Hatyra Güni

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we myhmanlarymyz. Bu gün 12.yanwar. Gökdepe galasynyn synmagyna 129 yyl dolyar. Bu gün Türkmenistan watanymyzda hatyra güni. Gökdepe söweşinde şehit bolsan gerçeklerimizi yatlama güni. Dine Gökdepe söweşi şehitlerini dal, taryhymyzdaky watan üçin janyny beren ahli goç yigitlerimizi,baydak yaly pakize zenanlarymyzy yatlalyn. Olaryn ruhlaryna ayat-töwür okalyn. Olaryn jayy jennetden bolsun. Olar bizin üçin, bizin watanymyz, geljek nesillerimiz üçin şirin jandan geçdiler. Olara mynasyp ogullar-gyzlar bolup yetişelin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gökdepe Söweşi Orus

Gökdepe Söweşi

Orus imperiýasy 1879-nji ýyldaky Türkmen Teke taýpasyndan ýeñilgini utanç hasaplaýar, Türk-Orus söwşlerinde at gazanan general Skobeleve, has güýçli goşyn bilen Türkmenistana täze ekspedisiýa guramasy tabşyrylýar. Birinji söweşde epesli adam ýitiren tekeler, oruslaryñ täze eskpedisiýasyna daýanyp bilmeýär we Gökdepe galasynda uruşy dowam etdirýär. Iñ soñynda gala ýykylýar we müñlerçe teke türkmeni öldürilýär.

Not. Skobelev bir hatynda, "Tekeler ýer kartasynda bir gara nokat, we o gara nokat pozylmaly" diýen sözleri barmyş. Generalyñ türkleri yigrenedigini, şo sebäpden hem Gökdepede müñlerçe günasyz ynsanyñ öldürilendigini hem aýdýarlar.

1881-nji ýylyň 12-nji Turkmenbasyda ir bilen 11 sagat 20 minutda 1 tonna 120 kilogram därini galanyň gündogar böleginde partladyp, oňa girmäge mümkinçilik gazanan rus goşunlary eýýäm 12 sagat 30 minutda galanyň içinde aljyraňňylyga düşen adamlary uçdantutma gyryp ýördüler. Duşmanyň 1 million 140 müň oky bardy. Ol oklar galanyň içine ýygnanan 45 müň çemesi türkmene garşy atylmalydy. Elinde sowuk ýaragdan başga idili söweş esbaby bolmadyk her türkmene 25 okdan ýetýär. 23 günläp gabalan galanyň içine 872 müňden gowrak tüpeň oky we 120 müňden gowrak top oky atylypdyr… Şahyr Gurbannazar Eziziowyň sözleri bilen aýtsak bir başa bir ölüm ýeterlikkä, bir başa 25 ölüm artygrak dälmi?

Ýöne gala ýygnananlar Watan üçin bir gezek däl, 25 gezek ölmelem bolsa taýýardylar. Olar muňa boýun alykdylar. Olarda esasy maksat Watan üçin jan bermek, şehit bolmakdy. Olar Watan üçin, ar-namys üçin gara başy gurban etmegiň diňe sözde däl-de, durmuşda nähili bolýandygyny görkezipdiler. Bu bize ata-babalarymyzdan galan iň uly baýlygyň, iň gymmatly mirasyň biridir. Olar bize Watany söýmegiň asyl nusgasyny goýup gitdiler.

Serdarymyz Permany bilen şol gerçeklere “Türkmenistanyň gahrymanlary” diýen belent at berildi. Her ýyl Watan üçin wepat bolanlaryň hatyra gününi uly il bolup döwlet derejesinde bellemegi karar etdi. Bu hatyra gününiň her ýylyň ilkinji aýynda bellenilmegi hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Türkmeniň her ýyly Watansöýüjilik ruhy bilen hatyra saklamakdan, geçenleri ýatlamakdan başlanýar.

Gökdepe galasynyň synan gününiň “Hatyra güni” diýlip yglan edilmeginiň ýene-de bir uly manysy bar. Ol hem ýeňişden ýeňilişiň ýakyndygy görnüp durka ata-babalarymyzyň Watan üçin ölmeli diýip gelen kararlaryny biziň günlerimizde dogry diýip tassyklamakdyr. Gökdepe galasynda dökülen ganyň manysyz däldigini, şol uruşda wepat bolanlaryň hakyky Watan gahrymanlarydygyny jedelsiz hakykat edip goýmakdyr. Ondan öňem, soňam Watan üçin gara başyny goýanlary Gökdepe galasynda şehit bolanlar bilen bir hatarda hatyralamakdyr. Gökdepe türkmeniň Käbesidir. Watan üçin türkmeniň bir okuň däl, ýigrimi bäş okuň öňünde durmalam bolsa durup bilýändiginiň subutnamasydyr. Bu gahrymançylyk bizi parahatçylykly günlerde-de Watanyň gymmatynyň, hatda öz janymyzdanam ýigrimi bäş esse gymmatlydygyny ýatladyp durmalydyr. Watanyň abraýy üçin edýän her bir işimizde, okuwymyzda biziň yhlasymyzyň, görkezmeli gaýratymyzyň näçe derejede bolmalydygyny biz ata-babalarymyzyň ýigrimi bäş okuň öňünde durmaga döz gelip bilişlerini ölçeg edinip kesgitlemelidiris. Biz hem edil ata-babalarymyz ýaly hatyrasy tutulmaga mynasyp adamlar bolup ýaşamalydyrys. Biz parahatçylykly, asuda günlerde Watana şan-şöhrat getiren zähmet gahrymanlary bolmalydyrys.

Wikipediýa

: )

aslynda, Turkmenistanda shular yalak gun badygyna men'a begenyan.
bu gun'de herkim olup gidenleri yatlap.... doga-dilegler edip....
Owulyada ayat doga okap.... !special day! :D
-----Hatyra gununiz bilen!-----------

jaylary jennet bolsun.

Hatyra günü gaty köp şehitlerimizin janyny,ganyny bu topraklar üçin pida edenlerin dessany diysegem yalnyşmarys,ona bu nazar bilen seredenimizde gaty gynançly hadysa yaly serederis sebabi münlerçe adamymyzy ol yerde yitirdik.Yöne tennanin beyleki yüzüne seredenimizde bu aslyyetinde yenişi hem anladyar sebabi ol yerde,rus duşmanlaryna garşy, Ar-namysyn,watany ahli zatdan ey görmeklgin yenişi yatyrmyka diyyan.Şonun üçin men yeniş günü diyesim gelyar.Sebabi ol günki edilen iş yenişden has hem ulurakmyka diyjek bolyan.
---------------------------------------------------------------------------------------
ilim ilim bilmektir
ilim kendini bilmektir
sen kendini bilmezsen
ya nice okumaktır