Türkmenistanda "BOLANOK!" kanuny we bespredel

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam gadyrly agzalar,

Bu mowzukda Türkmenistanyn in tasin kanunlaryndan biri, "BOLANOK!" kanuny hakda aydyp bermekçi. Bilşiniz yaly Türkmenistan döwletimiz güllap ösyar, özgeryar, bayayar, bla bla bla. Medeni, hukuky, sportif, ylmy taydan uly adimler adilyar. Bularyn hemmesine degişli bolsa bir kanun bar - "BOLANOK!" Bu kanun nama esaslanyp çykan, kim tarapyn çykarylan, haçan düzülen, kime garşy düzülen, ... yaly soraglary soramagam BOLANOK!

Bilşiniz yaly rayatlaryn hak we hukugyny goramak üçin konstituciya, hak we hukugy gorayyş organlary, wşm. birtopar zat (orsça daldir) bar, yöne bularyn hemmesi, logiki taydan düşünüp bolmajak kanun boyunça iş edyarler - "BOLANOK!"

Mysal bermek üçin başymdan geçiren bir topar samsyk wakalary yazasym gelenok, sebabi BOLANOK! Bilşiniz yaly kanunlarynam belli çakleri bardyr, yöne "BOLANOK!" kanunyny çaklendirip BOLANOK! Bu hem döwlet edaralaryndaky her hili bespredela mümkinçilik döredyar. Hukukçy bolsanam, çopan bolsanam bu kanunyn name sebapli yöreyandigini we manysyzdygyny düşünip bolyar, yöne muny başgalara düşündirip BOLANOK!

Bu goşgyny, bu kanuny tüys yürekden yöredyanlere bagyşlap yazdym:

Mugtdyr bizde, suw, gaz, benzin we tok,
Yöne edarada adamyn gadry yok,
Bolanok, bolanok, bolanok,
Dinle meni yaşulymyn ya vasyok,
Bu kanuny bir yerine eplap sok,
Başga çare yoga, namçün bolanok,
Ya men ajykdym, yada sen dok.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Taze prezidentimiz "Döwlet

Taze prezidentimiz "Döwlet adam üçindir!" diyip her tarapa plakat asdyrypdyr.

Prezidentimizin bu sözi haçan çyn bolarka, ya yenede BOLANOK!my?

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ýok, Prezidentiň aýdan

Ýok, Prezidentiň aýdan sözlemini doly ýazmansyň. Doly görnüşi şeýleräk
"Döwlet adam üçindir, adam döwlet üçindir"

Bilýäňmi näme, problemaň bary şu sitatada görnüp dur...

Amerikaň Beýik Prezidentleriniň biri, Abraham Linkoln bolmagy mümkin, "... döwlet adam üçindir..." diýýä, ol gepinde başga gowy zatlaram aýdýa. Biz onuň aýdan zadyny göçürýäs, gowy edýäs, emma yzyna gaty biderek we howply zadam goşýas.

ADAM DÖWLET ÜÇIN DÄLDIR! HALK DÖWLET ÜÇIN DÄLDIR!
Döwlet halkdan, adamdan çykan we şolar üçindir. Eger adamy döwlet üçin görseň, onda "döwlet üçin", "hökümet üçin" şol adamlara edeniňi edibermeli. Ýagny döwlet ýolbaşçylary, "aý siz biziň üçin" diýip edenini edip bilerler.

Şoň üçin çaltlyk bilen ikinji böleginden dynmaly! Hem sözde, hem-de işde. Ýagny hakykatdanam döwlet adam üçin bolmaly, ýöne adam hiç haçanam döwlet üçin bolmaly däl...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! gaty dogry aydarsyng! Hich hachan hem adam dowlet uchin bolmaly daldir!Dowlet adamyng gullugynda bolmalydyr!"
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Sana doly goşulyan! Her

Sana doly goşulyan! Her tarapa asylan bu yazgyn özi namani anladyar, görkezyar? Egerde bir döwletde, döwlet edaralary halka hyzmat etmek üçin işleyan bolsalar, halk üçin wezipelerini yerine yetirmek üçin gayrat etyan bolsalar, beyle yazgylar yazylmazdy, sebabi beyledigi anyk bolardy.

Men Türkmenistandaky "Döwlet adam üçindir!" sözüni, bir awçyn öz manlayyna "Men haywanlary söyyarin!" diyip yazan sözüne menzedyarin. Egerde edaralardaky işgarlere öz halkyny söymani, kömek etmani, hormat goymany, esasanam hyzmat ediş wezipelerini adam yaly yerine yetirmani öwretmesek, "Döwlet adam üçindir!" sözüni itin ölen yerindaki obalara çenli asmagyn hiçhili peydasy yokdur.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Saparmyrat Mammet

Saparmyrat! Men Türkmenistanda bolyan zatların hemmesini bilesim gelyar. Men 2,5 yyldır Türkmenistana gelemok.Bu sahypada govy zatlar yazypsyn.Dovam et.Berekella!

hemme zady bilmek hem

hemme zady bilmek hem bolanok...:)
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Türkmenistana şu gezek

Türkmenistana şu gezek gidemde, watanyn topragyna basyp "Hudaya şükür geldik!" diyip pikir edemde garşylaşan ilkinji manysyz wakam bar begenjimi, buysanjymy, ... öçürdi.

Aeroporda düşemizde uçardan yük daşayançylar (raz/gruzçikler) yolagçylaryn önüne geçip "bu uçarda yokdy, bu bagajda yokdy, munyna agyrdyr, bu sumkany yanynda götermeli daldin, şu sumkany tazeden ölçmeli ..." yaly samsyk zatlar aydyardylar we tomojnya işgarlerinin önünde yolagçylara azar beryardiler. Men bu yagdaya yaman hayran galdym. Aeroportda yönekey(!) gruzçik bolup işleyanler, Türkmenhowayollary firmasynyn yolagçylaryna/müşderilerine azar beryardiler. Her yerde boluşy yaly olaram "BOLANOK!" sözüni arkayyn ulanyardylar. "Bu işe girmek kynmyka, naçe manat bermelika?" diyip pikir etdim.

Bu zatlaryn name üçin bolyandygy anyk zat, 5-10 manat üçin öz adamlaryny/hojayynlaryny yençyan syrtlanlar, yokardaky şagallarada 2-3 manat bermelidiler, yokardaky şagallar bolsa in yokardaky möjeklere awyn in süyji yerlerini bermeli.

Elimde manat yokdy, dollar çalyşmak üçin yörite punkt açypdyrlar aeroportyn içinde, döwletin banklaryndan biri dünya standartlaryna yakynrak walyuta çalyşylyan punk açypdyr. YÖNE, şo punkta baryp içerdaki gyza pulumy uzadamda, "Şuwagt pul çalyşmak BOLANOK!" diyip jogap berdi. Men yene hayran galyp öz özüme pikir etdim, "A men manadym yok, name etmeli indi, ya in owadanja yerimi açyp sataysammykam?" Budkan yanynda duran papakly şagallan biri meni çagyrdy, "Jigim, manat gerek bolsa gel satayyn." diyip. Menem bialaç şondan satyn aldym. Onson papakly şo gyzyn yanyna girdi, name gepleşendikleri/paylaşandyklary mana namalim bolany üçin yzyny bilemok.

Sorag: Name üçin men, Türkmenistanyn rayaty bolup, öz pulumy berip, arkayynja obmennyi punktda manat alyp bilemok? Name üçin men, prostoy yük daşayançylar bilen gürleşdirilman, akkuratnoja tamojnyadan geçip öyüme gidip bilemok?

Jogap: BOLANOK!!!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

sizin mun yaly zatlary halk

sizin mun yaly zatlary halk kopçulugunun yanynda aytmagynyz hem:BOLANOK.
sanasan sogaby bar ol bolanoklary

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Ine Abraham Linkolnyň

Ine Abraham Linkolnyň meşhur çykyşy:

Quote:

Four score and seven years ago our fathers brought forth on this continent a new nation, conceived in Liberty, and dedicated to the proposition that all men are created equal.

Now we are engaged in a great civil war, testing whether that nation, or any nation, so conceived and so dedicated, can long endure. We are met on a great battle-field of that war. We have come to dedicate a portion of that field, as a final resting place for those who here gave their lives that that nation might live. It is altogether fitting and proper that we should do this.

But, in a larger sense, we can not dedicate...we can not consecrate...we can not hallow this ground. The brave men, living and dead, who struggled here, have consecrated it, far above our poor power to add or detract. The world will little note, nor long remember what we say here, but it can never forget what they did here. It is for us the living, rather, to be dedicated here to the unfinished work which they who fought here have thus far so nobly advanced. It is rather for us to be here dedicated to the great task remaining before us—that from these honored dead we take increased devotion to that cause for which they gave the last full measure of devotion—that we here highly resolve that these dead shall not have died in vain—that this nation, under God, shall have a new birth of freedom—and that government: of the people, by the people, for the people, shall not perish from the earth.

http://en.wikipedia.org/wiki/Gettysburg_Address

Iňlisçe düşünmeýänler üçin (wikipedia sahypany okamadyklar üçinem), Linkoln 2 minutda Amerikan taryhynyň iň köp sitatalanan we iň meşhur sözlerini aýdýar. 1863-nji ýylda!!! Adamlaryň deňligi we azatlygy, döwlediň roly we başga zatlaram bar.

Şu Beýik adam "adam döwlet üçindir" diýmändir. "Government of the people"="Adamlaryň döwledi", "government by the people"="halk tarapyndan ýasalan hökümet", "government for the people"="adamlar üçin döwlet"...
Biz entäk ösmeli...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ay shu bolanoklary sanap

ay shu bolanoklary sanap otyrsang sogaby bar. yone bir gun turkmen halkyna tuwalede gitman oyde otyrmaly. tuwalede gitmek bolanak diyseng shonam goyarmyka diyan mena. sebabi. halkymyz goyun yalyjakda. goyun bolmajak bolsang olam Bolanok!! shong uchin goyun bolup yashamajak bolsang eydip beydip chopan bolmaly. yone chopan hem boljak bolsang pulung bolmasa gotung bolmasa bolanaok:(:(:(:(

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry!"

Salam gadyrly

Salam gadyrly yazyjylar!

Sizin aydyan zatlarynyz gaty dogry, hem shol yaly situaciyalar her gyun dush gelyar. Yone gelin pikir edelin, biz hyazir bizin ata-watanymyzyn in yakyn geljegi dogrymy?! Shonun uchin men aydasym gelyan zadym, shu aydan yalnyshlarymyzy sapak edip almaly, hem geljekde shol yalnyshlary gaytalamajak bolmaly hem govy tarapa uytgetmeli, bizin borjumyzdyr! Dogry dyami? In yakyn geljegimiz INSHALLAH siz yaly akylly-bilimli bashtutanlar boljagy... yeke meni kyosheshdiryar...

With the best wishes, Merjen!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Pikiriň gowy welin,ol

Pikiriň gowy welin,ol kanunlary üýtgetmegem BOLANOK !!!!

haha, howwa halaçly agam.

haha, howwa halaçly agam. gowy şutka. BOLANOK!!!

Edep bir täçdir nur-y Hudadan
Geý ol täji, aman bol her beladan

Mestana ýorinçäň gaýry

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Nädip öz ýurduňdan aýryljak däl söýen ýurduňdan bolanoklar artyp dursa? :(

Gulluk etmedik

Gulluk etmedik bolsan,okuwçam bolsan,öz yurdundan ayrylmak bolanok:D

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

"jennetde jay edinyançang,

"jennetde jay edinyançang, ministirligde dayi edin"
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "hahaha :-D"

Howply bolaymasa

Son diyeli ol 'dayin' ishinde 'duypli kemchilikler' goyberdi ine shonda natjek? In govusi onun yali 'dayilardan' uzak durmak bolaymasa.

Ýokarda Quote: Döwlet

Ýokarda

Quote:

Döwlet adam üçindir, adam döwlet üçindir!

diýen şygar barada näme pikir edýänligimi ýazypdym. Indi şu geçen Daşoguzdaky ýaşulylar maslahatynda "Döwlet adam üçindir!" diýen programma bilen çykyş edenmişin prezident.

Hakykatdanam, ýalňyşa düşünip, dogrulan bolsa, gowy edipdir. Adamyň döwlet üçin däldigine düşünýän syýasatçylar kän bolaýadyrlar...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

"Dowlet adam üçin" welin

"Dowlet adam üçin" welin guruljak partiyanyn adynyn "dayhan" bolmagy birhili dalmay?

Ay hawa, gaty gynandyrdy.

Ay hawa, gaty gynandyrdy. Yene kagyz uchin, yene hat ustunde gurulan bir programma. Onem "achyk gapylar siyasaty" diyen bir zat bardy Niyazow dowrunde, a ozumiz bolsa doly izolyasiyada, yurtdan chykmak uchin Turkmenistanyn wizasyny almalydy. Niyazow woobshe yurdy terk etman, adamlaram kyn gunde chykyady.

Wagt uytgeyar welin, azajyk bir pikirlerem uytgayermika diyyan welin, hazirlikcha gynandyrya. Hol gun "Reporters without borders" ya "Doctors without borders" yaly NGO (non-governmental organizations)-laryn yillik makalalary chykdy welin, bizinkiler yene ters reaksiya beryarda... Saglygy gorayshyn SSSR-in yikilmagy bilen doly chokenligi mese-malim welin, kemchiliklere chare gozlemegin yerine bar keselhanalary yapyp yorlermi, onson dashary ishler ministrligi hat yazyp yormi "bizi garalamak uchin chykarylan yalan we yasama habarlar" diyip... Utanchhow. Name, keselhanany yapyp kime name subut ederin oydyan? Kime erbetlik edyandirin oydyan? Oz halkyny gynayan.

Shol ile gowy gorunjek bolup gowy habara garashyp...

Bulam shol adimlerin birilay. "Dayhanlaryn partiyasy" shol bizde bir partiyalylyk diyip tankytlayanlary uchin. Reformamysh... ohow, bir gowyrak at tapsan bolmayarmy? Hakyt yene bir yasama hat ustunde programmadygy gornup durda...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Mende-de soňky döwür

Mende-de soňky döwür ruhdan düşme keseli döräp ugrady! Kabir zatlary görüp janyň ýanman durup bolanok! Aslynda mydama ýokardakylaryň bir bilýän zady bardyr ýa-da başga bir faktor bu zatlara täsir etýändir diýip ynanýadym welin, indi hiç hili ynamam galmady diýen ýaly. Ohow, beýle-de bir kör-körlük bolmaz-a, ýa halkyň aňy nol diýip pikir etýälermikän?!
_____________________________
Aglama, ýazgydyň keçligi üçin,
Aglama bar zadyň giçligi üçin.
Görmek wajyp aýralygyň ajysyn.
Datmak üçin şat durmuşyň süýjüsin. ©.

Mena dine daşyndan seredip

Mena dine daşyndan seredip hayran galyan. Name sebapden edilyandigine düşünemok? Eger hakykatdan bizde partiyalar doredilse name zyyany bar? Entek bu Dayhan Partiyanama başyna kimin geljegi belli dal..

Janym yanya shuwagt, nameler bolup yor..

Bayram wrote: Saglygy

Bayram wrote:

Saglygy gorayshyn SSSR-in yikilmagy bilen doly chokenligi mese-malim welin

Su hepde bos wagtlarymda 92-nji yilda nesir edilen, Hudayberdi Divangulyyevin "Çuwal bagșy"(ussat sazanda, bagsy Magmtymguly Garly'nyn lakamy) atly kitaby bilen guymenyadim. Kitabyn sonky 100 sahypasynda yazyjynyn meshur sahyr, yazyjy we alymlar baradaky yatlamalary bar ekeni, olaryn arasynda-da Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow hem bar. Kerim aga bilen olmezinden biraz on sohbetdeslik gurajak bolupdyrlar, yone ol yuzbe yuz dalde, "Soraglaryny getir, jogaplaryny yazyp ibererin sana" diyipdir. Jogaplaryny yazypdyr, yone berip yetismanka, aradan cykyar. Son elbetde stolundaky golyazmalaryn arasynda tapyalar, we kitapda sol sohbetdeslige dolulygyna yer berilipdir.

Gepin tummek yeri, sol soraglaryn arasynda 1-2 sanysy gelin-gyzlar barada soralan(Kerim agan ylham cheshmesinin gozbashy gelin-gyz bolanson :D). Olam gaty nagilelik bilen jogap beripdir, esasanam saglyk sistemasy barada govy tepbiklap yazypdyr. Yaltanmanjyk, yazgyn 1 bolegini yazjak bolayin:
(Gurrunin kopusi edebiyatchylaryn "durgunlyk yyllary" diyip atlandyryan, 1970-1984-nji yyllar arasynda yasalan durmusyn context'inde ele alynyar)

Hudayberdi Divangulyyev: Sonky durgunlyk yyllarynda turkmen ayal-gyzlarynyn hukugy-da az-kem kemsidildi oydyan. Olaryn jemgyyetdaki orny, roly, saglygy baradaky alada govsady. Seyle dalmi ?

Kerim Gurbannepesow:
Onda-da yone bir gowsamakmy! Sypayicilik etmek gerek dal. Ozalky edilen sypayiciliklar yeterlik. Indi gos-goni boyun almagymyz gerek, boyun almasak-da gacyp gidere yerimiz yok. Turkmen ayal-gyzlary oran ir aradan cykyarlar. Sovet Soyuzy boyunca olaryn omur dovamlylygy in sonky orunda baryar. Ayylganc zat.

...Sosial yasayys yagdayy, medisina hyzmatynyn derejesi oran pese gacypdyr. Sonun ucinem, enelerin olumi barada aytmanymyzda-da, caga olumi boyunca-da yurdumyzda birinji orny eyeleyaris(Yurt=SSSR). Akademik Cazowyn aydany yadyna dusyandir: Biz dine SSSR boyunca dal, dunya boyunca-da adam oluminin mukdary babatda in sonky ikinji ornun on yanynda durus. Nigeriya bilen...(Sahyr bu yerde-de yene bir dovletin adyny anyklap goshjak bolup, bos yer goyupdyr) on yanynda...
Ayal gyzlar baradaky aladanyn kop bolegi is dal-de, dine bos gurrun bolany ucin, bu cyrcyk ullakan kesele owruldi. Respublikamyzyn ilatynyn yarysyndan-da kopusini duzyan gozel jynsyn nazik bedenlerinin gabarcaklamagyna, jayrylmagyna, yureklerinin durmusdan sovasmagyna sebap boldy: olaryn oz janlaryna kast etmegi, ozlerini otlamagy yaly elhenc wakalaryn yilsayin kopelmegine getirdi...

Sahyr seyle bir portret cekyar welin, TM'de SSSR dovri hem saglyk sistemasynyn icine tuykiraymeli edyar. Biz gozumiz bilen gormamizson, onler has govy bolan yaly. Kitabyn basga yerlerinde-de su mowzuk barada govy igencli yazylan zatlar bar.

Yene-de 1 gaty manyly "netije zynjyry" diyip boljak yazgy bar, oda sahyryn hovlusyndaky suv kranynyn kellesinin bozuklygyndan baslap, meselani nadip Cagalar bagy-Keselhana-Birgiden pulyn sovulmagy-Isden kovulmalar bilen baglanyshdyryany barada. Yagny, goze gorunyan kici problemalaryn, gaty kop bolan yagdayinda nadip gaty uly problema yol acyany barada. SSSR dovri bolsa-da, tuveleme, sozuni gaygyrman yazypdyr!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ey Huday! Birinji gezek

Ey Huday! Birinji gezek eshdyan.. Ana, shu yazgyny sssr'y öwup arsha chykaryan adamlara okatmaly. Olum sany boyuncha dunyade orun eyelap. Nigeriya mestniy keseller we achlygy sebap gorkezyaler, a bizde name sebap? Ozuni yakmak dagy.. Gorkunch prosto.

Gecen hepde Turkiya

Gecen hepde Turkiya gidenimizde yanymyzda 1 rumyn adam hem bardy, isini soradym, "nebitci" diydi. 1986-njy yillarda TM'de-de islapdir. Sol sorady onson "Biz anyrda wagtymyz halkyn kopusi pagta meydanlaryndady, indi uytgandirle, ha ?" diyip. Universitetdaki okuvcylara cenli, aylap pagta yigmaga akidyanlerini dagy esidendigini aytdy. Gepin tummek yeri, "Entagem azoda garylyp, gara toprakdan gununi goryan, garamayak halkmy anyrdakylar?" diydigida. Gara gun, ustune-de din-iman goymajak bolup eden isleri, olar yaly ruhy halda bolsan depresiya-da girersin, ozinem otlarsyn.
Garrylary dagy gurledip gorun, herkimin 2'lap 3'lap cagasy olendir, menin ejemin dagy 4 dogany yogalypdyr, 11 cagan 4'isi, kakam tarapdan 2'si...We bu her masgalada seyle. Ayal-gyz, caga-cuga su yagdaydaka, erkekler barada aydybam oturmaly dal. Onson naman saglygy goraysy barada gidyar gurrun? Gitse-de dine gurrun giderda.

Mergen gaty gyzykly yazgyny

Mergen gaty gyzykly yazgyny bizin bilen paylashanyn uchin sag bolsun aydyaryn. Mena dogrymy aytsam turkmen kitap tapybam bilemok barde, ay garaz kitaplara gyzygym gachanson idamogam.

Yone Kerim aga bolan hormatym bir dal, birnache basganchak galdy. Aydan wagtlary ol yillar aytmak gaty bir batyrlygy, mertligi sorayan ishdi. Esasanam on yaly atly adam beyle bir zatlar aydyberse, hol Kekilowa yaly dalihanada gozuni achyady ya Gurbannazar aga yaly "gachan soldat atdy" bolayyady.

Diymek bizin SSSR dowrem yagdayimiz onat dal ekeni. Emma gynansak, SSSR dowrunde nache erbedem bolsa, shondanam bir pesrak yerlere dushenimizem ayan. Onler her obada keselhana, her keselhanada shepagat uyasy we doktorlar bardy, hili pes hem bolsa. A indi? Indi...

Wagt uytgeya, medisina osyar, adamlarynam, chagalarynam ortacha yashy uzalya. Bizde bolsa wagt duran yaly, yene shol Afrika yurtlary bilen yaryshyp yorus. Gynandyryan zat, sheyle "Doctors without borders" yaly garashsyz guramalaram bizi yamanlap yazyarmyka diyen bolup gezyas-da. Ahow, sag bolsun ayt analiza, we derrew bir goz ayla yagdayimiza...

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men birzat eshidipdim, azot

men birzat eshidipdim, azot we $m dokunlu potratlarda damlang durmushunyng gechmegi saglyksyz nesiling 1nji sebaplerinden biri diyipdi

Yok jupune dusupdir

Yok jupune dusupdir. 2010-da "Dayhan" partiyasy, 2011-de "Maldar" partiyasi, 2012-de "Zergar" partiyasy, 2013-de "Suytchi", 2014-de ... we 2030-da hemmesini jemlap bir partiya edersin velin ine shonda ona bir partiya diyaymesen. Sebabi partiya diyilyan zat onun agzalari sechilende dowleti dolandirmali adamlar. Onun uchinem her isgar kategoriyasi uchin bir partiya gurulmasi diymek depedakilerin entak partiya barada dushunjesi az bolup biler (biraz optimistrak bolup yazdim, aslinda olarin aglabasinin kop-partiyaliligin asil name uchin gerekdigi barada dushunjesi hem yok).

aslynda olar düşünyar

aslynda olar düşünyar hemme zada yöne göz boyamak üçin edyaler. yokarda aydypdyra bayram aga tankytlayanlary üçin diyip. birem şu maslahatda hukukçulara öz ofislerini açmaga rugsat beripdir diyip okadym habarlarda asly barmyka munyn. ay yöne yzarlar yörerler olaram son. adam öldürsen 15 yyl bolupdyr jezasy. jüpüne düşüpdir diydim mena yaman hezil yurday bizinki.

Yalnyshmasam Amerikada

Yalnyshmasam Amerikada turmeden yatanlaryn sany dunyade in kan yurt. Belki dine osen dowletlerin arasynda bolmagy hem mumkin. Turkmenistan yene kagyz ustunde turmede az adam saklaya diydirjek bolup edyamika shulary diyen pikirem gelyarow kella.

Turkmenistan kop adamy turmede mugt saklamaga yagdayi yetyan dal bolaymasyn-how? Her bayramchylykda chykyp yatyr. Men umuman adamlaryn bagyshlanmagyna garshy dal, her kimin adamsy, ogly bardyr turmede. Yone bu gun girip ertir chykjak bolsa, sistemanyn tersdigi ayan. Ya biderek sebapler bilen turma salyalar, ya-da biderek sebapler bilen boshadyalar.

Adam oldurenin jezasy 15 yil bolanyna nahili reaksiya berjegimem bilmedim mena. 15 yil uly wagt, 25 yil ondanam uly wagt. Ol butin bir omur diyen yaly uly wagt. Gaty agyr jeza. A yone adam olduren diyeli bir gunani olduripdir. Onson on jezasy nache yil bolmaly? Kop yurtlar adam oldurenin ozuni olduryaler. Kopler omurlik turme jezasy beryaler. Biz bir hili in bir kichi jeza beryan bolup galaydykmykagay? Men adalat pikirine, logikasyna dushunemok.

Diyeli biri bir mekdep okuwchysyny zorlap oldurdi. Indi shona adalatly jeza name uchin 15 yil bolmaly?

Adwokatlaryn dowlet ayry garashsyz bir gurama bolmagy gaty begendiriji habar. Bolmasa on bizde gulkunchdow, SSSR dowrunden galan sistemada, seni sud edyanem dowlet, sen prokurorynam dowlet, yagny garalayjynam dowlet, aklayjynam (adwokadynam) dowlet. Ohow, uly bir oxymoron, paradoks bar dalmay? Aklawjy ayry, garalawjy ayry bolmaly. Bolmasa dowlet islanini yere soklaya garalap, sebabi oz adwokady ona garshy hich zat etmeya.

Nesip bolsa, shu reforma peyda getirer. Bizin hak-hukuk sistemamyz bishmedik entak.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Goldayan agam!"

Eh kellami agyrdya shu

Eh kellami agyrdya shu bolyan zatlar. Hukukchy yagdayyna begendim yone, habarym yokdy. Yone hachan bu "pikirin" amala ashyryljagy bellimika?

Akgul, tuveleme siyasatynam

Akgul, tuveleme siyasatynam 1 ujyndan girip baslapsyn welin, yagdaylar dagy govudyra ?
Ya Zazan diyisi yaly, indi bu mowzuklary "seviymisin" ? :D

Nea, sevmiim :D yone,

Nea, sevmiim :D
yone, nemelay, nadip aytsamkam.
Men Bilim Ministry boljak, shonun ucin bir ujyndan bashlayayyn diydim :D :D

Bilim ministrligi bilen

Bilim ministrligi bilen goniden goni bagly zat dalle ol hukuk sistemasyndaky reformalar, hukuk
dagy okan bolsan ha diyjegem welin :P
Galyberse-de, bu 5 cagaly durmus pylanyny 1 gyra ayirdinmi ya? Onca caga bilen mininstr bolmak eygertmaymese :D

Syyasat bir butin, beydip

Syyasat bir butin, beydip men howesimi gachyrjak bolma =))
5 chagajygym bilenjik bolaryn shu ministr, görersin :D
(oz ozum goz onume gelya krutoy eje bolarynay :D)

Hany goreli, enshalla :)

Hany goreli, enshalla :)

Edil hazir Medeniyet

Edil hazir Medeniyet Ministri ayal maşgala,Mary welayatynkam şeyle.

Şuwagt 1.çagana 850000 manat sowgat we her ay 370000 manat aylyk özem 3 yaşayança,2.çagan bolanda 1 milyon we 500 mün,3. çaga çenli gityar özem 3 yaşayança,hezillikda:)

Heniz 5 çaga diyip batyr bolan bolman 1. çagadan son plan üytgeyar ekeni,başda 4 diyen bolyadyk welin indi 'Yook 3-den kan dal'-e öwrüldi,men diyemok yöne)

hany kabir sungat adamlary

hany kabir sungat adamlary eden eserlerine olam men çagam yaly diyyalera, senem şolanky yaly ministrlıge bulam menin altynjy çagam diyip basyberjekmi.

Ay yok, ministrlik men inim.

Ay yok, ministrlik men inim. Guzujyklarymam bir syyasat bn den tutup bolarmy :D

Kimini yazany belli

Kimini yazany belli bolmadyk, yone yaman rast aydylan soz bar. Siyasatcylaryn kopusine degisli:

Politicians are like diapers. They both need changing regularly and for the same reason.

Siyasat kyn mesele, ayagyn cala gitdigi diapers'in icindaki bilen den derejede bolayyan :)
Yonekey adam bolsan yalnyslaryn gaty bir uly netijesi bolmanson, has ansat duzedip bolyar, butin halk'yn/milletin haky hem galanok ustunde.

Gozumi gorkuzjak bolma

Gozumi gorkuzjak bolma :D
Oyun bir tarapa welin hukuga beyle "ygtyyar" berilmegi umytlandyrdy. Belkem bu bir hususylashdyrylmagyn yolunda achylan gapy bolar.. Okuw sistemamyzy duzeltmeli, ttm'lara alternativa guychli hususy mekdepler achylyp ahlakly we bilimi guychli mugallymlar ishe alynmaly. Turkmen chagalary yaman kelleleri guchlow aslynda, shu TRdaki chagalardana zehinli kopusi, her pursatda dersana gatnap gatnap kelleleri dine synag gechyancha doljak bolya, son yene bosh. A bizin chagalara sheyle bilim we mumkuncilikler berilse dagymy..

Hususy mektep acmak hokman

Hususy mektep acmak hokman dal, birnace sany "guychli mugallym" bolda bar 1 dovlet mektebine, isin-guyjin cagalar bolsun, onson goruber bilim derejesinin artysyny. Kop zatda itergi, 1 tazelik gerek, eyyam 20-30 yil mektebi dine irden 8'den, oylan 4'e cenli gidip, isini edip gaydylyan yer hasaplayan adamlar fundamenty, hyjuvy, tazelikci ruhy bolmadyk yas mugallymlary hem basym oz aralaryna gatyalar, onson olam "geldim esek, gitdim esek" edip baslayar. TTM'lere alternativa, palan-pysmydan yaly gurrunler artykmac men pikirimce, basda dagy TTM'ler bilen "sister school" bolunsa dagy hasam govy bolar. TM'de su meselanin name ucin entagem amala asmadygyna men hayran. T.e. "ministrlik hic zat edenok" diyip zovledip duranlar 1 yana welin, TTM'lerem orta mektepler bilen bir gyzgyn gatnasykda dal. 1 "abilik" dagy edip, hersi yanyna 2-3 mektebin terbiyechilik islerini alsa, experience alys-calysy etse, in bolmanda yas mugallymlara umyt boljak 1 hereket baslatsa, bolmajakmy..."Oz isimiz ozumize yetik" diyyandirler belki, yone bey diyyanlerin orta mektepdaki mugallymlary tankytlamaga 1 gramam haklary yok, sebabi herkimin ozune gora "oz isi ozune yetik".

P.S. Gozun gorksyn, isin yok siyasatda :P

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

hususylaşdyrmadyr öza

hususylaşdyrmadyr öza welin intak ol hukukçylar öz başlaryna hereket edip bilmezler. olara-da şuny şeytme muny beytme diyip köp zatlar aydarlar ya-da yene birtopar kanuny boşluklar sebapli iş edip bilmezler.
mekdep meselesine gelsek welin gaty dogry aydyan hususy türkmen mekdepler açylyp güyçli türkmen mugallymlar işe alynmaly. yogsa gowy diyip yören türk mugallymlan köpüsi tm-nin şu halyny has gowy göryar.arada biri(özem gaty halnyan mugallym) oglanlan birinin yüzüne seredip gara çyny bilen tm intak ösmesin biz barden yene biraz gazanaly diyipdir. ol oglan mugallyma sögünüp geldi yanyma. hayran galdym öna name diyse ylgap yördi welin asyl bir zat bar ekeni.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Umuman beyle yagdaylar dine

Umuman beyle yagdaylar dine ol mugallymyn shahsiyeti barada soz aydya, shony yatdan chykarmaly. Ol mugallym bir shahsiyet, entak dogry dushunmedik bolmaly kabir zatlara.

Yone beyle yagdaylar elbetde yeke-tak hem bolsa gynandyryar. Esasy zat milletparazlyk bilen kor bolmazlyk. Turkmen mekdeplerinin ayratynlarynyn gurulmagynyn menem tarapdary. Sebabi yarysh hemme wagtam gowy, hili osduryar. TTM-ler bilen turkmen mekdeplerini bir yarysha goysan gaty chalt tasiri duyular. Shu "Zehinli chagalar mekdebi" bir yarysh goyayjak yalydy welin, olam basharmady.

Edil hazir TTM mekdepleri zehinli chagalary saylap alyalar, oz ichlerinde yarysh HAKYKY yarysh bolmanson, edil dasharky yarysh bilen den gelmez. Hany bir sheyle mumkinchilik bolmazmyka?! :D Ozum professor bolsamam hyjuwlandyryjy sapak bermage barmaga tayin bolaryn, inshalla :D Hem TTM-lere, hem shol achylan yorite mekdeplere.

"May the best win!" diymek uchin :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

ay onson o mekdepde

ay onson o mekdepde müdür zadam bolarsyn.şonda okuwa girmek üçin naçe pul aljak bizi bir yatdan çykarayma azyrak alarsynda:)))biz başda şu meselanem çözmeli bolmasa bu gidiş bilen hijem zat edip bilmeris. yaman gynanyan şu yagdaya.

Aý mekdepde müdir bolmaga

Aý mekdepde müdir bolmaga umuman garşy däl welin... indi mekdepde işlemegim kynrak bolaýmasa. Ýagny, mekdepde işlemegim kyn dälde, 4-5 ýyllyk azabymy biderek edýärdä.

A alynýan pully ýagdaý bolsa hakykatdanam gynandyrýar. Bu barada has kän bilýän adam elbetde gürrüň berse gowy boljak.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Türkmenistanyn yagdayy

Türkmenistanyn yagdayy bellile , bir topar orramsydan bolan haramhorlar uly baylygyn üstünden baraydy , indem şol baylygyn üstünden turmajak bolup hemme zada BOLANOK diyyada
bolmasa paylaşmaly adam kan bolyada , denlik olara BOLANOK ahyryn
in gynancly yeri bolsa bizin halkymyz köp zatdan bihabar, demokratiya , hak yaly terminlaryn manysyna doly düşünyan adam sanymyz gaty az , ojagaş düşünyanlerinem göryan günlerini çaklaymak beyle kyn dalmika diyyan
garaz daşary yurtda okan,işlan ,gezen , balyk tutan, nahar iyen we adamlaryn öz haklaryny gorap bilmelidigini gözleri bilen gören hemme kişi yuwaş-yuwaş töweregendikalere bir zatlar öwretmeli , adamlarymyzyn düşünjelerini özgertmage çalyşmaly

"Government of the people, by the people,
for the people"

temadan daşarda yöne

temadan daşarda yöne kanun bilen baglanyşykly.
Dünyanin in gülkünç kanunlary.
İnlis hukukçy David Crombie dünyanin in gülkünç kanunlary barada makala yazypdyr. Ona göra kabir gülkünç kanunlar:
*angliyada pubda peyan bolmak gadagan.
*ayallaryn awtobuslarda şekelad iymagi, on yaşyndan kiçi çagalaryn dükandaky yalanaç jansyz modellere seretmegi we awtobuslarda uklamak gadagan.
*danimarkada türmeden gaçjak bolmak güna dal.
*fransiyada reyslerin üstünde öpüşmek gadagan.
*irden 8den agşam 8e çenli radyodaky goyberilyan sazlaryn 70%-di fransuz kampazitorlarynynky bolmaly.
*donuzlara napalyon adyny dakmak gadagan.(bizde göla türkmenbaşy adyny daksan naderlerka?)
*gallandiyada bazar günleri piwe we wino satmak gadagan. Başka içgileri satybermeli. Deryalaryn kenaryna-da barmak gadagan.özem barde gallandiyada derya yok diyip yazypdyr.
*italyada köpçülüge açyk yerde kasam(hudayjan bar diyen yaly) etmek we.MARY atly ayallaryn hapa iş (pul gazanmak üçin zyna) etmesi gadagan.
*skandinawyada sygyryn yanynda peyan bolmaly dal.,
*şwesariyada bazar günleri kir sermeli dal,maşyn yuwmaly dal we çayyrlary kesip olary timarlamaly dal. Jaylarda gije ondan son sifon çekmeli dal.
*hytayda biri bogulup durka onun ykbalynyn üytgemegine sebap bolyanyn üçin halas etmek gadagan.
*taylantda içgi eşiksiz köça çykmak gadagan. Köçede çigit çigitlemek boylar yöne çeynan sakgyjyny köça atsan jezasy 600$.
*ABŞ-de”(californiyan kanunlaryna göra)ayallaryn gije yatanda geyilyan eşik bilen maşyn sürmekleri we otel otaglarynda apelsin gabygyny arassalamaklary gadagan.
*los-angelesta bolsa erkeklere ayallaryny 5sm-re çenli galynlykdaky deri kemer bilen urmaga rugsat berilyar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yaltanman terjime etdingmi

yaltanman terjime etdingmi dowlet:):) yone gaty tasin wakalar:)

Khmm, neme, Taylandda name

Khmm, neme, Taylandda name ichki eshik geydimi geymedimi diyip barlayalarmyka?

ay kim bilyar yöne gaty

ay kim bilyar yöne gaty neme bolar beytseler:) utanç

Yone prikoldyrey, goz onune

Yone prikoldyrey, goz onune getiryan:
-Jenap polis, hana hol ayalyn ichki eshigi yok, chare gorun, gaty gorkdum :D
-Sen nadip bilyan?
-Ay egildi welin, ichi-dashy gorundi-how
-Hany barlap goreli :D

Ya bashga biri
-Jenap polis hol yashulyn truskasy yok
-Nadip bilyan?
-Ay balagy yyrtyk welin, deshikden ichi gorunyar :D

:D Nahili yurday shol Tailand?

PS Men hazir gidip hytaylardan ol kanunlary barada sorayin derrewjik :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Gulup gulup dali bolduma :D :D"

Tayland yiljak yurt bolanson

Tayland yiljak yurt bolanson onema yarym-yalanach, ichgi eshigini geymeseler sapsim wejeradyrdahow gornup, bildirip duryandyr diyyan. Ola dushnukli.

Yanky Los Angeles'e gochmeli diysene :D

Hytayinkam prikol. Adamlar olup dynsyn diyip, indi olyane hem komek etmeli dalow, ykbal bahanasy bilen. A halas etsen ykbaly, yazgydy shol boldugy borda :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

elin boş bolsa-da kynhow

elin boş bolsa-da kynhow edere bir güymenje gerega adam pahyra. ay yatybam bir alyp baryan galam yok onson biraz terjime zat edip gorayeyin diydim.
ha şu uky meselesi:yatyp yatyp doyamogay düyn dagyn göni 17 sagat yatypdyryn. rekordymam 29 sagat zada bolupdy gyşda.indi tomus geldi welin kan yatyp bilemok.nadip düzedip bolarkaray şuny.öye barsana derrew sana salyalar weln bu yyl öye-de gidemoga.umuman yaltanman diyip yazypsyn yokarda mana diysen gelşenok bu söz kan.:)))

Biraz ishsizraksin,

Biraz ishsizraksin, sondandyr yataklygyn :) Yogsa, irden ise gitmeli, ya-da palan-pysmydan etmeli bolsan, turman gitjek yerin barmy.
A edil oyanayanyndaky yaltalygy yenmek ucin bolsa 1 guymenje tapmaly. T.e. "Oyanyp name etjegay ??" diyeninde, 1 jogabyn bolmasa, oyanman yatarsyn gun bolyancan.000
Senin umuman gyzykyan 1 zatlaryn bardyra ? T.e. kino, seriyal, kitap ? Mena yatmankam elime kitap alyan, 30-40 sahypa okayan, gyzyklyrak yerine yetenindenem yapyp, yatyan :) Irden turanymda-da kofe/cay edip, kitabyn yzyna dovam edyan. Ya-da kino goryan, gyzykly yerinde yapyp, yatyan. Hem isleglerine garsy durma guyjin artyar, hemem irden turmak ucin 1 sebap bolyar.