Ýaşaýyş we Ölüm

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

okuwa gidip barýan. awtobusyň aýnasyndan daşary seredip. köçeden geçýän maşynlary, adamlary synlap. herkim öz hysyrdysy bilen. işe gidip barýany haýsy, okuwa ugrany haýsy.
ähli adamlar näme üçin ýaşaýalar dünýäde? men näme üçin ýaşaýan? dünýä gelipdirs ynsan bolup. näme üçin? näme üçin biz ot, haýwan, agaç ýa başga bir zat bolup ýaradylmandyrs? kellämi şeýle pikirler basdy. bularyň ählisiniň sebäbi bardy. men ölümi özüme şeýle ýakyn duýýadym 2 hepdeden bäri. dünýädäki ähli zatlardan gaçasym gelýädi. meň
derdimi düşünjek menden başga hiç kim ýokdy töweregimde. uniwersitede bardym.
jaň wagtynda daşaryk seretdim. gün çoýup dur dünýäni, hemme zat gülala güllükdi.
oglanlar basketbol oýnaýady, parkda oglanlar-gyzlaryň degişip gülişýän sesleri
eşidilýädi. ýöne ýene-de ölüm düşünjesi meň ýakamy göýberenokdy. şu görýän adamlarymyň hemmesi 60-70 ýyl soň
ýeriň aşagynda çüýrän jeset boljak. belkem süňklerem gurap galar. onda biz näme
üçin geldik bu dünýä? şeýdip okuw okap, işläp, pul gazanmak üçinmi? onsuzam
gabra gidenimizde kependen başga zat äkidip bilemzoga ýanymyz bilen. biri
aýtmyşlaýyn ýalaňaç dogduk ýalaňaçam ölýäsa biz. ölmek we ölüm nähili zatka?
belkem durmuşymyzda pikir etmekden iň gaça durýan pikirimiz şoldyr. näme üçin
gaçýas durmuşymyzyň iň gaçylmaz hakykatyndan. hemmämiz ölmelä biziň. gabyr
diýilýän şol dörtburç gutydan kim gutulypdyr. adam diýip dünýä geleniň soňy
şola. maksadymyz näme şu durmuşda? meň durmuşymyň manysy näme? ene-atammy?
watanymmy? ýa özümmi?

ýok men ölmek islämmok. entek men ýaş oglan. ýaşasym gelýä. men durmuşymyň baharynda şu wagt. etmeli işlem kän. men ene-atamy munça çeken azaby üçin razy etmelä, men entek
halkym üçin etjek zatlam bardy ahyry. ýöne näçe gynansakda ezraýyl gelende
soranokda bulary. janyňy alýa gidýä. ol ýaş garra seredenok. onda mundan çykyş ýol näme? bu zatlary ýatdan çykaryp her wagtky durmuşyma dowam etmekmi? ýalançy ahyry bu dünýä. henizem agyrýa. her agyryşynda maňa ölümi ýatladýa. tanyşlar, dostlar hiç kim bilmeýä muny.sebäbi men daşymdan seretseň şeýle şadyýan. hamala dünýäniň iň bagtly adamsy.ýöne ölüm diýlýän hakykat şeýle aýdyň. hatda şu töweregimdäkileň hemmesi
oýunjäk, ýalançy ýaly görünýä maňa. düşünýäňizmi nämedigine? kiçi ýaşly
çagajygyň elinden oýnap oturan oýunjagyny alsaň aglar. sebäbi ony söýýä. ýöne
ana kakaň geldi, daýyň geldi diýseň ylgaşlap gider hemme oýunjaklaryny taşlap.
aslynda bizem şol oýunjagy oýnaýas. şu ýaşaýan durmuşymyz şo çagajygyň elindäki
gurjakdan tapawudy ýok. biz şeýle baglanypdyrs bu ýalança. elimizden alynsa
hemme zadyň soňy geljek ýaly.

durmuş nämekä? siziň pikiriňiz barmy bu babatda? oýlanyp gördüňizmi? biz bize berlenleri iň gowy şekilde ulanyp bilýäsmi? öläýsek eger... ahyrymyz neneň boljak? pikir etdiňizmi?

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Durmushyn manysy? Allanyn

Durmushyn manysy? Allanyn size beren omrunde elinden gelen yagshylyklary etmek, gurmak, doretmek, toweregindakilere mahriban bolmak, oz mashgalany-dowletini gurmak (mashgala-da kichijik dunyajik, dowletjik), bu yalanchynyn synaglaryndan mert, ruhybelent gechmek, beyik biribaryn bize adam bolup yashamak mumkinchiligini berenligi uchin her azan shukurler etmek!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yoluny tapmak

elbetde ,bu babatda her kimin oz pikiri bamyka diyyan!yone bu dunya adam gelende onunde kop mumkinchilikler beryar durmush(ALLA),islan zadyny berya!yone gurrunem shunda-da,Adam bu dunyaden name isleyanini doly bilmeyar. Adam shu dunyaden name isleyanini doly bilse durmusham ona sho yoly gorkezya:2 yol gorkezyar,dogrusyny saylasan sen dunyan,sen islegin diyyar! sen name isleyanini bilsen durmush sana goluny uzadyan eken,sana dine yoldan yoraymek galya!
adam bu dunya vagtlayyn gelya,gelen vagtynam shadyyan gechirmek,dash toveregini dine mylaym adamlar bilen gurshasy gelya!Adam adamy yagshylykda yatlasy gelya!

menem dushunyan bu dunya vagtlayyn gelenme,her pursatda-da pikirlenyan...hich kim yok vagty hasam pikirlenyan yashayysh barada,olum barada,bilyanem sen ertirki gunun name boljagny hich kimin bilmeyanini,shon uchin shu gunume hudaya shukur diyip gulup,yashayan!Saher bilen turanyndan hudaya shukur diyyan...Belki sonky gunum,belki beyle dal,yone name bolsada adamlar yagshylykda yatlasyn bir-birini!

Gyzlar,oglanlar,bu babatda sizinem oz pikirleriniz bardyr,yazyn,gaty gzyzkly!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Her adam öljek ýaşdadyr! Berekella!"

Abat jigim gaty gowy zatlar

Abat jigim gaty gowy zatlar yazypsyn shu yerde menem garshy bolmasan yarym kilolyk kellam bilen bilyanje zatlarymy goshayyn!:):D
Aslynda uly-kici akyly kamilleship ugran ahli adam olum hakda-da yashayysh hakda-da, omrunde bir gezegem bolsa, hokman pikir etyandir. Yashayysh name? Olum name? Nirden geldik? Nira baryas? Name ucin geldik? Birem Kim getirdi? ine bize jogabyny tapmaly esasy 4 soragymyz! Biz bu soraglara dash towerekden tasirlenip, okayan kitaplarymyzdan ya-da akylly yashulydyr, pahim-payhasly adamlardan eshidip ozumizde ayratyn bir pikir dunyasi emele gelyar. Kabirleri hemme zat materiya bagly diyyar, ahli zat tebigat kanunlary bilen emele geldi diyyar, yene kabirleri bolsa yaradylyshda hokman bir YARADYJYNYN bolmalydygyna kanagat getiryar. Ine sheylelikde Yaradyjynyn barlygyny kabul eden adam, ONY has yakyndan tanasy gelyar. Sheylelik bile adam gozlege cykyar, elbet-de bu gozleg inne ya-da haysydyr bir yityan zady gozlan yaly dal, bu hakykaty gozlemek diysek dogry bolar. Bu gozlegde adamyn synchylyk duygusy, kamil akyly we fiziki tarapdan dushundirip bolmajak icki duygulary esasy roly oynayar. Ahli janly-jandaryn, oyjukden taaaa pillerdir zjirafalaryn, shunun bilen bilelikde jansyz alemin kwantlardan(hatda ondanam kici bolajiklerden) taaa galaktikalaryn jemlap aytsak durshuna butun alemin kemsiz yaradylmagy adamyn yureginden we beynisinde yagny akylynda YARADYJYNYN barlygyny kabul etdiryar. Muny uzaltsan uzaldybermeli yone men gysgaldyp, shuny aydasym gelyar. Adam YARADYJYNYN barlygyna ynananyndan sonra hokman oz YARADYJYSYNYN ondan talaplarynyn barlygyny oz wyjzdanynda syzyp bilyar! Ine mundan son bolsa hem ylmy taydan hem ruhy taydan uygun yagny ylayyk gelyan dinlerden birini saylap alyar. We shona gora durmushyny gonukdiryar. Ana mundan sonrasy bolsa haysy dini saylap alan bolsa shol yorelga gora ozuni alyp barshyna bagly. Ine shundan son ynanyan zadyny berjay etyanligi ucin oz icinde cunnur shatlyk duyyar, yada yalnyshlygy ucin gaygylanyar(eger yalnysh bolsa), kabirlerem nira baryanynam bilenok!
Olum meselesi bolsa hemmamizem iru-gic pikire batyryan zat, kopurak olumi yatlamagymyz kop zatlara peydaly, in barkisi yashayyshymyzda etyan hereketlerimize unsli bolmagymza komek etyar! Ana shonun ucin batyok agamynam aytjak bolshy yaly olum gelmaka olmek gerek, yagny ozuni olume tayyarlamak gerek!

Haý agamjan, menä siz

Haý agamjan, menä siz ölüm hakda mydama pikir edip gezýämikäňiz diýip pikir etýädim. Ýa sizem soňky günler (kabz-bast hali)dertli günler gurşap alyp başladymy. Agam, menä dogrymy aýtsam dertli wagtymy dertsiz wagtymdan has süýji ýatlamalar bilen ýatlaýan, şonuň
üçinem dertli günler maňa has eziz görünýär. Birem bilýän bolsaňyz şeýle söz bardyr:"Izdirap en duru ilham kaynagidir" yagny kynçylyklar,çileler in arassa ylham bolýar adam ogly üçin!!!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Agam 5 telpek goyyar we yazyar: "Izdirap en duru ilham kaynagidir! Berekella!"