Garaşsyzlygynyň 18 ýyllygy gutly bolsun.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Eziz ilim ertir ýagny 27. Oktýabr Türkmenistan döwletimiziň düýbüniň tutulmagyna 85ýyl, garaşsyzlygyny almasyna bolsa 18 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasibetli siziň hemmäňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Baýramlaryňyz gutly bolsun.Goý ýaşyl baýdagymyz elmydama al asmanda pasyrdasyn. Ýeneki ýyllara ýurt parahatçylygynda Garaşsyzlygymyzy gutlamak hemmämize nesip etsin.
Ýaşasyn Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Garashsyzlyk guni bilen!!!!"
  • ceriumoxide 5 telpek goyyar we yazyar: "Ahli Türkmen halkynyn bayramy gutly bolsun"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

İlki bilenä Watanymyzyň

İlki bilenä Watanymyzyň döredilmegi üçin taýsyz tagallalary edenlere, dünýä kartasynda Türkmenistan diyen bir döwleti çyzanlara ; Gaýgasyz Atabayewe we onuň ýollaşlaryna minnetdarlygymyzy aýdasym gelýär. Olara Taňry ýalkasyn diýesim gelýär. Goy olaryň yatan ýerleri ýagty bolsun.

Gutlayan

Ahli ildeshlerimizi Garashsyzlygyn 18 yilligi bilen gutlayan. Lissabonda yashayaninz bar bolsa palawjagash bishirip bellalin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hemmamizin bayramymyz gutly

Hemmamizin bayramymyz gutly bolsun.
Garassyzlyk gaty mohum zat, yone garassyzlyk status'yny almakdan has kop hakyky manyda garassyz bolmak gerek, enshalla Turkmenistan hem sozun doly manysynda Garashsyz bolmagy basharar!

S.A Niyazowy yatlamak...

Garaşsyzlyk güni bilen bilelikde S.A Niyazowy-da yatlamak güni gelip yetdimika diyyan. Adamogly çig süyt emenson gaty tiz unutyar. Yokarda Gaygysyz Atabayewlardan söz açylylpdyr welin Niyazowdan söz edilmandir.
Adamyn yalnyşlary bolup biler emma bu yagday şol adamyn dogrylaryny we yagşylyklaryny görmezlikden gelinmeli ya-da unudylmaly diyen mana gelmeyar.
Pakyryn tagallalary bilen bugün garaşsyzlyk statumyz bar. Belki-de 1991'de men garaşsyz diymage Niyazowdan merdi çykmazdy ya-da gaty az bolandyr.
G.Atabayewlara we S.A.Nİyazowa minnet borjumyz bar.
Enşalla doly manyda garaşsyzlygymyza-da gowşarys.

Bayramynyz bilen hormatly agzalar...
__________________

put on a happy face

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Men yalnişim. "

Gazagystan bilen Ozbegistana

Gazagystan bilen Ozbegistana hem garashsyzlygy Niyazow alyp berdimi? A Azerbeyjan we Gyrgyzystana?

Men Niyazowyn roluny peseltjek bolamok, men rolyny bilemok, namedigine dushunemok. SSSR dargap, bize garashsyzlyk BERILDI diylip dushunup yordum shu chaka chenli...

Sag bolsun aytmak isleyan Niyazowa sag bolsun aydybersin! Hatda sag bolsun ona indi komek edesi yok, ruhuna alham okaysyn! Emma men pikirimche Gaygisiz Atabayewin roly bilen Niyazowynkyny denemek gaty yalnysh. Atabayew karta Turkmenistan SSR-ini chyzdy, Turkmenistan diyen dowledi resmi doretdi! A Niyazow SSSR yikilanda (Bellik: Turkmenbashy SSSR-i yikmadi) Kommunist Partiyanyn Turkmenistandaky boleginin bashlygydy.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hormatly Bayram!

Hormatly Bayram siz menin çyrşanjalarymy doly okamandyrsynyz ya-da mazmunyndan bolmadyk manylar çykarypdyrsynyz...

İlki bilen şuny bellasim gelyar;
Birinjiden menin Niyazowyn aklawjylygyny etmek maksadym yok, netijede Niyazowyn kimdigini namedigini we amallaryny bilmeyan yok.

İkinjiden Niyazowyn üsti bilen Atabayewi ya-da Atabayewin üsti bilen Niyazowy aklamak ya-da garalamak niyetim hem yok.

Siz diyipsiniz Atabayew bilen Niyazowy deneşdirmek yalnyş... bolup biler. Emma men olary deneşdirmedim ahyryn. Deneşdirjegem bolmadym...
Göryan welin siz bolmadyk zatlar çykarypdyrsynyz yazgymdan.

Üstesine diyipsiniz Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana we Azerbayjan... bulary nireden itelediniz ona-da akyl yetirip bilemok.

Azik atly agza sagbolsun Garaşsyzlyga bagyşlap blok açypdyr we Atabayew we egindeşlerinin Türkmenistanyn çaginin çyzylmgynda oynan rollary üçin minnetdardygyny beyan edipdir... gaty dogry wepa görkezmek zerur.

Menem munyn üstüne önki yazgymda wyjdanymdan gelen sesi yazdym...

Niyazowy hem wepa hökmünde yatlamaly diydim, sebabi sonraky etmişleri bir tarapa, garaşsyzlygyn baş aktyory Niyazowdy mana göra we şol sebapli-de Niyazow hem sagbolsuna mynasyp...

Menin garayşyma göra bir adamy herna garşy bolsanam, yagşy tarapyna yagşy diymegi başarmaly... wyjdanymyn sesi şundan ybarat.

__________________

put on a happy face

Bolýa, hemme zat bir

Bolýa, hemme zat bir gapdala, Niýazowyň roly näme garaşsyzlykda? Baş aktýory diýipsiň.

Ýokarda "Atabaýewi ýatladyň, Niýazowam ýatla" diýeniň üçin ýazdym. Atabaýewi näme üçin ýatlamaly maňa düşnükli, sebäbi şu temada eden işine düşünýän. Näme üçin Niýazowy diýip soraýan?

Bu hakyky bilesim gelýän sorag, ýaňkalamak üçin däl. Näme ETDI? Anyk aýdyp biljek zadyň barmy "garaşsyzlyk alyp berdi" ýaly umumy we yzsyz söz aýtmakdan başga? Men ýene aýdýan, SSSR ýykyldy, SSSRden aýrylan ilki ýurdam däl biz, soňkam däl. Men SSSRiň ýykylyşynda Respublikalaryň Prezidentleriniň tekiz roly bardyr öýdemok. Sen bilýän bolsa, baş aktýor Niýazow barada, gaýrat edip, aýdyp bersene.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

...

Onda seredip otyrsan ne atabayew gahryman, ne-de niyazow başaktyor bolmaly...

sebabi 1921 de zakaspi oblasty guruljakdy, 1925 de ady TSSR-a öwrüljekdi we isle atabayew ya-da isle başgasy bolsun türkmenistanyn granisiyasy çyzyljakdy, çyzyldy-da...

yagny iş bitiryan atabayewler dal-de SSR-in merkezi Moskwady...

yogsa-da atabayew Gürgen bilen mangyşlagyn TSSR-a berilmegini islemezmidi... emma islemegin peydasy yok, sebabi moskwa bilen ters düşyar. moskwa gürgeni eyrana, mangyşlagy-da gazagystana peşgeş çekdi.

1991 de garaşsyzlygy-da SSR-in dargamagy getirdi bolyar... niyazow dal...

her iki yagdayda-da atabayew we niyazow sahnany bezeyan gurjak hökmünde görünyar.

yagny her iki yagdayda-da şahslaryn ahmiyeti yok, her iki yagdayda-da ya-da şuna menzeş wakalaryn ahlisinde şahsy yrada hiç garyşmady hasap bolyar.

__________________

put on a happy face

Wo, ine munyn bashga gurrun.

Wo, ine munyn bashga gurrun. Skeptisizm durmushda halanman biler, yone bu bilshimiz yaly ylmyn esasy fundamenti. Aydylyan we edilyan zatlara kritiki seredip bilmeli. Elbetde, kritika konstruktiw bolmaly.

Bu yazgyn bilen, yokarky yazgyndan HAS kan ylalashyan. Niyazowyn SSSR-in dargamagyndaky roly ulaldylyar. Yone Atabayewin kop ish edenini men dilden bilyan, yagny ozumin okan zadym dal. Shon uchin Atabayewin name anyk edendigini aydyp biljek dal. Bilyan bolsa, hayish edyas, yazsynlar. Gaygisiz Atabayew, Nedirbay Aytakow we sh. m. nameler etdiler? Kim bilyan bolsa, ginish yazsynla. Bashga-da Turkmenistany garashsyz etjek bolup janyny beren (?) Shaja Batyrow bar, yeneler bar... Men pikirimche gahryman sholar. Ishi onuna bolman biler, yone olar hakykatdanam uly guyje garshy goreshdiler, akyma gora bolup garashsyzlygyn otlysyna munmediler SSSR dargaberende.

Kim bilyan bolsa, Turkmenistan SSR-in taryhyny yazsynla?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gyrgyzystan we Gazagystany

Gyrgyzystan we Gazagystany ol ýere getirenimiň sebäbi, biz olar bilen SSSR-de biledir, olar bilenem garaşsyzlygy aldyk. Biziň garaşsyzlygymyzy hiç zady bagly däl ada ýaly etjek bolýana dälsiň?
Biziň TW programmalary köp görseň şeýle hem pikir edip başlaberýäň. SSSR ýaşap ýördi, baş aktýor Niýazow geldi we garaşsyzlygy alyp berdi (nädip?). Onsoň SSSR-e näme boldy?

Hakyky taryh gyzyklandyrýan bolsa, ine şundan başlabermeli
http://en.wikipedia.org/wiki/Soviet_Union#Reforms_of_Gorbachev_and_collapse_of_the_Soviet_Union

Ýene özümden goşaýyn, käbir Respublikalarda garaşsyzlyk üçin adamlar ýolda jan berdi, olaryň demonstrasiýalaryny ýatyryp onlarça adamlary SSSRiň organlary öldürdi. Biz oň ýaly bolubama garaşsyz bolmady, biz eýýäm beýlekiler bolup, arkaýynlaşansoň, asuda ýol bilen bolduk, müň şükür! Şonuň üçin, men hiç bir adamyň uly roly bardyr öýdemok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram aga siz henizem sho

Bayram aga siz henizem sho merhumyn ustune dokup otyrsynyz oytyan gunaleri!!! Elbetde, sizin tankytlamaga hakynyz yok diymek islamok, yone her name-de bolsa biz absolyutno birinin ustune guna atyp bilmeris ahyry!!! elbetde her kimde bir yalnyshlyk bar, yer yuzunde gelip-gecen liderlerin ahlisem tankytlanandyr bu dogry zat! Birem shulam anyk zat yagny siz "BASH AKTYOR" barada anyk maglumat bilyanizmi ki ol hakda absolyut tankyda barar yaly! Elbetde sizin hakynyz gorunishe gora karar bermek, yone hic pikir etdinizmi belki perde arkasynda bashga birleri bardy! Bizin bash aktyorumyzam oz aydyshynyz yaly "AKTYORDY" hacanda ol aktyorlygy tashlap indi adam bolayyn diyende bolsa..... Hawa herkim oz kellesine gora yagny oz dashky gurshawdan we ichki pikirlerinden tasirlenip belli kararlara gelyar, yone men pikirimce bize heniz wagt gerekmika diyyan!!! Biz bu zatlary wagty gelende doly dernemeli we anyk maglumata gelen mahalymyz ana shonda bir zat aytmaga hakymyz bar! In barkisi doly tanayan diyyan dostlarymyzdanam kamahallar garashylmadyk zatlar cykyar, kim bilyar "AKTYORLARDAN" nameler cykjak!

Aslynda men edil şu temada

Aslynda men edil şu temada merhumy tankynlandyryn öýdemok. "Günä döküp oturmagy" hijem etmedimmikäm diýýän. Meniň bar aýdanym, etmedik zadyny etdi diýmesek diýen arzuwym.

Birä ýaman diýmek bar, günä dökmek diýseň şol, birem öwmezlik bar. Men öwýänlerden diňe "näme üçin öwýäň?" diýip soraýan, sebäbi men hakykatdanam Niýazow SSSR-i ýykandyr öýdemok. Şu näme, günä dökmekmi? Öte meň pikirimçe, taryha beýle dar düşünje bilen seretmeli däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hawa men yalnysh soz ulandym

Hawa men yalnysh soz ulandym guna dokmek manysynda, yone tankytlayanlygyz welin hakykat! Owyanlerem ozleriche bir sebap bilen owyandirler. Yone men gaty gaharym gelyan zady yewropalylaryn bizin halkymyza "brainwashed" sypatyny ulanmaklary. bu soz mowzuk bilen name gatnashygy bar diyip bilersiniz yone ine shu soz bilen bizin halkymyzyn ansyzlygyny gorkezjek bolyalar. Belki belli bir yere cenli dogrydyram, yone yene-de men pikrimce hadysalaryn hakyky yuzi yuze cykyanca garashmak gerekmika diyyan. Ha, ay cykyanca kop wagt gecer diyip bilersiniz yone biz bilmesegem sonkylar iru-gic bilerler. SSSR-i yykan ne Nyyazow, ne-de Garbochowdyr beylekileri... Yone taryhda gomulgi galan zatlaram wagty gelende orta cykar, belki kabirleri hijem cykmaz... Gepin tummek yeri, bu zatlara kelle agyrtsan paradoks bolup bashlayar!

Iň aşakda sähel tankyt

Iň aşakda sähel tankyt giden bolmagy mümkin, ýagny problema Türkmenbaşy gelmezdenem öň kändi, gelen soňam. Demokratiýa birinje ýerde durmak bilen diýenlerim. Ýöne ondan başgasy tankyt dälmikä diýýän.

SSSR-i ýykan Niýazow däl bolsa, ol nähili garaşsyzlygy alyp berdaý onda? Biz näme, uruşdykmy garaşsyz bolmak üçin? Olam biziň generalymyz bolup öňümizdedimi?

Borda, gömülgi ýatyr ol "baş aktýoryň roly". Men bilemok, rolyny bilýänçäm Türkmenbaşy SSSR-i ýykyp bizi garaşsyz etdi diýip gezibereýin...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ine munynyz bilen ylalashyan

Ine munynyz bilen ylalashyan agam! Yone garashsyzlyk hokman urush-sogush bilen alynyamay? Syyasat usti bilen, ya-da parahatchylyk bilen alyp bolmayamy?

Ýok, SSSR umuman uruşsyz

Ýok, SSSR umuman uruşsyz ýykyldy. Käbir respublikalarda adamlar öldi garaşsyzlyk ugrunda, ýöne kän sanda ýitgi bolmady.

Türkmenistan elbetde Gazagystan däl, ýagny iň soňky garaşsyz bolan respublika däl. Ýöne biz ortalarda bir ýerdedik, ýagny ilki şu gürrüňi başlap, kynçylyk çeken ýurt däldik.

Aý umuman, biziň garaşsyzlygymyzy ada ýaly görýänler ýalňyşýarmyka diýýän. Olary diňleseň, biz hamala bir hiç waka bagly bolman, baglanyşygy bolman, "baş aktýoryň saýasynda" garaşsyz bolaýan ýaly. A aslynda bolsa, SSSR ýykyldy, garaşsyzlygymyz şoň bilen berk bagly.

Eger Niýazowyň taryha gömülgi eden edermenligi bar bolsady, bu çaka çenli ýazyp, aýdyp, öwüp halys ederdiler. Bu wagta deňeç şeýle müň dürli sypat bilen öwdüler welin, näme üçin beýle öwmesinler? Garaşsyzlyk meselesinde bolsa, umumy gürrüň bilen öwýäler. Konkrektno aýdylýan zat ýok, anyk eden zady sanalanok. "Garaşsyzlygymyzy alyp berdi". Beh, muňa nähili düşünmeli?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Hakykatdanam agam dogry

Hakykatdanam agam dogry aytyanyz! Yone eger "bash aktyor" dal bolsa, onda kim alyp berdi? Onsonam, hazirki bolyan zatlara seredyan welin henizem biz doly garashsyz dal yaly bolup dur. Gaz prowodanyn yarylmagy Turkmenistanda Ruslar bilen uly konflikt doretjek yalydy welin indi hic zat bolmadyk yaly tazeden gaz gecirip bashladylar. Hatda bahasynam peselden bolaymasalar krizis sebapli. Muna nahili dushunmeli? Shu wagt Russiada dollaryn bahasy peselyar diymek olaryn nebit we gaz sowdalary gowulashyp bashlapdyr. Sebabi Ruslaryn economikasy esasan nebit we gaza bagly. Nabucco-da Turkmenistan goshulmady. Ona derek Azerbeyjan hezil etdi. Mena henizem doly Garashsyzdyrys oydemok. Yone men pikrimce "bash aktyor" shol doly dal Garashsyzlygy doldyrjak bolup kop zahmet cekdi. Yurdyn icindaki kop Ruslaryn gocmegine sebap boldy. Halkynda dine oz-milli medeniyetlerimizi, dap-dessurlarymyzy yerleshdirjek boldy. Ine shu zatlaram owmezce dalmika diyyan. Hat-da bir tarapdan halkyny yapyk syyasat bilen biraz gorap saklamak islan yaly bolup gorunyar menin pikirimce. Resmi dilimizin Turkmen dili bolmagy hem gaty uly tapawut ahyryn, men Moskwada goryan gazakdyr, ozbek we beyleki SNG halklarynyn kopusi oz dillerinem duypli bilenoklar.

Quote: Yone eger "bash

Quote:

Yone eger "bash aktyor" dal bolsa, onda kim alyp berdi?

Bay yone sebapkar tapjak bolup dursynow...
SSSR-in yikilmagynda kompleks sebapler yatyr. Gorbachyow hem, SSSR-in ekonomikasynyn biderekligi hem, SSSR-daki diktatorlygyn adamlary halys edenligi hem, Amerika bilen sowuk urush hem, Baltika dowletlerinin shu SSSR-den ayrilma hereketlerini bashlanlygy hem...

Sen gel-gel bir gahryman gozleyan bolsan, men alyp berdim diyip dushunay. Oni-sonam sana bir delil ya subutnama gerek dala, birini owesin gelip dur. Men shol wagt 7 yashymdadym we Turkmenistana garashsyzlygy men alyp berdim. Anyk eden zatlarymy gayrat edip sorama, men dine alyp berenimi bil we mana alkysh oka. Ertir oyundaki bir otagyn adyna hem men adymy goyay...

Quote:

Onsonam, hazirki bolyan zatlara seredyan welin henizem biz doly garashsyz dal yaly bolup dur. Gaz prowodanyn yarylmagy Turkmenistanda Ruslar bilen uly konflikt doretjek yalydy welin indi hic zat bolmadyk yaly tazeden gaz gecirip bashladylar. Hatda bahasynam peselden bolaymasalar krizis sebapli. Muna nahili dushunmeli? Shu wagt Russiada dollaryn bahasy peselyar diymek olaryn nebit we gaz sowdalary gowulashyp bashlapdyr. Sebabi Ruslaryn economikasy esasan nebit we gaza bagly. Nabucco-da Turkmenistan goshulmady. Ona derek Azerbeyjan hezil etdi.Mena henizem doly Garashsyzdyrys oydemok.

Sen azajyk garyshdyryan yaly. Sen ekonomiki garashlylyk bilen siyasy garashlylygy bulashdyryan. Dunyanin guychli ekonomikalaryna barymyz hem garashly, islesenem, islemesenem. Amerikadaky krizis dunyani krizise salmadymy? Yaponiya krizise girse, yene dunya duyya. Hytayin yagdayi hemmamize tasir edip dur. Bizin regionymyzyn uly ekonomikasy Orsyet, biz ona ekonomiki garashly. Mun shu temanyn gurrunine name dahyly bar? Galyberse-de, Orsyet bizin in uly alyjymyz, elbetde bize tasir edip dur.

Quote:

Yone men pikrimce "bash aktyor" shol doly dal Garashsyzlygy doldyrjak bolup kop zahmet cekdi. Yurdyn icindaki kop Ruslaryn gocmegine sebap boldy. Halkynda dine oz-milli medeniyetlerimizi, dap-dessurlarymyzy yerleshdirjek boldy. Ine shu zatlaram owmezce dalmika diyyan.

Ay anygrak gurlap bashlanyna begenyan. Yone getiren mysalyn owerlikmika? Yurdyn ichindaki Ruslary gochureni uchin owmelimi ya dowmeli? Ruslaryn hasiyedini we mentalitedini ozume yakyn goryan adam dal men, YONE bizdaki orslar in bilimli, in sowatly gatlakdy. Belli belli wrachlar, hirurglar, professorlar we hunarmenler gochdi, namesi gowy? Yetishdirmek ansatmy? A onsonam shol oz rayatlarymyza den seretmani yaman yurek bulanjy zat. Biz name, milletparazmy? Sebabi sen aydanyna seretsen, dowlet milletparazlyk edip bashga milledi gysyp chykarypdyr, gor nahili yigrenji hereket...

Halkyn medeniyedi we dap-dessury. Men shu zatlaryn goni 2-3 yil on howesjeni we jankoyeridim, shu yerde shol dowurler achan temalaryma sereday. Yone edil hazira turkmenlerde dap-dessur we medeniyet dine yazgyda bar. Shu tomus oye gitdim welin, dogrymy aydayin, keypchilik Amerikadan onde. Dap-dessur we medeniyet sen yaly yuregi we gozi otly yash oglanlaryn kalbynda we kellesinde bar. Obalara chenli on yaly zatlara hormat yok. Gorup eshidenlerim meni hem bulashdyrdy, menem indi on yaly zatlara kan ynanyp baramok. Hatda dogrymy aydayin, shu Amerikada galsam ozumin turkmenchiligimi has gorap saklajak yaly, Turkmenistanda azmak ansat.

Quote:

Hat-da bir tarapdan halkyny yapyk syyasat bilen biraz gorap saklamak islan yaly bolup gorunyar menin pikirimce. Resmi dilimizin Turkmen dili bolmagy hem gaty uly tapawut ahyryn, men Moskwada goryan gazakdyr, ozbek we beyleki SNG halklarynyn kopusi oz dillerinem duypli bilenoklar.

Yapyk siyasady hich hachanam owme diyyan mena. Muna dushundurjegem dal...
Ay dowamyna jogap yazmaga yaltanyan.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

poahf dogry aytyan bu gün

poahf dogry aytyan bu gün Türkmenbaşymyz yatlaman geçmek mümkin dal.Men düyn ol barada yazjakdym. Hakykatdan hem Niyazow türkmen halky üçin uly işler etdi. türkmenistanyn bu günlere gelmeginde onun taysyz tagallalary bar. Yatan yeri yagty bolsun.
Dine bularam dal, watanymyz Türkmenistan üçin ömrüni beren ahli gahrymanlarymyzyn önünde dyzymyzy epyas.
(aslynda dün Türkmenbaşyny yatlap yazjakdym yöne say sebap bilen bu güne goyupdum.)

azik wrote:

İlki bilenä Watanymyzyň döredilmegi üçin taýsyz tagallalary edenlere,....

hehe hawa turkmenistanyng BU

hehe hawa turkmenistanyng BU GUNLERE gelmeginde uly tagalalary bar:D:D haysy gunler diyip hem sorajakmy:):):)

Hawa. Ayday haysy

Hawa. Ayday haysy günlere...?

http://tmolympiad.org/?q=node

menem butun turkmen

menem butun turkmen halkynyng garashsyzlyk bayramyny gutlayan.

bir gezek Nuryshka "Garaşsyzlyk, turkmenin 7 asyrlap hich kime aytman, arzuwlap yeten zady" diyipmishin... :)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Aşyr dogry aytyan bir giden

Aşyr dogry aytyan bir giden kemçiliklrimiz bar. Yöne barsynyn sebabi Türkmenbaşymy. Yada Türkmenbaşyn eden gowy zatlary yokmy.Elbetde has gowy edip bolardy. Allatagalladan başga hiç zat kemçiliksiz dal. Men kan syyasata düşünemok. Yöne şol wagtky yagdayy göz önune getirip gör. SSSRden çykan in garyp döwletlerin biri Tükmenistan. SSSR döwletlerinin içinde senagatda in pes döwlet bizinkimika diyyan. Parahorlk Niyazow başa gelmanka yetjek derecesine yeten. Dowleti dolandyryan adamlarin haysysyna ynanjagyny bilenok.Barysy diyen yali komunist düşünjeli, özbaşdaklyga nadip ögrenişjegini bilman duran yada parahor adamlar.Onsanam daşarky güyçlerem her pursatda seni peydalanjak bolup, aç gurt yaly agyzlarini açyşyp durlar. Ykdysaiyetimiz bolsa merkeze baglylyga ögrenşen. Bir zadymyz özümizde bolsa başka zadymyzy daşardan satyn almaly. Şeyle yagdaylarda özünü onun yerinde goyup gör. Hatda bir yerde Türkmenistanyn 2-3 günlük iyer yaly uny galypdy diyip yatlayady kyn günleri. Anyk bilemok 1995 nji yyllarda öyütyan. Şol kyn günlerde türkmenistanyn başynda bolup ondan-mundan buday sorap alyp, halky gyrgynçylykdan alyp çykmak ansat bolmadyk bolsa gerek. Men pikirimçe Türkmenbaşynyn türkmen halkina eden peydalaryny sanamaga deger. elbetde bir naçe kemçilikleri hem bar. Onu inkar edemzok. Demokratiyadan uzak galdyk. Yöne yanam aydişim yali kemçiliksiz iş yok. Onsanam analiz edeninde Türkmenistanyn o günkü yagdaylaryny göz önünde tutmak gerek. Gonşularymyza seredip görmeli. Ka bir yerlerde biz Gyrgyzlardan Gazaklardan has bagytlymykak diyyan. Sebabi senem biyansin barde okap yören gyrgyzlar yada gazaklar öz özleri bilenem öz dillerinde dal de Rus dilinde gürleşyaler. Hatda gazagystanda gazak yaşlarynyn köpüsü diyen yali öz ene dillerini bilenoklar, bilselerem ulananoklar.Elbetde bu temada hem Niyazowyn azajykda bolsa tasiri barmyka diyyan. Men diyjek bolyan zadim Türkmenistan üçin bu işleri edip ömrünü şona sarp eden adamyn geljek nesile erber edip tanadylmasy yada yatdan çykarylmasy dogry dalmika diyyan...

Onsaman şu gün halkyn hal yagdayyna seredip gör. 1994-1997 yyllarda Marydan pekarny çörek almana Aşgabada gaydanlar bar ekeni. Şol gytçylyklardan şu günlere geldik. Hudaya şükür etmeli. Hazir Türkmenistanyn halkynyn yagdayy erbet dal. Ekonomikamyzda ösüş barmyka diyyan.

Azik, azajyk duygy tarapy

Azik, azajyk duygy tarapy agyrrak basyamyka diyyan yazgylarynda. Bu gowumy ya yamanmy biljek dal. Yone sen bilen jedel edesi gelen yazanlaryn baryna bolmasa yaryna yene bir jogap tapar.

Men birnachesini sahel bellayin:
Problema Turkmenbashy gelmezdenem onem agdak, gelen sonam agdak diysek yalnyshmy?
Gonshylarymyzyn orscha gepleyshi bilen bizin orscha gepleyshimize Turkmenbashyn name dahyly bar? Barde umumanam bizin yagdayimiz dunyade in yaman diyip nalayan yok, Alla shukur, yagdayimiz gowy. Gazaklar Rus Imperiyasynda bizden kan boldylar, gyrgyzlaram. Gyrgyzlary doly bilemok, yone gazaklar has kan. Ruscha gurlapdirler, oz dilini unudypdyrlar. Bu boljak ish eyyam 1991-nji yila chenli bolan, Turkmenbashynyn hich hili bizin turkmenchiligimize dahyly barmy bilemok. Yok oydyan.

Chorek gytchylygyndan chykdyk, Alla shukur. Turkmenbashy uytgeshik gowy yollary tapan bolsa, onda Alla yalkasyn ony. Bu yagdayi doly bilemok, emma shony yolbashchy etmegi basharmaly. Biz hich hili dashary yurtlara bergi edinmejek bolduk, gerek bolsa, bergem edinmeli, eger ekonomika galjak bolsa.

Umuman, azajyk gep-gurrun Turkmenbasha gitdi, sen umumylashdyrypsyn. Men yagdayimiz erbet diyemok, diyeni Huday halamaz. Yone bizde ters edilen we edilyan zatlar sanardan kan. Bizinki yaly ekonomiki potensiyaly guychli yurtda entek ozgerishmeler bolar nesip bolsa. Yone demokratiya we yene zatlar bizi gaty hayalladyar.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

bir adamyny owmek diymek

bir adamyny owmek diymek etmedik zatlaryny hem eden zatlary bilen aydip chishirip, owadanlap edil edilen yali edip beyan etmek Ruhnama sapagyng we EDebiyat sapagynda yazan edebiyatdan uzak duzmeleng beynimize yetiren tasirlerindn birimika?? yada 18 yillap telewizor we radionyng tasirimika, yada biz hakykatdan hem yalanlara ozimizi ynandyryp bilyan, yada ynanyp ozimizi teselli etyan hatda bashgalarynyng hem ynanmagyny isleyan jemgiyetmikak??

yol salgy bereyinmi:) shu

yol salgy bereyinmi:)
shu turkmenbashy sha yolyndan goni yore, atamyrat aga kochesini gechengden song gurbansoltan eje kochesine gelersing, shonda Ruhnama mekdebinden sag owrulesing welin serdar yolyna chykarsyng, goni dowam et, chep tarapyngda Niyazow adyndaky sport kompleksi gech, azajyk yorarsing welin saparmyrat hajy metjidine bararsyng, onam azajyk gech, ullkan meydancha bardyr Saparmyrat niyazow turkmenbashy diyip, edil shol meydanchang garshysyndaky serdara serpay binasynyng 4nji etajynda seng barjak yering................... utgarmikaray??????