türkmenistanda watana bolan borç 2 yıl

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

türkmenistanda watana bolan gulluk borjumyz 2 yıldır muny türkmen watandaşlarymyzyn hemmesem bilyar,yöne türkmenistanda gulluk edesi gelmeyanler hem bargynanç bilen aytsak bolyar meselem menin tanyşlarymdan birnaçesi gulluk borjuny öylenip gullukdan gaçyarlar name üçin beyle hiç düşünip bilmedim,ine men özümi öwemak yöne 17 yaşında gulluga gitdim gulluk döwrümde gaty bir kynçylyk görmedim ,allaha şükür özüm daşoguzly mary şaherinde borjumy yerine yetirdim,okuwy gutaryp gelen esger dostlarymda bardy kabir türkmen watandaşlar ya öylenyarler,yada mestny bolup gulluk edyarler, munyn sebabi namedir!!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Açan blogun üçin!"
  • doguz 1 telpek goyyar we yazyar: ""gowy mowzuk,tüweleme""

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Men özüm barada

Men özüm barada aýdaýyn.

Gulluk gaty uzyn! 2 ýylda adam bilýäniniň köp bölegini ýatdan çykaryp bilýär, ýa-da sowap bilýär öňki işinden. Men haçan gulluk edip bilerdim? Derrew mekdebi gutaramsoň MGU girmesem, soň bezekzamen almazlardy diýýän. Aý alsalaram okuwa hyjuw galmazdy, olimpiada döwründe öwrenenlerim ýatdan çykardy.

Onsoň haçan? MGUny gutaramda Amerikadan gelen teklibi kabul etmesem, gullukdan soň, Türkmenistandan dokument tabşyryp, ýene teklip almak gaty kyn, onsoňam, bilýänjelerimi ýatdan çykarardym.

Indi nesip bolsa PHDni gutarmakçy ýanymda. PHD-ni gutaryp 2 ýyl ara bersem, onsoň ylmy karýeram ölýär. Bu ulaltma däl, bu hakykat. Ylymdanam sowaryn. Meni gowy ýerler PostDok üçin çagyrmazlar, sebäbi ýaryş gaty uly.

Onsoň haçan men gulluk etmelişim bilmedim, Allaň özi kömek etsin...

Watana gulluk biriniň öýünde ýa meýdanda ekin ekip, esger eşikde geçirmek bolmaly däl meň pikirimçe. O näme üçin watana gulluk diňe şol manyda pikir edilýär? Türkmenistanda bir alymyň, aýdaly, 2 ýyllap şol ekin meýdanlarynda gezip ýöreni gowumy, ýa şol bir alymyň Magtymgulyda ýa Politde professor bolanymy? Meň pikirimçe, ikinji birinji gullukdan hijem pes däl.

Men himik, alym, asyl kärim şol. Ine şu tomus Türkmenistana baramda hakykatdanam Türkmenistanda professor bolmak barada soramakçy. Bilim Ministirlikdenem, Magtymgulydanam, Politdenem. Men muny diňe watansöýerlik sebäpli edýän, bir peýdam degsin diýýän. Ýöne Alla şaýat, meň bu herekedime düşünýän bir adamam ýok Amerikada. Olar "sen ýagdaýy sypdyrman, bärde alym-professor bol, ylmy işi dowam et! Türkmenistanda etseň etseň sapak berersiň, ol ýerde ylmy iş ýok" diýýäler. Bu bir hakykat, muň üstüne pul, arkaýynlyk, rahatlyk, mümkinçilikler, onsoň azatlyk, işdäki aragatnaşyk, professionallyk we ş. m. zatlardaky Amerikanyň Türkmenistanyň HAS öňdedigini ýadymyza salsak, menem özümçe watan üçin alada edýänimi düşünýän.

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (10 kisiden 16 sany)

Bu komment ucin
  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Beylekilere nusga bolsun!"
  • maksat 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty DOGRY yazipsin! Berekella!"
  • Amanmuhammet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • mammedsherip 1 telpek goyyar we yazyar: "hemmamizin pikirini aydypsynyz"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "mendenem 1-i :)"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Oran dogry aydyan..."
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Senin yali Watandaşlar koprak bolsa bolmayamy :("

senkem dogry

sen okuwlary öz güyjüne aklın bilen giren bolsan onda oglun bolsun yöne birden Allah gorasyn bir yerden meselem aydyaryn türkmenistanda söweş başlady sen okuwa dowam edermisin yat yurtlarda ya-da watanyny goramaga gelermisin seni çagyrarlar türkmenistana sende yok men geljek dal okuwym bar diyip bilertmisin,şeylede diyersen men pikirimçe türkmen halkyna name peydan bolar gelip söweşersen watanyny gorarsyn senin name diyjegini bilmen welin meselem getirdim bu yerde watana gulluk etmek bizin borjumyzdyr,we söweşe tayyarlykdyr muny unutmaly,men pikirimçe sen minnetlik bilen okayarsyn!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ilki bilenä, ýazgyňda

Ilki bilenä, ýazgyňda nokatdyr otur ulanmagy maslahat berýän. Ikinji aýtjak zadym bolsa, adamyň şahsyna geçme. Sahypaň ýagdaýyny bilmeýän bolsaň bilip gal, bärde çaga gürrüň gerek däl, "sen eýle, men beýle...". Kimiň kimdigi hiç kimi gyzyklandyranok.

Minnetlik bilen okaýaň? Seň şu temaňdaky ýazgyňa seredip, meniňä seň milletlik bilen gulluk edendigiňi aýtmadym, ýöne aýtsamam bolup dur. Men okamda özüm üçin okadym, minnetlik zat ýok. Hiç kime odoljenie edip okamok, ýöne kellesini ulanyp bilýän her kime mälim, her zadyň biz öz ýer bar. Bir ylmy işgäriňem ýeri laboratoriýada.

PS Birem telpek berenlere seret. Şonça adam meň diýenlerim bilen ylalaşan bolsa, belki bir dogry ýeri bardyr? Ýa hemmämizem minnetlik bilen okapdyrysmy?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "goldayaryn"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "yene biri:)"

Gaty çylşyrymly mesele..

Mençe bu gullyk meselesi gaty çylşyrymly mesele. İlki bilen şuny bellap geçesim gelyar. Harby gullyk yaşy yeten, akly-başy yerinde, eli-ayagy tutyan her erkek rayatyn boynynyn borjy bolup duryar. Elbetde kanunlar şeyle diyyar...
Dünyanin aglabasynda bu şeyle. Adaty yagday, her yurt öz howpsuzlygynyn aladasyny etmeli bolyar.
Elbetde yagdayin şeyle bolmagyna garşy duryanam yok diyen yaly az emma bu yerde ahli mesele gullyk şertlerinden(yaşy, saglyk yagdayi, bilim derejesi...)we gullyk borjunyn berjay edilişinden(eli awtomatly, eli pilli, lomly, kuwaldaly, ayna,sement, şipr zawodlarynda, pekarnylarda ya-da harby yolbaşçylarynyn daçalarynda we hojalyklarynda hyzmatkarlik!...) ybarat bolup duryar.

Herna bir rayata gullyk borjuna garşy çykmak hak-hukugy berilmeyan bolsa-da, her bir rayat gullyk borjunyn yokarda agzalan şertlerine we berjay edilişine garşy çykmak/pikir bildirmek hakyna eye bolmaly mençe...

Üstesine bu gullyk meselesinin şertleri we yerine yetirilişi kesgitlenen wagty yurdyn geopolitik yerleşişi we siyasy arenadaky sypaty-da(meselem bitarapmy dalmi) göz önüne tutulmaly...
Meselem Türkiye geopolitik yerleşişi, bitarap bolmayşy we gonşylary göz önüne alynsa Türkiye isle isleme agyr we döwrebap goşuna eye bolmaly bolyar. (Hazir Türk goşuny san taydan dünyade 3-nji, döwrebaplyk taydan-da ilkinji 10-lykda) Emma muna garamazdan Türkiyedaki gullyk şertleri bizdakiden düypgöter başga. Türkiyede gullyk yaşy 20, gullyk wagty 24 günlik, 1.5 aylyk we 3 aylykdan başlap 1.5 yila çenli we rayatyn bilim derejesine göra üytgeyar.
Pully gullyk bar, emma bu yagdaydanam her isleg bildiren rayat peydalanyp bilmeyar(bilim derejesi göz önünde tutylyar).

Türkiye rayatlarynyn haysy şertlerde gullyk etyani-de herkime malim...esgerin eli yaragdan başga zat tutmayar we bu goşun dünyade in köp ynam bildirilyan goşunlaryn başynda gelyar elbetde bu biraz başgarak mesele...

Yagdaya daşardan seredilende Türkiyedaki gullyk şertleri bizdakiden has agyr bolmaly emma welin tersine...

Bu meselanin çylşyrymly bolmagyna garamazdan, men yurdymyzdaky gullyk şertlerinin we berjay edilişinin yokarda agzalan yagdaylara göra tazeden gözden geçirilip yenilleşdirilmeginin we kabir harby yolbaşçylylarynyn eden etgiliklerinin togtadylmagynyn tarapdary.

__________________

put on a happy face

gulluk problema däl

baýramyň diýýänleriniň jany bar. gulluk okuwdan soň kynrak bolýar. muňa köp adam düşünmeýär. olar adamlar gullugyň howasyndan iýmitinden gaçýandyr öýdýäler. ýöne her kimiň öz ýagdaýy bar biriniň maşgalasy agyr, ýene biriniň okuwy bar we ş.m. karýera planlary. edil özüm 24 ýaşymda gulluga gitdim 18 aý gulluk etdim. şol raýatlyk borjy diýilýän zady ynanaýyň halal berdimmikäm diýýän. ýöne meň etjek bolýan karýeram doly bulaşdy. men bu derdime okap master, doktorantura edýän adamlar toefl, gre ýaly dertleri bilýän adamlar düşüner. men bilýän zatlarymyň ýaman köpüsini doly ýatdan çykardym. öňki alymlar bilen kontaktym ýitdi. bu meň watanymyň ýa-da belli bir adamyň günäsi däl. ilki bilen belki öz kararlarymyň netijesi galany hem dünýäň gurluşy şeýle.
ýöne akademiki karýera isleýänler şonuň arasyny üzseler örän kyn bolar. dowam etmegi gulluga gidip gelen adam hökmünde maslahat berýärin.

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • maksat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty DOGRY yazipsin! Berekella!"

gulluk

Elbetde gulluk etmek durmuşda mesele dal. Bayramyn aydyan zatlary dogry. Men pikirimçe gulluk dine adamyn wagtyny alyar. Eger yarag atmagy, söweş tarlerini, yenede geljekde bir erkek oglana gerek boljak zatlary öwredyan bolsa onda pikirim belki başgaça bolardy.
Men gulluk etdim, iki yyllyk gulluk döwrümde wagtymy boşa harjamakdan başga zat etdim diysem yalançy bolarn. Kynçyklyga göwüs germegi öwredya diyenlere jogabym: 'Öyünden, Watanyndan, ene-atasyndan daşda okayanlar belki olardan has gowy öwrenyandir.' Yenede Watan önündaki borjumyz bolanson gaçyp gitjek yerin yok, önünde-sonunda gulluk edaymeli...
Gullukdan gaçyanlara gelende olar köplenç lalik yetişen oglanlar yada kabiri mejbur bolya. Yakyn garyndaşlaryndan biri yogalanda öyüne ugradylmadyk dostlarym bardy. Yenede sabyr edaymesen sana hiç kim gynananok.
Gullukdan son okasyna gelenok, özümem üçinem yene birnaçe dostlamam üçinem Türkmenistandan başga yerde okamak kyn. Öwrenenje zatlarynam unudylya.
Okap gulluk etmelimi ya gulluk edip son okamalymy ol gaty kyn sorag. Okuwy gutaryp gulluk etsen kiçilerin gepini çekmeli bolya, Gulluk edip okasan bilyanje zatlarynam gitya okasyn gelenok. Men pikirimçe: erkek oglan durmuşyny gözden geçirip, gowy pikir edip bu soragyn jogabynam yene özi bermeli. Giden hemme kişi sag-aman gidip gelsin.

Basyn, gulluk edin! Mena

Basyn, gulluk edin! Mena goydum TM, dovlet mana komek etmese men name uchinmish ona gulluk etmelimishim?

Gonshy mowzukdaky doly

Gonshy mowzukdaky doly orscha yazgyny ayirdim shu wagtjyk, ya oda TM'den gechip, turkmen diline-de "goyup" oturshynmydy ??
Dovlete gullugy sana komek etmedik hokumet'e baglayan bolsan, "nankor" sozunin kesgitlemesine 1 goz ayla!

onda sen discrimination,

onda sen discrimination, favoritism sozlerinin kesgitlemelerine goz ayla. Ay dowam ediberin shu bolshunyza, goreli yene nache wagtdan TMni doly batyrarsynyz. Im gona be just a spectator...

Nazar

nazar_tm wrote: Im gona be

nazar_tm wrote:

Im gona be just a spectator...

Yene-de 1 gezek "nankor" sozune jykla!

Nazar

Sen beyle dowlet uchin name etdinde dowlet sen uchin bor zat etmelimish.

Döwlet hiç zat

Döwlet hiç zat etmayende-de döwlete hyzmat etmek bizin borjumyzdyr..
sonunda yene barjek yerin Türkmenistandyr.. belki şu wagt daşary yurtlaryn birinde
han bolup gezip yören bolmagyn mümkin, yöne hiç wagt öz döwletin yali bolmaz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dido 1 telpek goyyar we yazyar: "super yazıpsın,telpek döwletden,türkmenistandan sana "

Kashke bir zat edeninde

Kashke bir zat edeninde dowlet gaytargysyny bersede... Bosh patriotizmynyz bilen meni gulduryaniz. Borda 30 yashlara baran son bu tema tazeden girers, goreli pikirleriniz uytgarmi.
Nazar

Aý olam 30 ýaşa

Aý olam 30 ýaşa ýetiberendir, hamala otuza ýeteňde kelläňe aň girýän ýaly aýtýaňmy ýaşuly?

Men seň bilen umumy manyda ylalaşýan, dogrudanam, DÖWLET biziň üçin işlemeli we bir zatlar etmeli. Ýöne bu DÖWLET, bu HÖKÜMET. Ýagny olaryň borjy şol, halka hyzmat etmek. Olar halka hyzmat etmese olara söýgem ýok, borjam ýok. Emma bärde gürrüň WATAN barada gidýär. A ata-watan bolsa, dogduň mekanyň, ýurdyň, iliň, obaň, goňşy-golamyň, dost-ýaryň, dogan-garyndaşyň we ş. m. Bulary bolsa, WATAN bolany üçin söýýäs, olara gulluk hem etmeli.

Patriotizm beýik duýgy. Ýolbaşçylaryň patriotizmi, azajyk moral prinsipleri bolsa, Türkmenistan häzirkisinden has öňde bolardy...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "Ylmyň öýi ýalylaý sen :D Berekella!"

Okanam sen eyyam 30 yasha

Yazanlaryny okanam sen eyyam 30 yasha yeten, belki durmushda 1 zatlar gorup, shona gora bash galdyryansyn oyder.
Paheyt...

Gulluk has peydaly

Gulluk etmän, daşyndan seredip, kynmyka ýa-da peýdasyzmyka öýtmäň. Onuňam peýdasy uly. Käbir peýdalary:

1) öňki işiňe arakesme bolup, dynç berýär, durmuşýoluň barada pikirlenip, geçeniňe we geljegiňe göz aýlaýaň.

2)Kynçylygy görýäň we duýýaň. Kynçylygyň gorkunç däldigini, hatda ölümiňem o diýen gorkunç däldigini görýäň we bu barada düşünjäň giňeýär.

3) Harby sungat barada azda-kände düşünje edinýäň. Awtomat (tank- BTR, BMP, samolýot) elläp görýäň we atmany öwrenýäň.

4) Ataň-eneň, öýüň gadryny bilmäni öwrenýäň.

5) Bir salym hezillik bolýar.

6) entegem gaty kän, ýöne baryny ýazmaýyn. Irizer.

Şu günler ýatlaýan welin, gulluk döwri gaty hezil ekeni. Gulluk etmkden başga alada ýokda. Oglanlar, gulluk gaty peýdaly zat how, ondan gorkmaň.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Awtomat atmagy dal-de yasamagy öwredyan yeri yokmyka:)"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "telpegiň az diýip eşitdim :D"

Atamyň-enemiň, öýümiň

Atamyň-enemiň, öýümiň gadyryny gulluk etmämde-de bilýän. Demblim ýok diýmeseň gulluk ederçe boldy daşary ýurtda.

sag boluň.

Aý, sag boluň, hepdäniň her güni bir telpek geýibermeli boldum. Kim gerek bolsa ýüz tutubermeli, karzyna berýän, bez posent.

gulluk etmek meselesini

gulluk etmek meselesini "mesele" hokuminde uly zat yaly gormek yalnys,eden edipdir yada etjek bar bolsa etsin na uzaldyp peydalymy peydasyz diyip komentarya yaaazzyp.
Gulluk pocti her dowletin sistemasynda bar bolan her bir erkegin wataan onundaki borjy.Sonky cykan karar esaaasynda gulluk yasy 18-26 aralygy,27 yasasan gulluga alanoklar.17 yasda arza yazyp onunden gulluga gitmek hem bolanok.Gullukda kosensen 6 kosenersin son "JIT".Iymek icmek biraz kosedyar diymesen basga kosenyan zadyn yok.Birem "nerwin" birazz gin bolmaly,hajyn balagy yaly gin bolsan "semrabem" gidyan:)

Iki göz jähennemiň oduny görmez!

Iki göz jähennemiň oduny görmez! Şeýleräk söz bar, ýagny "Watan serhedini howpdan goraýan göz we Allah gorkusyndan ýaş dökýän göz".kyýamatda jähennem oduny görmez diýilýär. Harby gullyk hökmany we mukaddes borç bu ikiuçsyz, ýöne Mukaddeslige düşünip wepaly, ahlakly, mert gulluk etmek hemme kişä nesip etmeýär. Gulluk hem her wagt bir ýagdaýda uruşdan soň 4 ýyl, soň 3 ýyl şu wagta çenli hem 2 ýyl belki ýene azaldylar. Ýokary bilim alýanlar üçin özüm-hä 1-aýdan iň köpi 3 aýa çenli bolsa gowy bolarmyka diýýän, sebäbi şol möhletde başlangyç harby tälimler berip bolýar. Daşary ýurtlarda hem gullyk möhleti her-hili. Esgerlik diňe isleg boýunça professional ýagdaýda bolan döwletler hem bar, netijesi hem gowy diýýärler. Ýöne men doly gullyk etdim, bilimim orta. Onsoň hem watana gullyk her kim öz başarýan zady bilen edýär. Biri tüpeň tutýar biri ýasaýar, biri ok atýar, biri ok ýaralaryny bejerýär, biri okaýar, biri dokaýar we şeýleräk dowam edýär.
Aslynda her bir erkek raýat saglygy, mümkinçiligi bolsa az hem bolsa esger eşigini geşip tüpeň tutsa gaty gowy bolar.
Ýokarda gulluk etmekden gaçýanlar bar diýilýär, dogry bardyr ýöne olaryň hem her hili sebäpleri bolup biler. Meselem Okuw, Syrkawlyk, Maşgala ýagdaýy,Ýaltalyk ýa-da gullukda esgerleriň arasyndaky bolýan Watan goraýjysyna gelişmeýän ýaramaz, ahlaksyz gatnaşyklar.Esasy sebäp hem soňky diýýip pikir edýän. Näme, gullukda hem her-hili jenaýat edip tutylýanlar ofiser we esgerler bar. Edep-terbiýe çärelerini umumy jemgyýet boýunça öňküden hem güýçlendirmek, ýaşlary gulluga mynasyp taýýarlamak her kimiň borjy.
Ýöne bahanasyz, düýpli sebäpli gulluk etmeýänleri ýazgarmak dogry däl, belki gulluk etse has Wepaly, Ahlakly we Mert gulluk etjek!? "Gowydan-gowysy bar, Mertden-merdi". Adamy, ýoldaş bolup ýa-da söwda edip tanap bolýar.