Akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Gadyrly dostlar!
Il içinde oglanlar akylly gyzlardsan çekinýärler, golaýyna barmanlaryny gowy görýärler diýen stereotip bar. Şunuň nädogrydygyna ynanasym gelýär! Akmajyk gyz derrew ýüregiňize düşer. Öz pikirleriňi, ideýalaryňy paýlaşmaga, maslahatlaşmaga intellektual taýdan ösen, düşbüje gyz küýsärsiňiz. Onsaňam oglana-da ösüp, gyzdan has akyllydygyny görkezmek üçin okap, bilimini artdyrmaga stimul peýda bolar. Bardy-geldi onuň ýanynda bir zady bilmäýeniňizde-de, paýhasly gyz ikinji Eýnşteýn bolaýanda-da hiç-wagt ony size bildirtmez. Tersine öz ýarynyň belentde bolmagy üçin özi bilmediksirän bolar. Siz hijem aljyraňly ýagdaýa düşmersiňiz!
Meň bir kursdaşym gyzlaryň gowusy gumuň obalarynda ýaşaýar, öýlenseň şolar ýalakylara öýlenmeli, sessiz-üýnsüz gezip ýörer, nämä gerek şäheriň okuwly, köpbilmiş gyzlary diýýär. Men onuň pikiri bilen düýbünden razylaşmaýan. Gyz-gelin - bu ýigidiň bütin ömürlik maslahatçysy, ýoldaşy, dosty... Nädip ol bilimsiz, okamadyk, öýde oturan gyz bilen ýaşar? Haçan-da mentalitet düýbünden gabat gelmeýärkä? Ähli zat öz derejäňe laýyk gelse gowy bolýar.
Siz özüňizi akylly-paýhasly gyzyň ýanynda göz öňüne getirip görüň. Siz bilen bir üýtgeşijek waka bolup geçdi, biri bilen paýlaşmak isleýäňiz, şonda: "Men çaltyrak öýe baryp keýwana aýdyp bereýin, näme diýerkä? Özä her-hiljek pikirleri ataganjadyr!"
Edil şu ýagdaýy dar dünýägaraýyşly, biperwaý gyz bilen göz öňüne getirip göreliň: "Bää, kim bilen paýlaşsamkam? keýwana aýtdyň-aýtmadyň bir köpük, gök-önüme aýtsaňam bir, oňa aýtsaňam. Garaýşam ýok, degerli maslahatam!" Pikirlendirýär, hämi?
Beýleki bir kursdaşym edil özi ýaljak akylly,bilimli, medeniýetli, ösen, beýik IQ-ly gyza öýlendi. Olara seretmek diýseň ýakymly! Ähli zatlary bileje çözýärler, gürleşmäge temalary gutaranok. Gyz bolsa öz gezeginde adamsynyň mertebesini beýgeltem üçin elinden gelenini edýär. Men şolar bütin ömrüne bile bolarlar öýdýän, sebäbi olaryň derejeleri bir, biri-birine ýarym sözden düşünýärler. Nähili ýakymly :)!
A siz bu meselä nähili garaýaňyz, akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?

Telpekler (7 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gyzykly yazylan. Aralarynda guldim :)"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Akylly gyza :)"
  • metamorphic 2 telpek goyyar we yazyar: "akylly gyzlar eymendiriji dal, süydemdiriji"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Menem gorkup yordum ;)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gow tema!"
  • loverman 2 telpek goyyar we yazyar: "Ajayip pikirler!!!"
  • Belle 3 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy tema!!! "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gowy tema açypsyň, hakyt

Gowy tema açypsyň, hakyt bäriniň ýaşlarynyň ünsüni çekjek tema :)

Meň pikirimçe, oglanlar akylly gyzlardan gaçanoklar. Asyl akylly gyza ýetesi zat barmy?!

Quote:

Öz pikirleriňi, ideýalaryňy paýlaşmaga, maslahatlaşmaga intellektual taýdan ösen, düşbüje gyz küýsärsiňiz. Onsaňam oglana-da ösüp, gyzdan has akyllydygyny görkezmek üçin okap, bilimini artdyrmaga stimul peýda bolar.

Aslynda dogry aýdýaň, ideal gyz diýip sorasaň, elbetde ideal gyz intellektual we akylly bolmaly. Ýöne dünýäde ideal zat ýok. Intellektual we akylly ýa owadan däl, ýa fiziki taýdan käbir kemçilikleri bar, ýa häsiýedi biderek. Şu görüp "şuňa ideal gyz diýýän bolsalar gerek" diýenim ýadymda däl.
Ikinji sözlemiň bolsa, ýylgyrtdy. Gyzlar özünden kem akylly oglana seýrek razy bolýalar. Şoň üçin ýagdaýlaryň köpüsinde, oglan gyzdan akylly.

Quote:

Bardy-geldi onuň ýanynda bir zady bilmäýeniňizde-de, paýhasly gyz ikinji Eýnşteýn bolaýanda-da hiç-wagt ony size bildirtmez. Tersine öz ýarynyň belentde bolmagy üçin özi bilmediksirän bolar. Siz hijem aljyraňly ýagdaýa düşmersiňiz!

Bu eýýäm hemä akylly, hemem paýhasly bolýa :D Muň ýalylar barmy näme entägem?! :D
Bilmeseň hiçlaý, ýaryşarsyňda aram-aram. Ýöne günde-günaşa özüň pesligiňi duýsaň, şu öçürip dursa, onda problema bolar.

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 3 telpek goyyar we yazyar: "hemme yazgylana"

akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?

:):)):))
Ilki bilen Salawmaleykim "Turkmenistandan Bilimde basleshyanlerin topary "!!! :)):)) ARmanda?
Saytyz erbet dal eken (klassika,kop bilyan adamlan sferasy, gazar "it is OK". :)) )
Indi bolsa menem bashlayan siz bilen.. pikir alyshmana :))
Men bu temany gowy goryan akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?
aslynda samsyk gyzlar eymendiriji bolyar... akkylly gyzlar bolsa invers. sebabi samsyk gyz bilen gepleshmek ansat, olar bilen achyk gurleship bolya... akylly gyzlar bolsa dine "bla bla bla".. shol kop gyzlaryn gowwaryan diymek zady "men ol gyzlarda dal... bashga yerde gozle olar yalaklary"...
:)):))
akkylly gyzam samsyk gyzam ozune ckekiji... olaryn ichindaki isleyan zady "Ey Oglanlar(samsyklar,akyllylar) mana seredin.. men owadanda owadan" :)):)) karoche, gyzlaryn iki gornushem "Angelina Jolie" diyip ozuni saymak.
:)):)):)):))
In gowy gyz hachanda oglan ahli isleyan zadyny alyp bilende..
Shonun uchinem "Myahri" agzamyz bagyshla... soragyn birhelek siz gyzlary oykeledyar... men yone 99% sizem gyzlar biz oglanlar hakynda edil shol birzady pikir edyaniz... Shto delat JIZN XXI wek.... her kim ozi ozuche gezip Men "cool" diyip aylanyp yor... :)):))
Shu gezeklikche yazan zadym bolarmyka diyyan. Sonam dowam edeli diyseniz dowam ederis.... ya ne protiw... I just don't care :)):)):))
see u, HOUSE!

Quote: Meň bir kursdaşym

Quote:

Meň bir kursdaşym gyzlaryň gowusy gumuň obalarynda ýaşaýar, öýlenseň şolar ýalakylara öýlenmeli, sessiz-üýnsüz gezip ýörer, nämä gerek şäheriň okuwly, köpbilmiş gyzlary diýýär.

Meňem bir obaly dostum "şu obanyň yzyňda mäläp ýörjek gyzyny alsana, hemme zady özüň öwredersiň" diýýädi :D Häzirem diýýändir :D
Ýöne ol oglanam gaty ýalňyşam aýdanok. Sebäbi köp bilmiş gyz diňe "bilmeli zatlary" bilenok, käbir kyn ýagdaýa goýjak zatlaram biläýýä, okuwlam şol. We şäher, okuw täsiri her wagt pozitiw bolman bilýär.
Dogry, bu umumylaşdyrmak welin, şäheriň gyzy adamsynyň ýanynda her ýere gidermi?! Oba gidip ýaşarmy, şol ýeriň fiziki zähmedini kabul edermi? Ondan has beteri, okuwynda we şäherinde belli bir maşgala gurluşyny görüp, deň hukuklylyk ýaly gürrüňler bilen kelläňi agyrdarmy?!

Ine bu dogry soraglar we aladalar. Şäherlileriň bary ýaman däl, ýa obalylaryň hemmesi gowy däl. Emma adam pahyr alada edýärdä.

Quote:

Nädip ol bilimsiz, okamadyk, öýde oturan gyz bilen ýaşar? Haçan-da mentalitet düýbünden gabat gelmeýärkä? Ähli zat öz derejäňe laýyk gelse gowy bolýar.

Bilimsiz, okamadyk, öýde oturan gyzyň uly + taraplary hem bolýar. Käbiri ýokarda. Biziň döwrümizde uniwersitetde okap söýüşmedik gyz aza how, ilkinjilik bilen. Aý söýüşende kim bilýä nämeleri başdan geçirdi, olam iki.
Obaly gyz, eger häsiýedi gowy bolsa, akylly we gowy gyz bolsa, gaty çalt öwrener. Şäheräm, ýenänem öwredersiň. Elbetde ideal gyz okuwly bolar welin, aýdyşym ýaly, ynam etmek kyn. Ertirki gün "bar çaý getir" diýseň, "kelläm agyrýa özüň getiräý. Aý asyl sen şu gün nahar bişirsene" diýse, 1000 okuwly bolsun, 1000 intellektual bolsun, meň üçinä gerek däl :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Myahri 1 telpek goyyar we yazyar: ":) gowusy duşsunda hernä!!!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme agam, yzynda malam yoryan gyz ha :)))"

Hawa, ideal gyzyň

Hawa, ideal gyzyň kemçilikleri bolar, ýöne olar gözüňe kiçijik we gyzyklyja kemçilikler bolup görner :)! Onsoňam, men-a islendik adamy halanymda (dost bolsun, garyndaş bolsun) onuň indiwidual kemçiliklerini hem bile halaýan!

Herkim shu zady basharanok

Herkim shu zady basharanok yone. Hasiyetingize berekella!

________________________________
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Quote: Edil şu ýagdaýy

Quote:

Edil şu ýagdaýy dar dünýägaraýyşly, biperwaý gyz bilen göz öňüne getirip göreliň: "Bää, kim bilen paýlaşsamkam? keýwana aýtdyň-aýtmadyň bir köpük, gök-önüme aýtsaňam bir, oňa aýtsaňam. Garaýşam ýok, degerli maslahatam!" Pikirlendirýär, hämi?

Tutdym seni :D Türk önümi bolup çykaýdyň... :) Muňa, dogrusy, gynandym. Asyl şu türk önümi däl gyzyň pikir ýöretmegini islärdim. Ýene keýpim oturdy ýazgyňa.

Dogry aýdýaň, bulam ine okuwsyz, öýünden çykmadyk, obalynyň erbet tarapy. Dünýäden bihabar. Ony bir ýere getirýänçäň 10 ýyl gerek, olam ýetse ýeter, ýetmese ýetmez. Şunyň elbetde görnüp duran riski obaly gyzyň.

Quote:

Beýleki bir kursdaşym edil özi ýaljak akylly,bilimli, medeniýetli, ösen, beýik IQ-ly gyza öýlendi. Olara seretmek diýseň ýakymly!

IQli? Haha... güldürdi. Indi haçandan bäri IQ kriteriýa?! :D Ölçedilermi toýdan öň? Atamyrat öýlendimi ýa? Şu ýerde şoň kriteriýalarynda bardy özä...
Olara seretmek ýakymly? Baýboow... iliň näme pikir edende näme, olara ýakymly boldy, bolmady, hiç zat. Esasy zat özleriniň bagty.

Quote:

Ähli zatlary bileje çözýärler, gürleşmäge temalary gutaranok. Gyz bolsa öz gezeginde adamsynyň mertebesini beýgeltem üçin elinden gelenini edýär. Men şolar bütin ömrüne bile bolarlar öýdýän, sebäbi olaryň derejeleri bir, biri-birine ýarym sözden düşünýärler. Nähili ýakymly :)!

Hindi kinoň sözleri ýalylaý bu :D Men asyl ähli zady keýwany bilen çözmerin. Käbir zatlara ol burnuny sokmasa gowy, käbirine men. Meselem, nahar bişirmäge men burnumy sokmaryn :D
Ine seň problemaň, gödek bolsa bagyşla, şu olaryň bütin ömür bile boljagyny pikir etmegiňde. Obaly gyzlaryň kellesinde, adamsy nähilem bolsa, bütin ömür bile bolmakdan başga pikirem gelenok. Ine şäherli we okuwlynyň riski hem şuda. Her wagt "aý biz deň gelemzok ekeni" diýip çykyp gitmekden obaly ýaly gorkmaz. Obaly asyl bütin ömür oň bilen geçirmekden başga alaç we çäre hem tapanoga. Illerden utanýa, garyndaşlardan, aýrylsa näme etjegini bilenok, okuwy ýok, gorkagrak, özbaşdak däl. A okuwly gyzlaryň ýarysyna bir şapbat çalsaň giderdä öýüňden çykyp...

Quote:

A siz bu meselä nähili garaýaňyz, akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?

Akylly gyz elbetde özüni çekiji. Esasanam gürrüň üçin gowy, sulhyň alýa. Emma okuwly gyz=akylly gyz däl hiç haçanam. Obaly gyz riski az gyz, degseňem, razy bolup ýaşar. Şäherli gyzlaryň köpüsi risk tarapdan ýaman yza galýar

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Turk onumi?

Tutdym seni :D Türk önümi bolup çykaýdyň... :) Muňa, dogrusy, gynandym. Asyl şu türk önümi däl gyzyň pikir ýöretmegini islärdim. Ýene keýpim oturdy ýazgyňa.

Turk onumi? Begendireyin: turkler bilen men-a hich-hili dahylym yok! Degerli sozi seni gen galdyrdymy?
Aytsana, turk pikir yoretmeler nahili bolyar?

Okuwly gyz akylly, ya-da

Okuwly gyz akylly, ya-da akylsyz, muny umumylashdyryp aytsan yalnysh bolar. Her kimin ozune bagly zatlar bular. Yone okamadyk bilen okan gyzyn tapawudy yer bilen gok yaly! Dunyagarysh uly rol oynayar, ahli gelyan bela bilimsizlikden (ignorance-dan) bashlanyar. Mysal uchin in yonekey we oz akymyna gidyan bolup gorunyan etika-estetika: sholaram okamasan sen jemgiyetde ozuni alyp barmagyn yollaryny bilmersin, bu bolsa ullakan minus. Men gelinlerine shol tarapdan pes gorup, olar bilen ile gorunmage utanyan jubutleri kan gordum. Gowun yetmezchilik toplanyp ahyrynda diverse eltip bilyar.
Shu wagt men mesela birtaraplayin garadym. Yokarkylary yazmagym oba ya-da okamadyk gyzlara akylsyz diydigim dal. Hernache bolsa-da denini tapmak zerur: bu yere kop kriteriyalar jemlenyar. Social rank, jynyn alyshmak.... Shol sanda IQ-da!:) (akylyny gorkezyan esasy gorkeziji)

Quote: Men gelinlerine shol

Quote:

Men gelinlerine shol tarapdan pes gorup, olar bilen ile gorunmage utanyan jubutleri kan gordum

wayey.. menem "adamym hindi kino görsem halanok, olary dine pes düşünjeli adamlar seredyar diyip aydyar" diyyan gelinlere gabat geldim.. muna name diyjek?

Quote: Shol sanda IQ-da!:)

Quote:

Shol sanda IQ-da!:) (akylyny gorkezyan esasy gorkeziji)

Şunyň güldürdi. Aklyň esasy görkezijisi IQ dälhow! :D

Etika-estetika we utanmak barada aýdanyň bilen ylalaşýan. Obaly özüni nädip alyp barmaly bilmez diýibem çekinýänlere hem düşünýän. Ýöne utanç bir gapdala, maşgala özüň üçin. Il düşünse-düşünmese, özüň öýüňde arkaýyn bolsaň gowudyrda. Owadan, etiki-estetiki tarapdan gowy gyz bolup, öýde oňuşmasaň gutarandyrda...

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Mashgala jemgiyetin bir

Mashgala jemgiyetin bir yacheykasy (oyjugi), islesen- islemesen shonun bilen baglanyshykda bolyan. Onsonam jemgiyete yaramayan hereketler seni buysandyrar oydemok! Gyz hemme taraplayin goze gelimli bolmaly!

...

Myahri wrote:

Dunyagarysh uly rol oynayar, ahli gelyan bela bilimsizlikden (ignorance-dan) bashlanyar.

sözleming otyr belgisine çenli yeri bilen ylalaşyan, eger biz öz yan yoldaşymyzy otyrmagy turmagy bilyanje, haysi adam bilen nahili gatnaşmagyny bilyan birini seçdigimiz onda bagtly bolors, ! bu döwirde gaytam kabir bela bilimdenem gelyandir, senin diyjek bolyanyn aslynda bilimsizlik dal-de jahiliyet bolmaly?!!

Bu tayda owadanlykdan söz açylmandyr, onda gyzlary şu kategorya goymakçy

1 akylly okuwly şaher gyzy ++?
2 akylly okuwsyz şaher gyz +-?
3 akylsyz okuwsyz şaher gyzy --?

4 akylly okuwly oba gyzy ++?
5 akylly okuwsyz oba gyzy +-?
6 akylsyz okuwsyz oba gyzy --?

mena 1 yada 4,5 kategoryadaky gyzlary seçerdm!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Akylsyz okuwlylar hem az

Akylsyz okuwlylar hem az dala :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry unudylypdyr..."

agam shu deneshdirmani gowy

agam shu deneshdirmani gowy yazypsynyz. menem pikirlerimi sizinkin ashagyndan dowam edayin.
1 bilen 4in ikisine hem ++ goyupsynyz. emma mana gora akylly okuwly oba gyzy, akylly okuwly shaherli gyzdan has kop zada mynasyp... bir hili gyzyn obada, sada turkmen gyzy bolup yetishmegi gozumde mohum bir faktor bolup gorunyar, bu eyyam 1+, ustune akyl bilen okuwy hem goshsak +++. birem obaly yerden, saylanyp okuwly bolup chykmak kyn, yagday- mumkunchilikler yok. elbetde 4e giryan gyzlan sany hem 1e gora az bolsa gerek... ?
hany yene-de Hoja Hojayevin aydishi yali: gelin ozumiz bolalynla. durmushda in kyn zat hem shol. sada, oz turkmenimiz bolmak...
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "ay malades!"

...

kabir kişa göre şaherli bolmak, beylekilere bolsa obaly bolmak +
edil men özüm obadan çykanym üçin elbette obala plyus dyan!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Menin pikirimche, oglanyn

Menin pikirimche, oglanyn gyz saylamak kriteriyasyna bagly nahili gyz bilen gyzyklanmagy we golayyna barmagy.
Akylly gyzlar okuwlylarynam okuwsyzlarynam arasynda bar. dogry, umumylashdyryp aytmasan gowy bolar okamadyk akylsyz diyip.
ile gorunmage utanyan jubutlerin, has dogrusy, shol adamyn ozunde bardyr problema. name owredende bolmayarmyka dashyndakylara bildirip yorenden. ar ayal bir ruhy agzybirligi bolmalydyra, onun abrayi oz abrayin hem bolyar ahyryn.

okuwly bolmak - bilim derejani artdyrmak, dunyagarayshyny gineltmek bolyan bolsa-da, adam bolmagyn yerini tutanok. bilimi dash yaryp dursa-da adam bolmasa bir kopuk!
Diyjek bolyanym, dushunjeli bolmak dine bilimli adama mahsus dal..durmush hem gowy sapak bolup bilyar. hemem her ozuni akylly hasap edyan oglan onunden pikir edip saylayar durmush gurjak yaryny we sheyle bolsa shu shu problemalar chykar diyip chaklayandyr..parhsyz birine dushmasa, kimem bolsa yhlas bilen owrener etika estetikany we etc. :) okuw okalanda name, pelsepeden gurrun etmek gerek dala, durmushda hakykatdan yashamaly.
diyeli okuwly dal, dunyagarayshy gaty gin dal, yone shol gyz jynyn alya, social rank den, yhlasly biri we mashgala bolanson durmush guran oglany bilen bahbitlerini bir edip, aladalary bir bolup, kyn gunde goldaw bolmalydygyna dushunip we sheyle yashap bilyan bolsa boldugy dalmi?

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Dash edipsin!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Quote: ...social rank

Quote:

...social rank den...

Bu namay? Bizde entagem kast sistemamy? :D
Dikaya Roza diyen serialda garyp gyza oylenda ;D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yokla. bay garyp diyip ona

yokla. bay garyp diyip ona seredyan yokdurla.. ol bir random mysaldy.

Bayramyn aydyanlarynyn

Bayramyn aydyanlarynyn kopragi bilen ilalasyan. Oylenenson feminist duygilarini one cikarip bashlasa, ana shonda nerwin tutmazmi ?! Myahrin aydyanlari HTTUny gutaran yashlara degishli bolup biler :) Yone hemme kishi HTTUny gutaranoga. Obalinam okuwlysy bar. Meselem mollum bir gyz bilen dush geldim. Ozem HTTUny gutaran. Ey yaman dillije eken. Yone menem senden kem galmarin diyip dur :)
Mana goraha elbetde okuwly+edepli bolsa has gowy. Eger tapdirmasa feminist okuwly gyzdan edeplije oban gyzyny saylardim.

Gadyrly upt_li! Feminizmden

Gadyrly upt_li! Feminizmden dashda durmaga chalyshyan! Mashgala - bu sanashyk dal, oz yoldashyna kop zatlary gechirmage chalyshmaly. Payhasly gyz gerek yerinde sesini chykarman yest yoldash kapitan diymegi hem basharar, gerek yerinde senki dogry diymegi hem. Asla akylly, okuwly bolmagyn feminizm bilen hich-hili dahyly yokmyka diyyan.

Mahri sen mana yalnis

Mahri sen mana yalnis dusunme. Sen barde ideal mashgala barada gurrun edyan we bu gaty seyrek dush gelyar. Yone men sen pikirlerine gaty hormat goyyan. Yone eger erkek ayalindan kabir taraplardan pesem bolsa ayalin muny syzdyrmazlygy esasy zat bolup duryamika diyyan. Feminzm bilen kan baglanisigi bolman biler yone kabir feministik duygular bilen baglanisigi bar. Kabir bilimli gyzlar name diyya bilyanmi: Barjak adamim menden name diyse ha diyip duran birini gozlemesin zat diyya. Sen tarypyny edyan gyzyn yetdirse ona yetesi zat yok.

Men kabir zatlary

Men kabir zatlary ideallashdyryan bolmagym mumkin, ahli zatda gowulyk gozleyan. Adamlar mana: sen adamlara bolan ynamyn gaty guychli diyyar. Sheyle bolmagam mumkin, yone edil garashyshyn yaly bolmayar ka kishiler. Yone men ynanmagymy bes etmeyan, gowy adamlar, gowy zatlar dunyade has kop, sholaryn komegi bilenem entak dunya saklanyar! :)

Name üçin HTTU ny

Name üçin HTTU ny okayanlar uytgeşigay?Men duşunmedim.utp_li

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Ilki bilen akylly gyzyn

Ilki bilen akylly gyzyn definitiony gerekmika diyyan.

a)Akylly gyz: IQ(analitiki zehin)sy barada "no comment" EQsy(adamlarasy aragatnashyk zehini) güyçli, jemgiyedin normlaryny(terbiye,ahlak) bilyan, daş sypatyny üns beryan, geplemeli yerini bilyan gyz bolmalymyka diyyan.

b)Zehinli gyz: yokary IQly, ullakan ochkili:)

c)Şerrray gyz: IQsy guychli, köp gepleyan, egoist, arinin sözüni dinlemeyan.

d)Yuwashja gyz: goyun yaljak, geple diysen gepleyan, gapyl diysen gapilyan:)

Köpeltdip bilersiniz..
Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "ullakan ochki üçin"

...

Amanmuhammet wrote:

c)Şerrray gyz: IQsy guychli, köp gepleyan, egoist, arinin sözüni dinlemeyan.

ay shu sherraylaryng IQsyna bilmedm yone "Echo"sy hassss yokary bolmaly
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

ay natdinay Myahri, obaly

ay natdinay Myahri, obaly şaherli.. okamak gowydyr welin obalylar hem edil beyle "dikdüşdi" dal.. okuwly bolubam birhili "nahilay bu gyz" diydiryan gyzlar bar.. edil şeyle oglanlaram.. okuw+mastera+doktora hem okan bolaysyn bir gyz/oglan, edep terbiyesi bolmasa biderek..

Quote:

Gyz-gelin - bu ýigidiň bütin ömürlik maslahatçysy, ýoldaşy, dosty... Nädip ol bilimsiz, okamadyk, öýde oturan gyz bilen ýaşar? Haçan-da mentalitet düýbünden gabat gelmeýärkä? Ähli zat öz derejäňe laýyk gelse gowy bolýar.

yaşaman name? öyde oturan, okamadyk hokman bilimsiz bolyamy?

gyzyn okuwly bolmagynyn elbetde pluslary bardyr, yone okuw okaman hem okuwly gyzlardan has "payhasly" gyzlar tanayan mena.. hem sen pikir edip gör, nahili alym hem bolsa bir oglan, okuwly bilimli şaherli gyzymy yada okuwly bolmasada düşbije, wepaly boljak birini saylarmy? bayramyn aydyşy yaly men okuwly diyip etjegini edip yören gyzmy has gowy yada okuwsyz bolsada öyüne adamsyna wepaly, çagalaryna gowy terbiye berjek gyz has gowumy?

nahilem bolsa oglan üçin esasy zat "çagalaryna gowy terbiye berjek, eje-kakasyny we yakynlaryny sylajak, adamym hem öyüm diyip, wepaly bolayjak, ile gune masgara etmejek gyz"myka diyyan.. okuwly bolsa ol eyyam şol gyzyn "+"lary.. yone esasy kriteriya dal..

Myahri yalnyş düşünme, okuwly gyzlara zat diyjek bolamok (menem okayan) yone okuwsyzlara, obalylara hem zat diyilse halamok..

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Wepaly bolsun esasy! Hemme kişi..."

Men obaly ya-da okuwsyz

Men obaly ya-da okuwsyz gyzlara hich erbet zat diymek islamok. Yazgylarym perdirak bolan bolsa gownunize alman! Yone okuwly oglan bilen okuwsyz gyzyn (ya-da tersine) arasynda oran uly kynchylyklar we dushnushmezlikler bolup bilyar. Sholar yali mashgalalara kan dushdum: edil ker bilen korun aragatnashyk edishi yali bolyar. Gaytalasamam, mentalitetlerin menzeshrak bolmagynyn tarapdary.

düşnükli.. prosto esasy

düşnükli.. prosto esasy zat okuw dal, ol dine bir "+" diyjek boldum, yagny şony diyeyin diyip yokarda agyrrak yazan bolup bilerin.. herkime bagtly bolup bilayjek yaryny duşursyn Allajan enş, omyn :D

Akylly sozune gownejay

Akylly sozune gownejay definition beripsin!
Annamuhammedin aydanlary + payhaslylyk, gechirimlilik = idealnaya formula uma.

Hernaçe pikir deryasyna

Hernaçe pikir deryasyna batyp hemme zat gowy bolayjak yalydyr welin gyzyn 1.etmeli işi hojalygy dolandyrmak,çaga seretmek bolyar,sebap oglanyn bu zatlardan başy çykanok!
Erkek adam bolsa her etmeli hesip etmeli öyüne nan-pul etc getirip durmaly gyz bolsa şony yerli yerine,ykjam edip sowup bilmeli

Gyz hernaçe akylyn öyjügem bolsa,daş yaryanam bolsa nesilini gorap bilmese peydasy bolmayar
Erkek nesilini dowam etmek isleyar gyz bolsa goramak...

Kabir maşgalalarda gyz okadylanok yokardaky sebapler yetik bolany sebapli-gyzyn özi ejesinden-jorasyndan öwrenyar bilyan zatlaryny yada öz özi öwrenyar.

Gyzyn akylly bilimli bolmagynyn uytgeşik peydasy/zyyany yok Keminan aydyşy yaly:1 dayhan oglany 2 akylly oglana çalşjak barmy hekayasyna baryar

ing ansat zat, "gumun gyzy"

ing ansat zat, "gumun gyzy" bolmak, olaryn yekeje edyan zady, öyde otyr-çaga dogyr.
emma "okuwly" diyilyan gyzlar, hem öy hojalygyna seretmeli, hem "okuwly" bolmaly, köp pikirlenmeli, hem çaga dogyrmaly, we yzy uzap gidyar.

menin gysgaça pikrim-a, hemme gyzyk "okuwly" gyzda. :)
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Okuwly gyzyň ýene bir

Okuwly gyzyň ýene bir edäýjek zady karýeraň yzyna düşmek. Okapdyra karýera üçin, şeýle dälmi, onsoň şoň yzyna bir düşse, öýüň işlerem ýarym ýatar, çagalara hem gezekleşip serediler ýa birini tutarsyňyz seretmek üçin, ärine hem wagty bolmaz.

Eger käri başlangyç klaslaryň mugallymçylygy ýaly bir aýal adamsyna gelişýän bolsa hem hiçlaý, ýöne okaýan gyzlaryň başga kärlerinde karýerasynyň bolmagyny islese, şol uly problema bolup bilýär.

Meň göz öňüme getirýän ideal gyzymyň köp häsiýetleri bar. Ideal elbetde okuwly hem, ýöne şol okuwly meselesi kriteriýalaryň soňunda gelýär. Başynda ondan has wajyp zatlar gelýär.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

men-a shu wagta çenli

men-a shu wagta çenli Turkmen gyzlarynyn kariyeraň yzyna düşup yörenine dush gelmedim..
belki bardyram, yone azdyr gaty.
elbet-de gyzyn okuwly bolmagy, onun ideallygynyn alamaty dal.. yone şertlerinden biri.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "hakyt diyang... türkmenden haçan Marie Qurie chykarka"

‘Akyllymy’ ýa-da ‘Paýhasly’

Eger, hakykatdanam (has...) akylly bolsa – howwa eýmendiriji :),
Eger, akyllysyran bolup görünýän akylsyzlardan bolsa–onda beter eýmendiriji :(,
Eger, sadaja ‘SADA’ we paýhasly bolsa – onda özüne çekiji bolup biler :), :(.

Senem gyzlar ozune chekyarmi

Senem gyzlar ozune chekyarmi Lebabym? :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

...

No Sexual Discrimination bayram akga
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Degishmelay, men

Degishmelay, men discrimation edyan yone, hakykatdanam :)

Men asyl shon uchin aytdym, mana chydajak bolya, okuwsyzam bolsa diyip. "Akylsyzam bolsa" diyesim gelenok, sebabi akylsyz gerek dal. Yone men dominant, klassiki turkmen mashgala yasasym gelya we okuwly gyz klassiki turkmen mashgalasynda problema goryan bolsa... onda gerek dal :) Men uchin eyyam onun aklynyn pesligini gorkezyar. Yagny
akylly gyz>>>okuwly gyz
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram aga men hiç hili kop

Bayram aga men hiç hili kop yazamok bu saytda yone yazylan zatlary kop okayan we goren zadym sen kan bir okuwly gyza oylenesin gelenok yaly bolup dur gownume bolmasa.gownume mika ya:D

''Özüňi süýt saýsaň, Dostuňy gaýmak, Onsoň gaýmak saýar Dostuňam seni. Onsoň senem gaýmak, Dostuňam gaýmak.''

Men dogrymy aydayin, okuwly

Men dogrymy aydayin, okuwly gyzlary kop isledim, gaty kanleri bilen gurrundesh boldum. Yone okuwy bolan gyz yaman kan gerekmejek zatlaram owrenyandigini, goryandigini bildim. Onson dunyagarayshy bolyar, yone dunyagarayshy kan den gelman bilyar. Okuwsyzyn dunyagarayshy den gelmese, ozunka gora uytgetmek ansat, sebabi ozuni pesrak bilyaler. A okuwly bolsa, ozbashdak we oz pikirini one surmegi owrenensonlar, sen bilen oturyp jedel edip bilyaler. Oz diyenli bolyalar, ozlerine gowni yetyaler we belkem azda-kande ulumsy hem bolyalar.

Bu elbetde umumylashdyrma, yone okuwlynyn arasynda shu ideal gyz tarypyna yakyndan gabat gelyani gormedim. Okuwsyzlar yaly idealdan uzak. A okuwsyzlary azyndan ozune gorarak surup bolyar, ylalashmak ansadrak :) Men pikirim elbetde, her kimin tejribesi uytgeshigrak bolyada...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Shuny oran yerlikli

Shuny oran yerlikli bellapsin. Men uchin hem adamsynyn dominant bolmagy oran wajyp. Onun shahsiyetine, aklyna, bilimine, jomartlygyna, batyrlygyna... sarpa we hormat goymak isleyan. Adamsy oyunin hojayini bolmaly. Gelin onun diyeni bilen yorese agzybirlik hem asudalyk bolar.

kakasy ependiden sorapdyr:

kakasy ependiden sorapdyr: senin oylenmeli vagtyman geldi, sana nahili gyz alyp bereyin?
ependi hem: gelnim akylly, emma menden biraz samsyk bolsun, mana akyl satmaz yali..:)
diyipdir
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

A birden ol diyeli "jomart"

A birden ol diyeli "jomart" dal bolup chykdy ?? Gysygrak bolsa, hormat azalarmy ??

Galyberse-de, bu hasiyetlerin barsyna eye bolan erkek bolmanda-da 95% ahtimallyk bilen dominant bolar, yone diyeli shol hasiyetlerin kabiri yok bolsa, onda ayal dominant boljak bolubermelimi ??
Gepin tummek yeri, men oyde adamsy ozunden "guychli"(ylym, ynsap, fiziki we etc taydan) bolany uchin ony dominant hasap edyan gelinler bilen deneshdireninde, ony adamsy, oyun erkegi bolany uchin shol "dereja" mynasyp goryan gelinlerin has yerlikli pikir edyandigine ynanyan. Erkek oyi bilen ishi bolman, "gozel govnum" diyip yoryanlerden bolsa gurrun bashga, yone oyune wepaly, oydakilerin aladasyny edip yashayan erkekler in bashdan her(!) nahili bolayanlarynda-da shol "dereja" mynasyp gorulseler, onda mashgalanyn has agzybir yashajakdygyna ynanyan men. T.e. kabir hasiyetlere eye dal erkekleri 1 dereje ashakda gorsen, nahili plus'ynyn boljakdygyny bilemok men, bolsa-bolsa erkegin namysyna deger, oda gedemlik edip ayalyna hezila bermez ozuni beyle yagdayda goyani uchin.

Yogsa kabir ayallary goryan, arlerinin gepini dinlemeyishlerini "Hich zadyn hallyndan dal" sozleri bilen argumentirleyaler, yogsa ol adam il ichinde beyle tanalyanam daldir, yone ayalynyn ondan berip bilmejek zatlaryna garashmagy, erkegi oyde "zat basarmayan" adam etyar, sebabi "zat basarmak"-daky "zat" sozune her ayal ynsaply bolup, minimumlar bilen denap dushunenok.

Elbet-de jomartlyk esasy

Elbet-de jomartlyk esasy roly oynamayar, yone men adamzadyn guychli boleginde shu hasiyet bolsa sheyle gowy goryarin! Men mashgalasyna, chagalaryna gysganyan adamlary gordum, bu oran gozgyny. Diyjek bolanym, puly eylak-beylak sechelap yoren dal-de, mashgalasy uchin hich zady gysganmayan adamy goz onune tutdum.

Jomart'lyk dine 1 mysaldy

Jomart'lyk dine 1 mysaldy Myahri, yagny senin yokarda sanan hasiyetlerinden 1'i, on yerine haysy birini goyayanynda-da men yazgymyn manysy uytganok. Yagny, ol yazgy senin dine shol hasiyeti talap etmegin ustune bina edilen yazgy dalde, umuman "palan hasiyetlere eye bolany uchin dominant bolar" dushunjesinin, mana gora kemdigini, yetmezchiliklidigini we ideal gelinin beyle pikir etmeli daldigini dushundirmek maksady bilen yazylypdy.

Gepin tummek yeri, yene Agajan agan "uchin"-li meselesine gelyasda.
Men yazgymam "Garamazdan"-yn tarapyny tutup yazylan yazgy :)

Bayram agzamyz BIRHELEK

Bagyhslan welin.. Bir soragym bar size Bayram...
siz oglanlary halayanyzmy yada gyzlary?? (bir hilek shuphe bar) :)):)):))
GATY GORME.... (gaty gormek gyzdan gaytyar) :P

men seni

men seni soyyan
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

"men seni soyyan" .... OP. dur hany...

Men Hetersexual!!! not Homosexual...
gayrat edip diyyan zadynyza uns berin.. haysh edyan Mr.Bayram...
Meni soyme... gitde bashga birini soy....
:)):)):))
bye, HOUSE!!
ADAMLAR,, http://www.tmolympiad.org/ 'da Homosexual detected.. ESTAGFIRULLAH...

Ay gabat gelsen soyerinda,

Ay gabat gelsen soyerinda, gabat gelmesen degesim yok. Gacha duruber.

Senem yone homosexual'lary yzarlap yormeda, olar bilen gyzyklanyan bolmasan. Gyzyklanyan bolsana dushunjek...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:)):)):))

Bolya Mr. Bayram!
men **** olary(ol(Mr.Bayram)) yzarlamok. Prosto menin uchin gen TURKMEN homosexual...
eshidip goren zadym dal.. :)):))
Borlay, gaty gorme... Baryakam owrensherin :P..
Yone dur yekeje minut... Beyleki agzalar habaryndamy? sizin beyle uytgeshik orientation'ynyz badygyndan...
menden assylly, adamchylykly maslahat :>> Mr.Bayram oz anketanyza yazyp goyayyn.. goy beylekiler hem bilsin :P
----
see u, HOUSE

Baý inim ýuwel ekeniňow.

Baý inim ýuwel ekeniňow. Näçe ýaşyňda?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

AHA :P

"yuwel" diyen sozunize dushunmedim. Ol name diymek?
2009-05-25 doguldym. (http://tmolympiad.org),
Sheyle diyip dushunayin.. :))
----
see u, HOUSE

:):):):)

Meniñ eşidişime we bilşime görä ‘ýüwel’ – [ýuwan ‘duzsuz’ söz] hiç zadyñ manysyna düşünmeýän, içýakgynç kişini sypatlandyrýar:).
Mysal: ‘ýüwel-ýüwel gülme’ – o-da manysyz ýere içýakgynç ‘it ýylgyrşyny’ etmek:). (belki has başgarak many añladýan ýerlerde-de ulanylýandyr – ony welin bilemok:().

Gayrat etde "oyun" etmegin

Taliban!
Gayrat etde "oyun" etmegin hem limitlerinin bardygyny oz-ozune yatlat,
mowzuga degisli dal, bir-suri "prikol" yazgylar bilen doldurmak gerek dal mowzugy!

suwjuk

turkmenler aslynda salyhatly bolya, salyhatlylygam halayalar.halypa bizde yumruk yaly chaga-da suwjarsa halanmaya. bu yerdakilen yone bir turkmenem dal-de, has akylly okuwly turkmenlerdigini yatlatmaly oydyan!

sen barde hem dindarsyrajak bolyan... hemem chendenasha suwjaryan! suwjuklyk bn ikisi bir yere syganok, sen sygdyrjak bolshuna-da hayran!

:-) :-) :-)

bu soragyña sessiz jogap:
diñeje gülýän we başymy ýaýkaýan:(.

Eğer hakykatdanam bir

Eğer hakykatdanam bir zatlar eşitmek isleýän bolsañ onda-[HOWWA]!
Ýöne gynansañam -[ÖZLERİNE ÇEKMEÝÄRLER]!!! :).
Eğer, belli bir düşünjelerde señkä görä has akylly, paýhasly-parasatly, agras, batyr we başarjañ hereket edýän gyz-gelinlere duş gelsem – sadaja we sadaja -[GÖZÜM GİDÝÄR]!
(emma, göriplik duýgusy bilen däl-de, özümiñ başaryp bilmeýänligim üçin ‘şolañ käbirlerini’).

he he muny Bayram agadan hem

he he muny Bayram agadan hem sorap gormeli...
Bayram aga, sizi hem sizden has akylly(beyle kish-a kanbir satashyanam dalsinizle) oglanlar ozune chekyami ... ?
____________________________
gul gul demish bulbul gule
gul gulmedi gitti...
bulbul gule, gul bulbule
yar olmadi gitti...

Hawa, gorenokmy yokardaky

Hawa, gorenokmy yokardaky taliban diyen yoldashy nahili soydum. Shu tutup malchyldadyp ogshasym gelip durda :D
Bashga detallaryny yazmayin :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Ööögghhh... :D"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Goz onune getirjek boldum, bolmady"

...

Myahri wrote:

Il içinde oglanlar akylly gyzlardsan çekinýärler, golaýyna barmanlaryny gowy görýärler diýen stereotip bar.

ol dine özüne ynamy bolmadyk yigitlerde bolp bilya, yada akylly gyzyn biderek kompleksleri bolp bilya

Myahri wrote:

A siz bu meselä nähili garaýaňyz, akylly gyzlar eýmendirijimi ýa-da özüne çekiji?

Esasy akylly gyz özüne üns çekmegi halamayan (gynansakda bu döwirde "akylly" kategoryasyna degişli gyzlarynam pes-pallik perdesi arkasynda gizlenip isleyan zady uns chekmek!) şon 3in owadanjasyny saylaymak galya

Myahri wrote:

Akmajyk gyz derrew ýüregiňize düşer. Öz pikirleriňi, ideýalaryňy paýlaşmaga, maslahatlaşmaga intellektual taýdan ösen, düşbüje gyz küýsärsiňiz.

sözleringden şeyle waka gurban bolan birine menzetdm :))

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Dogrymy aydayin, nahili

Dogrymy aydayin, nahili obalam bolsa, okuwsyzam bolsa, mana chydajak gyza oylenerin :D az how shon yaly
PS Editlendi. "Nahili akylsyzam bolsa" diyipdim. Yalnyshdym, akylsyz gerek dal :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Okuw hemme zat dal

Eyranda kitap sergisinde bolan wagtym, gyzlaryn okuwa bolan howesi gorup aglaberesim geldi.Omrume birinji gezek jygyllykdan uch esse uly yerde dine kitap, yash oglan gyzlar bolsa kitap uchin queue de duryarlar... Eger bizin gyzlarymyz sheyle okasalar,howesli bolsalardy, biz eyyam osushde eyrany iki esse gecherdik...

.......

oglanlar hem gyzlar diyaylinmay :)))

Men ilki bilen oglanlary

Men ilki bilen oglanlary okuwa howeslendirmek gerekdir oydyan. Uns beren bolsanyz oglanlar yetginjeklik yillaryndan son okuwy aylap zynyarlar (Turkmenistanda sheyle). Uniwersitetimizde okayan gyzlar gaty kop, oglanlar barada bolsa beyle diyip biljek dal!

Ehh...Govy zatlar yazylar,

Ehh...Govy zatlar yazylar, aydylar, chyzylar, pozular, ideal gyz - ideal erkek portretleri dorediler, yazyanlaryn yarysy shol portrede gabat gelyan yaly bolup goruner :)
Yone son-son dushunyan bu zatlar barada govy/yerlikli zatlar aytmak bilen, etmegin ayry zatlardygyny.
Menin ozuma 1 adamy tanamak uchin onun hasiyeti bilen baglanyshykly soraglary ozunden gonimel soramakda peyda bardyr oydemok, sebabi gyz akylly bolsa, oglanyn hereketlerinden, pikir yoredishinden onun nahilirak gyzlary halayandygyny bilip, shona gora-de jogap berip biler(Praktikada subut edilen!). Yone, oglan netije chykarmakda 1 adim onde bolsa, aylap-dolap soran soraglaryna beren jogaplaryndan, onda-da jogabyn ozunden dalde, sagyndan-chepinden netije chykaryp, gyzyn 1 portredini doreder kellesinde, we sonundan sorajak "has mohum" soraglaryna berilen jogaplara shol portrede gora baha berer/ynanar.

1 yash oglan gelip yashuly'laryn birine 1 gyzyn waspyny edyamish, "Ay shular yaly ishennir, nirede gurlemeli, nirede dymmaly bilyar, gaty arassa yurekli, hemishe govulyk edyan, palan-pismidan..." diyip, yanky yashulam "Mena ol gyz diyyanin Hz.Meryem'dir oydupdirin" diyyar :) Gepin tummek yeri, gyzlarda-da, oglanlarda-da bile yashamasan bilip bolmayan birgiden gizli hasiyetler bar, gurleyishinden dagy bilip bolyanlar bilen belli 1 dereje tanaymasan, galanyna gora karar bermek kyn, ustune soyyan dagy bolsan, perishde yaly gorunmegi gaty adaty, arkasynda bir tonna biderek hasiyetini gizleyan bolsa-da...Garaz, bu mowzuk barada gurlemek gaty ansat, yone durmusha gechirmek, durmushda kimin nahilidigini bilmekden kyn zat az-azdyr.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "her nokadyna we oturyna çenli goşulyan..:D"

dogry

ilki bilen sayt govy ekeni
girmage wagt tapyp bilsek giryas
bolmasa eslı wagtlap bular yaly temalardan
habersyz galyas
sebabı yakarda Myahri'in atdygy yaly
bir zat bilen mesgul bolsan baska kabir zatlardan
feda etmeli bolyar kabir oglanlarda
(tm deki universitelerde or dasary yurtdaki universitelerde)
soygi-ysk bilen tanysyp okuwlaryny feda etyaler
however, ylym-bilim bilen musgul bolanlarda
soygi-yski feda eyarler(at least after graduate )
emma ikisini de birlikte akitmage synynsanlar
hic birisini ustunlu bolmazlar

this is all my idea
indeed,this site is wonderful i like
so everything that i wrote try to write
turkmen language good luck everybody:)

Süleýmanyň pähimlerinde

Süleýmanyň pähimlerinde paýhasly aýal hakynda ine şeýle sözler bar:
"Başarjaň aýaly kim tapyp biler? Onuň bahasy ýakutdan ýokarydyr. Äri oňa ýürekden bil baglaýandyr, onuň gazanjy kemlik edýän däldir. Aýal öz ömrüniň ähli günlerinde oňa ýamanlyk däl, ýagşylyk edýändir. Ýüň we zygyr üpjün edýändir, elleri höwes bilen işleýändir. Ol söwda gämileri kimin öz iýmitini uzakdan getirýändir. Entäk gijekä turup, içerisine nahar, kenizlerine bellän wezipelerini berýändir. Bir ekin meýdanyna göz gezdirip, ony satyn alýandyr; elleriniň gazanjy bilen üzüm nahallaryny oturdýandyr. Bilimini gaýym guşap, gollaryny çermeýändir. Ol gazanjynyň gowydygyny aňýandyr, gijesine çyrasy sönýän däldir. Ellerini çarha ýetirýändird, barmaklary igi tutýandyr. Garyplara aýasyny açýandyr, ellerini mätäçlere uzadýandyr. Içerisi üçin gardan gorkýan däldir, çünki onuň bütin içerisi galyň eşikldir. Özüne halylar dokaýandyr; lybasy nepis keteni we gyrmyzydyr. Ýurdyň ýaşulylary bilen şäher mejlisinde oturýan äri sylanýandyr. Keteni lybas tikip, satýandyr, söwdagärlere guşaklar berýändir. Güýç we şöwket onuň lybasydyr, geljekki güne gülýändir. Agzyny hikmet bilen açýandyr, dilinde merhemet kanuny bardyr. Içerisiniň işlerine gözegçilik edýändir, ýaltalyk çöregini iýýän däldir. Çagalary-da oňa alkyş aýdýandyr, äri turup, ony öwýändir: "Başarjaňlyk bilen işleýän gyzlar köpdür, ýöne sen olaryň ählisinden ýokarysyň."
Näziklik adawçydyr, owadanlyk puçdur; diňe Rebden gorkýan aýal öwülýändir. Elleriniň gazanjyndan oňa beriň, şäher derwezesinde ony işleri öwsün!"

Quote: Süleýmanyň

Quote:

Süleýmanyň pähimlerinde ...

Obanyzdaky Suleymanmy? Ya dostunmy? Ya men klasdashymmy?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Süleýman patyşa we

Süleýman patyşa we pygamberiň pähimleri! :) Heniz obamdaky Süleýmän pähimler kitabyny ýazmady...:)

Munça zady ayal edyan

Munça zady ayal edyan bolsa, erkege name iş galyar?

:-) :-) :-)

Ýokarda görkezilipdirä erkege näme işiň galýandygy “Ýurduň ýaşulylary bilen şäher mejlisinde oturýan äri” – diýlip :) :) :)

Erkege galýan iş kändir,

Erkege galýan iş kändir, işiň az bolsa onda aýalyňa kömekleşäý! :)

Süleýman pygamberiň

Süleýman pygamberiň gürrüň edýän aýaly bu ýöne-möne aýal däldir, ol işewur aýaldyr! Bu sebäpden hem ol gaty işlidir!:)

bu zatlaryň kanuny ýoga

Gyz-oglan gatnaşygynda bir üýtgeşik tertip, düşnükli kanunlar gözledim. Men-ä tapmadym. Her gün öwsüp durus biz adamlar. Erkek gyzda, gyzam erkekde akyldan has köpräk has üýtgeşik has düşnüksiz zatlar gözleýän bolaýmasa. Şol düşnüksiz zady tapsalar biri-biri diýip söýgüden ýaňa öläýjek bolýarlar. Hawa ýöne şol düşnüksiz zady tapyp bilmedikler, ýa-da bir tarap tapyp beýleki tarap jogap bermedik bolsa, onda akyl-düşünjä seredip durmuş gurmaly bolýar-da.

salam

men oglan bolan bolsam, akylly “okuwly” gyzlardan chekinerdim. “Kop bilyar olar, hazirrak bolmaly” diyerdim :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Haha :-)"
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: ";) Ichimi okayipsin..."

gayta owadan gyzlardan

gayta owadan gyzlardan çekinmeli-name etjekleri belli dal öwsüp duryalar
:)

wii,owadanlar barada dala

wii,owadanlar barada dala tema. ay, owadanlardan chekinmeli dal, gachmaly. ol bu yana owusse sen o yana.

gaçmaly bomay:) türk

gaçmaly bomay:)

türk gyzlaryna hemmesinin akyly menzeş yaly:)üytgeşik zat yok:)
akyldan beteri 90-60-90 gyzlar eymendiriji bolmaly dalmi name...

AKYL GÖZELLIGI BARADA BIR KYSSA

Eýsem gözellige erbet diýjek barmy? Allatagallaň her ýaradan zady gözellikdir, onda-da iň kämil gözellik. Gözellik barada aýdara zat kän. Akyl bilen gözellik - bu iki sany gapma-garşy zat. Akylly gyzlar bar öz akyl mertebesine guwanarlar, gözel gyzlar bar öz gözelligine guwanarlar. Şeýdip bu çarhy pelek dünýäde öz pällerine görä her kim öz paýyny alarlar. AKYL hem DUÝGYNYŇ terezide deň tutmagy başardana BU SORAGA AŇSATLYK BILEN JOGAP BERMEGI BAŞARAR!

Bu barada pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz!!!

Myahri wrote: Il içinde

Myahri wrote:

Il içinde oglanlar akylly gyzlardsan çekinýärler, golaýyna barmanlaryny gowy görýärler diýen stereotip bar. Şunuň nädogrydygyna ynanasym gelýär!

Ol aytyanyn yokarda taliban_zzz-nyn aydyşy yaly beyle gyzlaryn ters jogap beryandikleri üçin çekinyan bolmaly, "den etman duş etmez" diyyaler

maxatt wrote: "den etman

maxatt wrote:

"den etman duş etmez" diyyaler

Ay mena shuna kan bir ynanyp baramoklay...Kabirlerinin dunyadaki synagy yanyoldashy bilen bolyar, t.e. oz govulyk derejesinde dal adamlar bilen durmush guryalar, sonam sabyr edip yoryaler. Yagny "den etman"-em dushuryanlary yok dal yaly.

hawa ola şeyle, şu

hawa ola şeyle, şu atasözlerinem her-hilegi bar, bir-birine gapma-garşy gelayya, bezzat atalarymyzam bolupdyr öytyan))

umuman her bir aydylana ynanyp yörmeli dal)), Myahri senem başgarak streotip taparsyn-da ynanmak üçin

Gyzdan name garaşyanyna we oglana bagly

ilki bilena gyzdan name garaşyanyna bagly, dine keyp etmek maksady bln gurleşyan bolsan akylly gyz name gerek kellani agyrdyp, shon ucin ozne çekijide gorunmeya gozune, sonu blnem her oglanyn ozune baglyda, biri akyllyny halayan bolsa beylekisi çekinyandir... mana sorasan akylly gyzlary halayan, has hem hiç yrylmayan gyzlary, gyz mana yrylsa son gyzygy gacya, özüne çekijiligi yitya xixi :D

Shu temada bir hekaya yadima

Shu temada bir hekaya yadima dushdi. Einsteining gozel bir gelni(ayali) bar eken. Bir gun ol Einsteine sheyle diyyar: Eger chagamyz bolsa akyly seningki gozelligi mengki yali bolsa nahili gowy bolardy. Guwanardyk.
Onsa Einshtein sheyle jogap berya:
Eger tersine bolsa nahili bolardy?

____________**************___________
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "haha :))"

ARZUW!!! Ey Allajan,

ARZUW!!!

Ey Allajan, yaradanňa müň şükür!
Gije-gündiz, irden-agşam bu kellamde müň pikir..
Pikir edyan Sen barada,
Edyan pikir söwdagariň owadan gyzy barada,
Senem bir gezejik pikir etseň men barada,
Gaty köp dal, az owlajyk arzuwlarym bar arada.

Arzuw edyan, janym mydam sag bolsady,
Aşgabadyň gözelleri öňküsinden kan bolsady..
Seredemde 5 sanysy, göz gypamda 25-i,
Her birisem gözel bolsun, ütülmedik bolsun gaşy,
Köynekleri dar bolmasyn, 20-den geçmesin yaşy..
....
....

:-) :-) :-)

Arzuwlaryň hasyl bolsun!!!:-). Az owlajyk däl ekeni how o arzuwlaň:-).

Köp sag bol.. gaty köpem

Köp sag bol..
gaty köpem dal-a :)

Onem biri dostyna sorayar

Onem biri dostyna sorayar diyya, bir halta pul bilen bir halta akyl berilse haysyny alarsyn diyip. Olam na mena akyl alarn diyen bolyar. A sen name alarsyn? " Mena pul alarn." "Name Üçin?" Akyl ozumde barda shumat yone pul yok...Gyzyn akly gerek dal owadan bolsa bolya :D

hachik wrote: Akyl ozumde

hachik wrote:

Akyl ozumde barda shumat yone pul yok...Gyzyn akly gerek dal owadan bolsa bolya :D

Ozun barada "Men akylly, yone betgelshik oglan" diyip oturshynmy shu ? :)
"Oz akylym ozume yeterli" diyyan adamda mena shon yeterlidigine ynanamok.
Nadip bilip bilyan yetip-yetmeyanini ?? Durmushda garshyna chykyp biljek
bar problemany oz akylyn bilen chozup biljek derejede akyllymy ?

Yeterli daldigi uchin

Yeterli daldigi uchin yazyandirda mergen aga. (kiddin)

++++++++++++**************+++++++++++
Mestana ýorinçäň gaýry ýurdunda,
Önüp ösen ýurduňdan aýrylma.
Magrur käkilik deý nebsiň ugrunda
Dama düşüp ganadyňdan aýrylma.

hazirki zamanyn oglanlary

hazirki zamanyn oglanlary gyz akyllymy yada akılsızmı diip ekzamen alyp duranoklar, oglan gyz bilen tanyşan wagty öz aralarynda düşünşseler söyga dönyar yagny oglanlaryn akıllısı hem akılsızı bar diyip geçeli yöne akıllı gyzlar bilen edip biljek söhbetin bolyar meselem men okuwda okanymda akıllı gyzlar bilen yarışıp okayardyk akılsızlar bolsa okuwa üns berenoklar gynansakda olaram oglanlar bilen gepleşmani boş-boş parka gidip gezmani yaly wariyantlary seçyarler,oglanlarynda name okasy gelmeyan olaram parkda,yagny menim diyjek bolyan zadym akıllı gyzlar köp bolsun akıllı gyzlar terbiyeli bolyarlar !!!bolany şu

...

Oglanlar uchin anketa etmeli ekening...

edil hazir bagtly

edil hazir bagtly biryerlerden jüba pul düşdi azajygam bolsa bagtda:D