Durmushyng yolary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam myhmanlar
Adamda sheyle bir duygy bolyamyka diyyan ,shatlyk , gamgynlyk , yurek gysma , her bir zat ich gysma , hich zat gyzyklandyranok, ozumde sheyle yagday boldy , bir hili okuwa howesim gachyp hich okasym gelman , okuwa gidesim gelman bashladym , bir hili bir ay yanak sheyle kosenipdim , ozume sorag beryardim name uchin sheyle bolyakam diyip , songam bir hili birden achyldym , yone sheyle bir kosendim , bir hili duygy ichim gaplady yaman erbet , yone shonda okuw ozume zor salyp gidip gelip , shonda adamlara yylgyryp bakyadym , okayadym yone ozumde hem ichimde shol duygy bardy , kyn dushyadi hich okuwa howesim bolman yaman kosendim , yone hudaya shukur geshdi , yoone ozum sheyle bir song pikir etdim name uchin shol duygy mende bolup geshdika diyyan , sebapleri bardyr , belki ozum bilyan daldirin bilmedim , yone shu tayyk ilki gelemde sheyle tuweleme achykdym , kop gyzlar bilen degship gulushyadim , kop geplardim , yone wagt geshdi , hachanda yuwash yuwash birden gepleman bashladym , umsum bolupdyryn , hich geplap bilemok , dinge seredip otyryan , bir hili yaman yuwashan yalak boldum , bir hili yaman utanjang bolupdyryn , ozum otyryp geng goryan oz hasiyetime bilmedim nadip bolanyma hem hayran boldum ,
sizde sheyle durmushyngda ozungize hayran galan yeringiz boldumy?hasiyetingizing uytgan yeri boldumy?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy tema, durmuşdan bir bölek."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Beýle ýagdaý islendik

Beýle ýagdaý islendik adamda bolup bilýär we bolýar. Aýratynam aýal maşgalalarda köpräk bolýar. Onuň sebäbi meniň pikirimçe dürli-dürli, ýöne köplenç fizionimiýa bilenem bagly. Sebäbi, geçiş döwürlerinde adamyň bedenindäki gormonlaryň hereketi we ş.m. sebäpler adama diňe fiziki taýdan däl, ruhy taýdanam täsir edýär.
Witaminli zatlar köpräk iýseň, keýpiňe täsir edýär. Birem kompuň başynda azrak oturmaly, başarsaň.

:)

Fizionomiya?! :) Ha-ha-ha Fiziologiya diyjek boldun oytyan?
Hawa, sheyle yagday hemme kishide bolyar, ony psihologiya tarapdan dushundurip bolyar: adamlarda emosiyalaryn durli gornushleri, yagny negatiw, pozitiw hem-de normal. Normal (emosiyalar durnukly) 50-60% toweregi tutyar, pozitiw (shatlyk) 30% tutyar, galan 10-15% - negatiw emosiyalar (gamgynlyk, keypsizlik). Psihologlar negatiw emosiyalary gizlap bolar, yone olar ahyrynda toplanyp yarylyp chykar diyyarler, shonun uchin arasynda keypsiz bolmak, aglap ichini dokmek adaty bir zat.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Saňa bir oglan telpek. L ýerine n ýazypdyryn."

Her kimde birhili

%-leriň bilen ylalaşamok. Käbir adamda şatlyk emosiýasy azrak bolup, gamgynlyk emosiýasy köpräk bolýar.
Seňki eger ýokarky ýaly bolsa gowy ekeni.
Eger adam işli bolsa, onda gaýgylanmaga eli degmeýär hem diýýärler.
Inetiň öňünde oturan adamlaryň boş wagtynyň bardygy görnüp dur. Bärik azrak girýän ýaly görünýän agzalaram, daşyndan jyklaşyp, ep-esli wagt sarp edýärler. -:)

Dogry, adamlaryn

Dogry, adamlaryn temperamentine-de bagly ol prosentler, men ortacha % gorkezdim. Melanholiklerde 50/50 hem bolyar!
Tmolympiada, chynymy aytsam, bos wagtym bolany uchin dal-de, barde mana gyzykly bolany uchin gelyan. Taze-taze garayishlari, pikirleri okamak oran gyzykly! Tmolympiad forever!! :)

Selbishka o diyyanin stress

Selbishka o diyyanin stress bolaymasin?! Eger sheyle bolsa bu adaty zat, esasanam talyp bolsan. Sebapleri:
1. Etmeli ishlerini etmage yaltanip "son ederin" diyip gijikdirmek. Sheyle yagdayda menki ha in sonki gune galyar :) Yone shol in sonki gune chenli ne etjek ishini edip bolyar ne de bashga zat. Bu da strese sokyar(Procrastination)
2. Yokarda aydilisi yali adamlardan uzakda bolmak. Kop wagtini kompyn basynda gecirmek (Surf etmek, kino gormek, ...). Sheyle yagdayda adam ozuni dasardakilardan uzak duyya we tanislarini gorse de kan gepleshesi gelenok. Bu koplench gunbatar dowletlerinde dush gelyar.
3. Ruhy chokgunlik - Ozuni boshlukda duymak we name etjegini bilmezlik
4. Eden ishlerinin showsuz bolmagy. Sheyle yagdayda adamda ishe, okuwa bolan hyjuw azalyar.

Bashga da sebapleri kandir, yokardakilar men dush gelenlem.
Kawagt monoton durmushdan chikip uytgesik zatlar etmek gerek. Bulara mysal: Pikirdesh dostlan bilen dususyp gurrun etmek, gezelenje yada kinoteatra gitmek, wagtly wagtinda iyip ichmek, uky rejimini yola goymak we shm...
Biza 2 ayda bir girip chikyas. Kawagt gaty erbet duyyan, kawagt sapaklar bolsa screw u diyip goyberyan gecip gidya :) Koplench hereketde bolan adam ansat biderek yere strese girenok. Sporty maslahat beryan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Yusup_Ahmet 1 telpek goyyar we yazyar: "icimi okadynay - senem guycli :)"

dogry aytyang , kawagt

dogry aytyang , kawagt durmushyngy uytgedip durmaly.

1 we 2 manga gabat gelyar :( tm barsam bolyar enshallah yene uytgarle :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Boýnuňa alanyň üçin."

Goldaýan

Gaýgy-gamdan peýda azdygyna göz ýetirýäňem welin, şondada özüňe erk etmek aňsat däl.
Daş-töweregimizi mikropdyr bakteriýalar gurşap alan dünýäde ýaşaýyş üçin göreşýän bedenimize ýardam bermän, ony kynçylyklarda, goldawsyz we gam içinde goýýarys.

Ýaşalan, ýaşalýan we ýaşaljak çagalyk döwri barada oýlanma.....

belki bu ýazýanlarym ýokardaky mowzuga deň gelmän biler. başga nirä ýazjagymy bilmedim:))

Şadyýan günlerimi ýatlaýaryn her zaman,
Geçen çagalygymdan ýok mende arman!

Ynsan käwagt iş-güýç, dert-alada bilen gaty ýadan mahaly, öz ýadawlygyny gidirmek üçin bir zatlardan ýüregine teselli gözleýän ýaly. Şeýle pursatlarda käbir adamlar oturyp oý-pikire batmany ýagny , özüniň ýaşap geçenlerine nazar salmany we ony häzirki ýaşaýanlary bilen deňeşdirmäni seçýär. Çagalyk, ýetginjeklik, oglanlyk, jahyllyk – döwürleriniň ajysyny-süýjisini ýatlap, birhili ýüregi giňeýär.
“Ah......... Gamsyzja çagalyk ýyllary....”
Hany, aýdylýara.....: “Ýene bir gezek berilýän bolsa, durmuşyň haýsy döwrini ýaşamak islärdiň?” ýa-da “Ýaşayişy durduryp bolýan bolsa, nirede durdurmak islärdiň?”-diýlip:-). Wah..., eger şeýle bolýan bolsady, onda: “çagalyk ýyllarynda”-diýip, pikirlenmeden jogap bererdim:-(. Emma, şol döwür, şol ýyllar bilen birlikde...
Hiç-hili gaýgy-gamsyz, dert-aladasyz, günäsiz, sadaja şatlyk we gülkiden, mähir we söýgiden, isleg we hyjuwdan doly çagalyk ýyllary.........
Nähili ynsany özüne çekiji döwür... Bu giň dünýäň müňläp hysyrdylaryndan biperwaý, kiçijik, dury we tämiz aklyna sadaja şady-horramlygy we gelejege bolan süýjiden-süýji arzuwdyr umytlary sygdyryp ýaşalýan çagalyk....
Ah..., “Giňdir dünýä-geňdir dünýä” – diýleni. Sen çagakaň nirden biljek diýsene..., dünýäň şeýle giň we geňdigini?! Ol wagtlar sabrsyzlyk bilen, dünýä azajyk hem bolsa tizräk göz ýetirjek bolup, ony ýazgylardan, kitaplardan gözleýän ýaly çyr-çitik bolup okamaga, öwrenmäge çalyşýarsyň. Emma, ony ýuwaş-ýuwaş ýaşaýşyň, durmuşyň özüniň göz ýetirtjegine düşünmeseň näme!?
Çagalyk döwri her bir ynsanyň durmuşynda bir hili ýaşalýar, ýöne şonda-da ol döwür, ynsanlaryň ýaşaýşynda ajysy-süýjisi bilen iň ýatdan çykmajak pursatlaryny yz galdyrýar.
Köplenç oturyp pikir edýäň: “Häzirki döwrüň çagalary nähili çagalyk ýaşaýarlar? Olaryň ýüzlerinde näme üçin birwagtyň çagalaryndaky ýaly şadyýanlyga, umyt doly ýylgyryşlara az duş gelinýar!? Näme üçin çagalaryň hemmesi ynsan durmuşynda ýekeje gezek berilýän çagalyk döwrüni ine-gana ýaşap bilenoklar!?
Belki-de bu – ýaşaýşyň akymyna görä, döwürleriň üýtgeýşine baglydyr.....
Öňler enem öz çagalyk döwürlerini gürrüň berende, biz ony ýaşalan däl-de, edil erteki ýaly edip diňleýärdik we her diňlänimde-de gözlerime ýaş dolýar, içimden: “Nähili kyn we ýürek gyýyjy çagalyk ýyllary bolan”-diýýärin.
Emma, häzir, käwägt ýegenlerimize çagalykda ýaşanlarymyzy aýdyp berýäs welin, indi olar üçin ol edil erteki ýaly bolup gelýär gulaklaryna:-)).
Aý,,,, garaz her döwürem, bir döwür bolup ýaşalýar ekeni.... Bizden öňkileriň ýaşanlaryny – biz, biziň ýaşanlarymyzy – geljek neslimiz görmeýär. Nähili döwür bolsa-da, her bir çaganyň çagalyk ýyllarynyň edil özleri ýaly päk we şadyýan ýaşalmagyny dileýän we oňa gerek bolan mümkinçilikler döredilmegini nygtaýan!!!
Näme-de bolsa men-hä şeýle ajaýyp pursady ähli gözelligi bilen ýaşanlygym üçin, özümi gaty bagtly saýýan:-)).

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Agladyanskiy"
  • Bayram-Jm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Çagalyk barada

Ýene bir gezek berilýän bolsa, durmuşyň haýsy döwrini ýaşamak islärdiň?”
Şuňa hemmeler çagalyk ýyllary diýmese gerek. Çagalygy uruş içinde, açlykda, kynçylykda, keselçilikde geçen adamlaram ýok däl.