Şahyrlarymyzyň, aýdym sözi edip ulanylan goşgylary - 2

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şahyrlarymyzyň, aýdym sözi edip ulanylan goşgylary. adyndaky mowzuk haýal açylýanlygy sebäpli, 2-njisini açdym!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Annagylyç

Annagylyç Mätäji

Aýdyşyk

Gelin:

Öten-geçenden wehm eýle
Gözleme, oglan, gözleme
Şirin janyňa rehm eýle
Gözleme, oglan gözleme

Ýigit:

Men bu sözlere bakmaryn
Gözlärin, gelin, gözlärin
Hiç bir kimseden gorkmaryn
Gözlärin, gelin, gözlärin

Gelin:

Meň bilen bolmasyn işiň
Sadapdan paç alar dişim
Ganyňy döker gardaşym
Gözleme, oglan gözleme

Ýigit:

Seniň bilen bardyr işim
Gözlärin, gelin, gözlärin
Sadapdan paç alar dişiň
Gözlärin, gelin, gözlärin

Gelin:

Belent daglaryň gary sen
Asaldan-zatdan ary sen
Bisyrat ýüzüň gurysyn
Gözleme, oglan gözleme

Ýigit:

Aşyk magşugyna gelmez,
Gelse-de oýnaýyp gülmez
Çyn aşykda haýa bolmaz
Gözlärin, gelin, gözlärin

Gelin:

Gaşym jellat, gözüm ýagy
Ýüregimde goýduň dagy
Ak ýüzden öpüş al dagy
Gözleme, oglan gözleme

Ýigit:

Saba bolar goňşyň ýatmaz
Söwer myradyna ýetmez
öpüş bilen bir iş bitmez
Gözlärin, gelin, gözlärin

Gelin:

Sallanyp gelgin oýnuma
Goluňy salgyn boýnuma
Bolmasa gel, gir goýnuma
Gözleme, oglan gözleme

Mätäji diýr, ýagty gije
Inçe biliň guça-guça
Armanym ýok ölinçä
Gözlärin, gelin, gözlärin.


Maru Şahu Jahan

Maru Şahu Jahan



Maru Şahu Jahan

...

serium agam, shuny berdimyrat berdinazarow my birisi bardy sheylerak, shonun aytyan versiyasyny tapyp bilmersinmi

~~~~<<<@ Love the Life You Live @>>>~~~~
~~~~<<<@ Live the Life You Love @>>>~~~~

.'-.'-.'-. "Magtymguly" .-'.-'.-'.

TUWELEME

Gaty onat eken...gaty gow bolupdyr...MALADES...

Annagylyç

Annagylyç Mätäji

Dişleriňe

Nägehandan gözüm düşdi
Lebiň bilen dişleriňe
Ýöriberdik, ýürek joşdy
Talwas edip gaşlaryňa

Günde görnüşe geleýdim
Ýüzünden posa alaýdym
Gündiz pikriň men bolaýdym
Gije girip düýşleriňe

Ilkiagşam içeli şerap
Dalaşaly oýun gurap
Daňdan turup zülpüň darap
Timar bergin saçlaryňa

Jem bolanda gelin-gyzlar
Seniň tarypyňy sözlär
Eli çeper hünärbazlar
Degmez eden işleriňe

Halaýyk haýran oýnuňa
Golum bukawly boýnuňa
Mätäjini sal goýnuňa
Teňňe dakyp döşleriňe.

Nurmuhammet Meredow



Maru Şahu Jahan