Amerikan Uniwersitetinde Okamak Bolanok!!!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam gadyrly agzalar.

Bu tomus, Türkmenistana baran bar okuwçylar Milli Bilim Institudynda talyplyk şahadatnamalaryna pechat urduryp, woenkomatdan kepilnama alyp, migracionna tabşyrmalydylar. Bu zady, "Hökümet talyplaryn nirede okayandygyny bilmek isleyar", diyip anlasan bolar, yöne kabir uniwersitetlerde okayan talyplaryn daşary yurda çykmagy gadagan edildi.

Esasanam Gyrgyzstandaky AUCA (American University of Central Asia) uniwersitedinde okayan talyplar daşary yurda göyberilmedi. AUCAda okayan zehinli talyplarymyzyn Türkmenistanyn daşyna çykmagy gadagan edildi. Bularyn kabiri 1-ji klasda, kabiri bolsa sonky klasda okayan talyplardyr.

Bitarap, Garaşsyz, Demokratik watanymyzda beyle zatlaryn bolmagy gen zat. Mana SSSR döwründe daşary yurda çykmagyn gadagan bolan yyllaryny yatlatdy. Adamlaryn gidip okamagy, ylym-bilim öwrenmegi gadagan edilyar!!!

Başga haysy uniwersitetlerde okayan talyplarymyzy göybermediler? Muny bilemok, yöne AUCA'da okayan birnaçe tanyşym şuwagt öyünde gök çay içip apişgeden "Döwlet adam üçindir!" plakadyna seretyarler.

Döwlet AUCA'da okayanlary haçan adam yerine goyarka?

Habar: Turkmen students studying at AUCA are not permitted to leave Turkmenistan for any reason!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • mammedsherip 1 telpek goyyar we yazyar: " gowy yazypsyn(esasanam sonyny)"
  • pyragy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Aşgabatda Milli Bilim

Aşgabatda Milli Bilim Institutynda hatara duramda bir oglan bilen tanyşdym. Ukrainada ikinji uniwersitetini (3.kursy dynan) okayareken, yaman zehinli oglan. Ukrainadaky ilkinji uniwersitetini birinji orun alyp gutardy, ikinji uniwersitetinde hem güyçli okayanlardanmyş. Bul oglan talyplyk şahadatnamasyna peçat urdurup woenkomada gitdi. Bizem (dostum bilen) peçat urduryp on yzyndan woenkomada bardyk. Woenkomatdaky oficer şol oglanyn talyplyk şahadatnamysyny yere zynyp, "Boldy indi, sen gulluga gitmeli, ikinji uniwersiteti gullugyny dynman okamak bolanok!" diydi. Şol oglan "Agam, men sonky yylym galdy, gayrat et, şony dynynp gaytjak. Menem watanymy söyyan, gullukdan gaçmak niyetim yok." diyip yalbardy. Oficer bolsa on papkasyna bir zatlar çyrşap "Mana poh*y! Noyabrda tayyar bol, gulluga gityan!" diyip, watanymyzyn zehinli perzendini kowdy. Oglanam aglap, sögünip gitdi.

Elbetde bir oficeryn yalnyşy üçin bütin dolandyryş strukturasyny günalemek yalnyş bolar. Yöne bu dolandyryş strukturasy şagallara arkayyn uwlamaga rugsat beryan bolsa, ... hiçkimi günalemek bolmaza, şeyle dami?

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Merjenjan 1 telpek goyyar we yazyar: "wah, wah, wah... :(...."

Taze habar!!! AUCA-da okayan

Taze habar!!!

AUCA-da okayan okuwçylaryn öylerine hat iberilipdir. Daşary Işler Ministrliginden gelen hatda, AUCA-da okayan talyplaryn daşary yurda çykmalarynyn gadagandygy yazylgy.

Hat iberip gorkuzjak bolyalarmy yada "biz hukuky iş edyas" diyjek bolyalarmy, bilemok. Yöne bu edilyan zatlaryn arkasynda Türkmenistan bilen Amerikan syyasy aragatnaşygynyn bardygy görünyar. Gurbanguly agamyz Amerikadan narazy bolany üçin beyle edyarmika?

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Mowzugyn adyndaky "Amerikan"

Mowzugyn adyndaky "Amerikan" sozuni "Gyrgyzystandaky" diyip uytgetsen has objective bolarmyka diyyan, sebabi anyrda ala bole gyrgyzdaky amerikan universitedine gitmeli dal dalde, umuman gyrgyzystan'a gitmage rugsat edilenok!

gyrgyzyng hem kop yerine

gyrgyzyng hem kop yerine ibermage bashladylar. hatda ala-bole shol amerikan unwersitetini iberman goydular/

Men bilim institudyna

Men bilim institudyna gidenimde hichisini hem goyberenok diyipdiler, gitjek bolsan komitete gitmeli, goranmak ministr'ine yazmaly we blah, blah, blah... Ukrina hem sholar yalyrak diyipdiler, yone men gaytmazymdan 1 sagat on Kiev uchary bardy, we ichi okuwchydan dolydy, 90%'em gyz, erkek yek-tuk gorunyadi arasynda... Istanbula gaydyan uchara Men + Sovdagar'ler + ishlemage gidyanler yaly bolup durdy, dash sypatyndan/yashyndan okuwcha menzeyan 1 adam gordum diysem yalanchy boldugym...

menem shu gun garrylar bilen

menem shu gun garrylar bilen geldim istanbula, yash gyzam yokdy içinde okamaga zada gelyan, 3-5 sanjak student galany köpüsü dayzalara gepleyşem lebaplylara mengzeyardi.. nirde okasangam indi Döwlet unwersiteti bolsa azar beryan yok, bilim instituda peçat urdyryp bilseng bolyar, olara Döwlet unwersitetdigini pasolstwang üsti bilen yada başga şekilde subut etseng peçat basyardylar

hmmm.... howwa, soň

hmmm.... howwa, soň lebaplylaryň gepleýşi nähilimiş? ýa olaryň hemmesi birmeňzeş gepleýärlermi? ýogsa, olaryň maňlaýynda "lebaply" diýen ýazgy barmy? iň gowusy sen "şet...şet..." diýip durmada "şetdaly" diýäge-de, "tatça" diýäý:))) ähli kişini biraýakdan sürmek ýalňyş bolsa gerek?! aý.... bolýarla, her adam öz paýhasy bilen geplär. kim näme diýse şony diýsin, meniň üçin birköpük. menä lebabyň topragynda doglup-ulalanyma buýsanýan!!! barybir dünýäniň haýsy künjeginde bolsaňam lebaplylar "tat" bolýar başgalara görä. öňi-soňy ählisem bir ynsan, Allanyň gulydyr (tatam, tekede, yomudam...) Saglygyň!!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "mowzukdan uzaklaşyaniz velin yone yene hakynyz bar ..."

tokaay yananda ichinde

tokaay yananda ichinde yashajyk nahallaram yanyara:) lebaplylang gepleyshi diyilende tatja yadyna dushyara hemme kishin, yone tatja diysengem tatlar gaty goryar, men olary yazgaryp yazmadym welin yone indi shol welayatyng halky sahel birzat diyseng ozune chekyami namemi, esasy zat adamchylyk,

Aý umuman gyzlar saňa bir

Aý umuman gyzlar saňa bir zada aýtjak bolýar welin, sen kelläňi aýlap bileňokda. Ilki bilenä, seň umumylaşdyrmagyň ýalňyşlygyny belläpdirler, ýagny sen umumylaşdyryp, Lebabyň bary bir şekilde gepleýär diýjek bolýaň. "Lebaplylaň gepleýşi"...
Sen pahyr bileňok, Lebapda tatlaň gepleýşi bar, bu esasan Çärjewde, birem ärsarylaryň gepleýşi bar, bulam Garabekewülde we ş. m. Ýöne bilmeýän adam, sowatsyz adam, hemme wagtam umumylaşdyrmagyň aladasynda. Ine Amerikanlaram bar musulmanlary bir şekilli sowatsyz we howply görýäler. Borat diýen kinony göreli bäri, biziňkiler öýde sygyr saklaýarmyka diýýäler.

Ikinjidenem, tatlaryň özleriniň pes görülmegi ýalňyş. A bor tat ekeni, onsoň? Bary-ýogy 5 million ilatly ýurt welin, şolaram öz içinde biri-birini ýigrenen bolýar, ýer aýrymy, tire aýrymy eden bolýar. Men Philadelphia'dan bir tat maşgala bilen tanyşdym, örän gowy adamlar ekeni. Öýlerine çagyrdylar, gadyr etdiler, naharladylar. Aý şony şeýtmäýende-de, adam adamyny pes görmese gowy. Hä, tatlar ýa bizlerden pesräkmi?

Üstünlik adamkärçilikde, üstünlik işeňňirlikde, üstünlik arassaçylykda we ş. m. Üstünlik kimdir biriniň saňa goýan adynda däl, ýa babaň eden işinde däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram dost gaty gowy

Bayram dost gaty gowy yazypsyng! gaty akylly zatlary aydyp gechipsing, emma yenede ozung hem men bir "tat" mashgalada boldym diyip kemsidiji sozi ulanypsyng. Sozung ozunde guna yok, shol soz ulanylanda adamlaryng ol barada nadogry dushunjesi we namani goz onune getirishi welin problema bolup duryar. Sening "tat" mashgalada diyeninde hem erbet pikir bilen ulanandyng diyip aydamok, yone shol sozung erbet eshidilyandigi we mumkin boldugyndan kem ulanylsa we hatda bizing Turkmen sozlugimizden yitip gitse hem erbet bolmazdy. Dogry bu bir ideal gurrung emma shol bir hatarda gowy arzuwdyr hem!
Men hem aslym Charjewilli, mumkin bolsa shol Philadelphialy mashgala bilen tanyshdyrsana! Eger olar razy bolsalar kontakt maglumatlaryny berseng hoshal bolardym!
Bolyar Bayram dost janyng saglygyny we ruhy rowachlygy arzuw eylap,
Sylap

Aslynda sholara baramda bir

Aslynda sholara baramda bir yashulam bardy, shol "tat-turkmen gurrunleri gerek dal" diyipdi. Men yone "tat" diyyanimin sebabi, olar ozlerini turkmen goryalermi bilemok, shondan ulandym. Men Charjewde PedInstitutda okan tanysh-dostlarym bar welin, sholara olary ozlerini turkmen hasap etmeyan yaly edip gurrun berdiler. Haysysy dogry Alla bilyar.
Men Garabekli garyndashlarymam shon yalyrak gurrun berdiler. Belki bu yalnysh we olara turkmen diysen gaty goryan daldirler.

Yone sen aydyanyn dogry, halamayan bolsalar, "tat" diyilmesin. Bizin yanlarymyzda buluchlar bar. Sholara yone "buluch" diysenem halanoklar, bilmedim name uchin. Ay milledin adydyrda... shonun uchin mena olara buluch diymeyadim. "Tat" sozem sheyle, aytsan halanoklar oydyan. Otunch sorayan.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

dogry aýdýaň! bu

dogry aýdýaň! bu ýazylanlaryň esasy mowzuk bilen hiç-hili baglanyşygy ýok. sadaja ýazgynyň içindäki käbir "dilujy" aýdylan ýöne, dykgat ediläýmeli zatlara, (barybir peýdasy bolmasa-da) jogap beräýdim. Ýogsam meňem "peşşe ýaly zatdan pil ýasasym" gelip duranok. ("Tatlar" diýen mowzuk bardy şol ýerde ýazaýjakdym welin, o-da ortadan gürüm-jürüm bolaýdy :-))).)

Gaty gaharly

Mena, name diyjegimi bilemok!

Hey ynsan, ynsan bolyan bolsa, okayanynam bir yolyna bowet bolunarmy how!

Dunyanin yashy 16 million yyl diyilip aydylyar, ne taryhda, nede agyzdan beyle zat esidilmedik waka!

Turkmen yenede bir gezek turkmendigini gorkezdi.

Mena shuny edyanin turkmen bolanyndanam subhe edyan.

Gaty gaharym gelip otyra!

Allajan olarynam jezalaryny bersin!
-----------------------------------
Nä günüňe şat bolar sen adamzat?!
Sansyz hatar ahu-zarlar alnynda.
Niçik takat kylar bir muşt toprak?!
Ýedi dowzah atly narlar alnynda!

Oglanlar/Gyzlar barde kabir

Oglanlar/Gyzlar barde kabir zatlary bellemek gerek. Yakinda TMden gelen oglanlara gora bu zatlar dine Gyrgyza gidyan oglanlara degishli. Muny hem gysgaldip dine AUCA diysek dogri bolar.
Kabir mysh myshlara gora Gyrgyzystanda takminan 8000 TMli talip okayar. Olar oz arasinda urshupdirlar we yakinda 3-4 talip olup gelipdir. Hat-da turkmenler gyrgyzlara pul berip oz turkmenini urduryamishlar. Bu migrasiya meselesi hem shondan son bashlapdir. Dowlet hemme dashary yurtda okayan taliplari hasaba almak isleyar.
Butin taliplarin kosenyan shu dowrunde bir topar AUCAli has akilli hereket etjek bolupdirlar. Olar ACCELSe gidip olara komek bermegini sorapdirlar. ACCELS de hic zat edip bilmejekdiklerini we bu meselani chozmek uchin US hokumetine yuz tutmagi maslahat beripdirler. Sheylelikde akilli taliplar TMni shikayat edip USe hat yazyalar we hatin ashagina da gollarini goyyalar. US hem shu okuwchilarin chikarin diyip TMe hat yazya.
Bizinkilerem sen kim bolyan bizin icherki ishimize goshulyan diyip yanki listdakilerin hemmesini gysyp bashlayalar. Gurrune gora olaryn mashgalalarinin hem bashy derde girip biler. Shu wagtdan birnachesinin ene-atasy ishden boshadilipdir. KNBde bulary gara listinem garasyna alipdirlar.
Ine yagdaylara sheylerak gardashlar.

Baýbooow... Aslynda şol

Baýbooow...
Aslynda şol gyrgyzda jenaýat meselesini, uruşlaryň barlygyny zadyny menem eşidipdim. Hatda obamyzdan Gyrgyzystana okamaga gidip, 1-2 aý geçmenkä "aý ol ýerä Türkmenistandanam beter, okuwam ýok" diýip gaýdan oglanam tanaýaryn. Belarus zat ýene gowy öýdýän.

Ýene bir oglan zaoçnyý okap ýör Gyrgyzystanda. Ýöne asyl Gyrgyzystanda okuwyň barlygyna uly şübhäm bar. Gel Amerikan uniwersitedinde bar bolup biler azda-kände.

Aý borda, menä biziňkileriň şol ýagdaýlara şeýle reaksiýa bereni dogrymy ýalňyşmy aýdyp biljek däl. Gyrgyzyň şoň ýalydygyny bilip, isläp gitseler, döwlediň işem bolmaly däl...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

okuw bar

Bayram wrote:

Ýene bir oglan zaoçnyý okap ýör Gyrgyzystanda. Ýöne asyl Gyrgyzystanda okuwyň barlygyna uly şübhäm bar. Gel Amerikan uniwersitedinde bar bolup biler azda-kände.

Meng bir tanshym UGRADda Amerikada okady, ozi Bishkekden AUCAdan, gurrungde-de yone AUCA-da beyledenem has talap kan diyip aytdy. Shondan Bishkekdaki beyleki uniwerlere garangda shol gowudyrla...
_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

ine

Ine hachanda dowlet adam uchin dalde adam dowlet uchin bolanda shunun yali yagdaylar orta chykyar. Bir tarapdaya name etmelidigini bilmeyan studentler beyleki tarapdada paranoya yolbashchylar. Ortada hemme zady tolemelilerde ene-atalar....

Salam gadyrlylar, menem

Salam gadyrlylar, menem ýakynda Ata Watanyma baryp gaýtdym. Ejemi-kakamy, dost-oglanlary hemmäni görüp gaýtdym şükür, şondada köpräk galsadym diýdim, tüweleme Aşgabat git-gide ösüpdir özä. Iň ünsimi çeken zadam ýolda goýulan radar sistemasy!
Ýöne welin menä hiç-hili problema gabat gelmedim. Men Amerikada okuwçy, wizany aldym gaýtdym arkyn, aýraportda'da imigration hiç-hili azar bermedi. Şol daşary ýurtda okaýan okuwçylar hasaba durmaly kanunam indi aýrylypdyr. Ahyr soň, problema bolmasyn diýip menem hasaba durdym welin, aýraportda indi gerek däl diýip seretmedilerem. Aý bolsun, ýokdan gowydyr.
Nesip bolsa, gullyk problemasam aňsatlaşdyrylar inşallah, men gullugymy edemsoň, problema bolmady.
SAGLYK BOLSUN!

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Dok bolsan gül-gülistanlyk

Dok bolsan gül-gülistanlyk ;-)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Aý siziň diýýän

Aý siziň diýýän doklaryňyzdana däl, welin Alla ýoluňy açyk etse deňizem iki bölünip ýol berer!

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

...

Tatlar hakyndaky bloga pozulypdy oydyan. Natdingizay muny ayda yylla bir zat yazyas
baryny biderek etdingizay...

Chyndanam, nira gitdi ol

Chyndanam, nira gitdi ol tatlar barada yazylanlar ?
Urush-sogush dagy chykdymy namemi ?

Menä aýyrmadym, bilmedim

Menä aýyrmadym, bilmedim näme bolandyr
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

...

Bolgy achan pozup bilyami

Hawa, yone Garabekewul'yn

Hawa, yone Garabekewul'yn yazanyny pozma hasiyetini gormamson daldir diyip gecdim.

BAŞGA TEMA HAKDA YAZYŞJAK

BAŞGA TEMA HAKDA YAZYŞJAK BOLSANYZ TAZE BLOG AÇYN!!!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Shu habara hich gowy dal

ASHGABAT – A spokesman for the U.S. Embassy in Ashgabat, William Stevens, says Turkmenistan does not recognize the Bishkek-based American University in Central Asia (AUCA) as an institution of higher learning.

RFE/RL’s Turkmen Service says Stevens also confirmed that Turkmen students studying at AUCA but now in Turkmenistan for summer vacation have been denied official permission to leave Turkmenistan to return to the school.

An American Councils for International Education representative in Ashgabat says the government has taken the decision to block the students because AUCA is a commercial institution not accredited in Turkmenistan.

The U.S. State Department annually provides full scholarships to 10 to 15 students in Turkmenistan for a four-year course of study at AUCA.

Gaty gorman terjime etmage yaltandym.

bilşime gora AUCA'da

bilşime gora AUCA'da okayanlaryng kopusi okuwyny bolgariya gecirdipdirler. american university of bolgariya'da dowam etjekler okuwyny...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Daşary yurda çykmak

Daşary yurda çykmak bütinley gadagan edilipdir!

Bolgariya nadip geçsinler...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Bolgaria'daky universitet

Bolgaria'daky universitet "okayar" haty berse, olaram il nadip
chykyan bolsa sheydip chykarda...Bu politika gyrgyzystan'daky
hemme okuwa-da garshy, dineje AUCA dal, bashga dovletlere gecirtseler
illen gidishi yaly giderler olaram.

Men birnaçe dostum Amerikan

Men birnaçe dostum Amerikan özünde,
bir uniwerden "okayar" haty alyp Amerika gitjek boldy,
illen gidishi yaly gidip bilmediler.

Yokardada yazandyrn: AUCAda okayanlara Daşary Işler Ministrliginden hat geldi:
"Sizin daşary yurda çykmagynyz gadagandyr!" diyip...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

sentyabyryng ayagynda-oza

sentyabyryng ayagynda-oza 6njy gun bolmaly-Bolgariya 64 (yalngyshmayan bolsam) okuwchy Turkmenistandan AUCA-dan "transfer" edilen uchmalydylar-gechirmandirler...:(

____________________________
Ýürek urýar tolgunýar,
Emma galam dur ýerde,
Ak kagyzlar zyňylýar,
Söz çykanok leblerden.