Aktiw Türkmençilik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Meselem täze bir edara düşdiňiz welin herkim Rusça gepleşýär. Indi sizem Rusçany gowy bilýäňiz diýeli, ýöne Watanyňyza, beýik milletiňize, dini-mubini Yslama we azatlyga söýgiňiz bar...

Hem birzat edip janyňy ýakman işlemeli, hem öz "atom bomba" Türkmençilik missiýaňy şeýle adamlaryň içinde ýerine getirmeli, olara Türkmençiligiň asyl derejesini we mertebesini duýdyrmaly.

Elbetde bu ýagdaýda, diliňi, taryhyňy, diniňi gowy bilmegem gerekdir. Ýöne men bir kiçijek täze termini goşasym gelýär - Aktiw Türkmençilik. Öz asyl missiýaňy hiç unutman, ýadaman, gorkman, her dogry ýagdaýda öz diliňde gürleşip we ýazyp bilmek. Köplenç dil bilinýär, ýöne gaýduwsyzlyk ýetenok (1-2 edarada gören ýagdaýym), aktiwlik ýetenok.

Entegem şu Rusça basylmagyň sebäpleri nämekä? Nädip ýok edip bolar?

Telpekler (8 kisiden 10 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Guycla guycli diymeli :) Dowam!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gyychli aktiw Turkmen bolmalyda"
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "gowja tema, rus gardaşlara giya seretdirmesen bolyar:)!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry!"
  • talyp 3 telpek goyyar we yazyar: "Dogry aydyan, aktiwlik, has takygy PROAKTIWLIK zerur!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Beh... yagday kynda... menem

Beh... yagday kynda... menem rus dilinde gurlap bilemson, kyn bolardy her kim rus dilinde gurleshyan bolsa. Belki olaryn hemme aydanyna turkmenche jogap bermek bir chare bolar? Wagtyn gechmegi bilen, sen bilena turkmenche geplesherler diyyan
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gaty gowy tema. Oglanlar

Gaty gowy tema. Oglanlar bilen shu temada kawagt oturyp gepleshyas. Dashary yurt firmalarynyn kopusinde icinde ishleyan turkmenlerem orscha gepleyadi. Men oz dowletimde oz dilimi arkayin gepleship bilemok diyip gaharym gelyadi. Onson sheyle karara geldim. Turkmenler bilen gepleshemde mena turkmenche olaram orscha gurleyadi. Birhili gulkunch iki turkmen bolup beydisip yormek yone alach yok. Bir gezek otdel kadr ayal yuzume seredip yone orscha gurleya. Menem "Turkmencha-de dusunyan turkmenche gurlaber". Ol "Men sana turkmenche gowy dusundirip bilemok". Orslara turkmenche jogap bersen dusunselerem gozlerini molerdip seredyaler. Birhili olar uchin bu bir offence yali. Orslar bizin ustumizden agalyk surenson, olaryn turkmenche owrenmegi azajik kinrak gorunya. Ikinji sebabem bizin oz turkmenlerimiz orscha geplemegi ozlerine beyiklik hasap edyaler.
Malayziyanyn ilaty 60% malay, 30% hitay, 8% hindiden duryar. Yone malay dili dowlet dili, herkim hokman bilaymeli. Ishe girilende shertlerin birem malay dilini okap, yazip bilmeli.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "tanysh waka :) "otdel kadr" :)"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Dil baylygy, yurt baylygy!

Dogrymy aytsam menem rus dilini halap duramok. Turkmenistanda eger rus dilinin deregine PARS dilini goyan bolsalar gowy bolardy. Goy turkmen we pars dili official diller bolsun.
Ondanam bilyan bolsanyz Turkmenistanyn Language for inter-ethnic communication - Rus dili.
Shona hasam gaharym gelyar.
Yada turkmenistandaky MTC kompaniyasy (rus kompaniyasy)>> olara jan edendede ruscha gurlan bolan bolyalar... Orslar binamys adamlaroww.. (goreninem turkmen operatory otyrandyr)
WE TURKMENS ARE DAMAGED FROM RUSSIANS!!! ASLYNDA BIZ OZUMIZ GUNAKAR!!
eger Turkmenistan hem Owganistan yalak bolan bolsa men begenerdim .. me hapyy :)
I LOVE ISLAMIC STYLE. I'M LOVE IN IT! ;)
-----
see u, HOUSE

Rus dilinde mesele ýok

Ors dili öz başyna bir mesele dälmikä diýýän. Bärde eýýäm 2 zat kabul edilen:

1. Türkmen dilini ösdürmeli
2. Dogry ýollar bilen, söýdürip ösdürmeli

Ýogsa "dinde zorly ýok", Türkmen dilinem zor bilen gepledip bolmaz. Hakyky Türkmene hiç zadam zor bilen etdirip bolmaz. Şonyň üçin ol Türkmen, Owganam däl, Parsam däl, Orsam däl.

Siz taliban hereketini hakly görüp bilersiňiz, ýöne men hiçem bir adamyň, ondada Türkmeniň bir zady zor bilen etmegini islemerin.

GIDIJI BOLMA
Gel, eý, köňlüm, saňa nesihat kylaý:
Watany terk edip, gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!

Mert oguldyr, ilge ýaýar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerip diýmesdir ýalan,
Jäht eýläp ýalan söz aýdyjy bolma.

Mümüniň kinesi-keten roýmaly,
Guraýança bolar ermiş mysaly,
Köňlüňniň kineden eýlegil hali,
Küpür dek kinäni tutjy bolma.

Magtymguly Pyragy


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • talyp 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy ýazypsyn! Dogry ýollar bilen, söýdürip ösdürmeli"

ors, pars?!

taliban_zzz wrote:

Dogrymy aytsam menem rus dilini halap duramok. Turkmenistanda eger rus dilinin deregine PARS dilini goyan bolsalar gowy bolardy. Goy turkmen we pars dili official diller bolsun.

pars dilini bilýän näçe % Türkmenistanda? döwlet dili edip goýmak ony nämä gerek? entek türkmen dilini bir öwrensinler.

Quote:

Ondanam bilyan bolsanyz Turkmenistanyn Language for inter-ethnic communication - Rus dili.
Shona hasam gaharym gelyar.
Yada turkmenistandaky MTC kompaniyasy (rus kompaniyasy)>> olara jan edendede ruscha gurlan bolan bolyalar... Orslar binamys adamlaroww.. (goreninem turkmen operatory otyrandyr)
WE TURKMENS ARE DAMAGED FROM RUSSIANS!!! ASLYNDA BIZ OZUMIZ GUNAKAR!!
eger Turkmenistan hem Owganistan yalak bolan bolsa men begenerdim .

1njiden beýle milletçi bolmak hem hökman däl, onsoňam orçalap gürleýän orsam däl asly, bizde näme ors galdymy diýsene, hemmesi göçdi, aslynda aglabasy türkmenler.
Owganystanyň şu wagt nämesi gowy? men-ä şükük edýän şol ýerde ýaşamaýanlygyma.
-----
see u, HOUSE

_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

Çözümler barada

Käbir döwlet edaralarynda arassa Türkmen dilinde geplemek bir prinsip halyna getirilipdir. Tehniki we iş terminleri hem terjime edip kitapjyk çykarypdyrlar. "Käwagt özümizem düşünemzok" diýip gülýärler, ýöne niýetlerini üýtgedenoklar...

Indi şu täze ýaşlar bolyp şolardan bu meselede galsak, hasap bolmazmyka diýýän, Watanymyzy iň azyndan şolaryň derejesinde söýmedigimiz bolar.

Indi men şu sahypalaryň saýtlaryň Türkmen dilinde çykmagyna we ösmegine gaty begenýän. Aslynda bu döwürde edilen iň uly işleriň biri...

Ýöne ýene nämeler edip bolarka? Işjeň bir zat. Meselem tehniki terminleri bir .pdf dokument edip taýarlap oglanlara ibermek. Ýa-da Lingvo goşup boljak bir sözlük taýarlamak. Ýa-da kitaplary elektronlaşdyryp ýuwaş-ýuwaşdan bir online kitaphanada toplamak.

Ýeke özüm birzatlar etjek bolýanam welin, birhili ýeke bolsaň proýektler tamamlanman geçýär ;)

Soňam, nesip bolsa bir gün, ylmy mowzuklarda hem arassa Türkmen dilinde gepläp bilmek üçin. Türkmençiligi ýok edip barýan günbatar söýgüsine garşy Aktiw çözümler döretmek üçin.

(Öz ýurduňda garypsyň, öz Watanyňda parýa - Nejip Fazyl)


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • talyp 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpek!!!"
  • taliban_zzz 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella! Sen yalaklar kopelsinow Turkmenistanda!!! :)"

Bu tema gaty gerekli hem-de

Bu tema gaty gerekli hem-de her bir turkmeni gyzyklandyrya. Aslynda gaty kyn ish dal yone dowamlylyk isleya. Meselem shu sayta giryan her bir agzamyz okayan sapaklaryny/temalaryny turkmen diline terjime etse gaty uly bir hazyna bolardy.
Edil shu wagta gaty gowy bilemmok sebabi kop zat gechmedik shu kompyuter inzhinerliginde. Yone gowja owrensem ing uly maksadym turkmen dilinde sozluk zat yazmak, gowja sayt'lar yasamak.

__________:::::::::::::___________
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

dilde sozluk yasamak gaty

dilde sozluk yasamak gaty angsat, yonekeyje programma, yone ony yasamak uchin injinerden beter dilchi gerek.

Devlet bahçeli'denem

Devlet bahçeli'denem birzatlar goşaymaly eken, namede bolsa N.Fazıldan has milletparaz:)

__________________

put on a happy face

Bahceli kimay?

Ýo bizde entäk täze döwürde şu günbatarlaşmany boýun alyp, hem şol barada gynanyp ýazylan goşgy göremokda, bagyşlarsyňyz. Şu sebäpli Nejip Fazyldan alaýdym...

Ýogsa men Türkiýe bilen işim ýok, Bahçeli bolsun Bahçesyz bolsyn, maňa näme. Nejip Fazyl bolsa universal bir goşgy ýazypdyr, şonyň üçin aldym.

Hasam edebiýatçylar köp ýerde umumy adamkärçilik meselerine has ýakyn, islesem Gogol ýa-da Dostoýewskydanam günbatarlaşma barada mysal tapyp bolar. Syýasata degişli ýeri ýok.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Eger milletparaz sozuni

Eger milletparaz sozuni "milletim, milletim" diyip duran adam uchin ulanyan bolsan,
onda Necip Fazil'yn N'si bilenem deneshdirip bilmersin Bahcheli yaly adamlary,
Bahcelide Fazil'daky yaly halk/millet soygusi bolsady, bu duygyny hokumet bolanlarynda
hemme adama gorkezerdiler, sponsor barka halky uyshurip onlerinde jak-jak etmek bilen has
milletparaz bolunanok.

...

nahili wrote:

Entegem şu Rusça basylmagyň sebäpleri nämekä? Nädip ýok edip bolar?

Biz gaty geçirimli we pes göwinli, esasam taze yetişen inteligent yaşlary dyan, şon üçin naçe milletparaz(gowy manyda) bolsagam beylekilern asimilyasiyasyna ugrayas edaralarda...
Emma öz agyrlygyny goyup bildigin, garşyndaky naçe artis bolsada yarajak bolp sana türkmençe sayrar durar! türkmença doly buysanyandygymyzy we şo yagdayimizy daşymyza syzdyryp bilmeli, elbette beylekilerem yazgarman!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry yazipsin! Berekella!"

gaty gowy tema, bu babatda

gaty gowy tema, bu babatda Nahili'ni doly goldayan. yone yalnish dushunushmezlik bolmaz yali bir serhet chyzmaly oytyan. maksadymyz ruschany yok etmek dal, goy ruscha turkche hem galsyn, yone edaralarda yada uyshmelenlerde gurleshilyan esasy dil turkmenche bolsun. chyndanam ilki bada agyr, kyn gunler gecher. yanindakilar bilen doly turkmenche gurleshmane bashladynam diyeli, taze gelen bolar, ya-da sen oz ish yerin uytgar... garaz kellande hemishe aktiw tukrmenchilik duygusy bolmaly-da.

muna mysal bermeli bolsa:
bu mowzukda uly sabyrlylyk gorkezip ustunliklere yeten, we doly turkmenche gurleshilyan toplulyk hokmunde: tmolympiad.org
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "hawa :)"

Quote:

Quote:

bu mowzukda uly sabyrlylyk gorkezip ustunliklere yeten, we doly turkmenche gurleshilyan toplulyk hokmunde: tmolympiad.org

Myhyhy :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Nahili oran gowy blog

Nahili oran gowy blog achypsyn! Bu tema menin agyryly yerim. Gunani turkmen milletinde goryan. Kichijek mysal: turkmen adam taxi tutyar, pylan yere alyp git diyyar (turkmenche), taxistin rusdygyny gorup, aljyrap rus dilinde gurlap bashlayar (dili gowy bilmese-de). Diyjek bolyanym, turkmenlerin kopusinde diline bolan buysanch yok (gaty gorman, ozunin mertebesinin gymmatyny hem bilmeyarler). Yone onki zamanlar gechdi, bizin indi oz dowletimiz, garashsyz dowletimiz bar! Shuny anyyete ornashdyrmak gerek! Hich zatdan chekinmalin, biz dowlet dilinde gurleyaris!!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "dogryy! menem shuny agzapdym yokarda!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Shu wagt SSSR chykan kop

Shu wagt SSSR chykan kop milletlerde shu proses bolya. Yetishyan nesil oz dilinde gurlemek isleya. Patriotism hem bolya shu bir babatda. Myahring mysal getirshi dogry sheyle wakalar bolyar yone ol oz dilimizi pes goryanligimizden dal-de bashgalaryna komek etmek isleyanligizden ( humanist ) gelyamika diyyan. Ol adamy kosemejek bolup onung dilinde gurlap bashlayas.
Indi iki yildan bari azerileri gorup yorun. Bularda hem sheyle harakter bar. Bashga milletden birini gorseler dil bilmeselerem gurlejek bolup kosenship yorler.
Entegem shukur hudaya bizde shu zatlara howes ba. Gazaklarda, gyrgyzlarda has erbet...

+++++++++++++***********++++++++++++
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gafa_Werther 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gumanist bolsan, adama komek

Gumanist bolsan, adama komek etmek islesen gowudyr welin, ozuni, oz dilinde ozun gurlemesen beyleki halklaryn hormatyny islemek nadogrymyka diyyan. Gazaklara adamkarchilikleri pes diyselerem, dine oz dilinde gurleyandiklerini gowy goryan, olaryn dunya arenasynda guychlenyandiklerinin bir sebabi shu bolmagy mumkin!

Gazaklara

Gazaklara adamkarchiliklerinin pesdigini aydyanlary bilemok, yone sholaryn oz aralarynda-da ayak aldygyna orscha gurleyandiklerini bilyan. Her olimpiada gidenimizde, ya-da gurnan olimpiadalarymyza gelen gazaklarda-da gordum, oz aralarynda gazakcha 1-2 soz aytsalar, yzyndan 1 sagatlap orscha gurleshyaler.
Garaz, birileri oz dilinde gurleyandikleri uchin govy goruljek bolsa, gazaklar shol govy gorulmege mynasyp dalmika diyyan. In azyndan entak dal!

mumkin, ozum olar bilen

mumkin, ozum olar bilen gurleship gormedim, yone bir rus tanshym Alma-ata gidende kochede yol salgysyny sorasa olaryn oran godeklik bilen gazakcha bir zat jogap beryandiklerini ya-da ignor edip gityandiklerini aytdy. gazak dilinde soralmasa jogaba garashyp hem oturmaly daldigini hem aytdy.

Ay ola gazaklary fransuz

Ay ola gazaklary fransuz edip goyupdyr :)
Ona dush gelayendir biraz milliyetchi adamlar, yogsa butin orta
aziyada in ruslashan halk gazaklar, gepinden tutup, geyinish we
bashga zatlaryna chenli. Halkynyn 25%'i ors bolan bashga yer hem
yok...Yagny, halk'y ors'lara garshy beyle godek bolsady, oncha
ors anyrda yashap bilmezdi, belki asla gochmezlerdem...

Magtymguly Pyragy!!!

Magtymguly Pyragy!!!

...

yeri gelende aydyshyng dogry humanist bolmaly, fransuzlaryngky yali gury ketjallyk bolmak bu bize mahsus harakter dal!
emma bizdaki yash rus nesil turkmenche gurlemeyan bolsa, ona humanistliging gorkezjek bolp monkeyist bolmak gerek dal

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

eLbetDe menem shol pikirde.

eLbetDe menem shol pikirde. eDil ozuma obada ulaldym beyle bir problemam yok yone koplench towereginde ruscha gurleshilen bolsa meselem ashgabatdan ya-da shaherlerde yashan yashlar uchin bolsa uly problema. Yagny oz aralarynda turkmenche gurleshmek biraz kyn bolyar. Meselem turkmenistanda yashan/yashayan bashga milletler oz aralarynda hich wagtam turkmen dilinde gurleshmezler bu bir fakt. Onsong aydishing yali monkeyist bolya. Ongam esas sebabi bizingkilering kichigowunliligi yene-de bir gezek humanist'ligimika diyyan?

+++++++++++++____________++++++++++++
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Yok etmek üçin bir iki

Yok etmek üçin bir iki nesil geçmeli bolar, we yenede düybünden yok etmek nahili pikir? Men barde orta aziyali kop oglanlar tanayan, yone hudaya shukur in gowy dilini goran yene de türkmenler, iki türkmen bir yere gelse hokman türkmençe gürleşyaler, yone welin gazak gyrgyzlar bar oz aralarynda rusça gürleşyaler! Rusça aslynda bizin üçin bir plyus, men barde nirede işlan bolsan, okuw üçin pulymy ozum gazanyp yoren bolsam rusça sebablidir! Taze nesilem rusça owrenmeli, hazir dünyade nira gitsenem rusça bilsen gowy bolar! Taxi meselesi yokarda aydilan, ol yagdayda rusça bilyan bolsan rusça gurlabermeli, sebabi şol taksist, yaşuly bir adam diyeli, türkmen dal, onda ona türkmençe owren diyip zorlap bolmaz, ol yashdan song kynrak bolar, olaram onden galan türkmen rayatlary, olaram sylamaly!

arada oye gidyan wagtym hem

arada oye gidyan wagtym hem yakynlady diyip biledimi gözlap tapdym welin.. ünsimi çeke bir zat boldy, biledin dine daş sahypasynda "yolagçy bileti we bagaz kwitansiyasy" yazya, aşagynda hem orsca we inlisce.. içini çayp gordum welin yaman utandym.. dine orsca we inlisce yazylan, birje yerinde hem turkmence birje soz hem yok :(
yaman gynandyryjy.. adamlaryn orsca gurlemegine zat hem diyip bilemok mena şundan son..

Mena her namede bolsa dine

Mena her namede bolsa dine türkmen dilinde gepleyas diyip öwyan,natjekda...:(

mejbur etyaler bizi rus dilinde gürlemage hatda türk gurluşyk firmalarynyn proyektini üytgedip türkmen diline dalde rus diline terjime etmeli...

men-ä haýran biziň

men-ä haýran biziň türkmenlerimiz hemmesi orça bilenoga aslynda. obada ýaşaýan jiglem, doganlam köpüsi düşünse-de kän gürlänoklar. Klasdaşlam bilenem men-ä orça känräk gürleşjek bolýan sebäbi gowy bilenoklar. bir joram Amerika gelip telefonda gürleşsem orça gürleşmegi kyn görýär, menem käte bilgeşşin ýok seň bilen orsçä gürleşjek, ýatdan çykaryp barýaň bolsama diýýän :D
_____________________________
Haçan bir suprada taýýar kylynar aşlar?!

gowy we möhüm mesele, üns

gowy we möhüm mesele, üns berilmese düşüp yören yagdayyndanam bihabar bolyan, bolmasa öz ülkan, öz watanynda kesekin dilini bilsen bilmesen kösenip gürlejek bolup yörülya, bolmasa "çilim çekmek gadagan-no smoking" diyip asylyan kartjagazlardan yasatmaly öytyan "orsça gürlemek gadagan" diyip((

bolmasa birzatlar edilibem bilner, söz kynçylygy çekilyanligi üçin sözlük yasalyp bilner, internde her.......

sony yazasym gelmedi, howada galjak pikirler yaly bolup dur((

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: ":))) "orsça gürlemek gadagan""

Düýn Puşkiniň

Düýn Puşkiniň "Ýewgeniý Onegin" romanyny diňläp otyrdym welin Tatýana Onegina hat ýazanda fransuzça ýazyar, sebäbi orçany gowy bilenok. şonda-da Puşkin aýdýar "ýaş gyzlara orçany öwretjek bolýarlar, bolanok diýip". Bizde-de şoňa meňzeşiräk ýagdaý. Rus dili-MODA. Edil fransuz diliniň 18ni asyrlarda Orsýetde moda bolşy ýaly. Munuň zyýany barmy? Bolsa nädip göreşmeli?
men aslynda dil bilmekde zyýan göremok, emma türkmen dili doly bilmän orça gürlemek-de problema görýän. Goý, gürlesinler eger türkmençäni gowy bilýän bolsalar, mydama türkmençe gürleşsegem başga bilýän dillerimiz ýatdan çykararys.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Amanmuhammet 5 telpek goyyar we yazyar: "Men 4 yil bari aydyp gelyan zadym. Orslaram, turklerem mmodern dunya girmaka bashda fransuzcha gurlapdirler. Frnsuzcha gplesen modern bolyan yaly. Bizde de shol mentalitet. "

türkmençani moda etmeli,

türkmençani moda etmeli, yogsam yityar. dilin yitmegini islemeyan bolsan.
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Türkmen dili ýitmeýär :P

Türkmen dili ýitmeýär :P Men diňe Aşgabatda görýän orça gürleşýänlerini Maryda türkmen bolup orçalaýalary ýadyma düşenok. Häriki ýaslara asla-da o diýen gürläp bilenoklar orça. Sowet döwür geçdi, ýuwaş ýuwaş üýtgeýär. Meň özü-ä ýadyma düşenok moda diýip oça gürlanip...bolsa türkmençe bilmelerem orça :)

birjede "orSja" diyip dogry

birjede "orSja" diyip dogry yazmansyn-da? orça, hatda oça diyipsin welin.
bilgeşleyin edyanmi? :)
elbetde dil yitmez; ony hökman gürlanler tapylar. yöne kabir türkmenin bilmezligi kemçilik. men türkmen bolup başga türkmenin türkmençe gürlemezligi yakanok. elbetde haysy dilde gürlemegi öz haky. emma esasan resmi dil bolan; türkmençe hyzmat almayşym; aeroportda we ş.m. yerlerde ol yalnyş, ine herkimem şona garşy. şu wagt gürlenilmese, resmi dilin yanyna orsça goyular; son-sonlar okuwy hem ansat okatmak, kitap köp diylip orsça geçirilse; son-sonlar gaty uly moda bolanson, türkmençe onsanam gürlenilmeyar diyip, dine orsça bolup gitse??
türkmençe geplap bilyan türkmenin "öwrenmek üçin, praktika üçin" orsça geplemegi kabul ediljek zat; yöne öwrenmeginem bir usuly bardyr, orslar bilen gürleniler yada heryerde orsça gürlenilip durulmaz. yada kurslar bar kurslara gitsin.
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Şuwagt Türkçe

Şuwagt Türkçe Olimpiadalar geçirilyar we düyn bir türkmen oglanjyk 1. bolypdy aydym aytmakda. Oglanlar gyzlaram sms ugrayp buşlaya, berekella. Men üşinip bilemok, name üçin begenmeli? In assimilaciya bolan milledin agzasy bolanlygym üçinmi? Olimpiada türklerin milletçilik duygylaryny oyandyrmak üçin, superpower bolma islegini kanagatanlandyrmak üçi edilyar.

Olimpiadan ertesi gün gazetler ullakan harpllar bilen: Bütün Dünya Türkçe Gepleyar!; Mugallymym öye gitmaan Istanbulda galayaly, barisi mana yaman yarady; we şuna menzeşle...

Öz dilin, öz medeniyedin barlygyna begenmekden başga adamy buysandyryan zat barmy? Özümizin bolalyn gysgaça.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "Hakjyky, gaty gowy analiz!bolsa bolmasa göti çişyanler köpelya tüklerde!"

aytyan zatlan bir tarapdan

aytyan zatlan bir tarapdan dogry welin,,, mena begendimow, sebabi bir turkmen pul gazandy, nacedigina bilemok welin 10.000$ töweregi beryaler öytyan )))
indiki yil bayragy 50 mün etsinler, bizinkilerem yene birinji bolsun :P


Maru Şahu Jahan

Annamuhammet dost basharsak

Annamuhammet dost
basharsak bizem edelin shonung yali zadi. yone ola anyrda dursun, hergezek ashgabada gelemde ya da beyleki shaherlerde de orsca gurleship yorler.
gecen sapar turkmenhowayollari bn ata watanyma ucamda, ucaryn icindakiler orsca gurleya ya da inlisce. menem ``siz turkmenhowayollarinin ishgari,turkmence gurlemeli dalmi diysem, yuzume ters ters seredip gittiler.``
ilki bilen oz dilimize eye cykmali.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy utandyrypsyň! Berekella!"

Howayollary mejdunarodniy

Howayollary mejdunarodniy standartlara gora hereket edya..
İnlisce bilen Rusça kabul edilen diller..

Inlischane ha diyeli welin,

Inlischane ha diyeli welin, nireden gelip ruscha
halkara standartlaryna gora kabul edilen dil bolyamyshynay ??
Sen onki SNG dovletlerinden bashga haysy yurdyn biledinde
orscha + inlische yazylanyny gordun ? Turk howa yollary
biledin dashyna turkche, ichine-de ruscha+inlische yazyamy ?
YOK ! Rumynlaram beydenok! Herkim 1 sahypasyny oz dilinde,
1 sahypasynam inlis dilinde, ya-da bilet bilen uchulyan
yurdyn dilinde yazyalar. Beyle halkara standartlaryna gora
yazylyan bolsa biletlerimiz, onda orschadan on hitay'cha,
ispancha yaly dillerde yazylmaly...Gepin tummek yeri, biletlerde
turkmenche - inlische'den bashga hemme zat artykmach, hemme yerde
kabul edilyan 1 dili goysan bolupdyrda, oz dilini ayirip
2-nji, ozem dunyade gor nachinji yerde duryan dili goymak dine
oz dovlet politikandaky kemchilikleri gorkezyar.

howayollari mejdunarodniy

howayollari mejdunarodniy standartlara gora hereket edyanini bizem bilyas yone menin turkmendigimi bilya.onung ozem turkmen. men yanima gelip gurleshen wagty standartyng(!)
dashyna cykyp turkmence gurlese olesi yokdi. sen turkmence bilennokmi diysem, bilyan yone senem orsca bilyansing oytdum diyen bolyalar. bu shu panyatany angladya : orsca gurlemeklik medeniyet. bu hemme kisha degishli dal yone orsca gurlemegi yokary medeniyet(!) hasaplayan panyata henizem bar.

Turkmenistanyn resmi dili

Turkmenistanyn resmi dili turkmenche, turkmen howayollary hem dovledinki, diymek olar mushderilerine dovletin resmi dilinde hyzmat beraymeli !! Halkara standart diyip nireden chykardynyzay ?? "Standartlaryn dashyna chykyp turkmenche gurlese" diyyan welin, turkmenche standardyn dashynda galar yaly ol niran howa yollary ? Hiy Turk howa yollarynda 1 stewardessan yanynyza gelip "Fasten your seatbelts, please", diyenini eshitdinizmi ?? Mena shoncha mundim, yone omur bey diyenine dushmadym, hemishe turkcelap diyyaler, dusunmesen inlische aytmaga synanyshyalar. Asyl bolmalysy hem shol! Sen resmi dilde hyzmat ber, hyzmat alyan dushunmeyan bolsa, senem on dushunyan bashga dilini bilyan bolsan, onda shol dilde gurlap komek(!) et. Muna-da ish shertnamasynda kop dil bilyanligi uchin alynma kriteriasy yok bolsa hich kim borchly dal, dine oz adamkarchiligini yitirmezlik uchin, elinden gelse komek etdigin bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

dogry

Mergen wrote:

"Standartlaryn dashyna chykyp turkmenche gurlese" diyyan welin, turkmenche standardyn dashynda galar yaly ol niran howa yollary ?.

Mergen aga
yokarda standartyn yzyndan goylan belga seretseniz name diyjek bolanyma dushunersiniz.bolmanda olar turkmence gurlemeli. menem shony diyyanda.

Men ozum gochme manyda,

Men ozum gochme manyda, sarcasm dagy bilen yazyan sozlerimi gosha dyrnagyn ichinde, (!) bolsa goni manyda, yone "uns berin" diymek uchin ulanyanlygym uchin, sen yazanyna yalnysh dushunipdirin. Yalnys dusunipdirin, scuza ma :)

Yakynlarda Amerika giden

Yakynlarda Amerika giden yashulynyn bashyndan gechen gulkunch yone sapak boljak wakany gurrun bereyin. yashuly JFK'ye baryar passport barlaga gezegi yetyar. Shol yerde ishleyan officer sorag soramanka/koplench olar ilki sorag sorap bashlarlar senem jogap berersin/ Excuse me I dont speak English diyip passpordy officerin onune tashlayar. Bir hili seredip gen galyp hich zat soraman derrew barlagdan gechirip goyberipdir. Eger shu yashuly amerikada sheyden bolsa bizin dowlete degishli edaralarymyzda hokman turkmenche gurlemeli. hich hili bahana yok hokman gurlemeli, yogsam obadan gelyan orscha bilmeyan adamlary orscha gurlap sussyny basyarlar ve bendeler name etjegini bilenoklar shun yaly yagdaylarda.

Bagyşlaň, iş sapary

Balkanabada gitmeli boldy welin öz mowzygymy taşalap giden ýaly boldy.

Umymylaşdyrsak:
1. Mümkin bolan ýerde Türkmençe geplemeli
2. Oňarsaň döwlet edarasynda işlemeli, sebäbi ýarym-nadan-ýarym-haýranlara galsa olar döwletiň çöregini iýip ýene-de döwlet işinde Rusça geplejek bolýar.
Döwlet edarasynda özüňi görkezip ýokary derejelere çykjak bolmaly, işgärleriňi Türkmen dilinde geplämege mejbur etmek üçin.
3. Elektron terjimeçi programmasy gerek, ýa-da Lingvo üçin Türkmençe sözlük döretmeli
4. Kitaplary elektronlaşdyryp uly elektron kitaphanasyny döretmeli

Bu çäreler - müňde bir, garaz entek ýolyň başynda biz.

Eger millet hökmünde ýitmejek bolsak, şu wagtdan uklaman hereket etmelimikä diýýän.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

3. ve 4. ansat aslynda,

3. ve 4. ansat aslynda, President bolup bilsen bolyar :)
Diller institutynyn name isi bar vay, "1 sozluk chykarmagyn
hallyndan dal bolsanyz yaparyn" diyyan welin, birnache ay son
sozluk elinde bolyar :)

2. Aydanlaryny limit'inde goymany hem bilmeli, t.e. turkmenche
gurledeyin diyip ol dili dine mejbur bolany uchin gurleyan, aslynda
welin yigrenyan adamlaryn kopelmegine yol achyp bilersin. Ne
turkmenlerde orscha(umuman hich dile) garshy yigrench doretjek
dereja getirmeli, ne-de bashga milletden bolan rayatlarymyza turkmen
dilini yigrendirmeli. Bu ishi zor bilen dalde, halk'yn ichinde dilin
bash taji edilmelidigini propaganda edip etmeli, halk dilini pes
gormese, hemme zat yuvas-yuvas duzeler.

Propaganda gerekmi?

Propagandany hem ýigrendirjek derejede edip bolýar şeýle dälmi? Ýagny 17 ýyl bäri propaganda dowam edýär welin adamlar entegem öz dilini pes görýär.

Bärde prinsip şeýle: Türkmençiligem, dini ýaly, ýaşap görkezmeli.

Döwlet edaralarynda bolsa: Özüň Türkmençe gepleseň seň işgärleňem Türkmençe geplemeli bolýar.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • SA 3 telpek goyyar we yazyar: ""Yashap Gorkezmeli"...Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

nahili wrote: Döwlet

nahili wrote:

Döwlet edaralarynda bolsa: Özüň Türkmençe gepleseň seň işgärleňem Türkmençe geplemeli bolýar.

1-njiden: Ol adamlar sen edaranda sana hyzmat bermek uchin oturanoklar, dovlet isinde isleyan adam halk'a hyzmat edyan bolyar, we 1-nji bilen ol halka resmi dilde hyzmat bermeli. Mana meselem kassa'da oturyan gyzyn bashlygy bilen turkmenche gurleshmeginden peyda yok, meni gyzyklandyryan zat ol ishgarin asyl mana, yagny "Hemmesi 1 kategoriada = mushderi" sayilyan halk'dan birine hyzmat berende resmi dilimizi ulanmagy.

Yigrench hich hachan "yayilmaly" diyilyan duygy daldir, bu haysy bir dile/millete/renk'e degisli edilip ulanilayanda-da !!
Dogry, bu metod belli bir derejede peyda getirer, yagny turkmen dilini propaganda etmani basharmasan, rus dilini yigrendir, adamlaram yigrenyan dillerini ulanmajak bolup turkmen dilinde gurlap bashlasynlar. Yone bu metod'y bugun dil uchin ulanarsyn, ertir halk'yn uchin, birigun medeniyet'in uchin...Seydibem bashga halk'lary, yzyndan medeniyetleri yigrenmeli bolarsyn we .... Sony nira baryar munyn ??

Propaganda ansat is dal, galyberse-de dil propagandasy. Edil reklama biznes'inde edilishi yaly, barde-de psihologlar adamyn anyna oturjak derejede, 1000 gepi 1 gorende dushunip, kabul eder yaly etmeli. Yogsa yasama gurrunlerinden, 1-2 sany sozun bilen kime tasir etjek...

Turkmenchiligi yaşap gorkezmeli diyyanine goshulyan, yone dash toveregine tasir etjek hereketlerini hem hasaplap etmeli, olaryn hemmesi yerlikli dal bolup bilyar.

Bir mysal

Durmuşdan mysal getireýin isleseňiz: Biziň bir müşderimiz, döwlet edarasynyň bir bölüminiň başlygy. Özi Türkmen, dilem bilýär, ýöne meň bilen Rusça gepleşýär. Menä öňem bizar, diňe Türkmençe jogap berýän. 1-2 hepdeden soň, alajy galanok, Türkmençä geçmeli bolýar. Tehniki meselelerini hem bir-birimize Türkmençe düşündürmeli bolýarys.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "Mergen düşünilmesi kyn biri:) Ol seň bn pikirdeş ýaly. Gan gerek däl:)"

Dawachyl format diyyanin

Dawachyl format diyyanin nahili bolyar ? "Mylakatly"-nyn tersimi ? Menin dawa gozlemekden bashga ishim kop hudaya shukur, yone "berekella, dogry aydyan" manyly yazgylar yokarda yeterlik yazylany uchin, men senin yazgyndaky, gozume gorunen potential kemchilikleri bellap gechdim. Bu sen ol zatlary edersin, ya-da edilmegine yol acharsyn diymek dal, yone beyle bolmazlygy uchin onunden shol zatlardan gachmalydygyna barmak basdym. Yazgyn propagandaly bolegine yalnysh dushunen bolup bilerin. "Propagandany yigrendirjek derejede-de edip bolyar" diyeninde, namani yigrendirmek manysynda ulandyn ? Turkmen dilinimi ?

Ishgarlerin bilen turkmen dilinde gurlemeli yerine yene-de dushunmedim. Yagny, senin bu hereketin 1 yerlerin bashlygy dagy dal, adaty mushderilere nadip tasir edyar ? Ya shol mushderin bilen sen turkmenche gurleshyanin uchin, ol indi hemme bashlyklar bilen turkmenche gurlesher oydyanmi ? Bilishin yaly bizde bashlyk isleyar diyilse, inlische-de owrenilyar, yone shol inlischani hich kim ony bilmegini talap edyan bashlykdan bashga biri bilen gurleshjegem bolanok. Aytjak bolyanym, bashlyklar uchin dalde, halk'a hyzmat uchin turkmenche gurlenilmese, onda bu meselanin gerekli derejede one gitjegine mena ynanamok. Eger bashlyk ishgarlerinden mushderilerine turkmen dilinde hyzmat bermegini talap etse, muny dine oz yanynda dalde, umuman adaty durmushda, islap etmeklerini gazansa, yagny edaran "attitude"-ini uytgetmegi basharsa, onda berekella, a bashga durli, dine senden chekinyan, ishi dushyan adamlaryn turkmen dilinde gurlemegini gazanmak, kan bir uly zat dalmika diyyan, sebabi olar muny 1 shahsy plus uchin edyaler, dovlet dilinde gurlemelidigine ynanyandyklary uchin dal.

Gaty dogry aýdýaň

100% dogry aýdýaň. Hemmesine goşulýan. Meň ýalňyşymy göni aýdýan adama diňe sagbolsun aýdyp bilerin. Ýagny üstüme bir içýan münse, şol içýanyň bardygyny aýdan adam meniň iň uly dostum bolar.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Men gowysy

Men gowysy bir kitaby elektronlashdyryp shu yere goyayinla (1-2 hepde alyp biler). Son dowam ederinda bu mowzuga.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

ENE DIL MODADAN GAÇÝA

ENE DIL MODADAN GAÇÝA DIÝÝÄMIŇ?
Hiý, dilem modadan gaçar oguşýan?!
Geň görüp oturmaň, käbir pursatda,
Şolam mümkin eken. Howwa, bagyşlaň!

Ynha bir edara, kaşaň edara.
Uly ministrlik, edil köşk ýaly
Giräýen ýeriňde ajap kiosk bar
Ýüz dürli kitaply, gazet-žurnally.

Ir bilen şol jaýa sowulýan her gün
Dürli neşirler bar bäş materikden.
Bir gezek zeýrendi, kioskçy Wera
Türkmençe zat alýan, sanlyja türkmen
Käte-de wot Sen.

Iki ýüz işgäriň köpüsi türkmen
Žentilmen, intellgent, papkaly kişi
Emma şol papkalaň birtoparyndan
Türkmençe tapmak kyn dermanlyk üçin.

Howwa, Lenin dilin "Internasional
Dostlyk dili"-diýip, okaýar olar.
"Berekella", has köp okasyn olar,
Ýöne, eneň dilin kemsidýän bolsaň
Lenin nädip seniň bilen dost bolar?!

Döwrümiz üýtgedip-gurulýan döwür
Görk goşmaly ýurdumyzyň görküne.
Erk goşmaly adamlaryň erkine
Buýsanç, ynam paýlamaly her kime
Ýöne, eneň dilin bilmýän bolsaň
Kim ynanar gepiňe?!

Bir gezek uly bir ýygnakda boldum
Din - adada garşy, galyňa garşy.
Üýşüpdir eneler, gelinler-gyzlar
Kluba görk berýär, ýakalaň nagşy.

Ýygnakda raýkom wekili hem bar
Ahyry oňa-da berdiler gezek.
Birinji Sekretar, meselem Goçow
Açdy papkasyny, okady uzak.

"Kalym, perežitok, borotsýa nado!"
Okady üznüksiz, gepledi gurak
Iň soňundan bolsa käbir gyzlara
Atlaryny okap, gowşurdy baýrak.

"Gýuzel"-diýdi, Gözel diýmäge derek
"Dýondy"-diýdi, Döndi diýmäge derek
Doklad-a däl, öz adyna düşünmän
Zenanlar boluşdy elek-de - çelek.

Eneler aňk bolup gyzyna bakdy,
Gyzy hem aňk bolup seretdi enä...

Kim günäkär? Sorag berdim özüme
Hemem jogap berdim:
"Onda-da günä, mende-de günä bar,
Sende-de günä, hemme-de günä!"

Görýäs welin, şol döwürden bärem "şol günäni" halkymyz üsdünde göterip gelýän ekeni:(((
Belki,,, mundan soňra ýuwaş-ýuwaş "şol günäden" agzybirlik edip, saplanmaga başlarys:)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! :("

Kiming goshgusy bu

Kiming goshgusy bu Lebabym?
Yaman gowy eken. Ozungki bolsa 5 telpek menden.

******************____________________**************

Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

yok how... telpek berjek

yok how... telpek berjek bolup, hem meni hemem özüni magara etjek bolmasana :-)))
(yuwaşjadan aydayynmy :)))...Kerim Gurbannepesowyn bir poemasyndan bölek).

Biz bir jahyl-da kan

Biz bir jahyl-da kan bilmamizsong soraydim.

**********:)*************:D******
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Shonun yazysh stiline yaman

Shonun yazysh stiline yaman menzesh diyip otyrdym asyl hakykatdan hem shonun goshgusy eken. Kerim Aga 20 asyrda turkmenlerde nahili yashayish bolanyny az owlak goshgylarynda tankytlap gechipdir. Mundan son beyle bolmaversin.