Unsi ozune cekmage calismak keseli...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

salam talyp yashlar we doganlar!

Ahyrym wagtlayinca hem bolsa ata watana dolandyk we durmu$a barde dowam etmek nesip etdi.
gelenime entek kan wagt bolmady yone unsimi ceken kabir zatlari payla$magy makul bildim.

i$ yerimin gapdalyndan gecyan koceden hergun ya$ oglanlar(kopusi), esasan hem ag$amara ma$ynyng magnitafonunun sesini polno acip iki yanga gatnap yurege du$yarler.

oyumin golayindaki mekdepde okayan ya$lary sinlayarin ka yarim we edep-erkam, durmu$a bolan garayi$, gisgaca panyata yaman pes.
bezenip beslenip birek birege gorunjek bolmak keseli diysen yayran.

adamlaryn hereketleri, sosial durmu$daky ya$ayi$lari, toylar we gysgaca durmu$ymyzdaki kop activity`ler beyleki adamlarin name diyjegine endeksli we il $eyle diyipdir ya da $eyle diyaymesinler sozlerine gora alinip barilyar.

bu yagdayi onden bari sinlap gelyardim we duyp sebabini pikirlenyardim.
kellame gelen in gowy jogap, ozini gorkezjek bolmak, ``men hem bar`` psihologiyasy yali yagdaymika diyyan.
Name ucin adamlar beyle $ohratparaz we dykkatlari,nazarlary ozlerine gonukdirmek ucin jan ceki$yarler?

Ewropada,Amerikada we yene birnace yurtta bolip gordum yone beyle yagdaya bu derejede gabat gelmedim.
ozini subut etmage jan etmek keselinin duybinde name yatirka?

bu babatda comment`lerinize gara$yan.

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

obang ayallar maslahaty name

obang ayallar maslahaty name diyyarka bu mesele hakynda shony hem gyzyklanmaly:):)

haýsy obanyň, haýsy

haýsy obanyň, haýsy aýallar maslahatynyň diýýänleri ýa-da diýjekleri gyzyklandyrýar seni? Hany, aýt tizräk haýsy manyda, näme diýjek bolanyňy :-))), ýogsa bu sahypa girýän "gyzlar" gaty köp many çykararlar bu ýazanyňdan?!

ay birhili meselani ayallang

ay birhili meselani ayallang etyan gurrungune menzetdimda:D:D bizing oymuzng toweregindaki ayallar sowetinda hem her toydan song sheyle gurrungle 2-3 ay dowam etyarda:)

...

Mena hemme yerde herkimem beylekilerden tapawutlanmak isleyamika diyyan. Belkem Turkmenistanda yashlar ishsizrak bolyandyr, bashga name etsin...

Bikarlyk - ýagny, zähmet

Bikarlyk - ýagny, zähmet çekmegiň we netijesiniň nämedigini bilmezlikden, sowatsyzlykdan, pes dünýägaraýyşlykdan gelip çykýan - DÜŞÜNJESIZLIK!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty dogry aydyan. Has dogrysy medeniyetsizlik bolup biler"

Adamyn "ego"sy özüni

Adamyn "ego"sy özüni beyikde göresi gelyar...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

hawa dogry aydyaniz, yolda

hawa dogry aydyaniz, yolda telefonyny gygyrdyp gezmekden name keyp alyalar... bir hili ters gelyar...

yone ashgabatdaky surujilering bir hasiyeti gownume yaradi.
-esanam saga yada chepe owrulende, peshehodni perehod'daky yolagchylary gechirmeli diyen duzgun bar, istanbulda shu duzgun berjay edyan yok diyen yali, esanam bozyanlar taksistler. ashgabatda velin, yekeje adam duran bolsa-da eli velin "gech gech" diyip garashyalar
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

trafika nireden chykday:):)

trafika nireden chykday:):)

Men hem şuňa diýseň

Men hem şuňa diýseň haýran galdym. Tomusda Türkmenistana bardym, soň oba öýe gitmek üçin otla mündim. Otlyda küpedem çykyp seretdim welin, bir ýaş oglan el telefonynda aýdym aýtrdyryp başlady. Aý ol telefonam ýasama öýdýän, sebäbi sesi diýseň gaty çykýar. Meň öz Amerikadan getiren el telefonymam (Sony Erikson), iPhone hem onça ses çykarmaýar. Sebäbi gulaga zyýanly we umuman gerek däl zat.

Men şonda diýseň haýran galdym. Ilki bilenä, sen iliň hakyna girip, uly wagona öz isleýän aýdymyňy ýaňlatmaga hakyň ýok, ikinjidenem ondan çykýan ses bir hili gowam däl, üçünjidenem, we iň ulusam, NÄME ÜÇIN BEÝTJEK?! Öňki utanjap, çekinjeň türkmenden men muny garaşmazdym...

Şeýdip tä giç bolýança dowam etdi. Menem mp3 player'i gulagyma dakyp gitdim.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

MP3 aydyani yoklar name etmeli?

MP3 aydyani yoklar name etmeli? Aklima birden iki jogap geldi. Birinjisi: samsik bilen ozuni denleman gulagina kagiz ya-da mata dikmali. Ikinjisi hem: wagondakilar bolup toplaniship sheyle aydim dinleyanlerin agzina mata ya-da kagyz dikmalimika diyyan.
Aydanimda yalan barmi gardashlar?;)

Aý erbet ýeri haçan

Aý erbet ýeri haçan diýsene, bir wagonda birden kän el telefonly bolsa. 3-4 dürli aýdym ýaňlanyp durýar :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Taksy

Şaher içinde awtoulaglaryn içinde esasanam awtobus we tralleybuslarda yigrenyan zadym telefonda gulaklyklary dakman aydym saz dinlemeleri.Mena işlan yerimde okuwçylarda şonun yaly hereket edeni görsem hezil edyan.Ay üstünden prikol tutup görgülü indi telefonda aydym dinlemez yaly bolyar.Hatta ka mahal içimden yanymda "made in china" gulaklyk alyp yanlandyryp aydym dinleyanlere hödür etmek hem gelyardi.
Ynha indi dine taksylarda yok diysem olar hem başlady :(
Yaşuly telefonda mp3 açanyndan owaz radiyo yaylym has gowy diysem ynandyryp bilemok.Yone tuweleme owaz radiyo yaylymyny owyaler.Hakykatdanam gowy,tm.de bolsanyz dinlemeginizi maslahat beryan.

düşünmedim?! näme üçin

düşünmedim?! näme üçin mata ýa kagyzy agzyna dykmaly? agzy bilen aýdýan däldirä ol "ýüregedüşgünç" aýdymlary?! aslynda ha... şol gygyryp duran telefonyny alagada agzyna dyksaň bolardy :-)))

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Agzyna dykmaly kellesinde pytratmaly"
  • Abat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!Ras aydyan"

(=>Bayram akga)Hmm

(=>Bayram akga)Hmm, eger ala zenzele edip dinleyan bolsa ile ziyan berdigi bolar. Onda-da dash toweregindakilere ziyan beryan yali gorunyan bolsa. Yogsam, telefoni naushniksiz dinlemek kan bir gen daldir oydyan. Onler telefon dine gepleshilmek uchindi, we onda aydim dinlenilyandirem oydilenokdy. Son aydim dinlenilyani hem chykdy, yone naushnik meselesi bashga.. birinjiden naushnik almak kella gelman bilinyar, ikinjidenem telefon alanindan son ol telefonin naushnigini nireden aljak?? onda-da oba yeri bolsa..
Yone menin uchin kan bir gen dal, adam telefonini belli bir sesde aytdirip aydim dinlese.. Gorunmek uchin dal, dinlasi gelyane we dinledesi gelyanlere diyip diyyan..

Meň hakym we azatlygym

Meň hakym we azatlygym başga biriniň hakyna we azatlygyna päsgel bermese dogrudyr. Her kim şeýle pikir etmelimikä diýýän. Eger sen 5 dost maşynda gidip barýan bolsaň, magnitafonda aýdym goýsaň, onda bolýa. Ýöne bir wagona ýaňlandyrsaň, sen şony bolanok diýip kabul etmeli, sebäbi seň azatlygyň we hakyň başgaňka girýä. Ýa azyndan soramaly.

Telefony nauşniksiz diňleýän wagonda däl, ýolda gidip barýarka diňlese, elbetde hak barada gepem aýtjak däl. Edenini etsin, men muňa diňe geň galjak. NÄME ÜÇIN? Görünmek üçinmi? Modamy? Bärde tema şu barada...

Eger özi diňläsi gelse, bir özüne nauşnik hem ýetýär, gepem şonda. Köçede ýöräp barýan adama köçäni ýaňlandyryp ýöremegiň näme manysy barka diýip bärde hemmämiz haýran galýas. Ünsi özüňe çekýäň. Ýöne belki bu aýdýanlarymyz indi Türkmenistan üçin dogry däl. Sebäbi indi obada her kim şeýdensoň, beýdibem üns çekip bolanok :D Obaň köçeleri disko!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram wrote: Telefony

Bayram wrote:

Telefony nauşniksiz diňleýän wagonda däl, ýolda gidip barýarka diňlese, elbetde hak barada gepem aýtjak däl. Edenini etsin, men muňa diňe geň galjak. NÄME ÜÇIN? Görünmek üçinmi? Modamy? Bärde tema şu barada...

Barik bolsa hich hili dushunemok, ya-da dushunesim gelenok.Hayran galynar yali, gaharlanilar yali zadam goremok:) Yaponlar yali eytsem birhili bolar, beytsem birhili bolar diyip yone yere seredilip gezilenden, oz obamdaky yali "ynha, ony dinledinmide, muny gordunmi`li" durmush has gyzykly gorunyar..

Dogram aýdýaň, obada

Dogram aýdýaň, obada üýşeňde "eý nähili aýdymlar bar? nähili prikollar bar telefonyňda?" diýip toplanyp, zögürdip durýalar köçede. Soňam wakyrdaşyp, gülüşýäler :D
Gyzyklymy? Aý hawa, Amerikada meň telefonymda nämäň barlygyny soran jandar ýok :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ay huday saklasyn how, shol

Ay huday saklasyn how, shol telefonlaryn ichinde yok zat yok :D Oglanlarynka wopshe, yarsy pornuha videolary, in bolmanda-da 1 folder gyz suratlary bardyr..Dereje yaly edibem gorkezyaler "muna daga seret" diyip...Gorsen dagy yzyndan "bluetooth barmy, ibereyin" diyip :D
Bizin geyinishimizden ya-da etc'den bildiryandirda dashary yurtda okayandygymyz dagy, onson herkimin kellesinde "telefonam govydyr" diyen pikir bar bolmaly, yogsa telefonymyn prostoy motorola'dygyny gorenlerinde "shuny ulanyanmyyy ?" diyip soramazdylar :))

Dogrydanam obalaryn sheyle

Dogrydanam obalaryn sheyle gylygy bar ekeni. Kichiden ululara chenli hersinde telefon bar. Ozlerem uytgeshik telefonlary ulanyarlar. Pikirlenip goryan, men ilkinji telefonumy alanymda bir prostoyja nokia model alypdym, onga aydym yazylyanynam bilemokdum, obadakylaryn ulanyanlaryna seredeninde ozleri yasan yaly hemme zatdan bashlary chykya. Ichinde aydym, klip, oyun, surat name diysen bar. Chagalara chenli telefona yapyshyp yatyrlar, onkuje edyan komeklerinden galyp telefonda oyun oynap hiy doymak yadamok yok olara. Shu zatlar dine wagt gechirmek uchin hemem mende kan zat bar diyip owunmek yaly.
Ichinde pul yok diyibem dogry bellediniz. Pul nama gerek, esasy ichi aydymdan bashga zatlar dolup dursa bolyarda :) hemem altyn asyryn mugt 9 sekundy bar ahrym ;)

Gechen sapar menem Ashgabada gidenimde ejem yadanson poyuzly gitdik, vagonun ichi gyk-da wak, guluship gygyryshyp edil oz oylerinde yaly, shulam edepsizligin yoly. Her yerden bir aydym eshdilyar. Biz-a ejem ikimiz bolansok, ichindaki owazy aytdyrjak boldum ongam sesi gaty bolanson beylekilere meshat etmesin diyip ishletmedik. Adamlar bir hili dowur gechdigiche uytgeyarler.

Onsoň oba gelemsoň

Onsoň oba gelemsoň düşündim nämäň nämedigine. Asyl biziň obalarda hiç kimem nauşnikli diňlänok ekeni. Sebäbi näme? Bilmedim, zapadlomy, ýa gulagyňda diňleseň görünjek bolýamyşyňmy, ýa bir zat diýseler eşitmeýärmişiňmi... Eý menä türkmenleri utanjaň diýip tanaýardym, ana saňa gerek bolsa. Oglanlara hiç, gyzlaram el telefonynda aýdym ýaňlandyryp köçeden geçýäler... Ahow, hany utanjaň obaň türkmen gyzlary? Aý ýok, ol köpden bäri ýok zat ekeni, men diňe ýalňyşýan ekenim. Men muňa obanyň başga käbir zatlaryny aýdansoňlar göz ýetirdim. Ol temalara girmekçem däl.

Bolýa, adam utanjaň bolman biler. Menem utanjaň däl. Ýöne manysyz hereket.

Mundan başga obanyň köp oglanynda meňkiden gowy telefonlary bar ekeni. Ýasamamy aýtmak kyn, ýöne meňkiden gowy, bahasyna seredip, menä ýasamadyr öýtdüm. Amerikadan arzan telefonlar. Bilmedim. Aý umuman, gep ýasamalykda däl. Gep şol telefonly oglanlaryň telefonynda gürleşere pul ýok. Menem "aý puluň bolmasa telefony näme etjek?" ýa-da "saňa asyl gerek zat däl, obada mellege gidip gelýäň, nämäňe gerek?" ýaly soraglara jogap alyp bilmedim. Içi pulsyz telefonlar. Özem biri beýlekisinden gowy... Öwünmek üçin, görünmek üçin.

Muny diňe ýaşlar edýändir öýtmeli däl, indi muňa ýaşulylaram doly goşulypdyr. Telefon deňeşdirip, öwüşlerini, asyl öwünmek keseli, maşynly gürrüňleri diňläp, haýran galdym. NÄMÄ GEREK? Türkmeniň sähel puly kän bolsa, görünmek bilen, sygan ýaly. Ine obaly mellekçi dostum ýakynda $2000 bergä batyp Toyota Kamri alypdyr, ýogsam obada NÄMÄ GEREK?

Gaýdýançam şuňa haýran galyp gaýtdym. Türkmenistan bir gaty geň ýurt bolupdyr. Logika bilen hereket edilenok. Bas, halasaň, göwün etseň, logika garşy bolsa-da, hereket et. Bu gün bilen ýaşa, ertiriň pikirini ertir ederis :) Aý gaty gyzykly dünýä garaýyş :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yene-de

yene-de..

Bayram wrote:

Muny diňe ýaşlar edýändir öýtmeli däl, indi muňa ýaşulylaram doly goşulypdyr. Telefon deňeşdirip, öwüşlerini, asyl öwünmek keseli, maşynly gürrüňleri diňläp, haýran galdym. NÄMÄ GEREK? Türkmeniň sähel puly kän bolsa, görünmek bilen, sygan ýaly. Ine obaly mellekçi dostum ýakynda $2000 bergä batyp Toyota Kamri alypdyr, ýogsam obada NÄMÄ GEREK?

netijede, mashyn telefon, turkmenin oz chikaryan zady dal.. sizin diyyan adamlarynyz, amerika gidip gelmegi uly bagt sayyar.. elbetde turkmenem bu dowurden gechmeli.. bashda hayran galmaly.. owmeli, owunmeli, gorunmeli.. son nadip, nireden chikyara-da birgun gyzyklanyp bashlanylar oydyan..
Kamri alan dostun bolsa, yalnishandir oydemok.. Obychno, oba oglanlarynyn howesi, bir mashgalam, oyum, mashynym bolsun diyip arzuw edyar.. berga batyp almasanam, bu yakinda alyp bilmejegini bilyar.. berga girilse, bokurdak yeneden kesilip yene-de bergi uzulyar.. uzup bilmedik oglanlaram, mashynlaryny islan wagtlary satyp, bergilerini uzup bilyaler.. that is how i think..

eý ýakany göýbersene

näme almytyň baraý? :D yzarlap maňa jogap ýazýaň?! :D

Dogry aýdýaň, her ýurduň geçýän periodynyň biri. Muňa düşünýän. Ikinji paragrafyň bilenem ylalaşman duramok. Monoton durmuş, özüňi bergä batybam bolsa paraboliçeski antennajyk, muzykalniy sentrjik, ýa el telefonjyk alyp güýmeýäň. Maşynam. 2 günlik durmuşda özüňi ýöne gysyp ýaşasaňam hezil däl. Bu elbetde bir adamyň dünýägaraýşy bolup biler. Aýdara we goşara gep ýok.

Ýöne meňki şondan gaty tapawutly. Aňarda azajyk ätiýaçlyk pul bolmalymyka diýýän. Minus balansda rahat ýaşap bilemok. Birden pul gerek bolanda, adamlaryň öňünde kiçelmeli, saralmaly, boýnuňy büküp, birinden karz dilemeli. Muňa köpler öwrenşipdirler Türkmenistanda, ýöne maňa kyn bolardy. Esasanam "ýok" diýlenini eşitmek. Şoň üçin, men obada bergä batyp Kamrili gezenimden, ýygnalgy $5000-ym dursa has gowy. Pul ýygnaberseň, Alla ýol bereninden, Kamri hem alnar. Ýöne minimum ätiýaçlyk, $2000 bolýamy ýa nämemi durmaly diýjek bolýan.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

sizem

sizem edil men yali.

Bayram wrote:

Ýöne meňki şondan gaty tapawutly. Aňarda azajyk ätiýaçlyk pul bolmalymyka diýýän. Minus balansda rahat ýaşap bilemok. Birden pul gerek bolanda, adamlaryň öňünde kiçelmeli, saralmaly, boýnuňy büküp, birinden karz dilemeli. Muňa köpler öwrenşipdirler Türkmenistanda, ýöne maňa kyn bolardy. Esasanam "ýok" diýlenini eşitmek. Şoň üçin, men obada bergä batyp Kamrili gezenimden, ýygnalgy $5000-ym dursa has gowy. Pul ýygnaberseň, Alla ýol bereninden, Kamri hem alnar. Ýöne minimum ätiýaçlyk, $2000 bolýamy ýa nämemi durmaly diýjek bolýan.

size goshulman duramok. Yone adamlary ozuniz bilen deneshdirmek dogry dalmika diyyan. Men meselem hich kimin menin oz pikir edishim yali pikir etmegini islemezdim.. onda durmush gaty yurek gysgynch bolardy..

p.s.
hehe almyt armyt yoklay.. ichimden size yazmak(degmek) geldi:P

Hmm... özümä hiç kimiň

Hmm... özümä hiç kimiň meň pikir edişim ýaly pikir etmegini islemezdim diýip biljek däl. Belki HEMMELERIŇ meň pikir edişim ýaly pikir etmegini islemezdim, ýöne dünýäde bir pikirdeşiň bolmasa, onda hasam içgysgynç bolmazmy näme?! Ýalňyz bolarsyň...
Her kimden üýtgeşik bolmak keselem, hiç kime meňzemejek bolmak bilen bir ýerdemikä diýýän.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry :)"

hawa

hawa, barden meninem asyl diymek islanim shuldy..

Bayram wrote:

Belki HEMMELERIŇ meň pikir edişim ýaly pikir etmegini islemezdim

yagny herkimin menin pikir edishim yali etmegini islemezdim diyjekdim.. herkim meninki yali pikir etse, durmush ich gysgynch bolardy.. beyleki tarapdanam hich kim senki yali pikir etmese, dertdeshem galanok ona-da goshulyan..

Bayram wrote:

Her kimden üýtgeşik bolmak keselem, hiç kime meňzemejek bolmak bilen bir ýerdemikä diýýän.

muna bolsa name diyjegimem bilemok.. "men hemme kishiden uytgeshik bolasym gelyar" diyip aydan yali edip goyupsiniz..

Yslamjan seň üçin däl,

Yslamjan seň üçin däl, umuman aýtdym. Men köp adamy gördüm, halkyň halaýanyna "pop" (popsa) diýýänleri. Onsoň şol "popsa" bolmajak bolup, iň bir biderek zat geýip ýörenleri, diňläp ýörenleri. Maksat näme? Tapawutlanmak. "Ne byt' kak seraya massa wokrug". Men şol pikire kän goşulamok. Bolmaly ýerde, ile meňzäbermeli, gaty tapawutlanjak bolsaňam, gelşikli däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Modamyka?

Beý diýsem, adamlar görünjek bolýalarmy, ýa "beýlekilerden galmajak" bolýalarmy bellem dälhow. Bir döwür, tarelka (paraboliçeski antenna) almak moda boldy, onsoň muzykal'niy sentr almak, soň indi bolsa maşyn we telefon almak, onam gygyrtmak MODA bolupdyr. Belki adamlar görünmekden başga, moda görä hereket edýändirler?

Obaň adamlara başgalar näme pikir eder pikine däl ekeni. Bir döwür, "halk, il-gün näme diýer?" diýilýädi. Indi muny gyzlaram, oglanlaram, ýaşulylaram pikir edenok. Men şu gidenimde, şoňa göz ýetirdim. Dogrymy aýtsam, menem şeýle diýmedim. Kelläme görä hereket etdim. Herkim öz kellesine görä hereket edýä. Utanç ol köne gürrüň.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sylamazlyk

Dogry, 1 tarapdan "beýlekilerden galmajak" diyip edyanem bar!yone adam ozuni, dash toveregini sylasa beyle etmezmika diyyan. Il edya diyip edibermeli dien zat yok!aslynda ha turkmene gelishyan zadam dal sho! Turkmen gyzyna hasam! Dasharyk chyksan: 4 sinden 1-i hokman aydymy yakykdyr-batly sesli.ozune erkekdir dienok!dashyndan syn edyan oglanlaram ustunden gulup!gelishyan zat dal!shony gyzlan ozune dushundirip bolsady...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Ozune erkekdir diyenok :D"

aslynda menem shu tomys oba

aslynda menem shu tomys oba baramda ILLENGKI YLAY AYDYM AYTYAN TELEFONYM BARDY:) heme ichinde oz halayan aydymlam bardy, onsong her gun yola chykamda oglanlar ber telefonyngy goreyinle diyip alyarlardy, menem ay bir ichinde shasy zatlam beryardim, bir gun bir oglan manga ey SEN TAZE MODA BOLAN AYDYMLARY KLIPLERI WE PRIKOLLARY name uchin salangok telefonynga diydi, menem shonda MODA diyilyan zat hakynda yenede bir PIKIR edindim:)
ay name il monglasa atyngy soy diyen nakyla eyerip shol oglanyng telefonyndan halanja aydymlarymy gechirip aldym:):) sheydip ile goshyldym...
bu aytyanym ozem 15-16 yashyndaky chagalar dal 21 yashyndaky oyeribemeli gullygy dynan oglanlar..
wii mengem bir jigim bar:):):) shu wagt yadyma dushdu, bir gun kochede otyran oglanlang yanyna laptobymyalyp gidip baryarka tutyp elnden aldym:) AY OL JIGIMEM ILE GORUNJEK BOLANDYRDA, TELEFONDAN UTGESHIK ZAT DIYIP:):)2-3 saparjy sheydip alyp giden bolsaha bizing obamyzdada laptop kopleri:):)

Aý 21 hem däl, menä 30-40

Aý 21 hem däl, menä 30-40 ýaşlylaram gördümhow :D

Hatda bir mugallym bar, 40 zada ýaşandyr, welin biziň oba telefonyň internedi gelipdir welin, meň dostumdan haýyş edip telefonyny çalyşdy, oňkyda internedi ulanmak aňsatmyş. Oň ýaly gymmat internet nämä gerek diýsene?!
Ilki gözlän zady nämedir, onam aýdybam oturmaýyn :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • JanPolat 5 telpek goyyar we yazyar: "Gowy yazyosyn Bayram aga"
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "aydyp oturma ol bar yerde de shol bir zat:)"

Öylenmek üçin bergi baryna batmalymyşmyş

Menin hem derdim bar şol ünsi özüne çekmek barada.Meselem tm.de öylenjek bolsan bir giden çykdayji.Elbetde çykdayjy bolar welin emma asyl aytjak zadym türkmen ömür işlap gazananyny ogul öyermek yada gyz çykarmak üçin bir bada hemme jemlan pulyny sowyar.Menem köp toya gitdim,yeke geçen yylyn içinde 15e yakyn toy dabarasyna gitdim.İn sadasyndan tut betinden edilen toylara çenli.Emma hemmesinde şol bir zat.Gelen myhmanlara görünmek üçin hökman karz bataklygyna batyarlar.Yogsam elindaki barja pul bilen ile menzeş toy hem edip bolyan yerde başkalaryndan galmajak bolup edil ölayjek bolyarlar.Eşek eşekden galsa guyrugy kesiler diyen yaly birek birlerinde galmajak bolyarlar.Restoran;ondada in gymmady bolmalymyşyn,gelin puly(nireden çykan hem bolsa),toya geljek aydym saz topary w.ş.m
Meselem tm.de öylenayjek bolsan ortaça 30,000 manat(taze pul) gerek.onun yerine sada toy edip galan pula maşyn alanyn gowylay :),yada bir hepdeligine gezmane gidenin nama degenok.
Önler içkisiz toy bolmaz diyyadiler welin indi ha yuwaş yuwaş azalyar.Edil şunun yaly öylenjek taze gelin we yigitler hem biderek çykdayjylardan we ile görünmelimişlerden uzak dursunda.

yokarda Bayram aga internet

yokarda Bayram aga internet barada bellap geçipdir. Bizin obamyzda bir oglan bar internetten turkçe kitaplar okayar.Ozem telefondan.Bir gün gabatlaşaymanmy? Özi türkçani tvden ogrenenson o diyen bilenok.yone şonda da jan edip okayan eken we düşünmeyan sözlerni bellap alyp bilyanlerden sorayar eken.Mendenem bir sürü bilmeyan sözlernin manysyny sorady.ilki başda sada hekaya zat okayan eken.İndi uly uly makalalara çenli okayar.mena şol oglanyn yhlasyna telpek goyandyryn.Obada bolup we hiç yerde okaman beyle gyzyklanyp biljek eken adam. Gürrününden,özüni alyp baryşyndan zatdan gowy sosyal adamdygy bildiryar.Chat diydi yene şona menzeş zatlar bilen işem yok.TUWELEME.İnternedi beyle ulanyanlaram bar welin, denizde damja misli diyilişi yalyda.....

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Unsi ozune

Unsi ozune chekmek...Chekilmeyan zady chekmeyaler!
Telefon, mashyn ve sh.menzesler taze chykan zatlar, bulara "ay bor, bizar bolyanchalar oynarlar, sonam goyarlarda" diyip gechse bolar belki..Antena we etc'nin indi luks dalde, adaty zat hasaplanylyshy yaly. Yone eger halk'yn kellesinde "unsuni chekyan" zatlar shular yaly "oyunjak"-lar bolsa, onda bu kesel galyancha entek koooop wagt gecher. Eger halk'yn unsini adamyn edebi, bilimi, durmushy chekmese, halk ol boshlygy doldurmaga 1 zatlar tapar, mashyn/telefon/oy, her name bolsa-da...TM'de bu "unsi ozune chekmek" gylygy omurem bar, hatda her welayatyn oziche ayry, oz halk'ynyn unsini chekyan zatlary bar: Maryda dashy suvalmadyk, "owadan"-lap kerpich'den yasalan jaylar yaryshyar, ya-da adamlar her zat edip birinji bilen sholar yaly oy salyar, son luks mashyn we etc...Ashgabat taraplarda kamahal adamyn oyi on yaly "kashan" bolmasa-da onunde marylynkydan govy BMW dur...Sebabi ol shaherde 1-nji bilen oy, a bu shaherde mashyn adamlan unsini chekyar. Dashary yurtda-da yagday o diyen uytgeshik dal, barde-de mashyn/oy/telefon we etc yaly ownuk zatlar dalde, adamyn karyerasy, karyerasynyn gazandyryan puly, lyuks durmushy we etc kopchuligin unsini chekyar, "shon yaly adam" bolmaga ymtylyanlar kopelyar... Garaz, kesel hemme yerde bir, yone illerde ymtylyan zat turkmenlerinka garanynda "ymtylanyna degjek" zatlar yaly bolup gorunyar, belli 1 derejede sheyle hem!

Mary barada dogry aýtdyň!

Mary barada dogry aýtdyň! Bärde diskriminasiýa etjek bolup aýdamok, ýöne meň gören welaýatlarymyň içinde, öýler Maryda gowy. Men Çärjewiň içinden geçip barýarkam, käbir jaýlar kepbe ýalyhow, biziň OBAMYZYŇ iň erbet jaýlary ýaly. Ahalda hem kän bir öwerlik üýtgeşik gowy öýler ýok. Şol hökümediň gurup berýän öýleri diýäýmeseň, öz guran öýleri Marylylaryňkyça däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Marylylarynky govy welin,

Marylylarynky govy welin, oylerin kopusinin kerpich'den, shol 1 stilde bolmagy birhili...T.e. "Maryly birinin oyi" shablonyna uyyada :) Yone kepbe bolandan shol 1 stilde, yone govy bolsun diyyan bolsan, oda dogry. Oy meselesi umuman "kop" pul we zahmet gerek zat, nache aylap bashga yerde yashamaly, oncha ish/guych/bosh wagt gerek, onson adamlar birhili yaydanyandyrda...Gidip mashyn satyn alan yaly dalda oyuni tazeden dikmek. Yone gerek zat. In bolmanda chatma bolmasyn, eger mashyn dagy almaga guyjin yetyan bolsa.

Öýüň kaşaň bolman

Öýüň kaşaň bolman biler, emma gowja bolmaly diýýän özümä. Bu elbetde dogrusy ýa ýalňyşy ýok mesele, her kim kellesine görä hereket edýä. Edil "million dollarym bolsady..." ýaly mesele. Türkmenistanyň özi üçin, öý maşyndan has wajyp diýerin, eger maşyn gaty wajyp we gerekli bolmasa. Ýagny meň pikirimçe, gowy öý salyp, şeýleräk maşyn alardym, şeýleräk öý salyp, gowy maşynly bolandan.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Annaguly, salam. Dogry, TM

Annaguly, salam. Dogry, TM barypsyn senem. Emailjik hem yazypdym sana.
Internet mumkinciligi az bolmaly, ay garaz yazarsynda jogap.

Ay hawa, bu tema belli. "Mentality is totally different"-a bir mysal shu.
Natjek, turkmenimizda. Bular ozumiz. Bu tema barada bir zat aytmak ozune, oz yakynlaryna, oz gonshyna bir zat aytmak yaly bolyar. Mena shol sebapli kan bir kritika yazyp durjagam dal.

Bizinki yaly osup baryan yurtlaryn kopusi shuna menzesh proseslerden gecyandir oydyan...