Mübärek üç aýlaryňyz gutly bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly musulman doganlar!

24-nji Iýun öňümizdäki hepdäniň 3-nji güni mübärek üç aýlara girýäris. Şol mynasybetli, bu mübärek üç aýlar barada sizler bilen öz ene dilimzide degişli maglumatlary paýlaşmak isleýäris.

REJEP-ŞABAN-REMEZAN:

“Allahümme bärik lenä fi Rejebe we Şaban we bellignä Ramazan”
“Ya Rebbi, bize Rejep we Şaban’y mübärek eýle ve bizi Ramazan’a gowuşdyr.”
* Her gün şu doga okalýar,
* Lä ilähe illAllah, kelime-i töwhidi her gün müň gezek gaýtalanýar.
* Bu aýlar eşret we berekedi nämütenahi(soňsuz) bolan aýlardyr.
* Rejeb hormat, Şaban hyzmat, Ramazan bolsa nygmat aýydyr.
* Rejep toba, günäleri terk we Allatagala dönüş aýy, Şaban mähir, Ramazan bolsa karabet(ýakynlyk) aýydyr.
* Rejeb, eziýedi terk üçindir. Şaban amal we wepa üçindir. Ramazan sydk ve sapa üçindir.
* Rejeb şeýle bir aýdyr, Allatagala onda gat-gat sogap berer.
* Şaban şeýle bir aýdyr, onda keramata garaşylar.
* Rejeb sabyklaryň(geçen, öňki), Şaban muktesidleriň(wagtyny bisarpa geçirmeýän), Ramazan bolsa asileriň(gam çekýänleriň) aýydyr.
* Rejeb tohum ekme, Şaban suwlama, Ramazan bolsa hasad(hasyl) aýydyr.
* Ýyl agaç ýalydyr. Rejeb aýy agajyň ýaprakly, Şaban miweli, Ramazan bolsa miwesiniň toplanjak wagty ýalydyr.
* Rasulullah -sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýýär:
“Rejeb, Allatagalanyň; Şaban meniň we Ramazan ymmatymyň aýydyr.

Rejeb-i Şerif:

Mübärek üç aýlaryň birinjisidir.
"Allahümme bärik lenä fi Rejebe we Şaban. we bellignä Ramazan.”dogasy her gün iň azyndan bir gezek okalmaly.
* Bu aýda ediljek her haýyrly işiň sogaby gat-gat beriler.
* Bu aýda agyz beklemek örän mertebelidir.
* Sadaka bermek, garyp-pukarany begendirmek -Ramazan aýry- beýleki aýlardan has gymmatly we has ejirlidir(bahasy örän gymmatlydyr).
* Bu aýda otuz rekagatlyk nepil bir namaz bardyr, okalmalydyr.
* Bu aýyň ilkinji Juma gijesi, Regaib gijesidir.
* 27-nji gijesi, Mi’raç gijesidir. Toba, ybadat we doga-dilegler bilen geçirilmelidir.

Şaban-y Şerif:

* Mübärek üç aýlaryň ikinjisidir.
“Allahümme bärik lenä fi Şaban we bellignä Ramazan”
dogasyny her gün iň azyndan bir gezek okamaly.
* Rasul-y Ekrem -sallallahu aleýhi we sellem- :
” Şaban meniň aýym, Rejeb Allatagalanyň aýy, Ramazan ymmatymyň aýydyr.” diýýär.
* Rasul-y Zişan -sallallahu aleýhi we sellem- , Ramazan’dan soňra iň köp bu aýda agyz beklärdi.
* Ashab-y Kiram, Şaban hilalini(ýaý şekilindäki dogan her täze aýa aýdylýar.) görende, Gurhan okamaga başlardylar. Bu aýda manasyna düşünip, bol-bol Gurhan-y Kerim okamalydyrys.
* Bu aýda ediljek her haýyrly işiň sogaby gat-gat beriler.
* Geçmişdäki eden günälerimizden toba etmelidiris.
* Rasulullah -sallallahu aleýhi we sellem-’e salawat-y salamy köp-köp okamalydyrys.
* Bu aýda bir ýyl içinde öljekleriň atlary, diriler depderinden ölüler depderine geçirilýär.
* Bu aýyň ortasynda Beragat gijesi bardyr. Gündizine agyz beklemeli, gijesini ybadat we ukudan oýa geçirmeli. Bu gijede ýüz rekagat namaz okamak maslahat berilýär.
* Bu aýda haýyr gapylary açylar, günäler tämizlener.
* Soňky Duşenbe güni agyz beklense günäleriň bagyşlanjagy hadys-y şerifde buşlanýar.
* Musulmanlaryň mallarynyň zekatlaryny garyplara, Ramazan’da tutjak orazalaryna güýç-kuwwat we goldaw bolmagy taýdan, bu aýda berilmekleri haýyrly we gowy bolar.
* Gysgaça aýdylanda bu aýlar, ulanylmagy gaty gymmatly bolan aýlardyr.

Remezan-y Şerif:

* İçinde, Gurhan-y Kerim'iň nüzül etmäge (inmäge) başlan iň mukaddes aýdyr.
* şeýlelik bilen içinde Gadyr gijesi ýaly, müň aýdan haýyrly bir gijesi bolan aýdyr.
* Günäleriň bagyşlanan, Şeýtanlaryň zynjyra daňylan mübärek aýdyr.
* Sabyr aýydyr. Yslam’yň bäş şertinden biri bolan orazanyň tutylan, gijelerinde tarawa namazlarynyň okalan, ybadat, ibadet, kerem we bereket aýydyr.
* Gurhan-y Kerim hatimleriniň indirilen, mukabeleleriň(metjitlerde Gurhan-y Kerim okap, halka diňletmek) okalan, metjitleriň musulmanlar bilen dolup-daşan, merhemet, huzur ve ilähi gufran(Allatagalanyň günäleri bagyşlap örtmegi, merhemet etmegi) aýydyr.
* Jennet gapylarynyň açylan, Dowzah gapylarynyň ýapylan, melekleriň ýer-ýüzüne myhman bolan aýratyn bir aýdyr.
«Eger bendelerim Remezan aýyndaky fazylatlary bilselerdi, bütin ýylyň Ramazan bolmagyny dilärlerdi.»
çeşme: www.yslam.info

Telpekler (4 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "Mübärek üç aýlaryňyz gutly bolsun!"
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogalarynymyz kabul bolsun!"
  • garabekewul 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • stalin 1 telpek goyyar we yazyar: "3 aylar 13 Iyun shu bazar gun bashlaya. Regaib hem 17 gijesine"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýene mübärek üç aýlar barada

Ýene mübärek üç aýlar barada

Üç aýlara girilende (24 Iýun 2009 – 3-nji gün)

Dini nukdaý nazarda "Şühur-y selase", ýagny mübärek “üç aýlar” hökmünde bilinýän bu möwsümiň gelmegi bilen birlikde Musulmanlaryň ruhlary aýratyn bir hözire gowuşar, çünki, bu aýlar Ylahy rehmetiň joşýan aýlarydyr. Bu üç aýlar Rejep, Şaban we Remezan aýlaryndan ybaratdyr. Her haýyr amalyň sogaby beýleki wagtlarda on bolsa, Rejep aýynda ýüzden geçer, Şaban aýynda üç ýüzden köp bolar we Remezan müňe çykar we Juma gijelerinde müňlere we Gadyr gijesinde otuz müňe çykar. Şeýle köp baky peýdalary we sogaplary gazandyrýan; üç aýda segsen ýyllyk bir ömri iman ähline gazandyryp biljek üç aýlaryňyz bilen gutlaýarys!

Üç aýlara ädim ätýäris. Üç aýlar öz içinde bar bolan hazynalary bilen ene mähri deýin gurşamaga taýýar, emma biz üç aýlary öz gadyryna laýyklykda garşy almaga taýýarmy?!

Günlük durmuşymyzyň akyşynyň içinde parhynda bolsagam, bolmasagam durmuşyň kada-kanunlary boýunça dürli künjekler we maksatlarynyň içinde ýitip gidýäris Kyn we typançak wagt dilimleriniň içinde ýalan we ýasama zatlaryň täsirinde galýarys Şol sebäpli-de, durmuşyň asyl maksadyny ýatdan çykaryp gidýäris.

Aslynda, bizi asyl maksadymyzdan uzaklaşdyrjak şeýle meselelere üns bermän, hüşgärlik bilen olaryň biziň ruhymyzy öz torlaryna çolamaklaryna böwet bolmalydyrys. Allah bize bugünlerde altyndan gymmatly pursatlar berýär - üç aýlar! Aslynda, muňa hakyky we ylahy plan hem diýip bileris, çünki, Biribar bu aýlarda bagyşlamagyny, nygmatlaryny bereket bilen ýagdyrýar Rejep, Şaban we Remezan aýlarynyň bütin gün we gijeleri garaşylmaýan bereketler bilen doludyr

Üstesine, bu aýlaryň içinde bolan Regaib, Miraç, Berat we Gadyr gijeleri hiç bir maddy we dünýewi ölçegleri bilen deňeşdirilip bolmajak ýagdaýda ylahy yzzat-ykramlar bilen bezelendir Aslynda, azyrak köňül hüşgärligi, dykgat we çynlakaýlyk bilen bu günleriň we gijeleriň bereketlerinden peýdalanyp bilsek, ruhy ýoldaky köp ejizligimizi düzedip, günälerimizden tämizlenip, ap-arassa ýagdaýa gelip bileris Munyň üçin näme etmeli?! Bu pursat aýlardan nädip iň oňat ýagdaýda peýdalanyp bileris?

NEBSIMIZI HASABA ÇEKMELI

Ilki bilen nebsimizi oňat edip hasaba çekmeli. Bugünlerde öz-özümizi tankyt etmek bolan nebis bilen hasaplaşma, aslynda, ynsanyň öz duran ýerini anyk görmegi üçin örän ähmiýetlidir. "Men nireden geldim? Bu dünýä iberiliş maksadym näme? Häzir näme edýärin? Nirä gidýärin?" ýaly soraglary özümize sorap, pikir derýasyna açylmaly, durmuşymyzyň gowy tarapyny we kemçiliklerini çykaryp, bir raport taýarlap, öz ýagdaýymyz hakynda baha bermelidiris Şeýlelik bilen eden säwliklerimizi we günälerimizi has gowy we ýakyndan görme pursatynya eýe bolarys hem-de olary iň oňat ýagdaýda düzetmäge.

TOBA ETMELİ

Eden günälerimiz üçin, yhlasly ýagdaýda toba etmeli, çünki, päk ýürekden gelen puşmanlyk we arassa niýet bilen edilen tabalar ynsany günälerinden tämizlär Ondan soňra bu duýgy köňül dünýämizde parlap duran bir yşyk ýakar we bizi ybadat we wezipe yşky bilen haýyrly, bähbitli, bereketli we peýdaly işleri amal etmegimize sebäp bolar.

ORAZA TUTUP BILERIS

Bu günlerde Allah Resulynyň beýleki günlere garanyňda has köp agyz beklänini we hemişe haýyrly, bähbitli işleri amal edýänini görýäris Bizem başardygymyzdan adatdan köpräk oraza tutmaly, şol bir sanda bu Remezan orazasyna-da taýýarlyk bolýar, elimizdäki mümkinçilikler boýunça mätäç ynsanlara maddy goldawlar berip, olary begendirmelidiris

KÖP MUKDARDA KURAN OKAP BILERIS

Bu mübarek günlerde mealy(manysy) bilen birlikde manylaryna-da düşünip, Kuran okama ýaryşyny başladyp bileris Agşamlary kän däl, on ýa-da yigrimi minudymyzy bu işe aýyralyň! Her gün namazlarda okaýan sürelerimizden başlap, Kuranyň mealyny okap, öwrenip we pikir edip bileris Bu mynasybetli bolsa öýümizde aýratyn bir bereket bolar we Kuranyň nury bilen içimiz ýagtylar

METJITLERE GIDIP BILERIS

Haýsydyr bir wagt namazyny okamak üçin, metjitlere gidip bileris Bu, ybadat badalgamyzy joşdurar Bu ýagdaýda Allaha gul bolmanyň çuňňur hözürini köňlümiziň ähli künjeklerinde duýarys Mundan başga ýakyn garyndaşlarymyzy we dost-ýarlarymyzy gezip görmek üçin, aýratyn plan düzüp bileris Beýik Ýaradanymyzyň Kurany Kerimde garyndaşlarymyzy gezip görmegimizi gaýtalap buýurmagyna üns bersek,munyň üçin beriljek sogaplaryň mukdary hem köp bolsa gerek Bu aýda döwlet ýa-da hususy guramalar ýa-da şahyslar tarapyndan pakyr-pukaralara, başy sypalanmaga we garynlary doýurylmaga mätäç ýetimlere, özüne seretjek hiç kimi bolmadyk dul zenanlara we garrylara sadaka üçin aýratyn býužet aýrylmaly Mübärek gijeler bütin maşgala hökmünde baýram begenji ýaly geçirilmeli

ÜÇ AÝLAR NÄME?

Üç aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýy many taýdan "beýgeldilen, içine ykramlar goýulan aý" we "taýarlanmak" diýmekdir Rejep aýynyň ilkinji penşenbesini juma gününe baglaýan gijesi (25 06 2009) mübärek Regaib gijesidir Regaib, "örän köp yhsan/nygmat" manysyndaky "Ragibe" sözüniň köplük sanydyr Bu gijede Biribaryň giň rehmeti bilen gelip, gutarnyksyz bagyşy bilen amal edýäni üçin, bu gijä şol at berilendir

Rejep aýynyň 27-nji gijesi (19 07 2009) bolsa mübärek Miraç gijesidir Miraç many taýdan "merdiwan", "beýgeljek bir ýer", "iň beýik mertebe" diýmekdir Bu gijede Pygamberimiz bir mugjyza hökmünde Mekgedäki Mesjid-i Haramdan Kudüsdäki(Jerusalem) Mesjid-i Aksa we ol ýerdenem gökleriň ylahy künjeklerine tarap beýgelip, ruhy we beden taýdan Beýik Biribaryň huzuryna çykandyr

ŞABAN - HAÝYR WE BÄHBIT AÝY

Üç aýlaryň ikinjisi bolan Şaban aýy many taýdan "paýlanan", "seçilen" diýmekdir Bir rowaýata görä Pygamberimiz Şaban aýynda Remezan üçin şeýle köp haýyr paýlanany üçin, bu aýa bu adyň berilenini beýan edendir Şaban aýynyň içinde Berat gijei bardyr (05 08 2009) Berat sözi many taýdan "bergiden, berilen jezadan, ruha azap beren aladalardan halas bolmak" diýmekdir Bu gijede Kurany Kerim bir bütin halynda dünýä gatyna indirilmäge başlanandyr Bu sebäpden bu gijäniň hormatyna köp günäler bagyşlanýany üçin, bu gijä Berat gijesi diýlendir

REMEZAN - BEREKET AÝY

Üç aýlaryň iň soňkusy bolan Remezan aýy (21 08 2009), on bir aýyň soltany we aýlaryň iň bereketlisidir, çünki, bu aýda Kuran aýatlary indirilmäge başlandy we bütin aý boýunça oraza tutmak parz boldy Kuranyň bu aýda indirilmäge başlany üçin, bu aýyň içinde Kurany Kerimiň beýany bilen “müň aýdan has haýyrly bolan Gadyr Gijesi" (15 09 2009) bardyr Bu gije Allahyň möminlere sowgat eden örän beýik bir ykramydyr Remezan aýynyň her gijesiniň bereketli geçirilmegi üçin, bu gijäniň takyk wagty gizlenendir, ýöne Gadyr gijesiniň Remezanyň soňky on gününiň içindeligine degişli güýçli yşaratlar bardyr

Allah bizleriň mübärek üç aýlardan hem-de içindäki ähli mübärek we bereketli gijelerden iň oňat ýagdaýda peýdalanyp, amal edip, bar bolsa bu dünýäde eden günälerimiziň bagyşlanmagyna, ýok bolsa, Özüne has ýakynlyk gazanmagymyza sebäp etsin; ahyretde Firdews jennetini, pygamber goňşulygyny gazanjak we juma günleri juma sagadynda Öz Jemalyny tomaşa eden bendeleriniň hataryna goşsun! Ämin!

çeşme: www.yslam.info

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Ata Aganyn yazysh stiline menzeyar..."
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • agayunus 1 telpek goyyar we yazyar: "tüweleme...Allah bilimiňi artdyrsyn!!!"

"Rejep Ayy Allahyn

"Rejep Ayy Allahyn ayydyr,
Şaban ayy men ayymdyr,
Remezan ayy ummatymyn ayydyr."

Muhammet Pygamber (saw)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Salam

Her ýyl gelmegine uly arzuw bilen garaşyp ýören 3 aýlar we esasanam Remezan aýymyz ýene gelýär. Nesip bolsa inşallah Allajan hemmämize öňkülerden has gowy, has haýyrly, has bereketli eýlesin. Hergün myhmançylykda agzymyzy açyp, Allajany ulydan ýatlap, soňsuz şükür edip, günäler bilen garalan ýüregimizi, rozamyz bilen, namazlarymyz bilen, tarawa namazlarymyz bilen, aglamalarymyz bilen, gözýaşymlarymyz bilen ýuwsyn inşallah.
Sahawa atalarymyzyň döwrüni ýaşamasagam, Allam ýüregimizde şol duýgunym 1/1000 birini bersin. Men günäli şoňada kaýyl. Dogalarymyza sahawalaryň ruhanyýetim 'ämin' diýsin, älemlere rahmet bolup iberilen pygamberimiz Muhammet Mustafa Resullahaň(aleyhissalati wes selam) ruhanyýetem 'ämin' diýsin inşallah. Allam derejäm aşýan bolsan, bagyşlaýjy Sensiň, özüň men guluňy bagyşla. Bizleri jennetde Resullaha (sas) aly sohbetinde duşyr, her junga güni jemaly görmek bilen guwandyr biz gullaryňy.
Pygamberimiziň "Maňa iň ýakyn resul Ruhullah Isa (aleyhissalam)" diýip, Hz. Isa (as) öwgi bilen ýat edenini bilýäs. Hz. Merýem enemiz, jennet eneliriniň iň üstüni, adyna Kuran-y Kerimde sure ýazylan. Birnäçe hristiýan doganlarymyz şol aýaty diňläp aglap, musulman bolanyna taryh şaýat. Habaş patyşasy Neşajiň bul aýaty diňläp, soňky din Islamiýeti kabul edenine, Allanyň ýekedigini we meňzeşi ýokdugyny, Muhammediň(sas) we Isa(as) Onuň guly we resulydygyny kabul edenine taryh şaýat. Allam hemmä hakykaty tapmagy miýesser etsin!
Gadyrly okyjylar, eger agyrdan ýazan bolsam, käleriniň göwnüne degen bolsam,ony meniň jahllygymdan biliň we bagyşlaň. Bu ýazanlam meň ruhy halatymyň meni joşdurýan wagtlary. Allajanym hemmämizi öz penasynda aman saklasyn!
ALLAHUME SALLI ALA SEYIDINA MUHAMMEDIN VE ALA ALI SEYIDINA MUHAMMED BI ADEDIN KULLI DAYIN VE DEYIN VE BARIK VE SELLIM ALEHI KESIREN KESIRA.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Name üçin "Ruhallah" Isa

Name üçin "Ruhallah" Isa Mesih? RuhAllah bolanda näme bolýar? Allahyň Ruhymy?

Ruhullah

Kelimetullah, Allahü Tagallany kelimesi-sözi diýmekdir. Kelime, bärde ruh manysyndadyr, birem hikmetli bir söz manysyndadyr. İsa aleyhisselam üçin ulanylan Ruhullah ýada Kelimetullah, Allah’yň ruhundan üfläp kakasyz dünýä getireni manysyndadyr. Birem Allah’yň hikmetli sözlerini aýdan, düşündüren manysyndadyr.

Hawa Isa Mesihe Kellamallah

Hawa Isa Mesihe Kellamallah we Ruhallah diyilen, bashga hich kime aydylmandyr?
Sening pikirinche dine kakasyz dunya inendigi uchin adylanmy? Yada hakykatdan Hudayng Ruhy bolandygy uchinmi? Onda KellamAllah diyende name bolyar, Hudayng Sozi diymek bolmayarmy? Injilde Soz jan-ten bolup aramyzda yashady diyyar. Muny nahili dushundiryarsing!

Remezan ayynyz mubarek

Remezan ayynyz mubarek bolsun musulman doganlar! Orazalarynyz, beren sadakalarynyz we yagshy amallarynyz kabul bolsun! Allah sizden razy bolsun!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yazmadan geçip bolmaz

Ramazan ayynyz mübarek bolsun hormatly musulman agzalarymyz!
Orazalarynyz, beren sadakalarynyz we yagshy amallarynyz kabul bolsun!
Allah sizden razy bolsun!
hatyja agzamyzyn aydanlaryna goşulyan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Menem yetip gelen Oraza

Menem yetip gelen Oraza ayynyz bilen gutlayan!
Tutyan orazalarynyz, beryan sadakadyr agyz acharlarynyz kabul bolsun.

P.S. Istanbulda birhili yurek gysgynchlay Remezan. Ya kop tanysh bilishin yoklugyndanmyka ?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Aydanin gelsin :)"

bayram diyjek boldyng oytyan haa:):)

Mergen wrote:

Menem yetip gelen Oraza ayynyz bilen gutlayan!

bu name diydigingay gutaryp gelyasa eyyam ol ayy:)
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

Gutaryp gelmeginden 21 gun

Gutaryp gelmeginden 21 gun on yazylsa "yany geldigi" bolyada :)

wah men demirpangkelleda:)

wah men demirpangkelleda:) unsuz yazypdyryn:) sorry

GADYR GIJÄŇIZ MÜBÄREK BOLSUN!

Bu mübärek aýda, ähli musulman bendeleriň tutan rozalarynyň, eden doga-dilegleriniň, ybadatlarynyň, beren zekatdyr-sadakalarynyň, ýagşy niýetleriniň, isleg-arzuwlarynyň Alla huzurynda kabul bolmagyny, bu mübärek GADYR GIJESINDE Beýik Biribardan dileg edýän!
Alla sadyk gullarynyň kalbyna elmydama bu mukaddes Gadyr gijesindäki ýaly nur we iman ýagdyrsyn!

Gadyr gijan hachandygy belli

Gadyr gijan hachandygy belli dal, son 10 gunin tak gunlerinin her haysysam bolup biler diyyalera :)

Gutlaglaryn uchin sagbol, Allajan hemmamizin tutan orazalarymyzy yetmezchilikleri bolsa olary ortup kabul etsin enshalla, eden hayir dileglerinizem kabul bolsun!

Ol-a dogry welin, onda-da

Ol-a dogry welin, onda-da ýazylyp-aýdylanlara görä ynanýar ynsan köp ýerde. Aslynda ynsanlar ömrüniň ähli günlerini – gijelerini edil Gadyr Gijesindäki ýaly - Alla günälerini bagyşlamagyny ýalbaryp, Onuň gazabyna duçar etmezligi üçin doga-dileg edip, Allanyň gullaryna beren ähli nygmatlary üçin şükür edip, biri-birlerine gaty söz aýtman diňe süýji sözleri, dileg-arzuwlary aýdyp geçirse kim bilýär ýaşaýyş düýbünden başgaça bolardy......... Nadan ynsanlar Allany diňe kyn günlerinde we belli-belli günlerde ýatlamaga çalyşýarlar, Onuň her gün we her dem ýanlarynda boldygyny bilseler-de?!

"her gijani gadyr bil, her

"her gijani gadyr bil, her gorenini hydyr bil"...
Allajan hemmanizin bayramlarynyzy mubarek, tutan orazalarynyzy, eden ybadatlarynyzy, dileglerinizi kabul eylesin! Amin
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

Bayramynyz mubarek bolsun

Bayramynyz mubarek bolsun adamlar, Allajan tutan orazalarynyzy,
okan tarava namazlarynyzy we beyleki ybadatlarynyzyn hemmesini kabul etsin enshalla!

byl ayam gelip gecip barya

byl ayam gelip gecip barya oytyan...
gutlayan barynam.