Bu Turkmen Ginnesing kitabyna girermi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Gurbangeldining dine G harpdan bashlayan sozlerden duzilen heakyadyr goshgylary bar.

Gurbangeldi Miralyýew, Murgap etrap Medeniýet merkeziniň Usuly bölüminiň müdüri

Goňşyňy gozgasaň göçer

Goňşy-goňşyňka gelip –gidip gadyrly gatnaşyp gezmegem gowulyk . Goňşular Garlydyr Genjim göçüp gelen günlerinden gowy goňşuçylyk gatnaşygyny goýman gatnaşansoňlar gelinleri Gülşatdyr Gülnaram goňşy goňşyňka gelişip gidişip göwündeş gatnaşýardylar . Gelmän geçen Gummatlar gabatlaryna göçüp gelensoň goňşularyň günleri galapyn goh -galmagalda geçdi . Gummadyň gelni Gurbantäç günuzyn gep gezdirip , gep-gybat gözläp gezdi. Günde-günaşa goňşularyna gykylyklap gününi goh- galmagalda geçirdi . Gözleýäni goh Gurbantäç galmagal galdyryp goşularyna gygyranda goňşulary gidişip gygyryşsalara Gurbatäjiň güni gelip günuzyn gohlaşsaňam gohdan gaçanok . Gohlaşmany gelişiksiz görüp gep gaýtarman gygyryşman gaýtsaňam gohuny goýman gaýta gitdigiçe gaty galmagal galdyrýar . Goňşy gezeňsoň gaçyp gazmyna gitjekmi , garaz gündelik günüňi goh-galmagalda gygyryşyp geçirmelide. Gummadam gelniniň goňşularyna gygyryp gohlaýanyny görsede görmediksiräp gelnine gaýtawulam görkezenok garşysynada gidenok .Gummadyň gylygyny gaty geň göräýmeli , gelni gygyryşyp goňşularynyň gapysyndan garamasada Gummat goňşuçylyk gatnaşygyny goýanok . Gelni gygyryşsa-gygyryşmasa galaba giçlik gyzy Güljäni gapdalyndan goýman gezekli-gezegine gezekleşdirip goňşularayna gelýär . Gelni gohlaşansoň Gummat gapylaryndan gelende gowy garşylaman geldi-geçer garşylasalarda Gummat gatyrganmakdan geçen gaýta gazanyň gulagynyň gyzýandygyny göräýse güýmenjiräp garnyny göjemän gidenok . Gepimiz gury gelmesin. Geliň Gummadyň gelni Gurbantäjiň goňşusy Garlynyň gelni Gülşada gygyryp galmagal galdyryşyna gulak goýalyň .
Gününi goh galmagalsyz geçiresi gelmeýän Gurbantäç goh gözläp gapdallaryna geldi Gapdallarynda gezmeläp goňşusy Gülşadyň görünerine garaşdy . Gülşadyň garasy görünenden Gurbantäç Gülşada galtap gölesine gargady
--- Gylygyň gursun gysyr göle, garaňy görsem gaharym gelýär .
Gaçgyny goh Gülşat görgüli gep gaýtarman gaýtsada Gurbantäç gününi galmagalsyz geçiresi gelmän gohlaşama gyň gamyny gözledi . Gurbantäç gapdallaryna garanjaklady-da gulajyn gölesiniň gazygyny gowşadyp gapysyna garşy gitdi . Gurbantäç gidensoň göle gazygyny goparyp Gülşatlara garşy göneldi . Göle Gülşatlaryň gögerip gelýänje günebakar gämiklerine geçip gämikleri gögermeze getirdi . Gülşat göläniň gezmeläp gämilkeri guma garyşyny görüp gynanmak gynandy . Gyssanmaç göläni goňşularyna garşy gaýtaryp Gurbantäçleriň gapysyna geldi . Gülşat gylyksyz Gurbantäjiň gohlamagynda gorkujyna gypynçly gepledi .
- Gurbantäç göläňiz gazygyny goparyp gämiklerimize geçäýipdirdä.
Gurbantäjiň göhi geldi .
- Gapymdan gelip gowy gep getireniňe gabat gelip göremmok, geçse-geçipdirde.
Gurbantäjiň gaňňasyny gyşardyp gepläninden Gülşat gep gaýtarman gaýtsada Gurbatäç gohumy goýman gapdallaryna geçip gohlap gygyrdy .

2
- Geleniňe görä gaçmada gel gaýratyňy görkezdä . Güjügiňiz Garabaýyň gyzym Güljäni gorkuzany gözüňe görünmäm , gölämiziň gämikleriňize geçeni görünýärmi .Gümüňe git gaüdyp gapymda garaň görünmesin .
Galmagalçy Gurbantäç gykylyklap goýmansoň Genjimiň gelni Gülnar geldi .
- Gyw Gurbantäç gohuňy goýaýa gaty gelişiksiz ,görenle geň görerler
Gazaba galan Gurbantäç Gülnarada gyzaryldy .
- Gohlaman gatam gohlaryn goh gözläp gapyma gelmesin ,
geçirip-geçirip geçirerligim galmady . Gowysu Gülnar goşulmada gitsene .
- Gülnar gaýdyp gepläýse Gurbantäçden gowy gep gaýtmajagy Gurbantäjiň gyzarylyp gykylyklap gepleýşinden görünýärdi . Gülnarda goluny galgadyp gep gaýtarman giden soň Gurbantäç gapysyna gelip galmagallap gygyrdy .
- Gummat gelä gyşa goýan gamyşymy gutarmanka göläni gabaly .
Gummat göläni gazyklap gelip gelni Gurbantäji gorjady .
- Gurbantäç gohuň göwräňden goçak galmagalyň gaty güýçli geldile .
- Gölämiz gämiklerine geçensoň Gülşat geldile , geçiresi gelmese garantga goýup goraglap gezsinde . Gykylyklap gözlerini gorkuzaýmasaň gaty gidýärler .
Gykylyklap goňşularyny gaçyranyndan göwnihoş Gurbantäç gaýşaryp gapysyndan girip gitdi .
*****

Garly Gowşutbentdäki galta gündelik gündüzine gözegçilige gidýärdi . Gözegçiliginden gijöýlän gaýdyp gelip gapydan gireninden gelni Gülşat Gurbantäjiň galmagal galdyryp gohlaýşynyň gylyny gyşatrman Garlynyň gulagyna guýup gyjalatly gepledi .
- Günuzyn göwnüm gysylyp gezdim Gummady getirdi gaşba-gaş gürleş . Gelnini gapyldyraýmasa gaýdyp gapyzymdan gelmesin .
Garly gelniniň gürrüňlerine gulak goýup gelnine garşy gitdi .
- Gapyňdan geleni gapyňdan göýbermän getirmezlik gaty gelşiksizlik, Gummady gelýärkäm gapdallarynda gördüm , gülüşip gadyrly gepleşdik . Gummat gowyla gelniniň gepine gidip gatnaşman gezenoga, Gurbantäjem gohlap-gohlap goýarda , gahary gaçyşýança gaçarak gezäýerler .
Garlydyr Gülşat gürrüňlerini gutarmanka gapydan Gummat girdi .Geň göräýmeli Gummat gyzy Güljäni goýup gaýdyp getirmändir . Gurbantäç göýbermedimikä ? Gyzyny göýbermesede Gummada goýberipdir. Gummat gelniniň goýberenine – göýbermänine garaman gaýdandyr . Gummat Garlyny gatladan gelýärkä görendigine garamazdan gapydan girişine gadyrsyrap gaýtadan görüşip gürrüňe girişdi .
- Goňşular geleňsizligimizden gölämiz gämikleriňize geçäýipdirde , gaty gynandym . Gurbantäjiň gölämizde günä goýman gohlap gygyranyna gaty görmäň , gelmeli –gitmeliräkdä . Gölämizem güýz gelýänçä guzlamasa gassaba geçirjek .
- Gummat gelinleriň gohuna goşulman gapymdan geleniňem gaty gowy . Gämikler gämüne gitsin , göle geçmändede günebakar goşa gulak gögerip

3
- görünenden gögerçin goparybam galmaga goýanoga . Gummadyň gepine gulak gabardyp Garlynyň gaty- gaýrym geplemezligi gaharyndan gowşaşan Gülşadyň gaýtadan gaharyny galdyrdy .
- Gelinleriňiz gygyryşyp , gemrişip gezselerde goşulmadyksyrap gezeniňizi gowy görýäňizdä Gurbantäç Genjimiň gelni Gülnara gygyryp görsün Genjimiň gelinleriň gohuna goşulýanny –goşulmaýanny görersiňiz . Gurbantäç gaýtmyşyna gelip gülala-güllük gowy gatnaşmasa Gummadam gatnaşman geçsin .
Gülşat gyjalata galyp gaharly gürlänsoň Gummat gyssanmaç gaýdanyny gowy gördi .
- Garly, Gülşat goňşyň gaharyny gaty galdyrmankam gideýin .
- Gyssanmasana goňşy garbak- gurbak garbanaly gidersiňdä .
Gülşat garbak-gurbak getirmelkden geçen gaýta gaharlanyp gepe goşuldy .
- Günortanlyga gaýnadan gaýnatmamdan galan galak-gaçak galyndydan getiräýmesemä Gurbantäjiň gohuna ganymy gyzdyryp garaçorba gaýnatmagada gymyldasym gelmedi .
Gülşat gapyny gürpüldedip gidensoň Gummadam gozganjyrap galdyda Garla garap gtjekdigini gaýtalady .
- Goňşy gideýin, gün gyzaryp galmanka guma „Giň guýy“ goşa goýun gyrkmaga gyrkyma gitmeli .
- Gitseň gyrkymdan geldigiň gelginiň , gatyrganyp gelmäňi goýaýma .
Gördüňizmi ? Gummadyň gelinleriň gohuna goşulman , gatnaşygy goýman goňşularyna gelsede Gülşadyň gaharlanyp geplemegi , gapyny gürpüldedip gitmegi , galybersede goh-galmagalyň galmagyna gelni Gurbantäjiň günäkärligi giňgöwünli Gummadyňam güýmenmän goňşularyndan gaýtmagyna getirdi .
Guwançly gowy günlerde guwanjyňa guwanýan , gynançly gamly günüňde gynajyňa gynanýan goňşynyň gerekdigine garamazdan gep –gybata gulak gabardyp goňşyçylyk gatnaşygyny goýup gatnaşman gezýänlerede gynynsakda gabat gelinýär . Goňşuçylyk gatnaşygyndan gozgan gürrüňlerim gutarmanka goňşy-goňşa goňşokara gatnadyp , goňşy goňşyňka gelip gidip gadyrly gatnaşyp gezmegiň gowulykdygyny guwançly günlerdede gynançly günlerdede goňşynyň gerekdigini gaýtalasym gelýär .
Geliň goňşularymyza gadyr goýup gadyrly gatnaşalyň .

Murgap etrap Medeniýet merkeziniň

Usuly bölüminiň müdüdi : Gurbangeldi Miralyýew

Garabasma

Gülälekli gülzarlykdan
Gyz gelýär görki görkana
Gara gözli galam gaşly
Göz gerek görkün görmäge

Gulagynda gulakhalka
Gaşy göwherden gupbasy
Geýen geýnüwne gelişýär
Guýma gaşly gülýakasy

Gözastyndan gyýa garap
Gyz gelensoň golaýyma
Görmegine göwnüm gidip
Gollarym goýdum goýnuna

Guçdum gysyp gujagyma
Gursagyma göwsün goýup
Ganatlanyp göwün guşum
Ganat gerdi gökde gaýyp

Garsa gözlerim gerildi
Görenlerim garabasma
Galdym garaňky gijede
Göwnüm gaplap gaýgy-gussa

Gultundyryp gözden gaýyp
Gitdi görkana gözelim
Gursakda galdy gaýgyly
Goşan gysgajyk gazalym

Gurbangeldi Miralyýew
Murgap etrap Medeniýet merkeziniň
Usuly bölüminiň müdüri :

Garaşsyzlygyň gymmaty
1
Garaşsyzlyk gazanan günümizden günler geçip gitdigiçe Garaşsyzlygyň gadyr gymmaty gowşaman gaýta gitdigiçe güýjäp Garaşsyzlyga guwanmak guwanýarsyň . Gadymdan gelip gowşan golýazmalara göz gezdireniňdede geçmişdäkilerimiziň Garaşsyzlyk gazanyljakgüne garaşyp-garaşyp geçendiklerini görýärsiň .Geçmişde gardaşlarymyz gutarnykly garaşsyzlyk gazanmasalarda gaýry garşydaşlaryny golaýlaryna getirmän goranyp göreşip geçipdirler .
Garaşsyzlygy gorap Garaşsyzlyk gazanmagyň gaty gymmatdygyny geçmişde geçip giden ganly gyrgynçylykly göreşlerde güwä geçýär .
Geçmişde gapdallarymyzy gurşap geçiren gaýry goňşularymyz gaýradanam –günortadanam , gündogardan-günbatardanam gezekli-gezegine ganly garpyşyga garakçylyga gelip gardaşlarymyza gün görkezmändiler . Gerçeklerimizi gul gezdirip gyz-gelinlerimizi gyrnak gomaklygy gara göwünlerine getiren gelmişekler gapyllykda garakçylga gelip ganly göreşler galdyrypdyrlar . Garpyşykly göreşlerde gardaşlarymyz gelmişeklere garşy gaýduwsyz göreşip gaýtawul görkezipdirler . Gelmişekler gum-guklyk garaňky gijelerde gelip gyra-gyraklardaky gardaşlarymyzy gyrypdyrlar . Gardaşlarymyza golaý-goltumlardan goldag gelmänkä goýun-guzy , geçirilerini gäwmüşlerini geçitden geçiripdirler Günuzyn gün-güzeranlaryny gowylandyrmagyň gözleginde gydyrdanyp geçiren gardaşlarymyzy ganly garpyşykly göreşler göçüp –gonup gezmeklerine getiripdir . Gyrakladylyp gezilen gardaşlarymyz gözýetmez giň Garagumda gysylyp gezipdirler .
Göçüp giden görnükli guýmagursak gazalçylarymyzda goşan goşgylarynda Garaşsyzlygyň gymmatyny , Garaşsyzlyk gazanylmagyna garaşmak- garaşandyklaryny görkezip geçipdirler . Gaýrynyň golastyna garap gul gezenlerinden gara guma garylanyny gowy görýän gardaşlarymyzyň gahrymançylykly göreşlerini gujur gaýratyny güýjüni , gaýduwsyzlygyny goşgularynda giňden görkezipdirler .
Görnükli gazalçylarymyz goşan goşgularynda garyndaşy-garyndaşa garşy goýýan galat gep-gürrüňlere, gybatlara gulak gabartman gaýta garyndaş-garyndaşy goldap gelmişeklere garşy goşuluşyp göreşmelidigini görkezip geçipdirler . Gazalçylarymyzyň goşan goşgulary garpyşykly göreşlerde goç gerçeklerimiziň güýjüne güýç goşupdyr. Gelin-gyzlarymyzyň gam-gussaly göwünlerini galkyndyryp ,garry gojalarymyzyň gaýratyna gaýrat goşyupdyr.

Ganhorluk görkezip gargyşa galan
Gözi gandan ganman gyrgyna gelen
Ganymlara garşy göreşe galan
Görogly gardaşly gerçeklerimiz

2
Gapyllykda – gaflatda gelen ganojak
Gaýgyrman gojany-garryny gyrjak
Ganymlara garşy gursagyn gerjek
Görogly gardaşly gerçeklerimiz
Gujurly golunda gylyç göteren
Ganymlary gylyjyndan geçiren
Gajarlary ,gyzylbaşy gaçyran
Görogly gardaşly gerçeklerimiz

Garaşsyzlygy gorap , Garaşsyzlyk gazanmagyň gaty gymmatdygyny Gökdepe galasyny goramaklykda görkezilen gahrymançylykly göreşlerde güwä geçýär . Günbatar gapdalymyzdan goşun gerip gelen goly ganly generalyň goşunynyň göýjüne garamazdan gardaşlarymyz geňeş geçirip , geňeşde gelmişekleri gala göýbermän , galany goramaklyk goldalynypdyr . Gelmişekler galany gabagda gurşap goýupdyrlar.Galanyň gyralarynda gorplar gazyp germawlar gurupdyrlar Gabagda gurşalyp goýulan gadaşlarymyz galanyň goragynda gelmişeklere gaýtawul görkezip gijesi-gündizi göreşselerde gün-günden güýçleri gaçypdyr . Galanyň gapdal goly gürpüldäp gaýdansoň gelmişekleriň goşuny gala girip garryny –gojany gyz-gelini gygyrman gabat geleni gyrypdyrlar . Gyşyň gazaply günlerinde geçen Gökdepe göreşi galany goraýjylaryň gyrylyp golaý-goltumdaky gardaşlarymyzyň gaýry goşunynyň golastyna geçmeginde guratdy .

Galanyň gapdaly giden giňişlik
Giňişlikden gala gaýtdy gelmişek
Gelmişekleň garşysyna göreşjek
Gylyçly ,gürzüli gerçeklerimiz
Gähnäp gerçek gireninde gyrgyna
Gurşun gülle girýän girdi gursagna
Gany gidip güýji gaçan gerçegne
Goşulşup göreşen gojalarymyz
Garpyşykdan göge galýar gykylyk
Gelmişege görkezilýär garşylyk
Goýnunda gursakça golda gyrkylyk
Göterip göreşen gelinlerimiz
Görkezme görkezdi göhert goşunna
Girdi gaýry goşun galaň gujagna
Gülýakasyn galkan goýup gursagna
Göreşen görmegeý gözel gyzlarymyz

3
Görilmedik gyrgynçylyk görüldi
Goç gerçekler gyzyl gana garyldy
Gyz-gelinler ,gojalarmyz gyryldy
Gökdepe galany goraýjylarymyz

Gelmişek gyransoň gabat geleni
Gyňajyn galgadyp garry görgüli
Görüstanlyk galada galdy gözgyny
Gujaklap gelmeze gidenlerimizi
Guma gyryldyňyz gerçeklerimiz
Guma gyryldyňyz gojalarymyz
Guma gyryldyňyz gelinlerimiz
Guma gyryldyňyz gözel gyzlarmyz
Gorap Garaşsyzlyk gahrymanlarmyz

Gökdepe göreşi gutaryp ,gardaşlarymyzyň galanlary gaýtawul görkezmän gaýry gelmişekleriň golastyna geçselerde günleri gowulaşyp gidibermän ,gaýta günleri günuzyn gum gysymlap güzaplykda geçipdir . Gulakçylygyň giňemegi garamaýak görgülileriň günlerini gitdigiçe garyplaşdyryp ,gozgalaňlaryň galmagalyna getiripdir .
Gardaşlarymyz „Gyzyl goşun “ gelip „Gyzyllarar“ goşulup gezen günlerindede gowy günler görmän geçipdirler . „Gyzyl goşuna “ goşulyşyp gaýry garşydaşlara garşy gulakçylyga galtamançylga garşy göreşip graždanlyk göreşini gerdenlerinden geçiripdiler .
Ganly graždanlyk göreşi gutaryp ,gowsunan gardaşlarymyz gasyn-gasyn gabarçakly gollarynyň güýjünden gün güzeranlaryny gowylandyrmaga girişipdirler . Gün-günden ganymatlaşýan günlerine guwanyp ,geljekde gowy günleriň gelerine garaşyp gelipdirler. Gardaşlarymyzyň geljege gowy gadamlar goýup ,gyzgalaňly geçýän günlerini gaýtadan garaňkylyk gaplady . Gözi gandan gyzaran gitlerçi Germaniýa gorkunç goşun gerip gyrgyna geldi . Gardaşlarymyzda „Gyzyl goşuna“ goşulyp girlerçi german goşunlaryna garşy göreşde galdylar. Gaýduwsyzlyk ganyna guýlan gardaşlarymyz gitlerçilere garşy göreşlerde-de gahrymançylyk görkezip göreşdiler.Göreşe gitmän galan gartaşan garrylarymyzdyr , gyz-gelinerimizde gol gowşurman gijesi –gündizi gollarynyň güýjünden gitlerçilere garşy göreşe goşant goşdylar .

Gaýgysyz günümiz gaýgyda goýup
Gitlerçiler geldi goşunny gerip
Gardaşlarymyz göreşmäge galdylar
Gitmäge göreşe galjaň geldiler

4

Gitjek gardaşlaryn garsa gujaklap
Gözleri gözýaşly galdylar garap

Gözler garap galdy gidenlermize
Gorkusyz ,gypynçsyz gerçeklermize

Gelensoňlar göreş gidýän giňişe
Gerçekler girdiler ganly göreşe

Gök gürleýär, gök güwleýär gopgundan
Gazaply göreşiň galýan gohundan

Gyzaryp gözleri gandan guduzlap
Gitlerçi goşunlar gelýär golaýlap

Garagöz gerçegmiz gazaplananda Gyzgyryp garymdan garsa galanda

Ganymyň güllesi göwreden geçip
Gapdal gaýtdy gerçek güýjünden gaçyp

Göwre gagşap galmasada gurbaty
Gysymyna gaty gysyp granaty

Garysyna galyp garap görende
Gurşap ganym golaýyna gelende

Granatyň gulagyny göýberdi
Ganymlary güm-gidene gönderdi

Gijesi –gündüzi göreş galmady
Gara gurum galyp gögi gaplady

Göreşdi gerçekler ganyn gaýnadyp
Gaçdy ganym garamady gaňrylyp

Ganym göreş gaýgy gynanç getirdi
Günler geçip ganly göreş gutardy

5

Göreş gutarsada gözler gülmedi
Giden gerçeklerimiz gaýdyp gelmedi

Gaýry gonamçylykda gubury galyp
Gerçegimiz gelmedi göreşden gaýdyp

Güýç gaýratyn gujuryny gaýgyrman
Göreşen gerçeklerimiz gahryman

Gutaryp göreşler geçsede günler
Gaýdyp gelerňize garaşýar gözler

Gitlerçi generalyň german goşunlarynyň garşylyk görkezmän „Gyzyl goşynyň “ golastyna geçýändigine gol goýup güwä geçensoň gitlerçilere garşy göreş gutardy .
Ganym göreşiň gutaranyna günler geçip gitsede ganly göreşiň getiren gam-gussalary göwünlerizden gitmeýät . Göreşe giden gerçekleriniň gaýdyp gelerine garaşyp gözleri garanjaklap galan gelnejelerimizi göreniňde gynanyp ,gynançdan göwünlerimiz gyýylýar .

Gerçek gideninde ganym göreşe
Garap gitdi gyzjagazna gelnine
Gideninden gelni günde – günaşa
Garaşdy gerçegniň gaýdyp gelerne
Gelmesede gerçek günler geçsede
Garaşyp guwançly gowy günlere
Garanjaklap gaýta-gaýta gelneje
Garaşdy gerçeginiň gaýdyp gelerne
Göki göýä görkana gözmonjugy
Gyzjagazy gapdalyna gelenne
Gyzdan gizläp görkezmän gözýaşyny
Garaşdy gerçeginiň gaýdyp gelerne

Gyzjagazy gulpagyna galgadyp
Gireninde gelnejäniň gujagna
Gözleri gülsede göwni gamlanyp
Garaşdy gerçegniň gaýdyp gelerne

6

Gyz goçaldy gelnejede gartaşdy
Garaşdylar günbe-günde gerçegne
Gyzy, gelni goşalanyp garaşdy
Gahryman gerçegniň gaýdyp gelerne

Görüp gynansakda gelnejemize
Guwanýarys Gahrymanyň gelnine
Görelde görkezip gelejegmize
Graşdy gerçeginiň gaýdyp gelerne

Geçmişde gardaşlarymyz garyp gasarlygy gahatçylygy ganly göreşleri gerdenlerinden geçirip gezdiler . Gerdenlerinden gowgaly günleri geçirip göwniçökgünlikde gezen gardaşlarymyza Gudraty Güýçlimiz gülüp garady . Güýzüň güneşli gününde Graşsyzlygymyzy gazandyk , gazanan Garaşsyzlygymyzy goldap golaý-goltumlardan ,gyra-gyraklardan gutlaglar geldi Garaşsyzlyk gazanylyp gün-güzeranlarymyz gowylanyp gözýetimler giňedi . Görülmedik gymmatlyklar gazanylyp gaýşaryp gezmeli günler geldi . Garaşsyzlyk gazanan günümizden goňşylara gowy gatnaşyklar goýulyp gowy gatnaşyk gözläp gelýänlere gapylarymyz giňden gerildi .
Goşunlarymyz görme-görşe gelip-gidip , goňşylara gezmäge gidilip gelinip gatnaşyklar giňedi . Graşsyzlyk gazanylyp gurulan gatbar-gatbar gurluşyklar görmäge göz gerek Göbek ganymyz ganan Garagumymyz „Gök guşakdan“ gurşalyp girdigiçe gözelleşýär. Garagumda gazylýan ,gurulýan gurluşuklaryň germi gün-günden giňeýär . Garaşsyzlyk gazanylyp Garagumyň göwsünden gazylýan gymmatlyklardan , goňşylarymyza göýberilýän gazymyzdan gelýän girdejiler gün-güzeranlarymyzyň gowylandyrmagyna gönükdirilýär. Gektarlap-gektarlap gögerdilýän gowaçadan , gitdigiçe gabarýan güýzlik guşgursak galladan goşmaça girdejiler gazanylýar .

Gazanan Garaşsyzlygymyza guwanyp „Galkynyşlar“ günlerimize gadam goýup gelýän günlerimizdede gurulýan gurluşyklaryda görmäge göz gerek . Giňdiwaryň gerşine galyp görkana gurulan gurluşyklara garanyňda gündizine gözüň gidip, gijelerine gözüň gamaşýar .Garagumda gyzgalaňly gazylýan gözýetmez giň göwrümli gazuwyň gurluşygy gutaryp ,gyralary gülzarlaşyp güzerinde guwa- gazlaryň gagyldaşyp -gykuwlaşyp gezjek günleride golaý geldi. Geljekde goňşularymyza geçiriljek gaz geçirijileriň gurluşygy gutaryp ,goňşularymyza göýberiljek gazdan geljek girdejiler gaznamyzy galňadar.

7

Gözimiziň göreji Göýä gümmez galamasy
Göwnümiziň guwanjy Gabaryp görünmesi
Garagummyzyň genji Guşgursakdan gallasy
Garaşsyzlyk gymmaty Garaşsyzlyk gymmaty

Gözüm gidip görenim Garagumda gazylar
Gowaçada geregim Gory gazly guýular
Gudrat gören Garagum Gerşi garly gaýalar
Garaşsyzlyk gymmaty Garaşsyzlyk gymmaty

Göwnümizi göterji Gülle geçmez galamyz
Gazna genji getirji Gije-gündiz goragmyz
Gurulýar gaz geçirji Güýç –gaýratly goşunmyz
Garaşsyzlyk gymmaty Garaşsyzlyk gymmaty

Görjekmi gel gowyny Gara gözümiň garasy
Garpyzyny gögüni gopuz,gyjak,gargysy
Gant goşulan gawuny Goşa gulak gazmasy
Garaşsyzlyk gymmaty Garaşsyzlyk gymmaty

Goradylar geçmişde
Goraýas „Galkynyşda“
Gorap geziň geljekde
Garaşsyzlyk gymmatyn

Gadyrdan gardaşlar „Galkynyşlar“ günlerimizde galkynyp,Garaşsyzlyga göwnümdäki guwanjymy , Garaşsyzlygyň gadyr gymmatyny gysgaça galama geçirdim . Geliň geçmişdäkilerimiziň garaşmak garaşyp görmän geçiren ,gazanan Garaşsyzlygymyzy gyýa garajak gözlerden gorap gezeliň

Gurbangeldi Miralyýew .
Murgap etrap Medeniýet
Merkeziniň Usuly bölüminiň müdüri :

Galpyň gazany gaýnamaz
1
Güýçgeldi goňşusy Gylyjy gapdalyndan goýman gurluşyk gurýardy . Gün gaty gyzansoň günortan golaýlandan Güýçgeldi gurluşygy goýup günortanlyk garbanara getiren gowurmaçlanan goýunuň gapyrgasyny gazança guýup gaýtadan gyzdyrdy . Gowy gyzansoň güllüje gaba guýdyda güjümiň gün geçmeýän gapdalynda geçip Gylyjya gygyrdy .
- Gylyç güýmenip garaşdyrmasana ,gel gyzgyny girmänkä gyzgynjaklygyna garbanaly
Gylyç gelip Güýçgeldiniň gapdalyna geçip getiren gatygyny , gyzdyrmasyny goýuşdurdy.Gyzdyrmanyň gapdalyndan gyzgynjak gowurlan goýnuň gapyrgasyndan gowy garnyny göjediler . Garbanansoň Güýçgeldi gapdala gyşardyda Gylyja gep gatdy .
- Gylyç gün gaty gyzýar, gyssanman gyzgyn gaýdyşansoň gijiräk galarysda .Gylyç Güýçgeldini goldady .
- Gyssanman gymyldamyzdada gurluşyk gowy gidýär , gün-günden galýany göze gowy görünýär.
Güýçgeldi gurýan gurluşygyna garap göwnihoş gepledi .
- Gün gaty gyzyp güzap görkezsede golaý günlerde gurup gutararys . Gurluşygy gutaryp gurluşykdan gazanan gazanjymyz golumyza gowşanda gören görgilerimiz gidip göwünlerimiz giňärde Gylyç gülümjiräp gep gaýtardy .
- Gurluşygymyzy gurup gutarsak gezelenje gidip gelnejemi gezdirip gelersiňdä .
- Gylyç Garaýapdan gullukdaşym gazamatda. Gizlinlikde geroin getirýärkä gümrükhana gelende gümrükhana gullugynyň gözegçileri gapjap goluny gandallap gözenekden garatdylar . Gurluşygymyzy gurup gutarsak günibirin gullukdaşymy görmäge gitmeli. Geçen gyşda görüp gelişim , garamtyl güpbüli gulakçynyna gaşyny gömdürip gözgyny garaýşy gözümden gidenok
- Güýçgeldi geroine galtaşana gynanmasana , garagy gapylsyn.
- Gynanman gullukdakak gaty gowy görüşip gezdik . Gullukdan gelibem gatnaşyklarymyzy goýmadyk . Gara ýürek , gra niýetlä gabat gelip gepe gidendirdä , gullukdakaga gujur-gaýratyndan görelde görkezip gezdi .
- Güýçgeldi gödegiräk geplänime gaty görme, gepiň gerdişine görä gürläýdim.
- Geroine galtaşansoň geçen gezeklerde Gadyr gijesine gabatlanynan günä geçişliklerdede günäsi geçilmedi . Güýçgeldidir Gylyç gürrüňleşip günüň gyzgyny gowşansoň guşluga golaý galdylar . Gurluşyga gyzgalaňly girişip garaňky gatlyşyberende goýup gyrmyl-gyrmyl gaýtdylar . Güýçgeldi garaňky gowy gatlyşansoň gelip gapydan girmänkä gelni Gülnäzik gyzjagazyny göterip garşylady .
2
- Güýçgeldi geldiňmi, gijiräge galdyňla , geýimleriňemä guma garyşypdyr, gowy geýimleriňi getirýänçäm gyzyňy göterip güýmesene .
- Gojak gyzam göterdermi , gel gyzym gapdaljygyma gel . Güýçgeldi gyzjagazyny göteresi gelsede göwresi garader geýimleri garagäz guma garyşansoň götermän gyzjagazyny gyzykdyryp gürrüňe güýmedi . Gülnäzik Güýçgeldiniň geýim –gejimlerini getirip , gyzjagazyny göterip gapydan girip gitdi . Güýçgeldi gelýänçä gyzgynjak gutap gawun-garpyz gap- gaçlary goýuşdyryp Güýçgeldiniň gelrine garaşdy . Güýçgeldi gelip gowy garbanansoňlar Gülnäzik gaýgyly gepledi .
- Güýçgeldi gullukdaşyň Gurtgeldiniň gelni Güljahan gelip gitdi . Gaýynlary gidäý-gidäýläp gaýtalap goýmnansoňlar gaýdypdyr . Garry gaýynlaryny goýup gaýdansoň gyssanmaç günin gelip gitdi .
- Görsene Gülnäzik gabat gelşini , günortanlygymyzy Gurtgeldiniň gürrüňinde geçirip golaý günlerde Gurtgeldini görmäne gitjekdigimi Gylyjyň gulagyna guýup goýupdum .
- Görgüli Güljahanyň görýän günine gaty gynanýan görmedigi göründe galdy , gaýynatasy guragyrly, gaýynenesem gözleri görmekden galyberen göwni-ýarym garrylary Gurtgeldiniň gaýgysam gurbatdan gaçyrandyr .
Gelniniň gürrüňleri Güýçgeldiniň gonjuna gor guýdy . Güýçgeldi gulagynyň gapdalyny gaşap göwnine geňeşdi .
- Gülnäzik gowysy gurluşygyň gutaranyna garaşyp gijikdirmäýinde gün galandan Gurtgeldini görmäge gideýin , Gylyjam görüp geçirendä.
Gitseň gideniň gowy Güljahanyň gönilemesede Gurtgeldini görmäge gidäýseň gowy görýändigi gepinden görünýär . Gülnäzik gapdalyndaky gyzjagazyny göterip Güýçgeldä geçirdi .
- Güýçgeldi gyzyňam gapdalyňa geçirde geçde gyşar , gün galyp- galmanka gitmelisiň gijede gaty gysga

*******
Güýçgeldi gazamada gelip gabaghananyň gapysynda girmeli gezegine garaşdy . Garaşdygyça Gurtgeldi gazamada girmänkä gezmäge gelenndäki gürrüňleri Güýçgeldiniň gulaklarynda gaýtalanyp gözlerinden gaýtadan geçdi ....
Gullukdaşlar gürrüňleşip gowy gürrüňe gyzansoňlar Gurtgeldi gepi gapdala gyşartdy .
- Güýçgeldi günüňi günuzyn gyzgynda güne garalyp , gyşyň gazabynda galpyldap guma garyşyp gum göterip geçjekmi .
Güýçgeldi geňirgenip gepledi .
- Gum göterip-götermän gurluşykçydyrynda , gymyldaman gazanç gazanman gezseň günüňemä görmelidir .
- Goýsana Güýçgeldi garzynyp gezmäňdede gazanç gazanmagam görnüş- görnüş .Gynanmanjyk gapjygyňy galňadyp gurplyja gezesiň gelse
3
gullukdaşlaryňa gulak goý . Gynanman günüňi golgowşurup geçirseň gapjygyňam galňamz gurplam gezmersiň . Gurluşyk gurup gazanýan gazan jyňdanam günümi gowy görýän .
- Gördä gullukdaş gözel göwnüň .
Gabaghana girmeli gezegi gelnsoň Güýçgeldi göwün gepletmesini goýdy . Gabaghananyň gözegçileri Güýçgeldiniň goştorbasyny gowy gözden geçirensoňlar gözenekli gapydan göýberdiler . Güýçgeldi gabaghananyň gözegçi garagulynyň görkezen gapysyndan girip Gurtgeldiniň gelerine garaşdy . Güýçgeldiniň gulaklaryna Gurtgeldiniň „Gynanmanjayk gapjygyny galňadyp, guruplyja gezesiň gelse gullykdaşyňa gulak goý “ gürrüňleri gaýta-gaýta gelensoň Güýçgeldi gaýtadan göwnini gepletdi .
„Görsene Gurtgeldiniň gürrüňleriniň galanyna gulak goýman gyzyklanmaýşyny“ Gümürtük gürrüňlerinden galplygyň girdabyna girip , geroine galtaşanyna güman gitmeýşimi . Güman gidenligimde garşysyna gidip galplykdan gaça gezdirmegiň gamyny gözlärdim .
Gurtgeldiniň gapydan girmegi Güýçgeldiniň göwün gepletmesini goýdurdy . Gullukdaşlar gujaklaşyp gadyrly görüşdiler .
- Gurtgeldi gurgunçylykmy gowymyň
- Gurgunçylyk gulladaş gowymyň gelniň Gülnäzigem gurgunmy , gyzyň goçalýarmy .
- Gurgynçylyk gaty gowy gülala - güllük . Gaýtmankam gelnň Güljahanam gelip gidipdir, garrylaryňam ganymat , gyssagara gaýdamsoň görmän gaýdaýdymda . Gurluşyk guramsoň gündelik galynman gidilýär gün galyp – galmanka gidilip giçlik gaýdyp gelinýär gaýdyşyn görüp guwandyryp geçerindä Gurtgeldi gaýgyly gözlerini gözýaşa gapladyp , gultunyp geplemedi . Güýçgeldi goştorbasyna güýmenip gullukdaşynyň gultunyp , galagoply galpyldaşyny görmediksiredi . Goştorbasyny gyraraga geçirip gazetiň gatyny gerip goýdyda , getiren gowurdakly gapmasyny goýdy .
Gurtgeldi gel geçsene garbak-gurbak garbanaly . Gullukdaşlar gürrüňleşip göwünli –göwünsiz garbanyp gowurdakly gapmany gapdala geçirdiler . Gurtgeldi güpbe gyzaryp gabaklaryny galdyrman gepledi .
- Gönimden gelsem gullukdaş günüňe guwanyp , gözüm gidýär. Guşagyňy gaýym guşap gollaryň gara güýjünden gurluşyk hurup gazanýan gazanjyň gadyram gaty gymmatdyr . Galplyga gözümi gapdyryp gaty günä gazandym . Görene gözgülban garyndaşlaryma goňşy golaňlara gadyrymy gaçyryp görnerligim galmady . Garaşyp- garaşyp gözleriniň gören , gijesi –gündizi goraglap goraglap garabagryna guwanyp gezmeli garrylarymyň göwünlerini gyýdym . Gartaşanlarynda goltgy, goldag gerek garrylarymy goldaman gaýta garrylarymyň garamatyna gelnime goýup gaýtdym .
Gurtgeldi gitdigiçe gamlanyp göwün gysdyryjy gürleýärdi . Güýçgeldi gullukdaşynyň göwnini götergiläýjek gep gözläp gutulgysyz güne galdy .
4
- Gurtgeldi garrylaryňam gelniňem gaýgysynda gamlanyp gezme , garrylaryňy garyndaşlaryň goldagsyz goýanoklar geljekde gadyr gijesine gabatlanyljak günä geçilişde günäň geçiläýedida .
Gurtgeldi göwni göterilmekden geçen gaýta gürledigiçe gaýgyly göwniçökgün gürledi .
- Günde günümi günämiň geçiljek gününe garaşyp gollarymy Gurhana goýup gaýdyp galplygyň gyryasynda görünmejekdegime güwä geçjek günüme garaşyp geçirýän . Geçmişim gaýtadan gelsedi geljegime geldi –geçer garamazdym . Gazanjymy galplykdan gözlemän , gollarymyň gujurly güýjünden gazanç gazanyp gaýgysyz , gowgasyz gezerdim .
- Gurtgeldi gaty gijä galman gideýin gaýgyly günlerem gynana gyssana geçerdä . Guwançly gowy günlerde görüşeli
Gullukdaşlar galyp garsa gujaklaşdylar . Gurtgeldi gynançly garap gepini gyryljyradyp gysgajyk gürledi .
- Görüşýänçäk .

Günlerem gapdalyňa garap – garamankaň geçýär . Gyzgyn gowy gowşap gelen güýzem gutaryp gelýär . Gyş gelende gowşaýmasa Güýçgeldidir , Gylyjyň gurýan gurluşyklarynyň gyzgalaňy gowşanokdy . Gijöýlän gänbatar gapdal gowy garalansoň Güýçgeldi garaýel (gaý) güýçlenmänkä gurluşygyny goýup gaýdanyny gowy gördi Güýçgeldi gapysyna gelenden gelni Gülnäzik guwançly garşylap , golundaky gazetini güjeňledi
- Güýçgeldi geldiňmi . Gazýeti golumdan goýman , görkezmäge gyssanyp geleriňe garaşyp geçdim . Gullukdaşyň Gurtgeldiniň günäsi geçilpdi.
Güýçgeldi Gadyr gijesinde günäsi geçiljekleri görkezýän gazete göz gezdirip gullukdaşy Gurtgeldiniňde günäsiniň geçilýändigini görüp guwanjyndan göwni göterildi .

:

1
Gelnimiň göwni galandan

Gullukdan gelerime garaşyp gelen gelnejem gullukdan gaýdyp gelenimden goňşy geňeşlikden Gully Gammaryň gyzy Garagyzlara gudaçylyga gitdi .
Gully Gammarlar gelnejemiň garyndaşyragydy . Gulllyga gitmänkäm gelnejemlere gezmäge gidenimde gürleşip görmesemde Garagyzy görüpdim Garaýagyzdan gözi goçagyrak , gaşlak gyzdy .
Gudaçylyga giden gelnejem günorta golaý gelip gapydan girdi .
- Gandym günüň geldi , göwneşdiler , Garagyzyň gardaşy Guldurdy göwünli –göwünsizräk . Galan gardaşlary Gulberdem , Gulmyradam ,gelnejelerem göwneşdiler .
Garagyzyň gardaşlary Gulberdidir Gulmyrada gabatlaşyp görmesemde Guldurdyny görüpdim . Guldurdy gün – güzeranyny gassapçylykdan görýärdi Goçak göwresine gelişmeýän gödeňsi , gülendede gözi-gaşy gamaşyk gorkunç görünýän göhertdi . Gepländede gedemliginden gaty gompysyrap gepleýärdi . Gelnejem gülümjiräp gözlerini güldürdi :
- Garagyzam garaýagyzrak ,geplemsegiräk , gözi gyşygyrak görmeseň göwnaçykdan gaty galjaň gyz . Görüşip gepleşmäge gitmäge göwneseňä golaý günlerde Garagyzy görüp gepleşip geljek .
Gelnejeme garşy gitmedim . Göwnemediksiräp garşy gitsem gaňyrlygyndan gelnejemiň gaýdyp gudaçylyga gitjegi-gitmejegi gümana .
- Gelneje görüp gelseň gürleşmäge gidäýerin. Görüşip göwneşsek geljegimizede gowy . Gelneje Garagyzy göreniňde gürleşsene görüşmäge gije gelmän gündiz gelsinle .
Geňirgenseňizem gönimden geleýin, görüşmäge gije gitsem gowylygyň gyrasynda görünmeýän , garadan gaýtmaz Guldurdynyň gabat gelmeginden gorkýardym .
Gelnejem Garagyzy görüp gelensoň gürleşmäge gitmeli günem geldi . Gün gyzaryp galanyndan gelişiklije geýiml;erini geýip Garagyzy görmäge gitdim . Gelnejemiň gurnamagyna görä Garagyzlaryň gabat goňşularynda günorta golaý Garagyza garaşmalydym . Garagyzlaryň goňşularyna gelip girlegeden girişime gawyrdap goňur güjük garşylady . Güjügi görüp gorkymdan gymyldaman gaty gygyryp göýberdim . Gykylygyma güjük guýrugyny galgadyp gorkup gaçyp gitdi . Gorkydan galpyldaýan göwräme garap gülümjiräp garagözelek gelin gapdalyma geldi :

2
- Geleweriň gorkmaň Goňurja gowy güjükdir .
- Gurgynmysyňyz gelneje goňşyňyz Garagyzy göräýjekdim.
- Gandymmysyňyz gurgynçylykmy geliň , geçiň gapydan girip göniňdäki gapa giräýiň .
Gelnejäniň görkezen gapysyndan girip garasam garşymda gülümjiräp Garagyz .
- Gurgunmysyňyz Garagyz
- Gurgynmysyňyz Gandym geldiňizmi Goňurjadan gaty gorkdyňyzmy gykylygyňyza gaplaňam gaçyrjak .
Garagyzyň görküne gözüm gidip gaýta – gaýta gzlenjek garadym . Garagyzyň gözüniň garasynyň gyşyklygy görküni gaçyrman , gaýta görküne görk goşup görmegeý görkezýär .
- Garagyz gel Goňurjaly gürrüňi goýalyda gudaçylyk gürrüňe geçelile . Göwneseňä gelinalyjy günümizi gijikdirmän gyssanaly .
- Göwnäp- göwnemän geçirmeli galyňyň gylyny gyşartman getiriň ...
Garagyz gürrüňini gutaryp – gutarmanka Garagyzlar gapdaldan güýçli gykylyk geldi . Garagyz garsa galyp gawsanyň gyrasyndan garady :
- Gelnejemle Guldurda gygyrýar . Gazanç getirmedik güni gohlap Guldurda gün görkezenok
Guldurdynyň garadan gaýtmazdygyna garamazdan gelninden gorkuyşyna gaty geň galdym . Garagyz göni gözüme garap göwnihoş gepledi :
- Gandym güýmenmäýinde gideýin, gelnejeň gelsinle geçirmeli galyňy gürleşip gitsin . Galanynam göriberisdä .
Garagyz gidensoň gorka-gorka gapydan garap Goňurjany gözledim . Goňurja görünmänsoň garabaşagaý gyssanmaç gaýtdym .
Goýun-geçi , geýim-gejim, gymmat goş –golaň , gap-gaç, galyň geçirip Garagyzy gelinalyjylap gapdalyma geçirdim .
Gijagyňa gelin gelip gelniňe gowy garyşyp - garyşmankaň gelniň gaýdyp gidýär . Gelniň gaýdyp gideninde giýewlemäge gitmeseň gelniň göwni galarmyş gürrüňe gulak gabardyp gaýdyp giden gaýtarma gelnimi giýewlemäge gitmäge gyssanyp , garaňky gatlyşandan garbak-gurbak garbandym . Gijelikde görünmeze gowy garamtylrak geýim – gejimlerimi geýip , gije gowy gijigensoň gaýynlaryma gitdim . Goňşy geňeşlige gelip gaýynlarymyuň gaýrasyndaky gowaçalykdan geçip gaýynlarymyň garažynyň gapdalynda gizlinlikde garanjaklap Garagyzyň gelerine garaşdym . Garaşdygymça Guldurdynyň göräýmeginden gorkup gorkujumdan galpyldadym . Görseňizläň göwnime geleniň gabat gelşini. Gulagyma gybyrdy gelip garasam Guldurdy gapdalymdada Gulberdidir ,
3
Gulmyrat . Garaşylýanyň gelmän garaşylmaýanyň gelşini . Galyp garasam göwrämem Guldurddynyň göwrsine garanyňda göýdükden girdenejik görünýär . Gepsiz-gürrüňsiz golumy gaňryp gowaçalygyň gyrasyna getirdiler . Gyzma Guldurdy gysymyny gaty gysyp gylly goşaryny galgadyp gulagymyň gapdalyny gyzdyryp göýberdi . Gorkana goşa görnerleri , gokymdan gaýynlarym gözüme goşalanyp görünip , gaýtawul görkezmäge güýjüm-gurbatymam galmady . Gaýtadan gulagymyň gapdaly gyzyp gidende gözlerim garaňkylap gitdi . Gykylyklap goh-galmagal galdyrsamda göýbermän gaýta gynamalaryny güýçlendirdiler . Gudraty Güýçli Gaýtarmyş Goja gaýtarandyrda , goh-galmagala gelnim Garagyzyň gelnejeleri gelip garma-gürmelikde gaçyryp göýberdiler . Göni gowaçalykdan gabatlap gaňyrlyp garaman gaçdym . Giýewlemäge gidenimde gidişin güýmenibiräk gitsemde gaýdyşyn gaty gaçanymdanmy, gabatlap gaýdanymdanmy, gaty gorkanymdanmy garaz göýmenmänjik geldim . Giýewlemäge gidişim gülkünçden gözgynyrak geçsede gidenime gynanammok giýewlemäge gitmän galanlygymda gelnim Garagyz göwnüniň görülmän , göwniniň galandygyny gaýtalap-gaýtalap goýmazdy
Günler geçip gatnaşyklar giňäp gaýynlaryma garyşyp-gatlyşyp gitdik . Gaýynatamam , gaýynenem gelnimiň gelnejelerem gezmäge gelip –gidip giýewisini gowy görselerde , gelnimiň gardaşlaryny görenimde gözüme gelenok . Gözüme gelmesede gaýynlarymy görenimde gülüp garşylaýan . Gaty görüp gatnaşman gezmek gowy görülenok . Gepiň gysgasy geçeni geçdi görmeli .

Gurbangeldi Miralyýew

Murgap etrap Medeniýet
merkeziniň Usuly bölüminiň müdüri :

Telpekler (10 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • Devranus 2 telpek goyyar we yazyar: "Hokman Ginnese"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!Bah! :)"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "G'ler üçin!"
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Murgabian 1 telpek goyyar we yazyar: "Doredijilik seyle bolyar."
  • orazgarayew 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Men dine telpek goyyan, okap

Men dine telpek goyyan, okap chykmak kyn boldy :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ay tuweleme. Turkmen ine

Ay tuweleme. Turkmen ine azap etse, bir zatlar etjek how!
Maladis.

tuweleme, doly okamadym

tuweleme, doly okamadym velin yene-de gaty gaty gowy yazyan eken, telpek borjum bolsun shu vagt yok-daa...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Mende kän, husyt öýdýän men :D"