Daglar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

DAGLAR

Daga golaý baramda,
Allanyň emri bilen
Oglun Taňra hödürlän
Ybraýym düşýär ýadyma.

Allanyň sadyk dosty,
Biziň iman atamyz,
Ak patanyň çeşmesi
Ybraýym düşýär ýadyma.

Daga gözüm aýlamda,
Müsür şasyndan gaçyp,
Sionda goýun bakan
Musa düşýär ýadyma.

Allanyň pygamberi,
Halkynyň halasgäri,
Kanunyň howandary
Musa düşýär ýadyma.

Dagy synlap duramda,
Duşmanlaryndan gaçyp,
Gowakdan haraý gözlän
Dawut düşýär ýadyma.

Ysraýylyň patyşasy,
Allanyň Öz saýlany,
Öz halkynyň halany
Dawut düşýär ýadyma.

Daga seýil edemde,
Milletin daşyna ýygnap,
Allanyň Sözün aýdan
Isa düşýär ýadyma.

Bu dünýäň Halasgäri,
Allanyň mesh edeni,
Adamzadyň täk Rebbi
Isa düşýär ýadyma.

Daga gadam basamda,
Reb bilen daga çykan,
Rebbe çadyr dikmek islän
Petrus düşýär ýadyma.

Mesihiň Öz şägirdi,
Ilki ýygnak resuly,
Injiliň habarçysy
Petrus düşýär ýadyma.

Daglar Allaň gudraty,
Elleriniň sungaty,
Ýer ýüzüniň zynaty
Daglar düşýär ýadyma.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

GİÇ BOLAR

Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür
Hoş söz aýdyň depesine täç bolar
Dirilikde aýdyň dirikä sylaň
Kim bilip dur BİR ÝYLDAN soň giç bolar

Howa gowy diýiň entek dirikä
Gerek ýerde ýyly söz bir güýç bolar
Hökman ölerine garaşyp durmaň
Kim bilip dur BİR AÝDAN soň giç bolar

Ýagşy sözler gaýnap ýürekden çyksyn
Şol närseden bärde çyksa hiç bolar
Goldaberiň birbiregi söz bilen
Kim bilip dur BİR HEPDEDEN giç bolar

Kalby çoýuň alkyş alyň adamlar
Alkyş diýdiň işi rowaç bolar
Erte tapylanok bu gün goreniň
Şu gün çoýuň ERTE BELKİ giç bolar

Sahabatsyz omür gury bir toňňe
Sahabatsyz omrüň soňy puç bolar
Sylaň birbiregi wagtyňyz barka
Mümkin ýene BİR SAGATDAN giç bolar

Söwdagärlik kylylp bazar

Söwdagärlik kylylp bazar gezenden,
Alsam nesihatym, gymmat ýagşydyr.
Hatam bolup, günde gyzyl berenden,
Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden,
Söweş güni sanjar ganym gözünden,
Her kim tapylmasa aýdan sözünden,
Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr.

Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan,
Dost bolup, dostundan syryn gizländen,
Hudany unudyp, ýalan sözländen –
Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr.

Kadyr eýäm jismimizi bar eden,
Biakyldyr hak işine ar eden,
Bimahal salyngan bozuk köprüden,
Jähennem üstünde syrat ýagşydyr.

Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň,
Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň,
Janyň barlygynda haýyr gazansaň,
Rahat ýatjak ýeriň – kümmet ýagşydyr.

Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan,
Bihabarlar aýra düşer hudaýdan,
Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan,
Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr.

Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany,
Ýalançynyň bolmaz anty-imany,
Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany,
Her kimiň öz ili – ymmat ýagşydyr.

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "yaza sheydip aram aram:)!"

Iman getir... Gadyrdan dost

Iman getir...

Gadyrdan dost iman getir
Hakykaty kalbyňa ýetir
Bolmasana sen gatyr
Hoş Habary iliňe ýetir.

Syrkawlygyň sen bilsediň
Lukman gadryn bilerdiň
Günäň muzdyn elhençdigin bileňde
Hoş Habaryň gymmatyny görerdiň

Ah, arman din seniň
Gözüň baglapdyr.
Şeýtan seni aldawyna salypdyr,
Tekepbirlik seni gurşap alypdyr.

Şonda-da Halasgär yzyn üzmän,
Seň gapyňy kakyp dur!
Kalbyň açsaň - gutulyşyn
mugt, saňa berjek bolup dur!

Hudaý bize saýlaw berdi,
Imanmy ýa bi-iman.
Sen imany saýlagyn
Ýüregiňe gutulyşy algyn.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Yarym kilo 1 telpek goyyar we yazyar: "Agam icinizden joshup cykyany bildiryar!!!"

Agam yhlasynyza berekella,

Agam yhlasynyza berekella, aslynda duzyan goshgynyzda bir zady one surmeginiz gaty gowy zat, yagny kapia derek many bolsun diyyaniz, ine shu oran gowy zat. Yagny bir shahyr yaly kapiasyny owadan etjek bolup "ayalyma talak berdim" diyen sozu getirip ayalyndan ayyrylyp yorenlerem bar kapiya gozelligi ucin!!! Yone her name-de bolsa kapiany owadan ullanyp bilmegem ayratyn gork goshyar goshga!!!

Edil beylede dal! Goşguda

Edil beylede dal!
Goşguda kapiya bolmasa goşgy bolmaz!

Yarym kilo ildeş gowy

Yarym kilo ildeş gowy sözleriň üçin we ruhlandyrýandygyň üçin minnetdar! Hudaýjan seni bereketlesin,
Sylap

Diplomat, sana sonky

Diplomat, sana sonky duydurysh. Yene onki hekayany dovam etdirip, her goshgy-tymsal uchin 1 blog achyp otyrsan, 1-njiden sonkylar yapylar. Barde telpek goyan agzalar bar, indikide agzalar telpek berayende-de yapylar. Habaryn bolsun!

Moderator aga! Mana

Moderator aga! Mana duydurysh beripsiňiz welin men näme nädogry zat etdim, bu websityň haýsy kanunyny bozdym?! Eger seredip gorseňiz başga agzalar baş alty sany blog açanda men gelip bir ýada ikisini açýaryn.Şu blogda hem iki sany goşgy ýerleşdirdim. Kanun hemmeler üçin deň bolmaly dälmi eýsem, ýada bu taýda hem diktatorlyk we diskriminasia barmy barmy!

Duýdyryşyňyz üçin sag boluň ýöne eger hakykatdan hem şu websaýtyň bir kada kanuny bozýan bolsam şol kanuny bu taýda görkezseňiz we şol kada-kanunyň hemmeler tarapynda ýerine ýetirilmegini üpjün etseňiz gowy bolardy!
hormat bilen,
diplomat

Gadyrly diplomat size

Gadyrly diplomat size beylekilerden uytgeshik duydurysh berilenok!!! Bir blogda yeke goshgy yazyp goyaymaly dal. Eger on goshgy yazan yeriniz bar bolsa shol yere taze goshgynyzy yerleshdirmeli, her goshgy ucin taze blok acmak bolmayar! Siz "Daglar" diyen goshgynyzy shu yere yazan bolsanyz has gowy bolardy!

Bu ýagdaý düşünikli,

Bu ýagdaý düşünikli, eger bu beýle bolsa men indikide şeýle ederin.
Kalplarda näme bardygyny Hudaý bilýändir ýöne...
Seredip görseň günde bir blog açyp ýörämok, aýda bir ýa ikisini açýan, şonda-da gaharlanyp seň bloglaryňy pozaryn zat diýip başlaýarlar.
Moderator soňky duýduryş diýýip heniz birinjisini bermän durup çürt kesik edeýär.:)
Aý bolýar, indiki-de kanunyňyzy bozmajak bolup çalyşaryn...
Rehim edersiňizde...!

diplomat wrote:

diplomat wrote:

Moderator soňky duýduryş diýýip heniz birinjisini bermän durup çürt kesik edeýär.:

Mergen nick'imden jogap yazyan, sebabi sonuna shahsy komentaria goshjak!

In bolmanda bilinmejek bir mowzukda yalan sozle how akylyny ulanyp, sana makalalaryn barada "hersi uchin 1 mowzuk achma" diyilenini shu sahypanyn kone agzalaryndan bilmeyan yokdyr, yene-de gep dinlemanson alyp barsyny ozum 1 mowzuga goyupdym. Nireden gelen onson "Heniz birinjisini berman churt kesik edyar" bolyar ?? Yene-de "birinji gezek duyduryan" diymegine dovam etmek islegin bar bolsa, bashda shu comment'in ashagyndaky yazanymy oka, bolanlary yatla, son dovam et !!!

http://tmolympiad.org/?q=node/3576#comment-87494

Belli 1 yerde sanlary "az" bolan "jemagatyn" agzalary shular yaly "heley" yollara bash goshsa yigrenyan zadymda bara. Rumyniyadaky sigan'lar yaly bolup, ogurlyk zat edenlerinde tutsalar "Men sigan bolanym uchin meni gunakarleyaniz, beylekilere ha zat diyenzok" diyip, oz ayibini "nabelli" kopculigin arkasyna saklamagyn, adamlaryn ichindaki adalat duygusyny exploit etmek arkali 1 zatlar gazanjak bolmagyn aladasyndaky adamlar!
Nahili bihayalyk !!

Muhammedem yadyna

Muhammedem yadyna düşsedi:(

Muhammedem dushyar yadyma,

Muhammedem dushyar yadyma, emma ol Isa Mesih bilen deňeşdirer ýaly däl. Ol janymyzyň dowzahda ýanmazlygy üçin gelen gutulyşy ýagny Hoş Habary getirmedä, muny Isa Mesih getirdi we Öz jany bilen we Özüni gurbanlyk getirmek bilen bize şol gutulyşy üpjün etdi!

Bizem her gurbanlykda goch

Bizem her gurbanlykda goch gurban edyas oza, yone shol gocha sagbolsun hokmunde "meni halas edyan, sen Huday" diyibersen "hezillik" boljagov :)

Problemada şolda,Muhammet

Problemada şolda,Muhammet getirmedi Alla Tagalla iberdi.

Gurbanlyk berýän goçyň

Gurbanlyk berýän goçyň saňa gutulyş berýärmi, berenok, emma Isa Mesih saňa hemişelik gutulyşy berýär. Ol Halasgär! Injil muny tassyklaýar. Eger sen Hudaýyň Injiline iman etmejek bolsaň we Hudaýyň Isa Mesihde üpjün eden gutulyşyna ynanmaýan bolsaň we minnetdarlygy aýtmajak bolsaň bu seniň saýlawyň!

Diplomat sen kyn gormesen

Diplomat sen kyn gormesen bir blog ach hristianlyk hakynda menin kabir soraglarym bar ve belkide bashgalardada sorag bardyr. shol yerde senin ynanjyn hakynda gurlesheli. Bilyan ozal bir sohbetdeshlik boldy sen bn yone ol eyyam gaty uzyn ve ony tazeden aktiv etmek yerine fresh biri bolsa gowy bolardy

Wilson çüyleri hakdaky

Wilson çüyleri hakdaky reklamany gördünmi,ana şol Hristiyanlaryn İsa sylagy.Musulmanlarda görmersin ne İsa ne beyleki pygamberlere hormatsyzlyk

Hakyky imanly Isa

Hakyky imanly Isa hormatsyzlyk görkezmez! Bu sebäpden Isa Mesih "adamlary miwesinden tanarsyňyz..." diýipdi. Bu sebäpden "hristian" diýilip tanalýan ýurtlarda görýän her bir erbetligiňi hristianlaryň üstüne ýüklemek hem nädogry bolýar!

Ay hava, sen kimlere nahili

Ay hava, sen kimlere nahili guna yukleyanini menin araplara gaharlanyp yazan yazgyma telpek bershinden bashlap, bir yerde bir hristian erbet zat etse-de "on shahsy savligi" diyishinden dushundim mena.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "gowja jogap:D"

Bolyar Style ildeş! Şeýle

Bolyar Style ildeş! Şeýle ederis, soraglaryňyz bar bolsa şol taýda gürrüň ederis!

Bir sheytsenang, menem

Bir sheytsenang, menem hezillik bilen sizin berjek jogaplarynyzy okasym gelyar!!!

Erkinlik...

Erkinlik…

Ynsan erkinligi küýseýär
Çünki ýaradylypdy ol erkin
Emma şeýtan ýalanyna aldanyp
Ýitiripdi erkinligin ýaýdanyp.

Erkinlik gözleginde
Hakykat gözleginde
Döredip däp-dessur,din ýoluny
Adamzat geçirdi müňläp ýylyny

Dünýä bermez erkinlik
Dinler bermez azatlyk
Hakykaty bilmek berer erkinlik
“Ýol, Hakykat, Ýaşaýyş”Bolan berer azatlyk

Erkinlikdir Hak Hudaýa ynanmak
Azatlykdyr Oň Sözüne boýun bolmak
Çünki Oldur erkinligiň çeşmesi
Adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy

Dünýä geldi Hakykat Isa Mesihde
Azatlygy-erkinligi bermäge
Şeýtan güýjün eňip direlişde
Iman etseň - Isa berer erlkinlik