Pähimiň hem paýhasyň poeziýasy

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Pähimiň hem paýhasyň poeziýasy.

Bu tema “Goşgulary söýýänleriň burçy” -8nji bölüm hem bolup biler. ""

Her soňky açanymyz uzap gidensoň (100 towerek ya ondan kop postdan dolup açylmasy uzaga çekse) adaty ýaly täzesi açylýar.

Aýlanyp dolanyp ýene gelip goşgy goymaga gunuşayyan menem :) ozem Magtymgulydan başlap :) Soňky wagtlar okalan materiallardan halan setirlerimi bölek bölek yazyp alyp iň soň üýşirip başladym. Okap bölüşesim gelýär-de jany sag bolsun tmolympiad’y iň gowy ýer hasap edip şu yere gelýän.

Ilki sözi Magtymgulydan açyp yzyny hem her kim islan şahyrdyr goşgusyny wasp etmek bilen dowam edibereliň
Kerim Gurbannepesowyň hem şahyrlar, döredijilik sungat ussatlary hakynda yazgylary bolan oz edebi makalalar ýygyndysyny tapdym. Şolaryň içinde Gurbannazar Ezizowyň ölümi syrasynda ýazan gussa gatyşyklyda bolsa, ýaş şahyra bagyşlanan ýatlamasy bar. Meňä okap gözüm ýaşardy. Ony hem yz ýanyndan şu ýerde goýjak.

Magtymguly hakynda kop ýazyldy, goşgularam şu saytda köp goýuldy. Şonda-da onun döredijiliginde haýsy-da bolsa bir temany saýlap yşkyň şoňa düşen wagty ýene-de okap özüň üçin täze täze açyşlar edýäň. Şu gezekde meni haýran galdyran ýeri, şahyr halkynyň, döwürdeşleriniň ahlagynyň paklige tarap kämilleşmegine şeýle höwes edenligi, pany dünýä söýginiň nirelere eltip bilýänligini setirlerinde gönümel beýan etmek başarnygy. Häzirem biraz şondan söz açjak. olaryň içinde köp zatlary bilýän bolsakda olary gaýtalap ýatlamagymyzdan zyýany bolman diňe peýdasy deger diýen pikirde.

Bize ýadygärlik hökmünde nesihatlaryny goýup gitmek arzuwyny nygtap geçýän bu setirlerinden başlap:

Magtymguly sözle herne bileniň,
Özüňe kemlik bil, aýtman öleniň,
Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň
Senden soňkulara ýadygär bolar. –
- şahyryň maňza batýan öwüt nesihatly dürdäne sözlerini ýene bir gezek okalyň öwreneliň we hakykata beslaliň!

Magtymguly özüniň “Myradym nesihat etmekdir halka” diýen prinsipine görä ahlak-moral gatnaşyklarynyň manyly ömre gulluk etmekleri üçin aladalanan şahyr. Döwürdeşleriniň päliniň-niýetiniň hakyky adamkärçilik normalaryna laýyk gelmegi ugrunda göreşen şahyr. Onun çeper sözi-de şol uly durmuş tejribesinden we hakykata esaslanyp syzylyp çykan sözleridir..

Käşkä adam bu dünýäge gelmese,
Gelenden soň, ömür sürse, ölmese,
Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr.

Onuň döwründe sözüne gulak gabardýan ýek tük bolupdyr. Onsoň jany ýanmaz ýalymy...

Sözüm nesihatdyr bir gulak salyň,
Bendesi men. söze hyrydar guluň.

Şonuň üçin jemgyýetçilik durmuşynda gören kemçilikleriň garşysyna goreşmek islegi şahyryň poeziyasynda ahlaklyga çagyrmagy söweşjeň ahende bolup “ Her sözüm bir dürdür gadryn bilene” diýmek derejesindäki gönümel beýan etmek bilen utgaşypdyr.

Nep almaýan kişi sözden öwütden,
Enaýlygy bolmaz gury söwütden.
Deň-duş bilmez, many aňmaz ýigitden
Agylynda yssy beren it yagşy.

Sözümiň ahyrynda bolsa-da agzalmaly esasy temasy, Magtymguly adamlary bu ömrüň manysyna düşunip we ahyryýetiň aladasyny etmelidigine çagyrypdyr. Şolar yaly nesihatly ussat bir goşgysy, ynha

Ýüregiň gan içinde

Köňül ne iş bitirdiň, geldiň, jahan içinde,
Galdyň dünýä gamynda ýüregiň gan içinde,
Abat diýip el sunduň düýbi weýran içinde,
Ten toprakdyr, eglenmez jowheri-jan içinde,
Rustem guma garylyp, galdy ýegsan içinde.

Dünýälik diýp ýügir sen, tä içiňde dem bardyr.
Dem içiňden çykynça, başyňda müň gam bardyr,
Gam astynda ýatar sen, ne aňa melhem bardyr,
Doýmaz gözüň dolmaga bir goşawuç gum bardyr,
Bu jahanda, adamzat, senden gapyl kim bardyr,
Gurda, guşa nazar kyl, külli perman içinde.

Eý, ýaranlar, ol dünýä baran bar-da, gelen ýok,
Öli-diri halyndan habar, hatyr bilen ýok,
Çarhy-pelek elinden aglan bar-da, gülen ýok.
Akyl ediň, gardaşlar, könelerden galan ýok,
Ýalançynyň wepasy ýokdur diýsem, ýalan ýok,
Dünýäge bil baglagan galdy zyýan içinde.

Ýa, ylaha, sen sakla garakçydan ýollarda,
Sagda-solda çaparlar byrakmaýyn çöllerde.
Köňül dünýä yşkynda, haram sözler tillerde,
Men bir ajyz bende men, kemine men gullarda,
Köp günaler gazandym, az pursatly ýyllarda,
Hyjalata goýmagyl ýagşy-ýaman içinde!

Magtymguly, aldaýyr gahba dünýä bezenip,
Köňlüňni maýyl kylma aňa garşy düzenip,
Ne parahat ýatyr sen el-aýagyň uzanyp,
Ajal ýatyr keýniňde okun-ýaýyn gezenip,
Magşar güni barawer imanyňny gazanyp,
Gury geldiň, boş gitme ahyrzaman içinde!

Telpekler (8 kisiden 14 sany)

Bu yazgi ucin

  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Sen name ucin edebiyat okamadyn?! Gowy ylmy ishler yazardin... "
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "gozlap yoren setirlerimi barden tapdym...!"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "daýow diýdimahow :D"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • agayunus 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • LEBABYM 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kerim Gurbannepesow

Kerim Gurbannepesow Gurbannazar Ezizow hakynda oz edebi makalasynda

Edebiýat we durmuş
(edebi makalalar we publisistika)
“Turkmenistan” neshirýaty
Aşgabat – 1979

Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryň ýaş şahyrlarynyň başynda goýupdy. Gögümtil gözleriniň içinde asmanyň gök reňki, topragyň boz agraslygy görnüp duran bu yaş ýigit olaryň hemmesiniň mugallymydy. Biz onuň şeyledigini aňardyk, ýöne özüne gönülap aýtmazdyk. Beýle pikir ýaş ýigitde badyhowalylyk döreder öýdüp çekinerdik.

Ynha, indi boljak iş boldy. Ol şu günden beýläk biziň aramyzda ýok. Onuň päk ynsaply arassa gözlerini indi bize görme ýok: çagaňynky ýaly bigünä, ulynyňky ýaly pähimli gözler demsalymyň içinde wagtyndan ir (onda-da nähili ir!) ömürlik ýumuldy. Şol dogma zehinli ýigidiň indi bize işe, ýolda gabat gelmejegine ynanmak kyn. Hatda onuň özüni soňky ýoluna ugradyp barýarkam hem gapdalymdan barýanlaryň arasynda ol hem bar ýaly bolup duýuldy. Onun tabydynyň yzyndan ýöremeli bolaryn diýip ýatsam-tursam kellame gelmändi…
Edebiýat iline her kim bir hili gelýär. Biri tizlik bilen, birileri haýallyk bilen. Gurbannazaryň gelşi ýyldyrym yaly boldy: bir gezek gowy lowurdap çykdy-da, gözümizden ýitdi. Emma şol bir gezekde etjek işleriniň eslisini etdi: ol lowurdy uzak ýyllaryň dowamynda poeziýamyza sapak bolar.
Gurbannazaryň aňy oran çalt işleýärdi. Ýoldaşlary onuň ýanynda täze goşgularyny okap berenlerinde, ol derrew (hatda goşgy okalyp gutarmanka-da), nämäň-nämeligine örän çalt düşunerdi. Onda goşgynyň özenini duýmak ukyby bardy. Goşgy gowy bolsa, elindäki çilimini ýadyndan çykarardy. Janyňa ýaramasa – çilimini çun çun sorardy, garşy-garşy otlardy. Soňra bolsa “bolýa”, ýa-da “gowy” diýerdi. “Bolýa” diýdigi – goşgynyň bolmadygydyr : goşgyňda hiç hili täzelik ýok, öňki goşgularyň ýaly goşgy diýdigidir. Birnäçeler onuň “bolýasyna” öwgi diýip düşünerdiler, begenerdiler. Ýöne şol hem zyýan etmezdi: Gurbannazara “bolýa” diýdirmegiň özi-de kiçi zat däldi.
“Gowy” diýdigi – onun çynydyr. Yüzüne-gözüne seredişi-de üýtgeşikdir. Hereketleri-de ap-aýrydyr. Gowy goşgudan soň derrew özüniň-de goşgy okasy geler. Erbet goşgudan soň dymar. Goşgy hem okasy gelmez. “Okan goşgyňyz erbet, ynha, goşgyny şunuň ýaly ýazmaly” diyen manyda goşgy okamazdy. “Okan goşgyňyz oňat, ynha, menem birini okap bereýin” diýen manyda okardy. Bu häsiýeti onuň çuňňur edepliliginiň alamatydy.
Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlary Magtymguly, Puşkin, Lermontowdy. Şolar hakynda gürrün açsan, onuň ýüzi-gözi ýagtylybererdi. Şol üç ägirdi birikdirip, şolaryň sintezinden Türkmen poeziýasyny ösdürip bilsedik diýen manyda meniň ýanymda köp gezek ýanzydypdy. Onuň döredijilik ösüşi şol ugurdan hem gidýärdi. Bu bolsa uly geljekli ösüşiň ugrudy.
Şol ösüş gap-bilinden kesildi. Emma ol hakda entek-entek kän gürrüň ederler.
Ynha yaz geler. Ýyldyrym çakyp başlar. Çagba ýagar. Şol ýyldyrym, şol çagba hemişe Gurbannazaryň ömrüni hem-de poeziýasyny ýatladar. Ýyldyrym bilen çagbanyň ömri gysga wagtlyk bolsa-da, hemişe gaýtalanyp durmak kanuny bar.
1975 ýyl

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Hatyja sende gizli yatan döredijilik bar! Üstünde köprak işlemeli!"
  • diplomat2009 1 telpek goyyar we yazyar: "super"

“Edebiyat we durmuş”

“Edebiyat we durmuş” – Kerim Gurbannepesow

Edebiyatchylaryň sowallaryna jogaplardan

Sowal : - ilkinji goşgynyz nirede, haçan çap bolupdy?
Jogap: - ilki 1939-njy ýylda Gökdepaniň “Kolhozçy sesi” gazetinde çap edilipdi. Goşgynyň ady “Gyzyl Goşundy”. Onun aşagynda meniňki bilen birlikde yene biriniň goly bardy. Onuň taryhy şeyle: Bir dostum bardy. Ol menden 3-4 yaş uludy. Onuň habarlary raýon gazetinde ýygy-ýygydan çap edilerdi. Redaksiýanyň işgärleri bilen gowy gatnaşykdady. Bir gezek men redaksiyanyň işgarleriniň “goşgularymy çykarman göwnüme degýändikleri” barada zeýrendim hem-de bu babatda kömek bermegini soradym. Ol meniň goşgularymy okap gördi-de, olaryň birini, eger onun aşagyna onuň hem adyny ýazdyrsam, gazetde çykartmaga komek etjekdigini aýtdy. Men höwes bilen ylalaşdym. Bir hepdeden soň gazetde ýanky sekiz bentden ybarat “Gyzyl Goşun” goşgym peýda boldy. Onuň aşagynda bolsa

Atadurdy Mamaýew
Kerim Gurbannepesow

diýen iki sany at bardy. Meniň begenjimiň çägi ýokdy. Ýöne ýüregimde bir nägilelik bardy: “käşga meniň adymy ýokardan bir ýazan bolsadylar”. Her niçigem bolsa, men ol adama ömürlik minnetdar. Ol meniň uçin metbugata ilkinji ýol açan adamdy. Şundan soň goşgularym bu gazetde ýygy-ýygydan çykyp ugrady. Özem şäriksizlikde.

1965-1970ýý

Telpekler (2 kisiden 10 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 5 telpek goyyar we yazyar: "Tüweleme. Göz degmesin!"

ýagşylyga - ýamanlyk

Atadurdy kömek etdi, Kerim bolsa ony uly ile satdy.

yagshylygy bilyan adam komek edende-de oz bahbidini unudar!

yagshylyga-yagshylyk edendir Kerim aga! ona shubhelenibem oturma! belki-de ol yagdayy has achyk gorkezmek islandir we shonda "komek" we "yagshylyk" diyen sozlerin asyl manysyna dushunjek oglanyn oz adyny goyman hem edip biljegini pikir edendir.
satdy diymegin yalnysh!
Shahyr ona omurlik minnetdarlyk bildiripdir, oz dowrunde-de aydandyr ona, ondan sonam her yatlanda minnetdar diyip agzap gecen. ol ony satanok! ady hem hakyky dal bolup biler. ony satmak hasap edemok mena!

Meň pikirimçe, ol "kömek

Meň pikirimçe, ol "kömek eden" hakyky dost däl ekeni. Öz eden işi dälähow, nämä şärik bolýar?! Muňa ýagdaýdan peýdalanmak diýilýär. Biri kömek sorap barsa, oňam muzduny soradygy bolupdyr-da.

Onuň beýlekilerden tapawudy, azyndan muzdy bilenem bolsa, kömek edipdir. Şoň üçinem şahyr minnetdar. Bolmasa oň ýaly adam dünýä dolylaý...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

BU IŞI

Bende, sen bet işe batyrlyk etme,
Alnyňda goýarlar ol gün bu işi!
Nebse uýma, şeýtan raýyna gitme,
Hyjalata goýar, bilgin bu işi!

Nebsiň aýdar: "Urgun bu bir hözirdir!"
Janyň aýdar: "Haý, dur, taňry häzirdir!"
Sen görmeseň, ol-ha saňa nazardyr,
Utangyn, eýmengin, goýgyn bu işi!

Bir ýolda günä bar, bir ýolda sogap,
Arasatda senden istärler jogap.
Halala hasap biýr, harama - azap,
Şeki ýokdur, ýada salgyn bu işi!

Ömrüň geçip bargan ýazdyr bir sagat,
Ne bolar, bu ýazda eýleseň tagat,
Sogaba şatlyk bar, jurme-hyjalat,
Boýnuňa almagyn, gelgin, bu işi!

Başyň göge, göwsüň ýele göterme,
Köňlüňe gorkyny çala getirme,
Ýürekde ýok sözi tile getirme,
Yhlas gulagyna çalgyn bu işi!

Mysapyr sen, mukym işin gurar sen,
Bibaka dünýäde näçe durar sen,
Munda ne iş etseň, anda görer sen,
Ýagşydyr, ýamandyr, ol gün bu işi!

Şeýtan aýdar:"Şirin işdir, aza goý!"
Rahman aýdar:"Nebs umydyn üzegoý!"
Magtymguly:"Tur, goluňny köze goý,
Eger dözebilseň, kylgyn bu işi!"

Eger men bolsam

Birinjiden, eger men birine şeýdip kömek eden bolsam, şol kömek eden adamym hem ony uly ile ýaýradan bolsa, bu maňa ýaramazdy;

Ikinjiden, eger maňa biri şeýle kömek eden bolsa, men oňa minnetdar bolardym, bu barada hiç kimiň ýanynda aýtmazdym.

Men öz düşünjäm boýunça ýazdym. Belki seniň pikiriňçe Kerim aga kömek edeniň aýbyny ile ýaýyp dogry edendir.

Senin aydyanynda hem jan

Senin aydyanynda hem jan bar. Yone ine seret, komek etdi diyip ony aytmakda ayyp yok, yone yalnyshan bolsa ol yagday ony utandyryp biljegi hak. olam ona yaraman biler. yone her kim ozuche dushunyar.. bu bir gurrun..barde Kerim aga name uchin ol wakany gurrun berenini hijimizem bilip bilemzok..sheyledir, beyledir diysek yalnyshmagymyzam mumkin. men ol shahyra hormat goyyan!

Sen aydyan zadyn 1

Sen aydyan zadyn 1 musorlygyn yanynda 1 chilim gutusy gorup, "Bu chilim gutusy betgelshik bolup dur barde" diyyan yaly bir zat!

"Birinjiden, eger men birine şeýdip kömek eden bolsam" diyyan...Ynsabyn chatarmy sheydip "komek" etmage ? Hich hili zahmetin yok yerinden, pulyna dagy dal, abrayina shagirtli bolmaga ? Shol adamyn yerine ozuni nadip goyup bilyan ?

Kerim aga ony "satan" yaly gorunip biler, yone sen ol adamyn yalnyshyna 1000 gezek barmak bassan, 1001-njide belki "kerim aga-da satayipdirlay ol adamy" diysen, onda bizem "ha" diysek. Yone 1 ullakan ayip durka, 2-nji, onda-da 1 taraply garanda ayip sayylyp biljek kichi zada barmak basmyk, kichi-kirim gurrunler bilen uly gurrunin ashagynda galmak yaly 1 zat.

Senin aýdanyn bilenem

Senin aýdanyn bilenem ylalaşýan. Kerim aganyň ýazmagynyň belki başga sebäbi badyr, belki hem ol ýalňyşandyr. Ýöne şol ýazgyny okanymda, özüm birhili boldum. Şol sebäpli ýazaýdym, hakykatyň hatyrasyna.

Kerim agadan......

Meni ýitirersiň... Bujagaz ýitgi
Äleme ne ýeňil, ne agyr düşer.
Ýene öňkisi dek gülüp dogar Gün
Ýene öňküsi dek Aý dymyp ýaşar.

Meni ýitirersiň... Ýitenim bilen
Ne garalar, ne-de saralar jahan.
Ýene öňküsi dek şuwlar gara gyş
Ýene öňküsi dek gül açar bahar.

Meni ýitirersiň... Ol ýitgi üçin
Üýtgemez älemiň ýekeje gylam.
Diňe bir sekuntlyk gygyrar toprak
Aýylganç gygyrar:"Ýandy bu oglan".

Gygyrar:"Köýdürdiň melguna uýup,
Söýginiň äpedin, dostlaryň beýgin.
Akylyňa örän ulydy welin,
Akylyň dek uly ýalňyşdyň keýgim!"

* * * * *

Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoň men söýdüm
Soňy näme boldy?
Agyrdy yzy.

Ýöne öňde - soňda aýtmaly bolsa
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza.
Söýülnim, emma söýmänim üçin
Ol maňa beripdi şeýle bir jeza.

Şol jezaň astynda çekilen jepaň
Näçe tonnadygyn bir ýürek aýdar.
Dünýäniň ýüzünde iň betbagt kimkän?
Söýülen mahaly söýmedik adam.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy..."
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! gowja goşgy..."

sagjabol, LEBABYM. bu

sagjabol, LEBABYM. bu bentler haysy goshgularyndan? ya sonky dowur yatkeshligim kutelipdir ya hich shulary on okamadyk yaly :P

Emma kate, birin yurekden

Emma kate, birin yurekden soyup
Name ucin ony soydumkam diyyang
Ayralyk gununde bialac galyp
Soygingi,yuregngi gunakar sayyan

Asmanyň kuýaşy - şoldur

Asmanyň kuýaşy - şoldur çyn söýgi.
Durmuşyň bagt guşy - şoldur çyn söýgi.
Söýgi bolmaz nalasyndan şeýdanyň,
Öl, çekme nalyşy! - Şoldur çyn söýgi.

Haýýam

ARZUWLAR

Käwagt şeyle pursatlar bolýar. Birdenkä özüňi garaşylmadyk ýerden toý-baýramyň içinde görýäň we saňa arzuw-gutlag aýtmak üçin söz beriläýse-häää..... menä şeýle pursatlarda 1-2 bent ýadyma düşen goşgulary aýdyp sypaýýan :)). We käbirlerini bärde paýlaşasym gelýär:)).

Durmuş ýoluň şeýle aýdyň
Akmaýanyň ýoly bolsun.
Ýene söýgiň şeýle tämiz
Deňi-taýy ýogy bolsun.

Seniň üçin kyn zatlaryň
Ählijesi aňsat bolsun.
Öte aňsatlyk aýnatmasyn
Sende uly ynsap bolsun.

Guwanýanyň altyn bolman
Goý, ýüregiň altyn bolsun.
Sylaýanyň, syladýanyň
Guwanýanyň halkyň bolsun.

Ýene-de bir uly arzuwym
Bolsun mydam başyň aman
Arzuwlara gutarma yok
Ýöne goşgym boldy tamam.
- // - // - // -

Joram* seniň üçin arzuw edýärin
Bagtyň açyk bolsun, ýoluň ak bolsun.
Ýüregiňde beslän mukaddes söýgiň
Ýagty bolsun, ýalňyz bolsun, päk bolsun!

Mydam wepaly boluň biri-biriňe
Gara gözler gahar bilen bakmasyn!
Goý, bagtdan ýaşarsa ýaşarsyn gözler
Ýöne hiç wagt gamly gözýäş çykmasyn!

*-sebäpkäriň ady aýdylýar.
// - // - // -

enelere:

Ene-ata diýen şu iki sözüň
Hiç zat bilen tutulmaýar deregi.
Ganat gerip gujagynda penalan
Ýaşasyn enedir-ataň ýüregi.
// - // - // -

Ene janym sözüň neneň mylaýym
Sen dek mährem ynsan bardyr öýdemok
Şatlyk baky hemraň bolsun ylaýym
Galam-gaşyň çytylmagyn islämok.

Seni ynjatmaga dözmeýär ýürek
Ak süýt berdiň oňa mähriňi goşup.
Ukysyz geçiren gijeleň üçin
Sen maňa görünýäň has hem üýtgeşik.
- // - // - // -

Emaý bilen gujagyna göteren
Oýarmanjyk öz ornunda ýatyran
Ganabilmän saňa garap oturan
Mähirler çesmesi ene dälmidir?

Ene süydi bilen bolduň sen adam
Unutma sen şony hormatla mydam
Enäni hor eden eý, akmak nadan
Durmuşyň köwseri ene dälmidir.

Endiräp dur mydam enäň ýüregi
Kyn gününde deňje paýlaş çöregi
Mydam agzybirlik onuň geregi
Adalat çesmesi ene dälmidir.

Asmanyň diregi ýeriň hem örki
Dünýä ýagty salar enäniň görki
Perzendine mydam isleýän bagty
Ýene-de mähriban ene dälmidir.

Enä görünmesin gözüň alasy
Asmanyň görki ol. Zemin lälesi
Har etme enäni adam balasy
Ýyly ojak höziri ene dälmidir.

Özää.... ýazylanlar birhili garma-garyşyk boldy. Aý, şu wagt kelläme gelenleri şular.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Süňk!"
  • Doby 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! sagja bola Lebamym!"

Geňräk dälmi.

Kerim aga eje-kaka barada ýazman, ene-ata barada ýazypdyr, atalarynda ýaşadymyka? Onuň ömri barada bilýäňizmi?

Türkmen edebi dilinde

Türkmen edebi dilinde ene-ata has ulanýar. Onsoňam, eje-kaka sözüň taryhy näçe? 1-2 asyrdyr. Ene-ata gadymy türki sözleri, taryhy müňläp ýyl.

Menä düşünmedigiňe haýran galdym.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

ENE DILI, ENE TOPRAK, ATA

ENE DILI, ENE TOPRAK, ATA WATAN - belki bu sözlerem onda saňa geňiräk bolup biler????
Eger ýokardaky goşgular babatynda beýle pikire gelen bolsaň-a onda, olaryň ählisi Kerim aganyňky däl:-))), Aý näme biz taraplarda ene-ata diýlensoň (ýek-tük bolaýmasa eje-kaka diýýän), geň galan bolar öýtmändim :-(((...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Киркоров 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ene-ata diyip ulanilmayan

Ene-ata diyip ulanilmayan yer yokdyrla, mekdepde yignak dagy bolanda-da "ene-ata yignagy" diyip edilyara, "eje-kaka yignagy" diyip eshiden zadym dal menina.

birinji gezek ene atalar

birinji gezek ene atalar yygnagy gechirilende mugallym bize ene atalar yygnagy bar diyipdi welin klasdan biri:"mugallym menin enem atam aradan chykdy"diydi welin gynanyp gidipdik.asyl on ejesem kakasam bar ekenlay welin.shol yadyma dushup gitday.

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Aslynda

Киркоров wrote:

Kerim aga eje-kaka barada ýazman, ene-ata barada ýazypdyr, atalarynda ýaşadymyka? Onuň ömri barada bilýäňizmi?

Aslynda Kerim aga meniň bilşime görä kakasy aradan çykandan soň ejesi bilen Tejene gelip mama-babalarynyň obasynda ýaşaýar.
Ýöne "ene-ata" manysyny gowy düşündiripdirler tüweleme

Men göni kabul edipdirin

Men göni kabul edipdirin. Asyl beýle ekeni. Sag boluň düşündim. Goşgularyňam hemmesi Kerim aganyňkydyr öýtdüm. Dura-bara öwrenerisdä bizem.

arzuwlar 2

Arzuwym kän dostlar diňläň sözümi
Asmanymyz dury bolsun elmydam
Ýüzleriňiz ýylgyrsyn, gözlerňiz gülsün
Aşagynda uşak-düşek aladaň.

Öýleriňizde nuryn saçyp çyraňyz
Ýanyp dursyn, bimahal çak öçmesin.
Duýdansyz küpürsäp gelen tüweleý
Üstüňize tozan sowrup geçmesin.

Goňşy-golam ynjamasyn hiç-haçan
Öýlerňizde gülki bolsun saz bolsun.
Başarsaňyz gapyňyza gül ekiň
Gapyňyz elmydam ala-ýaz bolsun.

Bir-birekden bütin bolsun göwnüňiz
Nägile seretmäň birek-birege.
Ýylgyrypjyk goluňyzy uzadyň
Salam berip gapyňyzdan girene.

Öz çägi bar herki zadyň dünýäde
Öz çäginde ynsandyr her ynsanam.
Her adama uly ynsap gerekdir
Çäginden çykmasyn ýöne ynsabam.

Her adam öz dostlaryna bil baglap
Dostlarynyň gowulygna guwansyn.
Ata bolup örtenmesin çagadan
Agtygyna, çowlugyna guwansyn.
* * * * * * * * * * * * * * * *

Ýalan aşyk bardyr entek dünýäde
Ýalan sözem bardyr entek dünýäde.
Baýramda, toýlarda ýary sal ýada,
Başgalaň deňinden başga bolup geç!

Ýüzüň açyk bolsun, tutuk bolmasyn
Gaşlar gülsün dursun, çytyk bolmasyn.
Duşuňdan garaman ötüp bolmasyn,
Ýere bakma, ile nazar salyp geç!

Ot ýaly ýigitler öňüňden çykar
Gözleri ataşdyr, sözleri şeker.
Üç gezek egilip dyzyňa çöker,
Buýsanç bilen üstlerinden gülüp geç!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Wagtaýyn hoşlaşyk

Wagtlaýyn hoşlaşyk…
Sen gitdiň… şo pursat boşady ruhum.
Gurbannazar Ezizow.

Sen gitdiň… şo pursat boşady ruhum,
Bir ýigidiň gözlerine maýyldyň.
Men Saňa diňe bir ýaşlygymy däl,
Bütin ömrüm bermäge-de taýyndym.

Şeýdip gitdiň, hoşlaşypdym «wagtlaýyn»
Bir damja şor ýaşym syrykdy ýere.
«Serçe doly bagyň bilbili bolup»
Tapmadym öz aýdymlarymy diňläre.

Gam bilen döredi «ilkinji aýdym»
Bilmedim men «bagtyň» nirde uklanyn.
Indi başga näme kastyň bar mende,
Baş söýgimden aýra salan Ykbalym.

Şol agşam şeýle bir ýyldyrym çakdy,
Sen bolduň, söýgide ilki agladan
Gabanjaňlyk eken, sadalyk eken
Ilkinji söýgime «agalyk» eden.

Öz-özüňe mydam Ynamly bolduň,
Seniň uly tapawudyň özgeden.
Sen ilkinji Söýgim, Baş Söýgim bolduň,
Asyl Seni hiç özüme dözmedim.

Ýyllar geçer gider, sen düşünersiň,
Güýzde baglar bilen deň düşünersiň,
Gözýaşymy goşup ýazyň ýagşyna
Seni ilki söýenimi bagyşla.

Belki şeýle bolmalydyr bu zatlar,
Sen-ä saga sowlup, men bolsa çepe…
Meni ençe ýyllar çykaryp ýatdan
Ýöne hemme zatdan soň düşünersiň.

Ýekeje haýyşym… Birden duşaýsak,
Gözüme seredip dymmasaň bolýa.
Maňa hiç zat gaýtaranyň gerek däl,
Eden yhlasymy gömmeseň bolýa.

Bir gün gözleriňi kuýsärin Seniň,
Bir gün sözleriňi kuýsärin Seniň.
Garaşaryn!.. Garaşmaklyk adatdyr
Ömür arzuwymda küýsänim meniň.

Saňa şu setirlem ýadygär galsyn..,
Bilip bolmaz günleň bir güni birden..,
Ýalňyzlyk öňünde bolsaň mejalsyz..,
Gussaly sözlere seredip, bir dem..,
Diýersiň «Nähili gowy oglandy».

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "duýgylaryň gaty täsirli beýany üçin!"

ŶAGYŞ DAŞLARA-DA ŶAGAR

ŶAGYŞ DAŞLARA-DA ŶAGAR
Terjime- Men we doganym Atamyrat. turkçeden
Guran, jaŷryklan toprak, suwsyz galan synalar, sejdelere başlaryny egip suw dileŷän mahlukat ellerini açyp doga-doga ŷalbararlar. Reblerine. Elleri ŷetmez suwa, gidip bilmezler suw guŷylaryna. We birden öwüsmäge başlar şemalar. Müňbir buşluklar bilen seslener gök gürlemeleri... Ŷüzlerçe kilometrlar uzaklyklardan geler şemallaň öňünde ylgaşŷan rehim ŷükli bulutlar. We ŷagyş başlar. Süŷjije bir suw akydylar damja-damja gökŷüzi enesiniň bagryndan ŷerŷüzi balasyna... Ŷerŷüzi direler, sejdä egilen başlar galar rukuwa, müňbir şükür gülleri açar. We suw diňe otlara, agaçlara, topraga iberilmek bilen galmaz. Ŷagyş daşlara-da ŷagar.
Biz merhemeti Rebbimizden öwreneris.
Goralar ähli mahlukat, açykda galmaz syrty hiçbiriniň. Pişige, ite, goŷuna postun beren, pyşdylyň öŷünş arkasyna dakan, guşlara reňbe-reň tüŷler geŷdiren Rebbimiz, unutmaz garaňky deňizleriň müňlerçe metr çuňlugunda ŷaşaŷan kiçijek deňiz jandarlaryny. Olarada başlaryny sokmaga dürli-dürli görnüşdäki gabykly öŷler berer.
Biz merhemeti Rebbimizden öwreneris.
Her janlynyň çagasy, ene-atasynyň ŷüregine goŷulan dözmezçilik bilen goralar iň ejiz waglary. Ene-ata atlaryň, balyklaryň, guşlaryň ŷüreklerine goŷulan dözmezçilikden az däldir. Antarktikanyň sowuk buzlarynyň üstünde ŷaşaŷan pingwinleriň ŷüregindäki rehim-şepagat. Şol sebäpli ŷumurtgalaryny hiçbir zat iŷmezlige garamazdan hepdeler boŷy aŷaklarynyň üstünde göterip, doňmakdan gorarlar. Bu wagtyň dowamynda agramlarynyň ŷarysyny ŷitirjeklerini alada etmezler, wezipelerinden bir pursat hem dönmezler.
Biz merhemeti Rebbimizden öwreneris.
Ähli zat arassalanar. İňäň ujy ŷaljak ganda ŷüzŷän müňlerçe gan öŷjüklerine ŷok ediljek mikrop gözlediler her pursat. Howa yzygiderli ösümliklere arassaladylar milŷonlarça ton zäherli gazlardan. Ŷerŷüzi şemallar bilen süpüriler, ŷagyşlar bilen ŷuwular. We ŷekeje siňek hem unudulmaz, oňa-da tüŷli eller beriler, ganatlaryny, ŷüzüni, gözüni tämizlesin diŷip.
Biz merhemeti Rebbimizden öwreneris.
Onda...
Merhemet söŷgä! Bütin kirleriň üstüne ŷagan ak gar ŷäly örtsün, ŷok etsin diŷip ähli erbetlikleri... Joşup aksyn, çeşmeler ŷaly ŷuwup arassalasyn bütin ŷerŷüzüni kirlerinden. Galmasyn söŷginiň başyny ogşamadyk ŷekeje-de ŷaraly ŷüregi.
Merhemet nebse! Ŷoluna çykan dikenlere el uzatmasyn, zäherli ballar bilen iŷmitlenmesin diŷip. Garagol çaga ŷaly nije erbetliklere hiç pikirlenmän baş goşmasyn.
Merhemet ruha! İlip galmasyn diŷip kiçijek çagyl daşlaryna. Zynjyrlaryny bir zarbada üzüp beŷgelsin depesine ynsanlygyň. Ŷyldyzlara ŷetsin başy perişdeler bilen ŷaryşsyn. Geçsin ähli päsgelçilikleri, Ŷaradan yşgyna.
Merhemet köňle! Degmeŷänlere, taşlap gidenlere bagş etmesin soňsuz barlygyny. Ummanlar durka wagt geçirmesin bir-iki damja bilen. Näme üçin ŷaradylan bolsa şonuň üçin ŷaşasyn. Köklerini iman topragyna salyp, Ylahy yşk bilen dolsun joşsun damarlary. We ähli ŷaradylanlara ŷetsin şahalary, miweler uzatsyn elleri.
We merhemet jan suwy tapyp içenlerden, çöllerde miražlara-da gowün edŷän ŷüreklere. Merhemet; soňsuzlara uzaŷän ŷollarda ŷitip gidenlere, aŷägy nebis we şeŷtanyň müň bir päsgelçiligine ilişip ŷollarda galanlara. Merhemet; göwünleri we gözleri yşk bilen parlaŷanlardan ŷalnçy işlere çöwrülgi dünŷälerinde, taňka gutularyň reňkli yşyklarynda, bir ömür tükedenlere. Merhemet; soňsuz bagta giden hakykat ŷolunuň aşyklaryndan, o ŷanda bu ŷanda ilişip galan akmak ŷüreklilere. Merhemet; “Kimsiň? Nireden gelŷäň? Nirä gidŷäň?” esasy soraglaryň jogaplaryny gözläp tapanlardan, kellelerinde başga soraglar bilen gümra bolmakdan bulara wagt tapmaŷanlara.
We merhemet daşlara! Ŷagyş bolup ŷagmak gerek. Daş ŷürekliler ŷumşasyn. Günlerde bir gün gül bitiren toprak bolsun diŷip.
Merhemet geçip giden wagta, merhemet inä asyl şu asra, we merhemet hiç bolmadyk göwrüminde bütin adamzada.

Kerim Gurbannepesow, halaýan setirlerimden....

Zähmet zehin berýär, zehin hem - häsiýet,
Häsiýet pähim berýär, pähim hem - hormat.
Şol bäşisi seniň DOLY ömrüňdir,
Birisi ýetmese - gädikdir kysmat.

Dünýäniň ýüzünde uly zat - ygrar.
Ygraryn ýuwdana doňuzam gargar.
Doňuza gargadyp ýaşap ýörenden,
Ony ýuwdan günüm, ölmäge taýýar.

Bu bir durmuş. Munda kän zat bolup dur.
Ýandak gülläp otyr, bägül solup dur.
Saňa akyl berýär iň samsyk adam,
Iň akylly adam akyl alyp dur.

Bir dosdy özüňe duşman edenden,
Müň ýady özüňe duşman eýlegin.
Ýaňralygyň üçin puşman edenden,
Dymanlygyň üçin puşman eýlegin.

Taşlama başlanyňy,
Başlama taşlanyňy.
Sanasaňda dosduňy,
Sanama duşmanyňy.

Serhoşluk diýen zat - "ýüzden" başlanýar.
Tanyşlyk diýen - sözden başlanýar.
Söýgi-yşk diýen zat - gözden başlanýar.

Gülsenem - gyzlaryň gözeli weli,
Mähriniň yssysy ýok.
Çigillem - gülleriň bezegi weli,
Ysy ýok.

Dostsurap, dosduňa diýseler ýaman,
Bilip goý: özüňe gaçýandyr ynam.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "mengem gowy goryanlerim..."
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Pyragy barada

Kerim aga rubagylarynda Pyragyny şeýle wasp edýär:

Beýik Pyragy deý dyzyňa çöküp
Ýazmaklyk hökman däl, ýaz daga çykyp
Ýöne aýa çykaý şahyr bolmarsyň
Beýik Pyragynyň üstünden geçip

-Matach eyleme- Pyragydan

Kadyr, Jebbar, senden dilegim kandir,
sen meni namarda matach eyleme.
hazynangdan bergil mening ryzkymy,
bendangi bendange matach eyleme

azashtyrma dogry yolum egriye,
egriyi dengleme hergiz dogruya,
kishi maly nesip etmez ogruya,
halaly harama matach eyleme.

namart koprusunden olsem gechmez men,
kerwen bolsam halal ishten gachmaz men,
elinden bir kase sherap ichmez men,
sag elim, sol ele matach eyleme.

yagshy niyet senden dilegim kopdur,
ajy sozler dilden chykan bir oktur,
doganyng dogana bahasy yokdur,
agayi ininge matach eyleme.

Mahtymguly, Haktan dile baryny,
diler bolsang, dile oz imanyngy,
abad eyle iki gozum nuruny,
sag gozum sol goze matach eyleme
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!!!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy goshgylan biri!"

Gör, kimiň bar bolsa bir

Gör, kimiň bar bolsa bir döwüm nany,
Bar bolsa ýaşara öýi - öwzary,
Gul saklaman, özem gul bolman ýörse
Şol kes bagtyýardyr, hoşdur döwrany.

Haýýam

Men elbetde bu sahypanyň

Men elbetde bu sahypanyň diňe 7-8 bölümlerine seretdim.Emma Kerim agaň goşgularyndan "Jümjüme köýnekli bir gözel gelýär, jümjüme ýalykly jorasy bilen" we "Zehinliň elinden zehinin alyp, zehinsize zehin bermek mümkin däl" setirlerini gözläp tapmadym.(setirlerde ýalňyşlyk bolup biler ýöne manysy şoň ýaly bolmaly)
Eger araňyzda bilýäniňiz bar bolsa şonam bir ýazaýyň, ýa öň bar bolsa nirese bardygyny aýdyň siden uly HAÝYŞT !!!!!!!!!!!!

meledes, hatyja! --- Angel

meledes, hatyja!

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

telpek bermeli how:)

telpek bermeli how:)

Quote: Onuň döwründe

Quote:

Onuň döwründe sözüne gulak gabardýan ýek tük bolupdyr

Şu ýere menem bir bend goşasym geldi:

Magtymguly gaýra çekgil özüňni
Anyk bil oýarlar iki gözüňni
Diňlän ýokdur zaýa kylma sözüňni
Indi senden habar alan bolmady

Gynandyrýan ýeri diňlemekden geçen, hakykaty sözläni üçin azar ýamanyny beripdirler.

Pyragydan setirler Adam

Pyragydan setirler

Adam ogly bu dünýäge gelensoň
At bilen abraýy alan ýagşydyr
Bulatynyň saýasynda bolandan
Bürgüt penjesinde galan ýagşydyr

Hataryň görküdir iner maýalar
Ülkämiň kuwwaty merdana ärler
Ýalançy Taňrynyň duşmany diýrler
Emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr

Magtymguly diýer sözüm dag aşmaz
Namart adam ýoldaşyna garaşmaz
Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz
Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Kerim agadan

Jahanda ýaman işdir,
Gury gelip, boş gitmek.

Hachandan bari shol yokarky

Hachandan bari shol yokarky goshgyny gozlap yordum. İnterney "jan ichinde" diyip gozleyadim, asyl hakyky ady "yuregin gan ichinde" ekena.

shu setirlerini gaty haladym

Dünýälik diýp ýügir sen, tä içiňde dem bardyr.
Dem içiňden çykynça, başyňda müň gam bardyr

we shu setirleri gonu yuregine durtyar

Magtymguly, aldaýyr gahba dünýä bezenip,
Köňlüňni maýyl kylma aňa garşy düzenip,
Ne parahat ýatyr sen el-aýagyň uzanyp,
Ajal ýatyr keýniňde okun-ýaýyn gezenip,
Magşar güni barawer imanyňny gazanyp,

Gury geldiň, boş gitme ahyrzaman içinde!

asyl goshgy gaty cheper we manyly yazilan, okap oturyp aglabermeli... gozlap gorsen welin Pyragynyn kop kitabynda chap edilmedik bu goshgy. yakinda Mgtymguly hakynda yene bir tema acharyn nesip etse
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.