EÝ SÖÝGÜLI(S.A.W)!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

EÝ SÖÝGÜLI(S.A.W)!
Seniň gapynda niçeme aşyklar söwdaý-yşk nagmalaryny aýtdy. Aý ýüzüňe gurban müňlerçe mejnun Seniň hasrat we hijranyň bilen ýandy-tutaşdy. Adamzat taryhynda Seniň ýali söýülen başga magşuk ýokdur. Aşyklar biri-birinde Seniň söýgüňi görüp, hoşwagt boldy. Çünki Sen Guneş mysalydyň. Ýagtylyk we ýylylygyňdan ýüzüňi saňa tarap öwren hiçkimi binesip goýmaýardyn, mähir çoguň herkesi gurşap alýardy. Magşuk Sen bolansoň, bir aşygyn söýgüsi beýlekisini gabandyrmaýardy, gaýtam, biriniň kalbyndan çykan owaz beýlekileriniňde ýüregindäki yşk alawyny guyçlendirýärdi. Seni söýenler duýgularyna äsgermezçilik edilmejekdigini, söýgüsine söýgi bilen jogap beriljekdigini, bu soýgüde hiçbir aýralygyň aşygy magşugyndan aýyrmaga güýjüniň ýetmejegini bilýärdiler.
Eý, gözeller gözeli, soýgüli, gel! Gel, garaňky gijeleriň Aýy-Güneşi! Gel, ýolda galanlaryň ýeketak ýolgörkezijisi! Ýene bir ýola myhmanymyz bol… Törümizde tagtyňy gur! Gel, koňlümizdäki garaňkylygy-tümligi kow. Gel-de şol zulmatlary nuryň bilen dargat! Gel, söýgä, mähir-merhemete teşne kalbymyzy muhabbetiň bilen, hoş niýetiň ýylysy bilen joşdyr. Gel, ruhlarymyzy paýhasyň ýagtysy bilen çaý we bizi öz ruhumyzdaky boşlukdan halas ET!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Style 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

...

Name how pygamberede soyguli diyip otyrsynglay...Nirden alyanynga bilemok welin,turkcheden terjime eden bolsanga gelishmandir, turkmencheda pygamberimize soyguli diyilmegi gelshikli dalow...

A Magtymgulynyň bu

A Magtymgulynyň bu setirleri barada nähili düşünýäňiz ?!

Ýa Habyp, hak Resuly sen,
Çyn jandan söýmüşem seni.
Derwüşler gadyr gijesin
Söýen dek söýmüşem seni

Magtymguly, dünýä pany,
Ötüpdir Rüstemler, kany?
Aý, Gün-u Zemin, asmany
Söýen dek söýmüşem seni.

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Sagja bol halaçly agam.

Sagja bol halaçly agam.

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Enşallah Jahanda ýaman

Enşallah

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

...

Agam Magtymguly aga mena at dakyp biljek dal..., yone soyguli sozi menga gownime jay dal.
Mysal uchin Magtymguly aga'da soyguli diyip ulanmandyr ya Habyp diyipdir, oda sho manyny
beryamika diyyan.(Habyp sozi soygila garanyngda has gowne jay.)

Elbetde Magtymgulyny analiz

Elbetde Magtymgulyny analiz edere akylym pes. Ýöne meniň pikirimçe söýülýän adama "Söýgüli" diýmek gelşiksiz dälmikä diýýän.Çünki bu nä derejede söýülýänligine bagly.

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Pyragy, pygamberimize

Pyragy, pygamberimize yuzlenip "yar" hem diyyara, soyguli hem gelshman baranok
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Pygamberimiziň doglan

Pygamberimiziň doglan gününe bagyşlanyp Zaman gazetinden çap edilen makala. Menem gowy görüp ýazyp aldym. Herkim isläni ýaly pikir eder, düşüner. Seniň üçin terjime etmek gelişmedik bolup biler. Ýöne men öz dinimiň köp zatlaryny türk dilinde öwrendim we türkmen dilinde-de ýaşaýan. Munyň nämesi aýyp.
Menä dinde, dil diýlen zat ýokmyka diýip pikir edýän. Din hemme dilde bir bolmaly dälmi näme. Elbetde, sen bular ýaly zatlar eşitmänsow, üýtgeşik gelýän bolup biler Başlyk. Oňa sözüm ýok, ýöne herkimiň öz garaýşy bar.

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

sen yalngysh dushundung,

sen yalngysh dushundung, Sevgili diyen soz soygulu bolanok turkmen dilinde, direct translation method ulanypsyng shony bellayar, shong yerine Mahriban yada Gadyrly yada bashgarak soz ulnan bolsang has gowy bolardy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bashlyk 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

...

Kim bilyaray Zaman gazedi indi Turkmenistanda cap edilenok diyip eshitdim...

Agam ildeş ýokardaky

Agam ildeş ýokardaky ýazanlaryňda pygamberi wasp edişiň dogrymyka, ol hakykatda hem sen ondan soran zatlaryňy bermegi wada etdimi we hakykatdan Mukaddes Ýazgylarda onuň:

Quote:

Aýy-Güneşi! Gel, ýolda galanlaryň ýeketak ýolgörkezijisi! Ýene bir ýola myhmanymyz bol… Törümizde tagtyňy gur! Gel, koňlümizdäki garaňkylygy-tümligi kow. Gel-de şol zulmatlary nuryň bilen dargat! Gel, söýgä, mähir-merhemete teşne kalbymyzy muhabbetiň bilen, hoş niýetiň ýylysy bilen joşdyr. Gel, ruhlarymyzy paýhasyň ýagtysy bilen çaý we bizi öz ruhumyzdaky boşlukdan halas ET!

diýýänleriňi ýerine ýetirjeginiň subutnamasy we wadasy Hudaý tarapyndan tassyklananmy?
Seniň bu ýokardaky dilegiňi üpjün edip biljek Hudaýyň wada beren we üpjün edeni Halasgär Isa Mesihdir! Sebäbi Isa Mesihiň "Dünýäni ýagtyltjak Nurdygyny, bize akyl we bilim berjek Hudaýyň Sözüdigini, ýölgörkeziji dälde şol Ýoluň Özüdigini, her bir ynsanyň gözleýän Hakykaty we Ýaşaýyşdygyny....Mukaddes Ýazgylar tassyklaýar!

Ýagşy niýetler bilen,
Sylap

diplomat

Soraber diploamt bir gun soraglaryna jogap taparsyn.

Howwa diplomat, soraglaň

Howwa diplomat, soraglaň jogabyny Iň uly hasap güninde bererin. Edil şuwagtlar okuwym bilen başagaý, siz bilen debate edip kellämi agyrtmaga wagtym ýok.

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Agamjan ildeş "iň uly

Agamjan ildeş "iň uly hasap gününde" giç bolaýmasa soraglaryň hakyky jogabyny tapmaga we bermäge!? Bolýar ýöne okuwlaryňa ýetişiber başga bir wagt tapanyňda gürrüň edeýäris!
Teniň, janyň we ruhyň sag bolmagyny arzuw edip,
diplomat