Biznese ýuristler gerekmi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Eger-de bir täze iş açylýan bolsa - ýagny innovative bir zat, öň Türkmenistanda görülmedik bir biznes görnüşi.... Onda kanunyň ýetersizligi sebäpli şol täze işi degişli Ministrlik ýapyp bilýär.

Daşary ýurtlarda köp biznes görnüşleri çeýe (flexible) kanunlara görä ýöredilýär we 2 metr eýläk-beýläk süýşeniň üçin azar berýän ýok. Bizde bolsa bu ýagdaý kynrak, ýurist tutynyp bir gaharjaň pil ýaly bolyp býurokratlaryň içinden derrew ylgap geçmeseň işiňi görýäler, we biznes ölýär.

Soňam bir daşary ýurtly firma 5 ýuristi ýanyna tutyp gelýärde, arkaýyn işe başlaýar.

Eger-de ýurist tutunmaga pulyň ýetmese näme etmeli? Kanunlary nireden tapyp, öwrenip, öziňi gorap bolarka? Bilýän barmy?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Atamyrat 1 telpek goyyar we yazyar: "bash sahypa ucin"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Biziň ýurdymyzda ýürist

Biziň ýurdymyzda ýürist hem tapyp bolýar, kanunlary hem öwrenip bilersiň, emma bir zat welin anyk ýagny ýürist hem kanunlar hem kömek etmeýär, çünki "kanunyň üstünligi" diýen bir prinsip bar, şol prinsip ýerine ýetmese, ýürist hem gowy kada-kanunlar hem ýardam etmeýär. Iňlis dilinde bu prinsipe "rule of law" rus dilinde "werhowenstwo zakona". Eger kanunlar iş ýüzünde kanun hökmünde hemmeler üçin ýagny häkimýetdäkiler üçin hem garmaýak üçin hem deň derejede hereket etsedi, onda seniň aýdýan zatlaryň ýerine ýeterdi. Emma bizde gynansak-da bu heniz doly ýerine ýetenok, bu sebäpden business açmak we işlemek kyn bolup durýar. Businessi açan günüňden senden birzat bikanun peýdalanjaklar nalogowy, prokuror, polis,sanitarny, knb, hakim we ş.m Nirä barsaň hem agzyny açyp durandyrlar, bir gezek bilen hem ylalaşmaýarlar, hemişe diýen ýaly seniň businesiň şol adamlary iýmitlendirip durmaly. Bu barada bazardaky samsa bişirip satyp gazanç etjek bolýanlardan sorap göräý!:)

Yurist'siz biznes 1 kichirak

Yurist'siz biznes 1 kichirak dukan achmak dagy bolaymasa, uly biznesleri nadip hukugy govy bilyan adamsyz etjek ?? Baglanyshmaly shertnamalaryn hukuk tarapdan sen isleyan haklaryny berip, islemeyanlerinden azat edyanini hukuk okamadyklar doly saygaryp bilermi ?? Bizin, yagny hukuk okamadyklaryn bilmeyan 100 desigini bilyandir ishin ussatlary, onson sen shertnamana soz owadanlap 2-3 sany chuyruk punkt gosharlar welin, son 1 zat bolsa "Men beyle dushunmedima" diyip oturarsynda...Garaz, kichijek biznes dal bolsa, onda men pikirimche yurist hokman gerek !