"Milletçilik" düşünjesi ýa-da Tire parazlyk keseli ! ! !

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Milli düşünje diýildigi näme ?
Tire parazlyk belasy, taryhy wakalary
beýan etmäge nähili zyýan ýetirýär?

Ýomut, Gökleñ täsip edip özünden,
Çekse goşun, öñi, ardy bilinmez,
Teke, Salyr, Saryk ýöriş etse ýokardan,
Ýagynyñ namardy, merdi bilinmez.»
"Magtymguly"

Türkmen halky başda bitewi bir millet bolup, soñra dürli geografiýa, ykdysady we siýasy sebäplere görä dürli taýpalara bölnüpdir .Irki döwür taryhymyzda ýokarda agzalan tire-taýpalaryñ birsine-de duş gelnenok, biz bitewy Oguz ýa-da Türkmen diýilip taryhda yz galdyrypdyrys.
Abulgazy hanyñ «Şejere Terakime» sinde tire-taýpalaryñ ýönekeý ýerden gelip çykandygy agzalýar

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ay mekdepde dushundursen,

Ay mekdepde dushundursen, TVde aytsan GATAN BOKY YUMSHADYAN. Shony agzamalam dal, yok yali gezibermeli, ozi ochup gider... Bolmasa aydyp yorsen ote chagalar "men haysy tireden? plan tireden ekeni dostum, olar nahili?" zat diyip ote muna many berip bashlarlar.
Menin pikirimche yada-da salma geziber. Ozi dash bolup gider

Menin dushinmedik zadym, siz

Menin dushinmedik zadym, siz name uchin tirelerin yitip gitmesine garshy ?? Namesi barmyshyn onyn ?? Men on hem yazipdim oz pikirlerimi, Tire-Taypa: bu adamlaryn ustundaki "label", urysh ya-da jenjel uchin sebap dal...Turkmen turkmen diyyaniz, a tireler name turkmenchilige soz yetiryami ya shul shul tireler turkmen dal diyyan barmy ?? Name uchin aslymyzy bilmeli dal ?? Bu bir ortadaky fakt, 1'i 1 sozi bilmese onyn sebabi tirelerin uytgeshikligi bolup biler ve hazir tireleri ortadan ayirsak onda olaryn dilini name etmeli ?? Dil, bu dine 1'je faktor, belki 100'lerche particular tira degishli bolan zatdan...Mena garshy tirelerin yitirilmeginden, yone olaryn arasynda agzalalyk bolmaly dal, biri birinin ustunden seretmeli dal, bizin atalarymyzyn kopusi shul yerde yalnishan...
2 Soltansanjar:
Sen nireden eshitdin tire'lerin orslar tarapyndan bashladylanyny ?? Ya nireden bilyan turkmenlerin arasynda on bolmanyny ?? Bu zatlar dash bolsada garyndashlykdan, son tohumlaryn 1 yerde uyship yashamagyndan, yere gora bolunmeklerinden ve sh.m. zatlardan son emele gelenler...Oguzhan vagty bolmandada "oguzlar" ya-da shuna menzesh zat diyip yuzleniler, "Ey plany plany tire taypalary" diymejegi belli ahyryn...Shu zat hemme yurtda bar ve halk bu zatlary urysh jenjel doretmek uchin ulanmasa hich hili problem chikanok...Ay koroche, shu zatlaryn bokuny chikarman, bular oz ramkalarynyn ichinde govy zatlar yone kabir adamlar bulary oz nejis niyetleri uchin ulanyalar, buda adamlaryn intelektually has osmelerinden son yitip gider...

Mergen, sen bir tarapdan

Mergen, sen bir tarapdan mamla, ikinjidenem, menin pikirimche, yalnyshyan. Tireler yitip gitmelimi dalmi? Hm... tireleri nadip yitirman saklap bolar shony ayt? DINE TIRELER ARASY GYZ ALYP-BERISHMAN! Sheylde dalmi? Bolmasa iki tiranin garyndysy tire taypa kan uns berermi? "Turkmen bolsa bolyarda" diyer. Garaz eger tire taypa gyz alshyp berishmese bu bir tireparazlyk diymekdir, oz tirani goldamak, beyleki tirani pes saymak yali...
Elbetde, bizin her tiramizden 10lap million adam bolsa onda olar goranardy, sebabi doly garylyanchak wagt gechmeli bolardy. Emma bizin 5 millionlyjak halkymyzda tireler biri-birlerini saylashyp, gyz alyshyp yormeseler, "sen saryk, men arsary" diyishseler tireparazlyk bolar...

Bizde gyz mashgala durmysha

Bizde gyz mashgala durmysha chiksa ol oglanyn oyune baryar, a oglanyn oyi oglanyn tiresi diymek ...Tire'de millet yali kakadan gelyar bizdeha,sizi biljek dal.. Menin teke gelnejem bar yone chagalary Kaka'nyn dialektinde gurleshyaler, Alili diyyaler ozlerine ve Teka chykan 1 bivim bar, onyn chagalary hem ozlerine teke diyyaler...
Yone tire-taypa bolunishigi bolayanda-da adamlar "turkmen bolsa bolyar" diyip biler, bu hich hili adamlary ayiryan bolunishik dal, men Alili yegenimi Teke yegenimden kop govy gormeli diyen zat hem yok...Men on hem yazdim, bu dineje bir "label" edil familiya, millet, citizenship zat yali, name bar olar yali ulaldyljak , mena dushunemok...Bu bir ozunden emele gelen zat, gadymy dovre gidip uytgedip bilmersiniz, uytgetmek gerek hem dal...Hemmamizin in uly atamyz Adam dalmi ?? Hemmamiz onyn chagalary dalmi ?? A muncha millet nireden geldi onda ?? Gelin onda milletleri hem birleshdirelin oncha bolanyna gora, birvagtlar bular yali bolunishik hem yokdi...

Olar ozlerine teke

Olar ozlerine teke diyselerem tireparaz bolup bilmezler. Sebabi oz ejeleri bashga tireden...

A tireparaz bolmalaryny kim

A tireparaz bolmalaryny kim isleyar ?? Men olaryn tirelerini bilmeklerini isleyan, tireparaz bolmaklaryny dal..

Ay dogry aydyansyn, sheydip

Ay dogry aydyansyn, sheydip ozuni saklamak ansada bolmaly dal :D
Ilki shyedip bashlaya "Kaka, tiramiz namay?", onsonam mumkin sheyle:
-**** tiresi!
-Beh... dostum haysy tireden?
-Olam by... ay senem tapaymala oz tiranden!
-Ay na tapawudy name?
-Olar gaty owunjen, ozlerem hapysa. Gul diysenem bolya sholara
-O nahili beyle? Mena hapysa dalmika diyyan, ozlerem gula menzanok
-Ay sen entek dushunenok, ulalanson gorersin. Sholardan dagy gyz tutunaysan boka chumup oturarsyn... :D
Sheylerak bolya. Ay yone dine tiramizi bilip, yone tireparazlyk etmesek HAS ONAT, AJAYIP BOLAR. Dogry aydyan Mergen, bolup durayanok entega...

Hahaha...Govy edip yazipsin

Hahaha...Govy edip yazipsin Bayram aga, yone bizin tohumymyzda ha beyle gurrunler edilenok, ejem zat arasynda aydyalar "Oylenjek ozun, bile yashajak hem ozun, biz dilimizi uzatmarys" diyya yone ol menin samsyk daldigimi hem bilya :D
Koroche bizdeha shu tire-taypa tarapdan problema yok, teke'de bar,yomut hem bar, alili'de br, gul yali yashap yorler...

Menin tanysym

menin tanysym bardy welin oz kursdasyny halapdyr onson olaram gudacylyga gelen wagty enesem aydypdyr huday saklasyn gadaylara gyz bererismi?Ozema bizlerin arasynda otyr basga tireden onyn ozune hic zat diyyan yok yone ol agtygyny gadaylara berjek dalmisin.Ay gyzyn kakasy sondada berdi.gyzyny bagtly bolsa boldyda doiyip.

Ay Mergenjan, gyzlardan

Ay Mergenjan, gyzlardan eshitdim "ay sho tireden gyza seretmesene, sheyle bir hapysa... Arassachylygy halayan bolsana beytme, oyun bok ichinde bolar" diyip...
bashga bir tira "ay sheyle bir owunjen olar, sheyle bir owunjen... adamlara gowni yetenok olaryn. Adamchylyk diyen zat yok". Yene biri tireparazlyk edende shol gyza "ay boldy etsenay, yash bashyna, gyz halyna sheyle tireparazlyk edyanay" diysem, mana "ay olaryn ozlerem "sana ****** tireden gyz dushsyn!" diyip gargayalar" diydi...
Garaz shu tireparazlyk tire arassalygy saklansa yitmez...

Ondan bashga ishanlar bar,

Ondan bashga ishanlar bar, olar ozunin bir bagyn guli hasaplayar, beylekileri bolsa yone ot, chayir hasaplayalar :D "Ay ishan adamsy ishanlardan gyz almaly. A ishan gyz bolsa bashga birine are chykmaga HAKY YOK!" diyyaler, onda-da ol pahyrlaryn kopusunde "ishanlyk" galan daldir welin, "ay ishanda, bolanoga beyleki garachylar bilen chatyshsalar" diyyaler...
:D Mena shuna hayran

Maysa, Menin ozum Gaday

Maysa, Menin ozum Gaday ahyry, name uchin gadaylara gyz berenokmysh ol dayza ?? Ya ayna maynalaryny dovupdirlermi ??
Bizde gelinde 1 seredilyan tarapy turkmenchilik, turkmen dilini dur bilmesi gerek, menin ejem hem oyde bize edebiyat dilinde gurledyadi, alili dialekt'inde kochede zatda gurleshyadik..
2 Bayram:
Senin ol diyyan gyzlaryn ozlerine Alla diysinler, hushy bar gyzlar beylekilerin arkasyndan yzynda duryp bilmejegi sozi aytmaz...

Yok bilemok.

BAgysla men ony sana diyip aydamok.yone kellame gelen mysal sol boldyda yazdym.Yone sen ondada gynanyp oturma ol dayza bermejek bolsada ol gyz sol gadaya durmusa cykdy.Dogry dal mi?ol gyzyn kakasynyn aytyany?bagtly bolsa masgalalary duziw bolsa bir birlerinem halayan bolsalar.Basga name gerek.Ol gyzam oye gelen wagty goryas.Eyyam birnace yil boldy.Bir oglymy yada gyzymam bar.BAgtlyda gysgaca aytsam.boldyda ene ata ucin oz cagasynyn bagtyndan gymmat zat yokmyka diyyan mena.
Henizem kabir kisiler bar tire parazlyk edyan.Yone menin pikirimce indi gaty onki yaly kop dal.

Ay garaz, shu kynchylyga

Ay garaz, shu kynchylyga bizde barhow. Mana galsa-ha shu zatlary agzajagam dal. Yone garrylar yogalsa yashlara tirelere unsem berenoklarmyka diyyan koplench

Viii...Kichke vagtym

Viii...Kichke vagtym bashymyzdan gechen 1 vakany aydip bereyin:
1 gun bizin zvonogymyz chalyndy ve men ylgap baryp gapyny achdym velin anyrda 1 telpekli dayi ve garryrak dayza duran ekenler, olar "Jumagul(menin ejem) mollyma shu yerde yashayami?" diyip soradylar, menem ylgap baryp ejemi chagyrdym...Son ejem biraz gurrundesh boldyda ol adamlary icheri aldy, tomus ayi bolany uchin tagt'da oturdylar, kakam zat bilen oturyp gurleshdiler...Menin hem omrumde goren adamym bolmanson ejemin yuregine dushdim "Kimay bul dayi ??" diyip sorap...Ol adamlar shol gun agsham bizde yatdilar ve ertesi gun gidensonlar ejem aydip berdi...Asyl ol mashgala Marly eken, ogullary TDU'da Kakaly 1 gyz bilen soyushipdir, okuvy gutaranlaryna entak 1 ay hem bolmandyr ve oglan ejesini gudachylyga iberipdir, kakasyny hem ejesinin yaninda yoldash...A gyzyn ejesi bolsa olary gapydan hem goymandyr ve "Bizin yat illere berjek gyzymyz yok" diyip goyberipdir...Ol pahyrlar hem name etjeklerini bilman, mugallym adam yagdayimiza dushiner diyip, gonshy golamdan "Shu toverekde mugallyma yashanokmy ?" diyip sorapdyrlar, Ol gonshylaryn kopusi hem menin ejemi tanayalar, sheydip hem bize iberipdirler...Yone son shol gelin bermedik ayalin gyzyny alyp gachdylar, mena begenip gidipdim :D

Meninem oyum seyle

bizede yaman kop gelyarler.Menin ejem eyyam yaman kop yil bari mollym.sonyn ucinem kabir wagtlar gyzlaryn nahilidigini sorap gelyarler.kabir wagt oglanlaryn nahilidigini sorap gelyarler.kabir wagtam solar yaly diyip gelyarler.Ay hawa mollym bolsalar tanayandyr diyyandirlerda.Ay ejema dogrysyny aytyar.Bilyan bolsanyz guda bolan adamlaryn arasyny bulasdyrmak diyip yrym bardyr.turkmenlerde birini orap gelseler onada gowy zat aytmasan erbet misi n diyyarler.Ay name beydip adamlaryn bagtyny yatyryp.Dogryny aytda.gowy bolsa gowy diy gowy bolmasa gowy dal diy.Sonam birden ol gyzy alsalar yada gyzlaryny berseler senin ustune gelmekden gaytmazlar adamlar dogryny aytmasan.ejem kawagt tanamogam diyyar.Ay naem gelen wagtlary ozleri sorap gelen adamlaryny owup baslayarlarda.Obanyzdaky pylany bey diydi olam bey diydi diyip.Onson olam asly erbet bolsa illerem ol hakda gowy zat aydan bolsa.Name etjek.

Ay mena ejemin onunde

Ay mena ejemin onunde telpegimi chykaryan, basym 28 yil bolyar mugallymchylyk edip yorshune...Bazara zada gider yali dal onyn bilen, her adimde 1 adam duryzyp, hal hatyr sorayar 5 minutlap, menem yurek gysgynchlykdan olyan 3-4 metr anirsinda..
Onler hayran galyadim, dashyndan seredaymane ejem bilen yashdash adamlar ona "Salam mollym" diyip gechyaler..Asyl menin ejem 22 yashinda mugallymchylyga bashlanda goni 10-nji synplary okadypdyr, olar hem ondan 4-5 yash kichi bolansonlar indi 44-45 yashlilar hem ona "mollym" diyyaler :)
Yone mugallymchylyk etsen yaman govylay, birgiden gyzyl yalijak okuvchylaryn bolyar...Menin ejemin 1 bespridelshik okuvchysy bardy, her gun 16:30'da meni sadik'den alyp gaydyadi, son hem ejemin kabinetinde yaltanman menin bilen oynap oturyadi, yogsa men 5 yashindaki chagajykdymlay :D Ejem ona hergezek diyyan ekeni gitme diyip, yone ol ovalam okuv okamanson yene-de alyp gaydyadi meni...

hawa menin ejemem seyle

menem kawagt hayran galyan.Menin ejemem onynjy klaslary okadyp baslapdyr basda baslanda sonyn ucin onson okadan okuwcylaram gaty ozunden kici dal.Bolsada bas yil oydyan.

Mergen oz ejesine hayran

Mergen oz ejesine hayran galyar.
Maysa oz ejesine hayran galyar.
Bayram bolsa... Maysa we Mergenin ejelerine hayran galyar :D
Oyun edyanle. Menin kakamam mugallym bolup ishledi. Ony duzuryp gepleshyan barmy yokmy bilemok, sebabi kopden bari mugallym bolup ishlemandi. Ay ozem ayal adamsy bolmanson beyle hamyr-humuram bolyan daldirda...

Ay hovala, erkek adamlar ol

Ay hovala, erkek adamlar ol kesel yok, men kakam bilen bazara gitsem yzyndan ylgap yetishyadim, elindaki spisogy suyrap, basym-basym aljak zadyny alp gaydyadi..
A ayal mashgalalar bolsa dik duryp gurleshyaler, birgiden salam zat aydyalar, chaga chugalaryn hal yagdayini sorayalar...ay garaz sholara tapyar gurleshmage tema, kosenyan yene biz, gune gargap ichinden "Vahh,Bolay ejeeeee" diyip oturyan :D

Menem seyle

kakam bilen bazara gitsen basymrak yorejek bolay.Oye barmaly.Almaly zatlarymyzy alaly.Onson masyna yoraris.kakam bazarda kop galsa 30 minut yada 20 minut.boldy sol bolany.gaty calt aylanyp cykyar.uly bazaram bolsa.
Ay ony aytsam menin jigim bazaryn kowus satylyan yerine barsa yzyna gaytarmak yaman kyn.BAzara akitsen mendenem kop aylanyar.esik almanam halayar.BAzara barsa hokman bir esik almaly yaly oytyan onynky.Oglanam bolsa.

Ay kovusha menin hem keselim

Ay kovusha menin hem keselim :)
Yone men asyl tema gelesim geldi, shu "Nation and Tribe" meselesine...
Menin hemme yazan zatlarymy Alla 2 kelam soz bilen aydipdir, yone men ol ayaty okaman yazanima gora, diymek bu zatlar herkimin vyjdanynda bolaymaly...
Hujurat suresinin 13-nji ayaty:
Ayatyn turkchesi:

Ey insanlar! Şüphe yok ki, biz sizi bir erkek ve bir dişiden yarattık ve birbirinizi tanımanız için sizi boylara ve kabilelere ayırdık. Allah katında en değerli olanınız, O'na karşı gelmekten en çok sakınanınızdır. Şüphesiz Allah hakkıyla bilendir, hakkıyla haberdâr olandır.

ve inlischesi:

O mankind! We created you from a single (pair) of a male and a female, and made you into nations and tribes, that ye may know each other (not that ye may despise each other). Verily the most honored of you in the sight of Allah is (he who is) the most righteous of you. And Allah has full knowledge and is well acquainted (with all things).

Diymek tireler bolmagymyz yalnish ve bu bozgunchylyk bizin ganymyzda bar zat diymek hem oran yalnish, Alla name etse govy edendir...
2 Bayram: "(not that ye may despise each other)." diyen yeri senin halki yazan gyzlaryna oran govy jogap...

Diymek ol yalnys bolyarda

Diymek bizin tire diyen zatlarymyz yalnys bolyarda.yadyma dusdi bir zat tire diyen wagtyn.Bir gun klasda otyrdyk welin (dordunji klasdakam) bir klasdasym sey diydi.Maysa sen kassaklardanmy?menem hawa diydim welin.onson olam baslady KAssak iki ayagy dik bassak.DAli yaly bolup.Ola belki tire dal yone seyle diyyarler.obamyzda.onyn asly ozem kassak.Hemme garyndaslaram kassak.Onson menem kan hicem gaharly daldim welin sol wagt aytdym.name menin ustumden gulyanmi?Aslynda sen kassak.senin garyndaslarynam kassaga.Biza bagsy olam (basga bir tire).
Aslynda biz gocup gelip kassaklaryn arasynda oturamyzson kassak diyyas ozumize.
gorguli yuzi gyzyp gitdi.Hacan indi gorse utanyp gacyp yor.

Ol Kassak diyyanin Taypa

Ol Kassak diyyanin Taypa bolyar, Tira'nin ichindaki bolunishik...
Yone men Tire diylen zada hemishe'de bir official ve adalatly zat hokmunde garadym...Meni adamlaryn Mergen Orazmuhammedov diyip tanayshi yali, menin gelip chykan tirami hem Alili diyip tanayalar, shaherimi hem Kaka diyip bilyaler, milletimi Turkmen, dovletimide Turkmenistan. Men Turkmendigime,Turkmenistanyn vatandashydygyma,Kakalydygyma,Alilidigime ve Orazmuhammedov Mergen'digime guvanyan, buysanyan,ene-atama ve dovletime sagbolsun aydyan meni shu gune chenli osdurip yetishdirenleri uchin. Yone eger men "Turkmenler beyleki milletlerden BEYIK" ya-da "Alililer ******'den abrayli,beyik" diysem onda milliyetchilik,tireparazlik etdigim bolar..Men shular yali zada duybinden, 100'de 1000% garshy, yone adam 1-nji bilen oz "haddini" bilip son tiresini zadyny bilse govy goryan!

Türkmen bir milletmi?

«Halk», «kowum», «millet» ýaly siýasy etnomimleriñ hersi özüne mahsus mana eýe. Kä mahal dar düşünjä eýerýänler, bir milleti «kowum» (köwçümleýin oturan halk) diýseler- mysal üçin Eýranda Türkmenlere «kowum» diýýärler, özüni hondan bäri görýän şaunistler, bir kowmy «millet» derejesine göterýärler. Eýran, ýurduñ ady, emma parslaryñ şaunistik terminologiýasynda bu toprakda ýaşaýanlar, ýeke-täk bir milleti emele getirýär, olam «millet-e iran/ iran milleti». Eýsem, ýagdaý biz Türkmenlerde nähili?
Mälim boşluna görä Türkmenleriñ arasynda birnäçe esasy tire-taýpa bölünşigi bar, olar häzir şulardan ybarat: Ärsary, Salyr, Saryk, Teke, Gökleñ, Ýomut, Çowdur we beylekiler hemmesini yazip oturmayin. Bular şahalara, uruglara hem ownuk tirelere bölünýärler. Sorag şu ýerde, Türkmen başda bitewi bir millet/ halk bolup soñra bölünipmi, ýogsa bu tire-taýpalaryñ birigimeginden Türkmen milleti/ halky emele gelipmi?
Alymlaryñ gelen netijelerine görä Türkmen halky başda bitewi bir millet bolup, soñra dürli jeografiýa, ykdysady we siýasy sebäplere görä dürli taýpalara bölnüpdir. Türkmen başda bitewi bir millet/ halk bolup soñra bölünipmi, ýogsa bu tire-taýpalaryñ birigimeginden Türkmen milleti/ halky emele gelipmi? diýen soraga jogap hökmünde ýene-de şu fakt bar, irki döwür taryhymyzda ýokarda agzalan tire-taýpalaryñ birsine-de duş gelnenok, biz bitewy Türkmen diýilip taryhda yýz galdyrypdyrys

Türkmenleriñ tire-taýpa

Türkmenleriñ tire-taýpa bölünmegi jeografiýa, ykdysady ýa-da siýasy şertler esasynda emele gelipdir. Bu esasan Mongollaryñ çozunda, 14-nji, 15-nji asyrdan soñra Türkmenlere berilen gysyşlary netijesinde başga ýurtlere göçmekleri sebäpli, şol jebir esasynda bolupdyr, biz bu döwürde ilkinji gezek Türkmenleriñ arasynda täze atlara- has dogrusy bölünşiklere gabat gelýäris. Ýaýlym gözläp bir tarapa gidenleriñ bir ady, bir ýerde ýumak ýaly bolup oturanlaryñ bir ady, gök ýaýlalarda mesgen tutanlaryñ bir ady bolup, dürli tire-taýpalar emele gelip başlapdyr. Abulgazy hanyñ "Şejere Terakime"sinde tire-taýpalaryñ ýönekeý ýerden gelip çykandygy agzalýar. Eserde, "pylanlaryñ hany gara ýagyz, olara Gara-lar", planlara Sary, pylanlar, baý/emir bolany üçin Ýermeli diýlýär…

Bir birini çapmak, ermes

Bir birini çapmak, ermes ärlikden,
Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden,
Agzalalyk aýrar ili dirilikden,
Munda döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý.
" Magtymgyly "

başda aýdyp geçişimiz

başda aýdyp geçişimiz ýaly bu tire-taýpa bölünşigi, soñradan emele gelen ýagdaý, onuñ negativ täsiri jemgiýetimiziñ depesinden bela bolup indi, köp adamynyñ pikrini, ruhuny zäherledi, gyýnansagam käbir halatlarda henizem bu zäher bir toparyñ endamyndan çykman gelýär we onuñ pis yýsy ýeke özlerini däl, eýsem jemgiýeti, daş-töweregi-de bi-ynjalyk edip gelýär. Bu biziñ "milletçilik" diýen düşünjä ýetmänimiziñ nyşanasy bolup görünýär. Oña tire parazlyk belasy diýilýär.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • rustem149 5 telpek goyyar we yazyar: "Maglumatlaryng uchin !!!"

Hmm...

Shol tireparazlyk gowy zad-a dal. Bitewi millet bolup yashamak has gowy dalmi eysem ? Ruhnamadaky Oguz hanin ogullaryna yayin okuny mysal gorkezishi muna gowy mysal.

Men gaty gowy düşünyan

Men gaty gowy düşünyan şunyng erbetdiigine. Bashda Ashgabada Bashkende okamana gelemde yekesiretdiler,her yerde adamlar bar,kop kişi bilen urushdym klasda.
Bir gezek 2 mung bashga bir gezegem 1.5 mung adam gelen uyshmelene gatnashdym,shonda ing duygylandyryan setirlerimi okadym.

Türkmenler baglasa bir yere bili
Gurydar Gulsumzy Deryayi Nili
Teke,yomut,yazyr,alili
Arsary hem saryk hem salyr ili
Bir döwlede gullyk etsek barymyz

Könullere yürekler bir bolyp başlar
Tartsa yigin erar topraklar daşlar
Bir suprada tayyar kylynsa aşlar
Göteriler ol ykbaly türkmening

Beyik Magtymgyly pragy hem

Beyik Magtymgyly pragy hem türkmenlerin agzyny bir etjek bolup kop goşgular yazipdir,Onun goşgylaryna syn salanymyzda jany teni bilen bu iş üçin ylgandygy belli bolyar .
Bu günde bizin üstimize düşeni bolsa bu zady ortadan ayirip dine türkmençiligi öne sürmekmika diyyan ...
Biz taryhymyza ser salsak bu tire-taypa meselesinde ruslara iymit boldykmyka diyyan ... Sebabi olar böl dolandyr (böl yönet) taktigini ulandylar bizin üstimizde her tirani biri birine garşy etdiler we uly teke tiresini bolsa ahal tekeeleri we mary tekeleri diyip ika bolup olary hem biri birine garşy goydylar ...
Bu hem orslar üçin gowy boldy haçanda türkmenler birleşerse onda olara(ruslara) yurdy dolandyrmak hakykatdanda kyn boljakdy .
Ruslar ilkinji bilen yaşuly kethudalary eline geçirdiler, beyleki halk köpçiligi bolsa hiç zat edip bilman nalaçedeyin bolup galdylar. sebabi türkmen halky yaşuly ,kethudalara sylag sarpa goyyalar .

Ay shuny yatlamasan ozem yok

Ay shuny yatlamasan ozem yok bolup gidya welin wagtal wagtal yatlayyalarda... :(

Bilaymedim da Bayram aga sen

Bilaymedim da Bayram aga sen belkem beyle dusinyansin ...
Sebabi bu toylarda zatda yaşulular tarapyndan gürrin edilyar men munun janly şayady boldum ...

Ya, menem bilyanle... erbet

Ya, menem bilyanle... erbet yeri shu keselden gechdik diysem entagem bar ekeni. Ay yene az wagtdan gecher, sebabi taze nesiller tireparaz dal bizde

Sen dogry aytyan Bayram taze

Sen dogry aytyan Bayram taze nesiller tire pazar dal diyip yone olar kimlerden gorelde alyalar yada toylarda yaşulular dinlenyare olar öz aralarinda yada halk köpçilik yerlerinde gürrin berseler taze nesil hem şolrdan eşidenleri hakykymyka diyip ona göre dowam etyaler gynansakda ....
Şonun üçin menin pikirimçe milletçilik umumi milli düşinje mekdeplerde we çagalar bagyndan bir sapakj yali çagalara düşndirilmelimika diyyan ...

Bayram: not ... menin

Bayram:
not ... menin pikirimçe "milletçilik" yagny "umumi milli düşinje" mekdeplerden we çagalar bagyndan bir sapak yali çagalara düşndirilmelimika diyyan ...
( Men tire taypa diyemok "umumy milli düşinje" "türkmençilik" diyyan )

Bilyanlay... shol welayatlar

Bilyanlay... shol welayatlar arasynda bolunushik nireden chykdyka? Menin pikirimche armiyada, gullukda chykandyr. Shonda "zyema" diyip zat bar. Onson sona baka welayat bolunushugi bashlapdyr...
Yogsam ona dine tirelerdi... :D

Oglanlar ,gyzlar bu temada

Oglanlar ,gyzlar bu temada gayrat edip duşünip yazalyn ...
Menin pikirimçe miletini watanyny söymeyan adam hiç haçan watanyna we milletine hayir getirmez.
Bir millet hokmany surratda her nahili hem bolsa toparlara bölüner.yöne bu toparlaryn bir birinden üstün görmeleri bolsa dogry daldir.Badboyin hem diyişi yali ...

indi gelelin okuwlardaki

indi gelelin okuwlardaki sapak meselesine. bu bir uly problema dalmika diyyan, hepdede bir sagatyada Mekdep üçin konferensiya yali geöçirilse hem bolar .
Yöne atalarymyzyn diyişi yali "yürekden çykan söz yürege tiz yeter" nakilina eyerip,yaşayani bar bolsa Beyik Watandançilik urşuna gatnaşan yaşulularymyz bolyami yada daşary yurtlarda okan yada watandan azda bolsa özne galan grajdanlary getirip olar bilen mekdep okuwçylaryna kabir zatlary düşindirmelimika diyyan .
Bolmanda watandan, döwletden çykmadyk adam watan gadryn na bilsin olar tasirleyji bolup bilmezler ...
Birde naçe az sapak bolsa we gyzkly bir şekilde düşindirilyan bolsa okuwçylar bu sapaga sabyrsyzlyk blen garaşyarlar ...
Hazirki Mugallymlarymyz hakykatdanda döwrebap bilim berip bilenoklar diysem yalnişmazmykam diyyan. şonun üçin olaryn hem kop okamalary gerek bolsa gerek

tire taypalari ortadan

tire taypalari ortadan ayirmalimi ya-da yok ?
bu hakda her kim bir hili düşinyandir we her kim hem düşinişini dogry diyyandir ...
Bu hakda menin düşinişim ,tire taypa bolmaly yöne esasy zat birdigimiz bilinmeli
Badboy hem diyya :
hokmany bolar sen kimlerden, nireden, yöne bellap geçmeli zadimiz we her türkmenin bilmeli zady aslymyz türkmen we hemmamiz den, hiç topar beylekiden üstün daldir ...

Senin aydyan

Senin aydyan konferensiyalaryn onat pikir, yone onam gowy gurnamaly. Sebabi bizin mekdeplerde bashlangych, orta we yokary mekdep diyen bolunushik yok kop halatlarda. Onson konferensiya 1nji klas okuwchylaram, 2nji klas okuwchylaram gelse name barada gurrun edilyanine-de dushunmezler!
Shonun uchin 8-10 klaslar uchin konferensiya. AY belki konferensiya hem dal, SOHBETDESHLIK, sorag-jogap alyshmak gechirilip bilner.
Yash chagalar uchin bolsa bashgacha yanashmaly. OLaryn gyzygyny getirjek temadan, has yenillik bilen geplemeli.

2 Sanjar: Sen 1-nji'dena

2 Sanjar:
Sen 1-nji'dena terminleri biri birine garyan, "tireparazlyk=tirelere bolunishik" yali vyvodlary etse bolyar senin postyndan ve yene birgiden sh.m. zatlar. Sen oz hatyny okanda kemchilik gorman bilersin sebabi sen ol terminleri bilshin yali dushinyan ve hich hili problema yok yali yone beyleki adamlara has dushnikli edip yazjak bolmaly, yogsa yazanin hayri name ?...Biz on hem Merwezi bilen az vagt gidirmedik shu millietchilik ve sh.m. temalarda, hemme zat hem onyn 2 sany termeninden bashlady..
" Nacist dalde nacionalist " yali.. Mendena 1 maslahat dinlemek ya-da dinlemezlik oz ihsin : Shu termenlersiz yazip bilyan bolsan sholary ulanma, sebabi sen hem olary yalnish bilyan bolup bilersin ya-da okayan adamy confused edip bileris...
Shular yali tema gurleshilende kabir tirelere ya-da milletlere bolan, shahsy antipatiya'ni orta goymali dal, yogsa senin gorushin subjectiv hasap ediler ve edil senin yali pikir edyanlerden bashgasy sana gulak asmaz...

Bu yerde ortadaki zat belli

Bu yerde ortadaki zat belli Badboy. bolmanda haysi tarapa çeksen çekibermeli bu aydilyanlari. Yöne terimler bu dilçilerin işi biz muny türkmençilikde nahili ögrenen bolsak beyle ulanaris. yöne onun başga manylara yada bu söz beyle dal beyle bolmali diyyan bolsak ony ayratin bir tema şekilinde açip ol yerde köp zat yazip bolar ...

tirelere bölünişigi

tirelere bölünişigi ayyrmak kyn düşer..
sebabi eyyam olar..ahli zatlara at hökmünde dakylypdyr..
meselem ahal-teke aty..
men pikirlenyan, bir teke ahal-teke aty bn buysanyarmyka? "ine bizin teke atlarymyz,in gowysy,in yüwrük, beyle at sizde yok" yalyzatlary diyyarmika bir teke?yada diyeyli teke bolmadyk tekeleri şu at sebapli üstün göryarmika? men dogrym aytyan, özüm ahal-teke atlary bn buysanyan.. sebabi ol hem türkmen.
"yomut aty" hem degişli.. bilmedim başga arsary, salyr, saryk, alili atlary hem bardyr..
we meselem; türkmen tahyasy diyilyar.. emma menin garayyşlaryma göra..ahli türkmen tahya diyilen yerlerde ; halk arasynda "teke tahyasy" diyilyan tahya görkezilyar..
yöne yomut tahyasy, arsary, saryk beyleki tahyalary tahya hasap edilmeyan yaly göryan men.. yomut tireden bolanym üçin .
yagny diyjek bolyanym.. birhili islesen islemesen bir tiranin eden işleri, zatlary beylekiden üstün görülyan yaly.. tahya, at, haly nagyşlary, yene-yene birnaçe zatlarda bir-birleribn basleşik diymayli, deneşdirme bar!
we deneşdirsen hem birinin beylekiden üstündigi belli bolar..yagny bu diymek, şu tire , bu tireden üstün?

Menin pikirimche sheyle zat

Menin pikirimche sheyle zat az-kemem bolsa bar, esasanam tekelerin oz ichinde bar. Mena az dushmadym tiresini soranda "ay namedir oydyan, konechno teke!" diyyani. Ol "konechno" nireden chykdy mena hayran...
Ozunden aydan asyan az dal, muna seretman gechibermeli! Bolmasa tireparazlyk bize hem yokushmagy mumkin.
Barmy shu wagt ustun gorulmek?! Adamlar oz aralarynda ayiryandyrlar, shol ayrylyshyga goshulmaly dal nache basharsak! Ustun gorulsin, owsunler, owulsunler, sonunda muna bir girsen sony yok...

Quote: Bayram: not ...

Quote:

Bayram:
not ... menin pikirimçe "milletçilik" yagny "umumi milli düşinje" mekdeplerden we çagalar bagyndan bir sapak yali çagalara düşndirilmelimika diyyan ...
( Men tire taypa diyemok "umumy milli düşinje" "türkmençilik" diyyan )

Hm... bolya, yone men shol sapagy goz onume getirip bilemok. Turkmen taryhy gowy sapak, senin aydyanyny bolsa nadip durmusha gechirmeli biljek dal. Hany ayt sapakda nameler barada gurrun bermeli? Haysy temalar bolmaly? BIr kichijegem bolsa planyny chyz

ay nadip etmelem bolsa

ay nadip etmelem bolsa chagalary oz watanyny soyyan adam edip yetisdirmeli. oz beyiklerini tanatmaly, soydurmeli. yogsam iller napoleondyr beylekidir, oz beyik goryan adamlaryna guwanyp yashayarka bizem shoalra hayran bolup gezyas. emma oz taryhymyzda-da sholardan pes adam yok. in bolmanda dinimizin beyikleri, Sahabeler sholardan mun esse beyik. bir H. Omer yaly yok shol hokumdarlar, bir Osmanly patyshalaryca yok. Emma turklerinem sonky nesillerinde oz taryhyndan utanyp, yewropalylara guwanyp bilyanler kop. bizem etmeli bir zat edip. mugallymlaryn ozleri soyyalermi diyilse, bir zat etmeli velin chaltlashdyrmaly shu ishi. okuwlarda sapak edip gorkezdirmeli. menin pikirimce mugallymlar yeterlik yagdayda dal bolsa onda sholary owreder yaly sapaklary mejbury etmeli. medyada oz taryhy shahsyyetlerimiz hakda gyzykly gepleshikler doretmeli, kopeltmeli. multfilmler doretmeli mysal ucin. taryhy yerleri gezdirip eden zatlary hakda gurrun bermeli. yokmy sheyle beyik adamlar bizde? Bayramalyny gezdirmeli, gurrun bermeli. turkler Canakkaleni gezdiryaler chagalara, shol atalarynyn nameler edip watanyny gorandyklaryny gorkezyaler. yaponlar hiroshimany, nagasakini gezdiryaler. olar yalnyshrak zat hem edyaler. chagalaryna yaponlaryn in beyik milletdigi owredyaler. son dunya sheyle seredip gecyaler. bu yalnysh elbetde. cenini, olcegini gowy olcap etmeli zatlar.

biz 2-nji Jahan ushyndaky

biz 2-nji Jahan ushyndaky gahrymanlary tanadyas, soyuryas. yone bu yeterlik dal. has konelerini, sap turkmenleri, muslumanlary tanatmaly.

Wah garypjan, bizde

Wah garypjan, bizde "Edebiyat" we "Taryh" sapaklary bar, sholarda mugallymlar hyjuwly gurrun berse, azajyk sapak berish metodlaryny uytgetseler sholaram yetikhow!
Gury iki kuplet goshgyny yat tutduryp aytdyrmakda many yok. Bir-iki sapagy yokary klas okuwchylary bilen "pikir alyshyk" sheklinde gechirsen, shol yerde Kerim Aganyn, Magtymgulynyn we sh.m. goshgularyny okap OZ HAZIRKI DURMUSHYMYZ bilen deneshdirip, analizini chagalardan sorasan soymezlermi?! Sozlerini dushundurip, manyny jemelesen bolmazmy? Sineklap oturan mugallym dine goshgy yat tutduryp, ozem irkilip otursa sen 1 dal, 100 sany watanchylyk temasynda sapak girizsenem okuwchylar "gitdim eshek, geldim eshek" sheklinde bosh gidip, bosh gelerler. Yone gatnap yorerler shol sapaklara...
Taryh sapagam sheyle, sapak berish sheklini uytgetmeli! Mugallymlaryn anyny uytgetmeli! Mugallymyn lakamy "nol" bolsa ondan beyle zada garashmak kyn bolya...

Bayram wrote: Hm... bolya,

Bayram wrote:

Hm... bolya, yone men shol sapagy goz onume getirip bilemok.

garyp wrote:

ay nadip etmelem bolsa chagalary oz watanyny soyyan adam edip yetisdirmeli. oz beyiklerini tanatmaly, soydurmeli.

Chagalary ruhy taydan turkmencilige yakyn yetishdirmek, beyiklerini, taryhyny, milli zatlaryny tanatmak, watany soydurmek ucin shu wagt mekdeplerde yorite Mukaddes Ruhnama diyip sapak bar, siz okamadyk bolup bilersiniz, yada mugallum shu temalary gowy dushundirip bilen daldir?!

Dine mekdeplerde ahli yil dal, yokary okuw jaylarynda, ish yerlerinde hem bar. TV-de hem az "promote" edenoklar. Bularyn hemmesi Turkmenleri Ruhy taydan beygeltmek we turkmenciligi saklamak ucin diyip bilyan mena....

Hawa, yone menin pikirimche

Hawa, yone menin pikirimche nache taze sapak goshsan==>okuw yili kopelmeli. Eger 10 yillik sistema boljak bolsa onda matematika, fizika we himiya yali sapaklary kop bermeli bolyar we turkmenchiligi okadyan sapaga yer galanok(galmaly dal aslynda). Eger beyle sapak girizmek dogry bolsa, onda orta mekdebi 11 ya 12 yil etmeli.
Menin pikirimche 10-11 yil gowy, turkmenchilik barada, watansoyerlik barada bolsa taryh sapagynda aytmaly(has kop), edebiyat sapagynda hem shuna degmeli. Yorite ayratyn sapak achmaga hajat yok. Achylsa bolsa showinistiki zatlar ichi dolar, yagny oz milletini owup arsha chykarmak we sh.m. Mundan bashga-da kop aydybersen, yagny yilin dowamynda shol owup yorsen, onda suwy chykya.
PS Garaz mena sheyle sapagyn effektiw bolmagy uchin bashgarak hereket etmelidigine ynanyan. BIrem sheyle sapak bolsa HOKMAN okuw yili artmaly!

2 Sontansanjar: Sen shol

2 Sontansanjar: Sen shol tutduryp dursynla "Onler biz 1 bitevi Turkmen bolan" diyip..A shu vagt name 8 sanymy ?? Ya Turkmenchilik'den chykan tireler barmy ?
Hemmamiz Adam atadan gelyas, sen indi hemme halklary hem 1 yere uyshirjekmi ve olaryn ustundaki shu vagtky label'lary ayirip, hemmesine 1 ayt goyjakmi ?? Name uchin tire diylen zadyn ezeli dushmany diylen yali yazyan ?? Onler bizin halkymyzyn kop bolegi gochemen durmysh yashapdyr, shu vagtky yali "shaher" diyip agzalyan, constant duran shaher az bolan ve ol adamlar Tire'leri boyuncha tanalan edil shu dovurdaki "Ashgabatly", "Kakaly", "Tejenli" ve etc bolshy yali... Senin yazyan zatlaryn 1 gram hem baglanyshygy yok millietchilik dushinjesi bilen sebabi barde milleti bolege boljek bolyan adam yok, bu uje belli condition'lar sebapli emele gelen zatlar ve olar asyl manysynda, uytgedilman galsa milletin biteviligine hich hili hovp abandiranok...Senin hatyny okap vopshe gulip oturmaly, sana galsa ne Velayat bolunishigi galjak, ne Shaher, ne-de Oba.. Hemmamiz Turkmen ve nokat...Kakaly,Marly,Tejenli--diymek bolanok, millieti bolyan.
Sheylemi ??
Sen tireleri ortadan ayirjak bolma-da elinden gelyan bolsa adamlarin kellesindaki "ustden seretme" pikrini ayir..Onki dovur tireler uchin diyilyan zat indi shaherler uchin gecherli boldy yone uytgan zat name ?? HICH ZAT...
Tire --))) Shaher =That's it !!! Charjovlilere tat ya-da shat,Marlylara-Marruh, Dashoguzlylara yene birzat diyyaler ve etc , ve muny adamlar "insult" gornushinde aydyalar, prikol zat uchin hem dal...Tak chto sen birazajyk manysyna seret ol tire taypa bolunishiklerinin, yogsa taryh sapak berenin bilen hich zat uytgemeya..

Charjewlilere, yagny

Charjewlilere, yagny Turkmenabatlylara-da tat diymek yalnysh aslynda. Tatlar turkmen we ozbeklerin garyndysy. Yone Lebapda olardan bashga-da arassa turkmen tireleri kop, hemmesine tat diyyanler gaty samsyklar. Ol yerde arsarylar, sakarlar we beyleki tireler bar.
Tatlar bolsa dine Turkmenabat(Charjew) shaherin ozunde bar. Yone shaherde arassa turkmenem kop.
PS Garaz Lebaplylaryn hemmesine tat diyyanleri halamok hijem.

Halamayan bolup bilersin,

Halamayan bolup bilersin, yone shuny diyyanler bar ve shu zat onki tireparazlik'dan kan tapavutly dal..Onler Plan tire sheyle,beyle diyyadiler, indi oba,shaher,velayat gornushi chykdy...Yone dushindirip bilman gechdim tire'lerin milleti hich hili bolmeyanligine edil shaher'lerin halky biri birinden uzaklashdirmayshi yali...Yone adamlaryn any osmeli, hemme adamy 1 chukura gommeli dal, bular yali gurrunlerde subjectiv bolmaly dal oz islegine gora olary describe edip, son hem at zat dakyshdyryp...
Onler bizinkiler uryshyadilar Tire-tire bolup, yone oval biz 1 milletden bolsagam 1 bitevi dovledimiz yokdi, her kim ozune han bolasy gelenson gyrylda yor..Indi olar yali dal,sistema oturdyldy, tireparazlik diylen zat ayrilar ortadan halk shaherlerde biri birine garyk yashasa ya-da adam akylly pikirlenip bashlasa, hatda bashladilar hem...
Men yokarda shat,tat zat diyip yazamda hich kimi oskarblyat etmedim, yone tireparazlik bar vagty bashga tirelerin ustunden her hili bok guyyanlarin entak hem shol ish bilen meshguldyklaryny aytmak uchin mysal berdim...