MISSIÝANER KIM? MAKSATLARY NÄME?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly we gadyrdan okyjylarymyz!
Men bu makalany türk dilinden uly höwes bilen terjime etdim, dykgatyňyza ýetirýärin.

MISSIÝANER KIM? MAKSATLARY NÄME?

Latynça “Missio” sözünden gelýän (missiýa), sözlükde wezipe, häkimiýet, birine bir işi bitirmesi üçin berilen hususy wezipe manylaryny aňladýar. Ýörüte many hökmünde bolsa diniň hyzmatyny etmek. Missiýaner (missionnaire) bolsa diniň hyzmatyny edýän adama diýilýär. Missiýaner sözü aslynda hemme dinleriň hyzmaty üçin nygtalmagynyň ýanynda, häzirki wagtda esasanam hristiýanlygy ýaýratmak isleýänler üçin ulanylýar. Missiýanerlik diýilende kellä hristiýanlygyň gelmesiniň iň esasy sebäbi “missiýa” sözüniň Täze Ähit(Injil) diline degişli bir söz bolmasydyr.
Missiýanerleň ahyrky maksady bolsa dünýäniň hristiýanlaşmasydyr. Bu ahyrky maksatdan öňürti, hristiýan bolan we bolmadyk milletler üçin aýry-aýry maksatlary bardyr. Hristiýan ýurtlary üçin hyýallary hristiýanlary agzybirlikde saklamak we Günbatar Imperiýalizmini we medeniýetini bütin dünýä häkimiýetine getirmek.
Hristiýan däl milletler üçin maksatlary bolsa, olary hristiýan etmek. Eger, bu mümkin bolmasa olary öz dinlerinden sowatmak, şüphä düşürmek we soňky nesilleriniň yzy bilen doly dinlerini üýtgetmekdir.
Missiýanerleriň bu maksatlaryna ýetmesi üçin dowam etdiren usullaryny taryha seredenimizde, ýedi döwüre bölüp bileris:
1- 33- 100 ýyllar, Hawarylaryň Döwri

2- 100-800 ýyllar, Buthanalaryň(Serkew) Ýasalan Döwri

3- 800-1500 ýyllar, Orta Asyr Döwri

4- 1500-1650 ýyllar, Özgertme (reforma) Döwri

5- 1650-1793 ýyllar, Özgertmäň Dowamy Döwri

6- 1793-1965 ýyllar, Häzirki Zaman (Modern) Döwri

7- 1965 ýyldan soňrasy, Senari(Dialogue) Döwri

Hristiýanlaryň Yslam bilen duşuşmagy 2-nji döwrüň soňlaryna gabat gelýär. Yslamyň ilkinji ýyllarynda Yslama garaýyşlary ýakymly bolupdyr. Haçanda Yslam tiz bilen ösmäge we hristiýanlaryň ýaşaýan ýerlerinde täsirli bolmaga başlanda, hristiýanlar hem Yslama garşy ar we gahar bilen gazaplanyp başladylar, duşman boldylar. Orta Asyr döwründe bu duşmanlygyň söweşlere öwrülmegi we hristiýanlaryň Yslamy gylyç bilen ýok etmäni düşünen döwrüdir. Şul sebäpden hem birnäçe Haçly Ýörüşleri tertiplendi ýöne hiç şowly bolupbilmediler. Türkleriň musulman bolmasy hem Haçly Ýörüşleriniň netijesiz galmasyna bir sebäp boldy. Şeýlede söweşjeň keşbi we ýüregi bolan Türkleriň batyrlygy, Yslamyň Jihad ruhy bilen baglanyp moralny(manawy,ahlagy) bir dereje gazanypdy. Indi Türkler, Yslam üçin hristiýanlaryň garabasan düýşi bolupdy. Çünki Orta Asyr Ýewropasynda “Türk” bilen “Musulman” şol bir manyda ulanylýardy.

4-nji we 5-nji döwürler bolsa Yslamyň gylyç güýji bilen ýok edip bilinmejegini bilenleri we içden çökertme hereketleriniň başlan döwri bolupdyr. Missiýaner meýletinjileriň ýurt-ýurt gezmegi şul döwürde başlaýar.

6-njy Döwür bolsa razwedkaçylyk(spy,casus) herekediniň köpelen döwrüdir. Şul döwürde Yslam üçin iň güýçli döwlet bolan Osmalynyň ýykylmasy üçin dürli planlar edildi. Esasanam, London Missiýaner Guramasy bul işe eýe çykyp, köp ähmiýet beripdir. Yslam taryhyna göz aýlanymyzda, Yslama garşy iň uly duşmanlygy Iňlisleriň edenini görýäris. Dykkat edilse, orýantalistleriň (Gündogary öwrenýän bilim adamy) esasy bölegi Iňlisler bolup, köplenç içden içe pitne(prowakatsiýa) sokjak bolup Yslamy ýok etmäni niýetlenendirler. Bul döwürde Osmanly topraklarynda ýaşaýan az sandaky hristiýanlary öjükdirip, olaryň garşylyk görkezmeleri üçin uly tagalla edilipdir. Bul guramalaryň merkezinde bolsa okuwlar bardyr. Gönüden göni razwedkaçy we missiýaner ýetşidirmegiň ýany bilen kanunsyz ýarag söwdasy we ýaragly guramalaryň hem merkezi bolan okuwlar, az sandaky hristiýanlaryň ýaraglanmasynda uly täsir edipdir. Bul döwüre syn etsek, daşary ýurtly okuwlarynyň köpelmesi göze batyp durýar. Aslynda, bul okuwlar Fatyh döwründe hristiýan din adamlarynyň ätiýajyny berjaý etmek üçin açylypdyr, ýöne Tanzimat reformasy bilen gurlyşyny üýtgedýär, döwrebap(modern) okuwlar halyny alýar. Ätiýajynyň hem ötesinde has köp okuwlar açylypdyr. Osmanlyda ýaşaýan dürli taýpalardan( etniki grupba) okuwçylar okadylypdyr we bular tireçilik bilen öjükdirilipdir. Şeýlede, Osmanly Hanlygynyň soňky döwürlerdäki harsal(nalaçedeýin) gidişi, okuwlardaky döwlet tarapynda bilim barlagy doly alynyp barylmandyr. Netijä görä, bul okuwlardaky ýetişdirilenler hemde daşardan getirilen razwedkaçylar bilen, öňürti az sanly halklar bilen gozgalaň turuzlypdyr, soňra bolsa Türk däl musulman halklar aldanyp, Osmanla garşy öjükdirilipdirler. Esasan hem, Iňlisleriň eken pitne tohumlary Yslam älemini bölek-bölek edip, musulmanlaryň topraklaryny imperiýalist Ýewropalylaryň(hasam Iňlisleriň) koloniýasy bolupdyr. Missiýanerleriň imperiýalist emelleri hakynda pikir bermesi üçin Kenýanyň ilkinji prezidenti bolan Kamau Kenýattanyň sözlerini nygtap geçmekde peýda bardyr. Kamau Kenýatta missiýanerleriň niýetlerini şeýle teswirlär:
“Missiýanerler biziň topraklarymyza gelenlerinde Injil olaňky, topraklar Afrikalylaryň elindedi. Bize gözümizi ýumup doga etmäni öwretdiler. Nädibem bolsa soň gözümizi açanymyzda, Injil biziňki, topraklarymyz olaňky boldy”

Şindize çenli düşündirilen alty döwürdäki tilsimler, missiýanerleriň esasy ulalan usullarydyr. 1965-nji ýyldan soňky döwürde, ýagny häzirki wagtda hem birsüri usullar ulanýarlar. Amerikanyň Yrakda edenleri, Orta Asyr hristiýan wagşylygyny sergileýärler. Elbetde bu hüjümiň imperiýalist tarapy hem göz öňünde tutylýar. Hem häzir birsüri okuwdyr kollejleri bar. Ýöne kollejler açmak we uniwersitetler açmak pikirlerinden hem hiçwagt dönmediler. Şeýlelik bilen 1950-nji ýyllarda Amerika, Türkiýä atom reaktory bermegi we garşylygynda bolsa Robert Kollejini uniwersitete öwrülmesi teklibini etdiler. Şeýle hem häzir kollejleriň yzy bilen birnäçe çagalar bagy, sadikler, daşary ýurt dil kurslary we hususy okuwlar hem açdylar. Başgada hassahana, garrylar öýi we halka açyk myhmanhanalar ýaly haýyr-sahawat guramalary bilen hem işlerini dowam etdirýärler. Ýene soňky döwürlerde Yslam halklarynyň arasynda alewi-sünni, sünni-şaýly ýaly pitne tohumlaryny janlandyrmakda uly işler sarp edýärler. Ýöne häzirki wagtda esasanam Amerika we Germaniýa merkezi missiýaner guramalary esasy roly oýnaýar. Şeýle hem Türkler, günbatardan gelen missiýanerleriň imperiýalist düşünjeli boljaklaryny düşünip biler we ýüz bermezler düşünjesi bilen Türkiýede hereketlerini dowam etdirmek üçin has köp Günorta Koreýaly missiýanerleri ulanýarlar.

Missiýanerler 1963-nji ýyldan bäri esasanam “senari(diýalog, garşylykly gürleşmek, pikir alyşmak, düşünişmek)” sözüni aýdýarlar. II-nji Watanik konsulynda orta atylan diýalog beýannamalary missiýanerleriň täze bir usulydyr. Öz içindäki böleklere(mezheplere) hem sabyr edip bilmeýän hristiýanlaryň Yslama we musulmanlara garşy ýakymly bir diýalog döretmeleri geň galynmaly bir işdir. Şeýle hem, J.B. Taýlor: “Musulmanlaryň arasyndaky missiýanerlik hereketlerinde diýalogyň zerurdygyny hasaplandyr. Bärdäki agzalan diýalog missiýanerlikde bir saýlaw däl, gönüden göni şertlere laýyk missiýanerlikdir” diýýär. Şeýle hem, dünýä belli Missiýanerlik edýän iki sany serkew bilen berk işbirligi içindedigi bilinýän Buşyň we toparynyň musulman ýurtlara bolan ynjydyjy(hüjum ediji) garaýyşlary, missiýanerleriň diýalog adyndaky ýasama guramalary we bularyň hem bir taktikadan ybaratdygy açaçan beýan edýär. Söýgi we Diýalog gürrüňleri bir örtünmeden(maskadan) ybaratdyr. Içlerindäki kinäni örtmek üçin bir maskadyr. Missiýanerler tutanýerlilik bilen dünýäniň parahatçylygyny, doganlygy, söýgi we Hoşniýetliligi penalaýarlar(goldaýarlar) ýöne musulmanlaryň ýaşaýan ýerlerindäki dawalarda, gapma-garşylykda missiýanerleriň yzlary bardyr. Şeýle hem Osmanly Döwletini şol pitne tohumlary bilen ýykdylar. Häzir hem sünni-şaý dawalary, şeýle hem beýleki gapma-garşylyklaň(Türk-Kürt, Wahabiler, sag-çep we ş.m.) hemmesinde missiýanerleriň rolynyň bardygy bilinýär. Missiýanerleriň, musulmanlar arasynda pitne sokmakda şul dereje üstünlikli bolmagynyň sebäbi, olaryň barýan ýurtlarynyň dinini, sosial(jemgyýet) we medeni ýagdaýlaryny öňünden gowy edip barlap öwrenmekleridir. Şeýlede, akylly okuwçylardan seçilen missiýanerler, hristiýanlyk bilimlerini takyk öwrenmekden başga hem Arapça, Yslamy informasiýalary we Yslam pelsepesi ýaly ylymlary hem öwrenýärler.

Häzirki zamandaky missiýanerleriň başga bir maskasy bolsa Ewangalizm diýişigidir. Missiýanerlik sözi Musulmanlarda imperiýalizm ýaly, Haçly Ýörüşleri ýaly negatiw täsir galdyranyndan bu maskany ulanýarlar. Ewangalistler; ýeke niýetleriniň Isany dünýä duýurmak we hiçkimi zorluk bilen hristiýan etmek ýaly niýetleriniň ýokdugyny aýdýarlar. Özleriniň hem ne Katolik, ne Protestan, ne-de Ortadoks däldiklerini, asyllarynyň (kökleriniň) hristiýanlygyň ilkinji ýyllaryna çenli daýanýandygyny nygtaýarlar. Ewangalistler (SYLAPMEN) özlerini “Mesih Ynananlary” diýip tanadýan masgaly missiýaner grupbasydyr.

Missiýanerleriň II-nji Watikan Konsolundan başlap ýörürlige geçiren başga bir usullary bolsa ýerli serkewleri güýçlendirmekdir. Öňki wagtlarda serkewler merkezi bir gurama eýedi. Merkezi serkew bolsa ýerli serkewleri barlaýardy. Häzirki wagtda bolsa ýerli serkewleriň hem häkimiýeti we mümkünçilikleri ösdürilendir. Bu serkewleriň başyna getirilýän din adamlaryny bolsa, şol halkyn içinden seçýärler. Sebäbi öz içlerinden biriniň hristiýanlyk aýanlygyny(propogandasyny) etmesi, şol halkyň içinde has uly täsiri bolýar.

Häzirki wagtdaky missiýanerleriň başga bir usullary bolsa Inkulturasiýa usulydyr. Muňa görä hristiýanlar özlerini gizemli saklaýarlar we garşydaşlaryna olaryň däp-dessury we dini gymmatlyklary bilen ýakynlaşýarlar. Mysal bilen, musulmanlar bilen gürrüňdeşlik geçirenlerinde ýeke taňra ynanýandyklaryny aýdýarlar, Hz. Muhammet pygamberi we Gurhany Kerimi kabul edýän ýaly bir täsir goýýarlar. Gurhandan aýatlar okap hristiýanlyk bilen meňzeş taraplaryny nygtamakda we özleri asla ynanmasalaram hemme dinleriňem aslynda bir meňzeşdigini belläp geçýärler. Bulary garşydaşyna kabul etdireninden soň bolsa, Yslamdaky ybadatlaryň kyndygyny we hristiýan bolup hepdede birje gezek serkewe gitmek bilen borçdan dynýandyklaryny teklip edýärler. Ýalançylyk, ikiýüzlülik ýa-da iň günäsizje tarypy bilen takiýýe (howp astynda galynalynda öňünden taýynlanylan ätiýaçlyga emgenmek) diýip sypatlandyryp boljak bul usullar häzirki wagtda giňden ulanylýar. Garşydaşlarynyň ýüregini gazanyp bilmek üçin her hili hilä girýärler. Uzyn ýyllap komunizm dolandyryşynda ýaşap Musulmanlyk hakynda hiç bir habary bolmadyk Türki Respublikalaryndaky Musulmanlara, daşky gapynda Stambul metbugatynda çap edilen Gurhan ýazylan we içinde Injil aýatlary bilen doly kitaplar paýlanyldy.

Ýokarda agzalyp geçilen hemme usullar bilen hristiýan etmäni başaryp bilmeseler, ýene taşlamaýarlar we musulmanlary dinleriden sowatmaga we hristiýanlyk medeniýetini girizmäge dyrjaşýarlar. Şeýlelik bilen dinlerinden daşlaşan we çuňňur boşluga ýykylan musulmanlary nesilleri bilen hristiýan etmäni planlaýarlar. Şeýle hem dini hakynda şüphä düşürülen we öz ýaşaýyşynda medeni tarapdan hristiýanlygyň yzyny yzarlaýan biriniň gazanylmasy örän aňsat bolar. Şul sebäpden häzirki zamanda daşary ýurtly kinofilmler bilen, hem-de orsa giden (Ýewropalaşan) akyldarlaryň kömegi bilen hristiýan medeniýetini ýokary derejede ösdürdiler. Hatda türk we musulman bolsa hem “Alla kaka ýokarda” diýýänler, Christmas (Isanyň doglan güni hasaplanýan gün, 24-nji dekabr) baýramçylygyny uly guwanç bilen gutlaýanlar we hristiýan ýaly düşünýänler gaty köpdir. Şunlukda monah Samuel Zwemer, missiýanerler üçin tertiplän çykyşynda şeýle diýýär:
“Musulmanlary baptizm(hristiýan bolmak üçin mukaddes suwa sokmak) etmek üçin boş ýere hysyrdaşyp durmalyň. Başgaça bir usullar, başga çäreleri barlap göreliň. Yslam ýurtlarynda amala aşyrjak işlerimizde olara, hristiýan adatlaryny, hristiýan baýramçylyklaryny, hristiýan medeniýetini, hristiýan ahlagyny damarlaryna kol uran ýaly salalyň..” Monah Samuel şeýle hem şul usul bilen häzire çenli ýüzlerçe Musulmanlaryň ýüreklerinden Yslam imanyny çykaranyny we hristiýan dinine gizlinlik bilen iman etdirenini hem nygtap geçýär.

Hiç bir musulman, Yslamyň nury barka hakykatyndan üýtgedilen hristiýanlygyň garaňky güýjine ýeňilmez. Şul sebäpli hem missiýanerler dinine berk bagly ýerlerde islendik usullary amala aşyran hem bolsalar, netije ýasap bilmediler. Bular ýaly ýerlerdäki hereketler bolsa, musulmanlary has köp dininden sowatmak niýetlenendir. Metbugat serişdelerini hem ulanyp imany bozgunlygy amala aşyrmak we boşluga düşürip bilen musulmanlary özüne çekiji teklipler bilen olary hristiýanlaşdyrmak bolsa missiýanerleriň iň esasy maksadydyr. Bu özüne çekiji teklipler bolsa; pul, iş mümkünçiligi, daşary ýurtlarda okuw ýa-da iş tapmak wadasy bolşy ýaly jynsy ýakynlaşmaga çenli adamyň nebsini doýuryp biljek nejis pikirler hem bardyr. Ýagny, hristiýan etmek üçin öz mezheplerinde hem ahlaksyz kabul edilýän zatlara çenli synanyşýarlar. Syn edip görsek, monah Louis Massignon bu barada nämeler aýdýar: “... Musulmanlaryň hemme zadyny üýtgetdik we ýok etdik. Dinlerini, ynançlaryny, ahlagyny, dine garaýyşlary we ynsany duýgulary dargady. Olaryň milli we manawy(ruhy,dini) gymmatlyklaryny, Günbatar Medeniýeti gurşawynda eredip özümize meňzetdik. Yslamdan uzaklaşdyrdyk. Yslamy öwrenmäni, ýaşamagy, namaz okamany we Gurhany Kerim okamany – jenaýat we döwürden yza galmaklyk edip görkezmäni başardyk. Indi köpleri, ylaýta alanymyzda, hiçbirzada ynananoklar. Sünnete uýýan dindarlary(Sünniler) biziň birinji duşmanymyz. Bu dindarlary öňki döwürlerde ýasama ynançlara gönükdirdik. Soňky ýyllara bolsa musulman hasap edilýän(aslynda hristiýan) käbir dindarlar bilen, on dört asyrlyk ynançlaryny, ybadatlaryny jedelleşiler ýagdaýa getirdik. Çuňňur boşluga ýykdyk. Mundan soň, siz missiýanerleriň işi has aňsat; aýlyk berip, wiza wadasy, daşary ýurtda iş mümkünçiligi, we hatda jynsy ýakynlygy hem ulanyp musulmanlary hristiýan ediň...”

Şeksiz, Faragonyňam käbir wagşy niýetleri bardy, Hz. Musanyň hem... Nemrutlaryňam niýetleri bardyr, Ybraýymlaryň hem. Garşy niýetleri bolan bu adamlaryň haýsylary şöhraty gazandylar? Haýsylary çyn ýürekden we has hem köp hereket eden bolsa, şolar şöhrata eýe bolandyr. Wehb bin Kebşe (r.a) Yslamy teblyg etmek(tanatmak we özüňde ýaşamak) üçin Medinä bir ýyllyk aradaşlykda ýerleşýän Hytaýa gidýär. Bu yhlas we gaýratynyň güllenen miwesi bolup Yslam nury Hytaýda ýyly ýürekler bilen tanyşdy. Şany asmanlara ýazylan sahawalarymyzyň gaty az bölegi Medinede ýaşady. Agramly bölegi Hak we Hakykaty tanatmak we dogry ýol(Syrat-y Mustakim) bolan Yslamiýet ýoluny öwretmek üçin giden ýerlerinde ömürleriniň soňky demine çenli ýaşadylar. Olaryň gaýratynyň we hoşniýetliliginiň miwesi bolup Yslamiýet az wagtda birnäçe materige ýaýrady we sansyz göwünlere girdi. Indi bu gaýraty käbir missiýanerler görkezjek bolýarlar. Sosýal ýagdaýy gowy bolsa hem, doktrantura we ş.m. abraýly işe eýe hem bolsalar, dünýäniň iň ýaşanmaz şertlerindäki ýerlere gidip maddy mümkünçiliklerini we hemme wagtlaryny sarp edýänler bar. Ýer titreme, sil ýaly apatlaryň bolýan ýerlerine birinjilik bilen barýan missiýanerler bar. Olaryň bu içden hereketleri niýetleriniň hasyl bolmagyna sebäp bolýar. Biziň niýetimiz bolsa Yslam nuruny hemme ýüreklere ýetirmek bolanyna görä, olardan has hem hyjuwçy hereket etmelidiris. Eger biz yhlas bilen bir ädim ätsek, Alla Tagalla ony on esse bereketlendirýär. Ýurdymyz, missiýanerleriň gurply işleriniň alynyp barýan ýeri. Şeýle hem turistiçskiý baý ýurtlardan biri. Biz, iň azyndan bärde amala aşyrylýan missiýanerlik hereketleriniň netijesiz bolmasy üçin halkymyza gözel dinimizi düşündirip, dinimiziň esaslaryny ýerine ýetirmelerine sebäp bolup bilers. Turistikçkiý niýet bilen ýurdumyza gelen turistleriň ýüreklerine Yslam nurynyň dogmasy üçin gaýrat edip bilers.

Günbatar ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň agramly bölegi boşlukda. Serkewe gidenoklar, sebäbi serkew, olaryň ruhyny doýurmaýar. Biz bu adamlara Yslamyň gözelliklerini hödürläp bilsek, Allanyň goldawy bilen çaklanyp bilinmejek derejede netijeler berer. We hatda Yslamy ýok etmek üçin gelýän missiýanerlerden hem Yslamyň nurynda hakykaty tapanlar bolar. Geliň biz dinimizi öwrenip, ýaşaýyşymyzy gözelleşdirip, ýüregimizi sahawa atalarymyz ýaly teblyg arzuwy bilen dolduralyň...

İlkadım žurnaly, Maý 2004
Terjime: Agamyrat Altyýew, 13-nji Oktýabr, 2009.

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Yhlasyna berekella! allah razy bolsun!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • aka_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bu yazan zatlaryn oran

Bu yazan zatlaryn oran gyzykly zatlar eken! Missionerlik hakda hasam gin dushunja eye boldum. Yone Agam bir zat bar, olar nace dyrjashsalaram, eger biz Hakka bil baglasak alan galalary bolmaz. Sebaplere gora hereket etyar olar, yone Allatagala kamahal sebapler usti lutflaryny ynanyan bendelerine yhsan etyar! Biz bu zatlara kelle agyrtman, emri-bil maruf we nehyi anil munker bilen meshgullansak yeter. Hidayet Allah'in elinde, olaram eden zatlarynyn hasabyny bererler bir gun, hic bir hakykat gomulgi galmaz. Yazan zatlarynyz ucinem minnetdarlyk bildiryan!

Köp sagbol

Okap gyzyklananyň üçin köp sagbol agam, aslynda şular ýaly zatlary bilmek gerek, sebäbi öz ýurdymyzda hem olar obama-oba gezip ýörler

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Agam dost, bu yazylan

Agam dost, bu yazylan zatlaryng kabiri bilen ylalashyan. Chunki Isa Mesihing hakykat yoluna chyn kalbyndan iman edenler yokardaky agzap gechen zatlaryny etmeyarlar, hawa olar Hosh Habary yagny Isa Mesih barada ahli adamlaryng eshitmegini isleyar. Ondan bashgada sening aydyp gechen zatlaryna yagny kriterialaryna esaslanyp Isa Mesihing yoluny kritika saljak bolsang onda her bir dinde hem yada yurtda hem dogry bolan yoly shahsy bahbidi uchin yada bir milleting yada yurdyng bahbidi uchin ulanyp bu yada ol dining adyny ulanyp erbet nietler bilen ulananlar bar we bolar hem. Emma bu heniz Isa Mesihing Injildaki yolunyng nadogrulygy dal. Isa Mesihe chyn kalbyndan iman edenler Isa Mesihing gununden bizing gunlerimize chenli dogry zada ynanyp, ony saklap we shol hakykat uchin hem ezyet we jebir chekip geldiler. Bu sebapli hemmeleri bir gutynyng ichine salyp olar sheyle diymeging logika we adam akylyna we sylashyga dogry gelmeyar. Bularyng tersine eger sen Injilden Isa Mesihing owredyanlarinden we Isanyng chyn shagirtlerining owredenlerinden we yashayshyndan yokarda yazan yamanlyklary tapyp mana gorkezip bilseng onda shol makalanyng aydyanlary hemmeler uchin dogry bolar. Eger muny basharmayan bolsang hemmeleri uchdan tutma bir kategoria salmasang gowy bolar!
Eger shol makaladakylar bilen 100% razylashyan bolsang we Isa Mesihe ynanynlaryng hemmesi hem yokardaky aydylanlar yaly diyip hasaplasang onda shu kategoriyany yada chemeleshmani ahli dinler uchin hem ulanmaly bolarsyng!
Biz akylly boljak bolsang onda her bir zada dogry chemeleshmegi hem owrenmelidiris!
hormat bilen,
Sylap

Today, we have reached the

Today, we have reached the unity, the integrity and the collaboration that our Father Magtymguly desired.