Degirmen dashlary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Degirmen daşlary
Dunya iki sani degirmen daşy. Sen bugday. Bugday yaly kämil, owadan.
Degirmen daşlary bolsa şeýle gödeňsi, gelşiksiz.
Bugdaýam degirmen daşlarynyň arasyna düşeninde iňleýär.
Dostum, bu jany degirmene tabşyrman nädip wepaňy görkezjek?
-Degiirmen.Degermen! Degemde ýürejigiňi ezer men.
-Degirmen. Degirmen!.Men bu daşlara janymy dözmen.
Dur,dur! Nirä gaçýäň?
Dostuň men dostuň. Üwesemem,ezsemem dostuň .Dost ugrunda üwelip tozan bolmak her erkegiň aşy däldir, dostum! Mende aş däl,daş bar. Azap,ajy,gazap bar. Ýalançy, ikiýüzli aş aşygy heý daşa gelermi? Aja,azaba,gazaba dözermi?
Bu degirmeni seçip, söýende bardyr.
Oň üçin daş näme gül (aş) näme? Azap onda rahmettir.
Olaryň durmuşy güldür. Olar- daşda gül görenler. Erenler. Sap bugdaý hasylyndan önenler. Olar- daşdan elekden otdan geçenler.
Olar jandan, serden geçenler.
Seniň bakyşlaryň maňa degirmen. Gözleriň degirmen daşy däl-de eýsem näme?
Oňa
Ybraýyma
Ysmaýyla
Ýusuba.
Degirmen.
Diňe akmaklar menden gaçar.
Ybraýym. Kim ony oda dözer? Kim Ysmaýyly pyçaga dözer? Degirmen. Degermen!
Ýusubu guýa, Ýunusy ýunusa dözer men..
Degirmen näme?
Hol dagyň başyndaky gar - daga degirmen.
Gün çöle degirmen.
Her kimiň söýdügi oňa degirmen.
Degirmen näme? Şu başdan geçenler. We asla geçmeýänler.