garshy chykmak gerekmi(syyasat)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

salam adamlar!
men shu gun turkmenistanyng adyndan turkmenistanyng syasatyna garshylygyny gorkezyan adamlar hakynda sizing pikiringizi sorajak, bilishimiz yaly norwegiyada, shwesariyada, chehiyada turkmenistanyng adyndan syyayasat garshylgyny gorkezyan adamlar we metbugatlar bar, bilishimiz yaly olang birnachesi haramhor, kabiri bolsa gunasizmishin.... gyzykalnyshyma gora olang arasynda hem birnache pikir utgeshikligi bar, emma olang pikirlerining birleshyan yekeje nokady turkmenistang syyasatyny protesto etmek. siz olang alyp baryan ishleri barada name pikir etyangiz, olar hakykatdan hem bir ishler etyalermi, oncha aladalryny ya biderek etyalermi, ekonomiki byudjetlerini nireden tapyarlar, yogsa olara komek etyan fontlar barmy, olang onge suryan pikirleri nahili politiki sistema, ya dinge demokratiyamy yada olaram oz haraylaryny gozleyarlermi, turkmenistnda edilyan ishlerde olang seslenemsine uns berilyarmi, halk olary dingleyami, dingleyanleng ichinde olara goldaw beryanler barmy,
taze rejim bn kone rejim araynda tapauwydy olar goryalermi??
name pikir etyangiz, pikirlerimizi yazalyng we jedellesheling!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Birnäçe pikirler: 1.

Birnäçe pikirler:
1. Oppozisiýa hemme wagt bolaýmaly. Sebäbi bar adamlar bir pikirli bolmaýarlar. "W spore rojdaetsya istina" diýýäler orslar, a dinimizde we däbimizde bolsa maslahatlaşygyň we pikir alyşygyň wajyplygy nygtalýa. Şoň üçin adamlar her kim öz pikiri bilen, meselä üýtgeşik taraplardan çeneleşmeli.
2. Ýöne gynansagam seniň aýdýanlaryň köpüsi öň Türkmenistanda ýolbaşçy bolanlar. Olara bolsa ynam, häzirki ýolbaşçylardan kän däl. Hatda has azam, sebäbi sowet döwrüniň, esasanam soňky sowet döwrüniň we garaşsyzlygyň başynyň ýolbaşçylarynyň aglabasynyň nähilidigi belli. Günälimi, günäsizmi, parahor we haramhor ýa dälmi, ony Alla bilsin, emma bir zat fakt, köpüsi üçin haçan-da özleri Türkmenistanda ýolbaşçy bolanda gülalala-günlikdi, haçanda ýurtdan gaçmaly bolansoň, Türkmenistanyň syýasadyna oppozisiýa bolaýdylar. A özüň ministrkäň gaýrat ýokmudy?!
3. Olary halk goldaýandyr öýdemok. Arasynda özüne hormat goýduraýjagy ýok. Olary halk goldanok-da, mümkin, halk häzirki ýolbaşçylardan nägile. Bu oppozisionerleriň aýdýan zatlary bilen käbir tarapdan deň gelýä, şoň üçin. Meselem, Mart Gurbansoltan Aýy bolanyna halkam garşy, seň aýdýanlaryňam. Onsoň pikir birligi bar. Emma olara hormat barmy? Men-dä ýok.

Iň soňunda hem, özümden bir pikirjik goşaýyn. Bir döwür, internetde türkmenler barada zat dörüp ýörkäp, Abdy Kulyýewiň, häzir pahyr bolupdyr, beren interwýusyna gabat geldim. Moskwada oppozisioner bolup ýörkä öýdýän. Eý Alla bar, biziň ýolbaşçylar näçe diktator we bideregem bolsa, şolary aýyryp ýerine Abdy Kulyýew geçmeli diýseler, "ýok, beýtmäweriň!" diýesim geldi. Men ol interwýuny tapyp bilemok, ýogsam okamaga bererdim. Şeýle çaga düşünje, şeýle PES düşünje. Ine saňa ministr bolan adam, derejesi görnüp dur.

Men Abdy Kulyýew barada entäk mekdep okuwçysykam gazetlerde okapdym, ony ýamanlap, paş edip ýazypdylar. Şol gazetde ýazylanlaram ýaman gülkünç (gynançly has dogry), ýyllar soňy Abdy Kulyýewiň aýdýanlaram. Beh... haýran galaýmaly...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

edil yakynda olang

edil yakynda olang radiosynyng resmi saytyny okap gordum, ongler menem bilyadim olang gaty gulkunch gurrunglerining bardygyny, yone songky dowurlerde olang ekonomiki we poltiki tarapdan etyan analizleri azajyk hem bolsa utgamaga bashlady, sebabi indi dinge 92-93 njy yylarda turkmeinstandan gachyp giden bisowat adamlar dalde, dashary yurtda yashan we bilim alan, yada dinge bilim alanlardan hem olaryng hataryna goshylyanlar bardyr diyip pikir etdim. radio kanlarrynyng resmi saytyny goz gezdirmegeingizi maslhat beryan

Garşy çykmak her wagt

Garşy çykmak her wagt gerekli zatdyr. Garşy çykmak pikir etmegin alamatydyr...

Şu zat yalnyş: iki sany ekiz eşegi deneşdirmek!

Bizinem bardaki yalnyşymyz syyasatçylarymyzy deneşdirmek. Sebabi Türkmenistanyn (umuman SSSRyn) dogruçyl syyasatçysy yok bolaymasa. Biz DP we OP yaly iki ayry gruppan deneşdirilmegi bilen dalde, hakykatyn, adalatyn, adamkarçiligin bize wagyz edyan zatlary bilen syysatçylarymyzyn edyan zatlaryny deneşdirmeli.

Her iki tarapdaky syyasatçylaryn erbet profilli bolmagy şolaryn ikisininem biderekdigini görkezyar, şonun üçinem deneşdirip ikisinden birini saylamak bilen problemalary çözüp bolmayar.

Okamaly, bilmeli, pikir etmeli, saylamaly...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

kopchuluk halynda halkyng

kopchuluk halynda halkyng pronlemasyny chozmeseng shahsy chozuljek problema dal yone mysal uchin seng aklyng yetyar, ong aklym yetyar, ikimiz bir gurama bolyp protesta edilmese akyl yetrip pikir etmek chozenok meselani, hereket hem gerek.

Dogry diyyan birleshmeli.

"To put the world right in order, we must first put the nation in order; to put the nation in order, we must first put the family in order; to put the family in order, we must first cultivate our personal life; we must first set our hearts right." -Confucius, Ancient Chinese Philosopher.

Dogry diyyan birleshmeli, yone ishden bashi chikyanlar birleshse gowy bolar. Yagni aytjak bolyan zadim gaty yonekey: senkem dogry, konfusininki hem dogry. (Elbetde menkem dogry ;)) Birlikde hereket etmega dal bu meselani Turkmenistan'da biri bilen ara alip maslahatlashmak uchin hem "Goroglynyn yuregi" gerek.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ashyr o saytyn linkini goyda

ashyr o saytyn linkini goyda bzem goreli....

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Salam Ashyr, Syyasata garshy

Salam Ashyr,

Syyasata garshy chykmak gerekmi ya gerek dalmi diyilip chykylanok. Ol tebigy bolyan zat. Ynsan durmushda pikir chaknyshyksyz yashap bilmeyar. Her adamyn her hili pikiri bolyar. Yone erbet niyetli adamlaram her yerde bar. Garshy chykmak bu erbet zat dal. Yone bu ishleri parahatchylykly, akyl-payhasly chemeleshmeli. Shonda bu ishden uly hayyrly pikirler syyasata owrulip adamlaryn durmushyna gowy tarapa tasir eder. Kocheden baryan yash oglanynam syyasat barada oz pikiri bolup biler. Sebabi syyasat adam durmushynyn uly bir bolegi. Syyasatsyz yashayan adam yok. Dine menin pikirim dogry dine menin syyasatym dogry diyip guych bn adamlara kabul etdirip bolmaz. Eger dogry bolyan bolsa ony subutam etmeli. Adamlara dogrylygyna gozi yetse onda ol uly syyasatchy bolar. Syyasatyn usti bn uly maksatlara yetip bolshy yaly bir yurdy weyran hem edip bolyar. Yeke adam syyasaty doretse yalnyshybam biler kop adama gora. Maslahatly bichilen don gysga bolma diyip nakylam bar. Bir dowletin ykbaly bir adama tabshyrylsa o-d gowy dal. Bir adam hemme zady gorman biler. Umuman syyasatda erkinlik bar bolsa hakykat chalt belli bolar. Yogsam hakykaty gormek uchin yyllardyr ya asyrlardyr garashmaly bolar ya-da hich hachan bilman gechip biler.

salam bn.

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "hak aytyang!"
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"