Toýa edýän, ýöne çagyramok :)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Indi Mergen men aýtmazdan öň aýdansoň, bärde umuman bir-iki sany bildirişi makul bildim.

1. Nesip bolsa, şu Iýulda öýlenmekçi. Ahyr sallahlyga hem "hoş" diýjegow menä :) Özümem birhili duýýan şu ýagdaýy, ýöne bu ätmeli ädim.
2. Tmolympiad karýeramyň soňy ýetdi öýdýän.

Birinji barada. Toý nesip bolsa iki tapgyrda, Änewde gyz toý, obada oglan toý bolmaly. Ýöne men bu bildiriş bilen bütin tmolympiady çagyrsam seredip bilmerin. Şoň üçin, aladasyny edip, seredip biljek adamlarymy we adam sanyny email bilen (!!!) çagyrmakçy.

Ikinji barada. Men soňky bir ýyl gaty işli bolup kän ýazamokdym, diňe girip, okap, 1-2 ýazgy goýýadym. Indi wagtym hasam az boljaga meňzeýä. Girip okaryn wagt bolanda, sizem nesip bolsa, dowam ediň.

Gutlaglary telpek görnüşinde kabul edýärin. PayPal bilenem kabul edýärin :D

Telpekler (14 kisiden 28 sany)

Bu yazgi ucin

  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Bah! Sallahlygyn sony geldi diysene :)"
  • tuana 5 telpek goyyar we yazyar: "Gutlayan :) bagtly bolun."
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "bagtly bolun!"
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Köp köp hoz iy :-)"
  • akgül 5 telpek goyyar we yazyar: "1nji telpekler menden :)"
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Gutlayan! Gosha garran!"
  • Zohre 5 telpek goyyar we yazyar: "Bagtly bolun!!!! "
  • Feya 1 telpek goyyar we yazyar: "Bagtly bolun!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Gutlayan Bayram, Hudayjandan dilegim sizing tutjak durmush yolunyza birlik, chydamlylyk, chyn soygi we rowachlyk bersin!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gutlayan :) bagtly bolun!"
  • Belle 3 telpek goyyar we yazyar: "ogo :D bagtly bolung!!!!"
  • Bayram-Jm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Shunyma gysganman, ýüregim bilen berýän.:)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bayram aga, ahyr ayagy

Bayram aga, ahyr ayagy dandilar diysene :) Toyun gutly bolsun! Bagtly mashgala bolun! Kopelip kanelip ile garysyp gidin! Toyuny gorup bilmesegem esidip begenyas. Barik girmesenem toyun suratlaryny goyarsinda :)

Şu suratly meselesini

Şu suratly meselesini bilemok ýöne :)
Sebäbi diňe maňa bagly däl, gelneje hem bagly. Onsoňam ol aşa şahsy işlerim, ony goýmazlygym gaty ahmal.

Amerikanlaram eýýämden sorap halys etdiler. Olara hatda häzirden gelniň suradyny görkez diýip alyp ýatyrlarow. "Suraty mende ýok" diýsemem ynananoklara :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ayratyn Turkmenistanda-da

Ayratyn Turkmenistanda-da gutlarys nesip bolsa, barde-de gutlaly !
Allajan mashgalanyzy berk etsin, chaga-chugalarynyz kop bolsun(kop sozunin
kesgitlemesi 2 daldir, in azyndan 4 sany dagydyr :D), chagalarynyz sagdyn,
kemchiliksiz dogsun enshalla ! Omrun sonuna golaylanynyzda, keyvany bilen chay
bashynda hummildeship oturyp, yash dovrunizi yatlanynyzda "Nahili ajayip yillardy" diydiryan durmush yashan enshalla! Kynchylykly gunleriniz hokman bolar, olar bolmasa
govy gunlerin gadry hem bolmaz, we sheyle gara gunler gelende, mashgala bolup,
hemmaniz bile olaryn hotdesinden gelip bilin enshalla. Her bir kynchylyk mashgalanyzy
has hem berk, aranyzdaky soygi-hormaty has hem guychlendirip gechip gitsin.

P.S. Anewli garyndashlaryn tapyp berdimay gyzy ? :D Hol, yaslarynda shapka geyip aylanan mashgalan ?
P.P.S. Telpek namane geregay ? :D Ya bir gun olary pula owurmek niyetin barmy ? :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Eý gowy arzuwlar, ýaman romantiki ýazgy. Menem şeýle bolaýyn :D"

Telpegem, PayPal'am degişip

Telpegem, PayPal'am degişip aýdýanla.

Arzuwyň gaty gowy bolupdyr. Seň arzuwyňa seredip, men özümiň romantik däldigimi duýýan :D
Gyzam tapyldy, toýam.
:)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 5 telpek goyyar we yazyar: "Bagt hem tapdyrsyn enshalla !"

Nesip bolsa chagan bolanda

Nesip bolsa chagan bolanda guk diy, her chagana menden 100 telpek :)
Birem oyunjak mashyn, ya-da tah-tah tupen :D

Bagtyn bolsun,gelen genin

Bagtyn bolsun,gelen genin ayagy düşsün.Sag-aman saglyk bilen bile garramak nesip etsin.wi yogsada ullakan salam.menem girjek ekenim:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Bizdenem 1000'lap omyn !"

Başga-da toý edýänler

Başga-da toý edýänler bar öýdýän tmolympiad'dan. Eger bar bolup bilmeýän bolsam, menem gutlaýan. Bagtly bolalyň hemmämiz :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram aga gutlayan toyungy

Bayram aga gutlayan toyungy , bagtly jubut boldung , teleshke teleshke gyzyngyz bolsun , telesheke oglungyz bolsun , enshallah , dunyade ing bagtly adam bolung ! gelnejem baggtly gyz ekeni siz yanak gowy oglana baryanlygy uchun , enshallah hem gelnejem hem perishde yanak gowudyr
BAGTLY BOLUNG !

Eý meni beýle öwmäň

Eý meni beýle öwmäň :)
Men hijem gowy oglan däl, gelnejeňe aýtdym, ynananok öýdýän :D

Göreli, indi gowy boljak bolup ýörün. Sag bol dilegleriň üçin.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gutlayan "

gaty shahsy sorag welin yone

gaty shahsy sorag welin yone sheyle gyzyklanma girdim bir hili , gaty gormesengiz sorayyn , GYz marylymy yada ahalymy?

Ahally, muny aýdyp biljek.

Ahally, muny aýdyp biljek. Hä näme tapawut edýär? Türkmenistanly bolsa bolýar :)

PS Seň kakaň bilenem gürrüň etdim simpoziumda. Aýtmadymy "bir sany däli oglan bar ekeni, "Türkmenistana baryp düzeltjek" diýýä" diýip? :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yok yok men beydiyjek

yok yok men beydiyjek bolmandym , hemme yering gowusy bar yone gyzyklanyp soradym :D gowy gowy howala turkmenistanly bolsa bolyala esasy shol!
kakam hemme oglanlar maladis diyip geldi:D yaman halapdyr:D hemmesini :D

Bayram gyzy soyyan bolsang

Bayram gyzy soyyan bolsang we çyn soýgide maşgala gurmakçy bolsaň onda saňa çyn söýgiň nämedigini aýdaýyn! Hudaýyň söýgi barada definition-y:
"Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir, adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatalanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Sylap akga sag bol

Sylap akga sag bol arzuwlaryň üçin!

Allanyň defintion'yna we söýgüsine deň geljek zat. Hemmämize nesip etsin
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

gownüme bolmasa sonky

gownüme bolmasa sonky wagtlar hemme kişi gamgyn..
Bayram aga! Aramyzda senin yali begenenlerem kop bolsun!!!
Hudayjan sizi in abrayly maşgalalaryn hataryna goşsun, hemme zat öz arzuwlanyn yali bolsun!!
Tuweleme öylenyan!! Galanja ahli zat öz elinde..goç goç ogullaryn bolsun.. Her birem Turkmenistany ösdurmage gaty uly goşantlar goşsun özün yali..
Bizden has has akylly bolsunlar!!!
Gelnejemizem oy-ojagyna berk bolsun, ody bilen girip küli bilen çyksyn!!

bagtly bolyng:)

bagtly bolyng:)

Bagtly bol Bayram ,gowy

Bagtly bol Bayram ,gowy arzuwlar edilipdir menki derkaram dal,

Gelni öye alyp geleninde düşegi depip goyberyandir men yaly ank tank bolup durmada cool yigit bolda arkayyn duruber gelnejelen alyp çykyandyr:)

Quote: Gelni öye alyp

Quote:

Gelni öye alyp geleninde düşegi depip goyberyandir

Häää ??? O na beydyar ? Mena birinji gezek eshidyan beyle däbi :)
Nadip "koshesher" yaly etmeli onson ? Ya yaglyk dagy yapyp,
satyn almalymy oglan tarapynyn gelnejeleri ? :D
Birinji gunden depishdik bashlasa, ol dushegin son gorjek
gunleri idila menzanokhow :D

Bayram!!! Menem gija galanam

Bayram!!!
Menem gija galanam bolsam toyyny gutlap galayin. Men sen bn yakyndan tanyshlygym yok yone dine shu yerde tanyshdym ve men shu yerde tanyshan agzalarym bn yuzbe yuz gorushmesemde edil yakindan tanysh yaly hasap edyan.Allajan nesip edipdir bagt, ine ha diyman in gysga vagtyn ichinde oyli-ishikli mashgala bolarsyn dunyan duybunden uytgar hem gowy gunler hem kyn gunler onunnizde garashyar. Her haysy gunlerdede Allajanyn ozu hayir gapylaryny achsyn ve dogry yoli gorkezsin ondon son omruni bile gechirmek maksady bilen saylan yanyoldashyn hemishe komeginde bolsun.Ikinizide uzyn omur miyesser etsin saglykly ve akylly ogul-gyzlar nesip etsin.Enen-atan saylan gelnine guwansyn, gelen gelin gelen yerine bagt getirsin, bizlerede toyunde elek bilen suw dashamak yetirsin.

Bagshylardan bolsa Yareyjan diyen aydymy isleyas....

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gutlaýarys!

Bereketli toý saçagynyň başynda
Ir baharyň bägüli deý açylyň!
Siziň bagtyňyzyň hatyrasyna
Menem öz arzuwlarmy eçileýin.

Mydam wepaly boluň biri-biriňe,
Gara gözler gahar bilen bakmasyn!
Goý, bagtdan ýaşarsa, ýaşarsyn gözler
Ýöne hiç wagt gamly gözýaş çykmasyn!

Kän suwarylmasyn, kän ownalmasyn,
Gudalar öýkäni kän öwrenmesin,
Iň soňky arzuwym boş üwrelmesin
Ak törde gurulan ak sallançaklar!

Alladan bagt, altyndan tagt, ählisinem nagt bermesini dileýän!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bayram! Toyini eshdip oran

Bayram! Toyini eshdip oran begendik! Iki yurek, iki durmush sepleshyar, has jogapkarli mashgala durmushy bashlanyar... ilkibada gorkunjyragam gorunyandir, yone men in gowy gunlerin dine oz guran mashgalanda bolyanyna ynanyan! Durmushyny edil kerpich örüp, öý guran ýaly gurarsyn! men sana shol jogapkarli "gurlushukda" berk fundamentli, ahli "yer yranmalaryna" chydap biljek gala dek mashgalany gurmagy arzuw edyan! Arzuwlarynyz-maksatlarynyz bir bolsun, chagalarynyza guwanyp, shatlanyp yashamak miyesser etsin!

Maslahatly biçilen don

Maslahatly biçilen don gysga bolmaz diýen nakylyň özi ýarym türkçemiş.
Baýram, ilki bilen ulular maslahat bererler, şondan çykma, ýogsam telpeklerden peýda bolmaz. :(

yokarda infonda yazanlaryna

yokarda infonda yazanlaryna gözüm düşdi,
Gyzyklanýan zatlaryňyz
Filosofiya, gurjak oynamak we oyjuk-oyjuk oynamak

Hakyky öyjük-öyjük oynunyzda bagt dileyan, uruşmanjyk-sögüşmanjik oynan)), bagtly bolun!

ps: mana çakylyk maili atmay, men baryp biljek dal))

Bayramjan Tüweleme! Ahyr

Bayramjan Tüweleme! Ahyr arzuw maksat myradyna yettin öytyan :)
Name ilki bilena "OŇ BOLSUN!!!"
Galanam, esasy zat birek-birege düşünşip yaşamak..
Hasam "SABYR", özam gerekli yerinde bolanyndan bolsun..

Bagytly bolun !!!
Janynyz sag görjeginizem gowuluk bolsun..

ps:Toyuna'da çagyrsan TM'da bolsak bararys,Nesip bolsa, yöne gelinalyja bararys, agşama gelnejen rugsat bermaymese :))

Bayram gutlayan. her iki

Bayram
gutlayan. her iki alemde bagtly bolun en$alla.
durmu$ yolunda arzuwlarinizin hasyl bolmagyny dilemek bn

Gutlaýan atdash!

Salam atdash! Bagtly boluñ. Gosha garrañ. Geljekde agtyk-çowluklaryñyza guwanyp ýashañ.

Munyda geljekde peýda eder diýip goýaýyn:

www.talyplar.com/5521-ayaly--yzy-bagtly-edi---olam-sizi-bagtly-eder.html

bagtly bol Baýram!!

Bagtly bolun!

__________________

put on a happy face

Bagtly bol Bayram.

Bagtly bol Bayram.

MYHMANÇYLYKDA AÝDYLAN TOST

Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,

Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.

Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen,

Bereketli gelsin tylla güýzüňiz.




Törüňizde hemişelik guralan

Ýumşak sallançagyň ýatmasyn bady.

Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,

Sönmesin ojakda ojaryň ody.




Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup,

Tüýnügňizden gelin bolup Aý baksyn

Ýaman niýet bilen işikden giren —

Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn.




**********************************
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Duluňyzdan gelin baksyn

Duluňyzdan gelin baksyn Aýy bolup,
Tüýnügňizden gelin bolup Aýy baksyn
Ýaman niýet bilen işikden giren —
Ýagşy niýet bilen tüýnükden çyksyn.

Internede telefondan

Internede telefondan giremson uzyn gutlag yazyp bilmeyandigime gynanyan yöne gutlanlara gosulyan awgusta cenli opusga:-! Obada boljak mailini okaba bilmerin welin ondam mundan sorap aydymyn sesine tarap barybermeli bolar da :-) ha ha gawy gutlag sonda esidersiniz by the way meninem wezipe yer uytgedi türkmenabat ttm de dowam etmeli ----------------------------------------------------
Başja iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!i

salam baýram. pikir

salam baýram.
pikir edýärin gyzy özüň saýlansyň diýip.
we ýene-de pikir edýärin saýlawyň dogrudyr diýip.
we ýene-de pikir edýärin ol seniň pikirdeşiňdir diýip.
we dileg edýärin bagtyňyz bolsun diýip.
Ämin.

maryda we anewde boljak iki tapgyr toýuň hiçisine çagyrman bilersiň, ýöne biz şol gün üçünji tapgyrda - wirtual ýol bilen oturan ýerimizde özümizçe seniň toýuňy gutlarys. sen aýy-günini aýt. bize şol ýeter.

aA

Agam nesip bolsa 10 Iýulda

Agam nesip bolsa 10 Iýulda Mary welaýatyň, Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy Üzümçilik daýhan birleşiginde boljak toý.
Ýöne 8-10 haýsy wagt hem gelseňiz myhman alarys!

Men bärde hemmeleri çagyrmazlygymyň sebäbi, hakykada seretseň, men hemmeleri tanamogam. Tanaýan agzalarym elbetde çagyrylan :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bagtli bolun dostum! Allah

Bagtli bolun dostum! Allah hayirli etsin enşallah!

Bagly bol Bayram !!!

BraDuke

tuys yürekden gutlayan ;)

Dostlar! Men sag-aman

Dostlar!
Men sag-aman Turkmenistana geldim, Ashgabatda we bu agsham oye ugramakchy. MTC telefon aldym, nomeri
67661627

BAyram
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

gidyaninizden

gidyaninizden habarymam bolmandyr.. Sag-aman baryn.. Toyam sag-amanja sowun, showhunlyja zatlyja, aljyrayanyzmy?:D Ay gayrat edin!!

toyun gutly bolsun bayram

toyun gutly bolsun bayram aga.bagtly durmush arzuw edyarin.
we mtc nomerinem gutly bolsun:)

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Bayram aga, onuna bashlasyn

Bayram aga, onuna bashlasyn toyunyz!

Bagtly bolun!

Oho tüweleme... Bir döwür

Oho tüweleme...
Bir döwür “durmuşda nähili maksadyň bar?” diýenimde: «Посадить дерево, построить дом и воспитать сына» diýipdiň.
Birinjisi durmuşa geçdi, ikinjini indi gurup başladyň kerpiçleriň berk gurmagyny dileýäs, üçinji hem hasyl bolup bagtly ýoldaş, ata, baba bolmagyňy arzuw edýän!!

mena 10 telpek berjekdim,

mena 10 telpek berjekdim, emma ne poluchilos'!!!!
Bagtly bolun!!!
Toyuna chagyran bolsana kusht depjekdim, emma....

Men toya baryp bilmedim (sho

Men toya baryp bilmedim (sho wagt kabir ishlerim bardy)
Yone Bayram bilen gelinejanı aeroprtda gordum...
Bayram bilen gurrun etdik,nastoyeniyasy diysen gowydy ;)

Zyndana atmak yaly

Zyndana atmak yaly planlaryny aytmadyk bolsa, diymek govydyrlay :)

Men 1 jan etdim welin, toydadymy namemi, gurlesip bolmady, son ol jan edende-de meni 1 yere chagyrypdylar, jogap berip bilmedim, sonam galdy...Ziyani yok, gelneje bilen bagtly bolsalar bolyala :)

Wiý şol toýda jaň eden

Wiý şol toýda jaň eden senmidiň ýogsa-da?

Şu tomus 2 klasdaşym toý etdi, senem toýuň ortasynda jaň edäýipsiň öýdýän. Zyýany ýok.

Hawa, menä öýlendim welin, Amerikada ýaşamak azap ekeni diýdirjek ýaly. Alýan pulym az däl ýaly welin, 2 adam bolsaň, zat galmaýan ekeni. Diňe bir gelnimiň health insurance'y üçin aýda 210$ töweregi tölemeli, galan zatlara sanajagam däl...

Aý bolýa, bähbit bolsun. Problemalar diňe pul bilen çözülýän bolsalar, uly gynanara zat ýok.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Pulam chykmasyna chykyandyr

Pulam chykmasyna chykyandyr welin, oyune gelende nobatchy gunlerin nahar bishirmeli, nobatchy dal gunlerin nahar bishirmani onarmayan oglanlaryn birhilirak naharlaryny iymeli bolmayanyn nama degenogay :D Keyvany bilen ishden son ayagyny uzadyp, chay bashynda humur-humur edip oturanda 210$'yn yadyna dushyan daldirle :P
Bize-de yetirsin seydipjik yashamak :))

Baýram toýdan bir gün

Baýram toýdan bir gün geçen soň habarym boldy.
Ýogsam şol wagtlarda sandykaçyda biziň hem aňarylar toý etdi.
Başga toýlaryňy görmek nesip etsin.
Bagtly boluň.
Gelen gelniň aýagy düşsün.
Baran ýurtlaryňyzda abyraý bilen geziň.

gutlag..

Bayram toyun gutly bolsun! “Gutlaglary telpek görnüşinde kabul edýärin” diyip degisip aydypsyn, bolsa-da bizdenem telpek! Agzybirje we bagtly mashgala bolmak nesip etsin! Gowy arzuwlar edilipdir, sholara hem goshulyan !