Gözelligiň sungatyna çäksiz Aşyklaryň topary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Türkmenistan'da dizaýn senagatyny döretmek we bu ugur boýunça kämil derejä ýetirmek - WATANYMYZA EDIP BILJEK IŇ OŇAT GOŞANTLARYŇ BIRIDIR!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hawa, Tm yokary okuw

Hawa, Tm yokary okuw jaylarynda hem dizayn ugurly bolumler achylsa, sungatyn osmegine uly goshant bolar. Barde sheyle bir talantly yashlarymyz bar. Milli sungat bilen modernizmi garyshdyryp gor nahili shedewrleri doredip bolar!

MILLI ÇEPER BEZG IŞLERI ýa-da MILLI DIZAÝN FAKULTETI

Sagbol, Mähri! Siziň diýseň inçe pikirleriňiz bar! Sizde döredijilik ukybyňyz, sungata bolan höwesiňiz bardygyny subut etdiňiz! Size telpekden has, ýakymly ysly terje bir bägül çemeni !!!! Sag boluň!

Thanks! :) Sungat adamyn

Thanks! :) Sungat adamyn doreden in belent zatlarynyn biri. Bu talant Hudaytarapyn berilyar, shol ish bilen meshgullanyanlara-da ayratyn sarpa goyyan. Bilshime gora, turkmenler Parizhde, Germaniya-da gechirilyan suratkeshlik yaryshlarynda bayrakly orunlary eyeleyar?!

SÖZ hem GÖZELLIK SUNGATYNYŇ waspçysydyr!

Çeper bezeg işleri bilen meşgullanmagy diýseň höwesi bar emma elinden gelmeýär, ýagny ukyby ýok. Muňa garamazdan çeper bezegiň gözel waspçysy bolmak - özüňi dizaýner hökmünde garap biler. Çünki dil bilen suratlandyrmagy başarmak hem ak kagyza bir sungat eserini döretmek ýalydyr!

ÇEPER BEZEG IŞLERI ýa-da

ÇEPER BEZEG IŞLERI ýa-da GRAFIK DIZAÝN - "AŞYKLARYŇ TOPARY" bolsa menem hatara goshulyan :) gozelligi, sungaty soymeyan barmyka.

Turkmenistanda Cheperchilik Akademiyasynda fakultetlerinin birinde yalnyshmasam dizaynerlik sapaklary gechilyar.

HATYJA seslenip...

Salam, Hatyja! söýmek bar "söýmek" bar. Bähbit gözläp söýýänler köp, yhlas edip, bähbit däl-de ruhy lezzet almak üçin söýýän azmyka diýýän.

Bir-em ol ýer-de kanagatlanar derejede ýok, ýagny döwrüň talap edip biljek kriteriýalara eýe bolan çeper bezeg sungaty - 3D grafika we animasiýa bilen reklam rolikler, klipler, multfilm hem-de kino filmler ýaly...

+++++++++++++++++++++++++

Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

Aleykum Salam! dogry

Aleykum Salam! dogry bellediniz, yone bahbit uchin soyyanler bu sungaty soyyandiklerini anladanoga, dine shon arkasynda yatan bahbidi..

Şu wagt Puşkiniň bir

Şu wagt Puşkiniň bir aýdan sözleri ýadyma düşdi, ol aýdypdyr "Men özüm üçin ýazýan, emma pul üçin çap edýän". her hili ýagdaý bolýar-a, hawa menem goldamok diňe pul diýip ýatanalary ýa-da käbir eserleriň aslada pul diýilýän zat bilen deňeşdirip boljagyny, emma olaram adamlar-a, çaga eklemeli, iýmeli içmeli...
_____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

HER NÄME-DE BOLSA....

Her nämed-de bolsa ruhy bilen syzyp söýýän adamyň öz döreden eserini pul bilen kesgitlemýär, ony diňe pylança baha diýip, baha kesýän kişi öz işiniň gymmatyny kesgitleýär hem-de çäklendirýär.

Söýgi bulam bir sungatdyr, ony päkligi bilen kesgitläp bolar!

-----------------------------------------

Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

Gözellik, Sungat…… bular ynsan ýaşaýşynyñ özeni ahyry…!!!

Gözelligi, sor bagryña-öýkenñe,
Söýülseñ söý, söýulmeseñ süýkenme.
Söýgi hem goşgudyr,[sungat] kişä öýkünme,
Öz möhrüñi, öz közüñi goýup git!

Dogry, söýgi sungatdyr – sungatam gözellik….
Hmmmmm…. GÖZELLİK – SUNGAT – SÖÝGİ – DUÝGY …....
biri-biriniñ içinden eriş-argaç bolup geçýän, birisi beýlekisine berk bagly bolan barlyklar…. bolaýmasa?! Ynsanyñ içindäki ‘ol’ inçe we näzik DUÝGULARY oýarmak hem döretmek üçin SÖÝGİ, söýgini gazanmak üçin SUNGAT, sungaty döretmek üçinem GÖZELLİK gerek we ‘Ol GÖZELLİGİ’ her bir ynsanyñ on iki süññi bilen duýup bilmegi gerek. Ynsan – ynsana meñzemez, her bir ynsan aýratyn bir dünýädir. Şonuñ üçinem her bir ynsan ‘O GÖZELLİGİ’ öz dünýäsine görä SÖÝMEGİ başarmaly.

Salam, Dilber!

Salam, Dilber! Seniň diýseň şahyrana pikirleriňe täsir galdym. Aýdylan her sözde bir many bar. Seniň şeýle inçeden çuň pikirleriň adamy pikir ummanyna batyrýar. Çyn sungat - çyn söýgiden döreýär, sen hem özüňçe bir sungat eseriň eýesi bolmaga çalyşýaň, bu hem başardýar. Sebäbi her sözüň yzly-yzyna tirkeşip bir sözlem getirmegi, ýönekeý sözlem däl-de adamzadyň ýüregine öz mynasyp ornuny tapmagy, eýsem bu sungat dälmi? Her bir adamyň, erkek bolsun zenan bolsun, mydama ruhy teşneligi bardyr. Ony aýdym-saza hiňlenip, edebi-çeper eserlerden gözläp, derdini diňlejek biri bilen paýlaşyp ýa-da ýatlama-arzuw hyýallary bilen ýeke galýar.
Garaz aýdara diýseň zat kän, onuň üçin seň aýdyşyň ýaly "her bir ynsan aýratyn bir dünýädir". Aýratyn dünýä bolsa-da meňzeş tarapy köp bolan dünýäler-em az däldir. Sag bol!

********************* +++++++++++++++++++++++++ *************************************************
Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 5 telpek goyyar we yazyar: "Dayawja ekening!"

Aýdaly, goý, seniň

Aýdaly, goý, seniň diýeniň bolsun :)! Ýagny, gaty meňzeş taraplary köp bolan ‘dünýälerem’ bar bolsun. Aýtjak bolýanym sadaja, ynsan ‘duýgulary elmydama-da erkin emma ony, oňa meňzeş duýgular bilen ‘purs@dynda ‘ :) duýup bilýanler az :).

MUŇA DURMUŞ DIÝERLER!!!

Salam, Dilber! Duýgy hiç haçan erkin bolmandy, bolmazam. Dilber, Seniň duýgy meselesi duýgylandyrmagy meni diýseň ünsümi çekdi. Bu duýgy diýilýän zat bir galaktika bolmasa-da kiçi bolmadyk mesele... Şonuň üçin durmuşyň soňuna çenli ýaşap hem bu barada göz ýetirip bilmän geçýärler. Bu dünýä tegelek bolşy ýaly, onda bolup geçýän (durmuşda) hadysalar hem aýlanyp gaýtalanyp dur.
Duýgy eýesi bolmak, birine bagly bolmak diýmek. Sen duýgudaky erkinligi nädip görýäniň meni haýran galdyrýar. Meniň Seni düşünişim boýunça duýgylar çatrygynda duşuşmakda iş bar diýsene, eger bu çatryk her kime elýeterli bolsa-dy onda her kim bagtly bolardy. Bagtyň gadyr-am galmazdy... ;-)
Bu duýgy meselesinde gizlinlik bar... bu bolsa Allatagalla aýan, bize däl. Bize galmandyr muny çözmek, bolşuna görä hereket ederis-dä. Haýyrlysyny Ol bilýär!!!

Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat2009 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek"
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "bagana"

“Bu bir durmuş munda kän

“Bu bir durmuş munda kän zat bolup dur,
Tiken gülläp otyr, bägül solup dur....” - diýýäňmi :-)

Dogry, belki-de men hemişe ähli ynsanlary özüň ýaly görmek isleýänligim üçin ýalňyşýandyryn....(ýalňyşýaryn hem :-((.)

ÇEPER SÖZLI BOLMASAM-AM...

Salam, Dilber! Men bu "Gözelligiň sungatyna çäksiz Aşyklaryň topary" temasyny dizaýnerleriň ünsüni çekmäge, çeper bezeg işleri bilen meşgullanýanlar bilen pikir alyşmak üçin döredipdim.
Eger bütinleý başka tema geçip giden bolsa belki, munuň-am bir sebäbi bardyr. Ynsan tebigatyny öwrenmek gyzykly.. Allatagallaň ýaradan iň kämili - ynsan beýleki ýaradylanlardan hemme taraplaýyn üstün çykýar. Her bir adam gözleri bilen görýän bu daşky gurşawy, aklyň seljerip bilşine görä döreýändir bu - düşünje, aňyýet. Şeýlelikde Seniň gözleriňdäki bu dünýämiz meniň gözlerimde tapawutly görünýär.
Eger Sen ýalňyşmakdan çekinýän bolsaň, onda maksadyňa ýetmekde azajyk kynçylyk çekersiň. Seniň köpmanyly sözleriňe düşünmekde kynçylyk bar, meger-em Sen oýnamak isleýän her oýnuňda utuşly çykmak isleýänligiňdir. Men hem öz är ömrümde köp ýalňyşdym, aldadylar-am, ýöne bu meniň maksadyma bolan yhlasymy birjig-em düşürmedi. Gaýtam meni öňkimden has-am güýçlendirdi. Öňüňden çykýan päsgelçikleri ýeňmekde öz tejribäň has-am artýandygyny öwrendim.
Saňa-da diňe utuşly oýunlary arzuw edýän. Dogry, Seniň garaýşlaryňda ýalňyş bar diýip biljek däl. Meger-em Sen "Akmak öz ýalňyşynda öwrener, akylly kesekileriňkiden" diýlen düşünjä eýerýänsiň...

-------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

hmm........ köpmanylylyk

onyna dogry.... ynsan yekeje söz bilen giden.... bir zatlary düşündirmage çalyşyar emma, garşyndakylar ol sözün münde birine-de düşünman, gaytam tersine başga bir manydaky zatlary düşünyar :((((....... bu yagday dine bir sözde dal sungatda-da... aydaly, bir ynsan ak kagyzyn yüzüne iki setir goşgy yazyar ya bolmasa iki-üç çyzykdan ybarat bir şekil çyzyar, şol pursatda şol ynsanyn aklyndan geçenlerini, düşündirjek bolanlaryny, başgalarynyn düşünip bilmegi gaty kyn... şonun üçünem ony her kim özüçe yoryar(belki aslynda has başgarakdyram)... şon üçinem ona gyldan inçe sungat diyilyar (son ony nadip görjek diysene:))... mana ya bolmasa başgalaryna utuşly oyunlary oynamak gerek dal... bu durmuşyn özi bir ullakan oyun:((( o ullakan oynun içndaki kabir kijijik oyunlary utmak başardar emma hemmesini...:)) her kimlere başartmazmyka diyyan...

... gul gul demish bulbul

...
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

????

Salam, Yhlas! Örän çuňňur manyly goşgy setirlerini bu foruma nagyşlabilipsiň, ýöne hiç zadyňa düşünip bilmedim. Bu setirler bir derdinmemi, bir öýkünmemi, näme?

Duýgyňy erkin goýber, ol öz "purs@t"-yny özi tapar...

Soygi dunyani

Soygi dunyani gozelleshdiryar, ruhun yitip, gurap gitmeginden gorayar. Hich zatsyz bolsanam, dunya malyna eye edyar! ah, duygy, soygi, dine saylanan, bagtly adamlara dush gelyar. Bu elhench ya-da ajayip soyga dushmakdanam gorkyan, dushman, duyman gitmekdenem gorkyan! Soyginin hemme ajayipliligini gorup, turuzyan apy-tupanyna duchar bolup, yuregini lerzana getiryan duyga satashanyn gowymy ya satashmanyn... megerem jogaby dine satashanson belli bolyandyr?1 sheyledir...

Myahri wrote: soygi, dine

Myahri wrote:

soygi, dine saylanan, bagtly adamlara dush gelyar.

Bu senin soygi sozuni kesgitleyshine gora uytgeyar! We soyen adam bagtlydyr, ya-da soyulen adam bagtlydyr diyibem bolmayar, sebabi bagtly bolmak uchin dine soymek ya-da soyulmek yeterli dal. Bey diyip bolmayan bolsa, onda ol adamlaryn niresi "saylanan" ? Belki soygusiz adam "doly" bagtly daldir, yone soyyan ya-da soyulen adam doly bagtlymy ? Garaz, bagt sozunin kesgitlemesi soygi sozinki bilen kesishsede, doly ichinde dal ! (2 koplugin "intersection"-y(kesishimi ?) boş dal, yone biri-beylekini "include" hem edenok).

...

Dost muny nadaydingay,soyging matematikasyny duzaydingahow...

1 hepdeden bari

1 hepdeden bari "Applications of nilpotent endomorphisms theory" sapagy boyuncha ish yazsan boljagyn shudyr :) Entagem kopluk teoriasyna girenje yerinde tashladym, yogsa soygi'n derejelerini, 1 govre'den 2-nja linear gechisini, haysy yercheken matrix arkaly gechyanini dagy analizlabermeli :))

dogry, hich wagt soymedik

dogry, hich wagt soymedik adam hem ozuni bagtly hasap edip bilyar, muna yalnish diyip bolmaz! yone soyga duchar bolan adamlar bagtyn chur depesine baryarlar, ekstaz duygusyny bashdan gechiryarler, bize ony goz onune getirmek mumkinem daldir belki :)!
Love will save the world!!!

Beyige chykmak kyn zat dal

Beyige chykmak kyn zat dal Myahri, asyl kynchylyk ol yerlere chykanson yykylman dagy durup bilmeklik, yogsa bu mesele dag'dan ozuni oklap, yere yetyanchan 2-3 minut ozuni dunyade in bagtly adam, belki-de 1 gush yaly duymaga menzeyar :) Yere yetyanchan belki hich kimin duyup bilmejek hezil duygylaryny duyyan, yere yetensonam....Hich zat duyanok :D Narkoman'laram yene-de sheyle. Belli 1 wagtlyk uchyalar, sonam gutilap gachyalar durmushyn hakykatlarynyn ortasyna.
Turkmenler "Onum bolandan sonum bolsun" diyyaler, shonun uchinem gysga wagtlyk dovam edip, kop keyp beryan soygi'ni duyup, sonam on ahyny-wahyny edip yoreninden, ol duygy bilen duybinden tanysh bolman, ahynam-wahynam chekman, bashga duygylar bilen kanagatlanyp yashamak has govy bolaymasa. Soygi butin omur boyuncha dovam etse, ona aytjak sozum yok, yone bolmajak bolsa, duymanyndan govusy yok bolaymasa.

bolan hekayany aydyp

bolan hekayany aydyp bereyin-söygi barada-

--- 1 dostum bar,türk kursdan 1 gyzam söyya emma oglan gaty utanjan bolany sebapli hiçzat aydyp bilenok,gitara öwrenip aydym yazyp yör...

gel ayt ayt diyip degnasyna degdik emma typp şol bolşy-daşyndan guwanyp yör,sona baka bizem bizar bolduk şol 1 aydymy aydyp otyr (5 sany aydym) , bizem kabir sapaklara 1-2 hepdelap durman 10 oglan dagy bolup okayas.
Günlerde 1 gün şol gyzyn yakyn dostlaryndan başga 1 oglana - gel gizlapjik kamera goyaly şol aydym aydan mahaly- diyip planlap yene bir 10 oglan wagtymyz kamerany goyduk,men bn 1 oglanyn habary bar,çay içişlikde aşyk oglan gitarasyny alyp başlady aydyma,sesi o diyen dal,bizem her yerden - boldy et başga zat aytda ayt,çalma gyza aydybam bilenok etc,şol gyzy sana dözemzok etc..diyip nalanyp başladym,elmydamada şeyle..

Aşyk oglanyn pinine dal çalya çalya,aytya aytya

Şeyde şeyde 1 ay gowrak son 4 sany ayry yerde ,park,klas,öy...kamera aldyk onam onatlaşdyrdykda gyza berdik(gyzyn dosty berdi,görkezdi).Sonam oglana aytdyk şeyle etdik diyip , oglan gaharlandy azajyk gygyryşan bolduk etc..Son oglan mejbur gyza aytmaly boldy , gyzam yok heniz dinlasim karar beresim gelenok,bolmajak zat diydi.=Oglan gynandy.
Oglan gynandy etc,yatdan çykyberdi,Kan gepleşmedilerem 1 ay yene gecdi.Bugün gyz gelipdir yanyna sonky exam...

Happy End bolaydy:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowydygyny :D"