Dumanlyk

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam gadyrly myhmanlar we agzalar!!!
Ashkda songky yazayn hekayamy goyyaryn, sizden hayysh okap oz pikirleringizi yazayyng. Aslynda bir zatlary yazsam hem plan duzup belli derejede nira barjagymy bilyan emma shu hekaya birhili "spontaneous" (oz-ozunden) yazyldy.Yazanyma esli wagt boldy emma kan gownum yetip durmansong barde goymaga chekindim. Songyna yetip yzy yokmy diymegingiz mumkin, meng yene shu yerde entek chozmedik zadym shu oglan duysh goryan yaly etjekdim, yone songundan yzyny dowam edip hekayany ulaldyp, sciene fiction, yagny geljek barada birzat toslasam diyip otyrdym, shol temada-da maslahatyngyz dinglejek…umuman duysh goryan yaly edeyinmi ya-da chyndan geljekde boljak zatlar hakynda yaly edip yazayynmy?
Hemem, hekayda bolup gechyan wakalar barada name pikir edyan bolsangyz shonam yazsangyz gaty hoshal bolardym...okap name hakda pikir etdingiz? Ya-da okap otyrkangyz kellangize nahili pikirler geldi? Hekayang kop yeri nabelli yagdayda galyar, ol yerde siz nahili netija geldingiz, name uchin gahrymany/lary sheyle hereket edyar?
Ine, hekaya, bu garalamasy diysemem boljak...okang, menem jogaplaryngyza garashyan!

Dumanlyk
Baky dumanlyk, garaňkylyk, ondan sypmada, gaçmada ýok, ondan gaçsaň hem gizlenere ýer tapmarsyň. Düýe guşuň kellesini gizleýşi ýaly, senem gözüň ýumup,gumuň düýbünde kelläňi gizläp bilersiň, emma göwräň ýene-de şol çykgynsyz dumanlykda galar. Emma bakylyk diýilýän zat barmy?! Eýsem-de hemme zat bir ýerlerde gutaranokmy?! Megerem durmuş zebranyň teni ýaly ak-gara çyzyklardan ybaratdyr-gowulygyň, bagtlylygyň yzyndan elhençlik, bibagtlylyk gelýändir, hasratyň, elhençligiň yzyndan bolsa aý-aýdyň açyk asmanly şatlykly günler gelýändir, onda bu dumanlygam baky däldir, ýok, ol baky bolup bilmez…
…Demim demime ýetmän, sojap, gara der bolup men ahyr gözümi açdym. Otagymyň patalogyna dikelip seretdim: käte gaty elhenç, gorkunç bir düýş görüp, yzyndan weli, ne düýş ýadyňa düşýändir we ne hakykat bilen huşy tapawutlandyryp bilýänsiň, emma içi ýylanlardan dolan garaňky jaýdan geçen ýaly bütin bedeniň titreýändir, öz-özüňe gelmegem kynlaşýar. Menem şeýle duýupdym, özüm hem näçe synanşsam hem näme düýş görenim ýadyma düşmedi, emma ondan galan duýgy güyçlidi, erbetdi, çyndan bolan ýaly. Ýerimden galman düşegimde gymyldaman ýatdym, özümiň nirededigimi hem ilkiler düşünmedim, özümi dürsämden soňam, tüm garaňky otagymda bir zadyň ýerbe ýer däldigini duýdum. Ahyr ýerimden galdym, näçe wagt ýatanymy hem bilemok, megerem bary ýogy on bäş minutdyr ýa-da bäş sagatdyr, meň üçin wagt dyman ýalydy, hereketsiz. Bir burçda zyňylgy ýatan ütüklenilmedik jalbaryma aýagymy sokdum, ýanynda ýatan maýkany hem üstüme atdym. Aýaklarymda zordan ýöreýärdim,ysgynsyzlyk bütin bedenimi gabapdy, gyzýardym, kellämiň agyrysy hem goýanokdy.Ilki keselländirin öýtdüm, emma bu keselede meňzänokdy, gaty täsin ýadawdym, näme üçin bedenimiň beýle ýadaw duýýanyny men düşünip bilmedim, çüňki düýn näme edenim hem ýadyma salyp bilmedim. Sagada seretsem on ikä golaýlapdy, men gijedir öýtsem, daşary gündizdi, emma şeýle bir garaňky. Men penjirämden töweregime göz aýladym,emma görenlerimden soň hasam beterleşdim. Töwerek dumanlyk(ümür), ne jaý göründi ne-de köçe, çal asman bulutlaşan, bulaşandy, gün bolsa ýowuz ümürden çekinip, bulutlaryň arkasynda gizlenip ýitdi.Men bolanlary ýadyma saljak boldum, durmuşymy…hemme zat ýerbe ýer ýaly, emma uzyn tuneliň içinde aýlanyp aýlanyp bir nokada geleniňden soň kelläňi galdyrsaň gara dag ýaly diwardan başga hiç zady tapmadyk bende kimin, meň hem beýnimdäki öýjükler bir nokada ýetip dymyşýardylar.Boşluk.
Agzyma ýekeje düwüm çörek hem salmadym, çünki kelle agyry we ýadawlyk meň ýüregimi bulap başlady, iýeýin diýsem hem sowadyjym boşdy. Özümi şeýle ysgynsyz duýýanlygyma özüm gahar etdim. Üç-dört gün bäri men hiç zat iýmedik ýaly, çyndanam iýenim iýmedigim ýadyma düşmedi. Durmuşymda bolup geçen soňky günler beýnimden goparylyp aýrylan ýaly. Üstüme köneje koja kurtkamy atyp, şyppygymy aýagyma sokdum-da, pikir etdim, meni gören azaşan sergezzandyr öýder, emma bu pikir meni kän bir binjalyk etdirmedi.
Şemal ýokdy, emma daşary doňduryjy sowukdy, özümem niräk ýörejegimi bilmän, aýaklarym bir ýerlere erter diýip olaryň erkine berdim.
Beýle dumanlygy(ümüri) hijem heňize çenli görmändim. Bir metr öňümi hem zordan saýgarýardym, men aslynda öýde oturyp howanyň gowulaşanyna garaşyp hem bilerdim, emma hiç zat üýtgemejek ýalydy, wagt hem durdy.
Şäheriň içini gorkunç ümsümlik höküm sürýärdi, öňki çaga gülküsinden dolan köçelerde ses üýn çykanokdy. Ýöranime on minutdagyn bolandyr, emma köçede ýekeje adama hem gabatlaşmadym, şäher ölen ýaly jansyzdy.Asyrganyp ýere çüýlenen ýaly bolup doňup durdum, birden men özüm hem azaşan bolaýmaýyn, öňümdäki dumanlykdan özümiň nirededigimi hem saýhallap bilmedim. Ýok, ýok nyşanda kellämi ýaýkadym-da: “Bu düýşdir, hawa, bu düýş bolmaly, men heňizem oýa däldirin”-diýip öz özüm bilen gürleşip durkam, dumanlygyň içinden gelýän sözleri saýgaryp bolmaýan sesler meň gulagyma ildi.
Aýgytsyz ädimler bilen men dumanlygyň içinden çykýan seslere tarap ýöneldim. Ýuwaş-ýuwaş öňümi saýgarmak hem aňsatlaşdy.
Çilimiň tüssesi çal howa bilen utgaşyp görünmeýän asmana tarap ýaýrap gidýärdi, çilimiň çöpüni bolsa uzyn dyrnakly, hor barmaklar gabapdy, bir az dyzyny ýapyp duran ýyrym-ýyrtyk bir wagtlar enaýy bolan köýnek gyzyň hor endamyny ýapýardy. Duran iki gyz hem aşa hordy, saçlary bulaşyk, özleri bolsa öýsüz- öwzasyz gedaýlara meňzeýärdiler.Biriniň maňa diňe arkasy görünýärdi, ýöne maňa tarap bakyp duran beýleki gyzyň ýüz keşbini saýgaryp bildim, megerem bir wagt owadan gözlerde ne mylaýymlyk, ne-de mähirlik bardy, ukusyz geçiren gijelerinden ýaňa gözleriniň aşagy mawy tegelekdi, sowuga doňan dodaklary göm gökdi, horajyk bedeni bolsa titreýärdi.Ilki men gursagymy gahar gabapdy, men olaryň bolup durşuna gahar edýärdim, çilim, bu kirlilik, emma bir salym pikir etsem, men bulara näme bolandygyndan bihabar, neneň ykbal bulara sataşypdy, ahyr haýaldan ýüregim tükeniksiz gaýgy bilen gysyldy. “Allam, men nä dowzaha düşdümmi? Men ölümi ýa bu şäher öli? Bu ne kösençlik, bu ne boluş” jogapsyz soraglar meň başymy aýlap başlady, beýle aýylgançlygy entek bu ýerlerde men görmändim. Säginip, bulary beýdip taşlamaga çekindim, emma ýyrtyk jübimde deşikden başga hiç zat tapmamsoň, ýüzümi salyp, elim aýagym ýüp bilen daňylan tussagçy ýaly özümiň güýçsizdigimi aňdym, emma meniň pulum bulara kömek ederdimikä?! Bu näbelli dumanlykdan gaçma ýokdy. Men hem duran ýerimi terk edip, üýnsüz ýolumy dowam etdim, edil şol pursatda öz uýalarym ýadyma düşdi we aýaklarym meniň önüp ösen öýüme tarap äkitdi. Köçeleri azda kände saýgaryp, ýöreýän ýoluňy tapyp bolýardy. Her on bäş ýigrimi minutdan diňe ýekeje maşyn geçip, ümsümligi bozardy, olam şeýle bir tizlik bilen şuwlap geçerdi welin, gara tigiriň yzlaryndan başga nyşanam galanokdy. Ondan soň ýene öli ümsümlik. Ýaňky iki gyzyň şekili, beýnimde gowy ornaşyp maňa gün berenokdy, emma öňümde ondan betterräk elhençligi görjekdigimi men entek bilemokdym.
Şypbygym ýer bilen çaknyşyp ses ederdi, bolmasa käwagt uçup geçýän maşynlaryň sesinden başga ses üýn ýokdy, birdenem köçäniň bir çetinde şygyrdy eşidildi, men hem bu sesi yzarlap musorkanyň (?)ýanyna baranlygymy bilmän galdym. Ullakan kirpiklerini galpyldadyp, meni synlap oturan on bir on iki ýaşlaryndaky oglanjyk, elindäki güjügini zola sypalap, musorkanyň gyrasyndan bir zatlary dörjeleşdirýärdi. Onuň bu ýerlerde näme işleýänini bilmek üçin ýanyna barasym geldi,içimden hem onuň hossarlary, ejesi, kakasy ýokmyka?-diýip oýlandym. Buz ýaly sowukdan aýaklarymy hem duýman başladym, emma öýe gaýdanym bilen hem ýyrtyk ädikden başga hiç zat tapmajagymy bilýärdim. Men oglanjygy hem äkidip iýdirip, geýdiresim geldi, emma boş sowadyjym göz öňüme geldi, şonda-da oglanjygy bu ýerde taşlap gitmäge wyjdanym çatmady,ejemiň ýanyna barsam derrew iýip içirerdi, aýal ýüregi duýgur we ejiz bolýar-da, uýalarym hem derrewjik geýdirip, ýyladarlar. Men onuň ýanyna golaýlaşdym-da:
-Seň adyň näme?-diýip kelläme gelen birinji soragy berdim. Oglanjyk bolsa ullakan gözlerini petredip, bir geň soragy soran dälä seredişiň ýaly düşunmezlik bilen maňa garady. Şol wagt men onuň elindäki kiçijek türkmen itiniň diňe üç aýagynyň bardygyny görüp, hasam gynandym. Durmuş näme üçin beýle adalatsyz bolýarka?! Bu iki jandar näme üçin beýle kösenýärler, olaryň bu dünýede eden näme günasi bar?!Beýle oýlanmalar meniň kalbymy gysýardy, oglanjyk bolsa heňizem jogapsyz maňa bakyp durdy, ahyr ol musorkanyň (?) bir ýerlerinden tapan gatap zeňläp giden çöregi, bar güýjüni ulanyp horajyk barmaklary bilen ony döwüp, güjüjegine iýdirýärdi. Onuň burny sowukdan ýaňa gyzaryp gidipdi, aýaklary ýalaňaçdy, bedenini bolsa ýukajyk maýkasy we gara ýyrtygrak balagy bilen özüne ullakan bolup selpenip duran ýaşylymtyl reňkdäki kurtkasy ýowuz sowukdan goraýardy.
-Sen näme işleýäň bu ýerde? Hany ejeň, kakaň ýokmy? Öýüňiz nirede?-diýip men aramyzda bir metr ýaly ýer galýança golaýlaşyp ondan mylakatlyk bilen soradym, emma ol näbelli gorky bilen dolan gözlerini maňa dikdi-de, güjügini berk saklap, menden aýaklarynyň ylgatdygyndan gaçdy.
-Dur, dur!-diýip men onuň yzyndan ylgajak boldum, emma ümür ony meniň gözlerimden gidirti. Menem ýene yalňyz galyp, öýüme tarap ýolumy dowam etdim. On-on bäş minutdan ahyr çagalygymy geçiren meýdançama gelip ýetdim, çagalygymdan galan hiňňillikdir, typanjak sypynjyraň kraskaly we döwügräkdi, bu ýerde-de meniň ýatlamalarymdan başga janly zat ýokdy. Bäş gatlakly jaýyň diňe birinji gaty zola görünýärdi, töweregem gum-guhlykdy. Men garaňky syrpynjyraň diwarly girişiň (podýeziň) içinden girip, ikinji gatlagyna mündüm, melemtil agaç gapy açykdy, men säginmän derrew gapydan girdim, öňümdäkileri haýranlyk bilen synladym, bir enaýy arrassa ykjam öýüň içi-indi boşdy, akan dükanlyk. Öýdäkiler derrewden ojuk- pojuk goşlaryny ýygnap, öýi bildirmän terk edip giden ýalydy. Men otaglara aýlandym, öňki myhman jaýdaky ullakan türkmen haly heňizem öz durkuny ýitirmändi, emma tozanmy, gummy, bir näçe düýrlenip ýatan kagyzlar, köne telefon, karobkalar onuň üstünde pytrap ýatyrdy. Kiçi mukdarda ýagtylyk öz ýoluny saralyp giden ak tutuly penjireden salyp, tüm garaňky otagy biraz ýatgylandyrýardy. Beýleki otaglaryň ýagdaýy hem şeýleräkdi, aşhanada galan-gaçak iýmit zeňläp gidipdi. Men bir salym durdym-da görenlerim hakda pikir etdim, “Birinjiden, näme üçin bular beýle çaltlykda goşlaryny ýygnap öýden gitdiler? Ikinjiden, men bu bolanlardan näme üçin habarsyz?”-birden meniň kelläme başga sorag geldi: “Hemme zat gowulykmyka bir?!”-diýip men aladalandym, “Hä, onsoňam öýi beýdip zyňyp gider ýaly näme bolýarka?!Näme, ahyr zaman geldimi?!”-men säginip-“gelmese-de, şoňa meňzeýär özä”-beynim şeýleräk ýagdaýdaka men hossarlarymyň öýünden sowuk köçä çykdym, indem nirä öwrüljegimi bilmän, öýüme dolanmagy makul bildim. “Bu duman näme dynjakdälmikä?! Ýa howada bir hasratyň gelmegini alamatlandyrýarmyka?! Ýa-da o hasrat diýilýän zat eýýäm geldimi?! Ýa men o dünýede gezmeläp ýören bolaýmaýyn?! Allam, meni dowzaha zyňar ýaly, meniň näme günäm barka?! Ýa meniň edenlerimde dowzah üçin ýeterlikmi?”-men durdum-da: “bu durmuşda nä many bar diýsene”-sözlemi soňlap, soňlamakam, maňlaýym hem uzyn ak diwar bilen çaknyşmanka, wagtynda laňňa durdum. Gözlerimi galdyrsam iki metire dagyn (megerem ondan uzyndyr, sebäbi dumandan ýaňa onuň ýokarysyny doly görüp bilemokdym) ýetýän diwar meniň üstüme abanyp durdy, ony yzarlap, bir äpet demir gapa ýetdim. Mundan ozal bu diwary görmämsoň bilesigelijigim üstün çykdy we gapynyň gyrasyndaky gözenden jyklajak bolup durkam, birden:
-Aýagyňy çek, eý, sen, ýöre bol bu ýerden diýdim!-diýip gapynyň bir çetinde gurulan basgançakly durançadan gazaply ses geldi, kellämi galdyryp dumanlygyň arasyndan eli tüpeňli bir adamyň suduryny saýgaryp bildim. Şol pursatda men köşk ýaly jaý, onuň öňünde bolsa eýlesine beýlesine haýal ädimleýän ýowuz ýüzli birnäçe esgerleri görüp ýetişdim. “Bir zadyň üstünden baraýmaýyn”-diýip men sesimi çykarman ýadaw aýaklarymy süräp, gapynyň deňinden geçip gaýtdym.
Pikirlere çümüp barşyma, öýüme nädip ýetenimi hem bilmän galypdyryn. Wagt öýläne golaýlapdy we irdenki çykyşymdan özümi has ýadaw duýýardym, “indi bolandyr, görenlerim hem ýeterlik”-diýip öýüme girip girmänkäm, bütinleý gara eşige bürenen adamlary, meniň gapymdan topbak- topbak bir zatlary alyp çykýanlaryny görüp men, “Bu ne boluşlyk?!”-diýip olara gazaply gahardan dolan sesim bilen gygyryp başladym, emma olar özlerini şeýle parahat alyp barýardylar, hamana men ýok ýaly, men aslada olaryň adyny tutmaýan ýaly, ne jogap berdiler, ne-de seretdiler. Bäş-alty adamyň çykaryp ýerde zyňanlary asyl meň öýdäki kitaplarymdygyna gözüm ýetip, men olara ýapyşdym, emma iki adam meniň öňümi ýapyp, meni sakladylar, beýlekisi bolsa olaryň üstüne bir sowuklygy guýdy-da, kükürt ýakdy. “Benzin!”-diýip ahyr men ümür basan beýnime pikir urdy, çöp atylan wagty gyzyl ot ýalyn bolup meniň barja kitaplarymy ýakyberdi. Men bolsa olaryň elinden bar güýjüm ulanyp dyrjaşyp sypjak bolýardym, emma güýç galmandyr, ahyr barja kitaplarym köze öwrülenden soň, olaryň özi meni goýberip, gara maşyna sessiz münüp gitdiler. Men ylgap,dyzyma çökdüm-de gyzgyn közüň galan gaçaklaryndan birje kitap bir ýanan däldir diýen umyt bilen dörjeleýärdim, ellerim ýanyp bişirip hem barýan bolsa, balagym hem köze süýkenip deşilip, eýýäm hamymy ýakyp barýan hem bolsa men durmadym, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Mollanepes, Ezizow,Kerim Gurbannepesow, niçe dessanlar, goşgy ýygyndylary…meniň näme üçin şeýle kösenip gözleýşimi ilki özüm hem düşünmedim, emma birden meniň kelläme şeýle gorkunç pikir geldi: “Eger ýaňky gara eşikliler, şeýdip hemmeleriň kitaplaryny ýakyp ýören bolsalar, onda megerem meň kitaplarym iň soňkylarydyr” şol sekuntda köze gara bolup ýanan elim bir kitaby syzdy, elime alsam Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy, agyry ýatdan çykyp begenip gitdim. Men şu wagt hiç zada düşünemokdym, emma ýüregim syzýardy, näme-de bolup geçýän bolsa, men buny dyndyraryn, bu dumanlygam ýok etdirerin. Elimdäki gudrat bilen ýanman galan soňky kitap, maňa üýtgeşik güýç berdi: “Siz entek meň bilen hasaplaşarsyňyz, sen, hawa sen”-diýip men däli kimin meni gurşap alan dumanlyga ýüzlendim, “senem ýogyň çekersiň, bu meniň şäherim, meniň dünýäm, seň bu ýerde işiň ýok”. Men içimde dörän täze ynam bedenimede güýç berdi, meniň üçin bolmajak zat ýokdy, adam ýüreginiň kökünde her kynçylakda bütin ömri gizlenip oturan Ynam, meniň ýüregimi bütinleý gabapdy, titreýän dodaklarymdan: “Ah, sen duman, senem bir wagt gitmeli borsuň!” –sözler bat bilen çykyp, ümsümligi bozdy. Birdenlik bilen üflän şemal hem meni goldaýan ýalydy, men hem ýaralanan ellerim bilen kitaby gysyp, ynam we dumanlyk bilen ýeke ýalňyz köçaniň ortarasynda galdym.

Telpekler (4 kisiden 16 sany)

Bu yazgi ucin

  • Hatyja 5 telpek goyyar we yazyar: "uytgeshik :) Berekella!"
  • Harezmi 3 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme. Dili diysen cheper ulanypsyn."
  • Tahyr2005 5 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Galamyn otgur bolsun!"
  • vVv 3 telpek goyyar we yazyar: " ."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hekayan yarysyndan

Hekayan yarysyndan köpüsünü okadym. Yekeje zat diyesim gelyar: gaty çeperçilik bilen yazilipdir, türkmen romanlaryny okan yaly boldym. Yazaryn özi hem romanlardan köp okan yaly. Kawagt "Allajanlarym" sözünü hem goşmaly eken:)

Yöne toslama/fantaziya roman/film halamamson doly okamadym.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Amanmuhammet oran minnetdar,

Amanmuhammet oran minnetdar, mende size sheyle sorag bar, eger men yokarda toslama diyip bellap gechemsong doly okamadyngyzmy? okanyngyzda gyzyk doretdimi? yzyndan name bolyanyny bilesingiz geldimi?
bizing edebiyatymyzda cheperchilikli yazyan yazyjy kan, emma umumy gaty gyzykly hekayalar romanlar gaty az, hemmelering gownunden turyan romanlara asla yok yaly shu wagt edebiyatda...
_____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

Senin hekayany okap

Senin hekayany okap başladym, yokardaky zatlary yazanyny okamadym. Başda şeyle gyzyklydy, birem yazişin owadan bolanson has gyzykly boldy. Ortalaberemde, toslama yaly gelip başlady. Son yokaryk seretsem, chyndanam şeyle eken. Dowamynam okamadym:) Gaty görme, fantaziyalar hiçhili ünsümi çekenok. Yöne köp kişi gowy göryar..

Harry Poter, Lord of the rings yaly kinolary görenlerinde gaharym gelya:)

Chynymy aytsam men edebiyat kitaplaryny gaty kiçikam(6. klas) okayadym, kan okayadym, gyzyklydy. Yöne indi okamok, sebabi sowetlerin propagandasyny, ya da shuna menzesh zatlary görsem jynym atlanya.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Hekayang gaty gyzykly we

Hekayang gaty gyzykly we chunnur oylanmalara esaslanan, bu bolsa sening durmush barada chunnur oylanyandygyny we kalbynda nahilidir bir belent zatlara bolan gozlegingi gorkezyar!

tuweleme!

Leyla, hekayany doly okadym we chynym aytsam gaty haladym. Oya batyrdy :) malades! Fantaziyanam, dile cheperligem, hekayada yagdayy her detaly bilen beyan etmegi gowy basharanson okap gidishime goz onune getirmek hezil berdi :)
Gelejekde uly bir zat edip chykarjak bolsan hekayany tejribeli yazyjylara gorkezip hem maslahatlashsan gowy bolar. Yonekey audience’den biri hokmunde, men maslahatym bulary duyshunde goryan yaly edip yzynam dowam etmek islegin bolsa etdir diyjek. Okadygyncha sony name bolarka diydiryar. Sonyny bolsa gelejekde boljak zatlar hakynda gidip duysh bilen baglanshdyrsan...

Adyn Leyla bolsa menem sana,

Adyn Leyla bolsa menem sana, azajygam bolsa gorenje kemciliklerimi acmagy makul bildim! Birinji bilena, opisaniya yagny bir zady sypatlandyranda uzak wasp yagny uzak yazgylar bilen yazyan, bu bolsa hekayany okayan adamyn icini gysdyrar, menin pikrimce eger gysga yone tesirli sozler bilen sypatlandyrsan hasam ozune cekiji bolar hekaya. Onsonam hekayany duysh edip ulansan gowy bolarmyka diyyan, yogsa geljekde boljak zat yaly edip alsan yalnyshyn kop bolar sebabi fantaziyalar realistiki dunya bilen utgashman bilyar. Eger sen shu hekayany duysh edip alsan we shol oglany oyananyndan son geljekde sheyle yagday bolup biler, biz oz milli hazynalarymyzy yitireris eger bashga dowletler yada bashga bir guyc bizin taryhymyzy elimizden almaga synanyshar shonun ucin menem bu gymmatlyklary yitip gitmez yaly yer yuzune yayradyyn, ahli adamlar bu gymmatlyklar bilen habardar bolsun diyip oylandyrsan we shona gora dowam etdirip gahrymanyna taze adventure(bashdan gecirmeleri) tapsan gaty gyzykly boljagyna ynanyan. Galamyn yiti bolsun uyam!

Yalngysh! bu yerde target

Yalngysh! bu yerde target topic eyyam Duman, Ümür hakyda gityar. seng opisaniya diyyaning maksada yetmek üçin ulanylan tool talde maksadyng özi. shong üçin ol ok
ikinji tarapdan bolsa aytyanyng dosgry real dunya bılen baglanyşygy yok yöne hekayaang hokman real dunya bilen baglanyşygy bolmaly dala. bu eyyam fantastiki hekaya
Meng aytjak zadym Belle name üçin Magtymgulyng kitaby diyding, hatda name üçin Kitaplang yazyjysynyng adyny tudyng, bu seni Ametour görkzipdir, goy ol yerde kitaplang arasynda başga sungat eserleri, bolsyn, ol odyng içinden çykaran kitabyng hem okayan adamyng kellesinde sorag bolyp galsyn, islan özününg ing halayan yazjysyny göz öngüne getirsin.
Odyng içinden Magtymgulyng özi halas edip bilmedi kitaplaryny:) onam:
-gyzyl başlar gelip weyran eyledi
diyyar özi:) gysgachasy tuweleme, öz edip bilmeyan zadymy etyanlere hormatym chaksiz. bu yazanlam seng üçin bir kemçilik dal dinge meng pikirlem, belki hem meng pikirlem kemçilikdir:):

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy maslahat!"

Aslynda edil siziň

Aslynda edil siziň pikiriňiz meň kelläme-de geldi. Düýn şu ýerik goýmakam bir gözüm aýlaýyn diýip ýene okadym welin, soňundan pikir etdim? Näme üçin Magtymguly? Men özüm Ezizowy ondan gowy görýän...soňam hany durubersinle diýdim, Magtymgulyny has gudratly gören bolaýmasam. Siziňkem gowy pikir ýagny okaýjylaň özlerine goýsam, bilmedim, hany başgalar bilen hem maslahatlaşaýyn. Ýöne meň kelläme şol gelmändir Magtymgulyň özi real durmuşda halas edip bilmedi, emma bärde hemme zadam halas edip bolýar :D
onsoňam gaýtam şu durşy adamalara "ynam" diýilýänini bermezmi? "weýran eýlelneni" halas edilip?!

Wagt tapyp jogap bereniňize

Wagt tapyp jogap bereniňize minnetdar.
Suratlandyrma hakynda, häzirki köp ýazyjylaryň ýazyşy ýaly "milnaýa opera" ýa-da bir zady uzaga çekmekligi men näçe aýlanyp geçip bilsem, gysgaldybildigimdem, gerekmejek ýerleri aýyrýan. bu bir garalama üstünden geçip ýene bir zatlary aýyraýmagym mümkin, emma käbir detallary gaty gerekli soňundan. şu wagt pikir ediň otyryn şuny aslynda "prolog" edip ulanyp dowamyny ýagny mudan öň näme boldy, beýle zatlara nädip ýetildi? diýen ýalyrak soraglara jogap edip.
bolmanam men muny geljek bolan zat hökmünde edip alsam-da "Allajanlarym bular ýaly zatlar bir bolmawersin" diýjek. Onsoňam geljek barada edip alsamam , meň maksadym; " okaň şuny we geljek siziň eliňizde giç bolmaka düzediň" diýmeklik.
ýene goldaw üçin minnetdar.

Belle tuweleme fantaziyan

Belle tuweleme fantaziyan guychli eken. Pikir edisin, sahnalary suratlandyryshyn gaty gowy. Bu hekyani powest hokmunde alip durmush bilen baglanishdirip bilersin. Wakalary urush dowrunden edip misal alip bileris.
Icine goshan kabir duygularin gowy. Meselem dash toweregindaki bolup gecyan erbet wakalara ginanma, bashga birinin gowulygyny pikir etme (altruism).
Mana gora hekayanin bolan dowrunde hokumetin adamlary hakimiyet dushmani hokmunde kabir mashgalary tussag edyar :) Muna da dowletin gadagan yglan eden eserlerini saklamak, halk arasynda yayratmak yali zatlar sebap bolyar.
Bir halamadik yerim sonunda dumana geplemegin :)
Geljekde ustunlik hemran bolsun. Inlische aydilisi yali "Keep it up".

Oran tasirli yazypsyn,

Oran tasirli yazypsyn, Leyla! Bashda bu hekaya meni basdy (yone hemme emosiyalar pozitiw bolmaly dal-a!). Okanymda "Robinzon Kruzo" eserinin yazylysh stili yadyma dushdi. Ol eser hem toslanyp tapylan, yone konkret faktlaryn, takyk suratlandyrmanyn usti bilen okyjyda reallyk duygusyny doredyar. Ondan tapawutlylykda sen duygylary hem okyja gechirmegi basharyan.
Hekayany gutaran gornushinde ulansan hem bolar (eger-de yzygiderliligi bozyan kabir wakalar ayrylsa), sebabi in sonunda gahrymanyn kitap bilen galmagy dumanyn anyrsynda bir yshygyn bardygyny anladyar. Kitap bilen ol hokman yoluny tapar, sebabi dushnushime gora, bu hekayada gytaklayin many hem bar. Oglan oz yolundan azashypdyr, ona maslahat gerek, ona yolgorkeziji gerek - kitabam shol maslahatchy.

Belle, tuweleme, dilinga

Belle, tuweleme, dilinga gaty cheper eken...
teswirinde hekayan manysy, dowamy barada pikirler islapsin. entega gyzykly gidya, emma, men pikirimche beyle dowam etsen duysh goren yali edip bolmaz, fantaziya bir hekaya bolaymasa. gowysy birinji pikirinde gal.
"yankylan hemmesi duysh bolup chykyar. oyanyar, yonekey durmush dowam edyar, emma bir gun dejavu goryan yali bolyar. durmushynda bolan zatlar ona bir zatlary yadina salyar. ichinden bir duygy, ona, bir erbet yagdaylaryn boljakdygyny syzdyryar. son yurdunda urush turyar, hemme yer apy tupanlyk, hemme yer tusse... gorup otursa duyshunde goren hemme zatlar bir-bir hakyky durmushda dush gelip bashlayar. dushman obany basyp alypdyr, bomba patlamalyryndan ust bashy yirtik-yirtik bolup galan, ach suzsuz yoldaky ynsanlar. taryhy eserleri(shol yerde kerim aga bilen Ezizowyn yerine has taryhy shahslary goysan, sssr dowrunden bir yatlama kitaby orta chykardy) yakyan komunistler... "
ay garaz menem pikirimde azashyp gitdim, yene-de siz menden has tejibelisiniz, dowamyny has hem gyzykly edersiniz diyip umyt edyan. menem name, pikirinizi yazin diyeniniz uchin yazan bolaydim...
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

Menem bir wagt hekaya

Menem bir wagt hekaya menzesh zat yazipdim:Durmysh barada oylanma

Telefonymdan dinleyan aydymym ruhymy ynjaltsa da, gonshy chagalan etyan gohy pikir etmekden yana halys bolan beynimin mazasyny gachyryar. Mydama bolşy yaly, yalnyzlyk possynymy geyip, G.Ezizow aytmyşlayin pikir ummanynda akyl gaygym bilen siyahada çykdym...

Her adamyn içinde çagalykda guyilan pakligin, arassalygyn, sadalygyn durmyshyn ikiyuzliligi, adalatsyzlygy, zalymlygy bilen yüzleşende kirlenişi yaly bu dünyan lezzedini sonky damjayna chenli sormak isleyan ölümin, gam-gussan yüzüne jak-jak edip gülmek isleyan dali göwnümi durmysh baradaky, ölüm baradaky, dünya geliş maksadym baradaky pikirler kirledyar, suyjisine awy goşyar...

Bir tarapdanam pulyn, şöhradyn ya da başgacha aydanymyzda haywany isleglerimin yzynda ylgaman, dünyan geroin yaly özüne chekyan humaryny bir tarapa zynyp kawagtam bolsa öz ruhym-öz "egom" bilen yüzlenşip bilyanime begenyan...

Bir gün bu durmysham çilimin sönüşi yaly sönip gider. Yöne çilimden tapawutlylykda by durmysh gulduren wagty enanin öz oglunyn öyleneni göreninde göz yaş döküşi yaly göz yaş dökdürtya, agladanda bolsa söyyan adamynyn söymeyanligini anyklan adamyn ajy yilgirşi yaly yilgirtyar. Şeyle hem çilimin keypini alyp bilmedik bolsan ikinjisini otlap bilersin, yöne durmysh 2.sapar berilmeyar.Hawa bir gün bu dünya çilimin önüşi yaly sönip gider. Durmyshyna many goşmak uchin eden zahmetlerin, garşydaşyny yok etmek uchin atan töhmetlerin barysy yok bolyp gider. Düşünyanmi? Yok bolyp gider. Şahyr aytyara: Adam bolmak ansat zatdyr öydipmidin?
Söymeli daldigini bilyan adamyny söyyan wagtlaryn bolyara? -Dine şol diyip uryan yüregini yirtim-yirtim edip zynasyn gelyan wagtlara bolyar-a? Men yagdayimam edil shonky yaly. Beyleki maddalar uchin dunyanin dartysh guyji 10 Newtoon bolsa, dunyanin bu dartysh guyji adam uchin belki milyonlarcha newtondyr...

Yüz gaygygym yüz, belki bir gün hakykar atly adajyga bararsyn. Herna gark bolmayadyn da!..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

hekayan hekaya bolupdyr,yada

hekayan hekaya bolupdyr,yada ertekimi!!!:)

...

Goryan welin bu hekayany(toslamany) menden bashga hemme kishi halapdyr oydyan. Mena
dogrysyny dogry aytmakchy doly okaman at dakmayyn diyip zordan ozume zor salyp
okadym. Gayrat et biraz gyzyklyrak yaz ...

  1. Kichi detayllarda kop duryang shong uchin hekayang doly manysyna dushinmek kyn dushya(Dogrymy aytsam entagem dushinmedim)
  2. Ing bolmanda hekayang adyny gowy sech...Turkmenchede dumanlyk diyip soz
    bardyr oydemok. Belkem diyjek bolyan zadyng umurdir.
  3. Birem hekayadaky gahrymanyng pikir edishi oglanyngka hich menzanok...

Men bilshime gora umur

Men bilshime gora umur bolanda shaherin/oban ichinde, yagny duz meydanda howanyn agymtyl bolup durmagy bolyar, duman edil shol zadyn dag bashyndaky, has goyi halyna diyilyar.
Yagny, ol soz turkmen dilinde bar.

Daglar başy duman, duman
Yar gelyale Bibijan

diyip aydyadykmy kichikak ? :)

...

Duman sozune sozum yokda,prosta bir hili dumanlyk diyilya welin,kan gowne jay bolman duran yaly...Ay belkem Maryda bardyr...

men ilki şu sözi

men ilki şu sözi soraşdyryp gözleşdirdim, Maryda aslynda köplenç "ümür" diýilýärdi, Aşgabatly bir joramdan soradym welin olam aýtdy men-ä beýle eşidemok "duman" diýýärlerdämi...umuman ýene soraşdyraýaryn-da...bu bir garalama...
____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "!. ..."

Mergen wrote: Daglar başy

Mergen wrote:

Daglar başy duman, duman
Yar gelyale Bibijan

yar dal, "yel gelyale Bibijan" diyip aydylyady.

Wiii... Oylenmeli wagtym

Wiii...
Oylenmeli wagtym gelipdir oydyan "yar" dagy diyip goshupdyryn welin :)
Dogry aydyan, "yel" bolmaly shol yerde. Yazanymdan son 1 goz gezdirenimde genem gordumle "Yar gelip baryan bolsa, Bibijan kim ? Bibijan yar dal bolsa, onda namesika munyn ?" diyip :)

hawa

Bibijan oz adyndan hinlenip aydyar. Dumany, dagy, yeli guli wasp edyar..yar bolup-da ona tarap gelen bolsa “yel..” diyman “yar gelyale” diysede diyerdi.. yone beyle dal.

Oz-ozune Bibijan diyip durmy

Oz-ozune Bibijan diyip durmy ol ? Bula birhili bolyalay :)

ady sheyle bolsa birhili

ady sheyle bolsa birhili dal, mergencan.

Menin adym mergencan dal, ol

Menin adym mergencan dal, ol 1 ulanyjy ady, "mergen" eyyam alynan bolany uchin shol wagt kabirlerinin shey diyip yuzlenmeginden yola chykylyp goyulan "lakam", we men hich yerde "Bu examena govy gechdi Mergenjan", "Paheyt Mergenjan, sheyle-de bir zat edilermi" diyen daldirin :) Men problema edyanim oz-ozune jan diyip yuzlenmegin, illerin bey diymegi dal. Ady Bibijan bolsa bashga, yone bizde "Bibi" diyip goyyalar, jan'lysy yadymda dal, ony soygulap aydyan adamlar goshaymasa.

mergencan at bolan bolsa bash harp bilen, Mergencan ya-da Mergenjan diyip yazylardy!

...

hawa, bilyan diyishin dogry. men ony yazyp oyun etjek boldum, woobshe bashga zady yazypdyryn. yalnyshdym.

Hekaya

Leyla Hekayan gowi eken. Yazanlaryna seretsen entek yazcaklarin kan boljaga menzeya. bu dowurde Turkmen gizlari kan edebiyat sungat bilen aralarnyn yokdygny goryan belki men yalnishyandirnam emma shu gune chenli Turkmen gizlarnin yazan zatlarnin ichinde in govnumden turani senki boldi. Kop sagbol biz bilen paylashanin uchin.

Näme barada

Hekaýany doly ýazmazdan ozal, näme baradadygyny gysgaça beýan etseň gowy bolardy. Ýogsa munçany okamaga mende-hä wagt ýok. Gowy bolandyr diýip umyt edýän.
"Dewam et" diýýärmi?