Garakelläniň başdan geçirenleri

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Birinji bölüm. Çagalyk.
***
Ýalňyzlyk içimde edil ak kagyz ýaly, götererden has agyr ýüke öwrülip barýar. Ol penjirämiň sowuk aýnasynyň arkasyndamy ýada batyp barýan güniň öňündemi arkasyndamy bir ýerlerde, uzaklarda, entek diňlenmedik bir saz ýaly ýeňillik bilen ýaşyp barýan ömrümi ýatladýar.....
Şol bir ýüz. Ol maňa seredip ýylgyrýar. Oň ýüz keşbi maňa tanyş. Sesine,ýüz hereketlerine çenli tanyş. Ol durmuşda görenim ýaly hakydamda däl. Bir suraty bardy, maňa juda tanyş. Şol kamerany tutan men ýaly göwnüme. Men onu unutmak üçin köp çärelere baş urup gördüm. Hatda ol suraty albomymdan tapyp ýyrtaýyn diýdim. Surat welin, geň galaýmaly albomymda ýokdy. Asyl şol surat düşürildimikä? Ýada aklymyň oýunymyka? Bilmedim.Ýöne surat welin gidenok. Gaýta oňa seretdigimçe ýanynda ýene bir ýüz döreýär.Soň ol ýüzem başga ýüzi getirýär,olam başgasyny.. Olaryň hersiniň maňa gürrüň berýan hekaýalary bar.Hekaýalaram hemişe şol bir hekaýa. Ol hekaýalaryň başam ýok soňam. Dünýäniň özüniňem şol hekaýalara meňzeş bolmagy mümkin. Men ol hekayalary hem gürrüň berýän hemem diňleýän. Aňymda uly tizlik bilen aýlanýan hadysalaryň arasynda olaryň gözleri, ýüz keşpleri sudur bolup görünip gidýär..
Asfalt
Saçy syrylan saryýagyz, ejizje oglanjyk ýanyma gelip oturdy-da edil afrikalyň hamynyň reňkine meňzeş köwüşlerini çykardy. Güne gamaşan gözleri bilen maňa seredip-“gysýalaý” diýdi. Men oňa hiç zat jogap bermedim.
Içerde kakaly ogul diwara ýaplanyp otyrlar. Kakasy ýaş hem bolsa saçy syrylan.Oň kellesinde ýüzüne gelişmeýän papak bar.Täze alynan sakalynyň üstündäki çukurlara gömülen gözlerinde gussamy,gaharmy,soragmy, näbelli duýgy bar. Ol iki dyzyny elleri bilen gujaklap barmaklaryny birbirine geçirip otyr. Käwagt bir öňlerindäki penjireden gelýän ýagta seredip durýarda soňam birhili hiç zat tapmadyk ýaly, ýada tapany gözlänine uýmadyk ýaly uzak wagtlap başyny aşak salyp oturýar. Soň ýene-de ýagtylyga.. esli wagtdanam ýene baş aşak.. Bu gaýtalanýan hereketler uzak wagtlap synlamasaň bildirmeýär. Hamala, her gezek, birinji gezek ýaly. Ýöne ýarym gün ýanynda otursaň ol adamyň diňe şol bir hereketleri gaýtalanýanyna düşünip galýarsyň. Ýanyndaky saryýagyz oglanjygam uludan kiçeldilen ýaly agras ýüzüni aşak salyp otyr. Olardan sag tarapda köneje diwan dur. Diwanyň bilinde “çökmesin” diýip ýasalan aýagy bar. Köp oýnalany sebäpli bolsa gerek aýak poly oýupdyr. Birdenem gapy açyldy. Oglanjyk “Isa direldi” diýen ýaly bir gudrata garaşýan ýaly gözleri bilen gapydan giren aýala seretdi. Mähirli salamlaşan aýalyň ýüzünden şatlygyň, bagtyň alamatlaryny gözlemeseňem gözüňe dürtülip durdy. Hakykatdanam ol gudrat görüp gelen ýaly. Ol düşege geçmedi. Hiç kim oňa entek “düşege geç” diýmändi. Kakasy ýylgyrýar. Oglanjygyň ýüzü welin tutuşluguna sorag alamatyna öwrülen. Ol aýalyň bir hereketinem sypdyrman synlaýar. Gelen aýal edil gapynyň ýanyndaky penjiräniň erňegine ýaplandy-da uzak saklanyp bilmän içindäki begenjini daşyna çykardy.
“Gelemde de şu öý gözüme birhili nurly, ýagty, ýyly göründi...”
Oglanjyk bu sözleri eşdip eştmän kakasyna seretdi. Olam ýylgyrýar. Oglanjyk olary ikiçäk goýup daşaryk çykdy. Güýzden gowy pasyl barmi? Daşary çykandan oglanjyň agyr ukudan açylan ýaly özüne geldi. Arassa,çäksiz asmanyň aňyrsy görünenok. “şu wagt howa garylyp gitseň..” diýip hyýal edip barşyna köçä çykdy. Güýz güni birhili yssy hem bolmasa günüň şöhleleri içiňden geçip barýar. Oglanjyk köçäň gyrasynda çommalyp oturdy. Oň saryýagyz ýüzi güniň ýagtysyna hasam sary görünýär. Ol elini asfalta goýdy. Ýüzünden ýagyş syrygyp gaýdýan asfalt buz ýalydy.Sowuk asfalty sypalap duruşuna oglanjygyň oňa göwünlik beresi gelýärdi. Ýöne asfaltyň ýüzünden gaýdýan gözýaşlaryna dodaklary titräp zordan aglaman oturan oglanjyk bir söz diýdigi özüni saklap bilmejegini bilýärdi. “Mert bol. Mert bol...” Oglanjygyň kiçijik elleri ýüzüne palçyk degen asfalty emaý bilen ýuwýardy...
“”
Rahmet eli welin edil şemal ýaly kämahal sowuk,ýowuz,käwagtam hamala jennetden ösýän ýaly, sergin,mylaýym..
***