Deň hukuklar-türkmen aýallarynyň zehini-yurdy osdurmek

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Tmolympiad.-da degip geçilmedik tema ýok ýaly, umuman shu temadan blok açylmasa hem, meniň gürrüň etjek temama az-da kände öňem gürrüň edipdik. Bu temany açmak arada bolan wakalar we gürrüňler iterdi.
Bolýar geliň onda, deň hukuk sözüne garalyň, deň hukuk diýsem men häzir gyz-gelinleriň aýallaryň hukuklary barada söz açasym gelýär. Hudaýa şükür işlerde, wezipede kanun tarapdan gyz-gelinlere deň hukukly garalýar, emma welin döwletden başgada köpçülik düşünjesi bar, menem görýän welin käbir adamlaryň heňizem „gaty“ konserwatiw garaýyşlary bar.(mysal: gyzlar okamaly däl, diňe öýüň işi bilen bolmaly...)
Wezipede, işde aýal kişi erkek adamdan pes başarnygy bardyr öýdemok, şoň üçin işde hijem aýalmy-erkekmi seretmeli däl-de işleýşine seretmeli. Bolýar, maşgala eýýäm başgarak gürrüň, menem gelinleriň hojalyga, ýagny, nahar bişirmek, öýi arassa saklamak , jogapkär hasap edýärin, çagalary terbiýelemek bolsa iki taraplaýyn bolmaly eýýäm.
Bir sapar „näme üçin gyzyňyzy okatmadyňyz, zehinem bardy“ diýdim, „aý, ol-a hemmämizden baý ýaşap ýör diýdiler“. Hawa, garny dok bolsa bir tarapdan başga näme gerek indi? Bagtly bolsa başga näme gerek? Indi, bar oka diýselerem, näme üçin okasyn? Emmasy barda ýöne şuň, iň bolmanda mugallym bolanda-da ýaş nesil terbiýelärdi, ýurdumyzy ösdürerdi. Käbir oglanlar: „men-ä gelin alsam, daşarda garasam görünmez, öýde oturar“ diýýärler, gelinler näme ynsan dälmi? Gyz-gelinlerimiz käbiri garşam çykanok, ýöne näme üçin?! Olar başga durmuş bardyram öýdenok. Olaryň bilýän, öwrenşen zady şol-öý-içeri. Mellekde, tamdyr başynda durmuşyny geçirýänlerem, näme başga durmuş bardyram öýdenoklar. Döwletiň ösmegi üçin şeýleräk düşünjeliri azaltmalymyka diýýän, beý diýsem men Ýewropa ýa-da Amerikadaky jemgyýete, adamlara meňzejek bolman, aralykda, özümizçe ösmeli.
Aşakda „Garagum“ zurnalynda (takyk sany ýadyma düşenok, ýöne 2009 ýyl) mugallym we şahyr, XX asyryň 30-njy ýyllaryna çenli bolan döwürde dowam eden jeditçilik(täzeçilik) akymyň meşhur wekili Muhammetguly Atabaýewiň „Ruzname-ýi Mawera-ýi bahr-i Hazar“ diýen (parsça we ilkinji gezek türkemnçe çap edilip başlanan) gazetde ýazan makalasyny size hödürleýärin:
„Köp aýallar her bir işlerde erkek kişilerden asgyn däldir. Okuwly aýallaryň içlerinde her bir işleri her erkekden kem etmeýän köp akylly şägirtleri(?) köpdür. Aýallarymyz akylsyz bolsa günä özümizdedir. Ol sebäpden ke, biz olary ynsan hasap etmeýäs, okatmaýas. Elbetde, okuwsyz hiç bir iş ýola bitmez. Her bir ady işletmeseň, poslap, çüýräp zaýa bolup gider. Zehin hem şoňa meňzeşdir. Eger ony her sagat işletmeseň, akyl hem köpelmez, ýiter, batar gider. Biziň türkmen aýallarymyz köp zehinliligi şunda mälim bolýar ki, haly iş köp kyn, çetin işdir we ony hem(me) aýallar (d)okabilmez. Emma biziň, türkmen aýallarymyz, Hudaýa şükür, haly-dokma işinde hemme milletlerden öňdedir we ökdedirler. Men ýazmyşdym: „Türkmenler her bir işlerde başga milletlerden asgyn we yzdadyr“ diýip. Elbetde, erkeklerimiz dogrudan hem gaýradyr. Aýallarymyz hem bir-ýeke haly dokamak işlerinde artykmaçdyrlar.Şuňa hem Alla müň gaýta şükür.
Indi şu işlerden meň pikirimçe gelýär: biziň aýallarymyz köp zehinlidirler we eger olaryň akyl-zehinlerini işletsek, ýagny okatsak, olar hem her işde bize kömekçi bolup, sag elimiz bolar. Ahyrky gep şudur ke, aýal maşgalany hem ynsan hasap edip, erkekler ýaly deň tutup okatmalydyr. Her kim aýala: „saçy uzyn, akyly kem“ diýip ynsan hasabynda görmän okatmasa, özi akylsyz boldugydyr. Gyz maşgalalary okatmak Kuran-y Şerifdehem wajypdyr diýip aýdarlar. Çelekende köp gyzlar, Hudaýa şükür, okap hat ýazmagy bozmagy bilýärler. Bir molla aýdandyr: „Gyzlaryň hat bilmegi mekrurdyr“ diýip. Özge birniçe akylly mollalar Kuran-y Şerifde deliller tapdylar, ol hem sesini goýdy. Hudaý Tagalla hemme ynsana aýdypdyr: „Et-talib-ul ilm-u minel-mehdi ilel-lahdi.(terjimesi: „Sallançakdan tabyda-gabra çenli ylym öwren“)
17.03.1915“

Makala niçe wagt mundan öň ýazylanam bolsa belli bir derejede häzirki wagta hem degişliräk.
Meniň şu temany açmaklykda esasy maksadym hem siziň pikiriňizi bilmek, häzirki döwürde şu tema köpçülik nähili garaýar?! Ýaşlarymyz nähili pikir edýär? Kopungiz menden has uly hem tejribeli shondan sizingem pikiringizi eshidesim gelyar.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Agam 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Türkmen gyzlarynyň okamagy

Türkmen gyzlarynyň okamagy we işlemegi meň pikirimçe adaty ýagdaý bolmaly. Öz kellämizdenem gyz maşgala okamaz pikirini çykarmalymykak diýýän. Meň pikirimçe höwesli, başarnygy bolan aýal gyzlar okasa-işlese gowusy.
__________________________________
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Gowy mowzuk...

Dogrydanam gowy pikir. Aýal gyzlarymyzyň okamagyna menem elimden gelen kömegi edesim geler. Bir gyzym bolsa, nesip bolsa mugallym edip ýetişdirern inşallah. Welin meň kelläme çümüp galýan pikir, elbetde bul erkek kişä hem degişli welin, ar-namys, päklik, ahlak meseli gyz maşgalada has aýratyn seredilýär. Şonuň üçin, näçe okuwly bolsalaram, şol dereje hem öz ar-namysyny, tämizligini we ahlagyny goramak bilen türkmen milletiniň at-abraýyny göklere tanatsalar.

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Eh Belle, Belle ! Bu yazgy

Eh Belle! Gel hemme yazga oz context'inde seretjek bolaly!
Bu yazgy 1915-nji yilda yazylan, diymek ol wagt Turkmenistanda "ylym" diylende shu gunki "science" kella gelenokdy, shonun uchinem ol yazgydaky sozleri goni manyda dusunmek yalnys. Kop okuw-cyzuw medreselerde bolupdyr, we olarynam kopusi dini ugyrdan bolanson(edebiyat dagy yanynda), ayallaram name marekan onune gecip dini wagyz nesihat berip yormanson, uly yasda, "yokary okuw jaylaryna"
iberilmandir. Kicirak wagtlary okap yazmagy owrenyakaler gidyan ekenler oglanjyklar bilen,
son yone duypli dini ylymlary okamaga oglanlary iberyan ekenler, sebabi ayallar bilyanleri
bilen amal edip biljek yagdayda bolmandyrlar. 1915'e gitmek gerek dal, 30-40 yil on hem
ayal mashgala toylarda gorunenok ekeni, t.e. marekede bile oturylanok, onson ayalyn hereket
etme mumkinciligi cakli bolanson, kan okadybam oturmandyrlar. Yagny, context'e gora seretsen, sol wagtky ayal gyzlaryn "utanc" standartlaryna gora karar bersen, onda dusunse-de bolyar ayal gyzlaryn dini okuwlarda beyle kop okadylmagyna. Dusunmek razylashmakmy ? Elbetde dal!

Su gunki gunde bolsa gyzy "okuw namane gerek" diyip okatmayan azdyr. Okadylmayan bolsa ya salmak "gymmat"-dyr, ya-da "Gidip dargap geler" diyyandirler. 2'sine-de dusunse bolyar, yagny hakykat paylary bar!
1-njide yagdayda elden gelyan zat yok. Pul yok = Okuw yok diyip oturyberyaler.
2-njide gyzyn abrayinin, gelejeginin okuwdan has kop on namysyna baglydygyna ynanyanlar gelyar. Ene-ata chagalaryn okuw diyip gaydyp, soyuship-soyuship suvuny chykaryandyklaryny gorensonlar, gyzlarynyn "soyushmeyan", belki 5%-10%'lik gyzlan hataryna girjeginden emin bolmansonlar, goyberenoklar. Bu gyza ynanmazcylyk etmekmi ?! Belli 1 derejede hawa, yone shol 90%'lik soyushyan taypan ene atasam gyzlarynyn seydip yoreninden habary yokdyr, yone beyle "ynanylyan" yagdayda gyzlan bolup yorshuni gorenson, belli derejede ynanylmayshyna hem hak bermeli!

Bu 2 yagdayin dashynda, kellesi gadym kelle bolup, goniden goni "Gyza okuw gerek dal" diyip okuwa ibermeyan gatyyyyy azdyr, bu yagdaya universitetdaki okuwchylaryn gyz/oglan proporsiasy hem shayatlyk edyar, nira seretsen gyz bolup dur, oncha adam kone kelle bolan bolsa oncha gyz okuwda bolmazdy, oglanlar esse-esse kop bolardylar.

1-nji paragrafyň bilen

1-nji paragrafyň bilen bütinleý ylalaşýan, emma welin meniň ol makalany blokda esas edip goýmadym, ýokardaky sözlerde aýtjak zatlarymy jemlejek boldum.

Quote:

1-njide yagdayda elden gelyan zat yok. Pul yok = Okuw yok diyip oturyberyaler.

Hawa şeýle ýagdaý çyndanam bolýar, munuň ýönesi bar-da: zehinli adam we öz maksadyna jür gelýän adam hemişe bir ýerlere ýetýär. Meniň bir joram şu ýyl HTTU girdi, şu ýyl alynan 400dan 15si doly mugt okaýan eken, diňeje 2 mln manat(köne nyrhdan) töleýän diýdi. Şol gyz 4 ýyl dagyn taýýarlandy, okuw ýagdaýlaram ýokdy, ahyr girdi. Ýöne ýene-de şuňa meňzeş zehinlileriň näçesi umytsyzlykda ýaşap ýör?!
Onsoňam bolýar abraý diýdiňiz namys, goý onda „gelin“ bolanlarynda okatsynlar, ýa-da barjak
oglan okatsyn. Ýa-da olar ömür boýy dört diwaryň arasynda oturmalymy?!

_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

Belle, men 4 chagaly

Belle, men 4 chagaly mashgalan ogly, in uly 2 gyz doganym TDU'da okan,
men Rumyniyada okadym, beyleki erkek doganym su yil Mary'daky energetikany
gutaryar, we mashgalamyz bizin yol pulymyzdan bashga universitet uchin 1 tenne
tolan bolsa yalanchy boldugym...2 gyz doganymam mugallym, yone 2'sem okuw
dovurlerinde kitap bilen yatyp, kitap bilen turan! Birinin turkmen dilinden,
beylekisinin geografiadan dovlet olimpiadasynda 1-nji yerleri bar, we bularyn
hemmesi 1 manat berilman alynan zatlar. Diyjek bolyanym, gyzyn okajagy chyn
bolsa, yatyp-turup okuw diyip yormeli dalmi ? Sheyle edyan nache gyz gordun TM'de ?
Mekdepde yat-yat, sonam "ay ene-atamda pul yok, meni okadanoklar" bolsun...
Okuw isleyanmi, ugrynda der dok, ylayta-da okuwsyzlaryn halyny gorup duran bolsan..
TM'de okuwa synanyshyanlaryn 90%'inin kellesi bosh, men garantia bereyin sana !
80-100 sanyja sorag berilyar giris exam ucin, sol soraglary chatladyp bilip duran yeke
okuwcha dushmadym men, gayta kagyzlary ellerinde aylap "okatjak yokmy" diyip aylanyp yorler.
Gechen tomus oye gelyadiler, ejem ishli bolsa men okadyadym matematika. Shonda gorup
galdym gelenlerin kopusinin 5-nji klasa chenli bolan zatlary hem bilmeyanini,
ozlerem gyz we dashlaryndan hojalykchy zada menzanokdylar. Garaz, TM'de dovledin
yokary okuw jayi politikasy 0, yone yashlarymyzyn ozleri hem 0, dovlede gep atmaga
gezek gelende 1-nji yerde, atybersinler, zat diyemok, yone oz kellelerinin boshlygy
barada hem habarlary bolsa oz gelejekleri uchin azda-kanda peydaly bolar.

Gepin tummek yeri, shu dovurde oglanlara-da, gyzlara-da ansat dal okamak, yone
densizlik diyen zat hem yok diyen yaly, men bilim institudynyn onune gidenimde shol
yerdakilerinem kopusi gyzdy, 1000'lap gyz bardy, gyrgyz-ukraina yaly dargan yere
iberyaler ene-atalar, diymek sen diyyan dovrunden dovran gechdi..

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 5 telpek goyyar we yazyar: "Size telpek goyaymasam bashga name diyeyin?!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men ejem Magtymguly'nyn

Men ejem Magtymguly'nyn fiz-mat fakultedini okan, we ejemin okuwlylygy sebapli
1 biderek yagday bolany yadymda dal, gayta ozumi bilipdirin ejem herkimin
hormatlayan "Jumagul mugallym"-y, we munda guvanmasan, gynanara zat yok.
Diyjek bolyanym, ayalyn okuwly bolmagynda minus gormek, shu gunin standartlarynda
baryp yatan samsyklyk. Yone, gyzlar ene-atalarynyn govy niyetli bolup, gyzlaryny
okuwly etmek isleglerine den derejede jogap beryalermi ? T.e. olaram okuw jayina
gidip, okuwjyklary bilen bolup yoryalermi ? Hawa bolsa, nache goterimi ?? Yok bolsa,
onda ene atalaryna "siz meni okadanyzanok" diymegin yerine, "Siz menin okuwlyja oglanlar
bilen arkayin soyushmegime, 4 yillap edenimi etmegime rugsat berenzok" diyip sikayat
etmeli dalmi ? Seyle sikayat eden gyz gordunizmi ? YOK! Goraymersiniz asla. Okuwa girenson
bolsa hamala seyle niyet bilen giren yaly bolup yorenlerden yana gechilenok universitedin
obshitleri! Garaz, ene-atan gyz chagany okatmajak bolmagy yalnysh, yone olaryn kopusini
shu yagdaya gyzlaryn ozleri getiryaler, we bu meselani ozleri edeplerini goramak arkaly
chozmeli birinji bilen, son ene-atan boynuna yapyshmaly "Men okajak" diyip !

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: olaryn kopusini shu

Quote:

olaryn kopusini shu yagdaya gyzlaryn ozleri getiryaler

Şeýdip başgalaryňam ýoluna böwet bolýalar.Bu temada köp gürrüň edilýär. Kä bir gyzlar " Oglanlaram gören gyzy bilen söýüşip ýörmeli däl. Oglanlaryňam günäsi bar" diýýäler. Men mydama-da diýýän ýene-de diýýän eger gyzlar nyşan bermese oglanlar söz aýtmaga-da pikirlenýäler.Bu sözi asylly gyzlaram goldaýa.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Sonky sozlemlerine!!"

Ha ha ha.... söz aýtmaga

Ha ha ha.... söz aýtmaga pikirlenmegä gaýry dursun, oň ýaly gyzlary görende, edil jynyny gören ýaly gaçýarlar :-))).

Erbedräk söz welin

Erbedräk söz welin bagyşlarsyňyz, muny köpümiz bilýäs;
Ganjym guýrugyny bulamasa, it ýala gelmez.

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Aýt-aýt! Bilinýän

Aýt-aýt! Bilinýän bolsa-da “Ýatyp galandan- atyp gal.” :-)) Meň bilýän wariantyma görä-hä “Ganjyk guýruk bulasa – köpek neýlesin.” Howwa-da, ýogsamam ýokarda biriniň aýdyşy ýaly, ilki başda-ha ‘oglanjyklar-gyzjagazlar’, soňra ‘oglan-gyz’, soňra-da ‘ganjyk-köpek’...... dowam edýär-de... aýry-goýrylyk ýüze çykýar.

Aslynda bu mowzukda kän zat

Aslynda bu mowzukda kän zat aýtsaň bolýar welin, bärde gaty uzaga çeker. Bir aýtjak bolýan zadym akylly-başly, düşünjeli we “ASYLLY” maşgalalar hiç wagtam oglyny-gyzyndan we gyzyny-da-oglyndan aýyrmaz. Şeýle maşgalanyň ýetişdiren gyzlary bolsa, niyetinde okamak, netijede ile-güne, watana, ene-ata hyzmat etmek bolsa, pyçak diräp “et” diýseňem aryna-namysyna şikes ýetirjek hereket edäýmez.
Meň pikirimçe okuwa, ylyma-bilime, sungata bolan isleg we höwes ynsanyň içinde dörän, oňa bolan hyjuw, duýgy, söýgi bilen baglanyşykly. (Bu babatda ilki bilen aklyma gelýän- “Karkaranyň” obrazy (Mukamyň syry), “Teke gyzy Tatýana” – bolýar nämüçindir). Elbetde, gynansakda şu wagt ýokary okuw jaýlarynda okaýan gelin-gyzlaryň köpüsi diňe göz üçin okaýarlar. (Ertirki gün kemsidijilik bilen: “Men okuwly, sen okuwsyz”-diýip, özlerinden düşbi emma, okuwsyz bolanlaryň üsdünden seretmek üçin). Käbir malyna-puluna daýanýan ene-atalaram bar: “Iller şeýdýär-bizem şeýtdjek”-diýip, “*” – çagalaryny gymmatdan-gymmat töläp okadýan. Elbetde, gaty zehinli we öz güýçleri bilen okaýan gyzlaram bar. Olar ýalylaram diňe ýokarda agzalan maşgalalardan çykýar we hossarlary “okama” diýibem öňlerine böwet bolmaýarlar. Elbetde gelin-gyzlar gadymdan bärem, häzirem türkmeniň ar-namysy hasaplanýar. Şonuň üçinem olaryň okuw üçin köçä goyberilmesi känbir halanmaýar. Birtarapdan dogram ;-)). Ýöne onda-da durmuş, ýaşaýyş we düşünjeler özgerýär. Ýogsam ýokarda bellenilen “deňhukuksyzlygyndan” däl. Öňdenem aýdylan: “Bir okana bar – birem dokana.” Emma gelin-gyzlarymyzyň hem okap, hemem dokap bilýänlerem bar. Bu-da bir “+” :-)). Ýöne näme üçindir “Ata kesbi-ogla halal” – diýilýär welin, eger biriniň ogly bolmasa, gyzyna onuň kesbi halal bolmaýarmyka?! Okap, öwrenip Atasynyň kesp-kärini ýöredýän gyzlaram bara..... :-((
Aý garaz, gaty kän eňek kakdym öýdýän :-) ýogsa ýazsaň ýazyp oturybermeli.
Iň gowusy: “Okamak, okamak we ýene-de okamak” – Oglan ýa-da gyz tapawudy ýok.

Okuwda we saýlan käriňizde üsdünlik hemraňyz bolsun!!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "“Karkaranyň” obrazy (Mukamyň syry), “Teke gyzy Tatýana kan bilyan ekening ildesh tuweleme sen okuwlymy yagny diplomlymy??"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

aslymarly! inim!

bärde maksat kän zady bilip-bilmezligiňi görkezmek däl. adaty türkmeniň bilip biläýjek zatlaryndan artyk hiç zadam bilemok! Ynha, berýän soragyň welin tüýs saňa görä öýdýän?! Saglygyň!

bay degishaydim how masgara

bay degishaydim how masgara etdinga meni:)

Belle, gowy tema! Aslynda bu

Belle, gowy tema! Aslynda bu dowurde gyzlaryn okuwly bolmagyna pasgel beryan zat az-az, bir gynandyryan zat, dowletimiz tarapyndan dashary yurtlara gyzlaryn iberilmeyanligi. Bu huhuklaryn kemsidilmegi diysek yalnysh bolmaz. Yone beyleki tarapdan muna dushunse boljak: gyzlaryn ar-namysy, moral bilen baglanyshykly.Bu yerden yene bir sorag yuze chykyar: kemala gelen shahsyyetin ykbalyny chozmage dine shahsyyetin ozune bermeli dalmi? Her bir adam oz ykbalyny ozi chozmeli dalmi? Yene ritorika..
Indi Mergenin pikirini dowam etdiresim gelyar. Yokarda aydyshy yaly okuwa synanyshyan abituriyentlerin kop bolegi yeterlik derejede bilimli dal. Olaryn haysy birini gurletsenem "Bilimine zat yok, yykdylar!" diyyaler. Belki sheyledir, yone men zehinleri dash yaryan nache yashlaryn TM-da bilimi bilen okuwa girendigini goryan. Bilimin bolsa ahli zat mumkin.
Yadyma dushyar, enem-atam kichilikden "Okuw ahli zadyn ozeni, bilimine bar unsuni ber, mekdebe giden ilkinji gununden okuwa gaty chynlakay gara" diyyadiler. Bu gun men olara sag bolsun aydyan, hasam dash toweregimizdaki kabir ene-atalaryn chagalaryna beryan nadogry maslahatyny eshidenimde "Okuw namani chozyar? Bilimine name bar? Bar, arkayin oynaber oglum, gyzym!" Bu korsowatlyga eltyan ilkinji basganchak. Sonunyn nahili gutaryanlygyny bolsa biz eyyam shu gun synlap otyrs.
Biz shu wagt mekdepde praktika gechyas, menem 4 klaslary okatyan. Okuwchylaryn bilim derejesi meni oran gynandyrdy, aslynda ol dereje-de dal: yone 0. 3 yillap inlis dilini owrenip artiklin namedeigini bilman, sozleri yazlyshy yaly okap, mother, father sozlerinin manysyna dushunman name bilen meshgullananlary meni gaty gyzyklandyrdy. Praktika dowrunde berip bilen ahli bilimim berip, olara birzatlar owretmek isleyan. bu yerde kim gunakar mugallymmy, ene-atamy, okuwchy? Hichisinin yuzuni yuwar yaly dal. Horaz bolsa hemme yerde den gygyryar. Bilimsizlik edil epidemiya yaly yayrap gidip otyr.

Gechen tomus TDU'nyn hukuk

Gechen tomus TDU'nyn hukuk bolumine girjek bolan 1 gyz garyndash bardy, yankyn elinde shol 100 sanyja sorag, biraz owrenendirda, mana "mana shu soraglardan sora, jogabynam barla" diyip berdi yanky kagyzy. Sorayan, kopusini bilenok, men jogabyndan gorup yatladyan. Son biraz wagt gechenson yene shol 1 soraglary sorayan, "indi bir yadynda galdymyka ?!" diyip, yene-de yok...Garaz, shol gyzdan soraglary sorayancham(1 sagat dagydyr) 100 soragyn 20'a golayini men yat tutdym, kim-kim bilen urushdy, nachinji yilda, kim nira gochdi we etc yaly zatlar... Diymek, senin galan durmushyna tasir etjek okuw meselesi uchin hokman bilaymeli zadyn bolan shol 100 sorag 5 sagatda, unsini jemlap bilman yorayan yagdayinda-da chyny etsen 2-3 gunde yatdan suv ichen yaly bilinmeli zatlar...A olar nache ay okap, ellerindaki kagyz letde bolup gidyancha "okap", shonda-da yarsynam bilman... Gulkim tutdy shonda, sebabi bizin mekdepdaki taryh mugallymyz her charyekdaki exameni sheyle edyadi. 40 sorag beryar, bizem barsyny yat tutyas, 1 hepde sonam exam'de sholardan sorayar. Barde bolsa universitet girish exameny, 100'je sorag, a olar...

Yokarda yazanlaryn arasynda "kemala gelen shahsiyet"-in haklary barada aydanyn unsumi chekdi. Shahsiyet hachan "kemala gelen" hasaplanyar ? Kriterialar name shahsiyetin kemala gelip-gelmandigini bildiryan? Yash'my ? Ya name zat ?
Hich kimin oz kellesi bilen pikir edip, netijelerini bile-bile 1 zady edyan adama etdirjek bolyan zady yokmyka diyyan, yone bu bize "herkimin durmushy ozunki, name etse ederda" diymage-de sebap bolmaly dal, sebabi bashda ol adamy "oz ishini" biler yaly ylym-bilim bermek, terbiye bermek herkime dushyan borch. Sen bashdan dunduk yetishtir, sonam "ozi edyar, oz haky" diy, bu 1 problemany oz elin bilen yaradyp, sonam ol probleman bar bolmaga(sushestvovat) hakynyn bardygyny aytmak yaly 1 zat.

Quote: kemala gelen

Quote:

kemala gelen shahsyyetin ykbalyny chozmage dine shahsyyetin ozune bermeli dalmi? Her bir adam oz ykbalyny ozi chozmeli dalmi?

Bu soraga Kerim agada şeýle jogap bar.Meniň pikirimçe-de şeýleräk:

Erkiň, ygtyýaryň elbetde seňki
Ýöne welin dälsiň, özüň özüňki
Özüň Watanyňky, Watan biziňki
Seni watan kibi gawanşym besdir

Hemme adam razylashmaz bu

Hemme adam razylashmaz bu setirler bilen!
Esasanam "Yaradylan yaradanynky, ondan bashganky dal"
pikirine gullyk edyanler!

Bu pikiring bilen

Bu pikiring bilen ylalashyan.Yaradylan yaradanyngky, yone mening pikirime gora Kerim aga Watannyngky diyip rayat borjuny goz ongunde tutyar.Meselem il ogly, turkmen ogly.... yaly sozlering ulanylyshy yaly.Songunda "Seni Watan kibi" diyen sozlerem bar.

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Agam ve halachly, men

Agam ve halachly, men yazgylarymy uns bilen okasanyz sizin pozitsianyza goldav berjek zat yokdygyny gorersiniz. Dogry, gyz gozuni gashyny oynadyp otursa bolmanda-da oglan barar yanyna, yone bar oglan-gyz gatnashygynyn bashyny gyzyn "guyryk bulamagyna" getirmek dogry dal! Herhili oglan bar, kabirleri asylly, gozuni-gashyny oynatman yorenlerin yzyna dushup, kosenip yrmagy halayar, gyzlaram name 1 chydar, 2 chydar, son oz govni bolan birine azajyk umyt berer we etc...Garaz, bu yagday kop kishin bashyndan gechip biljek, adaty zatmyka diyyan, yashlaram 1 zat edip tanyshmaly, halashmaly, durmush gurmaly, yone hemme zady oz limit'lerinde goymany bilmeli, ynha shu bizde yok zat! Garaz, alyp gunani gyzlara atmak dogry dal, belan korugi bizin bolyan wagtymyzam gaty kop, umuman taze nesilin terbiyelenshinde adamlary yalnysh terbiye bermeklikden alyp chykmaly, olam gaty kyn zat...

Mergen agam seniň

Mergen agam seniň terbiýe meselesi baradaky gürrüňleriňe doly goşulýan.Ýöne üns berseň meniň "quote"-lan ýerimde "köpüsini" we ýazgymda "kä bir" diýen sözler bar.Bu sözler meniň pikirimçe 100% diýildigi däl.Men diňe okuwa girip köpräk okuw bilen däl-de, söýüşmek bilen gyzyklanýan gyzlar barada pikir bildiripdim.
Seniň diýýän oglanlaryň şeýdip ýeten söýgüsini her guýruk bulana çalyşmazmyka diýýän menä !?

"Kopusi" sozi ene-ata, "ka

"Kopusi" sozi ene-ata, "ka bir" sozi bolsa "ozunizem gunakar" diyyan gyzlar uchin aydylandy, sen yazgynda "ka bir gyzlar pylan..." diyip dalde,

halachly.agam wrote:

Men mydama-da diýýän ýene-de diýýän eger gyzlar nyşan bermese oglanlar söz aýtmaga-da pikirlenýäler.

yazypdyn, menem shona gora jogap berdim. Dushundim senin pozitsiana!

Yone universitede "Soyuship bir hezil edeyinle" diyip gelyanlerden bashga-da, asyl okuw diyip gelip, yone yashlan kopusi soyuship yorenson olam meyl edip, 1 yzyna dushene bor diyyan az dal. Oglanam gyza kynchylyk bilen yetse-de "guyruk bulan gerek dal" diyman biler, sebabi tm'daki oglanlary tanayan bolsan kopusi 1'a "Shu gyza oylenerin" diyyan gyzlary bilen "soyushyaler", birem "A mun bilen keyp ederin" diyyanleri bilen gezyaler. Garaz, gyz gyzlygyny bilip, oglan bilen oz arasyna goymaly uzaklygy goymasa, onda ennere bolyar, goyan mahaly bolsa 1 oglana "Bolya" diyende-de goh edere zat goremok mena.

Elbetde gyzlar birine bolya

Elbetde gyzlar birine bolya diyip bashgasyna razy bolmasa, oglanlaram biri bilen kanagat etse onga gelesi name bar.Onda bu gurrungler bolmazdam. Belki durmusham owadanlashardy

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.