Tokar Tugurova bagyshlap

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýagyş ýagýar

Garry düşeginden dikeldi. Oturan ýerinden otagyň içine bir gezek göz gezdirdi. Bezeg diýip bir ki sany abstrakt kartinalary hasap etmeseň otagda artykmaç zat ýok. Penjireden daşaryk seretdi. Dogrusy ýerzeminiň penjiresi daşaryny ýarym görkezýärdi. Asman uzaklarda.Asman, gözýetim dup dury.Magnitofondan indi näçe gündür dynman çalýan sazandaň dutarynyň owazy. Oň sesi birhili otagy giňeldýän ýaly. Dar hem bolsa ussahanama döneýin. Şu giň dünýäni giň edýän şu darajyk otagym dämi diýsene.Garry howlukman düşeginden turdy-da penjiräň öňüne bardy. Dogrudanam gözýetim birhili dury-ay şu gün. Penjiräni açdy. Daşardan gelýän yssy howa oňa ýüzüne,ýakasy açyk köýneginden döşüne ýaýrap gitdi. Yssy howany duýan badyna garry birhili arkaýynlaşan ýaly boldy.Dogrudanam hemme zat öňki öňkülik. Gözýetimem şol duran ýerinde dur. Garry penjiräni ýapdyda gapdalda diwara degiş goýlan oturguja geçdi. Holstda düýnden ýarysy gutarylmadyk işi oňa seredip birzatlar diýýän ýaly. Ol holstdaky esere seretdi-de birhili hemme zatdan habarly ýaly, “Howlukma, hemme zadyň öz wagty bar” diýdi. Eser oňa sessizlik bilen jogap berdi. Garry ýarym galan eseriniň öňünde başyny aşak salyp oturşyna bir zatlaryň pikirini edesi geldi. Kimdir birini ýatlasy geldi. Birdenem ýadyna çigildemler düşdi. Çal fonuň ýüzünde üç sany çigildem. Biri ak, biri sary, biri bolsa gyzyl. Çigildemler ýadyna düşende garrynyň ýüzü birhili ýagtylan ýaly boldy. Hay, şu Kemalda-da oýun kän-how. Ýöne gyzam ýaman däl.Çigildemler.Kak tonko.. Pridti k hudojniku s swetami.. Yeshe i s tyulpanami... Daa.. Birhili ýaz täzeden gaýdyp gelen ýaly bolaýdaý. Özem bu golaýlaryň ýazam däl.. Garry indi näçe ýyldyr ýazam tomsam, beýlekilerem ussahanam diýýän ýerzemininde geçirýärdi.Dogrudanam oňa indi köpden bäri ussahanasy dünýäden giňdi. Düýn ogly Kemal işdeş gyz bilen onuň eserlerini görmäge gelipdiler. Kemal ol gyzdan irräk gelip, kaka häzir meň bilen bile işleýän bir gyz gelmeli, suraty garaz sungat bilen gyzyklanýar,gowy görýär diýsemem bolar, ýönem men oňa kakam diýip aýtmadym, sen şony bir gowja edip synlasana diýipdi. Ol gyzam bir buket çigildem alyp gelipdi. Garry çigildemleri görende bir hili el aýagyny ýitiripdi.Ol gyz gidensoňam köp öwgüli sözler aýdyp, kemala erbet däl,gaty interesnaya dewuşka diýipdi. Indem çigildemler kartina öwrülip oňa seredip durlar. Sary, gyzyl,ak.Natýurmortam bolsa simwolikada ýok däl.. Çal fon durmuş, gyzyl Gülälek, ak-oglum, aý saram mendirindä..diýip garry birhili utanýan ýaly ýylgyrdy.Daşardan şabyrdysy dutaryň sazyna garyşyp gidýän ýagşyň sesi eşdilýärdi. Garry entegem göwün ýüwürtmelerinde gezip ýörşüne ýene penjiräň öňüne geldi. Uly uly damjalap, batly ýagyş ýagýardy. Gözýetimde welin asla bulut ýok. Atasy ýadyna düşdi. Dünýeden gidenine köp wagt bolanam bolsa entegem ýadymda. Şu ýyllary meň bilen geçdi diýsemem bolar. Pahyr. Ýüzündäki ýygyrtlaryna çenli ýadymda. Soň hiç şeýle owadan ýaşula duşmadym. Ay, ol başgadyla.. Işan atam.. Bizä garram diýmeli däl. Biz ustarewşie. Olar bolsa ýaşulylar. Ol bir gezek ýagyş ýaganda “oglum ýagyş rahmettir.Çünki ol her ýere ýagýar. Ýylçyr daşada, çägäde,gara topragada... Oň üçin parhy ýokdur ogul, rahmettir.Her damjasyny bir perişde indir...” Men ol wagtlar ne ýagşa, ne perişdä nede rahmete düşünýärdim. Ýöne edil doga ýaly her ýagyşda beýnimde oň sözleri aýlanýar. “Ogul, ýagyş rahmettir. Çünki ol daşa-da, çägä-de, gara topraga-da ýagar. Parhy ýokdur oglum oň üçin.. Her damjasyny bir melek getir..” Bir gezek ýene ýagyşly gün, meň ilkije oglum bolupdy şonda, ýene şol sözlerini gaýtalady, ýöne birazajyk giňeldip: “ogul ýagyş rahmettir. Hem damjasyny bir melek getirýändir. Oglum şu gujagyňdakyja bäbejigem bir damjadyr,ýoldaşyňam bir damjadyr, rahmettir. Oglum şu damjany melek inderýän bolsa bulary näme üçin melek indermesin. Sadagasy bolaýyn, ýylçyr daşada ýagdyrar, çölede, gara ýerede...” Men şol wagtlaram hiç zada düşünmändirin, şu wagtam bar düşünenim hiç zada düşünmän galanlygym diýäýmesem, başga-ha düşünen zadym ýok.. Bäh bu sazyň ýagşyň sesi bilen sazlaşyşynaý. Öň hiç üns bermändirin. Ýöne biri Allahyň sazy, beýlekisi welin ynsanyň.. Şu sazlary şeýle arassa, edil şu ýagyş ýaly şabram,päk.. Nädip döretdikäler? Türkmen halky gaty kyn agyr günleri başdan geçiripdir diýýäler. Bu saza seretsene muň içinde müňbir duýgy bar.. Garry suratkeşiň öňündäki gözýetim birden ýenede üýtgän ýaly boldy. Ol penjiräni ýapdyda düşegine geçdi. Sazanda Hajygolagy çalýardy. Ýagyşyň sesi çalaja eşdilýärdi. Bu sazyň bir zady tapyp bilmeýän ýaly aýlanyp aýlanyp endireýşi oňa özüni ýatladýardy. Birdenem garrynyň gözleriniň öňi garalyp gitdi. Hajy sazanda, ogly kemal,çigildemler.. Atasynyň welin şol öňky ýylgyryşy.. Oglum ýagyş rahmettir. Her damjasyny bir perişde ýere indirmiş...
Garry suratkeş şu gezek welin dogasynyň Hajy sazandaňka meňzänini islänokdy. Bir damja bolsam... . Gara ýere siňen bir damja.. Garrynyň bedeni sowapdy. Ýarym galan işi entegem oňa seredip dur. Kimdir biri sürmeli gapyny çekýär.. Ol bolsa bireýýäm “neneň oňat.....” diýip bakylygyň bir simwolyna öwrülen şahyr dostunyň, ak sakally atasynyň,başgada biziň durmuşumyza rahmet damjasy bolup inenleriň arasyndady...

Telpekler (5 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: ""Interesnaya" yazgy :)"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! ...damja :("

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Tokar Tugurov kim bolyar

Tokar Tugurov kim bolyar ?
Bu yazgyn bashy, sony, oglan-gyzly yzy dagy yokmy ? Birhili, ne bashy bar, ne-de detallary, personaj'lar shol gul'li suratyn doreyshini dushundirmek uchin sokulyp, sonam goni chykarylan yaly.

Tokar Tugurov men bilishim

Tokar Tugurov men bilishim boyunca Dünya belli Türkmen Hudojnigi..
gaty kop gowy eserleri bar bolmaly.. yone hemme kishi yaly onunam ady kan duyulmadyk Turkmenlerin arasynda..

mergen

Yagylarymyn hemmesi diyen yaly, garalama. Entek doly ustunde durulmadyk zatlar. On sebabem ishimin asha koplugi, we shona menzesh bahanalar, belki inshallah wagtym bolanda ginishleyin yazarynda.
Tokar aga hakykatdanam uytgeshik adamdy. Dunya belli hudojnik, abstraksionist. 2000-2001 de Who's Who kitabynda ady agzalyar.

Duyn biraz gugullap

Duyn biraz gugullap gorupdim, adyna sahypa hem achan ekenler 8k.com'de, "Bird & wise man"-i bet ekeni :)

suratlaryny paylashsangyz

suratlaryny paylashsangyz gowy bolar, yok tapyp bılmeyan bolsangyz hem men tapayyn, tokaryng ogly kakamyng bajasy bolyar:):)

Ady üýtgeşik ekeni.

Ady üýtgeşik ekeni. Tokar... a familiýasy ondanam beter - Tugurow :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

dogry

öň normalno at dakýan eken adamlar

Hajygolak-sazandanyn

Hajygolak-sazandanyn hekayaty sheylerak.Bir dowur bih hanyn gulagyna bir owaz eshdilyar. Olam shol owaza ashik bolyar we tanayan sazandalarynyn ahlisini chagirip yagdayini aydyar we shol owazy chalmaklaryny emredyar. Emma hicisem chalyp bilmeyar. Shonda on Hajy sazandany maslahat beryarler. Meger, chalsa shol chalar diyyarler, Olam sazandany chagyryp ona sheyle diyyar: Hajy sazanda, eger sazy chalyp bilmesen iki elinem golundan chaparyn. Hajam nace yhlas etsede hanyn gulagna gelen sazy tapyp bilmeyar. Hanam onun goluny chapyn diyyar. Shonda sazanda, shu sazam bir dinle eger bolmasa onson chapayin diyyar we entek hic yerde eshdilmedik sazy chalmaga bashlayar.Han sazy dinlanson, yok bu dal diyip on elini chapdyryar. Shol sebapden sazyn ady Hajygolak bolyar. Ol sazyn uzynligi 10 min toweregi, shol 10 minutyn ici bir zady basharyp bilman yalbaryan bialac adamyn doga dileg, agydan doly,sozlerini yatladyar.

Yone men subyektiv pikirim bolsa bu saz, Allaha edilen doga dilegden ybarat. Ol sazdaky energiya, arassalyk, bir handan gorkunjyna saz chalyan adamyn sazyna menzanok, belki sonky kommunizm dowrunde sheylerak bir toslama hekaya doredilen..

Bir yerlerden tapyp dinlap

Bir yerlerden tapyp dinlap bolmazmyka ol sazy ? Bar bolsa
upload edinsene internetde 1 yerlere..

Tokar Tugurowyn aradan

Tokar Tugurowyn aradan chykanyny bilemokdym..Yatan yeri yagty bolsun Allajan!! Tokar Tugurov Turkmenistan ucin gaty kop ishler edipdi..hakykatdanam Turkmen sungatynyn osmegine gaty uly goshantlar goshupdy..Tokar aga beyik şahyr G.Ezizow bilenem baja bolmaly..size bir zat bildireyin..

Gurbannazar Ezizowyň mazar daşynda şu setirler ýazylan:

“Seniñ duzuñ iydim, nanyñy iydim,
Galplygam etmedim, Huda’ya şükür.
Käte göge galdym, kä gökden indim,
Emma hiç yitmedim, Huda’ya şükür.”

Şahyr topragyna, watanyna seslenýar: “ Watanym seniň duzuňy, nanyňy iýdim, ýöne Hudaýa şükür saňa garşy ters, ýalňyş bir hereketim bolmady. Kawagt göklere çykdym, kawagt gökden indim, yöne Hudaýa şükür, hiç ýok bolmadym, özümin kim bolanymy unutmadym.” diýýar.
Bir iş bilen bu ýerlere işi düşen o wagtlaryň Türkmenistan Komunist Partiýasynyň 3.nji sekretary bu ýazylan goşgyny görüp gaty gaharlanýar..”biziň yaş komsomol şahyrymyzyň mazar daşyna ýazar ýaly başga zat tapmadynyzmy?” derrew ýok edilmegini tabşyrýar. “Hudaý” sözünin mazar daşynda ýazylmagyna hem garşy çykýadylar.
Anha şol wagt, Turkmenistan Ýazyjylar Birligi name etjeklerini bilman, Tokar Tugurow bilen maslahatlaşyalar. Ol goşgynyn üstüne başga bir mramor yapyşdyryar, we yapyşdyrylan mermere aşakdaky setirleri ýazýalar:

“Söyüñ meni ynsan söygüsi bile,
Çünki menem sizi söyüpdim juda.”

Aradan gysga wagtyn geçmegi bilen üstdaki ýapyşdyrylan mermer gaçýar, mazar daşy öňki ýagdaýynda galýar. Köp kişi bu hadysany “hikmet” diyip beýan edýar, hatda Annaberdi Agabaýewin “Ezizowyn Emri bilen” atly kitabynda da Gün’iň tasirinde üstdaki mermerin geçanyny ýazýar.

Megerem, Tugurow mermeri ýapyşdyranda , üstdaki mermerin Günin tasirinde gysga wagta gaçmasyny isleýar we onam başarýar..

Ps: Tokar Tugurow bu yatlamalary G.Ezizowa berilen sadakada ýatlap geçýar..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Gyzykly vaka, sagjabol !"

20-nji asyryn ussat

20-nji asyryn ussat shahyrlarynyn, suratchylarynyn, umuman sungat ishgarlerinin durmushlaryny gurrun beryan, yan-yoldashlarynyn ol adamlar bilen baglanyshykly yatlamalaryny dagy 1-2 kitapda jemleseler yaman gyzykly kitaplar bolardy welin, her yerden 1 bolek zat eshidyan, olaram yazgyda bolmanson, son-sonlar yitip gider. Ussatlary halk'a tanadyan kitaplar bolsa, halk olaryn ozlerine-de, ishlerine-de bashgacha gararmyka diyyan. Mena Tokar Tugurow'y tanamokdymam, yone Ezizow'yn mazar dashyny yasadan bolsalar, tanalmaly adam bolmaly, we shahyryn yazgysyna hormat goyup, onun yazdyran zadyny eydip-beydip yapmayshy, telpek goymaly adamdygyny gorkezyar...Gynanyan sheyle adamlar barada ginishleyin maglumat beryan kitaplaryn dagy yokdygyna, her yerden 1 zat eshidip onmaly bolyan...

Türkmenistanda kitap çykyp

Türkmenistanda kitap çykyp durow, iň soňky çykan kitap, Berdimuhammedowyň işiniň daşyndan (???) peýdaly otlar baradaky kitabymyş. Hemme kişä peýdalymyş...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

"Otlar" sungat ishgarleri

"Otlar" sungat ishgarleri dalda, yogsa alyp okardymam welin :)

...

Gurban Sinanyn kitabynyn pdf gornushi tapylmazmyka
.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Şolar ýaly kitap bolsa

Şolar ýaly kitap bolsa gaty gowy bordy...aý biriňiz bolmasa ýygnaýyň şolar ýaly maglumaty...
Şu wagt "Garagum" zurnalynda şu tema degişliräk kän ýazgylar çykýar...mysal üçin 2008 10njy sanynda Juma Ýazmyrat, halk artisti barada, onsoňam degişmeräk durmuş wakalaryndan beripdirler, men-ä ony mundan öň tanamokdymam, okap bildim. Ýene şol sanda Ezizow hakda, Kerim Gurbannepesowyň durmuşyndan gyzykly wakalar, ýatlamalar bar.Kitap bolmasa-da jurnal-a ýazýarlar özä.
____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

1 yazyjy bilen, bizin yaly

1 yazyjy bilen, bizin yaly gyzyklanyanyn eden ishi den bolmaz, shon
uchinem bu ishi ishin ussatlary etmeli. Jurnallar zatlaram arhivlerden
alyandyrlar, bizi bolsa her yere salaslary yok, a gozleg edyan yazyjy
dagy bolsa rugsat alyp biler, we olary uyshurip kitap etse, hem oz isini
etdigi bolar, hemem bize 1 kitap doly informasia berdigi bolar.

arhivde gaty kop zat

arhivde gaty kop zat bar..menem kop zat barada okapdym welin..hemmesi yada dushyami diysene..yene bir waka gurrun bereyin..

Şahyr Halyl Kulyýewi tanamayanynyz yok bolsa gerek..şol şahyrymyz bu Dünya bilen hoşlaşmazyndan gysga wagt öninça, Yazyjylar Guramasyndaky dostlaryna aydyar:

"Düýşümde Beyik Şahyr, Dostum Gurbannazary gördüm.. Yakynda meninem yolagçy bolaýmagym mümkin..".

Aýdyşy ýalam bolýar..Gaty gysga wagt son olam hoşlaşyar bu Jahan bilen..

PS: A.Agabaýewin yazan kitaplarynyn birnde şahyr,yazijilar hakynda kop zatlary aýdip gecyan bolmaly..eger okamak isleseniz..belki tapsam pdf ugradaryn..

Arhive girip ozun okadynmy

Arhive girip ozun okadynmy "kop zat barada" diyyanlerini ?
Hava bolsa, niredaki arhivlere, nahili rugsatlar bilen girip
bolyanlygy barada biraz info bersene !

A.Agabayev diyyaninem tanamok :(

edebiyatcy bir tanyshymyz

edebiyatcy bir tanyshymyz bar bizin..gaty kop kitaplary bar, turkmen edebiyaty hakynda.
menem shonun kitaplaryndan okapdym. TM-da bolmaly kitaplar welin, inetde barmydyr yokmydyr bilemok.. belki tapsam ugradaryn diyip yazipdym. gozlayin men hany.. arhive girip bilemok.arhive girip bilyanler bolsa kop zat bardyr içerde..

Internetde bolmagy hokman

Internetde bolmagy hokman dal ol kitaplaryn, dineje
atlaryny, avtorlaryny yazsan tomus gidenimizde taparys
TM'den, kimin name yazanyny bilsen yzynyn 1 zady bolar...

gaçan mermerem gowy

ýöne mermer gaçanam eger şol setirler şahyra degişli bolsa gowy setir ekeni, asyl başdaky setirlerem gowy ekeni ýöne

Tokar aga bilen

Tokar aga bilen Gurbannazaryn ayallary dogan, turkmenchede baja bolya oydyan, sheyl-de bu ikisi biri suratkesh beylekisi shahyr bolanam bolsa yakyndan gatnashiklary bolan. Men Tokar aga bilen 2001 de yalnyshmasam tanyshdym. Suratlaryna seredip oz hyyalyma gelyan zatlary yazyp ona okap bererdim,ozi koplenc bu surat name barada diyip sorasan halamazdy. Koplenc suratlaryna at dakmak hem ona kyn gelyardi. Gaty gyssansa, kompoziciya diyip atlandyryp goybererdi. 2004 den son kan goruship bilmedim. Yone hic yatdan cikmajak,yerini doldurmak gaty kyn boljak shahsiyetlerden biri.
Jayi jennet bolsun.

...

jan dogan gaty reklama edipsing, bravo!
Hany mmükin bolsa onda hormatly shahsiyeting eden sungatyndan birikije bölek görkezmek yali mümkinçilign barmyka? hayişt hayişt

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

dostjan reklama diyip

dostjan reklama diyip düşünme..
öz beyik şahsyýetimizi tanadypdyr, gör naçe kişi tanamayan ekeni..
Tokar Tugurow hakykatdan hem beyik şahsyýet, ona söz yok..
hat-da görünmeýan GAHRYMAN diysenem boljak..
eden işlerini gaty bir gowy bilemok, ýöne dünýade tanalýar..ýöne ýere daldir-lay..

Doganym

Doganym, Ol adam dunyeden otdi. On indi reklama matach yeri yok. Dirikade yokdy.Eden ishleri barada bolsa internetde kyn gormesen aylan, ishleri bar. Sheyle adamlary tanamazlyk ol adamlar uchin dal, biz uchin kemchilik yaly.Garaz, gin bol. Men nache owsemem az, sen ony nache gowi tanasanam az, chunki mesele suratkesh, shahir dal.Has mohum mesele, olam bizin yash yigitlerin, oz halky, yurdu bilen buysanmagy, baran yerinde dine itim atym,halym diyip oturmazlygy, bizde-de shahir bar, ozem ynan mana Gurbannazar Gunbataryn hic bir shahirindan kem dal, Nury halmammet hic bir kompozitoryndan kem dal,Magtymgulin filosofiyasy hic bir filosofinkidan kem dal, shigirlari barada sozem yok.Tokaram dunya derejesinde bir hudojnik.Men biz hemmelerden beyik millet diyjek bolamok. Yone bizem her milletche bardyrys. bizin bashgalaryn arasynda bashimizi dik tutup gezmegimiz hem shol adamlar arkaly,,, yada gechen matematik alym barada aydilanlar.. Mena buysanyan. Shon uchinem yazyan.
Sen reklama diyyan welin gaty gorme yone chindan gaharym gelyar. Name o sana Coca-Colami, reklama eder yaly? Bagyshla,gatyrak gechen bolsam

...

hawo olary reklama edaymeli biz, dirika gadyryny bilmedik yada bilsegem önküler sesini kan duyuryp bilmedik
Menm isleyan zadym eden ishlerinden materyallary şu taya goymagynyzdy, paylaşmagynyzdy! googlelamaga erinyan kişiler bolp bilya!
Onsonam gadymy türkmen şahyrlarydyr, sazandalaryna hemmesi bilen gyzyklanyp özüme singdirmage çalyşyan şolardaky ruhy... hatta barde öyde türklere köplenç magtymgulynyn şygyrlaryndan okap asyl akyl payhasyn, düşbiligin nahili bolmalydygyny terjime edip paylaşyan!!! hemde köplenç otagymda dutaryng sazy, mukam owazlary yanglanyp duryandyr, yolung düşse gök çayam berers ankaradadyr! elbette türkmen mantysam bişirilyandir kawagt, bu extra şansyng ba bolsa :))

uzynn gepden song suratkeş TOKAR Tugurow hakda tapanlarymy paylaşmak isleyan

ADDRESS Aitakova72/2/30
TELEPHONE 46 70 29

1944 Aşabatda dogulya
1960 energiya stansiyasynda işleya
1963/66 Gullyga gidya
1969/73 Art Academy, Ashgabat
1998 Nominated IBC, Cambridge

Sergileri Almaty, Baku,
Bangladesh, Denmark, Turkey,
Syria, London Tokyo


Composition dya adyna...


günebakarlar


lamentation


ynha bu garrygala hakda, 50cm x 68.5cm olchegde we bahasy 70 sterling ekeni!

hemmanin öyünin diwaryny bezesin diyen arzuwlam bn!!!

referanslarym
http://turkmenculture.org/VisualArtists/Painters/Tugurov/tugurov.htm
http://www.tokar-tugurow.8k.com/works-english.html

ps: moder han, shuny göni barde görüner yali edp bilsen etsene... url tag'siz edip gördim görnenok, yada confirmationdan geçmelimi?

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Bu meň öz kem taraplarymy

Bu meň öz kem taraplarymy görkezýändir, ýöne şonda-da aýdasym gelýä. Men şol portretlere seretdim we düşünmedim. Onsoň ol linkleriň birinde olara baha hem kesilipdir, bir azrak, biri köpräk, muňa hasam düşünmedim. Olaryň bary bir ýaly maňa, dogrymy aýtsam, hijisine hem şonça pul bermezdim.

Beh... medeniýetden bet yza galypdyryn öýdýän...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gadyrly dostum, oyune

Gadyrly dostum, oyune chagiranin uchin kop sag bol. Inshallah nesibede bolsa bararys,at basman diyen yerine mun basar diyya turkmen. Mantynam iyeris, bashga zatda bolmasada shol meseledeha manlayimiz dash yaryamika diyyan.
Oyunde saz, goshgy egsilmesin.Turklerem sen okan goshgularyndan peydalanyp, akyl payhasyn namedigine dushunip hasam dushbije bolsunlarda.
Yone
Senden hayish,gayrat et, name etsen shoni et yone reklama sozuni shu yerde ulanmasana.
Belki men oterak gechip gownine degendirin, bolup biler, eger sheyle bolsa senem kem galma, menin shahsyma degishli name diysen oz hakyn.
Onsuzam shu saytda komment yazmayin diyyanem welin kawagt natjek dilden sypyada...

Galanynam nesibede bolsa, yuzbe yuz gorushsek aydarynda.

...

Jonnuk wrote:

Senden hayish,gayrat et, name etsen shoni et yone reklama sozuni shu yerde ulanmasana.

reklamanyn name erbet tarapy bar???
eger bu öz bahbiding üçin bolsady onda "haa" diyerdim sana!
Eger beyleki adamlaryng bahbidi düşünyan bolsang tanatmagynda, onda bu ylalaşmasanam gowy reklama!

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

başgada suratkeşlermiz

yene gabat gelen suratkeşlerimi paylaşmak isleyan

http://turkmenculture.org/

sahypasynda hokman görmeginizi maslahat etyan, gaty talantly suratkeşlermiz bar we dünyanin dürli yurtlarynda sergilerini açypdyrlar...

marydan, tejenden Lebapdan esasanam gyzylarbatdan gaty köp eken

Atta Akiev | Shamuhamed Akmukhammedov | Allamurat Mohammedov | Annadurdy Almammedov | Juma Amandurdi | Aman Amangeldi | Chary Amangeldi | Berdiguly Amansahatov | Annageldi Meretgeldiev | Atajan Hadji | Ayhan Hajiev | Mohammed Babaev | Nury Bairamov | Yarly Bairamov | Gulnazar Bekmuradov | Vitaly Didenko | Durdy Bairamov | Polat Garriev | Vera Gullieva | Valery Gurbanov | Sulgun Hodjagulieva | Bayram Hojambaev | Selbi Hojambaeva | Annamamed Hojaniyazov | Guvanch Hojamiyazov | Jumadurdy Hojaniyazov | Chary Hummedov | Husein Huseinov | Ishanguly Ishanguliev | Annageldi Jumaniyazov | Izzat Klychev | Meret Klychev | Atabal Kychiguliev | Kossek Nurmaradov | Ashirmuhammet Kuliev | Ovez Lollikov | Ogulgeldi Mammedova | Kurbangeldi Meredov | Saparmammet Meredov | Annadurdy Miradaliev | Glychmurad Nurliev | Aina Nurnieva | Baba Ovganov | Yaznur Ovganova | Vladimir Pavlotsky | Rejepberdy Mohammedov | Azat Taganov | Tokar Tugurov | Kamil Veliahmedov | Mamed Yarmamedov | Ovez Mammetnurov | Hoja Churiev | A Muhammedov | G Garaev | Jeren Babayeva | Faina Kilvanova | Vladimir Bagdosaryan | Aylar Amangeldieva | Murad Divanaev | Amanmurad Ataev | Murat Hodjaguliev | Maral Hodjagulieva | Orazberdiev Myaterguli

1991 - participated in the

1991 - participated in the Fine Arts International Fair held in Tokyo where alongside with works of modern artists the works of such masters of art as Kandinsky, Picasso, Daly, Mira, Matisse Buffe, Shagal, Tamayo, Van Gogh, Flaming, Pissaro, Rodchenko, Lentulov and others were exibited. Reproduction of pictures was printed in the Catalogue.

Picasso,Shagal,Van Gogh, Dali, yalilaryn arasynda T.T. bar eken, yone name bu bir uly zat dal,esasy zat bizin, sungat ussatlarynyn dushunmegi gerek on suratlaryna,ol pahyram name, dushnuksizrak chekyadida, abstraksiya diyya birhili bulashik, men iki yashlija oglumam shoncharak chekibiljek, chinini etse.

Pahyr name garybragamdyda, suratlarynyn ashagynda bahalarynam goyupdyr, belki... belki...
Van Gogh hem tutush omrune bir surat satyp bilmandir. Indem bir surady 250 million dollar, olam satylyany, kabir suratlara satylmayar, bahasyz. Ine sheylerak,hormatly sungat mushdaklary