Tmolympiad maňa name gazandyrdy?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Käwagtlar bu sahypadaky geçmişime ser salan bolýan. Name ýazypdyryn, name çyrşapdyryn bir gözden geçirýan. Elbetde bu ýagdaý köp wagt alýar emma käwagt degmanem durmaýar. Meselem ýene-de ýany ýakynda bu sahypadaky geçmişime seredýarkam başky ýazanjalarym bilen sonraky postlarymy deneşdirmage synanyşypdym.

Geçmişime syýahadymy tamamlamdan sonra pikirlenip otyrsam, agza bolan günümden şugüne dek garaýşymda, düşünjamde we wakalar garşysynda görkezýan reaksiýalarymda gaty uly üýtgeşmelerin bolup geçendigini aňdym. Belki edil häzirem bolýandyr. Aslynda mana şu blogy açdyran hem şol üýtgeşmelerin barlygyny aňmagymdy.

Synlap otyrsam ýazgylarymda başky sabyrsyz, populist, garşydaşyn pikirlerini asgermeýan, tankyd doly, kemçilik gözleýan içi bold we italic söz/sözlem doly postlaryn ýerini wagtyn geçmegi bilen has sabyrly we populistlikden saplanan, has sada uslyp bilen ýazylan postlar eýelap başlapdyr. İn esasy üytgeşme hem comment ýazýarkam düşünjelerimi gurşap alýan ruh halatymdaky özgermelermika diýýan. Sebabi ýalnyşymy kabullanyp ötünç soramagy öwrenipdirin. Käbir öňki duşman görünýän ýazgarmalaram adaty gelýar indi...

Dogrysyny aytsam ilkinji ýazanjalarymy okamda gülkim gelýar, kahalatlarda biraz ýüzim gyzarýar utanjymdan... sonra ýene-de ýaşlygyma we tejribesizligime berip öz özüme göwünlik beren bolýan.

we bu sahypa ajy-süyji tejribeleri bilen, azda-kande adamçylygymda kabir özgermelere sebap bolupdyr diýen netija geldim. köp zat gazandyrypdyr mana tmolympiad...

Aslynda hormatly agzalar tmolympiad mana name gazandyrdy? sowalynyn jogabyny sizdenem okamak islärdim...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Menem kellamden kamahal shu

Menem kellamden kamahal shu sorag gechyar.
+ler:
turkmenche yazmak ve okama azda kande gowylashdy, in esasenam yazmak diysem gowy boljak. sebabi yazamda kan zat kellamden gechyar emma sholary hich hili sozleme dokup bilmeyardim, indi biraz gowy.
Beylekilere sylag hormat artdy,
her ugurdan bir informasiya aldym azda kande owrenen zatlarym boldy
yene-yeneler
-ler:
kamahal sheyle gaharlandyryar ylaytada tohmet atylsa, ynanjyna sarpa goyulmasa
sabyrsyzlyk bolyar aram aram, olam biz adamzat bolamyzson.
yene-yeneler

Men aslynda poahf'yn edenine

Men aslynda poahf'yn edenine uly hormat goyyaryn, sebabi ol dine umumy manyda tmolympiad'yn getiren +laryny yazman, ozune kritiki seredip bilipdir, bu bolsa elmydama kyn, esasanam ozun yalnyshlaryny uly ile dokmek. Adyny bilmamson, sheyle yuzlenayyan.

Umumy manyda tmolympiad'yn plyuslaryny kop sanadym, In esasysy, men uchina, elbetde tanyshlyk. Shun usti bilen birnache gowy agalar we iniler bilen tanyshdym, mundan onem yogsam internetde oturyardym, emma Orsyetde 4-5 yil doly kontakt yitipdi. Indi kone dostlary tapdym, taze tanysh we dostlary hem edindim. Bu in uly plyus. Ay kabiri dine tanysh we dost dal, ozune yar hem tapyndow :D :Atamyrat aga tarap seredyan:

Indi ozume tasir edenini aytsam, oz biderek taraplarymy gorkezdi welin, men olary onem bilyadim azda-kande. Edil sen aydan sheklinde yazgylarymy analiz etsem, men esasy tapawudym, onler gyzykly bolayjak, yashlygyn badyna kop gurleshilayjek temalary achyadym. Bu birini tankytlamaly bolsa hem chekinman edyan zadymdy. Dogry name, haysy yagdayda name dogry yaly zatlar. A hazir bolsa indi ya yash tasir edyarmi, ya bashga zatmy, uytgedi. Dogry name eyyam Pygamberimiz aydyp gidipdir, Allanyn dostlary edip gidipdir, Kuranda hem yazylgy. Ondan bashga kan bir dogryny gozlemek kop meselede geregem dal, name, tekerlegi tazeden oylap tapmakda many barmy?! Basharsan shol dogrylara gora yasha, ozum basharyanmy? Goni yok, a onda ilinkinin yalnyshlygy name uchin meni gyzyklandyrmaly. Shon uchin, umuman, bir grupba adamy tankytlayan yazgylary sonky pylancha wagt yazmadym. Olar yalnyshlyk etdiler ya edyaler, a men edemokmy?

Indi temalarda umumy pikir alyshma, edebiyat we sh. m. temalarda gurleshjek bolyan. Ya diyeli gundelik durmush barada. Bolmasa bir dowur men goh turuzayjak temalary bilip hem achyadym.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:)

gowy sorag :) tmolympiad-y hemme +lar we -lary bilen özümçe söyyän. Shu wagt azajyk sowuklap keypsiz otyrdym :( sayta giresim geldi. kop akyl berdi elbete :) indi ulanyp bilmeli :) kän rahat yazyp bolanok mobile-den shon uçin gysgaça..maña berenlernin içinde iñ gowysy yatlamalar :)

Tmolympiad'da mena ozum kan

Tmolympiad'da mena ozum kan jedele giremok. Esasan, hem Bayram yada Mergen bilen asla! :-)
Sebabi olary ikisini yenip bilmejegimi bilyan. (Kim bilyar bolaram, yone kop wagt gerek bolar)

Jedel edip beter icine giribersen, son kim bilyar negatiw effekt bermegi mumkin.
Jedel edibilsen et. Eger birtopar wagtyny alyan bolsa onda tazeden pikirlen diyjek mena.

Tmolympiad +/- lary barada. Mena, bilemok umuman aydanda mana beren + laryny we -laryny gossan, negatiw san cykarmy yada pozitiwmi.

Minus'a belli wagtyny alyar. Yone adama bir zatlar owredyar elbetde. Mana adam gatnasyklary barada kabir owreden zatlary boldy. Uytgesik adam tipleri bar. Sen ine sholary goryan, sholar bilen nahili gatnasmalydygy owrenyan...

peydaly sahypalaryn biri..

Tm olympiad beyleki tm web sahypalaryna seredeninde has aktif hemde bolar bolmaz gürrünler kan edilenok,birem payyş sözler yada şuna menzeş hemmani birahat edip bilayjek zatlardan uzakda.Menin pikirimçe bu saytyn şeyle bolmagy onu ulanyanlaryn şeyle düzgünli we tertipli we gowy niyetde bolmagynda myka diyyan.Ellerinize güller bitsin Daşary yurtlarda okayan,işleyan,yoluny yitiren garaz türkmen kim bar bolsa maslahat berilip bilinjek saylaymaly sahypalardan biri.
****************************************************************************************
ilim ilim bilmektir
ilim kendini bilmektir
sen kendini bilmezsen
ya nice okumaktır

tmolympiad mana yaman kop

tmolympiad mana yaman kop zat gazandyrdy. dilimiz, medeniyetimiz, adam gatnaşyjklary, turkmençilik hakynda dunyagarayşymyn uytgemegine tasir etdi.. we pozitiv uytgandir diyip pikir edyan, ynanyan..

barde kop wagtym gecdi yone mana beren plyuslary sebapli wagtym biderek yada boş geçdi diyip biljekdal.. we dogrumy aytsam kuyseyanem kawagt barsini :)

Shtapyl geymanem tmolympiad

Shtapyl geymanem tmolympiad owretdimi ? :D

aha :) aslynda onler beyle

aha :)
aslynda onler beyle ahmiyet beremokdym turkmen koynege, yagny islan geyer islemeyan geymez, tapawudy name yaly pikir edyadim.. yone son sonlar turkmençiligi soyup başladym we shuwagt yaman soyyan :)

tmolympiaddan 1-2 agzanyn goldawy hem bar elbetde, meselem Hatyja mana bir turkmen koynek sowgat etdi :) leyli hem shu tomus yanynda metirkani getirip razmer zat aldy, hokman oz elim bn bir turkmen koynek tikip berjek diyip :) onson nadip geyjek dal :P

hemem men bir wagtlar gitara çalmagy owrenjek bolup yordum welin, leyli mana gopuz sowgat etdi, başda turkmen gyzlarynyn çalyan saz guralyny bir owren diyip :D

elbetde saytda yazylyp çyzylan zatlaryn hem uly tasiri bar..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

""Turkmen koynek geyin"

""Turkmen koynek geyin" diyip, gury gep etmande, koynek alyp berin gyzlara" diyyanda, ha ? :D
Indikile name geymegini isleyan bolsak sol esikden 1-2 sanysyny onunden sovgat bermelidigini bilip goyarys :P

men bir dowur Bayramyn "biz

men bir dowur Bayramyn "biz aydyas, belki peydasy deger"e menzeş birzat diyeni yadymda.. yagny "gury" gepin hem tasiri barhow :)

dine turkmen koynek dal, durmuşa, ylyma we yenede kop zada degişli yazylan zatlaryn peydasy kan boldy mana :D kawagt dagy şonça urşun jedelin bolany hem gowy bolupdyr diyyan, çunki herkim özi üçin dogry bolan zady düşündirjek bolup + we - lary bn, sebapleri we netijeleri, argumentleri bn yazdy we belkem unsini çekman gidiljek yazgy hem onça jedelden son hokman unsuni çekya we oya batyrya :D

Oho, men aydyanlarymyn

Oho, men aydyanlarymyn birine bir yerde peydasy degayipdirmay?! :D

"Gury gep" dogry shekilde taryplayar gurrunlerimizi. Yone ol hachanda praktika gechirilende, onda "ollenyar". Sheyle diyayeli :) Ine sen bizin barde eden "gury" gepimizi "ollapsin". Menem oz "gury" geplerimi "ollap" bilaysem...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

öllejek bolup gayrat et,

öllejek bolup gayrat et, öllarsin :)

aslynda Bayram birzat sorajak, onler barde oglan-gyz gatnaşyklary, durmuş hakynda kop zat yazyldy, senem az yazmadyn :) indem oylendin, onki pikirlerinde hiç uytgeşme boldymy?

Üýtgäni bar,

Üýtgäni bar, üýtgemedigem bar. Men ýöne şol soraglara täzeden göz aýlamasam, üýtgedimi aýdybam biljek däl.

Meselem, haýsy sorag barada pikirim?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

meselem oz gelnine

meselem oz gelnine awtobiografiyany gurrun bermelimi bermeli dal?
ayalyna kartoşka dogramaga komekleşmelimi?

yadyma düşyanleri şular..

Bermeli dalmika diyyan oz

Bermeli dalmika diyyan oz awtobiografiyany, men on name diyenim yadymda dal dogrymy aytsam. Yone koplench awtobiografiyan kop bolegini gelnin bilyan bolup chikayyar :D Ya ozi onden tanayan bolya seni, ya bir garyndashyn aydandyr, ya gonshyn, ya yene gyzlardan biri ya yene yene biri. Gelnin bilmeyan zatlary, shol koplerin bilmeyan zady bolup galayya, olam senin syrlaryn.

Kabir adamlar "gelnimden syrym bolmaz" ya "adamymdan syrym bolmaz" diyyaler, we belki dogram aydyalar, kumsunip gizlap gezsen garmoniya uchin gowy bolman biler. Emma kabir syrlar bar, ya bolup gechen wakalar bar, ol sen toy etmezinden OOOOOOOON bolup gechen zatlar... Men aydyanym, sholary dorjap aydanyna degenok. Sebabi eger gelnin yuregi bulanjak bolsa, ya halamajak bolsa, onson yureginden, yadyndan chykarmazmyka diyyan :) Men pikirimche, goy awtobiografiyany DOLY bilmesin. Dinde-de mashgalan garmoniyasy uchin aldamak, yalan sozlemek bolyara.

Yone muna bashga tarapdan seredeyin, ozuma bilmek islardim gelnimin awtobiografiyasyny doly :D Bilyan, ozuna doly aytman, garshydanam islemek - adalatsyzlyk. Shonda-da... Emma elbetde detallary gurrun berman, bu meseleleri bokup gechmegin yollaram bar. Toydan on detalyny soraman, umuman sorasan, biri-birine chestno jogap bersen we shol jogaplary kabul etsen, son dorjelemek hokman dalmika diyyan. Sebabi jogabyny aldyn, emma detalyny bilip, gatan boky yumshadyp name etjek? Meselem gyzlar we oglanlar on soyushenleri barmy umumy manyda sorashyp bilerler. Diyeli oglan "on soyushdim" diydi, gyzam "soyushmedim". Onson toy edenson, gyz razy bolup gelipdirda diymek, kim bilen soyushenini, name bolanyny sorap name etjek? Soralsa-da, aytmak nama gerek?

Kabir zatlar bar, gelninem bilmese gowy, yene birem. Umumy manyda aytmak yeterli toydan on, eger sheyle sorag yuze chyksa.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

A ikinji uchin yok diyyan.

A ikinji uchin yok diyyan. Gelnin edip bilmeyan, ya etmekde kynchylyk chekyan oy ishlerine komek etmeli, diyeli uly agyr telewizory ya diwany suyshurmek, yone kartoshkanyn yanynada barmaly dal :D Yagny bu temada pikirim uytganok.
Meselem, magazina zat almaga gitmeli bolsa, men mashyn suryanim uchin gidyan, yone zat almak tarapyny halamok. Garaz, men gozumde adalat shol, denhukuklylyk shol. Oye gelip kartoshka hem dograsam, onda oylenenim bilen oylenmedigimin tapawudam galmajak yaly :D Has kanrak ish diyaymesen...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

goşulyan

Bayram wrote:

A ikinji uchin yok diyyan. Gelnin edip bilmeyan, ya etmekde kynchylyk chekyan oy ishlerine komek etmeli, diyeli uly agyr telewizory ya diwany suyshurmek, yone kartoshkanyn yanynada barmaly dal :D Yagny bu temada pikirim uytganok.
Meselem, magazina zat almaga gitmeli bolsa, men mashyn suryanim uchin gidyan, yone zat almak tarapyny halamok. Garaz, men gozumde adalat shol, denhukuklylyk shol. Oye gelip kartoshka hem dograsam, onda oylenenim bilen oylenmedigimin tapawudam galmajak yaly :D Has kanrak ish diyaymesen...

ha ha dogry aytyan doly goşulyan..Yöne ömründe birje gezegem etmerin diyip bilmesinmyka diyyan sebabi herhili yagday bolup biler.Bolmalysy mana göra de şeyle..
-----------------------------------------------------------------------------------------
ilim ilim bilmektir
ilim kendini bilmektir
sen kendini bilmezsen
ya nice okumaktır

Düşündim. Sagbol

Düşündim. Sagbol jogaplanyn üçin.

Shu temada men bir topar

Shu temada men bir topar turkler bilen jedel etdim, olar mana "ay Turkiye mundan 30-40 yil on sheyledi. Nadip beyle edip bilyan?" zat diyip koplejek boldular, dine bir turk oglan men tarapymda boldy :D Yone ikimiz olary yenip gechdik. Ultimately, her kim oz kellesine gora yashayar we eger gelninem sen pikirin bilen ylalashsa, onda name problema bolup biler?
"Men oyde chayam ozum edemok, hatda tayin chayam onume getirmeyan" diyenimi halamadylar olar :D Elbetde, eger gelnin ishlese, onda bashga gep, onda kabir zatlara tazeden seretse bolar. Yone shonda-da, oyun ishini gelin etmeli diyen pikir turkmenchilikde bar. Adalat we denhukuklylyk, tebigata gora, bedene gora, fizika gora we sh. m. bizde shon yaly diyip dushundirdim olara. Aslynda, dogrusyny aytmaly bolsa, turkmenchilikde* mashgalada ayallar has kan zat edyaler diyip biljek dal. Men pikirimche, erkekler has kan edyaler, yone bashga medeniyetler, mentalitetler kan dushunmeya muna.

*Hazirki Turkmenistan bashga gep, hazir ayallaryn kopusi mashgalada erkeklerin etmelisini edip yorler, bu yagdayda, olar elbetde has kan zat edyaler.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Quote: her kim oz kellesine

Quote:

her kim oz kellesine gora yashayar we eger gelninem sen pikirin bilen ylalashsa, onda name problema bolup biler?

şul yerine doly goşulyan, eger ayalyn hem şol pikirde bolsa problema bolmaly dal.. Daşardan seredyan hiçkim hem dogry/yalnyş diymage haky yok. Bizin turkmen gyzlarymyzyn kopusi hem şu pikir bn ylalaşyamyka diyyan. Erkek öz yerini bilip öz etmeli işlerni etmeli, ayal hem öz işini.

"ayallaryn kopusi mashgalada erkeklerin etmelisini edip yorler" yagdayy narkomaniya yaly yagdaylar yenilse duzeler nesip bosla..

akgül wrote: eger ayalyn

akgül wrote:

eger ayalyn hem şol pikirde bolsa problema bolmaly dal.. Daşardan seredyan hiçkim hem dogry/yalnyş diymage haky yok.

Turkmenler ozlerine gezek gelende aydanyn bilen nache ylalashsalaram, ile degisli zatlarda "ar-ayal onussa problema dal" diyayenoklar. Eger adam yokarda yazanyn bilen her mowzuk boyuncha ylalashyan bolsa, onda ayry gurrin, yone biz ili judge etmek, yazgarmaga gezek gelende 2 pay berilen yaly, t.e. birinin ayaly govuslerinin yarsyny gorkezyan dekolteli koynek geyse hich kim "ari bilen ylalashyan bolsa bolyala" diymeyar, yogsa buda olaryn oz, ichki ishleri, goni "ari zat diyenokmyka, erkek dalmika, gabananokmyka" ve sh.m. tonnalap gepler. Belli bir yerde govydyram, yagny "dogry dal"* zatlar yazgarylmasa belki jemgiyetin ichindaki bidereklikler adaty zat kabul ediler we bu ishi edyanler kopeler, yone yene-de herkim oz limitini bilmeli, we ilin durmusyna nacherak burnuny sokup biljekdigi barada oturyp bir pikir etmeli.

*Bu zatlar hem subjectiv zatlar, kime gora dogry, kime gora yalnys!

Men aslynda mowzuk hakynda

Men aslynda mowzuk hakynda razylaşypdym, yagny gelin bn yan yoldaşynyn oyün içindaki aragatnaşygy hakyndady..
Yone senin aydan yagdayynda; geline yakynlar garyşmaga haky bar bolup biler, bir zatlar aydyp düşündirip hem biler. Yöne eger şeyle yagdayda hem gelinin adamsy "name etsen şony et, mena razy şeyle gezmegne" diyse beylekiler her naçe name diysede zat uytgemez, dine gelinin özi başga zatlardan tasirlenip uytgaymese..

Aslynda munda hem ýene

Aslynda munda hem ýene aýdylan ýalňyş däl, eger eşik temada hem ylalaşýan bolsalar, problema bolmaz. Bärde "problema" öz aralarynda, ýöne bolýan jemgyýetlerinde, diýeli obalarynda problema bolup biler. Ol eýýäm başga tema...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Jemgiyet mentalitedi basga

Jemgiyet mentalitedi basga bir jemgiyetin adamlaryna gora emele gelenok, yene-de jemgiyeti duzyan adamlardan/mashgalalardan tasirlenip uytgeyar, govy ya-da erbet tarapa bolsa-da. Munyn uchin hem 1-2 mashgalan bashbozarlyk edeni yetenok, halkyn tasirli bolegi beyle pikir edip bashlamaly. Yokarda-da mysal berishin yaly, Turklerin kopusinin su wagt oz aydyshlary bilen "kilibik" bolup yorushleri, we beyle bolmagyn umuman jemgiyetde kabul edilmegi hem mashgalalaryn bu yagdayi kabullanmagyndan bashlan zat, yogsa mashgalalar razy bolmasa, jemgiyetde beyle mentalitet doremez, dorayende-de onca halk tarapyndan kabul edilmez. Eger bizin halkymyz her mowzukda mashgalan kararlaryna hormat goyup, "oz ishleri" diyip bilen bolsa, onda umumy mentalitedin yerine individual, her mashgalan mentalitedi bolardy, yone shu wagt beyle dal, "mahalle baskisi" diylen zat gaty kok salan we bu adaty gorulyar, adamlaryn kopusi "adamlar name diyer"-e kanunyn name diyjegindenem, Hudayin name diyjegindenem kop uns beryar.
Bu mowzuk edil bu barada dal, yone mashgalada turkmenchiligin "mutate" etmeginin chakleri bolmasa, barjak yerimiz sholardan uytgeshik bolmajak yaly.

P.S. Barde turk mugallymlarda goryan menem, ayaly jan edyar, "Nirede sen ?" diyip sorayar, hamala gurlesyani ari dalde 10 yashly chagasy yaly :D Men kakama ejemin seyle sorag berenini esitmandim, sorasa "Oye geljekmi? Nahar/pylan zady sona gora etjek" dagy diyaymese, hatda onam diyende tonyny hasap soramayan sekilde uytgetmek uchin gayrat edyadi :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yada turkmen depregini

yada turkmen depregini sowgat etsen kakjak ekenida:P

menem diyyana pikirimi

menem diyyana pikirimi aydayyn?!:) Ilki bilen-a chyndanam akylly, basharjang agzalarymyz kan bolansong, bay sheyle yashlarymyzam bar-ow diyip begendiryar we chynym aytsam kabiringizing yeten ustunlikleringize guwanyan, ozumem koplench "menem turkmenleri masgara etmayin onda" shulardan yza galmayyn diyip hasam gowy okayan. Kakam diyerdi-ilden gaty onge gitjegem bolma, yone yzyndanam galma.
Aslynda bu sayt-da men yazgylarymy ilki goyup goren hemme gowy "review"(feedback) alan yerim. Kopungiz shol maslahatlar uchin oran minnetdar! shu wagtky yagdayym barada aytsam ongki yazgylarymdan "Tomusda yagan yagshy"-tazeden ishlejek, enshalla. Seyilgahi-musorka zyngdym! "Ayna we finandiyaly" ya-da tazeden ishlemeli, ichinden kop zady ayyrmaly ya-da asla bashga zat yazmaly diyen netije geldim. Mergen bilen Hatyjang shol yerde aydanlaryna indi has gowy dushunyan :)
"Baky dumanlyk"-olam yatyr, bolsa onam duyp manyny goyup tazeden yazyp gormeli.
Adam osyar, owrenyar, dushunyar, menem shol yagdayda :) mumkin yazgylarym has gowrak bolar indiden beylak, yone shonda sag bolsun aydasym gelyar! goldawyngyzam kyn wagtda peyda eydar!
kate "gonumel" kritikada(esasanam Mergen bilen Bayram aga shonga okde :P) peydaly :-)
shu yering yene bir + turkmen dilinde yazmak praktikasy, yogsa bashga yerde yazylanogam gurleshilsede, barde bolsa pikiringi yazyp beyan etmeli, onam gowja sozler bilen bezemeli.
ongki bloklarda yazanlarymy okadym welin, gulen yerlem bar, way, shuny men yazdymy diyen yerlem, ya-da indi yazan bolsam biraz uytgerdim, diyenlem hem bar.
Shu dini blolarymyzda kop-ozumi gyzyklandyryan maglumat tapyan(kan bir koment goyup oturmaga elim degmese-de)
umuman, shu demde gidibermeli hemmamiz :-)

_____________________________
Ýürek urýar tolgunýar,
Emma galam dur ýerde,
Ak kagyzlar zyňylýar,
Söz çykanok leblerden.

tmolympiadyn gaty uly arhivi

tmolympiadyn gaty uly arhivi bar. entek bashga hich sahypa dushmadym barsininki yali türkmen hakynda maglumat bolan. ayratynam atalar sozu, goshgylar, hekayalar, dini temalar mana gaty peyda edyar. ozüm kan yazmasam shu tmolympiading gechmishini dorjelap oturmany gowy goryan.

mysal uchin "garry oynasa gay turar" diyen atalar sozunun manysyny bilmeyadim, yakinda shu taydan owrendim, elbetde onun yani bilenem Bayram agan oz duzen bir topar nakyly hem peyda degdi.

hazirki gunlerde edil onkiler yali kop yazilakonok barde, emma bu hem men ozume + hasap edyan. indi vagtymy has az harjayan internetde, barybir gerekli mohum tema dushsam ozumem goyan bolyan, ve goyyalaram barybir.

ay garaz, yashasin vatan, yashasin tmolympiad :DD

____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Google'de "Turkmen ****** "

Google'de "Turkmen ****** " diyip gozlan her zadyn netijelerinin arasynda tmolympiad'am bolyar koplench :) Yagny, turkmene degisli 1 zat bolsa gurlesilenson, gugullap tapyljak birgiden info bar barde cyndanam.

arassa, turkmen dilinde

arassa, turkmen dilinde tertipli gurlemani ovredyar,ve durmushda kan ullanylmayan sozlerini yatladyar yagny yadyny ishledip duryar:D
1 pikirini jemlemage komek edyar.
oz yurdun, dap dessurlaryn barada kop habarlary alyp duryan