Hachan siz bagtlydygynyzy duyyarsynyz?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar!
Shu gun dang bilen aynalary achyshdyryp, Kopetdagdan gaydyan ajayip howadan dem alanymda, yakymly yelin shuglasyny duyanymda, mawy asmanyng pakligini we arassalygyny duyanymda, ozuming nahili bagtlydygymy duydum! Yanymda agzybir mashgalam, saglyk-amanlyk, bereketli sachak, parahatlyk... Bu zatlaryng ahlisine men eye! Gor nahili bagt!
Gundogardan gun dogdy. Ashgabadym gunung yagty shohlelerinde gark boldy, kochelerde adamlar peyda boldy: olaryng hysyrdysyny synlanymda, yilgyrysh menden soraman yuzumde peyda boldy. "Name boldy?",- diyip, ozume sorag berdim. Yuregim: "Gorenokmy, hanha chagalaryny bakja alyp gidip baryan jubuti? Olar oran shadiyan, oguljyklarynyng ilkinji adimlerine guwanyp baryarlar!
Guluship gelyan iki jora seret! megerem olar mekdepde bolup gechen shadyyan wakalary yatlap gelyandirler!
Gongshymyz bolsa, ter gullerini suwaryp, olaryng owadynlygyndan lezzet almaga chykypdyr!
Her adam owunjak zatlarda oz bagtyny goryar! Sende-de kan bolyar-a! Ine yany daga seredip lezzet alyp, bagtlydygyny duymadynmy? Adamlaryn bagty hem seni bagtly etdi shu wagt!"
Hawa... men bagtlydygymy duydum! Shu adamlaryng bagty hem mening yuregimi bagtdan, shadyyanlykdan doldurdy!
Nemes filosofy Gegel oran jaydar aydypdyr: "Bagt bir pursatdyr!" Geling bu pursatlary kopeldeling!

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Ekzamenler gutaran wagtlarynda :("
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Sen cheper eser yazsan ustunlik gazanarsyn! "
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Sizing bir azajygam bolsa

Sizing bir azajygam bolsa gownuniz achylandyr diyip umyt edyan! Dartgynly we stress yagdaylarynda, keypinizin yok mahallary dash towereginize seredip, gowy zatlary gormage chalshyn, onson dunya sheyle bir ajayip gorner! :) Yilgyryng dostlar!

ey bara... gownum

ey bara... gownum achylmasyna achyldam velin yone ondanam has beter oyumi kuysedim diysem dogry bolar, gozum gitmanom baranok shu httu'da okayanlara...
hekaya
bir jurnalist uzak yashamanin syrlaryny owrenmek niyeti bilen yashulylardan reportaj toplayan eken. standart berilyan maglumatlar arak chilim yali zatlara uzak durdym, her gun irden ylgamana chykdym, suyt onumleri kop iydim... shuna menzesh zatlar eken. son bir 80i ashan bir yashulydan reportaj almana baranda velin ol yashulin jogaby sheyle bolyar:
-her gun irden oyanamda aynadan dasharyk seredip, isle howa yagyshly bolsun, isle garly, yagni howanyn yagdayina seretman Allama sheyle gowy gunlere yetirdigi uchin shukur etdim..!

shikayat etdigim bolmasyn, Allama mung shukur shu vagtky halym uchin...
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

...

muny yazmagyndaky maksat name?
laf bolsun torba dolsunmy?

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Gowja dolupdyr torba yone.

Gowja dolupdyr torba yone. Belkem eshidensing gowja bir hekaya shul hakynda. Birje yilgirish (gowy(pozitif) pikir Pollyanangky yali) gowy tasir edya.

********************++++++++++++++++
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Men şu wagt Tennessee

Men şu wagt Tennessee ştatynda, milli mekdepde. Şu gün geldik, ýadaw, bedenimiň her bölegi ýatasy gelýär. Amerikaň hemme ýerinden, top uniwersitetlerden ýaşlar bar. Begenýän.

Bir gynandyran zat, gaty dykylyp ýasalan grafigimiz bar. Özem bu otelde/motelde ýagdaý kän beýle gowy däl. Pullary özleri berip ýerleşdirensoň, aýtmagam kyn. Esasy kynçylyk, 2 oglan, 1 komnatda bir krowatly ýerde ýatmaly :D Ola diwanda ýatýar goňşy, sebäbi menden soň geldi. A beýleki goňşy komnatda bolsa bir gyz, oň otagynda 2 krowat bar :D Goňşysam ýok.

Ýaňy baryp ýuwaşlyk bilen çalyşmagyň gowudygyny kakdyrdym. Güldi goýdy :D Çalyşasy gelenok öýdýän :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ýöne beýleki tarapdanam,

Ýöne beýleki tarapdanam, bagtlydygymy duýýan :D
Seçilip şu ýere gelmek, onda-da otagdaşymdan öň gelmek :D Häzirem king size krowatda ýatyryn, beh, muň ýaly krowatda ýatsaň özüňi bagtly duýarsyňam. Hezillik.

Barselona hem Çempionlar Ligasyny aldy. Bir içimi ýakýan zat, olam kwartira tutup bilmänligim täze ýyl üçin. Onam bu programma gutaransoň, elim deger, şonda çözerin, nesip bolsa.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yanyngdaky oglany beyleki

yanyngdaky oglany beyleki jaya kowup gyzy yanyng chagyray:):) shonda geler:)

Bayram aga sizing bedeningiz

Bayram aga sizing bedeningiz bolek bolek yatyami? :)

__________***************__________
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

2 gün bari yüregim çalt

2 gün bari yüregim çalt uryan yaly bolup durdy.agzymdan çykayjak yaly bolyar - jasonyn knosyndaky yaly adrenalin uraydylarmyka diyip gorkup doktora gitsem,şu günler bolyan zat howadan diydi.yzyma münkür geldim.Yolda taze naharhana açylandygyny görüp-ay ölmakam keyp edip dykalayyn - diyip gitdim kebapdan 2 hilisini 5 tabakdan,iyip cola ,salatdan mazaly doyup galdym.Bugun irden arnold yaly turdum.Bagt!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Allajan seni Arnold yaly hergun turuzsun."

zzz (BAGTLY like when u get fully "OCB") :)):)) (oyun edyan :P)

Hachan siz bagtlydygynyzy duyyarsynyz? ::>
Salawmaleykim. (bu teswirim menin "banned" edilen wagtdan son)
Myahri agzamyz,Sen menin uchin birhelek komplkesli gyz. :P
indi bolsa soragyna jogap :> men ozumi EXTREME SPORT da bagtly duyyan. meselem: dagdan gaydanynda 500-600 km/p tizlik bilen ashak. yada parashutdan gaydanynda guychli tizlik bilen ashak. garaz hachanda NO CONTROL/EXTREME bolanda men ozumi gaty baglty duyyan. a galan wagtlam REAL! CONTROL YOURSELF! :)):))
ps: Myahri senin Skype contact'yn barmay? Senin bilen tanyshmak isleyarin. seni gyzykly gordim tmolympiad.org'a geleniiimden bari. :)
-----
see u, HOUSE

gaty gormesengiz men sizden

gaty gormesengiz men sizden bir zat sorajak ,
siz inglischani taze owrendingizmi, sheyle bir uly hat bilen yazyangyz welin , taze owrendingizmi? owreningiz bolsa gutlayan tuweleme ! yone indi bildik sizing inglische bilyaningizi , goyay indi kyn gormeseng turkmenche yazay eger kyn dushmeyan bolsa , ya entak hem bilmeyanler bar bolsa , onda bilmedim

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme suyji dil bn urgy diyyangmi?"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "selbishkam oňardyňeý şuny!!!"
  • asfod 1 telpek goyyar we yazyar: "agzynyn payyny beripsin"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Maladis!"

Men kompleksli gyz bolanym

Men kompleksli gyz bolanym uchin, sana ozumi mynasyp goremok! :)

Telpekler (8 kisiden 16 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "puhahahaha hany talibana yupjagaz tapyp berin asylmaga:):)"
  • metamorphic 5 telpek goyyar we yazyar: "...al gapagyny unutma taliban :))"
  • yhlas 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "daş etdin:)"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "yekeje sözlem bilen yaman köp telpek alypsyn..:D berekella .. "
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: ":D"
  • Moderator 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Ongardyngay shuny!"

Quote: meselem: dagdan

Quote:

meselem: dagdan gaydanynda 500-600 km/p tizlik bilen ashak. yada parashutdan gaydanynda guychli tizlik bilen ashak.

sen dogan; özünem taliban, samolyotlyja şol tizlik bilen white housea urdyryp gör. :)

________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bu bir PURS@T ol gaýtalanmajak pursatdyr

Idealist gyzlaryň pikirlerinden geçip biljek iň oňat pikirler. Arzuwsyz adam - ganatsyz guşa deňemegi ýöne ýerden däldir. Bu gözelligi görmäge eli degýän bar bolsa onda menden-em BEREKELLA!!! Durmuşyň syýrsyz ýüzüne seredip, daş-töweregimizdäki gözelligi unutdyran bu - DURMUŞYŇ, megerem muňa bir sebäbi bardyr-da?!

Sagbol! Kamahal gundelik

Sagbol! Kamahal gundelik durmushyn bashagaylygyna dushup, ownuk, manysyz (has belent zatlar bilen deneshdirilende) zatlary gaygy edip, ruhy shatlyk, ruhy kanagatlanma barada yatdan chykaryas. Kamahal dunya bashga-cha seretmek hemme gaygy-aladany unutmaga komek edyar!!

Bu PURS@T ol gaýtalanmajak pursatdyr

Her günümiz, her sagadymyz, her minudymyz, hat-da sekunt hem bir - purs@t'dyr. Düýnki göreniň bu gün tapylmaýar. Her kim durmuşyň ýumagyna çolaşyp - başagaýlygy bilen daş-töwereginiň şeýle gözelliginiň waspçysy bolmaga mümkinçilik tapanok. DURMUŞYŇ syýrsyz keşbine seredip, ýaşaýşyň lezzetini unutmaklyk - meger-em esasy sorag (mesele) budur! Adam özini bagtly duýmagy ýeke söz bilen düşündirmegi synanşsam - BAGTLY ADAM ÖZÜNI BAÝ DUÝANDA - BAGTLYDYR!!! (*Käbirileriň ýalňyş düşünmezligi üçin düşündiriş - BAÝ ADAM KÖP ZADA EÝE BOLMAN, AZ ZADA MÄTÄÇ BOLAN)

Aslynda bagt name? Doly

Aslynda bagt name? Doly kesgitlemesi barmy munyn?
Bagt diyen zat herhili yagdaylara göra üytgeyan zat.Men öz düşünjami mysalyn üsti bilen beyan edeyin.
Yaraman yatan keselinden gutulsa, özüni bagtly hasaplayandyr..
Yarindan ayrilan yarina gowuşsa,
Öylenip bilman yören öylense,
Çagasy bolmayanyn çagasy bolsa,
Okuwa girip bilman yören okuwa girse,
Öy alyp bilman yören öy alsa özüni bagtly hasaplayandyr..
Umuman Adamzat mydama arzuw bilen yaşaya. Şol arzuwyna yeten günem özüni bagtly duyyandyr, menin pikirime göra..

PS: Sçast'e prihodit kogda beda spit..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Her-kim oz arzuwyna yetsin!"

Cheper eser okan yali

Myahrinin yazgisini okamda cheper eser okan yali boldum. Gaty gowy wasp edipsin. Yaziji adamlar midama dashki sredany, ichinde yashayan sosial jemgiyeti gowy tanayalar we wasp edyaler. Senin bu dury pikir edishin we wasp edishin mana yazijini yada saldi :)

Lovermanin aydanlarina goshulyan. In sonki ekzamenimi yazan gunum ozumi bagtly duydum. Edil gush yali boldum. Yone bu yerde bagt "begench" sozi bilen manidash gelyar. Mana gora bagt birhili has uzyn omurli bir zat yali gorunya.
Men hachan ozumi bagtly duyarin? Ozume layik birini tapip agzybir mashgalam bolandamika diyyan.
Birem edil shu wagt wagtly wagtinda yatip tursam, wagtinda iyip ichsem ozumi bagtly duyjak :)

şeyle üytgeşik sözler,

sonky günler saydymyzda şeyle üytgeşik gözel edebi çeper waspçy :P sözler ulanylyp başlandy welin, özümi birhili gowakda yaşap yöran irki durmuş adamyna menzetdimay bar-a.. :)
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: ":)))"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "irki durmuş adamlaram eýle-de beýlede gerek :P"

Dusunmedim name diyjek

Dusunmedim name diyjek bolyan?
Menem her zatdan ozuche bir zat chikarmak isleyanlere gaty ginanyan :(

"gowy yazyanyz , tüweleme"

"gowy yazyanyz , tüweleme" diydigim şol. :)
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

kimileri tazeje ayakkap

kimileri tazeje ayakkap bilen mekdep gapysyndan adimini adende ozuni bagtly duyya.
Kimileri uniwersitete gidende ozuni bagtly duyya.
Kimileri munlerce dollara,euro`ya, Sterling`e eye bolanda ozuni bagtly duyya.
Yene ba$galary da isleg arzuwlarinda yeten her pellehanasynda ozuni bagtly duyya.

Durmu$da meni begendiren,ozumi bagtly duyan pursatlarim kop boldy Hudaya shukur.
yone in esasy pursatlaryn biri ozume tapan dowy dostlarim boldi. olar bn ozumi yaman bagtly duyyan diyip bilerin

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin!"

Gaty owadan sözler,

Gaty owadan sözler, Mähri...Köpetdagyň ajaýyp howasyndan dem alyp görmändim, emma işalla Türkmenistanyň ol owadan ýerlerine-de seýil ederis bir gün :)
Bu günler egzaminler bilen gaty başagaýdygymamy nämemi, ýöne stresda men-ä :(
Ýöne bir pursatlyk hem bolsa ýatlamalary dolandyrdy şu ýazgyň :)
...Daň atar welin Maryňam salkyn şemaly penjireden öwsüp ýüzüňi sypap tuzurar, daşaram gun guhluk( bolmasa haçan görseň uşaklar gohlap atyşdyky diýdi, gizlen peçek oýnap ýörendirler, ýa-da biri utulypdyr aşygyny berjekdälmiş, dawa turýar onsoň :P daň bilen bolsa o betçe çagalaram perişdejik ýaly eýjejik bolup parahat uklap ýatandyrlar :D), duýdansyzam azanyň sesi eşidiler welin ýüregiň giňär, durmuşam aňsat görüner, düýnki şoszuklyklar hem ýatdan çykar...şu ýerde bir küýsän zadym azanyň sesidi, gaty üýtgeşik owazy, zemin owazydy...
Kolorado ştatynyň hem gaty owadan tebigaty bar, şeýle ajaýyp...irden turýaň welin guşlar jürküldeşip ýörendir, howasam gaty arassa, daşyňam göm gök bolup dur, umuman şeýle gözellileri görüp näme üçin bagtly duýmajak diýsene?!
Ýene aýlanyp egzaminlere geldim :P dynsam girsem al asmana uçaryn men-ä :D
___________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Maryng salkyn shemaly uchin!"

Oyumiz yadima duship gitdi.

Oyumiz yadima duship gitdi. Bizingem obamyzda mesjid bar. Saher salkynynda hemme potrata gitmek bn bashagaydyr. Yash oglanlaram mallaryny akiderler. Ana bagtly gunler. Bashga name gerek?

**********++++++++++++++*********
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

sygyrdan yadap gelibem toy

sygyrdan yadap gelibem toy aladasy diyyanmi:D

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Toy

Toy aladasy?

+++++++++++**************+++++++++++
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Ine, Kolorado ştatyň

Ine, Kolorado ştatyň gözelligi barada-da bir goşgy:

Kolorado gözelligiňe meň gözüm gidýär,
Salkyn ýelleň, nurly günleň daglaryň,
Beýiklerden gaýdan ak bulutlaryň
Ýüregi joşdurýar ak umyt berýär.

Kolorado gözelligiňe meň gözüm gidýär,
Ýap-ýaşyl bolupjyk duran agaçlaň,
Şadyýan çeşmeleň, seň tebigatyň,
Her bendäň nazaryn özüne çekýär.

Enem janyň hüwdüsi deý ýakymly
Altyn güýzüň ýapraklary, sarysy,
Akja gyşyň şemalymy, garymy,
Her paslynda bir pozetiw tapylýar.

Inede, geçip gitdi ýowuz bulutlar,
Daglaryň depesin ýagtylandyryp,
Yz ýandan günjagaz ýylgyryp çykyp
Kitapdaky ertekäde meňzedýär.

Kolorado gözelligiňe meň gözüm gidýär,
Şeýle erkin, şeýle ajap tebigat
Şol erkin ýelleri syzan her kişi
Özüni azat hem erkin duýýar.

Kolorado gözelligiňe meň gözüm gidýär,
Emma kerwenimi tutmaly öýe,
Maňa ýakyn ýürek serpaýy çöle,
Öz ilimiň, öz ýurdumyň ýoluna.

Emma dolanaryn ýene duýmaga,
Seň beýikligiňi, owadanlygyňy,
Saçym sypar ýaly erkin ýelleriň,
Gözelligiňi gelerin men görmäge!
___________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: "Shahyranalygyn uchin!"
  • batyr64 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Tüweleme"

Goşgyn bu formasyny birinji

Goşgyn bu formasyny birinji sapar göryan. Üytgeşik kapiyasy bar eken.

PS: Menem Colorado State uni tabshyrdym, yöne reject etdiler:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

CSU Pueblo shaherde yone bu

CSU Pueblo shaherde yone bu yerde edil o diyen diymezdim, owadan dag zat bar,emma ine, tabshyran bolsangyz Colorado University at Bolder, ana ol shaher erteki :) girmegem gaty kyn :P
p.s. duzgun gora yazyp bilyanlerden-a dal men :P
_____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

CSU Pueblo biderek uni

CSU Pueblo biderek uni menzeya. Meni aljaklaryna garantiya berdiler. Yöne son birhiljek bahana bilen reject etdiler. Adymdan/familyamdan gorkdylarmy namemi:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Soutpark gorulyami Colarado

Soutpark gorulyami Colarado da? :) Olam Colarado da bolup gecyar. Icine seretsen ulanilyan sozler, sahnalar birhili haparakdir welin kabir hakikatlary oyun bilen gorkezyaler :)
Umuman Amerika tebigy gozellik berilipdir, men kop yerlerini gormedim yone gorenler hemme yerem owadan diyya. Amerikada okamagam bir bagtmika diyyan :) Gaty arzuw edyadim, belkem geljekde aspirantura nesip eder enshallah.

Birwagtlar tmolympiaddaky

Birwagtlar tmolympiaddaky gyzlar iş bolyady türkmençan işini görip:) Indi bolsa tüweleme gyzlar türkmen dilini çeper ulanypdyrlar weli begenip gitdim..

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Özüni bagtly duymak

Özüni bagtly duymak birhili beyleki birinin bagtsyzlygyndan peydalanmak yalylay?! Ya-da bagtly bolmak üçin ya-da bagtly duymak üçin belli bir wagt bagtsyzlygy başdan geçirmeli yaly, ya-da elmydama bagtyn gözleginde bolmalymy, yeten, gazanan bagtlaryndan has uly bagtyn gözleginde/ugrunda bolmalydyr?!, 5lik almak bagty, okuwa girmek bagty, işe girmek, öylenmek, çaga-maşgala, agtyk...we bagtly gitmek))

Bu ajaýyp ýaradylan

Bu ajaýyp ýaradylan dünýä gelmegiň özi we içiňde ýaşaýşyň bolmagy we iň esasy hem ähli ajaýyplygy ýaradan we iň gymmatly ýaşaýşymyzyň gözbaşy bolan we awtory bolan Ýaradany tanamak we Oňa uýmak bagtly bolmagyň özenidir!
Biz ynsanlar köplenç ýaradylan zatlaryň ajaýyplygyny, gowydygyny, lezzetini görüp olar bilen bagtly bolýarys, emma olaryň ählisiniň Ýaradyjysy Hudaýa sejde etmekdäki we Ony şahsy tanamakdaky hakyky bagtlylygy bolsa gözden gaçyrýarys we hatda ähli arzuwlarymyza ýetsek hem, dünýäniň iň owadan ýerlerinde gezsek hem, baýlyklaryna eýe bolsak hem, çuňňür bilimlere eýe bolsak hem kalbymyzda bagtsyzlygy we boşlugy duýýarys we ýene-de ol boşlugy birzatlar bilen doldurmaga çalyşýarys. Emma biziň kalbymyzy dolduryp biljek şol kalbymyzy ýaradan Ýaradanyň Özüdir! Muňa bolsa biz din arkaly ýada öz düşünjelerimiz arkaly däl-de, Hudaýyň Özüniň biziň üçin döreden Ýoly arkaly ýetip bilýäris! Her birimize şol Ýaradanyň Özüniň kalbymyza dolup berjek hakyky bagtlylygyny arzuw edýärin!

...

Turkmen dilinde beyle gowy yazyanam bar ekenay...

...

Mena shu surata serdemde-de nastroyenyam gowlanya

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "ak mayanyn yoluna döneyn :))"
  • diplomat2009 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Chaosy(turkmenche girdap

Chaosy(turkmenche girdap oydyan) yatladyalay munynga. Nahili nastroyeniyang baray seng?

**************************
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Hudaýyň ýaradanlarynyň

Hudaýyň ýaradanlarynyň ajaýypdygyna göz ýetireňde, Ýaradanyň iň ajaýyplygyň özenidigini görkezýär!
Mysal üçin hemmämiz Magtymguly şähryň goşgularyny gowy görýäris we olaryň şeýle bir çeperçilik bilen kalbyndan syzylyp çykan, şahyryň akylyndan ýaýnap çykandygyna göz ýetirýäris. Emma şol Magtymguly şähryň özüni tanamaga we ol bilen bile dost bolup aragatnaşykda bolmak mümkinçiligi bolan bolsa onda bu nähili gowy bolardy. Muňa meňzeşlikde şeýle ajaýyplyklary Ýaradany şahsy tanamaklyk we Ol bilen aragatnaşykda bolmaklyk bagtlylygyň we biziň kalbymyzy doluluga ýetmeginiň esasydyr! Şeýle aragatnaşykda bolmagy Ýaradan bize hödürleýär we bu aragatnaşyga päsgelçilikleri hem aradan aýyrýandygyny bize bildirýär. Bu habara hem Hoş Habar diýilýär.

ozumi bagtly duyup bilemok

ozumi bagtly duyup bilemok :(

nahar iymage pulym yok wagty

nahar iymage pulym yok wagty otyryp egzamenlara tayyarlanyan welin şol wagt çyndan men bagtly oglan diyyan:)

tüweleme

aslymarly wrote:

nahar iymage pulym yok wagty otyryp egzamenlara tayyarlanyan welin şol wagt çyndan men bagtly oglan diyyan:)

näme sarkazm edip ulandyňyzmy muny? garnyň aç wagt nädip okap bilýäňiz-aý?!
_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

kayarym jubumdaki songkyja

kayarym jubumdaki songkyja pulyma gidip nan alyan wagtym bolyar. shu yazgyny yazan wagtym hem pulsyzrakdym, ajyrakdym, nahar bishirmage yaltanyardym dashardan iymage pulym yetenokdy yone shondada sapak okap otyrdym:):)

Chilimi tashla Ashyr, shonda

Chilimi tashla Ashyr, shonda jubinde in bolmanda chorek pulyna bolar :)

ach bolsam sapak okayan

ach bolsam sapak okayan welin welin chilim bolmasa hich sapak okamoga:):) esasy zat ach galmak dalde esasy zat sapak okamak:)

Ay nabileyinda...Okalmadyk

Ay nabileyinda...Okalmadyk sapaklary bir zat edip okap gechersin, azajyk gich bolsa-da, yone oykeni tomus'da zatda tazesine chalyshyp bolanokda :)

Barde bizin ashpez'imiz chilimi tashlajak bolyar, ola ozuni nahara urdy, durman 1 zatlar iyishdirip yor :) Yone bashga ashpezimiz tashlady 3 yil on, olmedi ozem :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

oyun etyanlay menem giyjak,

oyun etyanlay menem giyjak, 2-3 gunlukde gowja sport eshikleri alyndym sport bilen meshgullanmak uchin, basym bashlajak sporta, shondan song chekjek dal taaa sporty tashlayancham:):)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Ustunlikler !"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "chilim yaly spordam tashlamak kyn bolaysady :P"

Aşyr men Facebookda govja

Aşyr men Facebookda govja video paylaşdym şu çilim çekmek bn baglanyşykly. Sanada şony görmegi maslahat beryan. Yöne mana gaharlanmaşak yok :D
---------------------------------------------------------
'' Bu günü düşünürüm, dün geçti, yarın varmı?
Gençligede güvenmem, ölen hep ihtiyarmı?''

eger shu wagt bolsa ejemi

eger shu wagt bolsa ejemi gorsem bagtly bolardym ,
hachanda okuw tabshyryp egzaminden gechsem bagtly bolardym ,
hemde shu Doktorlar serial yene dowam etseler begenerdim:D

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

...

seredyang için gysgyn, biderek moral, durmyshyngda uly bir boşluk bar...
şonda birden birisi yadynga düşüp gidya - ana şonda duyyan...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Ýa-da

Ýa-da biri düýşüňe girýär...

Müň işçiden bir başçy

Müň sözden bir hereket ýeg

Wapshe bagt name? Mena

Wapshe bagt name?
Mena bilemmok.

&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&&
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Ine şu pursat bagtlydygymy

Ine şu pursat bagtlydygymy duydum we Allajana şükür etdim beren ahli nygmatlary üçin.

***********************************
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Menin üçin-a bagt.

Menin üçin-a bagt haçanda şu Pendi sahrasina çikip ginden öykeni doldurip dem alip bilsem bolani. şuvagt dine şoni isleyan!

Bagt hakynda bally ada!

Haçan-da zähmet çekip, şonuň rehnedini görenimde.

________________________________
Agalar kirliniň messebi bolmaz!

Gozel tebigaty goremde,

Gozel tebigaty goremde, ozume yakyn dost yarlarymy, 6 yyl bari gormedik obama baramda, gun-achyk asman we yashyl yeri goremde,ozumin ahyry studentdigime, obshagada yashayanyma-da begenyan we bagt sayyan:)Allam mundan sonam hemmamize bagty duyup durmaga komek etsin

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "obshagada yashayanlang bagty ucin:):):)"

durmushymyz nace

durmushymyz nace kashkalerden doly bolsa-da entege hic "ah shol gunlere dolanyp barsadym" diyen vagtyma bolmady, elbetde ol gunlerin yene-de geljegine ynanyan...

dilegine de omin diyyan.
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.

shu goshgyny bir nache gezek

shu goshgyny bir nache gezek yazipdim, barik hem goyayin, tema degishli

ozunge gownung yetse
razy bolsan ozunden
bar zatdan gownung bitse,
gam bolmasa gozunde.

zergar dey dan gozleseng
ozung oz gylygyngdan
yamanlyk bir gormeseng
eden yagshylygyngdan

gul diyip ekenlerin
gyzgan bolup chykmasa
nosh edening sherbet diyip,
awy bolup akmasa.

razy eneng bolsa,
razy atang bolsa.
ustungde oyun bolsa,
astyngda atyng bolsa.

derya donen yurekde
joshgunyng-siling bilen,
toylar tutp yashasang,
mahriban iling bilen.

gije chyksang showure
asmanyng ayy bolsa.
derdingi bolushere
yureging tayy bolsa.

bakyp miweleringe
guwansalar "hut ozi".
hakyky dostlar dalmi,
bu gownung aydym sazy.

razy bolup zatdan,
armansyz gerip eling
gozleri guldurip,
uludan alyp deming
tep-ter yashyl otlaryng
ustunde arkan yatsang,
menem,asman,sen yaly diyip,
asmana habar gatsang...
____________________________
Hakydañda bolsun Hakyñ barlygy.
Ady dilde bolsun, hyýaly serde,
Biribardan gaýry sende hem mende,
Pena boljak yokdur ulaşsañ derde.