Arsary baba we arsarylar.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

mahriban agzalar, men bu mowzugy acmak bilen, tire-taypa agzalalygy acmak ucin dal,de dine-je, bu hem oz taryhymyza degishli bolany ucin, acdym. belki bilmeyanler hem bardyr. hem-de ozum hem sheyle pikirde bolanym ucin sizin bilen paylashmak isledim. kop zat yazylan ekeni bu babatda hem, belki-de olaryn dowamyna hem yazsam bolardy,. Ol yerde hem kop pikirler caklamalar orta atylypdyr. emma taze mowzuk acmagy yuregime duwdum. bu hem turkmen shahslarynyn birisi Arsarybaba Gulhajy ogly hakynda, yagny arsarybaba we arsarylaryn taryhyna degishli.
onun yazdyran "muin al-murid" kitabynyn( muritler ucin gollanma) yurdumuza getiren alym Jepbar Goklenowdyr, a ony bolsa hazirki turkmen yazgymyza geciren arapshynas Nazar Halymowdyr.ol kitabyn esasy nusgasy turkiyanin Ankara muzeyinde saklanyar(dy?).

arsarybaba hakynda esasy maglumatlary 17 ji asyrda yashap gecen Abulgazy hanyn "shejerei terakime" kitabyn dan salgylanyar.
Abulgazy Bahadur han arsarylaryn anyrsyny salyrlara baglayar. a salyrlar bolsa oguz hanyn dag han oglunda gelyan agtygydyr.a dag handan gelyan Gara gazydan gelyarler.

------------------------------ (gara gazy)
[
(ogurjyk) (sowerjik) (doduk) (gubajyk)
]
]
]
(berdi) (buka) (owsar) (yaucy) (dinli) (kowser)
][---------------]
] [
] ]
(gulmy)----( gulhajy)------------------------------------------ (arsary bay)

]
]
Arsarynyn hem uc ogly bolyar.
Eynel gazy, Zeynel gazy, Mustapa gazy. we bir gyzy bolupdyr( emma bu raowayata gora) Mamabike.atly.

Eynel gazydan- Tore, Sokman, Layna, we Charshanny agtyklary bolan.

Zeynel gazydan hem Gara hemde Bekewul agtyklary bolan.

Mustapa gazydan hem Ulugtepe we Gunesh agtygy bolan.

bu yerde Charshannynyn neberesi hazirki Charshanny etrabynda yashayrlar. Gara we Bekewulin neberesi hem hazirki Garabekewul etrabynda, Gunesh we Ulugtepenin neberesi hem oOganystan dowletinin caginde yashayar.
Halk arasynda Ogurjyk alpa Goroglynyn protitipi hem diyilyar

sheydayynyn bir goshgysynda sheyle diyilyar

" Korhan ogly Ugurjyk alp,
gyrdy turk ilin at salyp,
gorogly ona at galyp,
pac alyp gecdi sagy soly"

.salyrlayn uly bir bolegi, Ogurjyk alpyn yzyna dushupdir we Yrak taraplaryna gidipdirler, emma ol taraplarda onushmandan sonra, yzyna Balkan daglaryna gaydyp gelipdir. emma bu yerde gaty uly yitgiler hem cekipdir.Abulgazy han oz kitabynda Ogurjyk alpyn yazan bir gosgysyny mysal getiryar.
ol goshgyda onun ganlylar bilen urashnlaygy hem nygtalyar.

“gacyp kanly handan kybla surdum,
gyr yol ashyp gelgen ar onunden dondum,

gyrchylarga,yerchilerge yol bashlatdym,
gayly, garly iki gola yol yumshatdym,

arkyt arkyt gyrlarga tyraum saldym,
art onume yezek salyp, gocum tartdum,

gara tiwe yolundan ashyp bardum
gabaklydan, alynjadan yurt yurltadum,

gurulteship artymdan yagy yetdi,
gayky bashly gaty yayga ish buyurdum,

gan irinli okga onda gan yugurtdim,
calsa keser, kuruch polatga tug baglatdym

gylyjymy syryp, bil agishemde guyy gazdym,
ada gyshlap, gyr yaylap, Balkan ashdym

ekse yasyn gara daga ugrap geldim,
kachky gulum toy tutmady anda boldum,

altyn gozli tabushganny getur dedim,
gaz ayagy uc ayry tamga berdim.

sonra hem han oz kitabynda sheyle yazyar.-
" salyr ilinden Abulhanda Arsarybay diyen biri bardy, ol urgencde Shyh Seref Hoja (sheref ed-din al-horezmi 14 asyr) diyip biri bardy. onun yanyna gidip yalbardy, aydany ny kyrk duye berdi,
hem de yuz tutdy" arap dilindaki kitaplaryn manysyna dushunmek biz turki halklara kyn dushyar. eger bizin ucin bir kitap buyursanyz "diydi.
shondan sonra Shyh birnace dini kitaplary terjime edip olary kitap gornushinde yygnap, ona "muin al-murid" diyip at berdi.
ynha shondan sonra hem arsaryga bay adyny goshmaga bashladylar.ol kitap hijri yylynyn remezan ayynda yazylyp gutarylypdyr. bu sene milady yylyna geceninde 1313 nji yylyn dekabr we 1314 nji yylyn yanwar ayna gabat gelyar.Shyh Seref Hojanyn mawzoleyi hazirki wagtda Konurgencde yerleshyar.
Arsarybaba Ustyurtdan uzak bolmadyk yerde, Tuwer diyen yerde yagny hazirki Tuwer obasyn yanyda jaylanypdyr.ol galmyklar bilen bolan urshda olyar,sebap onun gyzy mamabika galmyklaryn shasy ashyk bolup gyzyny islap gelyar, emma bermeyar. netijede uly urush bolup, arsarylar yenilyar, we galmyklaryn shasy, gyzyny akidyar. hemde ol soweshde arsarybaba wepat bolyar.
Muna sonky wagtda onun mazarynda gecirilen gazuw agtarysh ishilerinde hem shol netija gelinyar. Sebap onun kele canagyndan peykamyn yzyna dush gelyarler, diymek bu hem onun yara yzyndan olenligini anladyar.
muny Abulgazy han jikmejigi bilen beyan etyar.
" shol dowurde eyran shasy horasana koma beg diyip birini beripdi, sonra ol hem Abulhanda Arsarynyn Mama atly owadan gyzy bar diyip eshityar.Bay gyzyny bermeyar. Koma beg hem uly goshun bilen Abulhana Duker diyen guyynyn yanyda uly sowesh bolyar. netijede bay olyar we koma beg Mama ny akidyar. emma ondan hic hili vcagasy bolmanson, ony yzyna goyberyar, we yanyna hem kiki masgala gul hyzmatyna beryar. Mamabike hem ol iki masgala guly azat etyar, emma olar hic yerik hem gitmen, arsarylara goshulyp otyryarlar, sonra olara "syyagydag sakarlylar" diyen ady beryaler. ol hem hazirki wagtda hem "sakarlylar" adyny goteryaler( sakar etraby)
rowayatlarda Alp ata arsarynyn , tekanin, yomudun we sarygyn atasy bolanmysh hemde ony dushmanlar olduripdir. onun aryny almak hem ogly sarynyn payyna dushyar. shondan sonra ona "Arsary" adyny beryaler.
emma basgda rowyat bar. Salyr gazanyn uc ogly bolupdyr. Saryk, Sary, Janmammet. bir gun Salyr gazany dushmanlary oldurip gidipdirler. shonda Saryk we Sary birkemsiz yaraglanyalar. a Janmamet bolsa olara komek beriji yagny "Tekye" bolyar. shol at hem ona galypdyr we "teke" diyip ulanylyp bashlapdyr dowrun gecmegi bilen.
14 nji asyrda arsarylar salyrlaryn san taydan in kopligi hasap edilipdir. tekeler, yomutlar,saryklar san taydan olardan gaty az ekeni. sebap arsarylara gapdaldan hem 25 uruga yakyn urug goshulypdyr, hemde olar hem ozlerini hakyky arsarylar hasaplapdyrlar. muna basga mysal hem bar muna mysal edip- urgencli, garagumly, gurama, gazak,ajam,garagoyunly, abdal,mangyt,wekil, kenan, we basgalar. sh wagtda arsarylar 600 den gowrak shaha bolunyaler.

14 asyryn 20-nji yyllarynda Urgench hany Sufyan han agyr salgyt salypdyr, muna cydam edip bilman, arsarylar onun 40 wekilini olduripdir., shonda bolan soweshde yenede yenilipdirler, we salgyt tolemage razy bolupdyrlar. shonda horasan salyrlary 16 mun goyun, arsarylar hem 16 mun goyun,teke yomut, saryk lar bolsa toplam 8 mun goyun salgyt tolapdirler.yagny bu yerde olar hsol taypalaryn hemmesini toplanynda hem sholaryn iki essesi diymegi anladyar.
14 asyrda hem uzboyun suwunun kesilmegi bilen goce-gochhalik bashlanypdyr. shol wagtlar hem Esen ili turkmenleri bolanlar- arsarylar, cowdurlar, igdirler,bozajylar, burunjyklar, we salyrlardan ybarat.
ynha shu tayda kawagt gosgylarda hem meselem Magymgulynyn goshgysynda hem
name ucin arsarynyn ady agzalyp gecmandir hem diyilyar, ynha shu tayda hem , Esen ili turkmenleri we Soyun ili turkmenlerinin ika bolunmegi hem mysal bolup bilner. Soyun han bu Baty han - yagny cingiz hanyn agtygy jucy hanyn oglunyn lakamydyr.
kabir huwdulerde hem aydylyar
"soyun han ilinden gyz getireyin ogluma" diyilip, bu hem ol tayplaryn arasynda ky baglanshyk doly yitmandir. we her wagt hem gatnashyk bolupdyr..
emma son wagtlar suw yetmezciligi zerarly olar mangyshlaga we Abulgazy hanyn capawulundan gacyp lebaba dogyr gocup bashlapdyrlar( Leb-dodak, Ab-suw- yagny lebab suwun yakasy, suw yakasy diymegi anladyar)
shol dowurde "arsarynama" diyen hem kitap bolupdyr, emma bu kitap hem 1900 nji gocha gochlikde elden cykypdyr we yok bolupdyr. emma shu wagt onun golyazmasy owgan turkmenlerinde bar diyip caklanyar.
Emma turkmenlerimizde onden gelyan bir nakyl bar “turkmeni gocurjek bolsan, gapdalyndan goc gecir” diylip,shol wagtlar (goch-goclik zamany) obalarda sozi gecyan adam gosuny duwup goce shaylansa,hemmeler hem onun yzyna dushupdirler. Muna mysal edip hem Halacly Halypa Gyzylayagyn 100 mun oylisi (belki de 200 mun bolmalydyr, doly yadyma dushenok) owganystana, ol yerden hem turkiya yayranlygy aydylyp, bilner.
ondan basga da bu taryhy owrenmage Buhara emirinin yazdyran " ilnama" atly eseri hem bar bu eserde hem haysy ilin urglry, tirelri we nirede yashayanlygy ayl sayyl edilyar.emma bu eser entak doly owrenilenok, belki de gelejekde ole ser gocurilip, Turkmen diline terjime edielr, we halkymyza beriler diyip umyt etyarin.
hazirki wagtda arsarylar kerki halac hojambaz, garabekewul,sayat charshanny, we mary welayatynda,Balkan waelayatynda, magyshlakda za hem bolsar(olar ol yerde basga halklaryn duzumine garyshyp gitdiler) Ozbegistanyn hem Buhara we Surhanderya welayatlarynda Tajigistanyn hem birnace rayonlarunda yashayrlar.
owagnystany hem 7 welayatynda gadymdan oturumly arsarylar kop, we muna ruslardan gacyp giden ler hem goshulyalar.
buhar hany bilen sowashde hem "carjew begi"( carjew- parscada 4 catryk diymegi anladyar, bir wagtlar amul saheri beyik yupek yolunun ustunde yerleshyan ekeni, emma ol shaherden dine hazir harabalary bar.. aslynda carjew hem "carwa" turkmenlerden ( yagny cokay geyen turkmenlerden goranmak ucin - ony hazir hem ulanyalar. meselem men hem t-abat shaerine giden wagtym, mana hem gepleyshimden derrew "cokay" diyyaler) goranmak ucin ilat garyshdyrylypdyr, pkyr ilaty shol yere elten han olaryn garyshmagy bilen ozlerini gorapdayrlar. Sebap Turkmen halky erkana we yurdumuzyn esas bolegini collik tutany ucin, carwadrcylyk bilen mesgul bolupdyrlar. A carwa ilatynyn shol dowurde aygynda geyyan,yenil, gumda amatly bolan “caryk” y ulanmagy, emma shonun ucin hem, ony kemsitmek ucin shol sozi ulanypdyrlar. Turkmenler shaherd yashamandyrlar koplenc obalarda yashapdyrlar, kuren-kuren oba bolup. Muna mysal hem Asgabat gurulan wagtlary hem onda sanalgyja Turkmen yashapdyr.onun esasy ilatyny bolsa, ruslar ermeniler we basga halklar duzupdir.

" Seydi diyer, gaynap dashyp josh edip,
bir bash gun gezeli konul hosh edip,
Carjew begin yensek urup ushadyp,
zalym ahli tukel gyrylsyn indi""

edil kurtleri eyran shasy nahili ulanan bolsa, olar hem dine sehet yakalarynda galalarda yashapdyrlar.
gundogardan hem "kerki" begligi bolupdyr.

" sakar ili bilen arsary bolup,
biz gitdik sen galdyn, Lebap hosh indi,
kimse aglap gitdi kimseler gulip,
kimse cekip durli azap hosh indi"

bu gosgy hem Seyitnazar Seydinin oz watanyny tashlap, Mara dosty Zelilinin( gan dogany)
yanyna gocup giden mahaly ayda shygyry.
ondan basga da

""sizin bu omruniz tapyp kemaly,
bu dowletin hic olmaya zowaly,
arsrynyn dyym pikiri hyyaly,
yetishmekdir Maru-Sahu-Jahana.

bu setirler hem buhara emirinde gacyp, hywa sygynan, hywa hanlygyny bosh wadalaryna aldanan wagtlary aydan shygyry sahyryn, bu gosgyny dolulugyna ol hywa hanyna okap beripdir.

onun aldanalygyny bilip yazan bir gosgysy hem bar ynha sheylerak bolmaly

" arsarynyn ady yitdi,
her haysy bir yana gitdi,
"han" hezretin konli bitdi,
biz weli, sandan ayryldyk"

elbetde ol wagtlar urushdan yana her tarapa dagapdyrlar.
ona sahyryn bu setirleri hem mysal bolup bilyar,

"arsary sakar birle bul yana garap imdi,
bolgan durur elbetde, ahwaly harp imdi,
sizden alarga lazym,bir belli jowap imdi,
ya bolsa Mary abat, ya barsa Lebap imdi,
bir care kylyn bizge bicare bolup geldik

bu setirlerde onun hywa hanyna yalbarya, onun ucin hem bu gosgysynda ozbek sozleri hem agdyklyk etyar.
shahyryn basga hem aydanlry bar, halka seslenip bilelikde hywa hanyna, buhara emirine garshy aytyany

" one yza yagsy salyn garawul,
namardyn janyna dushmesin dowul,
teke, salyr, saryk garabekewul,
bir oturyp bile turaly begler"

"yuz elli yyl watan diyip gezildi,
ekinler ekildi, yaplar gazyldy,
mun iki yuz bir kem kykda yazyldy,
taryhyn etseniz hasap hosh indi"

etniki duzumde aydylanda bolsa, garyshyklyk bolupdyr. Sebap rus dowrunde gurulan taze kohoz-sawhozlara yashayysh ilaty getirmek ucin, onun gaznajyny kan tolapdirler. Ynha shonun ucin hem turkmenistanyn her kunjeginde goc bolupdyr. Yada “atkormy” diyip her etrapda diyen yaly bar, ol yerik hem sheyle ilatlar gocup gelipdir, a wagtyn gecmegi bilen olar gonshy obalar bilen hem gyz alyshgy bolupdyr. Sebap bu hem oran uly ahmiyete eye bolup duryar. Bir wagtlar turkmenin agzyny alarda hanlar-soltanlar olary dine tire-taypa parazlygyn usti bilen yenip bilipdirler. Ol gunler yzda galdy hemde biz shu wagt Beyik Turkmen dowletinin sayasynda agzybir we jem bolup yashamagymyz onun miwesidir.

Kabir yelerde aytyarlar ki, G.Atabay eline yarag alyp, turkmenistanyn ginelmegine, hem-de Turkmen dal halklaryn hem Turkmen diyip Kabul edilmegine goshant goshdy diyilip. Bu naderejede dogrydyr, hic bir yazgyda yok, emma onun Turkmen halkyna eden zahmeti uludyr.
Bolup biler kop yerler Turkmen watanyna goshuldy, a emma giden yerler hakda, yitirilen yerler hakda hic kim hem agzanok
Beyik Turkmen taypalarynyn gelen yeri bolan, doran yeri bolan Mangyshlak hem gitdi,yogsa shol yeri hazirki Turkmen taypalrynyn kemala gelen yeridir. Gecen asyryn bashlarynda hem ol Mangyshlak uyezdi bolup turkmenistanyn duzumine giryardi. Ya-da beyik shahyr Magmymgulynyn mazary, yashan yerleri hem yat yurtda galdy.her wagt watan diyip aglan shahyr, butewi Turkmen dowletini islan shahyr, heyde pikir edenmidir, mazarym yat yurtda galar diye? Dogry ol yeke dal ol yerde millionlarcha Turkmen yashayar, emma hazir hem olar basga dowlete bakna bolmagyna galyalar.

“tirerler gardashdyr urug yarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyn nurudyr,
Mertler ata cyksa sowesh yarydyr.
Yow ustunden yorar yoly turkmenin”

“arsary sen, teke sen,yomut,igdir, chowdury,
alilisi,garadashly,owsharlysy,gerkezi,
salyr,saryk,soltanyaz,yazyrlysy,gokleni,
jem bolupdyr seň ustinde, beyik turkmen topragym”

bu yazgylarda taryh ylymlarynyn kanditaty Amantagan Begjanowyn yazanlaryndan peydalandy hem –de Seyitnazar Seydinin gosgylarynda mysallar getirildi.
We bir azrak hem “gor kuyzanin gorundan” peydalanyldy......

Telpekler (6 kisiden 14 sany)

Bu yazgi ucin

  • utp_li 2 telpek goyyar we yazyar: "Sagja bol gardash! Yaman onat yazipsin!!!"
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gyzykly!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • medman 3 telpek goyyar we yazyar: "helal olsun. "
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Bir demde okadym. Sag bol"
  • Hatyja 2 telpek goyyar we yazyar: "bilmek peydaly we gyzykly! sagbol!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Umuman gowy ýazylypdyr.

Umuman gowy ýazylypdyr. Özüň ýazan bolsaň, uly bäşlik. Hemme ýazanlara berekella!

Tireparazlykdan däl, umumy taryh bilimini öwrenmek üçin şu zatlary gowy agtarmaly, okatmalymyka diýýän. Mangyşlakda bolsa hakykatdanam türkmen kän bolan, häzir garyşanmy bilemok. Eýranda Türkmensährada kän, Owganystanda gaty kän.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

bu maglumatlary hem

bu maglumatlary hem kitaplardan onki okanlarym bilen, toplashdyrdym.emma kitaplarda has da ginishleyin berilyar.

aslynda bir wagtlar hic hili serhet bolmadyk wagtlary 14-15 asyrda arsarylar uzboyun kesilmegi bilen amyderyanyn yakasynda uzynlygyna mekan tutup yashapdyrlar, sonra serhetlerin cekilmegi bilen hem, olar owganystanyn caginde galdylar. sebap bu serhet turkmen we owgan arasynda dal-de shol dowurin guycli imperiyaalry bolan rus we inglizler tarapyndan cekilipdir. ynha munun beren netijesini hazir hem cekyar turkmen halky boleklere bolunip,ata watandan dasharda...

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

ha bu tema hakda on bir

ha bu tema hakda on bir yazanjam hem bardy, bir bendini yokarda getiripdim mysal hokmunde, shony hem dolulygyna goyajak mena...

"gobek ganym daman yeri,beyik turkmen topragy,
bu topragyn ustinde, beyik turkmen ärleri,
dine bir watan diyip,halkyn mert-merdanlary,
bashyn goyan yerisin, beyik turkmen topragym,
***************
oguz handan gaydan cheshme,alty ogluna direnip,
her oglunyn dort perzendi,24 ile öwrülip,
24-den kyrk iki tire bir yumruga owrilip,
ol yumrugy birleshdiren beyik turkmen topragym!!
************
arsary sen, teke sen,yomut,igdir, chowdury,
alilisi,garadashly,owsharlysy,gerkezi,
salyr,saryk,soltanyaz,yazyrlysy,gokleni,
jem bolupdyr seň ustinde, beyik turkmen topragym!!!************

gunimiz bir,ayymyz bir,dinimiz bir,dabimiz bir,
damarlarda gaynap duran,bu arassa ganymyz bir,
saba saher owsen yeller,chaylardaky suwumyz bir,
bu birleri birleshdiren, beyik turkmen topragym bir!!!!
************
"süri aksaksyz bolmaz" tapylar boljek bolan,
gorip bilman bu bagty,ichden hem urjak bolan,
beyik turkmen halkyny "itden pes etjek bolan",
mynasyp dal yashamaga seň ustinde topragym!!!!

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

bir wagtlar gocha-gochlik

bir wagtlar gocha-gochlik bolanda ruslardan gacylyp gidilende,kerki tarapda, ketde post(belkide kelte postdyr? ) diyen yerde gacyp baryan ilaty capawullayan ekenler. shonda hem kop ilat gyryln ekeni.ol yerden gecip bilmedikler bolsa, yzyna hem dolanyp gelman, mara ya-da basga yerlere gitmage mejbur bolupdyrlar, sebap ol wagtlar dokument bolmandan sonra,basga yerlerde oranshyp bilipdirler.

shol sebapli hem kerkililerde hazir hem "buhara gyzyly" "nikolay gyzyly" koprak bolmaly...:)

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

Tuweleme gaty gowy

Tuweleme gaty gowy yazilipdir. Aydanlarina menzesh zatlari on menem dinlapdir. Fakt gorkezenin uchin sagbol. Meninem babamin dogani ors gelya diyse Owganistana goch edipdir. Ondan son hich habar bolmandir. Onler Owganistandaki doganlarimiz bilen aragatnasik gaty gowi eken. Esasanam Antguyi diylen yeri bilen. Yakina chenli biz Antguyi galpak(tahya) geyyardik. Hatda men giz doganima okuwda wagti "Galpakli gyz" diyyardiler. gati nepis dokalan nagishlari bar.Hakikatdanam Arsari baba turkmen uchin peydali zatlar edip gidipdir. Yone ors dowrunde halkimiz gaty uytgapdir. Yashlar oz aslini yatdan chikaripdirlar.
Yashligimdan Zeynel Gazi Mustapa gazi sozleri yatda galipdir.
Ashakdakilaram maglumat hokmunde:

Cheshme: KARPOV,G.İ. 1925)
ARSARYLARYN BÖLEKLERİ:
A-GÜNEŞ (KEMALGAZY),
B-GARA,
Ç-BEKEVÜL,
D-ULUDEPE

A-GÜNEŞ
1-ÇAKIR Urugy
2-ÇEKİR Urugy
3-SÜLEYMEN Urugy
4-GABASAKGAL Urugy
5-OMAR Urugy
6-GIZILJA Urugy

B-GARA Bölümünün Uruglary:
1-DELİ Urugy
2-ISLAM Urugy
Tireleri: İdiberdi, Nurajı
3-BAY Urugy
Tireleri: Tañrıberdili, Şıhım, Aştop
4-MAMAŞ Urugy
5-GAZAN Urugy
6-TAGAN Urugy
7-GURAYIŞ Urugy
Tireleri:Ellesli, Şah, Ahmetali, Çalyş, Gızıljar, Deli, Megejik
8-GARABOYUN Urugy
9-ÖGEM Urugy
Tireleri: Gısır, Sümükli, Alatayly, Ay-Enek,Perrek
10-ÇEKİÇ Urugy
Tireleri:Kör, Ker, Jınly, Saltık, Karger, Altıbörük, Erjel, Par, Torgay, Tana, Süle, Gaygısız, Yabanı,Sarjuvan(?), Garaboyun, Sardıkly, Uliman, Altıbörük
11-YABANI Urugy
Tireleri: Buyanhana, Gızılagız, Jögi, Togar
12-DAVUTLYYABANI Urugy
Tireleri: Köşemamaş, Göziuşak.

Ç-BEKEVÜL Bölümünün Uruglary
1-TOGAÇI Urugy
Tireleri:Vekil, Hıdırhaççeli, Şalyk, Beglik, Bataş, İyji, Polatly, Harı, Nesimli
2-SARILY Urugy
Tireleri: Berdinıyaz, Mollaly, Onbeş, Tovşak.
3-YERLİ Urugy
Tireleri: Soltanhepbi, Tarı, Özbegölen, Çakmak, Abdal
4-UŞAGON Urugy
Tireleri: Tazıgan, Çap, Kenan, Kelte, Çakmak, Gultak
5-LAMMA Urugy
Tireleri:Çerkezli, Kölarık, Omçabaş, Geçili, Garaltay, Bürgüt, Garkınarık, Garkın, Mukrı, Çarşannı

D-ULUDEPE (MUSTAPAGAZI)Bölümünün Uruglary
1-AKDERİ Urugy
2-ESENMEÑLİ Urugy
3-GIZILAYAK Urugy
4-SURHI Urugy
5-AJI Urugy
6-DANAJI Urugy
7-ÇATRAK Urugy
8-GARAJA Urugy
9-ETBAŞ(İTBAŞ) Urugy
10-GABIRDI Urugy
11-İTAKLY Urugy
12-SURH Urugy

Charjewın töwereginde yaşayan salyrlar
(Cheshme: Y:R.Vinnikov, 1962)

URUGLAR:
1-KIRAÇLY
Tireleri: Tirkiş, Ayagarıkly, Yüzbegi, Tarpızly, Obaly
2-YAYÇILY Urugy
Tireleri: İnjikli, Doñuzly, Çıyanly, Torgayly,Karazali, Kigizçi
3-ERDELİ-HANDEKLİ Urugy
4-AKJYK Urugy
Tireleri: Akjık,(Akjık'tan üreyenler:Pelvan, Baylar, Begler), Yagıplar
5-GAZARÇY Urugy
Tireleri: Gazarçı(Gazarçı'dan üreyenler: Begelek, Köşekli), Katmendövdi
6-ARAKIYUrugy
GULANÇY Urugy
MUGAL Urugy
MERKİT Urugy
KÖPEKLİ Urugy
7-EŞEKÇİ Urugy
Tireleri: Oruskölü, Yalama, Garadolek
8-DANEWLİ Urugy
Tireleri: Ussalar, Begler, Ayrıtamlar, İşanlar, Jartılar, Hemrabaylar
9-YEDİURUG Urugy
Tireleri: Köpekçi, (Köpekçi'den üreyenler: Ödek,Çakan, Gatı, Hoja, Çarh, Alapostek, Ekermiş, Tırtır, Hımpay), Köyükler, Garalar, Lokgalar, Gökler, Babahojaly, Kesikler
10-KIRKÖYLİ Urugy
Tireleri: Gürji, Tatlar, Arap, Şaññılar, Ajap, Haraklar, Övezekler, Valval, Zıyan, Samak, Süvjüler, Başderi, (Beşderi'den döranler: Milev, Omar), Iglaklar, Hapız, Tovşan, Daliler, Sagıl
11-EGRİ Urugy
12-YAGIR Urugy
Tireleri:Arbap, Maymak, Daşatar, Gazan

Telpekler (5 kisiden 10 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • medman 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Bu informasiya taryhy fafktlara esaslanyar!"
  • garabekewul 5 telpek goyyar we yazyar: "sagbol,kabir bilmeyan yerlerim hem bardy,ogrendim"

Bar bolan etnologia

Bar bolan etnologia faktlaryna esaslanan maglumatlar goyupsyng kop sagbol! Hatda shu maglumatlar hem Çharjew etrapynyng aglaba halkynyng Turkmening uly taypa-tirelerine degishlidigini gorkezyar. We "olar ne ozbek ne turkmen..."diýen yalan maglumaty aradan ayyryar. Shol tirelering gurleyshini eshideninde bir obanyng dialekti bashga obanynkydan tapawutlanyar, emma shonda-da gadymy tire atlaryny saklap gelyarler.
Mende bir sorag bar: koseler we gullar tiresi haysy taypa degishli we nireden gozbashyny alyar we nirelerde yashayarlar? Eger kimdir biri bilyan bolsa yazmagyny haysh edyan?

yokarda bekewulin tugacy

yokarda bekewulin tugacy urugunda "hary" dalde, "haryn" bolmaly...

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

menin obam hem "iyji"nin

menin obam hem "iyji"nin adyny goteryar, harynlar we shalyk bilen gonshy...
kicijek wagtym diyyadim ay shu "iyjiden" basga obamyza gowja at tapmadylarmay diyip,sonra yashulylaryn birisi dushundirdi welin,rahtladym :)
yurekde name bolsa dil shony diyer!!

sagja bol agam, oran

sagja bol agam, oran yerlikli yazilan.
dogrusy menem arsary velin, aslym hakda hich zat bilmeyan ekenim... Astana obasy haysi tireden bolyarka, dort gummez owluyan towerekleri..?
________________________
babama degerimi sordum
"dunyalar kadar" dedi
dunyanin degerini sordum
"besh para etmez" dedi...

Göklen --> Yemreli -->

Göklen --> Yemreli --> Köseler
SARIK-YALKAMIŞ --> Bayraç --> Gullar
Cheshme: Prof.Dr. Soltansha Ataniyazowyn ylmy ishine gora

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Jogabyng uchin kop sagbol!

Jogabyng uchin kop sagbol!

shu yazylan uruglaryn kopsi

shu yazylan uruglaryn kopsi bar shu wagtam. mysal ucin kerkide kop obalaryn atlary sheyle. menin mamam çekirlerden. gabasakgal, omar, çekir,esenmenli,etbaş,garaja,surhy, gyzylayak, çekiç, lamma...shularam shu wagtky obaposolok atlary. owganystanda-da gaty kop shulardan men kan dush geldim
--------------------------------------------------------------
içine sinmiş korkak çocuğu ileri doğru itekle...

menem arsary :) kop zat

menem arsary :) kop zat bilmeyan ekenim aslymyz barada.. biz yone Balkanda galan bolegine degishli, nace yyldyr bari atamyn atasam shu yerden..Balkanda sanalgyja diyaymesen arsarylar, olaram agtaryp gorsen garyndashlarymyzdyr.

SURHY

Meninem obamyn ady hij üytgemedi ne ors nede tkmbaşy, etc... zamanasynda!!!
"SURHY" lygyna galaypdyr... Yöne umuman hojambaz etrabyndaky ilatyn arsarylaryn haysi urygyndan gelyanini bilmek bormyka???

Birem Balkan tarapda entegem arsarylar galanyny taze eştyan, şu barada braz detally info barmy nirde haysi obalarda, nebtdag tkmbashy nirede?

Umuman turkmen ilinin genetikasyny DNA fingerprinting :)) analiz etmek arzuwym bar, Parslaryn Araplaryn Mongollaryn roly bar dyaler hazirki tkm milletinin emele gelmegnde, eyle bolsa tireçilik hiçzat bolp galya...

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Turkmen tireleri hakinda

Turkmen tireleri hakinda ginishleyin maglumat bir wagt Hywa hany bolan Abulgazy Bahadyr Hanin "Shejere-i terakeme" (Turkmenlerin Nesil daragti) diylen kitabinda berilyar. Bu kitaby Netden gozlap tapmadim. Yone TRde satilya eken. Debit card bolmanson satin alip bilmedim. Belkem TRden biri alip share eder. Shol kitapda haysi tiranin nirelerde yashayanina chenli yazilan diyyaler.TMde kan agzalanok bu kitap, diymek kabirleri mun icindaki zatlarin bilinmegini islemandir.

Maglumat hokmunde: Yokarda berilen arsarilarin ULYDEPE boleginin 1-9 a chenlisi Lebap welayatinin Halach etrabinda yashaya. Shol tirelerin her haysinin adini goteryan bir oba bar. Meselem men Halach etrabinin Halach obasinda yashayan.Men nesil daragtim sheyle:
ULYDEPE (Mustapagazy) --> Akderi --> Jenbazlar we bizin tohumymyza "Hupdanlar" diyilyar. Hupdan sozi parschada Yatsi namazinin wagtina aydilyar.
Marida yashayan arsarilarin dap dessurlari bizinka menzeshmi biljek dal. Elbetde dash toweregindaki beyleki tirelerden tasirlenen bolmagi ahmal we bu adaty yagday.
Arsari Babanin mazari Nebitdagdan 80 km uzakda Balkan daginin ustunde diydiler welin Balkanda wagtim gidip gormage hich pursat bolmadi.

Oyde "shejerei terakime"

Oyde "shejerei terakime" diyen kitap bardy, men kompymda hem bar. Elbetde, gerek bolsa, bir yerlere upload edip bilerinmikam diyyan. Gyzykly maglumat, yone elbetde skeptiki seretsenem bolya. Cheshme yok, durshuna gurrun we rowayat, onsonam, Abulgazy Bahadur Han olary nireden bilyamish?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

abulgazy han hywa

abulgazy han hywa hany.hem-de shol sanda ol turkmenler bilen yakyn aragatnashykda bolupdyr. hem-de turkmenlere garhsy in zalym han bolup tanalyar. olary gyrypdyr.
yogsam ony hanlyga goyanlar hem turkmenler,dogany isfendiyar han ony eyrana tussag edip ugratyar, ol yerde hem 10 yyl, oturdykdan sonra, baherdende arsarylaryn gyzylayak diyen tiresinde 2 yyl yaly yashayar.

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

yurekde name bolsa dil shony

yPhotobucketurekde name bolsa dil shony diyer!!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • LEBABYM 5 telpek goyyar we yazyar: " Berekella! Ärsary Baba üçin!"