Magtymgulynyň goşgularyna sözlük we düşündiriş

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Çeşme: Magtymguly. Saylanan eserler. Yaşlar üçin. – Magaryf, 1983
Magtymguly. Saylanan eserler. Aşgabat. 1993

A
Ab – suw
Aba – 1. erkekleriň geýýan ýeňsiz, yüňden dokalan giň oýluk kysymly üstki eşigi, 2. ata, kaka
Abdal – 1. derwüş, galandar. 2. Sufizm taglymatlaryna göra, göya Hudaý ýeri ýedi ýurda bölüp, şolaryň her birine bir adamy belläpdir, olara-da Abdal at goýupdyr. Olar maddy dünyaden el üzüp, göya özleri-de dürli şekilde görnüp bilýärlermiş. Käbirleriniň pikirine göra abdallar owülya hasaplanýarlar. 3. Sada, akmak.

Aby-haýat (haýýat) – dirilik suwy
Abu Sagyt – Abu Seýit
Aby-towpyk – şypa beriji suw, ýaramly suw, ýakymly suw
Agaz kyl – Başla. Agaz eýlemek – başlamak
Agaç – 6 km. Uzaklyk töweregindaki uzaklyk ölçegi
Agla – Beýik, belent, iň ýokary, iň uly
Agma – Gözsüz kör
Agmal (amal) – hereket, işeňňirlik
Agraz – garaz, maksat, niýet
Agrap – Dini düşünje boýunça, behişt bilen dowzahyň arasynda bolan bir ýer we böwet.
Agu – Awy
Agýar – 1. Başga, keseki. 2. Bäsdeş, rakyp, ýagy
Azadud-döwle-Azud, Azadud-döwle – fena /Pena/ Husrow/ 949 -982/ buhewiýler dinastiýasynyn ikinji häkimi.
Awara – ykmanda, sergezdan
Azazyl – şeýtanyn bır ady
Azm (azym) – uly, beýik
Aýnalbaky – ömürlik çeşme
Akyl (aakyl) – akylly
Andalyp – bilbil
Aňka – mifiki guş ady
Arş – asman, gök
Ary – (aary) – arassa, päkize
Aryf – bilimdar, her bir zatdan habarly
Asal – bal
Asan – aňsat, sada, ýeňil, kyn däl
Asy – günakar
Ataş – ot
Aýd – Baýram
Aýyl – çeki (atyň çekisi)
Aýýar – haýýar, mekir, galp, sergezdan, talowçy
Ak-kiz – ak keçe
Amalan – Salyhan – Kuraan (Gurhan)
Amuhta – öwrenen, endik eden
Anaýet (anaýat) – rehim, kömek, alada, goldaw, ýagşylyk
Anbar-Anbar – Ammar-ammar
Arbalet – gadymy slawýan halklarynyň biriniň serkerdesi ýa-da şolara degişli bir peýkama meňzeş bir harby guralyň ady
Arbap – hojaýýn, mülkdar
Ariyet – wagtlaýýn, baş günlük (dünya hakda), amanat
Astana – Bosaga, işik, köşk, girelge
Af etmek – günani geçmek
Ahat – 1. ýeke, ýalňyz, ýeke tak. 2. Hudaý
Afzal – 1. iň bilimli, alym. 2. iň oňat, artykmaç
Ahbar – habar, bildirmek
Ahtam – Muhammet Pygamberin (s.a.w.) ýaranlarynyň biri
Ahtar (ahter) – Yyldyz; ahtary bet-bet bagt- erbet yazgyt
Ahanyan – totänden, birden, käte, käwagt
Ahyar – gowy adamlar, yagşylyk edyänler, jomartlar, adamlara yagşylyk isleyanler
Aşrat – keyp, eşret, hözir, ayş, sapaly durmuş
Aşufta – Bulagay, dargan, perişan, bulaşyk, dali
Aşyan – höwürtge (ser, eşya)
Ayat – 1. nyşan, belgi, bellik. 2. Kuraanyn bir sözi

Telpekler (2 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • ceriumoxide 3 telpek goyyar we yazyar: "Peýdaly blog! sag bol"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

B

B
Bawer – ynanç
Baba Dargan – Darganata
Babur – Zahyretdin Muhammet Babyr (1458 – 1530) özbek ýazyjysy, döwlet işgäri, serkerde.
Bagal – gujak, goltuk
Bags – Sebäp; bagsy-jeň – urşun sebäbi
Bagşyş – berim, yagşylyk
Bad – yel, güyçli yel, şemal; bady ryhlet – ölüm şemaly.
Baz – aw guşy, gyrgy, oyun, yene
Bazygar – oyunçy
Bar – miwe, ir-iymiş
Baran (baaran) – yagyş, yagmyr, yagyn
Bahr - denız
Bahry-Hazar – Hazar denzi
Beyaban (beyewan) – çöl, düz, meydan
Bedi – yamanlyk, erbetlik
Beda – dolan ay, on dördi gijanin ayy
Bu jümle – umuman, bary, ahli
Bezir – däne, tohum, ekin ekmek
Bezm – toy, meylis, şatlyk, döwran sürmek
Beyhuda – biderek, yerliksiz
Belig – dilewar, gepe çeper
Bergah – köşk, patyşanyn adamlary kabul edyan yeri
Behem – bile; Behem etmek – gazanmak, hasyl etmek, yygnamak
Betbuy – erbet ysly
Beşer – ynsan, adamzat
Beşir – buşlukçy
Bazyban – dilsiz
Bikir – kirsiz; päk, el degmedik gyz
Bimar – keselli, nahoş
Burun – ön, ozal, önürti
Borya (Boyra) – inçe gamyşdan edilen düşek
Burç – 1. Asmandaky 12 sany ayry-ayry yyldyzlar toplumy. Zodiak. 2. Ding, minara
Bahim – önmek, peyda bolmak
Bahre – peyda, nep, gazanç
Buhl – gysgançlyk, görüplik
Byrag – Muhammet pygamberin (s.a.w.) legendar aty.

Ç
Çahar (çar) - dört

D
Dahan – agyz
Degil – däl
Desdenbil – dessemmil, dessemmaya,mazy
Derk etmek – öwrenmek
Diwan – sud, kazyyet, döwlet yygnagy
Diyanat – ynsap
Dabbe – yüklenýän haýwan
Dawer – häkim, kazy, patyşa
Dagy – 1. doga edýän, alkyş ediji . 2. Wagyz-nesihat edýän ündewçi. Dagy hijran ayralyk ody.
Dayym – hemişe, elmydam
Dakýanus – rimde patyşalyk eden zalym hökümdaryň ady.
Dam, dama – 1. Tor, duzak, gapan. 2. Eldeki haýwan
Damat – köreken, giýew
Damen – syn etmek
Dan – tanymal, ady belli
Darel – 1. pena-ýokluk öýi, pany dünýä, ýer ýüzi. 2. Aman-howpsuzlyk öýi.
Dahan – agyz
Dewwar – 1. Aýlanýan, öwrülýän, tegelek zat. 2. Asman gümmezi. 3. Käbe metjidi. 4. Butuň ady
Delalat – ýol görkezmeklik, ýolbaşçylyk
Delil (burhan) – delil, subutnama
Delefehar – tukat, gaýgyly, ýüregi ýara, gam basan
Dendan – diş
Demsaz – arkadaş, hemdem, ýoldaş
Deraz – uzyn, uzak, köp
Dergäh – gapy, işik, hudaýyň ýany, arz jaýy
Dermende – biçäre, ejiz, pakyr
Derrende – ýyrtyjy, wagşy, ýarak
Dest – 1. El, gol. 2. Gezek, mertebe. 3. Kömek, ýardam. 4. Laý, gat. Bir dest şahana lybas – bir laý şalara mynasyp geýim
Dehistan – kaspiý deňziniň gündogar kenarynda gadymy şäher we ýer ady (Häzir Maşady-Misserian).
Diwan – 1. Goşgular ýygyndysy,şygyrlaryň elipbiý tertibinde düzülen ýygyndysy. 2. Girdeji-çykdajy ýazylýan ýazylýan depder. 3. Sud, döwlet edarasy
Dide – göz, göreç. Dide girýan-aglap-gözi ýaşly, aglaýan halatda.
Dilpezir – ýakymly, eziz, mylaýym, mähirli.
Dilruba –1. owadan, gözel, özüne çekiji. 2. Söýgüli
Diýanat – 1. Dine uýmak, dindarlyk. 2. Ynsap, akýüreklilik, mähirlilik, rehimdarlyk, päklik, adalatlylyk
Diýar – ýurt, ülke
Döwet – syýa çüýşe. Döwet-galam : syýa çüýşe we ruçka
Duwwar – ikinji gezek
Dustan – dostlar
Duta – bükük, egilen, epilen. Duta puşt-küýki, arkasy bükülen
Duşwar – kyn, müşgil
Düldül – mifiki bir gatyryň ady. Bu gatyry Müsüriň Aleksandriýe şäheriniň häkimi Muhammet pygambere sowgat iberipdir. Muhammet bolsa ony öz giýewsi Ala bagyşlapdyr
Dürri-galtan – togalak dür
Dürri-ýogana – ýeketäk dür
Dymyşyk – Damask (şäher)
Dähre era – dünýä, älem, asyr içinde

E
Ezmayyş – synag
Erem – behişt
Eski – köne
Efsun – owsun

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

GGallaç – garyp, eli

G
Gallaç – garyp, eli yuka, mataç
Gerdan – akyl-huş
Gerdiş – gezme, gezim, aylanyş, hereket, dolanma
Giriftar bolmak – tutulmak, duçar bolmak, sezewar bolmak, sataşmak
Gözgi – ayna
Guwwas – suwun düybüne çümyan, suwa giryan, yüzüji
Gusbent – goyun
Güwş (guş) – gulak
Güftar – söz, gürrün
Gaw- sygyr
Gayet – song, gutaran yeri, çäk, dereje, sonky
Giryan – aglayan, gözi yaşly
Gez – 1. gezek, mertebe, gayta. 2. uzynlyk ölçegi. 3. degirmeni çalt we hayal yöretmek üçin goyulyan gural
Gapbar – şepagatly, rehimli
Ganbar – Alynyn guly
Galp kowul – galp söz, wada
Galap – gyn
Galle- alada, ünji
Gulzum – Arabystandaky gyzyl denzi, Kaspiy denzinin gadymy ady.
Gulgula düşmek – owaz etmek, saz etmek
Güzer – geçelge
Guwwas – suwa giryan, suwun düybüne çümyan
Gorgan – köşk, gala, diwar, hayat
Giya – ösümlik, ot

H
Hakyr – ejiz, pukara
Handan kylmak – şatlanmak, şatlandyrmak
Har – eşek
Hatyn – ayal
Hebes – biderek, bihuda, yaramaz, peydasyz
Hezar – mün
Hemsöhbet – söhbetdeş, gürründeş
Her cent – her naçe, naçe-de..
Hengam (hennam) – döwür
Hijran – ayralyk, ayra düşmeklik
Hüb (hüp) – gowy, yagşy, onat
Hupbul-watan – watan söygüsi
Hüthüt – hüypüpik
Haki-gerd – toprak, gum, kirşen

I
Ism – at, abray-şohrat
Istihan – sünk

J
Jinde – yyrtyk geyim, köne geyim
Jism – göwre, beden, endam
Jürga – owurt suw, damja, çeşme
Jünbüş – hereket, gymyldy
Jürmi-usyan – garalyk, güna
Jaht – yhlas, jan çekme, çalyşma, tagalla (jähed)
Jawydan – hemişelik
Jama – geýim, eşik, egin baş
Jamy – Nureddin Abdyrahman Jamy (1414-1492)
Janan – dilber, magşuk, söýgüli
Jah – mertebe, dereje. Alyjah- beýik derejeli, beýik mertebeli
Jahalat – akmak, nadan, sowatsyz, ýigit
Jeberut – ululyk, beýiklik, şan-şohrat; jeberut alemi – ruhy alem
Jewar – ýakyn, töwerek, ýer, goňşy
Jeddi – Ata, urug başy, Ata – baba
Jezbe – gyzykma, höweslenme, kül-külüne düşmek, täsir, ünsi çekmek
Jezbeýn temhid – taýýarlyk işleri bilen meşgul bolmak
Jezire – ada, dört töweregi suw bilen gabalan ýer
Jela I – 1. Ýalpyldy, ýaldyrama, ýalkym, şöhle, nur, ýagtylyk, parlaklyk. 2. Görk, dabara
Jela II – ýurdy taşlap gitmeklik, watandan aýra düşmeklik, göçüp gitmeklik
Jelil – 1. Beýik, uly, beýik mertebeli. 2. Allanyň (с.с.) ady
Jelililla – beýik Alla (с.с.)
Jemşit patyşa – 1. Tahmurasyň ogly. Firdowsiniň “Şanama“ eserinde duş gelýän gadymy pişdadylar dinastiýasynyň dördünji patyşasy (edebiýatda gysgaldylyp Jem şeklin-de hem ulanylýar) . jemşit eýran mifologiýasynyň iň gadymy we iň esasy obrazlaryndan biridir. Ol ilkinji gezek demirden uruş ýaraglaryny ýasamaklygy adamlara öwredipdir, şeýle hem gämi ýasamaklygy-da, göýä, şol adamlara öwredenmiş. Jemşit bir taht ýasap, şoňa çykyp oturýar, şol güni bolsa “nowruz“ diýip atlandyrýarlar we şonuň şanyna baýram edýärler. Jemşit adalatly patyşa bolýar, 300 ýyl patyşalyk edýär. Emma soňabaka ulumsylyk edip, özüni hudaý – dünýäniň eýesi diýip bilýär. Netijede halkyň goldamagy bilen Zahhak ony tagtdan düşürýär. Jemşit gaçýar we ýüz ýyllap gizlinlikde ýaşaýar. Bir gezek ol Hytaý deňziniň kenarynda peýda bolýar. Şonda Zahhak ony görüp tutýar we byçgy bilen iki kesip öldürýär. Mifologiýa görä, göýä Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolupdyr, şol jamyň içinde göýä dünýäniň hemme ýeri görnüp duranmyşyn. 2. Uly patyşa, Jemşitweş-Jemşitýaly
Jepbar – 1. Zalym, jebir ediji. Sütem ediji. 2. Güýçli, kuwwatly, hudaý
Jilwe – ýakymly, gözel görnüş
Jirjis – dini rowaýatlara görä, pygamberleriň biri (swýatoý Georgiý)
Jümle-ähli – hemme, bütin, ähli
Jünbende – janly jandar, gymyldaýan jandarlar...
Jünbüş – hereket, gymyldy
Jüpbe – giň we uzyn tikilen don, demir don.
Jürga – bir ýuwdum, damja
Jürm – günä, ýazyk
Jürmi usýan – gozgalaň, pitne, joşgun
Jürýet – jürehet, ýürek etmeklik, batyrgaýlyk, gujur-gaýrat
Jyza – naýza
Jylowdar – öňde barýan atly awangar.

K
Kaknus – guşun ady
Kamat – boy
Karun – legendary gysganç bayyn ady
Kelpeze – hajjyk, günegargan
Kelhemeç – dazzarkel
Kent – oba
Kethuda – öy eyesi, yaşuly
Keşt – gezelenç, syyahat
Küşte – heläk bolan, ölen

L
Lahat (lahet) – gör, gabyr
Leb – dodak, kenar, gyra, yaka
Lukman – gadymy yunan – greklerin legendar tebibi, hekimi.

M
Mazendaran – Hazar denzi boylaryndaky oblast ady.
Mar – yylan
Mahbup – söygüli
Mahtap – aydyn, ayyn yagtysy
Misgin – betbagt, garyp, pakyr, ejiz
Möwç – tolkun, gom
Munus – höwür, ülpet
Mur – garynja
Musallat – hokum, hokum süryän
Muhannes – namart, gorkak, binamys
Muhteber – ygtybarly, ahtibarly
Muhupbet – söygi, yşk
Muş – syçan
Muşt – yumruk
Muflis – gurpsuz, synan
Müşgil – kyn, cetin, ansat däl

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

N Nar – ot Nebat – ot,

N
Nar – ot
Nebat – ot, ösümlik
Nepes – dem, göz açyp- yumasy salym
Nisar – gurban, pida

O
Ok gez – peykam
Osal – Ahmal, gowşak
Ö
Öwj (öwje) – yokary, in yokary, beyiklik, galkynma
Öwla (owla) – 1. Artykmaç, tapawutly, has onat, has yagşysy, has mynasyp. 2. hatar, topar, nesil

P
Parsah – 6-7 kilometre barabar aralyk ölçegi
Peder – ata
Pir – garry, goja, yaşuly, ruhany, yolbaşçy
Puşeş (poşaş) – geyim, eşik
Puşta – depe, belentlik, yük, bir arka, topbak, topar
Pynhan – gizlin, yaşyryn

R
Rakyp – basdeş, keseki, bigane, duşman
Reyhan – gül ady
Reşk – göriplik, bahyllyk, basdeşlik
Riş – sakgal
Rozy-magşar – kyyamat güni
Roy (ruy) – yüz

S
Sada dil – sada yürek, yönekey, kiçigöwün
Sayyat – awçy, şikarçi
Sarwan – düye çopany
Sahawat – sahylyk, berim, jomartlyk
Seg – it
Sed – yüz (san)
Senuber – gelşikli uzyn boy, hoş syrat
Seng – daş
Sir olmak – doymak
Supra – saçak
Sut – nep, peyda, hayyr
Süyek – sünk
Süleyman – dini rowayatda Pygamber ady
Syya – gara
Syya-seng – gara daş
Ş
Şam-şebistan – agşam, gije
Şermysar – utançly, müynli, yüzügara
Şerh – düşündiriş, beyan
Şikat – şikayat
Şirin güftar – süyji söz

T
Tamug (tamyg) – tamakin, açgöz, bir zat umyt edyan, birinin zadyna göz dikyän
Tarlang – guşun ady
Tebessim (tebessum) – yylgyrma, yylgyryş
Til – dil
Terhos – isleg, dileg, hayyş, towakga
Tesbyh (tesbih) – hudayy yatlap namaz, doga okamak, şol dogalary sanamak üçin tesbi
Tasip – tarapdarlyk, gayrat, namys

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

W

W
Wakyf – bilyan, düşünyan, aga, habarly
Wazzyha – nurly, Aydyn, açyk
Waweyla – gynanç, hayp
Wasl – birikmek, gowşurma, yetişme, duşma
Wasyli dergah – Hudayyn yanyna gowuşma
Werd – doga, endik
Werz – hünar, kar, sungat; peyda, utuş
Werdiş (werziş) etmek – endik etmek, bir zady köp gaytalap etmek, gönükme, praktika
Webal – 1. güna, yazyk, tagsyr; 2. kynçylyk, zyyan, agyrlyk
Weyl – heläkçilik, dert, bela-beter
Wüjğd – barlyk- beden, göwre
Werd (wird) – 1. tesbih, mesele, hasap. 2. yakynlaşma, golaylaşma. 3. artdyrma, kopeltme. 4. duralga
Wysal – duşuşyk, soygila gowuşmak

Ý
Ýowm – gün, zaman
Ýegana – 1. yeke-tak, yalnyz. 2. densiz, taysyz
Ýezit – zalym, ganhor Arap häkimlerinin biri
Ýelda – ın garanky gije (edebiyatda gözel gyzyn saçy garanky gijä menzedilyär)
Ýeldirmek – çapdyrmak, ylgamak
Ýelmek – ygyp yörmek, entemek
Ýüzi taban – yalkym salyan owadan yüz.

Z
Zagyf – ayal
Zahyt – namazhon, terkidünya, sopy
Zekat – musulmanlaryn oz umumy baylyklaryndan kyrkdan bir möçberde her yyl töleyan salgydy
Zemzem – Mekganin golayynda bolan bir guyy
Zemin – yer, toprak, gum
Zen – ayal
Zerefşan – altyn çayylan, tylla pürkülen, gülün ady
Zinde (zende) – diri
Zulmat – garankylyk
Zünnar – guşak
Zyban – dil, söz
Zynhar – ätiyaçly bol, äga bol, habardar bol, gorag, gaçalga, aman
Zaglar – gargalar
Zagyf – güýçsüz, ejiz, naçar, hor
Zaýygym – zaýa, harap, biderek, bihuda
Zakgun – awy, zäher
Zal I – Arap elipbiýiniň dokuzynjy harpy, Ebjet hasabynda 700
Zal II – sakgaly agaran garry, kempir, dähr zaly – dünýä kempiri; g.m. dünýä maly
Zal III – Samyň ogly we Eýran mifologiýasynyň gahrymanlarynyň biri. Ol eneden doglan mahalynda saçy ak bolýar. Bu ýagdaýa Sam utanýar we ogluny ýok etmegiň küýüne düşýär. Ol Zaly Elbrus dagyna eltip taşlaýar. Samurg guş ýaş çagany öz höwürtgesine eltip terbiýeleýär. Ýyllar geçýär. Bir gije ýatyrka, düýşünde bir palwan gelip, Sama oglunyň diriligini habar berýär we ony agtarmagyny tabşyrýar. Sam Elbrus dagyna barýar. Samurg guş ony tanaýar we Zaly oňa berýär. Sam we Zal Sistana gelýärler. Soň Zal Rudaba öýlenýär, ondan Rustem atly ogul dogýar, ol meşhur palwan bolup ýetişýär.
Zal IV – (arapça) ýoluny ýitiren, ýoldan çykan, ýoluny urduran
Zat – bir zadyň asly, esasy, eýe, şahsyýet
Zahhak (zohhak) – arabystanda önüp-ösen we Merdas diýen adamyň ogly bolan şahs hem-de eýran ertekileriň gahrymany.
Zahym – ýara, baş
Zahyd – terkidünýä, asket, sopy, dindar, galandar
Zahyr – 1. Daşky görnüş, şekil. 2. Mälim, aýan, äşgär, belli
Zeberdest – 1. Eli çalt, ezber, ýiti, ýeser, zor. 2. Hökümli, pälwan
Zeberjed – gymmat bahaly daş
Zebun – 1. Biçäre, pakyr. 2. Ýeňlen ýesir
Zebur – 1. ýazgy, tekst. 2. Dini rowaýata görä, hudaý tarapyndan Dawut pygambere iberilen kitap
Zeýnelabydyn – Ymam Husaýnyň ogly Aly şaýylaryň dördünji ymamy (658 - 713)
Zekewat – zekat sözüniň köplük sany
Zelalet – azaşmak, ýoldan çykmak
Zelil biçäre – hor-homsy, biçäre
Zemini ýunan – Ýunanlaryň ýurdy, grekleriň gündogarda ulanylýan ady. Paýtagty Afina.
Zeminiň rifasy – ýeriň ýokary gatlagy
Zemistan – gyş
Zenbil – sebet
Zenbur – ary
Zengistan – afrika, negrleriň ýurdy
Zenjebil – 1. Hindistandan getirilýän ýakymly ysly ösümlik önümi. 2. Göýä, jennetde bolan fantastiki bir aragyň ady
Zeňňi – negr, gara ýagyz adam
Zeňňar – 1. Pos, hapa. 2. Sary-ýaşyl gatyşyk reňk. 3. Gaýgy gam
Zeňňi Baba – ýa-da Zeňňi ata – Süleýman Hekim atanyň şägirdi, meşhur şyhlaryň biri. Onuň ady belli däl. Ol gelşiksiz, gara ýagyz bolupdyr. Halk arasynda keramatlt hasaplanypdyr. Ol Ahmet Ýasawynyň ussady bolan Baba Arslanyň neslinden eken. Onuň ata-babalary hem sopy bolupdyr. Zeňňi Baba Süleýman Hekim ata ölenden soň, onuň aýaly Anbar bibä (ýa-da Anbar enä) öýlenipdir. Zeňňi babanyň kakasy – Abdylmalik hojanyň ogly Täç hoja eken. Abdylmälik bolsa Ahmet Ýasawynyň şägirdi Mansur atanyň ogly bolan. Mansur atanyň kakasyda Baba Arslandyr. Zeňňi baba sygyr çopanlaryň penäkäri, Çopan ata bolsa goýun çopanlaryň penakäri hasaplanýar. Zeňňi baba 1258-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň mazary Daşkent şähriniň golaýynda Zeňňi ata diýen ýerde ýerleşýär. Onun yzyny dowam etdiriji dört şägirdi galýar: Uzyn Hasan, Seýit Ahmet, Beriddin (Bedir ata), Sadriddin (Sadr ata)
Zerbap – 1. Tylla bilen dokalan. 2. Parça, tylla sapak goşulyp dokalan mata
Zerefşan – 1. Tylla

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mahmyt Kashgarly Divan-i Lugat-i et-Turk

Ine shu yerde sozluk berlen shundanam peydalanyp bilersiniz
Ka_garl__Mahmut_-_Divan-i_Lugat-it_Tuerk.pdf

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yokardaky link-i nadip

Yokardaky link-i nadip achmalyka! men basharyp bilmedim welin bir gayrat salgy berseniz! sagjabolun!

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

linki basanson filefactory

linki basanson filefactory sahypasy acilar.
Download with Filefactory basic diyen linke basmaly.
son taze penjirede re-enter image to start your download diyen zat cikya. Sen 2 minutda shony girip continue etmeli.
son sana download linki berer.

PS: indi basga yerik upload ederinda nesip bolsa ;)

"Shu link"-e bassan goni pdf

"Shu link"-e bassan goni pdf gornusde download edip bilersin:

Kop kop sagbolung! kop

Kop kop sagbolung! kop ishimi gorjek inshallah

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!