Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň!!!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň!!!

Eý köňlüm niçin gama batar sen?
Taze ýola düṣdi seniň batlaryň.
Ýat illerde galdyň bu gün hossarsyz,
Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň!

Bagla biliň beýik Kadyr Allaha,
Ony mydam durmuṣyňda pena bil!
Gursagyňda mesgen tutsyn imanyň,
Imanyňy ömür baky sena bil!

Ýollar uzak, geçilmeli menzil köp,
Halal bolsun alyn deriň her wagt.
Ýagṣylaryň hataryndan çykmasaň,
Ýagty durmuṣ hemdem bolar bir wagt.

Ýadyňa sal, ähli ýakyn-ýadyňy,
Sen olara elmydama sadyk bol.
Hiç bir iṣde bähbidiňi arama,
Ýeke özüň ahli kiṣä ýetik bol.

Ajyksaňam aç goýmagyn dostuňy,
Sözlän sözüň elmydama hak bolsun!
Hiç wagt sen özgelere ýük bolma,
Özgeleriň derdi saňa ýük bolsun!

Salam gadyrly agzalar, shu gün birhili öýümi ýatladym welin shujagaz goshgujyk dile geläýdi, siz bilen paýlashaýyn diýdim!!! saglyk bilen Ýarym Kilo!

Telpekler (6 kisiden 6 sany)

Bu yazgi ucin

  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyr64 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin doss!Berekella!"
  • viola 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ajyksaňam aç goýmagyn

Ajyksaňam aç goýmagyn dostuňy

şu setirler sonky döwür durmuşda ornuny yitirip başlady öytyan!
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Bilyanmi (dost yada dogan),

Bilyanmi (dost yada dogan), su dowurun yagdayyna gora pikir etsek belki sheyle bolup biler, yone yokarda yazylan setirdaki yaly dostlar tapdyrmanam duranok! Yone beyle dosty tapmak ucin ilki bilen mynasyp bolmalymyka diyyan, yagny ozun sadyk bolsan dostunam sana sadyk bolar! Hany halkymyzda sheyle bir soz bardyr: "Pis-pisi tapar, suwam pesi!" shonun ucin ilki ozumizi duzeltsek dostlaram name duzliberer-da, in barkisi dushman bolmasalar bolyarlay! Shu dushmanyn bolsa kyn bolyar! :)))

Yarym kilo ildesh goshgyng

Yarym kilo ildesh goshgyng uchin kop sagbol! Kalbyndan chykyany gornup dur! Yazanjana mynasyp yashamaga Huday her birimize guych-kuwwat bersin!
hormat bilen,
Sylap

Sag bolun agam!

Sag bolun agam!

Bu goshgyny bizing website

Bu goshgyny bizing website goymaga rugsat berersinmi? Men pikir edyan kop adamlar uchin peydaly bolardy?
hormat bilen,
Sylap

Goyuberin agam, rugstadyr!

Goyuberin agam, rugstadyr! Birine peydamyz bolsa bir peyda!!! Arkayyn goyun agam, iciniz rahat bolsun! Mylakatlygygynyz ucin minnetdar!

Dogurdanam gadyrly diplomat

Dogurdanam gadyrly diplomat sizin website adresi nahili, bizem myhman bolaysak diyyan!

Elbetde myhman bolung! Ine

Elbetde myhman bolung! Ine bizing website adresimiz: www_turkmenhh.org Ol tayda esasy gurrung iman we ruhy durmush barada gurrung edilyar!
Goshgynyzy bu website goymaga rugsat berendiginiz uchin kop kop minnetdar!
size ruhy rowachlyk arzuwlary bilen,
diplomat