamçylar. Gözüňi aç hakykata, hakykat ajy degýändir, bar problemanyň ady bilen aýdyp ýazgarmagy başar. Edilen nädogry zatlarda günäkär adamlaryň özlerini günäkärlemegiň deregine, başga birini günäkärlemekden gaça durjak bol. Ondan başgada kapyrlar diýip sen Isa MEsihe ynanýanlara aýdýan bolsaň, onda diýýänleriň hakynda oýlanyp gör. Belki-de dogrudyr, islam Isa Mesihe ynanýanlara hem yahudilere hem kapyr diýip duşman görýän bolmaly onda. Eger beýle bolmasa onda kapyr kimlere diýilýändigini düşündiräý!
Töhmet atmakdan gorksaň gowy bolar, çünki men hiç kimi hem watanyna duşman etmek üçin bu zatlary aýdamok. Edilýän gürrüňleri syýasylaşdyrma, eger meniň diýýänlerim nädogry bolsa faktlar bilen muny subut et, eger dogry zady aýdýan bolsam onda dogry diýmegi başar!
saglygyň!

yslam älemi näme üçin

yslam älemi näme üçin garşu çykanok... zalymlar güýçli bolýandyr hernä, ilki şony belläýin, onsoň şu wagt dünýäň iň güýçliler, şol zalym kapyrlar yslam dünýäsiniň garşy çykmagyny islänok, ýeri muny nädip etýäler... palestin we yrakda bolýanlara syn sal, blackwater-iň yrakda edenleri, yslam äleminde kapyrlara ýigrenç döretmäge ýetýär, abu garip türmesinde edilen kapyrçylyklar, ýeterlik ýigrenji döretmäge ýetýär. Onsoňam Alla tagallanyň, adam etjek bolup müňläp pygamberler ugradan halky, Ezraýylogullry, şol kapyrlaryň Palestinde etýän zalymçylygy, maksatlanan ýigrenji döretmäge ýetýär,,, onsoň yslam älemi hem şol kapyrlara garşy çykýansyran bolýan, şol kapyrlaň gullaryny özlerine ýakyn saýýalar... senden bir zat sorajak! Hudaý saklasyn, bular ýaly mysal beresim gelenok, ýöne bolýan hakykat şular. Biri gelip maşgalaňy gyrsa, çagalaryňy öldürse, gyz doganyňy, gelniňi zorlasa, jaýyňy ýyksa,,, seň içiňde ar almak hyýaly döremezmi???


Maru Şahu Jahan

Ýene bir zat aýdaýyn,

Ýene bir zat aýdaýyn, turkiýada näçe ýyllap bigünä adamlaryň ganyny döken, kapyrlaryň goldawy bilen turkiýany, garym-gatym eden Terrorist lider A. Öcalan atly kapyrguly tutsag edilende, Amerika şony öldürtmejek bolup balagyny açdy. We şol kapyrguly integem Turkiýaň başyna bela bolup ýör. Ýeri Kapyrlar nätýär, asýar, kesýär, tok berýär.... haramlar.

Ýene bir zat, içimde galmasyn... Amerika Vietnam, Yrak, Owganystan,,,, (sanasaň sogaby bar) urşa girende ýüz müňläp bigünä adamlary öldürýär, ýeri Turkiýa hem yraga girdi, şonda ýeke bi güna adam öldümi????

Serbiýaň Bosniýada, Albaniýa Kosowada, Srebrenitsada bolanlar hem ýadymyzdan çykanok heniz


Maru Şahu Jahan

Seret nähili ideologiýaň

Seret nähili ideologiýaň guludygyňy ýazgylaryň görkezýär. Türkiýäniň kurtler bilen bolan problemasyny hem başgalary günäkärleýärsiň. Munuň tersine bu problema kurtler bilen türkleriň problemasy diýip göreňok, çünki kürtlere hatda öz ene dilinde mekdep açyp öz medeniýetini we dilini saklamaga garşy çykan türkler özleriniň ezilmegine garşy çykan halkyň edýänlerini Amerikanlary ýada başga halklary günäkärleýärler.Kurtleriň özleriniň Türkiýe bilen uruş alyp barmagynyň sebäpleri bar, ideologiýasy bar. Bu hemmelere belli zat. Sen kurtlere kapyrlar diýýärmiň, olar özüne musulman diýip ýör! Ha belki sizde siziň pikiriňizi goldamaýanlaryň hemmesine kapyrlar diýilýän bolmaly onda?!

Amerika Wiýetnama urşa girmezden öň müňlerçe adam, komunist rejim tarapyndan öldürildi, amerika wiýetnamdan çykandan soň hem komunistler müňlerçe adamlary öldürdiler, komunistleriň eden-etdiligini saklamak üçin amerika urşa girdi, emma öz ýurdynyň içinden bolan basyş netijesinde uruşdan çykdy. Bolýar uruşdan çykandan soň Wiýetnam gowy boldymy, ýok bu uruş ýagny komunistler Laosy hem eline aldylar, ol ýurtlarda gan dökmegini, we halkyň duşmanlaryny ýagny öz-özüni gyrmagyny dowam etdirdiler. Men bu zatlary diýmek bilen Amerikanyň şu wagta çenli edenleriniň dogrydygyny tassyklamok, ýöne bar bolan uruşlaryň esasyndaky zatlara obýektiw seretmäge çalyşýan.
Yragy alyp göreliň, Amerika gelip Saddamyň rejimini ýykýança yragyň halky gowy ýaşaýardymy, ýada müňlerçe adamlar öldürilip, türmelerde çüýredimi, diňe bu däl, Sadam başga halklaryň üstüne çozmak bilen öz musulman doganlaryny öldürdi. Owganystan barasynda näme Talibanlar gelip on ýyllap afgan halkyna islamyň adyndan ezýet berdiler, müňlerçe adamlary dardan asylyp, daşlanyp öldürildi, näçe adamlar türmelerde ezýet çekdi. Diňe bu bilen hem çäklenmän, bütin dünýäde terror etmegi öwrenýän radikalçylaryň bazasyna öwürdiler Owganistany. Bu bolýan zatlara hiç kim sesini çykarmaýardy. Musulman dünýäsi gul ýaly bolup aragatnaşyk saklaýardy olar bilen.
Serbiýa, Albaniýada bolan zatlary hem oýlanyp görseň Amerika ýada UN goşunlary olara ýardam edip uruşy ýatyrýança ol ýerde öz aralarynda uruş turupdy. Amerikanyň ýada başga uruşa gatnaşan ýurdyň eden nädogrulyklary bar we ýene-de bolup biler emma bu diýdigi bar bolan dünýädäki problemalary diňe şolar günäkär däl!
Bu sebäpden her bir ýagdaýy aýratyn öwrenip her bir meselä dogry çemeleşmeli uçdan tutma hemme zatda bir tarapy günäkärlemeli däl!

bah, shu zatlara uns

bah, shu zatlara uns beripsiniz tuweleme! men asyl kellamede gelenokdy.

Gynandyryan tarapy Afgan

Gynandyryan tarapy Afgan polisiyalarynyn shol yaraglary alyp biguna Muslumanlary oldurmegi.

Menin pikirimçe radikal

Menin pikirimçe radikal yslamçylyk diylen zat dinimizde yokdur.Hakyky yslam barmyka diyyan.Radikal yslamçylyk pikiri we ideasy hristiyan we yahudi sumak döwletler tarapyndan yslamy garalamak we yok etmek esasyna göra yörite döredilen zat myka diyjek bolyan.Hristiyanlaryn we yahudilerin ysalam garşy görübilmezçiliği halem dowam edyar.Meselem musulmanlary ynanmayanlary zorlap eline yarag alyp zor bilen yslama sokmak yaly zatlar bilen günakarleyarler.Yöne özlerinin edyanine bolsa biz o döwlete "medeniyet" getirjek bolyas,adamçylyk getirjek bolyas yaly yalan yaşryk ündewler bilen yslam döwletine çozup,baylyklaryny emip otyrlar.Onson sen öz hakyny goramak üçin namysyn üçin duşmanlara gaytawul bermegem "terrorçylyk" bolya gynansagam.

yslam ne elinden ne dilinden başgalaryna zyayan bermemezligi ündeyan din bolup hakyky yslamy sahabalar ondan sonam tabiinler yaşap geçipdirler.Hatta o döwürde hristiyanlar hem musulmanlaryn şeyle mylayym,ynamdar adamlardygyny kabul edip müsülmanlaryn özlerini hemişe edara etmegini kliselerde doga edipdirler.

Yöne hazir hristiyan dünyasi yslamyn şeyle uly dindiğini kabul etmejek bolup herhili zatlar etjek bolyarlar.Zeleli yok edyanleri boşuna...
---------------------------------------------------------------------------------------------------
ilim ilim bilmektir
ilim kendini bilmektir
sen kendini bilmezsen
ya nice okumaktır

Doguz düşünjäň

Doguz düşünjäň düýbünden hakykata ýakyn gelmeýär! Gynansakda, taryhy faktlara we bu günki bar bolan anyk zatlary kimdir biriniň üstüne ýüklejek bolýaň. Şeýle radikal pikirli adamlaryň bardygyny ret etjek bolýarsyň, bu bolsa görünip duran zada ýok diýmek bolýar. Hatda dünýädäki musulman liderleri hem şeýle adamlaryň bardygyny aýdýarlar, sen bolsa radikal islam hristianlaryň oýlap tapan zatlary diýjek bolýarsyň. Onda dünýäniň dürli künjeginde uruş alyp barýan we günde diýen bigünä adamlary öldürýän özleriniň hem radikal islamçydygyny aýdyp guwanýan, eden işleriniň hem hak islamdygyny aýdýanlar näme. Olar diňe şeýle etmek bilen çäklenmän, başgalary hem ideologiýa bilen öz hataryna goşýarlar. Saud Arabystanyň mekdeplerinde bolsa şeýle radikal islam, ýagny islam adyndan jihad alyp barmak we dünýädäki hristianlar we ewreýler duşman olary ýok etmeli diýilen ideologia kiçijik çagalara öwredileýär. Bu diňe Saud Arabystanda däl, ähli arab döwletlerinde şeýle.Diňe arab döwletlerinde däl, Iranda hem, Indoneziýada hem, käbir demirgazyk Afrika döwletlerinde hem şeýle. Olar öwredýänleriň Kurana we Hadithlere esaslanýandygyny aýdyp nygtaýarlara. Ine bu sebäpden olara garşy bolan musulmanlar olara zat diýip bilmän, "ýok radikal islam ýok...beýle adamlar diňe hristianlaryň döreden zady..." diýip esassyz zatlary aýdýarlar.

Ýöne näme diýeniňde-de hakykat hakykatlygyna galýar!
Çykan guni etegiň bilen ýapyp bilmersiň!

Oglanlar, turkler "Akyl var,

Oglanlar, turkler "Akyl var, mantyk var" diyyyaler, menem size turkmence menzeshiragini diyyan "Akylynyz bar, hushynyz bar", name uchin shol 1 mowzuga ustunden shuncha yil gechmegine garamazdan shol bir zatlary aylap dolap yazyanyz ? Diplomadyn nesihatlarynyn aktual galmagy uchinmi ? Serdar, gormedinmi shuncha yilin ichinde uytgan zadyn barmy ya-da yokdygyny ? Taze agzalar yazsa dusunjegem welin, sen entagem yazyp yorshune hayran...Barde 1 hristiyana jogap berenin bilen yokarda kosenyandigini yazan musulmanlaryna peydan yok, dine 1 hristiyana yene islanini berdigin, yagny "bol, nesihat et bize" diydigin bolar. Gordun, goyjak adam dal, wagtyny isrip etdigin bolmazmy beydip her yazanyna jogap berip yorsen ?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Tema boyuncha, Sylap dogry

Tema boyuncha, Sylap umuman dogry aydyar. Hristiyanlygyn adyna shuncha adamy oldurip, churkap yoren kan, emma bu elbetde Hristiyanlaryn barynyn edil sheyle pikirdedigini, ya-da Hristiyanlygyn shony undeyandigini anladanok. Amerikada musulmanlar "Muslims are not ideal, but Islam is" diyyaler, we elbetde Hristiyanlardanam sheyle diyyanleri bar.

Bir adam oz dininin erbedi emir edyandigini boynuna alasy yok, sebabi eger sheyledigine ynansa, ol eyyam ol dini terk ederdi. Monoteist dinlerin bary bir Alladan gelyar, we elbetde Alla gozel we gowy zatlary adamlara borch etdi. Arasynda erbetlik giren we giryan bolsa, muna dineje adamlar sebap. Biz eysem Hristiyanlyk barada shony aydamyzokmy? Yagny on hak din bolup, son adamlaryn uytgedendigine? Yagny Rim Imperiasynyn kop zat goshandygyna, yagny Papa we yenanin oylanyp tapylandygyna, yagny Christmas we Santa Klausun tapylandygyna, yagny 4 uytgeshik Injilin peyda bolandygyny, yagny indulgensiyanyn we inkwizisiyanyn oylanyp tapylandygyna?

Shonun uchin elbetde butin bir dini, ya-da shol dinin agzalaryny, bir bolek adamyn gunasi uchin yamanlap bilmeris. Goyun ol 3 milliard adamlyk dini, bir adam oz atasynyn, oz doganynyn, oz gonshysynyn edeni uchin hem jogapkar dal. "Her goyuny oz ayagyndan asmaly".
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Yone beyleki tarapdan

Yone beyleki tarapdan Sylabyn yalnyshyan yeri bar. Olam ine shu yerde: dunya boyuncha, esasanam Demirgazyk Amerikada we Yewropada, kabir radikallaryn edyani sebapli butin Yslam we musulmanlar gunakarlenyar. Bu ayan zat we inkar etmek mumkin dal. Edil shol sebapli Shweysariya we Fransiya eyyam ynsan hukuklaryna ters gelyan kanunlary konstitusiyalaryna girizip bashladylar...

Sylap hem Hristiyan hokmunde dushunmeli, eger musulmanlar hem Yewropeyleri we Amerikanlary, umuman Hristiyan adamlaryn etmishlerini umumylashdyrsa, dunya nahili bolardy? Hristiyanlaram durman gan dokup dur, 5 manat pul diyip yarym dunyani gul yaly ishledyaler. Mundan on asyrlap koloniyaly boldylar, gan sordylar, Jahan urushlaryny bashlatdylar, Hachly yorish, yagny din adyna sowesh etdiler, adam gyrdylar. Munyn yaly fakt asyrlar boyi doly. Onson eger musulmanlaram umumylashdyrsa, dunya nahili bolar? Adamlar onushmaly, ylalashmaly, dialogda bolmaly. Dushunishse bolar adam adam bolsa! Hazir musulman dowletleri ejiz, emma diyeli musulman dowletleri Yewropeylerin we Amerikanlaryn edyanini etse, yurtlaryndan kowsalar we oz tebigy baylyklaryny bermeseler, ganlaryny sordurtmasalar, Yewropa we Amerika, hokmany suratda bahana tapyp urush achar. Muny edyanler Hristiyanlarmy, ya gozi ach ateistlermi, ya imperialist we globalistlermi, ya kapitalistlermi Alla bilsin!

Ichinde Bush we Cheney yaly ozuni Hristiyan goryanlerem bar. Edil musulman radikallaryn ozuni Yslamdan gorushi yaly...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yadamadyngyzmayyyy, yada

yadamadyngyzmayyyy, yada ur$alyngmy?

Hormatly Diplomat Bu Yazgyny Senin Üçin Yazyaryn!

Hormatly Diplomat yazanlaryny okadym we senin yslam dinini bilmeyanligine göz yetirdim. Munda elbetde biz musulman(!)laryn dinimizden yrak yaşamagymyzyn we musulman bolmayanlara-da dinimizi tanatmakdan ejiz galşymyzyn hem payi bar.

Sen özüne musulman diyip(aslynda duygy, düşünje we gündelik durmuşlary musulmançylygyn yakynyndan hem geçenok!) adam öldüryan terrorçylary yazgarmak yerine gönüden göni bilmeyan yslam yny yazgarmaga yüz uryan we bu düybinden nadogry hereket. Senin ynanjyn beyle herekede nadip milt etdiryar(mençe etdirmeyandir) olam ayry mesele.

Yogsa-da atalarymyz "Adam bilmeyanine duşmandyr"-y yöne yere diymedik bolmaly.

Hormatly Diplomat bu yerde sana düşyan zat yslam hakynda söz açmazdan önürti (dinini unudan biwepa musulmanlara garamazdan) yslamy hakyky çeşmelerinden öwrenmek...

mana bolsa hristiyanlygy öwrenmek ya-da bilyanjelerime göra yazmak düşyar.

İldeş sen yokarda yaraglaryn üstündaki injil ayatlarynyn İsa Mesih we İnjil bilen name dahly bar diyip reaksiya görkezipsin... gaty dogry, hiç dahly yok.

Bir din, has hem ylahy din asla jan almagyn tarapdary bolup bilmez.

Emma indi menem yüzlenesim gelyar:

Gurhan we Hadislardan yrak yaşayan garakçylaryn etmişlerinin bir ynsany öldürmegi bütin ynsanlygy öldürmage barabardiymek bilen adam öldürmage düypgöter garşy bolan Yslama name dahly bar?

Hz.Muhammet(a.s) ymmatyna "Size iki miras(Gurhan-y Kerim we Hadyslar) goyyaryn, eger olara makam yapyşsanyz hiç haçan ayak astyna düşmersiniz" diyyar.

Ynha sana yslamy öwrenmek üçin yol hormatly ildeş... Gurhan we Hadys.

Sen biz yaly dilde musulman, kalbda we amalda musulmandan başga herzat bolan adamlara garap yslamiyeti derneme, yogsam beytmek bilen boşa wagt harjarsyn we yslamdan başga herzady öwrenersin, hem uly yalnyş göyberersin. Şol sebapli biz yaly dini bilen amal etman dinine dönüklik we biwepalylyk edenlere hiç üns berme.

Meselani jemlejek bolsak;
Dünyade Yslam we ona eyerenlerin yoly birdir: Gurhan we Hadys.

Bu yerde Gurhan we Hadys birbirinden ayry iki yolmyka öytme. Hadys Hz.Pygamberin amallarynyn we öwütlerinin jemidir, we Gurhanyn praktikadaky in kamil haly we hakyky musulman profilidyr.

Hazirki zamanda medyada görülyan radikal yslamistler, fundamentalist yslam, pan-yslamist we ş.m... ahlisi şol injil ayatlaryny yaraglaryn üstüne yazdyran ganhorlaryn çowluklary bolan medya baronlarynyn öne süren we süryan teoriyalaryndan ybarat.

Ganhorlara eden etmişlerini aklamak üçin, özlerini goramakdan ejiz we yoluny yitiren bir potensiyal günakar gereklidi. Olam biz, yagny musulmanlar. İçimizdaki dininin talaplaryndan we prinsiplaryndan düybünden bihabarlar bolsa ganhorlaryn peşkasyna öwrüldi.

Ganhorlaryn kimdigini-de özün gowy bilyandirsin. Olar asyrlar boyi hristiyanlyk adyna adam öldürip yurt yikyp yörler. Olar hem herna hristiyanlyk adyna diyselerem, senem in yokarda diyşin yaly hristiyançylyk bilen hiçbir dahly yok. Ganhorlaryn yeketak maksady dünyani eyelemek we keyplerine göra döwran sürmek. İndi şu nukday nazardan hristiyanlar terrorçydyr we bu terror hem gözbaşyny hristiyan dininden alyar ya-da bu terrorizme hristiyan dini sebap bolyar diysem menem yalnyşaryn.
Bu yerde Hristiyan we Musulmanlar dinleri bilen bilelikde ganhorlaryn guran oyunlarynda gurbanlyk hökmüne geçyar.

Taryh muna şayatdyr, döwür üytgese-de adam adam bolup galyar we ol adam her döwürde etjegini etyar.

Bu yerde asyl wezipe, pikir yöretyan we wakalara bitarap garamagy başaryan musulman we hristiyanlara düşyar. We bu wezipani amala aşyrmak bolsa özara diyalog gurmakdan geçyar.

Onsyzam sana Gurhan we Hadyslary agtaran wagtyn yokardaky radikal yslamist yaly teoriyalara Yslamda yer bolmadygyna açaçan göz yetirmek pursady dogar.

Men bolsa İnjilde Haçly yörişlere yer yokdygyna göz yetirerin.

Yazgymy sonuna çenli okanyn üçin minnetdar Hormatly Diplomat.
__________________

put on a happy face

Poahf ildeş beren

Poahf ildeş beren jogaplaryň üçin we pikiriň üçin minnetdar!

Quote:

Sen özüne musulman diyip(aslynda duygy, düşünje we gündelik durmuşlary musulmançylygyn yakynyndan hem geçenok!) adam öldüryan terrorçylary yazgarmak yerine gönüden göni bilmeyan yslam yny yazgarmaga yüz uryan we bu düybinden nadogry hereket. Senin ynanjyn beyle herekede nadip milt etdiryar(mençe etdirmeyandir) olam ayry mesele.

Men adam öldürýän terrorçylary hiç haçan hem goldamok we hemişede ýazgardym we ýazgarýan! Beýle adamlary islam adyny göterýänler däl, hristian adyny ýada ateist adyny ýada milletçi tapawudy şeýle adama zorluk edip, adalatsyzlyk edýänleri, bigünä adamlary bilip durup öldürmegi dogry hasaplaýanlary ýazgararyn!

Quote:

ormatly Diplomat bu yerde sana düşyan zat yslam hakynda söz açmazdan önürti (dinini unudan biwepa musulmanlara garamazdan) yslamy hakyky çeşmelerinden öwrenmek..

Men yslam hakynda yslamyň çeşmelerinden öwrendim ýagny KUrandan we hadislerden. Iň erbet tarapy bolsa, radikal islamçylaryň edýän hereketlerini Kurana we hadislere baglanyşdyryp we özleriniň praktika edýän islamynyň yslam pygamber Muhammediň öwreden we ýerine ýetiren yslamygyny nygtamaklarydyr! Ine bu sebäpden hem hatda morerate musulmanlary hem tankytlaýandygydyr. Yslam ady bilen jihad alyp barmagyň Kuranda we hadislerde gabat gelýändigi we Muhammet we onuň ilkinji halyflary tarapyndan hem ýerine ýetirilendigi yslamyň taryhynda mälim bolan zatlardyr!
Hawa din adyny ulany erbet maksat üçin zorluk edenler her bir dinde hem bolan, emma olaryň edenleriniň esasynda şol dinleriň original taglymaty durýärmy ýada ýok diýen sorag berilmelidir. Mysal üçin haçly ýörişler Injilde we Isa MEsihiň taglymatynda esas tapýarmy, Isa MEsihiň we onuň şägirtleriniň durmuşyndan esas tapýarmy. Elbetde ýok!
Emma munuň tersine radikal yslamçylaryň talaplary we bu günki hereketleriniň esasyna Kurandan we hadislerden aýatlar bar we munuň üstesinede Muhammediň we onuň şahadalarynyň durmuşynda hem olara esaslar bar!

Quote:

Bu yerde Gurhan we Hadys birbirinden ayry iki yolmyka öytme. Hadys Hz.Pygamberin amallarynyn we öwütlerinin jemidir, we Gurhanyn praktikadaky in kamil haly we hakyky musulman profilidyr.
Hazirki zamanda medyada görülyan radikal yslamistler, fundamentalist yslam, pan-yslamist we ş.m... ahlisi şol injil ayatlaryny yaraglaryn üstüne yazdyran ganhorlaryn çowluklary bolan medya baronlarynyn öne süren we süryan teoriyalaryndan ybarat.

Ine şu pikir hem nädogry düşünje, ýagny radikalçylar aslynda ýok we islamda hiç haçan bolmandyr, olary diňe "mediýa baronlaryň....we ýene ýeneleriň" döreden zady we tapan zady diýen düşünje...
Eger yslamyň taryhyny onuň dörän gününden yzarlanyňda, zorluklar, gan dökülmeler, yslama boýun etmek üçin edilen ýörişler taryhyň ýüzünde dolup ýatyr we olaryň esasy Kuran we hadislerde esaslanan, emma bulary görmezlige salmak bolsa obýektiw oýlanmazlyk bolýar.
Seniň ýokarda "radikalçylar ýok, yslam ady bilen zorluklar ulanylmandyr... bu bir toslama...diýmegiň deregine eger üns beren bolsaň, men mesihilik ýurtlaryň taryhynda Isa Mesihiň adyny ulanyp öz syýasy we şahsy bähbidi üçin edilen zorluklary, ýörişleri ýazgardym we Isa Mesihiň taglymatyna laýyk gelmedik hökmünde aýdyp tassykladym. We şol ýörişleriň we edilen erbetlikleriň esasynyň nireden gelendigini düşündirmäge çälyşdym. Sen bolsa bar bolan problemany başga biriniň üstüne ýükleýäň,...yslamyň bu günki problemasy hristianlaryň, ewreýleriň, ýada ateistleriň oýlap tapan zatlary edip görkezmäge çalyşýärsyň....aslynda alyp görüp yslamy başyndan bu güne çenli yzarlasaň we öwrenseň bolsa seniň diýýänleriň tersi subut bolýär! Meniň maslahatym...problemanyň esasynyň başga biriniň üstüne ýüklenmegi we musulmanlaryň ünsüni başga ýere sowmak maksady bilen alnyp barylýan propoganda ýol bermän problemanyň köküni anyklamaga çalyşmak zerurdyr!
Isleseň şol yslamyň ady bilen ýörişleriň we jihadyň öňe sürülendigi baradaky Kurandan aýatlary we hadisde düş gelen düşündirişleri men bu taýda saňa goýup bilerin we olaryň üstünde gürrüňdeşlik alyp bararys!?
Islemeseň hem özüň olary gözläp öwrenip bilersiň!

Quote:

Bu yerde asyl wezipe, pikir yöretyan we wakalara bitarap garamagy başaryan musulman we hristiyanlara düşyar. We bu wezipani amala aşyrmak bolsa özara diyalog gurmakdan geçyar.

Gadyrly dost ine şu aýdanlaryňy ýerine ýetirip doly obýektiw dialog alyp bararsyň diýip umyt edýän!
hormat bilen,
diplomat

Jihad hakynda... Uly we kiçi jihad...

Hormatly Dilomat göryan welin sen yslamdaky jihad düşünjesine yalnyş düşünipsin ya-da senin bilyan jihadyn dine medyanyn hödürlemelerinden we dine ady musulman bolanlaryn etmişlerinden ybarat.

Yazanlaryndan gözbaş alynsa, sana göra jihad dine yarag ullanmak arkaly amala aşyrylyar.

Emma welin bu düybinden nadogry. Elbetde yarag ullanmak hem yerinde wajyp halatlary bolyar emma asyl jihad adamoglynyn haram nebsine garşy alyp baryan göreşinden ybarat.

Meselem günlerden birgün Hz.Muhammet(a.s) egindeşleri bilen bilelikde bir yörişden gaydyp gelyarkaler, yanyndakylaryna yüzlenip :"Biz kiçi jihady amala aşyrdyk, indi gezek uly jihadda." diyyar. Sahabalary Hz.Pygamberden uly jihad namedir diyip soranda Hz.Pygamber jogap hökmünde :"Uly jihad nebse garşy bolan göreşdir" diyyar.

Kiçi jihadyn namedigi belli we duşman abanan wagty, bela sowulyança gysga wagtlayina amala aşyrylyar.
Emma uly jihad welin bütin durmuşymyzy gurşap alyar . Uly jihad adamoglynyn yetginjek yaşyndan başlap mazara çenli bolan aralygy öz üçine alyar we yoly az iyip az yatmakdan, az geplap köp pikir yöretmekden, haramdan gaça durup, bilimde we ybadatda kamillige ermekden geçyar. Ynha adyndanam belli bolşy yaly yöne yere uly jihad diyilmandir.

Bugün musulmanlaryn asyl meselesi uly jihady yagny haram nebislerine garşy bolan göreşi unudandyklary bolup duryar. Munyn hem asyl sebabi musulmanlaryn Yaradandan uzak galmagyndan göz başlar. Musulmanlar Yaradandan uzak galanlary sebapli Alla Tagala-da bendelerine nebslerini unutdyrdy, bu babatda Gurhanda agzalyar.

Nebisleri unutdyrylan musulmanlar bolsa herwagt zamanasyndan yza galdy. Özlerini hiç tazelemediler, zamana göra eyermediler. Döwrün talaplaryna hiç haçan göz yetirip bilmediler. Meselem döwür bilim döwri, tehnologiya döwri diylende gulak asmadylar. Jahyllygy yeglediler.

Hz.Muhammet(a.s) yene bir Hadisynda :"İki güni bir menzeş bolan ziyandadyr" diyyar. Bu hadisy açyp otursak şüphesiz, adamoglynyn herwagt dünyewilik we ruhanylyk adyna özüni tazelemegini, her geçen gün taze birzatlar öwrenip gözyetimini gineltmegini ündeyar.

Yene-de boyun bolmadyklara yslamda zorlama bar diyipsin, gaty yalnyş...

Hz.Muhammet yene bir beyanlarynda :"Menden sonra halyfat(halyflyk) dine otuz yil sürer, ondan sonra soltanlyga öwrüler" diyyar. Bu otuz yil bolsa Dört çariyarlaryn(Ebu Bekir, Omar, Osman we ALy(r.a)) emir bolan wagtlaryny öz içine alyar. Olardan sonrasy bolsa herkime malim. Döwlet başyna geçen Omeyadlar we Abbasitler dinastiyalary asyl funsiyalaryny unutdylar we eden etgilige baş goşdylar.

Yokardaky iki dinastiya döwründe eden etgilik şeyle bir dereja welin olar Hz.Muhammedin züryatlaryny Hz.Hasan we Hüseyini we garyndaşlaryny kerbelada gylyçdan geçirdiler. Hat-da bu wakanyn boljakdygyny Hz.Pygamber ölmanka aydyp geçyar.

Hz.Muhammet we dört çariyar döwründe jeng güni agaç kesmage-de narazy bolan goşunlaryn
yerini Hz.Pygamberin züryatlaryna el yetirjek dereja yeten esgerler alyar.

İndi bu zorlama jan almakdan hat-da agaç kesmekden gaça duryan yslamdan gelyar diymek haysi wyjdana sygyar. Bu zorlama we gaddarlyk nebisleri unutdyrylanlaryn elinden çykyar.

Hormatly diplomat göryan welin sen hazirem yslamy Gurhan we Hadislardan dernemek yerine adamlaryn etmişlerine göra derneyarsin. Bu haysi wyjdana sygyar bilemok welin menin wyjdanymda muna yer yok.

__________________

put on a happy face

Hormatly Poahf, ine bu

Hormatly Poahf, ine bu yokardaky dushundirishing onki dushundirishlerinden has obyektiw oylanma bilen we problemalaryng asylyna seretmage chalyshylyp berilen jogaplardyr!

Hawa Jihada baradaky dushunjelering hem Kurandan we Hadisden yagny yslam pygamberi Muhammeding durmushyndan owrenilen dushunje. Yone shol bir hatarda jihadyng iki dushunjede ulanandygyny aydyp, yagny "dushmana garshy urush, sowesh" we "adamyng ichindaki gunali hasiyetine garshy bolan goresh"digini dogry bellapsing.
Bu barada emning dushunmeyan zadym bolsa "dushmana garshy jihad" alyp barmak we munung sheyle goreshing Muhammet we onung halyflary tarapyndan alnyp barylandygy emma Isa Mesihing taglymatynyng we Onung shagirtlerining taglymatynyng we durmush alyp barshynyng we Hosh Habary wagyz etmekde ulanan yolunyng tersi bolan yagday bilen Islam wagyz edilipdir we dunya yayradylypdyr. Hawa Yslamyng parahatchylykly wagyz edilen dowri hem bolupdyr, bu dine gapma-garshylyk gorkezilman yagdaynda sheyle bolupdyr, emma garshylyk gorkezilen wagtynda bolsa gylych bilen, haybat bilen boyun edilipdirler. Sheyle yorishler Muhammeding oz yashan dowrunde hem, ilkinji halyflaryng dowrunde hem bolupdyr.
Name uchin Isa Mesihing we onung shagirtlerining soygi we ozuni Huday yoluna gurban getirmek yolunyng tersi Muhammet we onung shagirtleri tarapynda berjay edilipdir we shol adamlaryng ozleri yuzlerce belkide munlerche gan dokupdirler yada dokulmegine yol beripdirler? Name uchin Isa Mesih we onung shagirtleri Hudayng yoluny syyasy bir hereket hokmunde gorman yada ygtyyarlyga eye bolmak maksadyny ulanmandyrlar, emma Muhammet we onung halyflary bolsa yslamy syaysy hakimyet beriji guych hokmunde ulanypdyrlar?
Bular hakynda pikirleringi aytsang gowy bolardy!

yagshy arzuwlar bilen,
diplomat

Yslamda zorlama yok...

Hormatly ildeş yokarda birnaçe sowal sorapdyrsyn welin haysindan başlajagymy bilemok. Şol sanda yalnyş maglumat bermekden hem çekinyan. Sebap diysen ne din taryhy okadym ne-de ylahiyat bölümini gutardym. Yene-de aram aram okanjalarymdan birzatlar yazmaga synanyşjak.

İlki bilen şuny bellap geçesim gelyar. yokardaky kabir sowallarda prejudice açaçan göze batyar we sowallar maglumat soramakdan beter duzak maksatly gönükdirilen yaly görünyar. Bu bolsa senin diyan obyektifligin bilen uzakdan yakyndan arasy yok. Meselem Hz.Muhammet we sahabalary boyun bolmadyklara gylyç we haybat ullanypdyr diyipsin welin düybinden nadogry. Üstesine hiçbir mysal hem bermansin. bu dine bir mysal. Dogrysyny aytsam bu hili hereketler meni ynjydyşy yaly beylekileri-de ynjytyandyr. Emma muna garamazdan özümçe jogaplamaga synanyşjak.

Bu sowala in amatly jogap, Hz.Muhammet(a.s) durmyşyndan berlermika diyyarin. Şol sebapli hem Hz.Pygamberin durmyşyndan gysgaça wakalar agtarmaga synanyşjak.

Yslamda hiç haçan iman etmedige garşy zor ullanylmady. Hz.Muhammet we Sahabalary döwründe hiç haçan yaragsyza, goragsyza garşy yarag ullanylmady. Yarag dine duşman gapa söyenende we howp abanan wagty ullanyldy. Hat-da söweşlerden önürti elmydama duşmana parahatçylyk teklip edilmegi-de musulmanlaryn adatlaryndan bolup duryar. Bu hem yslamyn talaplaryndan.

Muna in uly mysal Mekke şaherinin fethi(musulmanlaryn şaheri eyelemegi)dir. Müşrikler(Putperestler) bilen musulmalaryn arasynda baglanyşylan Hudeybiye şertnamasynyn müşrikler tarapyn bozulmagy bilen, musulmanlar dört bir tarapdan iman edenleri kömege çagyrmak bilen Mekge şaherini eyelemage karar kyldylar.

Bu çaka çenli san we güyç taydan herwagt güyçli bolan müşriklerdi emma hazir welin yagday tersine öwrülipdi. Musulmanlar bolsa Hudeybiye şertnamasynyn bozulmagy bilen ön çykarylyp kowlan watanlaryna gaydyp barmak isleyardiler.

Musulmanlaryn san taydan güyçlidiklerine göz yetiren müşrikler bolsa musulmanlaryn parahatçylyk teklibini kabul etdiler we Mekge şaherini hiç garşylyksyz şaherlerini musulmanlara gaydyp berdiler.

Şeyle yagdayda müşrikler Hz.Muhammed(a.s)in özlerinden geçmişdaki etmişleri üçin ar almagyna garaşyarka, Hz.Pygamber yslamy kabul eden etmedik herkime aman berdi, hiçbir gapyny zorlatmady, talançylyk bolmady we in esasysy-da herkime wyjdan erkini berdi.

Bu müşrikler üçin öran garaşylmadyk yagdaydy. Çünki müşrikler yslamyn dogyşy bilen bilelikde iman edenlere Mekgani zyndana öwrüpdiler. Gyzgyn gumyn üstine yatyryp agyr daşlaryn astynda ezip tüssa tutdylar, dinlerinden dandirmek üçin gözlerini önünde maşgalalaryny öldürdiler, ybadat eden wagtlary kellelerine öldürülen mallaryn iç goşlaryny goydylar, köpçülik bolup huşlaryny yitiryançaler yençdiler,açlyk bolsa musulmanlar üçin adaty yagdaydy çünki müşriklerin zulmy netijesinde açlykdan garynlaryna daş danmagy öwrenipdiler, 3 yilyn dowamynda yssyda çölde ambargo astynda tutdylar, gijeleri yzarlap onarsalar iman edenleri kislorodsyz goyjakdylar.

Uhudda Hz.Pygamberin dişinin döwülmegi we duşmanyn gazan çukuryna gaçyp yüzine çümen halkalaryn yüzini gana bulanmagy-da bolan wakalardan.

Musulmanlar ahyry çydaman ilki Habeşistana, sonra-da Medine şaherine hijret(göç etmek) etdiler. Emma müşriklerin zulmy togtamak bilmedi. Olar Habeşistana göçenleri yol boyi yzarladylar gylyçdan geçirmek maksady bilen emma ony başarmanson Habeş hökümdarynyn önünde musulmanlary masgaralamaga synanyşyp Habeş hökümdary Nejaşydan iman edenleri özlerine gaydyp bermegini talap etdiler. Emma Nejaşy musulmanlary hemayasyna alyp, olary müşriklere gaydyp bermedi. Gaydyp beren bolsa netije bellidi; ya gaydyp baryp ezyete sabyr etmeli ya-da gyzgyn çölde ölüm.

Medine hijretinden sonra bolsa musulmanlar bilen müşrikler arasynda Bedir we Uhud söweşleri boldy. Bu söweşlerde hem hüjüm eden tarap müşriklerdi we maksatylary-da yokardakydan tapawytly daldi.

ynha taryh we ynha-da Hz.Muhammedin merhemedi.

Elbetde Hz.Pygamberin merhemedinin çaksiz bolşy müşrikler üçin adatdan daşary yagdaydy, emma iman edenler üçin welin dem alyan howalary derejesinde adatydy. Çünki iman edenler birmenzeşine Taifde-de şayat bolupdylar.

Taif 120km uzaklykda bolan bir putperest şaherdi. Hz.Muhammet(a.s) bolsa Taife gidip ol yerde 10 gün galdy we yslamy düşündirmek bilen boldy.

Taif halky bolsa ilki bilen Hz.Pygamberin üstünden güldiler, sonra agza alynmajak sözler sarp edip gullaryny-da iki hatar halynda yolyn gyrasyna düzüp Hz.Muhammet we sahabasy Hz.Zeyd şaherden çykyp gutulyançalar daşa tutdyrdylar.

Hz.Muhammet we sahabasy gutulandan sonra wahiy melegi Cebrayil(a.s) göründi we :" Ey Allanyn Resuly emir et bu kowmy helak edeyin!" diydi.

Hz.Muhammet(a.s) bolsa:" Ylahy! Sen kowmyma dogry yola erdir, olar bilenoklar!..."(türkçeden gysgaldylan terjime) diyip dileg etdi.

(yokardakynyn türkçesi: İlahi! Sen kavmime hidayet ver; onlar bilmiyorlar...)

ynha pygamber we ynha merhemedi... eger Hz.Pygamber Cebrayila helak emrini buyran bolsa Taif şaherii helak boljakdy. Aslynda rahmet Pygamberinden mundan başgasyna garaşylmazdy-da.

Yokardaky iki mysal Hz.Pygamberin ömründen we sezewar bolan jepalaryndan dine ummandan damja hökmünde. Hat-da bir gün ayaly Hz.Aişa(r.a) yüzlenip:
"Ya Aişe kavminden çok çekdim" yagny "Ey Ayşe kovmundan köp ziyan çekdim" manysyna gabat gelyar.

İndi şeyle Pygambere yslamy kabul etmediklere garşy zor ullandy diymek ya prejudice ya-da maksatly bir teswir bolarmyka diyyan.
__________________

Poahf ildeş beren

Poahf ildeş beren jogaplaryň üçin minnetdar, bilýän maglumatlaryň bilen hem paýlaşanyň hem gowy boldy!
Seret eger isleseň men Kurandan we Hadislerden "jihad" ýagny söweş alyp barmak, we duşmanlary öldürmek zorlamak baradaky aýatlary we yslam pygamberi Muhammediň aýdyp öwreden we eden zatlary hakynda mysallar getirip bilerin. Olar ýok däl. Bar zatlar, yslamyň umumy taryhyny we ýaýraýşyny alyp göreniňde hem gylyçly ýörişler esasynda dünýä ýaýrapdy. Bu hem belli bolan faktdyr. Ýöne gel seniň aýdan pikiriňiň üstünde durup geçeliň, gel häzirlikçe seniň diýşiň bilen ylalaşaly ýagny ine şu pikir bilen "Muhammet we halyflary we onuň yzyna eýerenler...hiç haçan özleri söweş başlamady, adalatsyz hiç kimi öldürmedi...diňe özlerine garşy bolanlary, olaryň talaplaryna boýun bolmadyklary öldürdiler, diňe şolaryň ýurtlaryny basyp aldylar..." Eger bu şeýle bolsa indi bu ýagdaýy göz öňüne getirip gör, sen bir şäherde ýada ýurtda ýaşaýarsyň, seniň özüňiň diniň bar, ata-baba däp-dessuryň bar, ýörelegeleriň bar we ş.m (hawa belkide seniň diniň ýada ýörelgeleriň dogry hem däldir) soňra bir adam gelip başga bir dini ýada düşünjäni aýdyp başlaýar, muňa hemmeler garşy çykar elbetde, çünki adamlara üýtgemek ýeňil däl, belki seni ol adamy ol ýerden kowarlar. Onuň tarapyna geçenleri bolsa elbetde daşlarlar, ezýet hem bererler. Soňra ol adam başga bir şähere gidýärde, ol ýerde özüne ynanýanlary toplaýar, olar köplük bolýar we soňunda seniň şäheriňe gelip seniň şäheriňi basyp alýar, duşman diýilýänleri öldürýär, gylyçdan geçirýär, gorkup boýun bolanlary we onuň dinini kabul edenleri bolsa diri saklaýar. Bu şäher bilen hem çäklenmän, başga şäherlere hem şol diniň ady bilen ýörişler edip başlaýar, elbetde olar ol şäherlere baranda diňe onuň dinini we oňa boýun bolmaklyga garşy çykanlary öldürýär, beýlekileri bolsa öldürmän saklaýar. Bu adam ölenden soň hem şeýle ýörişler dowam edýär, ýagny hatda özlerinden ýüzlerçe uzakda bolan ýurtlara hem ýöriş edýärler we ol ýurtlara baranlarynda ilki bilen bize boýun boluň biziň dinimizi kabul ediň diýýärler, kabul edenleri bolsa öldürmeýärler, kabul etmedikleri bolsa özlerine garşy çykandygy üçin öldürýärler. Uly gan döküşikli söweşler bolýar! Şeýle ýagdaýa sen nähili serederdiň, sen şol üstüňe gylyçly goşun bilen barylan ýurdyň ýaşaýjysysyň!?
Indi bu zatlary Isanyň we onuň şagirtleriniň durmuşynyň baglanyşygynda görsek onda Isa bilen Muhammediň alyp baran durmuşy düýbünden tapawutlanýar we gapma-garşy bolýar.
Onda ine bu soraglara jogap bermek her yslama uýýanlar üçin jogap bermek zerurdyr:

Name uchin Isa Mesihing we onung shagirtlerining soygi we ozuni Huday yoluna gurban getirmek yolunyng tersi Muhammet we onung shagirtleri tarapynda berjay edilipdir we shol adamlaryng ozleri yuzlerce belkide munlerche gan dokupdirler yada dokulmegine yol beripdirler? Name uchin Isa Mesih we onung shagirtleri Hudayng yoluny syyasy bir hereket hokmunde gorman yada ygtyyarlyga eye bolmak maksadyny ulanmandyrlar, emma Muhammet we onung halyflary bolsa yslamy syaysy hakimyet beriji guych hokmunde ulanypdyrlar we başga ýerlere hem ýöriş edipdirler?

Seret Magtymguly yslam pygamberi Muhammediň iň belli halyfy bolan, şägirdi bolan Aly hakda nämeler diýýär we bir goşgusynyň üstünden yslamyň ýaýramagynyň taryhyny beýän edýär:

Gahry Gana

Hudaýymnyň arslany,
Dolandy gahry gana.
Döndi Aly zarbyndan
Haýbaryň şähri gana
....
Gazapdan Düldül mündi,
Çekildi ýeriň bendi.
Aly zarbyndan döndi
Mukatyl zähri gana...

Alydyr

Zarp uruban Jenadilniň şährine,
Kapyrlara gazap salan Alydyr,
Göz ýumup açgynça kyrk günlük ýoly
Düldüle bir fersah kylan Alydyr.

Başlar azat eden döw gujagyndan,
Ajdarha lebinden, dag bujagyndan,
Derwezesin çekip Haýbar dagyndan,
Ýedi gala birden dolan Alydyr.

Keşt eýlegen dagy-daşy eleýip,
Hanjar, gylyç gemrip, ganlar ýalaýyp,
Dogry gelip, Ahtam ganyn dileýip,
Mukatyla gowga salan Alydyr.

Arslan kibi kowduň kapyr awlary,
Küşt etdiň, nije Kagba röwleri,
Ýer astyndan ülke çapan döwleri,
Baryp, bölek-bölek kylan Alydyr.

Köle geldi dergahyňa dat bile,
Nyzam berdiň serhetlere hat bile.
Kam-kam gylyç bile, Düldül at bile
Tagt el şejer deňiç baran Alydyr.

Magtymguly aýdar, Tende bu janyň,
Ýolunda nysar et Şahymerdanyň,
El uzadyp çar künjüne dünýäniň,
Muhammet dinine salan Alydyr

__________________

__________________

Hany mening soraglaryma

Hany mening soraglaryma dogry durup jogap berjek yokmy? Yada yslamyng taryhynyng Magtymgulynyng dineje bir goshgusynda beyan edishi bilen ylalashyanyzmy?! Bular barada pikirler gutardymy, yada hemme zat dushuniklimi?

Ýoo ýo hemme zat

Ýoo ýo hemme zat düşnükli, :D menem indi seň tarapyňda, tüweleme iş bitirdiň, credit card nomerimi ugradaýynmy indi :)))
Pay Pal, Web Money zat bilen işleşeňzokmaý, şol bolsa saz boljakda :)))))))))
haý ýaşuly, gijäň bir wagty keýpimi kök etdiň, sagja bol :))))))


Maru Şahu Jahan

"Butin dunyang eyesi bolup

"Butin dunyang eyesi bolup janyny yitirseng sana name peyda?" Isa MEsih
Cerimoxide ildesh, bank shyetyny doldurmagyng aladasynda bolsang onda Gulen hereketinden hayysh et hemme zat ederler, okuwynada tolarler, yashamagynada, gelejekde Turkmen halkymyng baylygyndan peydalanyp bay bolan Turk kompaniyalaryndan hem ish tapyp bererler, ing bolmanda Talibanlar yada Al Qayda goshulyp yuzlerche adamy oldurip berseng mashgalang butin omur upjun edilyar diyip eshitdim, ondan bashgada sheydip shehit bolsang gos goni jennete hem alynyarmyshyng diyyarler.
Emma Isa MEsihing yzyna eyerjek bolsang kop ezyetler chekmeli bolarsyng, chunki Isa Mesih yerde baylyk wada etmedi-de, kalbynda boljak ruhy gurply yashayshy, yagny ebedi yashayshy wada etdi!

Aý siziňkiler

Aý siziňkiler güýçlilaý her zat diýseňem. Zora zor diýmelilaýý, ilki baýlygy ogrlap, soňam 1 buhanka çörek, 250 cc Coca cola, al saňa täze hristýan :)))))
Maladeslaý siziň taýpaňyz, tüf tüf tüf 40 müň kişiň tüýkiligi... perişdelaý siziň baryňyz tüweleme :)))) wakrrrr,,, sagja bol Sylap :))))


Maru Şahu Jahan

Adamlaryng choregini

Adamlaryng choregini ogurlayanlar Isa Mesihing yzyna eyeriji dal, ol haysy yurda degishlidigine seretmezden sheyledir! Adamlaryng "hristianchylygyng has osen yurtlarynda" dogulany we yashany bilen olar hakyky Isa Mesihing yzyna eyeriji diyildigi daldir! Bu sebapden men kiming perishdeligi barada gurrung edemok, yada sana baylyk bererler diyip hem aytmadym, chunki beyle dushunjani Injil berenok!
Bu sebapden sen bashgalara seretme, oz kalbynyng yagdayyna seret we Hudayng soygusini, rehimin we merhemetini kabul et, Hudayng sheyle uly gutulyshyny gormezlige salma!
Gulup shatlanyandygyng uchin begenyan, gulmek saglygyna peydalydyr!