NeoTürkmenler, ýagny "Täze türkmenler" barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Adamlar şu ýurdyňdanam daşda bolsaň, bir hili üýtgeýşine kän gowy seretmek kyn bolýar ekeni. Wagt erbet ýatlamalary ýok etdirýä, nostalgiýa galýa. Türkler "hey gidi günler" diýýä dälmi nostalgiýa üçin?

Onsoň menem 8 ýyl töweregi bäri Türkmenistanda däl, azmy ýa känmi siz karar beriň. Elbetde, biziň ýurdumyzam gün saýyn üýtgeýär. Men edil şu temada adamlaryň, häsiýetleriň, gymmatlyklaryň (values=cennosti) üýtgemeginiň üstünde durasym gelýär.

Türkmen hökmünde Türkmenistanda ýaşamagy isleýärin, sebäbi Türkmenistan watanym. Ikinji sebäp bolsa, adamlar, ýagny adamlaryň häsiýetleri, jemgyýet, gymmatlyklar. Ýöne olar üýtgäp barýan ýaly welin, gynanýan bir hili. Kliplere seredýän, onsoň täze çykýan kinojyklara ýenelere... Suratlara göz aýlaýan. Adamlar gowy üýtgän ýaly. Gowy diýemde ykjam, bilemok "gowy" tarapa üýtgäpdirlermi, ýa "erbet" tarapamy...

Onsoň täze türkmenler bar indi. Meň ýadymdaky türkmenleriň ýerini NEOtürkmenler tutupdyr. Olar kimler? Geliň kesgitläliň, we şu prosesse baha bereliň! Gowumy ýa erbet? Näme üçin?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • rusikjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ilki bilen gyzlaryň, aý

Ilki bilen gyzlaryň, aý olardan geçen täze ýaş gelinleriň ýa orta ýaşly gelinleriň ýeňi açyk, ýa egni görnüp duran, ýeňsiz köýnekleri geýmekleri. Şuňa kän gözüm düşdi. Men bärde ýagdaýyň moral tarapyna girmekçi däl, sebäbi özümi moral taýdan beýik hasaplamok, hatda pes hasaplaýan. Ýöne şu ýagdaýy men hiç göz öňüme getirmändim.

Sebäp näme? Gerekmi? Geýeňde näme bolýa şol köýnegi? Türkmençilige sygýandyr öýdemok, ýöne özümem bir mysal bolup biljek däl adam. Emma neotürkmen gyz indi şoň ýaly köýnek geýýär ekeni...

Onsoň adamsy näme? Adamsy bolsa, hakyky jentlmen, stil neotürkmen. Aýalynyň buýrugyna taýyn, söýýär, söýýänini bir topar gymmatbaha sowgat bilen görkezýär, surada bilinden ýa ýene bir ýerinden tutup düşýär, we gujaklaşmaly adamlaryň arasynda. Elbetde.

Neotürkmen gabanjaň däl, giň dünýägaraýyşly. Internetde email, facebook, messenger adresleri bar hersiniň. Olar gabananok, sebäbi biri-birine ynanýalar, ters zatlary edesleri ýoklaý, sebäbi olar biri-birini söýýäler. Söýýändiklerinem aýdyp durýalar her ýerde, illeriň arasynda. Neotürkmen gelin gaýyn ene ýa gaýyn ata problemasyny bilenogam. Adamsy bilen söýüşýä, oň göwnüni tapýa, bolany.

Men doly bilmeýän bolup bilerin, ýöne şeýleräk pikirler emele geldi soňky döwürler. Goşjak zadyňyz bolsa, ýa düzeltjek bolsaňyz, baş üstüne!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

dura bir jan dogan , ozunga

dura bir jan dogan , ozunga aytyang 8 yyl bari bolamok tm diyyang , men omrume tm yashap munyanak zat gormedimle yengi yok zat, belki bardyr , yone hemmesi sheyle derejde diyen yanak diyipsing hmmmm
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Bilemok menem diňe negatiwe

Bilemok menem diňe negatiwe üns berýänmi...
Men şeýle gördüm diýsem dogry boljak ýaly.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gynansagam Turkmen halkynyn

Gynansagam Turkmen halkynyn kop bolegi shu sizin aytyan hasiyetinize eye bolup ugrady diysem yalnyshmarynmykam diyyan!!! Meninem icimi gyyyar shele yagday, hatda ozume diyyan indi Turkmen diyip owunere zat galmady diyip! Elbetde bizde onat edep-ekram bar yone biz sonky dowur hasam yitgi cekyan yaly shol edeplilikde!!! Dogry we takyklayyn aydyp biljek dal name sebapden beyle yagdaya dushup ugradyk yone esasy sebap yash nesile berilyan edep terbiyanin gowshaklygyndamyka diyyan! Ene-ata oz cagasyna sheyle edep beryandir diyip pikir edemok yagny oz gyzyna "Gyzym isleyshin yaly geyiniber, islan oglanyny soyuber" diyyana daldir yone sonky dowurde biz dashary yurtlardan tasirlenmegimiz hasam artdy!!! Gelen sifrovoy antennalar yayrap ugrady, yurda taze geyim yagny eshik stilleri dorap ugrady!!! Men hayran galyan, name sebapden muna dur diyip bolanok, hatda bizin ozumizem muna utgashyp ugran yaly!!! Inda tuweleme internedem geldi, yok men internedin gelmegini erbet diyip aytjak bolamok, yone hemmamiz internedi habar ulgamy hokmunde ulanman bilyar gynansagam! Bashlasalar name, "Tanyshlyk saytlary", "Gyz gozleyan bolsanyz barik gelin!" yaly reklamalar bilen saytlar dorap ugrasa onda hasam beter gyzarmyka diyyan shu edep yitgisi!!! Az wagtdan tapawudymyzam galmaz Yewropalylardan. Hichili goz onune getirip bolmajak yaly gorunyan shu yagdaylar men ucin uzakda dal yaly bolup dur!!!

agam bu aytyan

sizin aytyan hemme gurrunlerinizi bu neoamarikanalarda goryan...
ha menin bilyan neoturkmen yash talyplarymyz: kimin krutoy(bet) telefon(cellphone) bar, kim nachesi bilen soyshupdir, gyzy ene-atasyndan soraman alyp gachmak bagdan erik alyp gachmak yali moda bolypdyr...ilki yadyma dushenler shular.

Modadan gaçýar...

Mowzuk dyşyragam welin. Ýokarda Baýram aga gelinler diýensoň Kerim agaň aşakdaky ses ýazgysy ýadyma düşdi. dowamynam soň birgün ýazarynda..

Kän zatlar modadan gaçýar diýseňem
Ýadyňdan çykypdyr gaýyndyr-gelin
Diýip bir ýygnakda Dürjemal eje
Oturan ýerinden göterdi golun.

Hem diýdi, ne yssy, ne sowuk suwa
Gelinler batyrmak islänokal elin
Käbirisi bolsa ýatmakdan başga
Zähmet diýen zady görmändir başda
Ne tikin oňarýar.ne-de bir keşde
Söýşen ýigdiniň işjek çaýynam
Huk-jak edip zordan gaýnadýar peçde.

Henizem köşegim olaň bagtyna
Wagtynda döräýipdir gaz diýen ojak.
Ýog-sa dagy, ärem ajyndan öljek
Çagalaram, özem ajyndan öljek

Ne hamyr ýugurýa, ne ot goýberýä
Ne nan ýapyp bilýä, aňkaryp otyr
Ne diplomy bar, ne işläp bilýä
Aý garaz ne hamyr, ne petir.

Bilmedim enäniň, bilmedim ataň
Bilmedim şkolyň, kimiň günäsi
Ne kitap okaýar ne-de bir gazet
Hindi kinosynda ähli dünýäsi.

(Dowamy kän)

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Telpekler (6 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy! Dowamy kän bolsa, goýsana! Haýyş!"
  • mammedsherip 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy goşgy"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!""
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "Gosgy tüys yerinden........."
  • halachly.agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Kerim agang goshgusy-da"

Modadan gaçýar -II-

(Dowamy)

... Ýa gelinleriň topalaň oýny,
Ýa-da şoňa meňzeş başga topalaň
Işiginde bolsa Köpetdag ýaly,
Üýşüp ýatyr, öten ýylky hapalar.

Guguldap işige gelende maşyn,
Bir bedre hapany ataýsa käte,
On günläp öwünýär,
Sen bolsa diýýäň:
“Atmanjyk geçen bolsadyň käşgä.”

Wah janym, edere işem ýok bizde,
Ýaşaýan ýerimiz şäheriň içi,
Ne-hä düýämiz bar, ne-de sygrymyz,
Ne-de oglagymyz bar, ne-de bir geçi,

Birje pişigimiz bar, ajyksa olam,
Özjagazy tapýa iýjejik zadyn,
Oňa agtyjagymyň çyrşagam ýetýä,
Döküp saçyp otyr, eýjejik zadym.

Balam, beýle gelin ýeke mende däl,
Goňşymda-da otyr şoňýaly gelin,
Haýsy öýe, haýsy işikden baksaň,
Garşyňda-da otyr şon ýaly gelin,
Geleniň-geçeniň aýagyn synlap,
Daşarda-da otyr şoň ýaly gelin.

Meniň dulumda-da otyr üçüsi,
Şugün öýlerine gaýtdy goçusy,
Mydam öýlerinde küýi-köçesi,
Tüweleme, şugün öýde kiçisi,
Üç aýdyr, kakylman ýatyr keçesi,
‘Gelin keçäňi bir kakawer diýsem’,
Daňdan sojap geldi ejesi,
Müňlerçe öýleň günün bulaýan,
Gelinleriň ejesi, ýa-da bajysy.

Gelniňä on-dokuz ýigrimi ýaşly,
Seniň ýaşyň bolsa altmyş ýa ýetmiş,
Ejeleň pikiriçe, şolaň akylyndan,
Güjejek gyzlarynyň akyly köpmüş.

Ejeler gyzlarynyň tarapyn çalýa,
Gyzlaram öj alýar, öňküden beter,
Şu zatlar hakynda bir goşgy ýazsam
Belki ile-güne kömegi ýeter.”

Ýygnakda şeý diýdi Dürjemal daýza,
Menem onuň sözün geçirdim goşga,
Wah ýöne bu goşgym gelinler dälde
Başgarak zat hakda bolsady käşgä.

Ýazasyň gelenok ýaman zatlary,
Gelinler, gözeller, eneler hakda,
Olaryň görmegin, akyl paýhasyn
Wasp edesiň gelýär, gözel toprakda.

Zyýany ýok, siziň hemmäňiz hakda,
Öwgüli bir goşgy ýazaryn täze,
Gelinleriňe, gudalaryňa salam ayt,
Häzirlikçe sagbol Dürjemal daýza.

(Mundan soň Doganlyk hakda.1-nji setiri ‘Doganlyk kadadan çykýar diýýärler’ diýip dowam edýär)
Nesip bolsa ses ýazgysyndan ak kagyza geçirip, hemmesinem sizlere hödürlärin...
-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Ajayip!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Allajan shun yanak derejde

Allajan shun yanak derejde barmyka? ynanmayan
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

GYNANSAKDA………..

Gynansakda goşgy setirindäki gelin häsiýetine şu döwürde az gabat gelinenok. Munuñ bir ýeri-de soñ zamanlardaky az çaga dogurmaklyga baryp ýetýärmikä diýýän menä... Çünki ene-atalañ käbiri: ‘ýekeje perzendim, ýekeje balam ýa-da ýekeje olgum-gyzym’- diýip, çagalarynyñ elini sowuk suwa urdurmadan, güýji ýetse-ýetmese-de ähli isleglerini ýerine ýetirmek bilen ulaldýalar çagalaryny. Elbetde, çagalaryñy söýmek isleglerini kanagatlandyrmak gowy zat ýöne çagalykdan beýle terbiýe bermek geljekde olaryñ öz aýaklarynyñ üstünde durup bilmegine uly zyýan. Meniñ pikrimçe edep-terbiýe, bedeniñiñ işe gaýnamasy ilki bilen ene-atadan, maşgaladan gözbaşyny almaly. Gepiñ gysgasy: ‘enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini…’ diýen atalar sözüne görä hereket edäýmeli borda………

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Merjenjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Kerimden

Kerimden gochuryanmi?? menzeyan yerleri yaman kop...

edit: yeme, gochurmek beter godek bolyar.. zat indi shona gora duzyanmi diydigimda.. menem Keriminka menzedip duzmegi gowy goryan welin, sende kabir setirler sho durshuna giden yali gordumlay.. shondan soraydim..

Dineje "Kerim" diyip

Dineje "Kerim" diyip yuzlenmegin birhililay hitay :((

hmm

hmm hawa, beyleki posta`da yanija Magtymguly diyip yazip baryan.. ay name diyjegimem bilemok.. Kerim aga diysenem bor welin, Magtymguly aga birhili bolaymasa.. belki Magtymguly shahyr diysen gowy bolup biler.. yada Pyragy..

bet diyyanmi Kerim diyip ya

bet diyyanmi Kerim diyip ya "neoturkmen" bolaymasyn? :)

ay natdiniz muny

ay natdiniz muny, indi dagy gowy how, onler Kesha diyyadim-a:P

hahaha

hahaha

Onsuzam goşgy Kerim aganky

Onsuzam goşgy Kerim aganky dalmay, ya men yalnyş düşündimmi, gürrün başga zat hakdamy?

natdinizay... teswirin

natdinizay... teswirin bashynda

Quote:

(...)Kerim agaň aşakdaky ses ýazgysy ýadyma düşdi(...)

diyip yazipdira... goshgy Kerim aganky
______________________________________
insanlar helak oldu, alimler istisna.
alimler de helak oldu, amel edenler istisna.
amel edenler de helak oldu, İhlasli olanlar istisna...

wii

wii sheylemi:D
bagyshlan.. men dine goshgyny okapdym.. we-de yalnishipdirin, bagyshlan..

Neo-Sopy

Neo-Türkmene kömek edip biljek diňe Neo-Sopy barmyka diýýän.

Ýüzüne ýalňyşlygyny aýtman, diňe bir görelde bolup bilmek :))

Ýogsa her janyň ýanan zady mowzuk edip ýazjak bolsaň başga işem gerek däl... O gün bir satyja "Haýyşt, Türkmençe düşündiräýdä diýsem", bilmediksirän bolup Rusça dowam edýär, soňam ýanyndaky bilen Türkmençe gepleşýär... Haýsyny mowzuk etjegaý :)

Zyýany herkime ýetýä şol neojylykdan, ýöne düşündirip bolýamy. Saňa näme diýýä, bolany. Onyň gözünde Günbatar has öňde we owadan. Türkmençiligi has öňde we owadandygyny bilmese näme, hiç kim görkezmedik bolsa näme. Oňam öz logikasy bar. Baýram aga özüňizi şol adamlaryň ýerine goýup görüň, olar siziň bilýänleriňizi bilenoga.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Ýalňyş düşünme, meň

Ýalňyş düşünme, meň janym ýananok. Ýöne nostalgiýa, adam şol gowy döwürler geçip giden ýaly görýär. Öňräk bir ýaşuly bilen gürleşdim welin, "yzyňa seretme! Yzyňda diňe gowy zatlar, gowy ýatlamalar we gowy günler galan ýalydyr. Baram ýalan!" diýipdi.
Umuman türkmenem üýtgemeli, belki üýtgeşmelere pozitiw seretmeli?! Ýöne bir hili Türkmenistana gidemde öňki günleri küýsäp gidýändä...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Okay :) (neo-sözlerden

Okay :) (neo-sözlerden biri)

Gowysyny ýada salybermeli :)


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

A serwis meselesinde bolsa,

A serwis meselesinde bolsa, bu kommunizmiň netijesiikä diýýän. Adamlar bizde häzirem hyzmatlaryny, önümlerini oňly satyp bilenoklar. Ýylgyryp, birhili göwnüňden turup hereket etmek ýok, ýaman dünýäden iren ýaly, gödek...

Orsýetde hem şollaý. Güjük ýaly. Olaryň pikiri "sen almasaňam aljak tapylar". Günbatarda beýle pikir üçin işden kowulýaň! Ol ýerde "her alyjy şadyr, bizem olara hyzmat etmeli we... elinden puluny almaly".
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Salam! Men pikirmche, shol

Salam!
Men pikirmche, shol satyjylar hakda aydan zatlarynyz ol eyyam orslardan galan zat.

Men bolsa shol SSSR'dan son galan hyasiyet "biri-birinden ogurlamak" diyen zady halamok, sebyabi shonun uchinem ne bir halk bayap bilenok, kya birler ach galyar. Shonun uchin men bir dilegim bar, hyazirki yashlar shol hyasiyetden galmagyny, hem INSHALLAH oz Watanymyzy, Turkmenistany gyulletmyage i bayatmaga bar gyujimizi goshup bileje galdyrmalydyrs!

Gelin-gyzlar hakda aytmagynyz, ol eyyam mashgalasyndan baglydyr, Ejesi-Kakasy name owretse, sheydip hem yashar chaga.

With the best wishes, Merjen!

Dogry aýdýaň! Men

Dogry aýdýaň!

Men gyzlaryň pylan zat geýmeginden geçen, has kän gelinler üçin aýdypdymla. Bir hili türkmen gelini gaýyn ene-atasynyň ýanynda ýaşynýan, ýa azyndan bir hili edepli, köne stil geýiner öýdýän welin, ýaş gelin bolşuna oň ýaly geýinse eýýäm gaýyn ene-ata diýen düşünjäniň galmanlygyda...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hakykatdan hem wagtyng

hakykatdan hem wagtyng gechmegi bilen nostalgiyang olmegi tebigy zat, sebabi adam namani kuseyar: dash yurda oz gaydanda eye bolan mili we ruhy gymmatlyklaryny, turkmenistan bolsa shu wagtlar hakyky bir medeni rewelyusiya yashayamyka diyyan.. shol sebapden hem, yzyngda goyyp gaydan zatlang utgemegi netijesinde nostalgiya olyar yuwash yuwash
neo turkmenler meselesining negatiw taraplarynyng hem bir suru sebabi bar. name boldy? ging meseleler we ong gaty kop jedelleshilen meseleler.... gysgacha aydyp gechmekchi. turkmeler shu wagt hem medeni rewelyusiya hich hili tayyar dal... ene ata terbiyesini gormedik chgalang mekdepde etyan betligi yaly turkmen halkymyz hem name etyanini ozi hem kan bilenok edil hazir. ene ata terbiyesini wagtynda gormedik chaga bolsa kopchulukde nahili hereket etmelidigini hem bilenoklar. diyjek bolyanym turkmen halkymyz kime, name uchin, nahili oykunmelidigini bilenoklar.. mysal uchin kiming jubusinde puly kop bolsa, kiming telefonynda blutooth bolyp ichinde aydym kan bolsa:), kim mtc ulanyar hemem shyodynda kop pul bar bolsa, kim gijeleri entayan bolsa: anha sholar yashlang arasynda hormat goyylyar we oykunjek bolyarlar.. bu sananlam ebetde oglanlang arasynda, gyzlar kime oykunyar bilemok.
ay sebaplerden esasy hem bizing dowledimiz halky yetishdirip bilmedi. 50 sany ruhnama yazsalar hem tasiri bolmady. Tm-de kitaby sakynman okayanglang sany bolsa bolsa 10%-dir. shong uchin telwedinyani has durmyshy meselelere gonikdirilen DOGRYVHYL eden bolsalardy yashlaram otyryp DOM-2 gormezdi, gorsede shu saytdakylang pikiri yaly pikir edip kimden name ogrenmelidigini bilerlerdi..
yazyjy shahyrlar AZAT bolsady, Kerim Gurbannepes yaly halkyng ichinde betnyshan hereketleri yazgaryp goshgy yazyp bilselerdi, yashlar dushunmeyan dillerindaki %) cent-i, Eminem-i dinglemezlerdi, hapa- hapa klipler gormezlerdi..
Turkmenbashy sozunde durup hakykatdan hem her hojalygy bir goleli-sygyrly, bir mashynly, birem jayly eden bolsady halkymyz yat yurtlarda namardyng guly bolyp eklench etmek uchin yat yurtlarda entap, medeni tasirlenmani bashdan gechirmezdi...
ayyy kan zat bar aydara... dile geldi bile geldi diyilshi yaly hazirlikche shular

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! "

Bayram aga name senem

Bayram aga name senem türkler bilen bile yaşap başladynmy:).Türkçeleşme görünya yaly.

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

"Üstünde durasym gelýä"

"Üstünde durasym gelýä" diýenimden bellimi? :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Karar bermekden we türkçe

Karar bermekden we türkçe beren mysalyndan. Başga da kawagt gelya.:)

Yanyp duran Ataş men sönmenem begler

İçiñizi döküpsiñiz.

Gaty janygyp ýazypsyñyz. Aslynda bu ýerde edilýän sohbetdeşlikler-de, gürrüñler-de Türkmenistanyñ içinde, bu aýdylýan şertleriñ içinde ýaşaýan ýaşlara gaty uly täsir etmeýän bolsa gerek. Gaýtam: ‘biz name etmeli döwre görä ýaşaýas. ‘döwür şeýle, döwür’’ diýäge-de tersine gatam görýärler. Bolup geçýänlere içinden däl, daşyndan seredeñde aýdyñ göz ýetirýäñ. (Mysal üçin, adam öz edýän-goýýanlaryny dogry bilýär diýeli. Emma onuñ ähli hereketleri kamera bilen ýazga geçirilse, (toý-tomukda) soñra adam ony daşardan synlanda,
görende akyl ýetirýär, düşünýär nä derejede ýalñyş hereketler boldygyna).
Soñam näme üçin türkmençilik, milliligimiz, däp-dessurymyz, medeniýetimiz, ösüşiñ peýdalary ýa-da zyýanlary barada köpüräk daşary ýurtlarda okaýan we ýaşaýan ýaşlar ýazýar. Çünki şu wagtky ýaşadyklary medeniýetiñ içinde öz ulalyp ösdügi, gördügi medeniýetiñ aýratynlyklaryny keşp edýär. Türkmençilige mahsuz barlyklaryñ gadyr-gymmaty ülkäñden az wagtlygam bolsa uzakda ýaşadygynda bilinýär.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

agggammmmmm salowmalekimow

agggammmmmm salowmalekimow janglirowat etmesenoooooow:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

thanks

perfect :)

dine yaman tarapmy

GÖryan weli köp agzalarymyz neo-TÜRKMEN bolmanyn yamanlyga tarap baryanlygyny suratladyrypdyrlar.Hakykatdanam şelemyka.Yöne mowzugun eyesine göra yagny bayram agamyza göra şeyle bolup biler sebabi 8 yyl tm gitmedik biri dine düşürülen suratlardan we şekilli aydymdyr kinolardan seredip pikir yöretmek biraz yalnyş myka diyjek bolyan.Sebabi sosyal durmuş başga kinodyr şekilli aydym(klip)daki durmuş başgaça belli bir ideologiyany yada belli bir magsat esasyna göra döredilenson deneşdirmek manysazmyka diyyan.
Geleli neo-türkmen bolmagyn gowy taraplaryna biz yagny bütin dünya adamlary ylymyn ösen döwründe yaşayarys,hemme zat ylym we tehnologiya bilen daş bolup dur şeyle yagdayda biz öz türkmenlerimizin dünya garayşynyn gowa tarap ösüp biljekdigne gynanmaly dal eysem guwanmalymyka diyyan.Türkmen kimden pes facebook ulanmaz yaly yada öz ayaly bilen söyüşip bilmegi yada işlerini internet arkaly etmez yaly.Dogry size de dogry düşünmek gerek bu zatlar bilen den hatarda hatda buzatlardan has hem köp yaman taraplaram yüze çykyar.Karyera diyip çaga dogurmany besetmek yada öylenenson ayrylmak yaly dünyani gurşan viruslaryn bizin milletimize de geçmegi elbetde gaty gynandyrja wakadyr.
Menin pikirimçe Hemmesinin anyrsynda maşgala we mekdep terbiyesinin gowy berilmegi yatyamyka diyyan.saglygynyz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Neo turkmenler ??????????

Kliplerde gorkezilshi yaly uytgeshmeler Turkmenistanda yogam,klibe mengzetmek uchin edilayya .Ashgabatda yok,obalarda-da bardyr oydemok...

Neoturkmen gormedim

Eylak beylak dasary yurda çykanda neoturkmensiran bolyan son gulluga gityan so tayda onkije turkmen etyaler ekeni. :)) hat-da arheoturkmen hem bolyan sol tayda :))

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Atamyrat 1 telpek goyyar we yazyar: "hahahah :)"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "hakyky :)"
  • maxatt 1 telpek goyyar we yazyar: ":D"

üytgeşigrak "Taze

üytgeşigrak "Taze Türkmen"ler yok dal.
Meselem; Coca-Cola içmeyar, namaz okanokdyr, Yewreyleri yigrenyar, Gitlere yewreyleri gyrandygy üçin "Berekella" diyyarler, ema beyleki tarapdanam, Palestindaky araplaryn gyrylmagyna, "Düşünip bilemok, name üçin dünya sesini çykaranok?" diyip genirgeyarler.

beyle adamlary hem

beyle adamlary hem hasıyetlerine göra kategorıya salar yaly kopledimay turkmenleng içinde...

sonky yazgyn goyulanyna 1

sonky yazgyn goyulanyna 1 yyl bolayypdyr! shu neoturkmenlere hem taze dowuri hem oz dap dessurlaryny saklamaklygy owrenseler tuys naturalny "neoturkmen" bolardy.:) Tm-da indi turkmenler ruscha gurlemek moda,dushunemok name u.n?! Kim b.n gurleshsen ruscha..oz ene dilini saklamaly dalmi name? dogrysy aydylsa menem kone turkmen sozlerini bilemok yone, isleyan bilmegi yone, hich kim ullananok ya gurlanok. onnon nadip biljek?:("turkmen tolkovy sozlugema" yoga:(