General Skobelev hakda film

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

"Rossiya" telekanalynyn General Skobelew hakda çeken filmi:


Player açylmayan bolsa linke basyn: http://www.rutv.ru/video.html?vid=24161&cid=5079&d=0

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Skobelew üçin yazylan

Skobelew üçin yazylan aydym:

"Chrez Kaspiysko burno more
Proletel orel sizoy,
Budet vam Tekincy gore
Pribyl Skobelew - Geroy."

...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

kinony ýaňy oturyp

kinony ýaňy oturyp gördüm, sagja bol köp täze maglumata öwrendim. ýöne Gökdepe söweşinde diýdi biziňkiler Skobelewiň goşunyndan 4 esse kän, gaýtam azdyk dämaý? ýa men ýalňyşýanmy?
onsoňam Gökdepe urşy barada kän agzamandyrlar, aglabasy Ors-türk urşy barada eken.
_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

1877/78 osmanlı rus

1877/78 osmanlı rus savaşıyla filmde ,göktepe katliamı arasında nasıl ilişki kurmuş?.Yani osmanlı /rus savaşında osmanlı yenilmiş sonra bu general göktepeye gitmiş ve katliam yapmış ,neden türkmenlere savaş açmış.?
Filmde ne yorum (coment) yapıyolar banada ayıtın .

türkmençe ýazyp

türkmençe ýazyp bileňzokmy? biz nädip jogap bereli her kim türkçe bilýän däldir-ä?!
_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

Ullakan Yalan + Toslama!!! slawlar günalerini aklamagyn derdinde

Filmde osman imperiyasy halka zulum etdi, kesdi biçdi namysyny kirletdi diyilyar... gaty gülkinç... ullakan yalan, toslama...

Asyrlar boyi Osmanly imperiyasynyn gol astynda bolan balkan yurtlarynda Rus imperiyasy balkan halklarynyn milletparazlyk damary bilen oynap Osmanla garyşy öjükdirmegi we maddy/harby taydanam arka çykmagy pursat bilip balkan yurtlary yzly-yzyna osman imperiyasyna garşy söweş açdylar...

Edil şol döwürde içdaki çylşyrymly meseleler bilen başagay osmanly hökümedi balkan yurtlarynyn gozgalanyna diplomatik çözüm getirmage synanyşdy emma ruslaryn goldawy bilen üç balkan döwleti birden söweşe girişdi.
Diplomatik gepleşiklerin netijesiz galmagy bilen osmanly yarag ullanmaga mejbur boldy.
Söweşlerde Osmanly esgeri adam öldürip namys kirletmek bir tarapa yöne yere agaç hem kesmedi... hazire çenli taryhda osmanlynyn asla eli yaragsyza, goragsyza zulm edeni ne eşidildi ne-de yazyldy....

Osmanly goşunlarynyn söweşlerde yenilip balkanlardan elini çekmegi bilen balkanlardaky musulmanlar hristiyan slavlar tarapyndan zulum görmage başlady...
edil yokardaky filmde agzalan zulmlaryn essesini bulgarlar, serbler we beyleki ownuk slawlar musulmanlara sezewar etdiler... netijede slaw zulmynyn möwj almagy bilen balkanlardan anadola agirt uly göç başlady, türkiyede okayanlar ya-da işleyanler günlik durmyşda men arnawutdan göçdim, men bosniyadan göçüp geldim ya-da men bulgariyadan, serbiyadan göçdim diyyanlere köp gabat gelyandir...

1990-njy yillaryndaky Bosniya-da serbler tarapyn 250 000 goragsyz eli yaragsyz musulmanyn öldürilmegi hem şol 1912-14 yillaryndaky wakalaryn dowamyndan başgasy dal...

slawlaryn zulmy munyn bilenem çaklenmedi, balkan yurtlaryndaky musulmanlaryn mal-mülki kanunsyz slawlara geçdi...

Geçen yillaryn dowamynda Türkiye respublikasynyn Osmanly arhiwlerini subutnama hökmünde ullanyp zor bilen alnan mülklerin yene eyelerine gaytarmak talabyna çydamadyk hazirki balkan döwletçikleri notarus önünde musulmanlaryn mülklerini bir bölegini gaytyp bermage mejbur boldy...

******

Eger üns beren bolsanyz Gen.Skobelewin Gökdepede eden etgiligini, zalymlygyny-da agzamadylar... Eysem Gözi ganly general diyip at gazanan hem Skobelew dalmidi...

Yokardaky filmdaki zulmlar gökdepede ruslar tarapyn edilmandimi... Guma gaçan goragsyz, yaragsyz naçarlary gylyçdan geçirdenem Skobelew dalmidi...

Bizdaki okadylyan taryhda orslar gökdepede bizi kesdi biçdi talady, talanlaryny-da açyk bazar gurap satdylar diyilyar we dine orslar bizin namysymyz kirletdi, ayal-maşgalalary kirletdi diyilmedigi galypdyr... orslaryn gökdepede ayal maşgalalary kirletmedigi kime malim?! kim subut edip biljek bolmady diyip?! rus esgerlerine kim dur diyip bilerdi edilgan hem bolsa?!

Mençe bu hili populist filmler ruslaryn we umuman slawyanlaryn geçmişde bihepbelik bilen işlan günalernin üstini basyrmak üçin çekilyar we yayradylyar...

Bu film ullakan yalan we toslamadan ybarat... bu hili yalanlaryn üsti bilen aklanmak maksat edilyar...

Hakykady görmek isleyanlere taryh sahypalaryny agtaryn diyesim gelyar!

__________________

put on a happy face

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Herkim taryhda gazanan

Herkim taryhda gazanan söweşlerini wasp edip öwünyar, orslaram şeyle, yagny haky barmyka diyyan. Yöne kan adam öldürendigi, başga topraklary basyp alandygy bir fakt bolanson, barde gizlara zat yok, elbetde öz taryhyndan bihabar orslar üçin (komunizmin tasiri sebapli) bu (ganly) faktlar görünenok.

Komunizm tarapyndan garanda, bu zatlaryn üstüni yapyp gizlemeli boldular. Sebabi olar halklaryn agzybirligi üçin orslaryn patyşasyna garşy söweşdiler. Skobelew (we orslaryn patyşalyk rejimi) hakda orslaryn az bilmegi hem 100 yyllap bu zatlaryn gizlenmegi, filmdede aydylyşy yaly komunist orslaryn öz taryhyndaky erbet zatlara bolan duşmançylygydy.

PS: Turkiyadaky "laik" diyilyan yaşulular hem, edil komunist orslar yaly, öz taryhynyn in esasy sahypasy bolan Osmanly Imperiyasyny adamlaryn anyndan pozjak bolyarlar. Sebabi olara göra, Osmanly birtopar yalnyş zatlar etdi, mundan beylak, Osmanlyn eden yalnyş zatlary üçin Turkiya jogap bermeli dal...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Öwünmesin diyyan barmy orslara!

Orslara öwünme diyyan yok ahyryn, elbetde öwülmage mynasyp birzat bolsa öwünmek herkimin haky...

Emma öwünyarkan gonşyna töhmet atyp öwünmeli diyip haysy ahlak yazypdyr!

Men orslaryn yalanyny we taryhdan gonşysyny(osmanlyny) garalamaga synanyşmagyny yazmaga synanyşdym

__________________

put on a happy face

Propagandist filmin asyl maksady name?!

Yokardaky yaly populist we hiçbir taryhy subutnama söyenmeyan propagandist filmlerin geçmişde çekilman günimizde çekilmeginin maksady name bolup biler?!

Eger günimizde jahanda bolup geçyan wakalara ser salynsa döwrebap dünya siyasatynda lobilerin we propagandalaryn öran möhüm rol oynayanlygy aç-açan görler...

Kabir yurtlar, halklar, milletler bir döwleti genocide/soykırım(türkmençesini siz yazayin), zulum etmek ya bolmasa geçmişde söweş günasi işledin diyip garalamak siyasatyny yöretyarka garşy tarap hem aklanmak üçin münbir oyun oynayar...

we bu oyun lobilerin tasiri, porpagandist filmler we medya rakaly amala aşyrylyar...

Meselem;
Germaniyanyn iyudeylere gonecide(holocaust) etmişi bilen günalenmegi...germaniya aklanyp bilman muny kabul etmeli boldy we ötünç diledi we hazirki germaniyanyn daşary siyasatynda iyudeyler bilen baglanyşykly meselelerde yokardaky wakanyn aç-açan tasiri görner...

Fransiyanyn geçmişde afrikada genocide bilen garalanmagy... Fransiya aklanmaga synanyşyar...

İtaliyanyn Libyada genocide bilen günalenmegi we italiyanyn genocide'dan aklanmak üçin jerime tölemek karary almagy...

Türkiyanin ermeni meselesi...

Amerika materigine göçen gelmişek günbatarlylaryn indeylerin köküne palta urmagy...

we ş.m

yokardaky yaly wakalaryn kabirleri taryhy taydan hakykat bolsa-da kabirleri garalamadan ybarat...

we dykgat edilse bu garalamalar ya-da günalemeler dünyade
güyçlenmage başlayan ya-da güçli döwletlere gönükdirilyar...we bu günalenmekden gorkyan döwletler bolsa entek bela gelip yetmanka, belanyn önüni kesmek maksady bilen kabir yurtlary ya-da halklary garalamak bilen özlerinden akja jüyje yasamaga synanyşyarlar.

Ruslar hem garalanmak gezeginin özlerine gelmeginden gorkup gezek gelmanka taryhdan gonşysyny(osmanly) garalamk arkaly özünden akja jüyje yasamaga synanyşyar.

Ruslara akja jüyje gözi bilen garalsa gökdepedaki zalymlyga kim ynanar? Balkanlardaky zulmyn we wagşylygyn asyl sebapkari ruslardy diyilse kim ynanar?!

Elli iki gezek gije gündiz jar çekip dursanam hiçkim ynanmaz!

Yogsa-da Gökdepede rus Gen.Skobelew türkmenlere zulum etdi, gyrdy, biçdi diyip bizden başga kimin taryhynda yazyldyka?! Emma isle yazylsyn ya-da yazylmasyn, isle bu yaly wakalar taryhy tayudan hakykat bolsun bolmasyn ruslary garalamak üçin tayyarjak bahana.

Üstesine gyrlan halkyn sanyny on esse köp edip görkezsenem ruslar aklanyp bilmez!

İndi yokardaky yaly propagandist yalanlaryn asyl maksadyna düşünmek kyn bolmasa gerek!

__________________

put on a happy face

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Gowy yazyan!"