Hiç zat ýatdan çykanok – hiç kim unudylanok!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýat ýerlerde galdy merdiñ mazary,
Şol mazary hüwdiläp, şemal aglady.
Ah ýola çykdy, wah, ýola çykdy
Garaşdy gelin…..
Gelmedi ýar, wah, gelmedi ýar
Guçmady göwün…..
Sönmez ody – ojagynda, galdy perzendi
Mirasdary………
Wepat bolan ýigidiñ, öçmeýär ody
Ýaşaýar ýüreklerde gahryman ady….
* * * *
Däriler ýanýardy, ys köpelýärdi,
Gelýänden gidýänler has köpelýärdi
Toýlar azalýardy ýas köpelýärdi
……………………………
* * * *
Bir ýandan uryşdy, bir ýandan hasrat
Hasrat bolçulykdy hezillik gahat

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Öñünden açdygym temadan daşary, bir-iki agyz ýazasym gelýär.

Soñ günlerde haýsy ýere (temalara) baksañ şol milletparazlyk, tire-taýpa parazlyk ýaly her bir añly-düşünjeli adamyñ akyl ýetirýän, emma şonda-da taryhdan bu günlere uly yz goyan BEÝİK TÜRKMENİÑ bu günki nesline ýaraşmaýan bolgusyz we peýdasyz jedellere, söhbetlere duş gelýän (belki-de bu sadaja meñ görüşim). Okamak öwrenmek we döretmek bize yaraşany! Dünýäniñ çar künjünde bar okap bilim alýan Türkmen oglan-gyzlary. Elbetde her bir ýeriniñem bilim beriş sistemasy üýtgeşikdir. Emma biz gidip okap owrenip gelýän ýerlerimiziñ ilaty ýa-da nesli däldirisä!? Ählimizem Türkmen halky, dogup-dörän ene topragymyz, ata Watanymyz üçin hyzmat eyjekdiris, ony ösdürmek we güýçlendirmek üçin bilim alýandyrys. ‘Sen o dereje-de bilýän bolsañ, men bu dereje-de bilýändirin’ – diýip biri-birimizi peseldiji äheñde gepleşjek ve her birimiz gören-ögrenenlerimizi gelip ülkämizde ornaşdyrjak bolsak bolmaz ahyryn! Her bir ýurduñam gowy taraplaram, erbet taraplaram bardyr. Bize düşeni gowylaryny ögrenip, erbetlerinem sapak edip bulary ara alyp maslahatlaşmagymyz gerekmikä diýýän! İlki bilenä, bilmeýänlerimizi – bilýänlere hormat goýmany ögrenmegimiz gerek!!!
Geliñ az salymlyk bolsa-da ynsanlaryñ ruhuny düşüriji temalardan daşrak durup, Türkmeniñ beýik danalarynyñ (we başgalarynyñ) bize miras goýan dürdäne setirlerini okalyñ we manysyny sapak edineliñ! Her kim gowy gören goşgularyny ýazsyn we birlikde okap birlikde manylaryny paýlaşalyñ!
Goşgulary ‘İsleglere görä goşgular’ blogunda goýaýalyñ. Tizden beýik akyldar Magtymgulynyñ poeziýa günleri ýetip gelýär, o mynasybetli täze blogy açarys.
Bu gün – Beyik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryñ hatyryna ýatlama günü ertirem Ýeñiş baýramy. Bu bilen bagly gaty täsir ediji bir goşgyny goýasym gelýär.
ÝETİM OGLAN
Men ýaşajyk bir çaga,
Uzak ýaşasym gelýär
Ýaşlyk, bagta guwanyp,
Jak-jak gülesim gelýär!
Ýaşlyk çagy bir gezek
Ölüm-ýitim bir gezek.
Meni hoş edenlere
Gülüp bakasym gelýär...!
***
Ýatlaýaryn ol güni
Gysdym bagra kitaby
Elip-bi - diýip başladym
Gara güni taşladym.
Indi boldum uly adam -
Diýip, aýtdym eneme.
Gülüp aýtdy enem-de
- "Golsyz derýadan gorkar,
Gorkak özünden.
Saňa,
Derýalar kölçe bolmaz.
Ekmedik hasyl almaz.
Muny garrylar aýdýar".
- Diýip ümsüm oturdy.
Ylgadym oýnamaga
Wagtym ýok ýaýnamaga...
***
Bir gün dädem gelmedi.
Soradym men enemden
"Uzak ýollara gitdi,
Geler birki ýyllardan".
- Diýip, jogap beripdi.
Men bilmedim näme üçin
Gözlerne ýaş aýlaýar?
Gözüne ýaş aýlasa
Bagryma daş paýlaýar.
Ýürek awap gyýyldy.
Beýle zady görmändim.
Enem ýaşyn süpürip
- "Dädeň gaýdyp gelende,
Aýdaýmagyn" - diýipdi!
***
... Bir gije men düýşümde
Gördüm eziz dädemi.
Garşy-garşy soradym
- "Nirä gitdiň däde jan?
Haçan gaýdyp gelýärsiň?
Bizden açyp arany,
Niçik gezip bilýärsiň?"
Başyn ýaýkap zeýrendi
- "Işigi gowşak öýüň,
Içi gowşak bolmazmy?
Gaýgy-gama düşeniň,
Dynjak güni bolmazmy?"
Göz ýaş eýläp turamda,
Enem basdy bagryna...
***
Dädem gaýdyp gelmedi...
Kitap, galam sarjakdym
Dostlaryma görkezip,
Dädeme guwanjakdym.
"Bist, aferin!" alamda
Meni göge götärdi...
Käte tutup gyjyklap,
Meñ gülkime gülerdi
Demim ýetmän, üsgürip
Gözüme ýaş dolardy.
- "Aglap otyr oglum" - diýip,
Ýene başlar gyjyklap,
Gaçjak bolup omzaýan,
"Ene ... ene!" - gygyrýan.
Enem gözläp gülerdi.
Oturmagy unudyp,
Aýak üste durardy...
Ýat bolupdyr o günler...
Dädem gaýdyp gelmedi.
***
Bir ýyl geçip geçmänem
Gitdi gulluga Agam.
Öýi çaşan deý enem
Dar gursaklyk edýärdi.
Urna-urna zeýrendi
Artyk çagam barmydy?
Ýatlady ol geçeni
Ukusyz daň atanyn
***
Ýollapdyr agam bir hat:
"Men hem düşdüm iler jebhä
Bar görýänim at, ha at!
Kim geler-de kim ölerkä?
Aýdyp bolmaýar ony
Şeýle bolsa hem her-nä
Arzym bar eziz bally
Ynjytmagyn enäni
Sen hem indi uly oglan
Okuwy taşla, git işle!
Işiň deri öçer gider
Utanç deri batar gider!
Gadyr bilseň dirikä bil,
Öli gaýdyp gelmeýär!
Tüýküligiň soňy hem
Asyl sakgal ezmeýär!
Hoşlaşaly doganjygym,
Öý işigi sen bolansyň"...
***
Aradan aý geçip-geçmän,
Habar geldi eneme,
- "Gynanç bilen gutlaýarys!
Wepat boldy oglyňyz!"
Enem aglap gygyrdy
- "Wah! Adamym,
Wah! Oglum,
Ýatan ýerňiz bilsedim.
Mazaryňyz görsedim.
Ne-hä öli ne-de diri
Öňem biri ýene biri.
Ölüň - diýip aýtmandym
Geliň - diýip aydypdym
Mensiz nädip gitdiňiz?
Näme üçin siz beýtdiňiz?
Ýetim galyp ulaldym.
Ýalňyz bolup kül oldym.
Ne ýazygym? Bilmedim,
Dünýä inip gülmedim"...
Bu maňlaýy kim ýazdy
Öňki birim azmydy?
***
Eneme-de aýtman
Gara bagta salam diýp
Hoşlaşdym okuw bilen.
- "Ussa jan gelendirin!
Iş agtaryp, işlemäge
Her ne diýseň,
Iş buýursaň
Ýerne ýeter şol bada.
Aýdylan jogap şeýle
- "Ýegenjigim, köşejik!
Işi gözle, ýeňil bolsun,
Güýjüňe-de düzüw gelsin.
Bu iş seni maýyrar,
Saglygyňdan aýyrar!"
Köp agtaryp gürleşdim,
Ahyr işe ýerleşdim.
Enem eşdip wakany,
Göz ýaş eýläp tolgundy
- "Guzyjygym owlagym
Dirikäm bakaryn men.
Gitde okuwňa ýetiş!
Seň ýaşajyk janyňy
Göz alnymda jigerim
Neneňsi ýakaryn men?
Meniň ýalňyz köşegim!
Ýada sal aýdan sözüň
Begenip şeý diýipdiň
- "Elip-bi diýp başladym,
Gara güni taşladym"...
***
Men neýläýin ene jan?
Gara günüň soňy ýok.
Gül ýüzüňi ysgasam,
Gül ysyny berenok.
Süňke dönen barmagyň
Indi daşa meňzeýär.
Başyňdaky ak saçyň
Gyş günleriň mirasy,
Ýüzüňdäki ýygyrdyň
Şum pelegiň tagmasy
Dilleriňden gaçypdyr
Öňki enäň nagmasy.
Ýagyrnyň beýikde dur
Başyň dyza ýetipdur.
Men dirikäm ene jan,
Eliň işe degirtmen.
***
Ölenden soň doganym,
Üýtgäp başlady enem.
Çykyp howlyň daşyna
Garaşýardy ogluna
Kä günler irden turup
Öý çykaryp kakýar ol
Gök gyňaja bürenip
Gulak halka dakýar ol.
Mert enem bar - diýginiň
Kakaň gaýdyp gelende.
Şu gyş geçip geçmäni
Biz galarys belende.
Bilipmi ýa bilmezden
Güýzüň solak gününde
Ýowuz gyşa garaşýardy,
Garaşýardy, garaşýardy...
Ol ýowuz gyşdan
Ýeke çykmaly boldum!
Enemden diňe at galdy,
Ýatlama hem
Ýekeje
Gyrasy ýyrtyk surat.
"Ene jan gitme!" - diýemde,
Kürtdirip ýylgyrardy
Gözýaşdan el çekemde
Öpen soň "Hoş" - diýerdi.
Ýöne soňky gezek
Şeýle "Gitme!" - diýsem-de,
Şeýle gözýaş etsem-de
Ol dodagyn ýalap
Ýuwaşjadan seslendi
- "Müň arzuwdan bir arzuwma ýetmedim,
Ýylgyrmagy dodagyňda ekmedim.
Men bilmedim ýetimlik,
Menden saňa galdymy?
Ýa-da pelek,
Bu şum sazy çaldymy?"
(Böldüm onuň sözüni)
Dur! Ene jan ...
Ýeke goýma sen meni
Gorkýan ene, gorkýan ene!...
Eý Hudaý jan, eý Hudaý jan!
Ýa-ha agam, ýa-da dädem bolsady,
Iň bolmanda
Enem ýerden tursady.
Ene... ene jan!
Gözleriňi açsana
Dädem gaýdyp gelende
Ol günki aglanyňy
Duz kessin aýtmaýyn...
Ene janym tursana!
Dädem gaýdyp gelende
Men oňa nä diýeýin?
Özüň aýtmadyňmy nä
Bir-ki ýyldan geler - diýip,
Ýene seni gyjyklap
Gülkülerňe güler - diýip,
Bir-ki gezek ýuwdunyp
Dodaklary açyldy
- "Oglum, oglum..."
Sözlerini gutarman
Başy bir ýan ýykyldy.
... Kirpigin gyrpman
Seredip ýatyrdy.
Şol suratdaky ýaly.
Ýöne, ene... ene jan...
Diýsem-de ýylgyrmady.
Surata seredemde
Heniz ýylgyryp durdy
Meniň enem,
Meniň mähriban enem!...
***
Başym goýup gerşine
Aglamaga enem ýok.
Çarh üstüne mündürip
Aýlatmaga dogan ýok.
Gyjyklap hem güldürmäge
Dädem gaýdyp gelen ýok...
***
Indi işim el sermek.
Pelek başym aşak saldy.
Dyza çöküp gün ötürmek
Ine ömrüm şeýle köýdi.
Bir näçesi,
Meni görüp gülüşýär
- "Ine, ata ogly şu!
Görüň onuň ahybetin!"
Bir näçesi,
Başyn ýaýkap zeýrenýär
- "Wah, neresse,
gyş günde hem bürenip
Buz howada neýleýär?"
... Hawa! Siz hem görensiňiz!
Ýadymda däl nä diýeniňiz.
Bilmedim dar köçede,
Ýa-da, şaýat, giň köçede.
Büküdipjik otyrkam
Ýa-da süýnüp ýatyrkam...
Bu zatlary bilemok.
Diňe ýaşasym gelýär!
Men ýaşajyk bir çaga
Uzak ýaşasym gelýär!
Ýaşlyk bagta guwanyp,
Jak-jak gülesim gelýär!
Ýaşlyk çagy bir gezek
Ölüm ýitim bir gezek.
Gara günüň göwresin
Köňül aýdýar kül et, ýak!
Herne bolsa nädeýin?
Heniz mende kuwwat ýok.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • doguz 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Tüweleme!"