Turkmensitandaky yaş nesilin ahlaky tarapdan bozuklugy.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bu yagdaya nameler sebap hem nameler eden yagdayymyzda haysy netijelere baryp bilers.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • doguz 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Gowy mowzuk!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

mekdepler we halkyn ekonomiki yagdayy.

Men pikirimce yaş nesilin zehininin hatda ahlagynyn bozulmagynyn duypli sebabi mekdeplerdaki terbiye bn ylym beriliş derejesi we halkyn ekonomiki yagdayydyr. Bularyn ikisem yetişip gelyan caganyn psihiceski yagdayyny bozya we has başga zatlar bn meşgullanmagydyr... bu hakda yazybersem kop zat yazmaly boljak onun ucin her kimin bu hakda beyanyny alasym gelya!

Butin Turkmenistan'yn yash

Butin Turkmenistan'yn yash neslinin ahlak problemasyny ele-almazdan onurti, 1-nji bilen ozunden bashlap, ilin adyny familiasyny + suratyny ulanmazlykdan bashlasan gaty yerlikli boljak!

ahlak diyip nama aytyanyna

ahlak diyip nama aytyanyna bagly

Ahlakly bolmak,umuman gowy adam bolmak agyr yük.
Gowy bolmaly diyip nesihat etyanem,erbetlgi tankytlyk etyanem yeri gelende özi ahlaksyz hereket edip bilyar,etyalerem.

Edil hazir - iş ahlagy - sözi köp gaytalanyar emma wagt gelyar welin ahlak ahlak diyip yören adamyn özi ahlaksyzlyga başlayar.

Hawa, özüm ahlak tarapdan

Hawa, özüm ahlak tarapdan öwerlik bolmamsoň, Türkmenistandakylaryň nähilidigi barada hiç zat aýdyp biljek däl.

Ýöne umuman medeniýetli gürrüň etmek, gowy hyzmat (serwis), güler ýüz zat bizde azlyk edýär. Bu häzirem şeýlemi bilemok, ýöne zadyny satjak bolýan adam, ýa serwis edýän adam, elbetde özüni gowy alyp barmaly. Bizdäki ýaly "alsaňa al, almasaň alma" manysynda hereket etmeli däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bah, aslynda gyzykly gurrun,

Bah, aslynda gyzykly gurrun, ahlak nahili yagdayda duzuw bolar? Ilki bilen-a in esasy zat mysal bolmak gerek! Halkda mysal bolup biljek adamlar azlyk etyar, yone beyle diysem az diydigim dal, emma bizde mundanam has kop edep- ahlakly adamlar gerek. Esasanam halkyn onune dushyan adamlar mysal bolmaly halk ucin, gorenlerinde erbetlik etyan admyn ozi ona seredip utansyn, ine shu yagdayda ahlak hasam onat duzeler. Munun bilen bilelikde ene-ata terbiyesi esasy zatmyka diyan, ene-ata oz cagasyna bashda terbiye bermegi basharsa, sonam onatlashyp gider, yone ka halatlarda bashda o diyen terbiye almadygam bolsa sonundan bashga birlerinden tasirlenip ahlakly bolyan adamlaram gyt dal!

edil men özüma

edil men özüma ahlak-moralyn çöküşini garyplykda we güyçsizlikde göryan
bay bolmak hem ahlakly bolmak üçin yekeje özi yetmezmika diyyan
kim ösen döwlet bolsa şonun ahlagu işleyar hemme yerde men pikirimçe

chikatilo wrote: edil men

chikatilo wrote:

edil men özüma ahlak-moralyn çöküşini garyplykda we güyçsizlikde göryan

Bu "gorushin" yalnyshdygyny turkmenlerin garyp yashan dovurlerinde-de
namyslaryny gorap, binamys bolup yashamanlyklary gorkezyar. Gayta sonky
dovur, eli biraz islan zatlaryna yetip bashlanson azan beter kop!

Ahlak bozuklygyny garyplyk bilen baglasan, onda bir wagtlar govaklarda
dagy yashayan adamlardan bashlap adamlaryn kopusi dargan bolmalyda :)

Ahlak terbiýesi….

(Men bärde sadaja öz düşünjelerimi aýdýan. Bu pikirler bilen ylalaşmaýanlaram bolup biler).

Ahlak – bütewi alanymyzda nämäniñ ýalñyş ýa-da dogry hasaplanýandygyny (hasaplanmasynyñ gerekdigini) añladýarmyka diýýän. Bütin dinleriñ düýbi ahlaga baglanýar. Gözel – tämiz – kämil ahlaklylyk ol ýerden gözbaşyny alýar. Bilşimize görä birnäçe we birnäçe ahlak sypatlary bar. Ahlak terbiýesi barada aýdanymyzda bolsa, bu sypatlaryñ iñ wajyp we iñ öñde duranlaryny, ynsan öz kökünden – ganyndan – halal emen ene süýdünden alýar. Ýaşaýyşdaky wajyp bolan sonraky ahlaky sypatlaryda, kemala gelen döwrüñdaki gören-eşidenleriñden, okap-bilenleriñden öwrenmelimikän diýýän. Diýjek bolýanym, ahlak sypatlaryny terbiýelemegiñ esasy gözbaşy – ynsanyñ dogup-dörän maşgalasy, ojagydyr. ‘Alym bolmak añsat – Adam bolmak kyn’ – diýlişi ýaly, ahlaky sypatlary okap ogrenmek kyn bolýar – ol seniñ ganyñda, ýüregiñde, beýniñde bomasa!? Eger ahlak terbiýesi bilime görä ogrenilýän bolsa – onda birinjiden bilimi berenleriñ ahlakly bolmagy gerek! Emma nädip we nirden seçjek?! Ýagny, şu wagtky nesliñ ahlak terbiýeleriniñ bozuklygyny gös-göni döwre we bilime baglamak biraz ýalnyşmyka diýýän. Onsoñam ‘Süriniñ içinde agy-da bardyr garasy-da’ ählisini ‘bir aýakdan’ sürmek bolmaz!? :(. Şu ýerde Kerim agañ ‘Döwri döwür edýänem siz’-ýaly ahlak sypatlaryny görkezen ‘Döwür şeýle – döwür’ goşgusy ýadyma düşdi :):). Her kimiñ ahlagy öz içinde, ony hiç kimem, hiçbir ýagdaýam bozmaga zorlamaýar. Ol adamyñ öz erkine bagly. Emma, gynansagam ahlak sypatlarynyñ hemmesini bir ynsanda jemlemek – mümkin bolmaýan hadysalardan bolsa gerek. ‘Her bir ynsan aýratyn bir dünýädir’ – diýlişi ýaly, her bir ynsan öz dünýäsiniñ içinde öz ahlagyny ýetişdirmeli, kämilleşdirmeli.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men kabir aydan zadyn bilen

Men kabir aydan zadyn bilen ylalashamok!!! Adam oz erki bilen etyanem bolsa dashky faktorlar shol zady etmegine itergi beryar!!! Sheytan aslynda hicimizem guna etmage zorlanok, yone bize reklama etyar, icimize girip beynimizde oz isleglerini guyyar eger biz ony kabul etsek shol erbetligi etyaris. Ine bu bolsa bizin erkimizin ejizliginden goz bash alyar!!! Birem yashlar, yagny biz kahalatlarda oz duygularymyza gora kararlar beryas, yagny begencli yagdayda, gaharly yagdayda herhili yagdaylarda kararlarymyz uytgeyar. Adama esasy zat sabyrmyka diyyan, kop zatda sabyrsyzlyk edip sonundan pushman bolyas. Men bu zatlary nesil terbiyesi bilen sheyle baglasym gelyar, eger biz oz erkimiz bilen bir zat eip bilyan bolsak, dashky faktorlaram bize tasirini yetirip bilyar. Barde dine erkin roly yokmyka diyyan.

Menin pikirimçe özününe

Menin pikirimçe özününe nusga alarlyk birini edinmek we şonun ahlagy yaly ahlakly,edepli bolmaga synanşmak has dogry yolmyka diyyan.
Bu nukday nazardan iki dünya serweri,alemlerin soltany,adamzadyn buysanjy bolan Pygarmberimiz(sallallahü aleyhi wesellem)'i nusga alyp onun 'sünnet'lerini yerine getirip yaşamak ahlakly yaşamanyn manzy bolup duryarmyka diyyan.Sebabi O(S.A.V)'nun ahlaky Kur'anyn ahlaky bolanlygy sebapli adamyn hem bu dünyade hemde anyrky dünyade abatlygyny üpjün edyar.
Mundan başga Sahabalary(r.a) we ondan sonky beyik alymdyr şahsiyetleri nusga we görelde alyp yaşayşymyza dogry we manyly yol berip bileris.
Bizin Türkmen şahsiyetlerinden Magtymgulyny,Nurberdi hany,Jelaletdin mengburny,Keymir Körü we ş.m görelde alyp bileris.

ozum hakda admina!

Hacanda men oz adymy arkayn ulanyp dowletin hokumetini tankyt edip bilern ana shonda oz adymy ulanaran emma men etyan zadymy dalde men ulanyan nikimi tankyt etyan bolsan sen onda bu saytda nama uns beryan? Sagbolun!

barde birhili köpçülige

barde birhili köpçülige öykelan yaly kinayaly yazypsyn....:)))

Nick'ini tankyt eden barmy

Nick'ini tankyt eden barmy sen ?? Ya-da "oz adyny yaz" diyen ??
Sana aydylan ilin(Prezident'in) adyny/familiasyny/suratyny ulanyp,
kellani agyrtjak meselelere yol achmazlygyn. Oz adyny ulanyp tankyt edip
bilmeyan zadyny, ony edip bilyanin adyndan, tmolympiad'da etme hakyny hich
kim bermedi sana, esasanam adyny ulanan adamyn. Islesen tankydyny anonimligin
bilen galyp yazyp bilersin, munyn uchin bashga biri boljak bolmak gerek dal.

utanc yok,pul esasy zat dal

Yaslarda indi utanc galmady kop boleginde,okuwlar,terbiye yok diyen yaly... Barde dagda yasayan pulsuz adamlardan mysal beripsiniz emma o wagtlar okuw bolmasada adamlan pikiri aladasy yetikdir diyp pikir etyan,a indi bolsa turkmenistandaky yaslar bn gyzyklanyan ne dowlet bar,nede shona menzesh guramalar bar,okuwa atestat almak ucn gityan bolaymasalar basga bir duypli sebap yok. Barde yazyp otursan sanap yazardan kan zat bar,bilmedim herkimin herhili pikiri bar! Men bilesim gelyan zat su mowzuk hakynda bizin yaly yash turkmenlen pikirini bilmek!

Okuwa dine attestat

Okuwa dine attestat almak uchin dalde, ylym okamak/owrenmek uchin gidyan chagalaryn ahlagynyn govy boljakdygyny hich kim one surup bilmez, sebabi biz okuwly, kellesinde ylym bar bolubam, ynsapsyz, okan okuwyny dine ozune hayry degjek zatlar uchin ulanyp, ile ziyan berse-de pinine dal adamlary gorduk. Alym bolanda name, adam dal bolsa. Munyn tersine, okuwdan habary yok bolsa-da, hatda harp hem tanamayan halyna, bar okuwlylardan has ahlakly bolan adamlary hem bilyas !

Mektep'de her hepde 2-3 sagat "utanch sapagy" owredilenok, mektebe gidip utanchly bolup chykarlar yaly. Utanch sozuni asyl kesgitleyan adamyn "kimden, hachan utanmaly ?" diyen soraga beryan jogaby. Kabir yerlerde "Dash toveregindakilerden utanmaly, palan zady etsen palan meselelere ziyanyn deger, adamlar yazgararlar" yaly dushunje bar, kabir yerlerde "Oz elim, oz yakam, utanyp dagy name" diyip bar. Ikisi hem doly dal, kamil hala yetmedik kesgitleme. Sebabi dash toveregindakiler bilmese, sen eden ishin sebapli utanmaly dalmi ? Olar bilmedi diyip, sen vyjdanyn sesinden dynayyanmy ? 2-njisi ondanam beter, olara utanmalymysham diyenok! We bashga-da birgiden jogap bardyr "kimden utanmaly ?" soragyna.
Menin uchin bu jogaplaryn in kamili, chagana kichilikden, entak ol soragyn biderek jogaplary bilen tanyshmanka, ony hemme yerde goryan, hemme hereketinden habarly Huday'dan utanmalydygyny owretmek.
Bize ynha il-gun'den utan diydiler, il-gunin habary yok yerde etjegini edip yormeli yaly mentalitet doredi. Ene-atandan utan diyildi, yene-de ene-atan yok yerinde eden isinden utanmasanam bolyan yaly netije chykdy. Hich birisem "kamil ynsan" kesgitlemesine gabat gelyan adamyn durmush prinsipy edip ulanyp biljek zady dal.

dogry barde sanap yazyp

dogry barde sanap yazyp otursan köp zatlary gaytalap bolyar..... yöne, senin, menin, onun umuman hemmamizin bilesimiz gelyan zatlar gaty kööööp.......... emma,...... pikirler azatmy???????????? ya-da olary yerine getirmek mümkinmi???????..........

Quote: pikirler azatmy ?

Quote:

pikirler azatmy ? ya-da olary yerine getirmek mümkinmi ?

Pikirler hemise-de azatdyr, yerine getirmek bolegi bolsa tmolympiad'a kan bir degisli dal, barde dine planyny chyzyp, pikirlerini paylashyp bilersin. Sen bir pikirini yaz, belki tankyt ederler we sen pikirin kemchiliklerini duzeldersin, has kamil hala getirersin, we kim bilyar, belki bir gun olary shol kemchiliklersiz haly bilen, durmusha gechirersin!

senin "ahlaksyzlyk"

senin "ahlaksyzlyk" diyyanin, şol ahlaksyzlygy edyan adam üçin "ahlaksyzlyk" bolman biler. kime göra ahlak? dine görami? dap-dessur yada name? ahlak namedigi belli dal. herkimin üytgeşik ahlak düşünjesi bar. meselem birine göra namysyny yitirmek ahlak, beylekisine göra, dogryçylyklyk, beyleya göra saçyny görkezmezlik, yokarda moderatora göra; adyny familyany dogry yazmak ahlak. :)
________________________________________________
Hakykaty aýt-da gaç. Hakykat ýigrenji köpelder.

Quote: yokarda moderatora

Quote:

yokarda moderatora göra; adyny familyany dogry yazmak ahlak. :)

Adyny familiany dogry yazmak dal, ilin adyny familiasyny, ozunki diyip, oz
adyndan yazyp bilmeyanlerini, on adyndan yazmak !

"Ahlak" sozi duyn doran zat dal, onyn kesgitlemesini herkim 1 hili etse-de, umuman halk uchin kellesinde oturan standartlary bar, we gun-gunden shol limit'lerin 1-1 gechilyanini gorse, onda "ahlak azalyar" diyyaler. On koynegin ichinden balak geyilmese ahlaksyzlyk sayilyaka, indi koyneksiz(dar balakly dagy) gezyanleri goryanler "ahlak azalyar" diyip bilyar. T.e. sozun asyl kesgitlemesinin ustunde nache goh turuzyanyn tapavudy yok, kim haysy context'de ulanan/kesgitlan bolsa, shol kesgitlema gora ahlak standartlary peselyami/yokarlanyamy yazaymaly!

...

Her kim oz ahlagyna seretse (bar bolsa shu wagt,ya-da geljekde chagalaryna gowy terbiye
berse) edip biljek ing gowy zadymyz myka diyyan...