Gowy=nice=dobryý bolmak barada täze oýlanmalar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Amerika gelenim bäri käbir taraplarym üýtgeýän ýaly ýa-da üýtgejek bolýan ýaly. Amerikada her kim her kime gülüp bakýa ýa näzik ýüzlenýä, ýa-da umuman şeýle. Bu gerekmi ýa ýok? Meselem, Orsýetde ýagdaý düýpgöter başga, ýa men şeýle ýadyma salýan. Onsoň iki tarapdanam seredip, Amerikanlaryň dünýägaraýşyny has haladym.

Orsýetde eger gönümel we sarkastiki bolmasaň, bir hili aşa medeniýetli oçkarik we umuman azajyk ejiz görülýän ýaly. Dogrudanam, sen uzynly gün kişmiş satyp oturan bolsaň, alyja gülüp bakyp nätjek, aňsadam däl. 100-1000 adamy görýäň günde, syrtaýyp, hemmesiniň samsyk we bir tipli soraglaryna jogap bermek kyn. Ýa başga mysal, biriniň bir ýagdaýy bar, senem sekretar. Özi bilmeli we etmeli adam, näme etjek şol bir zady 1000 gezek gaýtalap, kömek edip. Sen ol adamyň sekretary däl, sen başga zat üçin ol ýerde. Gelene bolşy ýaly aýtmaly, meselem "näme üçin dokumentleriňizi getirmediňiz? siziň problemaňyz, hemme zat eýýam ýazylgy dur, gidiň, okaň we ediň". Bu aýdylanlaram dogry, elbetde, gülüp bakar ýaly ýagdaý ýok, sebäbi ýalta okuwçy ýene şol bir sorag bilen gelipdir.

A Amerikanlar tersine, mylaýym, näzik we güler ýüzli. Bu mentalitet işi öýdýän, Amerikanlar durmuşa we geljege has pozitiw seredýän ýaly köp Ýewropalylara görä. Hatda türkmenlere görä hem. Birem mentalitetlerinde, gowy bolmak, "nice" bolmagyň nähili wajypdygyna düşünýäler öýdýän. Sebäbi hiç kim hiç kime gowy we näzik seretmese, onda ýaman egoistiki we biderek jemgyýet bolýa. Näme, her kim içindäkini döküberse, öz negatiw ýa belki "realist" pikirlerini orta döküberse, has gowy bolarmy?

Men şoňa göz ýetirip başladym. Men Amerikan däl, türkmen we şol sebäpli amerikanlar ýaly näzik we gülerýüzli bolmagy başaramok. Meň mentalitedim tapawutly, emma bularyň şol häsiýedini gaty halaýan. Türkmenistana dagy baraýsaň, derrew tapawudyny duýýaň.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bu elbetde terbiýe işi,

Bu elbetde terbiýe işi, emma gowy bolmagyň + taraplary gaty kän. Adamlar şähdaçyk bolýa, işinde gargynyp ýörmeýäler we köplenç iş has çalt ýöreýär. Bir işi "şulardan halys boldum" diýip ýüzüni turşaýdyp edeniň diňe öz nerwiňi, keýpiňi we umuman başga zatlaryňy pozýa, dogry dälmi?

PS Bir kinony görüp otyryn welin, şu zatlar aklyma gelýädä. Kinoda biri şeýle sada we arassa, alçak we şähdaçyk adam welin, biri gelip "hakykady" aýdan bolýa ýüzüne, "aý sen oň ýaly, muň ýaly, çişik" eýle beýle. What a f(*&Y&^ wanker.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

~~Yylgyryng- yylgyrysh

~~Yylgyryng- yylgyrysh yuzunguze nur chayar~~ RUHNAMA

Mençe Amerikanlaryň

Mençe Amerikanlaryň ýylgyrmagy olaryň şähdaçyklygyny we harakterleriniň açykdygyny görkezýär,ýöne ýylgyrmasalar-da gaty mylaýym (nice) adamlar bar.
-----------------------------------------
Gaydyp gelmegem bar eken...

Häzirki bolýan ýeriňem

Häzirki bolýan ýeriňem şoň ýalymy?
Bärde umuman pozitiw seretmek bar hemme zada. Negatiw serediberseň, "life sucks" :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bärde kän

Bärde kän ýylgyrmasalar-da mylaýym adamlar bar. Esasan malaý musulmanlar.
-----------------------------------------
Gaydyp gelmegem bar eken...

Bayram menem Amerikanlarin

Bayram menem Amerikanlarin shol hasiyedini gaty haladim. Yewropadada inlisler shuna menzeshrak. Gowja adamlar kan. In yigrenyanim bolsa Fransuzlar :) Uly gowunli yada ustunden guljek bolup duryalar. Orslaram kopusi dashari yurda gidip azajik milayimlashya :) Men mekdepde okan dowrumde goren turk mollumlarim gaty gowudy. Yone on yali adamlar TRde dine minority eken :( TR bardim welin godekliklerini aeroportdan gorkezip bashladilar. Sheyle hasiyetsiz adamlar kan eken. Gaty ginandim.
Men in halan milletlerimin biri bolsa vietnamlar. Adamlari sheyle bir humble, ishennir. Hich yok diyip bilenoklar. Uytgesik gowy adamlar eken. Umuman ASEAN(Association of South East Asian Nations)a giryan adamlar erbet dal. Malaylaram humble, gowy adamlar. Yone dashary yurtlilar bilen garisip(mix) bilenoklar.

Mena Natasha diyen bir

Mena Natasha diyen bir malaykany gordum, baybaa... shola miks edip bilyar ekeni. Adyny gayta-gayta sorapdym :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Menem bashda gelemde Natasha

Menem bashda gelemde Natasha diyip eshitdim welin gen galipdim. Olar Natasya diyip yazya. Doganinin ady name diysem Agata diyaydi :) Hawa Kuala Lumpur, Penang yali shaherlerden gelenler open minded bolya, derrew garisip gidyaler. Yone umuman alanda passiw. 2 gun on International CUlture Night boldy, her dowlet elinden geleni gorkezdi we tutush uniden sanagly malay geldi. Yene management International studentler bize goshulanoklar diyya, nadip goshuljak onson ozlerinden tok bolmasa. Oz culturelarini kawagt owretjek bolyalar, hickimin ishem yok.

Menche munga

Menche munga Ekonomika,Ekologiya,Bilimi hem tasir edyandir.Konechno terbiye esasy sebep.Yone bizim atalarymyzam sheyle biraz gaty harakterli adamlar bolan.
Meselem amerikadaki adamlaryn sosyal yagdayy ekonomik yagdayy turkmenistandaki adamlar yaly dal we beyleki evropadakiler yaly dal.Yani kop sebebi bar.
Meselem universitet okan oglanlar bilen okamadyk oglanlaryn arasynda da tapawut bolya shu meselede, muny ing gowy gulluga gidenler bilyandir.:)
Yone gulup mylayym sereden adamlaryn hemmesine ynanmaly dal "ichten gulmek" onemli.Bizim adamlar gulse icten gulya.Amerikalilaryn bolsa yapmacik gulushleri bar men kopusunu sheyle pikir edyan.

meng bir dostumyng dodagy

meng bir dostumyng dodagy kiçi dişi uly welin urşandada yylgyryp uruşyar:) haaa, yenede bir gyzam yylgyrmasam owadan bolamak diyip hemişe yylgyryp yör edil diş pasta reklamma etyan yaly:):)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"