MAGTYMGULYNYÑ ŞYGRYÝET GÜNLERİ

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

MAGTYMGULY SÖZLE HER NE BİLENİÑ,
ÖZÜÑE KEMLİK BİL, AÝTMAN ÖLENİÑ.
TARAŞLAP ŞAGLATGYN KÖÑLE GELENİÑ,
SENDEN SOÑKYLARA ÝADYGAR GALAR.

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki-dünýä eýleýip, gelse rakyplar gaşyna,
Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup.
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.
* * * *
Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
* * * *
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlerimiz barça ýaýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlede gulluk etsek bäşimiz.

GUL BOLGUL
Bir bidöwlet iliň begi bolynçaň,
Döwletliniň gapysynda gul bolgul!
Bedasyl beg gullugynda galynçaň,
Asyl begiň saýasynda kül bolgul!

Ýamany goý, ýagşylara göz ildir,
Kelhemaç hem: “Öz oglanym gözel diýr”
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kimin çar tarapa il bolgul!

Süleýman sen, muña bir gulak goýgul,
Sözüni diňlegil, jogabyn algyl,
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul,
Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul!

Ne işdendir – ýatyp, nebsiň besleseň,
Akmaklykdyr özüň ýagşy toslasaň,
Her bazarda rowaç bolmak isleseň,
Ýagşylaryň kisesinde pul bolgul!

Magtymguly, bardyr demiň hesibi,
İr-giç ýeter her bendäniň nesibi,
Kişi bolsaň, goýgul gury tewsifi,
Ýagşy, ýaman, barçalara dil bolgul!

DELALAT ÝAGŞY
Asla adamzada ajy söz urma,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugrama, güler ýüz berme,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy.

Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreñde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.

Ýigit oldur – söze eýlese amal,
Goldan gelmez işe etmese jedel,
Allanyň emrine kylmagyl bedel,
Bege – berim, şaha – adalat ýagşy,

Garyplyk bir dertdir – adam öldürmez,
Öldürmese, dirilikde güldürmez,
İt hem aryklygyn gurda bildirmez,
Elbetde, duşmana syýasat ýagşy.

Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Şejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana neneñ ýlabardy,
“Amandyr” diýene diýanat ýagşy.
* * * *
Magtymguly, sözüň bilene sözdür,
Bilmegen adama gury owazdyr,
Gözel bar, müň tümen iýdirseň azdyr,
Gözel bardyr, iýen nanyna degmez.

BAŞ BOLMAŇ
Nesihat eýläýin, diňläň, ýigitler,
Pis hatyn başlagan toýa baş bolmaň!
Müň nesihat aýtsaň, birisin tutmaz,
Agzybir bolmagan öýe baş bolmaň!

Deňňene eýleme, salyşma kylmaň,
Arassa söwda et, çalyşma kylmaň,
Hoş mylaýym boluň, kem suhan bolmaň,
Menden zynhar, iliň bilen kaş bolmaň!

Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil,
Burunkydan galan: “Kepiller sepil”,
Men aýdaýyn, diňlemeseň, özüň bil,
Aýaklaşma edenlerge baş bolmaň!

Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,
Almasaň nesihat, körüň biri sen,
Artyk salgydyny öziň tölir sen,
Agzy ala kowumlara baş bolmaň!

Dogry ýörgen, dogry gezgen dok bolar,
Biwagt ýörgen melamata çoh galar,
Ömrüň boýy ýygnaganyň yok bolar,
Haram söýen ýigitlere baş bolmaň!

Hergiz ýaman bilen birge ýörmäňler,
Oýnaýyp güliban, bile barmaňlar,
Kösti ýeter bir gün, ýalan diýmäňler,
Guda-gaýyn bolup, bela duş bolmaň!

Magtymguly, köp söwdaly başyň bar,
Ömrüň uzak, ýüzden aşa ýaşyň bar,
Özüňi bil, özge le ne işiň bar,
Bahabar ýör, hak ýadyndan daş bolmaň!
* * * *
Ýyldan-ýyla pisat artar eýýama,
Hakyň özi getirmese enjama,
Dünýä sözü meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

HER ÝANA
Ýarsyzlykdan ýaman iş ýok,
Göz salyp gezsem her ýana.
Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,
Köp muşakgat degdi jana.

Bir ýar bergil etli-ganly,
Köňli giň, göwsi meýdanly,
Dil bilen, akly kemally,
Ýüzi hem bolsun görkana.

Gadyr bilenden daş etme,
Nägadyra ýoldaş etme,
Til bilmez bela duş etme,
Sada til bolsun – türkana.

Keremiň güçlüdir, görgül,
Diýr sen: “Doga kyl, el gergil”.
Ne berseň, tizräk bergil,
Ygtybar ýokdur bu jana.

Boýy uzyn, pes bolmasyn,
Hetden aşa mes bolmasyn,
Akylsyz, näkes bolmasyn,
Sadadan bolsun – türkana.

Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseň häkim Süleýmana.

Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy aýalsyzlygy
Görkezme hiç musulmana.

Magtymguly, köýsem, bişsem,
Ynanmazlar oda düşsem,
Höwesim bar, bir gyz guçsam,
Diýsem sözümni erkana.

ÝARYŇ ÝAGŞYSYN
Gawunyň ýagşysyn şagal iýr bolsa,
Namarda duş etdiň, ýaryň ýagşysyn;
Hak, her kime haýyr – döwlet biýr bolsaň,
Patyşa bagş etdiň zeriň ýagşysyn.

Binamysy dertden aman eýlediň,
Baran jaýyn meýlis-mekan eýlediň,
Durna, gaz mesgenin umman eýlediň,
Hindige bagş eýläp ýeriň ýagşysyn.

Akyl keser, köňül galkar her bapda,
Bars-göwheri bent eýlediň mahtapda,
Bedewi – parsyda, tili – arapda,
Bagş kyldyň bady-şütrüň ýagşysyn.

Periler oýnaýan ajap çaglarda,
Gül, bilbil bendidir Erem baglarda,
Gara daşly, gudraty köp daglarda
Mekan eýläp goýduň garyň ýagşysyn.

Şalar aglar boldy – bagryn baş etdiň,
Aklyn aldyň, kör eýlediň, läş etdiň,
Magtymguly, diý, ne ajap iş etdiň,
Ýamana duş eýläp äriň ýagşysyn?!
* * * *
Owwal-a mal ýagşy, maldan baş ýagşy,
Baş döwletin tapan mala seretmez.
Dogmadyk oguldan dogan daş ýagşy,
Nadan ogul atasyna seretmez.

MAL ÝAGŞY
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.

Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir guwlap ýatan çöl ýagşy.

Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy.

Bir biwepa ýara gülüp bakandan,
Şirin jany yşk oduna ýakandan,
Ýat illerde mysapyrlyk çekenden,
Ursa, sökse, horlasa-da il ýagşy.

Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.

MÄTÄÇ EÝLEME
Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!

Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga,
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme!

Namart köprüsinden ölsem geçmez men,
Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men,
Elinden bir käse şerap içmez men,
Sag elim sol ele mätäç eýleme!

Ýagşy niýet – senden dilegim köpdür,
Ajy sözler dilden çykan bir okdur,
Doganyň dogana bahasy ýokdur,
Agany inige mätäç eýleme!

Magtymguly, hakdan dile baryny,
Dilär bolsaň, dile öz imanyňy,
Abat eýle iki gözüm nuryny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!

GÖZLEMEÝEN BOLARMY
Bir käkilik aldyrsa zürýe balasyn,
Saýraý-saýraý, gözlemeýen bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,
Hasratyndan sözlemeýen bolarmy?

Kürresi elinden gitse eşegiň,
Telmuryp tört ýana, gözlär uşagyn,
Akmaýa aldyrsa elden köşegin,
Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy?

Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,
Bala sesin diňlär, salyp gulagyn,
Döke-döke gözýaşynyň bulagyň.
Mäleý-mäleý, yzlamaýan bolarmy?

Agsagyň elinden alsaň agajyn,
Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,
Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,
Jojugyny gizlemeýen bolarmy?

Aýralyga adam ogly neýlesin?
Kim galar görmeýen ajal hilesin,
Magtymguly, haýwan bilse balasyn,
Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?
* * * *

İlinden aýra düşen –
Ah urar, ili gözlär.
Ýolundan aýra düşen –
Jäht edip, ýoly gözlär.
* * * *
Kim nan tapmaz iýmäge,
Kim ýer tapmaz goýmaga,
Kim don tapmaz geýmäge,
Kim tirme şaly gözlär.
* * * *
Bu jahan bir puştadyr,
Kim zinde, kim küştedir,
Her bende bir işdedir,
Her kim bir haly gözlär.
* * * *
Magtymguly, huş eýläp,
Gezgin didäň ýaş eýläp,
Däli köňül joş eýläp,
Ýüz müň hyýaly gözlär.
* * * *
Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun,
Hastalyk şükrüni kylgyl, täki ölmesden burun,
Düz ýeriň gadryny bilgil, derýa dolmasdan burun,
Gämide hüşgär oturgyl, girdaba gelmesden burun,
Ýaşlygyň gadryny bilgil, tä ulalmasdan burun.

Bu goşgularyñ ählisi-de inter sahypalañ birinden alyndy. Utanmadan bärik alnyp goýuldy. (Ynha, ýene-de bir taýýar aşyñ şärigi :(:(:(! Bagyşlañ :)).

Telpekler (4 kisiden 12 sany)

Bu yazgi ucin

  • monte_kristo 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 5 telpek goyyar we yazyar: "Magtymguly shahyr uchin!"
  • ceriumoxide 3 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

saytdaşlar men 2005 nji

saytdaşlar men 2005 nji yylda geçirilen magtymguly günlerine gatnaşma nesibesine eye bolupdym, ol yerde her welayatdan 2-3 sany okuwçy şeyle hem yokary okuw jaylaryndan şahyrlar gatnyşyğdy, ondan başga hem welayatlarda meşhur bolan bilinyan söz ussatlary we şahyrlar hem bardy. çare garrygalada Magtymgulyng yaşan obasynda bolypdy, ay şeyle tasin myhmansöyer halky bar eken, baran günümüzden başlapğ derrew nahara zada çagyryp başladylar bizi. yogsa hijisi tananokdy hem bizi. umuman aydamda men beyle hezil günler ömrümde bir sapar geçiripdim, ol çare her yl geçirilyar, eger sizing hem mümkünçülügüngiz bolsa hokman baryp görüng magtymguly günlşerinde şol oba, göwnüngüz açylar, edilyan gürrüngler, çykyşlar şeyle tasin we şahyrana welin şol çara gatanaşyp gelsengiz sizem şahyr bolarsyngyz göni:):)

Sapa Bolar (Magtymguly

Sapa Bolar
(Magtymguly şahyrymyz)

Ýagşy bilen bolsaň oba,
Işiň zowky-sapa bolar;
Ýigitlikde kylsaň toba,
Köp derdiňe dowa bolar.

Ýaman goňşy çapar gaýta,
Ýykylsaň-da deper gaýta,
Senden aýyp tapar gaýta,
Başyňa bir bela bolar.

Görüň-hä özün öwene,
Rehm etmez dogan-dogana,
Sellesin meňzedip sogana,
Her ýeten bir molla bolar.

Görüň gudratly nyşany,
Her agyzdan söz boşany,
Ahyret wagtyň nyşany,-
Bedasyl kethuda bolar.

Adam ýagşysy alymdyr,
Amal etmese zalymdyr,
Meniň zynatly malymdyr,
Haky bir gün eda bolar.

Muhannes ogly her ýerde
Özüni goýar çoh derde.
Işiň düşende bir merde,-
Ýaman günde gala bolar.

Görüňler niçik zamana:
Ýagşy goşuldy ýamana,
Goç ýigit münse çamana,
Wehm ile mübtela bolar.

Zaman ýakyn gelende,
Parh olmaz çynda, ýalanda,
Hak kanagatyn alanda,
Nowaly binowa bolar.

Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediň, gyz-gelinden,
Ýyl-ýyldan bihaýa bolar.

Gaça Başlady

Imdi bildim zamananyň azganyn,-
Ýamanlar ýagşydan gaça başlady;
Gaýta bedasyllar asylzadadan
Pisint etmän, töre geçe başlady.

Ryýa boldy köpüň okan namazy,
Taňry hiç birinden bolmady razy,
Pygamber ornunda oturan kazy,
Para üçin elin aça başlady.

Şalarda galmady hökmi-adalat,
Bir pul üçin müfti berer rowaýat
Bil: bu işler-nyşanaýy-kyýamat,
Zalymar bitoba öte başlady.

Pakyrlar horlanyp, ýüzün sarardyp,
Kim töresin tapyp, reňgin gyzardyp,
Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,
Gamçysyndan ganlar saça başlady.

Alymlar sözüne amal bolmady,
Mynapyklar Ýaradany bilmedi,
Sopular pirinden taglym almady,
Dünýä üçin dinden geçe başlady.

Bir para sopular "sopy men" diýer,
Soramaz, zalymlar tagamyn iýer,
"Bizi ýagşy kişi diýsinler" diýer,
Her işikde söhbet aça başlady.

Garryga aýlandy biz gören ýaşlar,
Dolandy aýaga biz gören başlar,
Bimahal ýük baglap iýndi argyşlar
Ahyret kastyna göçe başlady.

Akyl bolan gamda ýüregin ezip,
Derdiniň dermanyn soraglap gezip,
Zamananyň pisat bolanyn ýazyp,
Panydan bakýa geçe başlady.

Asylsyz begleriň nobaty ýetdi,
Gaýta şugul-haramyga söz ýetdi,
Dünýäde kim galyp, myrada ýetdi?
Muhupbet çyragy öçe başlady.

Kazy bolan bir jowapda durmady,
Gije mähnet tartyp, kitap görmedi,
Şerigat ugrunda dogry ýörmedi,
Nebs üçin imansyz öte başlady.

Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäş gün synamaga iberdi seni,
Senden ozal öten jananlar kany?
Her kim nobatynda öte başlady.

Maña ogretjek bolsañ, ilki

Maña ogretjek bolsañ, ilki özüñ ögren.
Maña ýigrendirjek bolsañ, ilki özüñ ýigren.
Meni guwandyrjak bolsañ, ilki özüñ guwan
Meni ýandyrjak bolsañ, ilki özüñ ýan.
~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~
Goşgynyñ nähili dogulşy hakda
Köp gezek, köp ýerde bedriler sowal.
Goşgym çagañdyr, ýöne möhleti,
Dokuz aý, dokuz gün, dokuz sagat däl,
Käte ony bir ýyl çaýkap gezersiñ,
Käte-de dokuz ýyl, käte-de on ýyl.

Biri öýde doglar, birisi ýolda,
Käte-hä gyz bolar, käte-de ogul.
Gyz goşgylar bägül ýaly näzikdir,
Erkekleri goç şahy dek gödekdir.
Berildigi bolsun. Bägülmi, şahmy
Jaý ýerinde ikiside gerekdir.
~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~
DOKLUK HAKYNDA DÖRT OÝNAM.
Şeýle bir dok bugdaýlar
Egilşip, döwülşip dur.
Her dänesin ýuwdanda
Towuklar düwünşip dur.

Şeýle bir dok göreçler
Aşyklar ýaýdanşyp dur
Ne bir alçak ýigitler
Söz tapman ýuwdunşyp dur.

Şeýle bir dok bägüller
Şemalsyz paşyrdap dur.
Her bägüliñ içinde
Bir söýgi pyşyrdap dur.

Şeýle bir dok bulutlar
Buýsançly abanyşyp dur.
Kä ýerde aç bulutlar
Gyjanşyp gabanşyp dur.
~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~
GAMSYZ GOŞGY.
Göterildi şu gün göwnümiñ yşgy,
Gel ýazaýyn diýdim gamsyzja goşgy.
Kömelek agtaryp bir topar çaga,
Dyrmaşýar ýokaryk inýär aşaga.

Ýanýar göreçlerde bigamlyk ody
Atlary nämekä? Hökmanmy ady.
Serdarjyk, Ataly, Gurthan, Meretli,
Birisi torbaly, biri sebetli.

Çaşýarlar, üýşýärler, bökýärler birden
Gözleýän zatlaryn tapýarlar ýerden.
Gamsyzja gülkiden ýañlanýar dört ýan,
Ýene-de gykuwlap ylgady Gurthan.

Girdi sebetlere ‘Gelinkömelek’
Bir däl,üç däl, dört däl näçesi gerek?
Ýerleşdi sebetde bir topar jora,
Atlary nämekä? Tapandan sora.

Sowaşdy baýyrlar, garaldy iñrik
Gelýärdi çagalar kömelek gemrip.
Hoşaldy Ataly, Gurthan, Meretli,
Serdarjygymyz weli, boşja sebetli.

Sebede düşen ýük üçje kömelek,
Birisi goturdy, ikisi kelek.
Gamsyzja goşgyma ýene düşdi gam,
Gije uklamady kiçijik Adam.

(K.Gurbannepesow)
~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~
Söýemok men bu jahanda
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden
Öz ajalma jan bermäni.

Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý, tupan görsem.

Dönmerin öz pikirimden,
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
”Ynsan” diýen belent ada!

(A.Kekilowa)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

"Ögrenmek" dal Dilber,

"Ögrenmek" dal Dilber, "Öwrenmek" !
Tmolympiad'yn shygaryna seretsenem gorersin "Öwren" diyip duranyny :)

GAMSYZ GOŞGY.

Kerim aganyn "GAMSYZ GOŞGY" diyen goshgusyny kichi chagalara okap bereyin diyip 4-5 yashlylara okadym welin, son MP3'de oz okanyny hem dinletdim..jykyrdashyp gulup, oz yanlaryndan goz onune getirdiler oydyan sahnany. gayta-gayta dinlap yat tutdylar birki setirini :) umuman chagalara edebiyata hem gyzyklanma doretsen peydasy gaty uly. oylanma, pikir yoretme we ugurtapyjylygy, ulyny sylamak kichini soymek duygysy artyandyr oytyan esasanam oz turkmen edebiyadymyzdan okap bersen.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 5 telpek goyyar we yazyar: "Çagalaryñ añynda gowy täsirler galdyrmagy başarýanyñ üçin!!!"

Käriñden – bereket,

Käriñden – bereket, zähmediñden – rehnet gör!

Meñ gözümiñ öñünde bolsa, şojagaz çagalañ üns we höwes bilen goşgyny diñleýişleri janlandy:). Guwandyryjy!

Başga-da halanýan setirlerden

Я вас любил: любовь еще, быть может,
В душе моей угасла не совсем;
Но пусть она вас больше не тревожит;
Я не хочу печалить вас ничем.
Я вас любил безмолвно, безнадежно,
То робостью, то ревностью томим;
Я вас любил так искренно, так нежно,
Как дай вам бог любимой быть другим.
~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~ ~ * ~
Человеку о счастье мечталось,
Может сбудеться самая малость?
Но чудес на земле не бывает,
И надежда его убывает.
А когда совершенно убудет,
Человека на свете не будет.

Gara

Gara SEYİTLİYEW..goshgulary

ADAM VE TOPRAK

Bar eneler garrayarlar dünyade,
Dine sen garranok, ene topragym.
Sen ebedi juvan goja dünyade,
Seni soldurmayar sene, topragym,
Al-yaşil geyinen, sona topragym.

Gyş gelende ağarsan-da azajyk,
Yaz gelende juvan yene, topragym,
Yaşa sen, yaz yaly yüregi açyk,
Yaz yaly mahriban, ene topragym.
Al-yaşyl geyinen, sona topragym.

Bu dünyaden ötüp gidyan eneler,
Sana goyup gidyar öz balalaryn.
Öz göwsünden ak süyt berip, ene yer,
Sen etmeli hemman tagallalaryn,
Sana goyup gidyar öz balalaryn.

Sen göwsünde diriligin çeşmesi.
Sen goynunda dünyan zovky-sapasy.
Sen goynunda sekiz j ennet sapasy.
Çaksiz sende ene mahrin joşmasy.
Çaksiz sana balalaryn wepasy.

ADAM VE YADYGARLİK

Körpelere saya gerekdir hökman,
SayasYz yaşasa bimydar bolar.
Dünya gelen adam bir ağaç ekman
Gitse, dünyamize bergidar bolar.

Dünyeden gitmesin hiç kim bergidar,
in bolman bir ağaç eksin yadygar,
Kimde-kim bir ağaç ekse yadygar
Dünyan kitabynda onun ady bar.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 2 telpek goyyar we yazyar: "Täsirli setirler!!!!"