Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Orta Aziyadaky tebigy resurslaryň üstünde Orsiyediň tasiri herkime äşgär. Bu, elbetde Orsiyediň bu teriitoriyadaky önki häkimiýedinin we önden gurlan gaz geçirijilerinin hazire çenli alternanifsyz bolmagynyn netijesi.

Hazirki wagtda welin bu yagday üytgeje menzeyar. Sebabi Hytay Orta Azida hususan-da energetika pudagynda möhüm adimler ätmek bilen bu territoriyada öz tasirini artdyrmaga çemeleşyar. Hytay Orta Aziya yurtlary bilen energetika şertnamalaryny netijelendirmage we bu yurtlarda öran möhüm maya goyumlara başlady.

Düyn (14.12.2009) dabaraly ýagdaýda işe girizen Türkmenistan-Hytay gaz geçirisi bu babatda möhüm adim hasaplanylyar. Türkmenistanyn Özbegistan çagine gaty yakyn bolan Samandepe rayonynda yurt baştutany Gurbanguly Berdimuhammedow, Hytay Halk Respublikasy lideri Hu Şintao, gazak lider Nursoltan Nazarbayew we özbek lider Yslam Kerimowyn gatnaşmagynda açylan bu gaz geçirijinin Gazagystanyn üstünden geçyan bölegi-de iki gün ön Nazarbayew we Hu Şintao tarapyndan dabaraly yagdayda açylypdy....

....Hazirki yagdayda Hytay-Türkmenistan arasyndaky söwda möçberi 2000-nji yildan bari 40 göterim artmak bilen 1-2 milyard dollara barabar. Bu gun Türkmenistanda 35 sany Hytay şereketi 53 proyekt üstünde iş alyp baryar. Umumy möçberi 1 milyard dollara barabar bolan bu proyektlar energetika, telekomunikasiya, ekerançylyk, tekstil we gurluşyk yaly dürli pudaklary öz içine alyar.

Düyn (14.12.2009) dabara bilen açylan Türkmenistan-Hytay gaz geçirisi elbetde bu iki yurt arasyndaky aragatnaşygyn baryp yeten sonky nokadyny görkezyar. Jemi uzynlygy 7000km bolan bu gaz geçirijinin 2000km-i Orta Azidan geçyar. Hytayin kamilleşdirilmeginde goldaw beryan Yolöten gaz yatagyndan Hytaya bolan gaz geçiriji doly işe girizilende, Türkmenistanyn bu yurda yilda 40 milyard kubametr gaz satmagy göz üňünde tutylyar.

Bu gaz geçiriji Türkmenistandan başlap Özbegistanyn üsti bilen Gazagystana, ondanam Hytay Halk Respublikasynyn Gündogar Türkistan Regionyna, ol yerdenem Hytayin milli gaz ulgamyna baglanyar.

40 milyard metrkub mawy yangyç Hytayin yillyk mawy yangyç talabynyn deňyarysyna barabar we şu nukday nazardan Türkmenistan Hytayin in esasy gaz öndürijisi bolup duryar.

Türkmenistan yilda takmynan 70 milyard metrkub mawy yangyç öndüryar. Hazirki wagta çenli Orsiyet öndürilyan bu gazyn 50 milyard metrkubyny satyn alyardy we bu yagdaydan peydalanmak bilen Türkmenistana tasir edip öz islan şertlerini kabul etmage mejbur edyardi. Emma yagday Hytay gaz geçirijisinin amala aşyrylmagy bilen üytgeyar. Mundan beylak Türkmenistan energetika ulgamynda Orsiyede doly garaşly bolmakdan gutulyar we alternatif gaz geçirijisi edindi.

Bu, şüphesiz öran derwayis özgerme. Mundan Özbegistan we Gazagystan hem peydalanyar, sebabi bu yurtlar amala aşyrylan gaz geçirijisi bilen möhüm tranzit yurtlaryna öwrüldi. Orsiyet bolsa yagdaydan ziyanly çykyar. Köplerin yalnyş kesgitleyşi yaly bu 'oyun'da ABŞ-nyn hiç hili namy görnenok. Hytay bolsa Orta Aziya energetikasynyn möhüm oyunçysyna öwrüldi.

Ynha şu sebapden Türkmen-Hytay gaz geçirijisi öran möhüm özgerme bize göra.

FİKRET ERTAN. Türkiye ZAMAN. 15.12.2009

Bellik: bu alynma yazgy asyl bolşyndan gysgaldylyp alyndy. Yazgynyn asly Türkiye ZAMAN'yn 15.12.2009 sanynda bar.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "habarlaryn ucin minnetdar!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

menem yangja shuny okap

menem yangja shuny okap otyrdym.

mening okan yerlerime gora bu proyektten ing gazanchly chykan Hytay bolar diyyaler. sebabi eger Nabuccu proyektine türkmenistan gol cheksedi onda, turkmenistan iki tarapyng yhtiyajini doly garshylajak shekilde rezervlere eye dal bolanlygy uchin hytay yolu suwa dusher diylip dushunilyar eken. indi bolsa hytay ortasya birinjilik bolup geldi ve nabucco proyektining geljegi garanky gorunyar. mundan song ortasyada hytay dowuri bashlajak yali...

bashga bir tarapdanam bu orsyeding bizing ustumuzdaki monopoliya hakimiyetlik dowruni gutardar. dinge turkmenistanyng dal, ozbegistanyng we gazagystanyng hem bu yol bilen hytaya gaz akytmaklarynyng mumkindigini yazyalar. bu yagday butun ortasya bazarynda rusyadan bashga alternatif doredyar...

hayirlisi bolsun inshalla, turkmenistan uchin in gowysy bolayadyr-da!
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Enshallah

Enshallah

Nabucco ucin bar berjegimiz

Nabucco ucin bar berjegimiz 10 mlrd m^3, ony Turkmenistan biraz investment bilen deniz'denem alar arkayin! Hitay Yoloten'den alyar, yagny 1'i turkmenistanyn 1 tarapy, beylekisi basga ujy...Yetmezchilik bolar oydemok mena oncha trillion m^3 gaz bilen, dineje govja investment bilen gerekli yerlerde bar bolan gazlary ulanmany bilmeli.

Hitayin guni dine TM'de dal, hemme yerde-de gelyar, yone dovur acyk bazar dovri, puly beren tuydigem calar!

quote

yhlas wrote:

menem yangja shuny okap otyrdym.

mening okan yerlerime gora bu proyektten ing gazanchly chykan Hytay bolar diyyaler. sebabi eger Nabuccu proyektine türkmenistan gol cheksedi onda, turkmenistan iki tarapyng yhtiyajini doly garshylajak shekilde rezervlere eye dal bolanlygy uchin hytay yolu suwa dusher diylip dushunilyar eken.

Azyndan Hytay yaly, Turkmenistan hem gazanchly. Bu dine bir gaz geciriji dal, Turkmenistanyn tutush dasary yurt we ykdysady syyasatyna uly tasir(pozitiw tarapdan) eder oydyan.

Shu habara gaty begendim!

Shu habara gaty begendim! Allah yoluny achyk edewersin turkmen halkynyn! Biz garashsyzlygy alanymyz bari Orsyede garashly bolup gelyardik, Orslara name bolsa bize-de belli mukdar tasir edyardi! Indi beyle bolmaja menzeyar, Hytay halky ekenomika taydan chalt depginde ozgerip baryan yurt, hatda geljekdaki superpower diysenem boljak! eger Hytaya gaz yangyjynyn 50% ni Turkmenistan ondurse onda bu bizin Hytay halky bilen boljak aragatnashygymyzyn gaty umytly we peydaly boljagynyn alamaty bolup duryar! Aslyna seretsen, Hyatay bilen Turkmen halky tehnika ugrunda-da guycli ozgerlishikler alyp-barmaly. Turkmen haly nano tehnologiyasyny gaty ozgertmage matach muna Hytay halkynyn uly goshandy bolar diyip pikir etyan, dine nano tehnologiya-da dal, ahli tehniki ulgamlarda Turkmenistan Hytay, Yaponiya, we shuna menzesh osen ulkeler bilen aragatnashyk alyp barmaly, yogsa yurtda tehnologiya osmedik bolsa, hokman bir yurda garashly bolup durmaly bolyar! Bizin yurdumyzam bu kemchilikden ozuni halas eder diyip umyt edyan, gelejekde oz tehniki onumlerini ozi ondurup dunya bazarlarynda ady belli markalaryn ata-watany bolar diyip tuys yuregimden arzuw edyarin!

**********************ViVa

ASLYMARLYNJANANASY hem goshulya...:-)Osush bar Turkmenistanda, nesip bolsa hasam oser!

Orta Aziyada taze energetika oyunu...

Ortagündogardan sonra dünyanin ikinji tebigy resurslarynyn beşigi Hazar we töwereginde energetika oyunu tazeden guralyar.

SSSR-yn dargamynyn netijesinde Orta Aziyanyn tebigy resurslarynyn dünya bazaryny çykyşy Türkiye we İran ugry bilen köp dürlileşipdi. İndi Orta Aziya yurtlary üçin taze bir çykyş yoly döredi: Hytay

Bütin dünya ykdysady krizis bilen başagayka kuwwatlanmaga dowam etyan Hytay, indiden beylak yakyn gonşysy Türkmenistandan gaz alar.

Yewrusoyuzyn hemayasyndaky Nabucco proyekti bilen by-pass bolmakdan howsala düşen Orsiyet, hazir bolsa stategik hyzmatdaşy Hytayin göniden göni Orsiyedin tasiri astyndaky regionlara meyillenmegi howpy bilen yüz yüze.

Orsiyedin Yewropa bolan ekspordynyn azalmagy bilen, türkmen gazyna bolan talabyny kesmegi Aşgabat üçin trewoga hökmündedi.

Orta Aziyada Hytay döwri başlayar.

Moskwany şertnamalara uymazllyk bilen yazgaran Berdimuhammedow, taze bazarlaryn gözlegini tijendirdi. İlki bilen Orsiyedin by-pass edilmegini meyilleşdiryan Nabucco proyektine "goşulyp bilerin" diydi, sonra-da Hytay diydi.

Bu taze gaz geçirijisi türkmen yangyjyny geçirmek bilen çaklenman, eysem gazak we özbek gazynyn hem Hytaya akydylmagyna münkinçilik beryar. Açylşyga gatnaşan liderlerin gaz geçirija Taze Yüpek Yoly diymegi hem gaty manydardy.

Açylşykda söz alan Hytay lideri Jintao, dünya kyn günler geçiryarka Orta Aziya güyçlerinin birleşdirilmeginin ahmiyedine dykgat çekdi. Jintao, Orta Aziya yurtlary bilen dine bir hoşniyetli gonşyçylyk bilen çaklenman, eysem ygtybarly hyzmatdaşlygyn hem barlygyny bellap geçdi. Türkmen liderin beyanları bolsa Moskwa tarapyndan daşlaryn yerinden oynandygy manysyna gelyardi. Berdimuhammedow, Orsiyedin krizis döwründe türkmen gazyny almazlyk bilen aylyk 1 milyard dollar ziyan çekdirenligini nazara salmak bilen:"Bu proyekt dine bir söwda ya da ykdysady bolman, şol bir wagtyn özünde siyasy ahmiyetlidir. Sebabi Hytay, akylly we ileri görüşli siyasaty bilen global howpsyzlygyn in esasy guarantor/garantörlerinden biri boldy " diydi.

Hytay Türkmen gaz yataklarynda özara hyzmatdaşlyk üçin maya goyumlara başlayar. Hytay halk nebit-gaz şereketi, Türkmenistanyn gaz yataklarynda işe başlayar. Hytay özara hyzmatdaşlyk maksatly maya goyum üçin hazirden 4 milyard dollar tayinlady.

Uzak wagtdan bari Türkmenistany özüne yakin tutmaga synanyşan Rus lider Dmitriy Medwedew iki hepdanin dowamynda Türkmenistana sapara çykjak. Energy Strategy Institute of Russia/ Rusya Enerji Strateji Enstitüsü(türkmençesini tapmadym) yolbaşçylaryndan Wladimir Buşeyew The Moscow Times'a :" Moskwanyn Türkmen yangyjynyn ömür baky Orsiyedin üstünden akjagynyn pikrini etmegi yenil kellelik " diydi.
İndi bolsa gözler Medwedewin wagty nabelli Türkmenistan saparynda. Yil ahyrynyn önisyrasynda bolmagyna garaşylyan bu sparda, Orsiyedin liberal yüzi Medvedevin Aşgabady nadip göwnetjegine sabyrsyzlyk bilen garaşylyar.

Türkiye ZAMAN 16.12.2009
Cihan(Moskwa)'dan Faruk Akkan'yn habary

__________________

put on a happy face

gowy proyekt eger gelen pul

gowy proyekt eger gelen pul halkymyzyn peydasyna ulanylsa, bilim ulgamynda peydalanylsa öran gowy bolar diyip pikir edyarin. saglyk we bilim birinji meselamiz. boş duran öyler gurmak gerek dal. uniwersitet gurmaly. milletimizin an-bilim derejesini has hem ösdürmeli.

Gowy

Gowy habar!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gowy habar muna soz yok.

Gowy habar muna soz yok. Hany indi shu pipeline hakynda biraz analiz edelin.

Gepi agrasdan alyp bashlayin. Biz garashsyzlygymyzy alanymyz bari bize herkim pes goz bn seretdi. Orslar bn Eyranlylar bizi adam hasybynda seretman ozlerini yokarda tutdylar. Bizden gazy alanlarynda biz name diysek sen shona razy bolarsyn diyip shu vagta chenli arzan bahadan aldylar.Turkmenistanyn kan elinde kozer yokdy onson dine boyun bolmaly boldy. Bir gapdaldan yewropa diydi emma kaspinin ustunde orslar bn eyranlar yene bashymyza bela. Onson pakistan hindistan diydik velin bu gezek owganystany gana buladylar. onson bizin elimizde dine Hytay galdy. Hytaya haysy yurtdan gechirmeli ol kelle agyry. Gazaklar orslardan gorup ozleri direct satanoklar. Ozbeklerde Orslara satanyny gowy gorduler. beyleki gonshylar bar Tajikler bn gyrgyzlar, olarada ilki ozlerine gaz gerek onson Hytaya satmaly. Biz aslynda kan bir owunmeleiyem dal biz hytaya gaz satyas diyip. bizin heniz okde guychli politikajymyz yok, bizin elimizde bashga yol yokdy hytaya satmakdan shondan olara satyas. Men yuregim hytaya yene bir pipeline chekilse olam tajik bn gyrgyzlaryn ustunden gechse olarda kosenmez diyyan. Ay bolyada hiyal etmek gowy yone amala ashyrmak kyn. Pipeline'da gutly bolsun.

Täjigistan bilen göni

Täjigistan bilen göni serhet ýoga. Bolaýanda-da, Gyrgyzam, Täjigem dagdan doly, turba çekmek kyn bolar...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Karta seretdim velin ilki

Karta seretdim velin ilki ozbekler son tajikler ekeni. Ay daglyk bolmasyna daglykdyr, men yone yurekden isleyanda how olaram bizin gandash ve dindesh doganlarda. 2 hepde mundan ozal gyrgyza gurbanlykda et dagadyp gelenin agzyndan eshitdim, yaman erbet yagdayda diyyarler, gozlerim yasharyp gitdi.

Bushluk Seyyit bey gelip Tmni reklama edip gitdi velin bu yil UK'den kim gidyan bolsa herkimi Ashgabada mezuniyet torenine akidyarler. Turkelerem betow Orta asyanin cevheri gelishmish ulke hich kimseye taktigi yok herkese vize uygulayana ulke diyip reklama edip yorler.

Hytay gaz gecirijisi shu

Hytay gaz gecirijisi shu wagt gurulmany birazajyk gija galsa name bolup bilerdi?
Jogap: Edil shu wagt, bizin gazymyzy aljak dowlet tapmak kyn bolardy. Sebabi Rus alyp bilenoklar.
Sebabi hem Yewropa olardan onkusine gora az alyar. On Ruslar bizden 2028-e chenli her yyl 50+ mlrd m^3 almagy planlayardylar. Yone shu wagtky Gazprom byudjetine gora onumuzdaki 3 yyl boyuncha her yyl 10-11 mlrd m^3 alyp bilyarlermish...Ine shol sebapli Hytay gaz gecirijisi edil wagtynda yetishdi...

Size taze habar, muny rus

Size taze habar, muny rus dilini bilyanler hokman okasyn!

http://newsru.com/finance/22dec2009/gaz_turkmen.html

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Berdimuhammedow: Orsiyet, Türkmenistanyn strategik hyzmatdaşy.

Türkmenistanyn prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow, Orsiyedin strategik hyzmatdaşdygyny bellap geçdi. Berdimuhammedow, Aşgabatda gol çekilen tebigy gaz şertnamasyndan sonra Dmitriy Medvedev bilen kameralaryn garşysynda orsiyet bilen bolan hyzmatdaşlygyn ahmiyetine üns çekdi.

Medvedev bilen ikiçak aragatnaşyklary we iki tarapy gyzyklandyryan halkara meselelerini gözden geçirilendigini bellap geçen Berimuhammedow, terrorçylyk, jenayat we narkotajirçilige garşy göreşde hyzmatdaşlygyn artdyryljakdygyny nygtady.

Medvedev bolsa ykdysady krizise garamazdan, iki yurt arasyndaky söwda göwrüminin barha artyandygyny aytdy. Medvedev, şu yilyn ilkinji 10 ayinda iki yurt arasyndaky söwda möçberinin, mawy yangyçdan daşgary 900 milyon dollara barabar boldy diydi. Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky söwda möçberi 2008 yily bilen deneşdirilende 20 göterim artandygyny nygtamak bilen, Türkmenistanda Gazprom, Stroytransgaz, İtera, Zarubejneft, Kamaz yaly birnaçe rus şereketlerinin üstünlikli iş alyp baryandyklaryny-da bellap geçdi.

Medvedev gol çekilen taze tebigy gaz şertnamasyna üns çekmek bilen:" Taze çertnama energetika we beyleki senagat pudaklaryny öz içine alyar, has hem özgerderis. Önümizde hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin taze perspektiwalar bar" diydi.

22.12.2009
CİHAN.
sondakika.com

__________________

put on a happy face

Taze Tebigy Gaz şertnamasyna gol çekildi.

Düyn(21.12.2009) Aşgabada gelen Medvedev bu gün ir bilen Berdimuhammdeow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykdan sonra Türkmenistan bilen Orsiyedin arasynda taze tebigy gaz şertnamasyna gol çekildi. Aprel ayinda SAS-4 gaz geçirijisinde bolan awariya(yarilma) sebapli mawy yangyç alywy togdadylypdy. Şertnama Gazprom CEO-synyn orunbasary Aleksandr Medvedev we Türkmengaz Başlygy Nura Muhammedow gol çekdi. Geçen hepdede Türkmenistan-Hytay gaz geçirijisinin açylşygy Moskwany howsala salypdy.

Taze şertnama layiklykda yillyk gaz talabyny 30 milyard metrkuba çenli azaldan Orsiyet, Türkmenistana Yewropa nyrhlaryna göra tölemeli. Orsiyet önki çertnama göra 1000 metrkub üçin 300 dollar töleyardi we meyilnama göra yillyk 50 milyard metrkuba barabar bolan gaz alywy 2010-njy yilda 80-90 milyard metrkuba çenli artdyryljakdy. Her ay 1 milyard ziyan çeken Türkmenistan bolsa Hitay we Nabucco alternatiwalaryny göz önüne tutyp başlapdy.

Şertnama hakynda medya maglumat beren Orsiyedin Primyer ministrinin orunbasary İgor Seçin, taze şertnama layiklykda Orsiyet bilen Türkmenistan dine mawy yangyç bilen çaklenman, eysem nebit we beyleki energetika pudaklarynda hem hyzmatdaşlygy özgertmeklik meyilleşdirilyar diydi.

Rus energetika şereketi Gazpromyn CEO-synyn orunbasary Aleksandr Medwedew dokuz aylyk arakesmeden sonra baglanyşylan şertnama göra gaz ekspordynyn yanwar ayinyn birinden başlajagyny habar berdi. Medwedew:" Meyilnamalar göra 1-nji yanwardan gaz alywyna başlayarys. Uzak möhletli şertnama layiklykda yilda 30 milyard metrkub boljak." diydi. 2010-njy yilda Gazpromyn nahili mukdarda gaz aljagy bolsa nabelli.

ORSİYEDİN HASAPLARYNA UYMADY...

Kommersant'yn düynki(21.12.2009) sanynda taze şertnama 2010-12 yillaryny öz içine almak bilen ömrünin 3 yil boljagy we muna layiklykda Orsiyedin Türkmenistandan yillyk gaz alywy 10,5 milyard metrkuba barabar bolar diylipdi. 2010 üçin kesgitlenen nyrh bolsa 1000 metrkub başyna 222 ABŞ dollar.

Orsiyet aprel ayindaky aweriyadan ön Orta Aziyadan jmi yillyk 60 milyard metrkub gaz alyardy we munyn 80 göterimi-de Türkmenistan tarapyn üpjin edilyardi. Türkmenistanyn Yewropa nyrhlarynyn yokarlanmagy sebapli Orsiyetden 1000 metrkub başyna 375 dollar talap etmegi bilen arada nasazlyklar yüze çykypdy. Bu talaby kabul etmedik Orsiyed bolsa, awariyadan sonra gaz alywyny kesipdi.

Türkmenistanyn Hitaydan daşgary Nabucco gaz geçirijisine-de gaz berip biljegini yglan etmeginin netijesinde Orsiyed gaty howsala düşdi. Aprel ayindan bari Gazpromyn Başlygy Aleksey Miller birnaçe sapar Moskwa-Aşgabat arasynda gatnady. Medwedew hem Türkmen kardeşi Berdimuhammedow bilen birnaçe sapar duşuşyk geçirdi. Sonky duşuşyk bolsa Gazagystanyn Almaty şaherinde amala aşrylypdy.

ORİSEDİN ORTA AZİYA ENERGETİKA MONOPOLİYASYNY YİTİRMEGİ AHTİMAL.

2003-nji yilda Orsiyet bilen Türkmenistan arasynda baglanyşylan şertnama göra Orsiyedin 2010-njy yilda Trükenistandan jemi gaz alywynyn mukdary 80-90 milyard metrkuba barabar bolmalydy.

Gündogar Yewropa Tebigy gaz eksperdy Mihail Korçemkin bu gazede Orsiyet bilen bolan deslapky krizisden sonra Türkmenistanyn almaly sapagyny alandygyny we mawy yangyç ekspordyny köpdürlileşdirmegi tijendirjekdigini bellap geçipdi.

İndiden beylak Nabucco gaz geçirijisine has ymykly çemeleşyan Türkmenistan Orsiyet bilen bolan gatnaşygyny gözden geçiryar. Orsiyet, Gazagystan we Türkmenistan arasynda 2007-nji yilyn 12-nji dekabrynda gol çekilen we bu yil gurluşygyna başlanmagy meyilleşdirilen Trans-Hazar gaz geçirijisinin hem goybolsun edilmegi ahtimal. Korçemkin'e göra Orsiyed gaz talabyny artdyrmasa Türkmen yangyjynyn in uly müşderisi Hytay boljak diydi.

22.12.2009
CİHAN
sondakika.com
__________________

put on a happy face

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

"Aleksandr Narodetski Öňi

"Aleksandr Narodetski
Öňi bilen aýtmaly zat, Türkmenistan-Hytaý gaz turbasynyň açylmagy Orsýetiň Türkmenistanda diňe bir ýyllar boýy dowam edýän energiýa monopoliýasynyň tamamlanmagyna getirmedi.

Bu proýektiň durmuşa geçmegi bilen Türkmenistanyň arkasyndan goňşy Gazagystan we Özbegistan hem täze syýasy-ykdysady öwrümleri etmek mümkinçiligine eýe boldular. Hut şonuň üçin-de bu üç döwletiň arasynda gaz monopoliýasyna garşy Merkezi Aziýa bileleşiginiň dörändigini aýtmak mümkin.
Orsýetiň mediasynda eýýäm utulyşyň sebäpleri barada gürrüň edilýär. Kreml bu ýagdaýyň “Gazpromyň” Türkmenistan meselesinde gereginden artyk berk pozisiýasy sebäpli bolandygyny indi öwrenýär.

Halkara mediasy Orsýetiň Türkmenistana şeýle garaýşyny Orsýetiň gopbamsylygy we ulumsylygy bilen düşündirýär. Hut şonuň üçin-de Orsýet regionda güýçli bäsdeşi Hytaýy gazandy. Pekin bolsa özüniň dünýädäki bäsdeşleriniň birinden strategiki taýdan ähmiýetli regiony “gaňryp almakda” yzly-yzyna ädim ädýar.

Muňa kimiň günäkärdigi gözlenilýän wagty “Gazpromyň” “tora düşmeginiň” mümkindigini aradan aýryp bolmaz. Adatça, şeýle ýagdaýlarda bu energiýa monstrynda kadrlar çalşygy bolýar. Iň bärkisi “Gazprom” özüniň berk pragmatiki pozisiýasyna seretmeli we eglişikli karara gelmeli bolar. Eger şeýle edilse, bular türkmen tarapy üçin peýdaly bolardy. Eýse, Medwedew hut şeýle kompromiss bilen türkmen-ors mekdebiniň açylyşyna gatnaşmaga barýarmy?

Elbetde, türkmen gazynyň Orsýete haçan akyp başlajakdygy häzire çenli intriga bolmagynda galýar. Türkmen gazynyň akýan turbasynda aprel aýynda partlama bolandan soňra, ol kesildi. Aşgabat bu wakada Orsýeti aýyplady. Çünki, Kreml öňünden duýdurmazdan, türkmen gazynyň möçberini kemeltdi.

Kelebiň ujy ýitdimi?

Halkara synçylaryň berýän bahasyna görä, Hytaý ýaly partnyýora eýe bolmak bilen Orsýet bilen gepleşiklerinde türkmen tarapy has ähmiýetli pozisiýa eýe bolýar. Hut şunuňam Kremliň täze ylalaşygy gözlemegi üçin bir sebäp bolmagy mümkin.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şansy sypdyrjagy we mydama çylşyrymly partnýor bolup galýan Orsýet bilen gatnaşykdaky manýowrlarda täze ryçagy ulanmajakdygy gümana.Üstesine-de, Türkmenistan täze strategiki ýollary gözlemegini dowam etdirmek bilen Gündogara tarap güýçli gadamlar edýär.

Şu nukdaýnazardan prezident Berdimuhamedowyň Ýaponiýa sapary hem Orsýet üçin ýakymly däl. Merkezi Aziýada Hytaýdan başga-da, ýene-de bir güýşli bäsdeşe – Ýaponiýa eýe bolmak Moskwa üçin “Durnanyň üstüne – urna” bolar.

Bular ýaly goşa galkan Türkmenistany Moskwa üçin düýbünden elýetmez edýär. Eýse, nähili ýol bilen Kreml Merkezi Aziýadaky täsirlerini täzeden dikelderkä? Aslynda şeýle mümkinçilik Orsýetde barmy beri? Ýa-da ýagdaýlar Moskwa üçin düýpden özgerdimi we ol özüniň öňki täsirleriniň iň bolmanda iň gowşaklaryny dikeltmegiň aladasyny edýärmi?

Görnüşi ýaly, resmi taýdan Orsýet Merkezi Aziýadaky täze ösüşleri we regionda güýçleriň bölünişigini asla duýmaýan ýaly. Eýse, bu Merkezi Aziýanyň gitjek ýeriniň ýokdugyna we onuň “jylawyndan çekmäge” entek mümkinçilikleriniň bardygyna Orsýetiň ynanýandygynyň alamatymy? Ýa bolmasa-da, bu Kremliň "kelebiniň ujuny ýitirendigini” we öz ýitgileriniň öwezini dolmak üçin haýsydyr bir çykalgasynyň ýokdugyny aňladýarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli"

Oglanlar muny azathabar.com'dan aldym
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gyzykly makala, goyup durun shun yaly makalalary!"

Aslynda bizin Hytay, Russia

Aslynda bizin Hytay, Russia yaly yurtlara yagny gaz eksportynda oran kop mukdarda 40-50 milliyard m3 mukdarynda gaz satmagymyz yurdun ekenomikasy ucin biraz howplyrakmyka diyyan! sebabi yene nache yyla chenli dowam eder eger beydip kop mukdara cenli satsak!? Nabileyin, 50-60 yyla yetjegem nabelli bolaymasa! Shonun ucin bizin yurdumyz bashga onumlerini hem eksport etmegin, ya bolmasa bashga yollaryn usti bilen ekenomikany osdurmelimika diyyan. Elbetde heniz gazymyz barka hemme zat gul-ala gulluk bolup dur, hickimem beyle ansat gazanch barka kosenesi gelmez, yone dine bir zada bil-baglamak wagtyn gecmegi bilen yurda kop zyyan chekdirmegi ahmal. Mysal ucin aytsak, Amerika hijem oz icindaki gazy yada nebiti eksport edenok, (etsede gaty az satyandyr) dine bashga yurtlardan nebit-gaz alyp satyar.
Shonun yaly bizin yurdumyzam, tehniki ulgamyny osdurse, ekin-dikin pugdaklaryny tazeden gozden gecirip, dunya standartlaryna layyk gelyan onumleri ondurse, NEBIT WE GAZYNY GAYTADAN ISHLEMAGE HASAM UNS BERSE, bizde ondurilyan nebit onuminde kachestva yok. Kop adamlar dashary yurt firmlarynyn onduryan avtol ya shuna menzesh onumleri ulanlayar. Hatda bizdaki benzininem kachestvasy beylki yurtalra garanynda gaty pes. Yene esasy zatlaryn biri, turizm shertlerini gineltseler, taryhy yerlerde syyahat etmage gowy shertler doretseler ana shonda ekenomika hasam sarsmaz bolarmyka diyyan. Yogsa dine gaza bil baglap yorsek, yene-de 60-70 yyl omrumiz bar, sonundan yene bir yurdyn ganatyna girip hemayat dilemeli bolaymasak!

50-60 ýyla çenli täze

50-60 ýyla çenli täze tehnologiýa tapylmaly bolar. Biz umuman dünýä bilen deň gidýäris, ýagny diňe Türkmenistanda gutarmaz gaz gutaraýsa, dünýäde gutarar. Eger dünýäde gutaryp, bizde galsa, onda bu hem problema bolup biler, sebäbi aljak bolup gowga turuzmasalar biri, seň aýdyşyň ýaly uly mätäçlik duýulsa...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hawa, bu dogry belki yangych

Hawa, bu dogry belki yangych serishdeleri bashga zatlaryn (bashga birleshiklerin) komegi arkaly ulanylyp biler, mysal ucin shu gunlerde hydrogen(vodorod) bilen ishleyan mashyny oylap tapmak ucin kop ishler alnyp barylyar. Bizi bu gyzyklandyranok, yone menin esasy aytmak isleyan zadym bizde ekenomikany ayakda tutyan yekeje alternatiw bar diyaymesen! Olam nebit we gaz! Elbetde bashga alternatiwler bar, yone olar gaty yurda tasiri az! Biz bashga alternatiwler doretmeli, in barkisi elektrostansiyalarymyzam dine gidro yagny suwyn komegi bilen ishleyar! Biz bashga yollar bilenem elektrik alyp bilerdik, gun yshyklary, yel we sh.m! ekonomikada nache alternatiw kop bolsa shoncha gin gowrumli ozgerlishikler, osushler emele gelyar.
Birem yakynda fizika lektorymyz gaz zapasy barada bir tazelik aytdy! Shu wagta chenli tapylan gazlaryn gowrumi yer yuzundaki gazyn dineje 2%-ini tutyan eken! Ozumem hayran galdym! Galan 98%-i bolsa okeandyr, denizlerde yada yer gatlaklarynyn ashalkarynda dashy buz bilen ortulgi gornushde saklanyp galyar eken! Yagny gorulip oturlyshy yaly Allah ynsanlara bashga-da nygmatlary echiljeginin alamaty bolup duryar! Shelflerdaki yagny gaz we nebitin emele gelayn yerlerindaki bu buz ortguli gazlar yene kop asyr bizi tazeden yangych bilen upjin etjege menzeyar. Gaty tasin zat, dashy buz bilen ortulen gazlar, olary eretsen yene-de gaz almak mumkinchiligi doreyar! Heniz doly dernelenok, yone umyt bar!

Myrat

Myrat Nurgeldi

Türkmenistandaky täze hökümetiň häkimiýet başyndaky üçünji senesi bolan 2009-njy ýyl tamamlanyp barýar. Bu ýyl Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry, ýurduň energiýa baýlyklarynyň eksport ýollarynyň diwersifikasiýasy boýunça geçirilen gepleşikler we tebigy gazyň eksporty boýunça ýola goýlan käbir iri proýektler bilen bagly boldy.
Daşarky güýçler regiondaky täsirlerini güýçlendirmek üçin bäsleşigi dowam etdirýärler. Esasy oýunçylar bolan Russiýa, Hytaý, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa regiony, şol sanda Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklaryny gorap saklamak ýa-da muny gazanmak üçin iki usuly ulanýarlar: birinjisi, özara howpsuzlyk boýunça şertler, ikinjisi bolsa, ägirt uly energiýa ýataklaryndan paý almak üçin ulanylýan maliýe we söwda çäreleri.
(...)
“Nabukko” kän agzaldy emma...

"Nabukko" turbalarynyň kartasy
Ýewropa Merkezi Aziýanyň nebitini we tebigy gazyny Russiýanyň üstünden alýar. Şeýle ýagdaýda ÝB-niň energiýa üpjünçiligi meselesinde Russiýa doly bagly bolup galmagyny Bileleşigiň özünde ýiti ýazgarýarlar.

Şu ýyl Ýewropa Bileleşigi özüniň Ýewropa bilen Hazar meýdanynyň arasynda asfalt, turba we demirýol gatnawyny ýola goýjak “Günorta Koridor-Täze ýüpek ýoly” strategiýasyny yglan etdi. Şol proýektiň bir bölegi bolan türkmen gazyny Ýewropa akdyrjak “Nabukko” proýekti boýunça Ýewropa Bileleşigi çäkli öňe gidişlik gazandy, emma degişli proýekt boýunça häzire çenli türkmen hökümetiniň kagyz ýüzündäki goluny alyp bilmedi. Bu proýektiň amala aşyrylmagy ugrundaky Aşgabadyň eden esasy ädimi, “Nabukko” proýektiniň paýdary bolan Germaniýanyň RWE AG kompaniýasyna Hazar deňzindäki 23-nji bloguň ynanylmagy boldy.

24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredowa Hazar deňziniň dawaly gaz ýataklary boýunça Azerbeýjany Halkara arbitraž sudyna bermegi tabşyrdy.

Geçirijilik kuwwaty ýylda 31 milliard kubmetr bolan “Nabukko” turbalarynyň üçden birini doldurmak üçin, Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň gazyna ýol açyp, Türkmenistandan Azerbeýjana tarap turba çekmeli. Hazaryň statusy boýunça düşünişmezlikleriň dowam edýän ýagdaýynda, “Transhazar” geçirijisi petige diräp dur we Brýussel Eýrany “Nabukko” turbalary üçin tranzit ýurt hökmünde göz öňüne tutmaýar.

6-njy awgustda Russiýa we Türkiýe göwrümi “Nabukko” turbalarynyňkydan iki esse uly bolan Günorta Akym proýektiniň turbalarynyň Türkiýäniň territoriýasyndan geçirilmegi boýunça ylalaşyga gol çekişdiler. Moskwa Günorta Akym proýektiniň kömegi bilen Ýewropa barýan rus gazynyň tranzit ýurdy bolan Ukrainadan çykdaýjyly hem bolsa sowa geçmek isleýär.

Emma 2-nji sentýabrda Ýewroparlamentiň senagat, barlag we energiýa boýunça komitetiniň öňünde çykyş eden komissar Andris Pibalgs Günorta Akym proýekti boýunça Russiýa-Türkiýe ylalaşygyna garamazdan, “Nabukko” proýekti boýunça Türkiýa ynam bildirýändiklerini mälim etdi.

Şeýlelikde, Nabukko proýektiniň geljegi Hazar deňziniň statusynyň kesgitlenmegine, başgaça aýdylanda, Türkmenistan bilen Azerbeýjanyň Hazardaky gaz ýataklary boýunça ylalaşyga gelmeklerine bagly bolup dur. Şol ylalaşygyň ýola goýulmagynda bolsa, belli bir derejede Moskwa hem möhüm rol oýnaýar. Bu bolsa, “Nabukko” turbalaryna türkmen gazynyň akdyrylmagy boýunça bar bolan soraglaryň yzyna ýene bir sorag alamatyny goýýar.
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Hytaý we Eýran hem

Hytaý we Eýran hem geregini alýar

Tebigy gazyň eksporty boýunça pragmatiki öňe gidişlik iki sany gaz geçiriji bilen bagly boldy: Ýolöteniň gaz ýataklaryndan başlaýan Türkmenistan-Hytaý hem-de Döwletabadyň gazyny serhediň günortasyna akdyrjak Türkmenistan – Eýran gaz geçirijileri.

14-nji dekabrda Samandepe gaz ýatagynda Türkmenistanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan- Hytaý gaz geçirijisiniň açylyş dabarasy boldy.

Aşgabat bilen Pekiniň arasynda 2006-njy ýylyň aprel aýynda baglaşylan döwletara ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistandan Hytaýa 30 ýylyň dowamynda ýylda 40 milliard kubmetr gaz akdyrmaklyk göz öňünde tutulýar. Ors metbugatynda ýazylan sanlara görä, geljek ýylda Türkmenistandan Hytaýa 5-6 milliard kubmetr gaz akdyrmak planlaşdyrylýar, emma Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda gazyň bahasynyň henize çenli ylalaşylman galýanlygy ýazylýar. Açylan gaz geçiriji bolsa, doly güýjünde 2012-nji ýyldan işläp başlar.

Frans Press agentligi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň işe girizilmeginiň gündogardaky Pekin üçin aýratyn bir üstünlikdigini we Moskwanyň täsir çygrynda bolan energiýa serişdelerine baý regiona öz täsirini güýçlendirmek ugrunda Hytaýyň köp ýyllap eden tagallalarynyň hasyly bolup durýanlygyny ýazdy.Ýakyn günlerde bolsa, Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Döwletabat gaz ýataklaryndan geçirijilik göwrümi ýylda 12 milliard kubmetr bolan Eýrana barýan gaz geçirijiniň açylyşy bolar diýlip garaşylýar. Russiýa akýan türkmen gazy kesileninden soň, Eýrana barýan bu ikinji gaz geçirijiniň gurulmagy baradaky karar şu ýylyň iýul aýynda alnypdy.

1997-nji ýyldan bäri Eýran Türkmenistanyň demirgazygyndaky Körpeje-Gurtguýy gaz ýataklaryndan göwrümi ýyllyk 8 milliard kubmetr bolan turbalar arkaly ýyllyk 6,5 milliard kubmetr gaz satyn alyp gelýärdi. Täze gaz geçirijiniň açylmagy bilen, 2010-njy ýylda türkmen gazynyň Eýrana umumy eksporty 14 milliard kubmetre, geljkede bolsa, ýyllyk 20 milliard kubmetre çykarylar diýlip habar berilýär.

Şeýlelikde, 2010-njy ýyl boýunça Türkmenistanyň esasy gaz alyjylary 30 milliard kubmetre golaý tebigy gaz söwdasy bilen Russiýa, 14 millard kubmetre golaý gaz almagy göz öňüne tutýan Eýran we 6 milliard kubmetre golaý gaz importy bilen Hytaý bolar diýlip garaşylýar. Ýagny, başgaça aýdylanda, 2010-njy ýyl boýunça Aşgabadyň esasy gaz hyzmatdaşlary demirgazykdaky Moskwa we günortadaky Tähran bolar.

(azathabar.com'dan alynan)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.