chagha doghanda

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

name uchin chagha doghonda ta bir hefa chenli oning ustundan girmeli dal yagni her kim shol oya girjek bolsa
chaghani ghapa chikarip ondan song girmeli. ejemden sorasam meni dushundirip bilmeya chile dyyami ..... siz nahli dyyangiz?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

men-a birinji gezek

men-a birinji gezek eshidyan..

salam

ay barde sheyle oza bilmeyan ghadimden gelyan dab mi kam dyan.

Hawa chille diylen zat bar.

Hawa chille diylen zat bar. Chagany chilleden chikarmali zat diyyadiler. Name edyandikleri yadima dushenyok. Owluya zada akidyadiler oydyan.

..

ya ozung çileden çıkmalı yada chagany basym chykarmaly :))
~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

Kyrk çile….

Ýokarda ‘metamorphic’ gaty dogry aýdýar :).
Bu babatda aýdylanda belli bir däp-dessur ýa-da hökmany zat ýokduram belki. Emma şuny bilýän türkmneçilikde ‘yrym’ diyen bir zat bar. Belki oña ynanylmalydyr belki-de ýok.
Ýöne bu ‘yrym’ diýilýän zat gadymdan bäri il arasynda ýörgünleşip biziñ günlerimize gelip ýeten bolsa, diýmek, bardyr bir dogru ýeri. Çünkü ata-babalarymyzyñ, mamalarymyzyn bize miras goýan ýekeje ýerliksiz sözem yokdur, ol hä… baryp edim-goýumlarymyş
(yrym-ýorum). İndi bu ‘çile’ diýen düşünje babatynda öz görüp-eşidýänlerimi aýdaýyn. Çaga dünýa gelenden soñ ony we ony emdiren ejesini 40 güne çenli öz öýlerinden hiçbir ýere çykarmaýarlar ve ýat, ‘üsti-başy tämiz bolmadyk’ kişileride olaryñ ýayna goýbermeýärler. Çüki, daşarda, köpçülikde her-hili adamlar bolup biler. Enäni we çagany gözden-dilden, nazardan gorap saklamak üçin şeýdýärler.(çaganyñ dürli kesellere ugramazlygy we enaniñ syrkawlamazlygy ýa süýdüniñ kesilmezligi ýaly näsazlyklaryñ tapylmazlygy üçin).
Buda türkmençilikde ýañy dünýä gelen çaganyñ (täze bir jan) we onuñ ýaşamy üçin ak süýdüni beren enäniñ nä derejede mukaddes we keramatly görülýändiginiñ alamatydyr.
40 güni dolandan soñra çagany çileden çykarmak üçin ýuwundurarlar (enesi, mamasy) ýuwundyryljak suwa ýakynlary kümüş şaýy atarlar (suw halal we tämiz bolsun diyip-öýdýän).
Şeýdip çaga kyrk çileden (beklide o başyna gelip biljek kyrk ‘belada’ bolup biler eger goralmasa) çykarylýar, we ol gün pişme bişirip goñşy-golamlara dagadarlar. Ýakynlary bolup çaganyñ bolany gutlanar (aý garaz türkmençilikde kiçiräk bir toý :)).
Aslynda türkmençilikde bu 40 san bilen baglanylykly birnäçe uly manyly düşünjeler bar.
Birine mysal:
‘İne bir gün gyş aýynda,
‘Kyrk çiläniñ’ baş aýynda.
Kendirede maýa gatap,
Saçaklaryñ boş aýynda’… Kerim agañ ‘Taýmaz baba’ syndan.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "yaşuly adamlary dinglan yaly lezzet aldym yazgyngy okamda."
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gorogly epos'da hem 40'dan doly! Mumkin halanyan san bolan bolmagy mumkin... Sagja bol)))"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

NEME....

Ýaşuly diýseñem bor:):):).

Name uchin bu 40 gune dine

Name uchin bu 40 gune dine chaga degisli zat yaly edip seredyaniz ??
Bilshiniz yaly chaga doguran ayal ortacha 6 hepde ~ 40 gun aybashy
halyndan has beter yagdayda gan gidiryar(Ondan bashga chile gerekmi ?!),
ol yagdaydaky ayallaryn ile kan chykmak islemeyandikleri, galyberse-de
gerekli dalde, keypine edilyan zatlardan hem gacha duryany hem belli...
Umuman chaga doguran ejan shol gunleri gechyancha psihologiasy uytgeshik
bolup, kopluk sheklinde gelim-gidimlere gatnashyp, hasam stresli bolasy
gelman biler. "Chagany alynda siz gidayin, mena oyde oturjak" diymejegem
belli yany eje bolan ayalyn, onson garrylar shol 40 gun gechip, ayal
ozuni onkusi yaly duyup bashlayancha gunune goyaly diyen karar alyp,
"Chileden chykyancha" diyen dabi/metody doreden bolup bilerler.
Arassachylyk, chagan mikrop gapmagy we sh.m. gigiena esasly
sebapler hem bardyr elbetde, yone "40 gun" diyileni ol sebaplerden yuze
chykan dalmika diyyan, sebabi chaga 40 gunin ichinde tut yaly bolayanok,
immun sistemasy entagem gowshak, sunkleri doly gatamadyk we entagem
elinde balkyldap duran, ichine azajyk gatyrak zat goyulan silikon yaly
birzat bolup duryara :) Yone shol bashdaky 40 gunde name bolsa-da ene
suydini emip biraz ozuni durseyandir. Galyberse-de, shol chileden chykarma
dabi Turkmenlere 2 esse has kop gerek, sebabi bizde chaga gormage
gelen adam ony eline alyp, "Way mun gowjadygyny" dagy diyip soygulemese
durup bilenoga how :D Erkek dagy bolaysa baybow...Herkim otayina-butayina seredip :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Diñe çaga hakda soralansoñ……

Elbetde bärde ‘kyrk çiläniñ’ sadaja yrymlary hakynda biraz söz etdik. Ýogsamam ol ’40 günüñ’ içinde enäniñ we çaganyñ saglygy, ýagny medisina tarapyndan baksan onda gaty kän zat gürrüñ bermeli bor:):) (bir kitap dagy bolarmyka diýýän) son bu ýere sygmaz ol.
Soñra-da neme….:):). [aý…. şu döwürde gyz çaga bolsa gaty begenilýärmikä öýdýän…]

Tak, şu gözden-dilden

Tak, şu gözden-dilden goramak meselesi amerikanlarda-ha ýok welin, atdanam sag bular...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:):):)... ‘at depen eşek ýaly’ diýsene..:)

Diýmek Amerikanlarda biziñ atam-babam bildigimiz ‘o ýiti gözlerden’ ýokdur:).

jogaby ichindelay sizin aydyan zadinizin,

jogaby ichindelay sizin aydyan zadinizin, amerikanlarda dostluk garyndashlyk meselesi bizdaki yali dal.. bizde birinde chaga bolsa bilyansiniz-a nahili, o chaganyn dishlap zat edip yuzuni gozuni gorer yali edenoklar:D Amerikada chagany beyle bir halabam baranoklar.. oz ene-atasam beyle bir goresi gelip baryandir oydemok, dogan badyna kinder garden`a zada berip goyberyandirler, onson goz dil nadip degsin???!!!
...diyip pikir edyan ozumche...

onson mysal bereyin:

onson mysal bereyin:
sizin chaganyz boldy diyeli shuwagt, dogan-garyndashynyz bir tarapa, butin tmolympiada-da ish bolar:D onson hany chile diyip bir zat bardyla, shony 40 dal-de 70-80 gun edelinle diyersiniz oydyan:DD