Köne Kommunistlerin Altyn Nesli

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam gadyrly agzalar.

Bu blogda döwletimizi 70 yyllap dolandyran we 1991-den son yitirim bolan kommunistler we olaryn dowamy hakda yazmakçy. Bilşiniz yaly kommunizmin bize öwreden yekeje zady bar: hemmamiz dendirs, dine başdakylar bizden beyikdir.

1991-nji yylda Türkmenistan döwletimiz garaşsyz bolanda syysatçy kadrlaryn barysy köne kommunizm sistemasyndaky adamlardy. Döwletin garaşsyz bolmagy bilen kommunistlerem demokrat (bolmaly) boldular. Kommunizmyn totalitar anly adamlary döwletimizi dolandyrmaga dowam etdiler...

Dine dolandyrmak dal, geljegin yaş syyasatçy neslinin kontrollygyny hem öz elinde tutdular. Yörite saylanyp syysat ugrunda gönükdirilyan yaş kommunistlerin KOMSOMOLy indi "demokratiya" hyzmat etyan Magtymguly Yaşlar Guramasyna öwrüldi.

Men pikir etyan zadym şu: syysatçylarymyzyn ady name bolsa bolaysyn, kommunist yada demokrat, henizem köne döwrün mentalitetine göra dolandyrylyandygymyz anyk zat.

Yöne köne sistemany dowam etdirjek bolyanlaryn kontrollygynda bolmayan, olaryn "mukaddes" kitaplaryny okap öwrenmeyan bir topar bar Türkmenistanda - daşary yurtda okayan studentler. Daşary yurtdaky studentler başga (özgeren) yurtlara gidip şotaydaky syyasy sistema bilen bizinkin (özgeryan) tapawudyny görüp bilyar. Yöne Türkmenistanda, kan görmek, köp bilmek yagşylygyn alamaty dal diyip hasaplanylyar. Sebabi pikir etmegin yekeje ugry bar döwletimizde - şuwagtky sisteman mentaliteti boyunça pikir etmeli. Şonun üçinem daşary yurtda okayan talyplara bir tarapdan "howply" diyip garalyar.

Sistema garşy çykmak bilen döwlete garşy çykmagyn tapawudy hem yok Türkmenistanda. Edil kommunizm döwründaki yaly, egerde sen başga hilli pikir edyan bolsan "döwlet duşmany" diyip yglan edilyan. Mysallar kan, herkim bilyar...

Pikir etmek, alada etmegin alamatydyr, alada etmek bolsa söyginin alamaty. Pikir etmegin, döwletin üçin alada etmegin, watanyny söymegin nenen kyndygyny dine bizde (SNG) görüp bolyar. Köne sistema başgasça pikir etmegi güyç bilen GADAGAN etsede, yaş neslin pikiri hiçwagt yesir edilip bilmez. Sebabi üytgemeyan yekeje zat üytgeşiklikdir.

Möwlana Jelaleddin Rumyn bir sözi yada düşdi: "Düyn geçdi janym, düynki pikirler düyn bilen geçdi, indi taze zatlar pikir etmek gerek, indi taze zatlar aytmak gerek."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Rumy'ny quote edipsin

Rumy'ny quote edipsin etmesine, yone aydyan zatlan gynansakda taze dal, pikirlerem.

Pikirdenem, aytmakdanam dovran gechip baryar, herkim oz radius'ynda hereket edibermeli,
son belki radius'lar birleshdirilip butin Turkmenistany gursayan toverek emele getiriler.
We birilerini "dushman" yglan etmeginem hich kime gazandyrjak zady bolmaz, biderek yere
urush-sogush doreyan, has kop dushmanchylykdan doly, tupik kochelerde aylanar yoreris !

Bu pikirlem könerak bolany

Bu pikirlem könerak bolany üçin kan gynanmalyn :-D

Agzalalyk herwagt zyyanlydyr. Bir elin baş barmagy den daldir yöne bileje işleyarler, agzybir bolmaly, uruşmaly dal. Yöne goyunam bolmaly dal, kabir zatlary okamaly, bilmeli, öwrenmeli, döretmeli.

PS: Bu blogda taze zatlar aytmagyn aladasyny edemok, dogry zatlar aytmagyn aladasyny edyarin...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: dogry zatlar

Quote:

dogry zatlar aytmagyn aladasyny edyarin...

Good for you :D

ine

ine sonunda gyzyklyja mowzuk hakynda gurrun bashlapdyr:)

Kommunizmde şahsyyetler

Kommunizmde şahsyyetler öne çykarylyar, demokratiyada bolsa halk. Kommunizmde halk prezidentin guludyr, demokratiyada bolsa prezident halkyn hyzmatkaridir.

Kommunizmin tasirlerinin dowam edendigini görkezyan in sada mysal, döwletde dolandyryşy elinde tutyan şahsyyete (prezident) berilyan super (uly kiçi bolup galyar) hormatdyr.

Niyazowyn heykellerinin döwletin her guramasynyn önünde goyulmagy, gyzyldan yasalyp Aşgabatyn depesine goyulmagy, gazetlerin ilkinji sahypasynda hökmany suratda Niyazowyn suratynyn goyulmagy...
Niyazowyn yazan Ruhnamasynyn "mukaddes" yglan edilip okuwda, metjitde, hassahanalarda, heryerde okadylmagy. Ruhnama (harplary gyzyldan) üçin yörite sputnik yasadylyp Baykonurdan kosmosa uçurylmagy...
Niyazowyn "beyik, pygamber, perişde" yaly sözler bilen wasp edilmegi, kasamdaky "prezidentime" sözünin deregne "Saparmyrat Türkmenbaşa" diyip yazylmagy, "Halk Watan Türkmenistan" lozungynyn "Halk Watan BEYIK Türkmenbaşy" diyip üytgedilmegi...

Bularyn barysy gülkünç yöne bolan we bolup geçyan zatlar. Sebabi syyasatçylarymyzyn henizem şol köne pikirlere göra hereket etmegidir.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end